Giriş

Başy » Pygamber tebipçiligi » Giriş

MÄHRIBAN WE REHIMLI ALLANYŇ ADY BILEN BAŞLADYM!

Her bir jany ýaradyp, olara ýollaryň ýagşysyny we ýara­mazyny, peýdalaryny we zyýanlaryny ylham arkaly aýan eden Alla şükür! Olary synamak üçin dürli bela-beterlere duçar eden, dert beren we sagaldan, öldüren we direlden Taňra tüke­niksiz öwgüler bolsun! Täk Taňrydan başga Hudaýyň ýok­du­gy­na, onuň birdigine, ýalňyzdygyna, taýynyň, deň-du­şu­dyr meň­ze­şiniň ýokdugyna iman edýärin. Jenabymyz Mu­ha­m­me­diň bolsa Onuň bendesidigine, Öz tarapyndan iberen ilçisidi­gi­ne ynanýaryn, şaýatlyk edýärin. Allatagalanyň «Taňrynyň ba­gyş eden amanat janyny päk saklan bendeler bagtyýar bolar, bu jany pyssy-pyjurlyk bilen gömüp, harlan kimseler namyrat galar[1]» diýen sözlerine görä, Beýik Alla bu Pygamberimizi neb­sini päkize saklanlara merhemet hökmünde, harama gaty­lyp, amanat zady har tutanlara temmi hökmünde iberdi. Goý, oňa we onuň päkize nesil-neberesine kyýamat gününe çenli hemişelik salawat bolsun!

Alym, tejribeçi (synag, tejribe geçirýän alym) we hadysçy Ymam Abu Abdylla Muhammet ibn Ahmet ibn Osman ibn Gaýmaz Türkmen Zehebi şeýle diýýär:

Her bir musulmanyň mümkin boldugyça Hudaýa ýakyn­laşmagy wajypdyr. Ähli başarnygyny Allanyň buýruklaryny we tagatlaryny bitirmäge sarp etmelidir. Tagatlara boýun bo­lup, gadaganlyklardan çetleşensoň, ýollaryň peýdalysyny we Hudaýa ýakynlaşmagyň has şowlusyny tapmalydyr. Çünki, ol zatlaryň peýdasy her bir ynsanyň öz saglygyny gorama­ly­dy­gy­na, dert-keselleri bejermelidigine alyp barýar. Saglyk – şerigat dileglerinde we ybadatlarynda talap edilen emr-buýrukdyr. Eger-de ynsan Allatagalanyň buýruklaryny ýerine ýetirip, onuň gadagan eden zatlaryndan saklansa, Alla hem ony ýara­maz­lyklardan we kesellerden gorap saklar. Eger-de ynsanyň sag­ly­gy üýtgän, syrkawlan bolsa, diýmek, ol Hudaýyň kesgitlän dogry ýolundan çykan bolmaly ýa-da Hudaý ony bela-betere du­çar edip, onuň sabyrlylygyny synap görmekçidir.

Özümizde bar bolan saglygy goramagyň, ýitirilenini gaý­dyp getirmegiň zerurlygy üçin, men Pygamberimiziň tebipçi­li­ge degişli hadyslaryny, parasatly sözlerini bir ýere jemlemek isledim. Bu maksat bilen Hudaýa ýüz tutdum. Aýyby ýok Alla­dan ýardam isläp, Onuň mübärek jemalyny we öz bendesinden razy bolmagyny arzuwlap, Ondan kömek soradym.

Maňa Allanyň berýän kömegi ýeterlikdir. Her bir işimde ol iň gözel wekildir. Ähli güýç-başarnyk Beýik we Paýhasly Alla­nyň elindedir:

– Eger säwlik tapsaň, düzet hatany,

Aýby-nogsany ýoklar belent bolýandyr.

 

Men bu kitaby üç ugurda tertipledim:

1. Lukmançylygyň kadalary, onuň ylmy-nazary we ama­ly-tejribe taraplary hakynda.

2. Dermanlar we iýmitler hakynda.

3. Dertleriň bejerilişi hakynda.

 

* * *

Birinji ugur iki sany pasyldan ybarat. Olaryň ilkinjisi ylmy böleginiň kadalary dogrusynda bolup, ol hem öz gezeginde dörde bölünýär. Ilki bilen tebigy işler hakynda. Çünki, luk­man­çylyk ylmy-nazary we amaly-tejribe diýen toparlara bölünýär. Munuň ylmy bölegi hem dört usula bölünýär.

1.Tebigy ýagdaýlar hakyndaky ylym.

2.Ynsan süňňüniň ahwaly hakyndaky ylym.

3.Sebäpler dogrusyndaky ylym.

4.Keselleriň alamatlary hakyndaky ylym.

 

Tebigy özenler ýedi sanydyr:

Olaryň birinjisisütünler. Tebigat dört sütünden (ركن) yba­rat[2]. Bulardan ot (نار) – gyzgyn-gurak häsiýetli(tebigatly), ho­wa (هواء) – çygly-gyzgyn häsiýetli, suw (ماء) – sowuk-çygly häsiýetli, toprak (أرض) bolsa gurak-sowuk häsiýetlidir.

