Rysgal getirýän sebäpler we baýlygyň sebäpleri. Sadaka bermek

Başy » Talyba taglymat tälimi » Rysgal getirýän sebäpler we baýlygyň sebäpleri. Sadaka bermek

Hezret Aly bin Abu Talypdan rowaýat edilen bir hadysyň soňunda pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam şeýle diýýär:  Sadaka bermek arkaly rysgalyňyzy asmandan ýere indiriň[1].

Işleri wagtyndan irräk amala aşyrmak. Çünki irräk hereket etmek ähli nygmatlary bereketlendirýär, aýratyn hem rysgala bereket berýär.

Owadan hat ýazmak. Owadan hat ýazmak rysgalyň açarydyr.

Güler ýüzli bolmak, hoş sözli bolmak.

Öýüň daş-töweregini syryp-süpürmek.

Hasan bin Alydan[2] rowaýat edilmegine görä ol şeýle diýipdir: - Öýüň daş-töweregini syryp-süpürmek we gap-çanaklary ýuwmak baýlyga sebäpdir.

Rysgaly getirmegiň iň uly sebäpleriniň biri hem uly hormat we gorky bilen Allanyň öňünde boýun egip, düzgünlerini berjaý edip, wajyplaryny, sünnetlerini, düzgün-tertibini ýerine ýetirip namaz okamak.

Guşluk namazyny okamak.

Gije ýatmazdan ozal Gurhandan «wakyga», «mülk», «müzzemmil», «welleýli izä ýegşä» we «elem neşrah leke» sürelerini okamak.

Metjitde azandan öňürti bolmak.

Elmydama täretli gezmek.

Ertir namazynyň sünnetini we wütr

namazyny öýde okamak. 

Wütr namazyndan soň dünýä sözüni

geplemezlik.

Zerur bolmasa aýallar bilen köp

oturmazlyk.

Din we dünýä üçin peýdasy bolmadyk

biderek sözleri geplemek.

Bir atalar sözünde şeýle diýilýär:  Biderek zatlar bilen iş salyşan kişi, möhüm ähmiýetli işlerini geçirer.

Anuşirwan adylyň weziri Buzurgmehr şeýle diýipdir:  Köp gepleýän kişini görseň, ony däli hasapla.

Hezret Aly, kerremallahu wejheh, bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär:  Ynsanyň akyly doly bolan wagty sözi az bolar, ýagny az gürlär.

Bu kitabyň ýazary hem bu söze şu şygyr laýyk gelýär diýip şeýle diýdi:

 

Kişiniň akly doly wagty sözi az bolar,

Eger köp gürlese, ony däli hasapla.

Gürlemek zynat, dymmak salamatdyr.

Gürleýän wagtyň köp gürleme,

Käwagt dymanyň üçin bir gezek

ökünersiň,

Käwagt gürläniň üçin müň gezek puşman

bolarsyň.

 

Her gün ertir namazdan soň 100 gezek:

 

Subhanallahi we bihamdihi, estegfirullahe we etubu ileýh (Alla we onuň hamdy ähli kemçiliklerden päkdir we men Alladan günälerimiň geçilmegini isleýärin we oňa toba edýärin).

 

Her gün ertir we agşam wagtlarynda şulary okamak:

Lä ilähe illallahul-melikul-hakkul-mubin.

(Melik (patyşa), Hak we Mubin (aýdyň  ediji) bolan Alladan başga hiç hili Hudaý ýokdur).

Her gün ertir namazy bilen agşam namazyndan soň şulary 33 gezek aýtmak.

 

Elhamdullä, subhanalla, lä ilähe illalla (Öwgi Alla üçindir, Alla ähli kemçilikden päkdir, Alladan başga Hudaý ýokdur).

 

Ertir namazyndan soň 75 gezek şuny gaýtalamak:

 

Estagfirulla (Alladan günälerimiň bagyşlamagyny isleýärin).

 

Ertir namazyndan soň şu dogany köp gaýtalamak:

 

Lä hawle welä kuwwete illä billähilalyýýyl-azym (Hiç bir günäden dönüş we hiç bir ybadata güýç-kuwwat ýokdur, diňe Allanyň kömegi bilen bardyr).

 

Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalama köp salawat aýtmak.

Her juma güni 70 gezek şu dogany aýtmak:

 

Allahumme egnini bihalälike an harami-ke wekfini bifazlike an men siwäke (Eý Allam! Meni halalyň bilen haramyňdan, pazly-keremiň bilen senden başgalara mätäç bolmagyndan baý et).

 

Şu aşakdaky dogany her gün we her gije gaýtalamak:

 

Entallahul-azyzul-hakim, entallahul-melikul-kuddus, entallahul-hakimul-kerim, entallahu halykul-haýry wel-şerri, ental-lahu halykul-jenneti wennar, alymul-gaýby weş-şehädeti, alymus-syrry wel-ahfä, entallahul-kebir, entallahul-mutegal, ental-lahu halyku külli şeýin we ileýhi ýegudu külli şeý, entallahu deýýänu ýewmiddin, lem tezel welä tezäl. Entallahu lä ilähe illä entallahu-ehadus-samedu lem ýelid we lem ýuled we lem ýekun lehu küfüwen ehad. Entallahu lä ilähe illä enter-rahmanur-rahym. Entallahu lä ilähe illä entel-melikul-kuddusus-selämul-müminul-muheýminul-azyzul-jebbärul-mutekebbir. Lä ilähe illä entel-halykul-bäriul-musawwiru lehul-esmäul-husnä, ýusebbihu lehu mä fissemäwäti wel-arzy we huwel azyzul-hakim).[3]



[1]Suýuty, el-lеgalyl-masnuga, II, 72 s.

[2]Hеzrеti Alynyň ogly Hasan.

[3]Bu dogada Allanyň atlary wе sypatlary agzalýar.