Ýaltalygyň sebäpleri
Düşekde ýalaňaç ýatmak,
Dik durup ýa-da ýalaňaç ýagdaýda
peşew etmek,
Ini haram ýagdaýda tagam iýmek,
Gyşarylyp, ýassanyp tagam iýmek,
Saçakdaky ownuk çörek we tagam böleklerini äsgermesizlik etmek, hormat goýmazlyk,
Sogan we sarymsak gabyklaryny
otda ýakmak,
Öýi elýaglyk ýa-da bölek mata bilen
süpürmek,
Gije öý süpürmek we süpürilen zatlary
aýyrman öýde goýmak,
Ýaşuly adamlaryň öňünden ýöremek we
kakasyny ady bilen çagyrmak,
Öňünden çykan çöp bilen dişleriň
arasyny arassalaşdyrmak,
Bedeni palçyk we toprak bilen ýuwmak,
Gapynyň işiginiň üstünde oturmak,
Gapynyň iki ganatynyň birine ýaplanyp oturmak, dynç alynýan ýerde täret almak, eşigini geýilgi halatda dikmek, täretden soň eşigi bilen ýuwan agzalaryny süpürmek,
Öýde möýüň kelebiniň bolmagy,
Ertir namazyndan soň metjitden
basym çykmak,
Ertir namazyndan soň metjitden basym
köçä çykyp, yzyna gelmekde howlukmazlyk,
Köçä ir çykyp, öýe giç gelmek,
Dilegçilerden çörek böleklerini satyn
almak,
Kakasyna erbet lakam bilen ýüzlenmek,
Gap-çanaklaryň üstüni ýapman goýmak,
Çyrany üfläp söndürmek,
Bu aýdylanlaryň hemmesi garyplyga sebäp bolan ýagdaýlardyr. Bularyň garyplyga sebäp bolýandyklary sahabalaryň sözlerinden bellidir. Beýleki sebäpler bolsa şulardyr:
Döwük galam bilen hat ýazmak.
Döwük darak bilen daranmak.
Ene-ata haýyr dileg etmegi terk etmek.
Selläni oturyp saramak.
Dik durup jalbar geýmek.
Gysganç bolmak.
Harçlamada örän gysyk bolmak.
Öý harçlarynda isrip etmek.
Ýalta bolmak, lellim bolmak.
Işlerde biperwaýlyk.
Bularyň hemmesi garyplyga sebäpdir.