Rysgal getiren we rysgaly kesen zatlar

Başy » Talyba taglymat tälimi » Rysgal getiren we rysgaly kesen zatlar

Bu bölüm rysgalyň köpelmegine ýa-da kemelmegine, ömrüň artmagyna ýa-da kemelmegine sebäp bolan ýagdaýlar barada.

Bulardan soň aýtjak zadym, talyba gün-güzeranyny dolandyryp biler ýaly, özüni ylmy işlere berer ýaly rysgal, bu rysgalyň artmagyny, ömrüniň we saglygynyň artmagyny üpjün etjek maglumatlar gerekdir. Bu meseleleriň her biri barada birnäçe kitap ýazylandyr. Men bu ýerde olaryň käbirini gysgaça agzap geçmek isleýärin.

Hezreti pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam bir hadysynda şeýle diýýär:  Ýazgydy diňe doga-dileg yzyna öwürer. Ömri hem diňe ýagşylyk etmek köpelder. Sebäbi ynsan özüniň eden günä işi sebäpli rysgal-dan mahrum bolar[1].

Ýalan sözlemek garyplyk getirer, bu meselede ýörite bir hadys bardyr.

Daň säher wagty ýatmak,

Köp uklamakdyr:

Sowatsyzlyk.

Şahyr bir şygrynda şeýle diýýär:

 

Ynsanlaryň şatlygy owadan eşik

geýinmekdir,

Ylym öwrenmek bolsa ukyny terk

etmekdir.

 

Başga şahyr hem şeýle diýipdir:

 

Ömürden hasaplansa-da peýdasyz geçen gijeler ynsan üçin zyýan dälmidir?

 

Başga bir şahyr hem şeýle diýipdir:

 

Eý talyp! Maksadyňa ýeter ýaly gije tur!

Haçana çenli uklajak? Ömür bolsa geçip barýandyr.



[1]Tirmizi, IV, 448 s., hadys ¹ 2139.