Ömrüň artmagyna sebäp bolan ýagdaýlar:

Başy » Talyba taglymat tälimi » Ömrüň artmagyna sebäp bolan ýagdaýlar:

Elmydama kesekilere ýagşylyk etmek,

Ynsanlara zyýan-zeper ýetirmegi terk

etmek,

Ýaşululara hormat goýmak,

Dogan-gardaşa ýagşylyk etmek we zyýarat

etmek,

Her gün ertir-agşam şu dogany üç gezek okamak:

 

Subhanallahi-milel-mizäni we muntehel-ylmy we meblagar-ryzaýy we zinetel-arş, wel-hamdu lillähi milel-mizäni we muntehel ylmy we meblagar-ryzaýy we zinetel-arş. Wallahu ekberu milel-mizäni we muntehel-ylmy we meblagar-ryzaýy we zinetel-arş (Tereziniň dolduryjysy, ylmyň gözbaşy, razyçyly-gyň gözbaşy we apşyň zynaty bolan Allatagala ähli kemçilikden päkdir, oňa öwgi bolsun, ol iň beýikdir).

 

Zerur bolmasa ösüp oturan agaçlary

kesmezlik,

Sünnetlerini we edeplerini doly ýerine

ýetirip täret almak,

Namazlary uly höwes we hormat duýgusy

bilen okamak,

Gurhany uly hormat bilen okamak,

Haj bilen umrany[1] bilelikde amala aşyrmak. Ýagny haj-kyrany[2] niýet edip hajy ýerine ýetirmek,

Sagdynlyk kadalaryny berjaý edip, özüňi zyýanly zatlardan goramak.

Ömrüniň uzak bolmagyny isleýän talyp hökman tebipçilikden saglyk bilen baglanyşykly zatlary öwrenmeli we Ymam Abu Apbas Mustagfyrynyň «Tybbun-nebewi» (pygamber tebipçiligi) atly kitabynda jemlän tebipçilik bilen baglanyşykly hadyslaryň görkezýän esaslaryna laýyklyk-da ondan peýdalanmalydyr.

Bu kitaby gözleýän hökman tapar.

 

Wessalatu wessalamu alä rasulinä Muham-medin we alä älihi we sahbihi ejmegyn wel-hamdu lillähi rabbil-alemin. (Biziň pygam-berimiz Muhammet alaýhyssalama, onuň ähli neberesine we ýaranlaryna rehmet we salam bolsun. Öwgi älemleriň rebbi bolan Alla üçindir).



[1]Umra – Gurban aýyndan soň edilýän haj.

[2]Haj-kyran – Haj bilеn umra hajyny bir wagtda еrinе еtirmеk.