Olaryň ikinjisimizajlar. Mizajlar (temperament - مزاج) esasan sekiz bölege bölünýär: 1. Kadaly mizajlar (مزاج معتدل), bular bir häsiýetlidir. Ýagny, gyzgyn, sowuk, çygly ýa-da gurak­dyr. 2. Çylşyrymly (düzümli) mizajlar (مزاج مركب), olar gyzgyn-gurak, gyzgyn-çygly, sowuk-gurak we sowuk-çygly häsiýetlidir.

Janly zatlaryň arasynda iň oňat mizajlysy ynsanlardyr. Yn­sanlaryň içinde iň oňady musulman-mömünler, musulman­laryň içinde Pygamberimizler, pygamberimizleriň içinde resullar, resullaryň içinde ulul-azmlar[3], olaryň içinde hem iň ýagşysy Jenabymyz Muhammetdir. Goý, Onuň özüne, neberesine we dost-ýarlaryna salawat bolsun.

 Ähli ýaradylanlaryň arasynda Resulallanyň iň oňat mizajly bolmagynyň sebäbini nygtaýyn. Lukmançylyk ylmynyň kada­laryna görä, nebis ahlagy beden mizajyna eýerýär, nebis ahlagy oňat boldugyça, beden mizajynyň hem kadalydygyny bilip bol­ýar. Päk Perwerdigärimiz Resulallanyň belent häsiýetli ynsan­dygy dogrusynda «Sen belent hulkly ynsansyň» diýdi. Äşe (ja­ýy uçmah bolsun): «Resulallanyň gylyk-häsiýeti Gurhandyr ýagny, Gurhanda beýan edilen belent häsiýetlerdir» diýipdir. Şondan gelip çykýan netijä görä, ol iň oňat mizajly we iň ýagşy häsiýetli ynsandyr.

Buharynyň «Sahyh» kitabynda aýtmagyna görä, «Resulalla adamlaryň iň nurana ýüzlüsi we iň oňat häsiýetlisidir». Enes (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Men Resulalla on ýyl hyzmat etdim. Şonça ýylyň içinde ol maňa bakyp, hatda ýekeje geze­gem «owf, üff» diýmedi. Bir zat etsem, «näme üçin beýtdiň?», bir zady terk etsem «neçün terk etdiň?» diýip käýinmedi» diýer eken. Ibn Omar bolsa: «Resulalla gödek däldi, paýyş sözle­mezdi» diýip, ýatlar eken. Pygamberimiziň özi hem elmydama «Siziň iň haýyrlyňyz ýagşy häsiýetliňizdir» diýip, gaýtalar eken.

Buharynyň rowaýat etmegine görä, bir gün çarwa araplaryň biri, Pygamberimiziň donunyň ýakasyndan tutup, özüne tarap zarp bilen çekipdir welin, güýçli dartylmadan ýaňa ol Pygam­berimiziň boýnunda yz galdyrypdyr. Soňra çarwa arap Pygam­berimize garap: «Eý Muhammet, Allanyň saňa bagyş eden baýlyklaryndan maňa-da eçil» diýipdir. Pygamberimiz oňa öwrülip, gülüp goýberipdir we dilän zadyny oňa bermeklerini tabşyrypdyr. Çünki, ol hak Pygamberimizdir, päk Pygambe­rimizdir, ahlagy gözel we arassadyr. Ol ýaradylyş we gylyk-häsiýet taýyndan ynsanlaryň iň kämilidir. Goý, oňa we onuň neberesine mydamalyk we tükeniksiz salawat bolsun!

 

Alla Muhammet deýin hiç kimsäni ýaratmady,

Onuň deý beýik ynsan indi hem ýaradylmaz.

Ol guşlugyň güneşi, gijäniň ýarym aýy,

Ol pelegiň düri, ýüpek zeberjedi ýaly.

Mursallaryň ýetip bilmedik, gör,

nije derejesi bar,

Onda bolsa olardan-da has beýik mertebe bar.

 

Ýaş ýigdekçe ýagşy mizajly, çagalar çygly, ter mizajlydyr. Garrylaryň ýa-da gojalaryň mizajy (süňňi) bolsa sowukdyr. Beden agzalarynyň içinde iň duýgur mizajlysy süýem barma­gyň uçlaryndaky deri, soňra beýleki barmak ujy hamlardyr. Beden agzalarynyň iň gyzgyny ýürek, bagyr we et (muskul), iň sowugy bolsa süňk, degna (nerwi), oňurga ýiligi we beýnidir. Iň gurak tebigatlysy süňk, iň çyglysy bolsa ýagdyr.

Olaryň üçünjisi hyltlar. Hyltlar (خلط) dört sanydyr. Bularyň içinde iň oňady gan (دم) bolup, ol çygly-gyzgyn hä­si­ýetlidir. Ganyň esasy peýdasy bedeni iýmitlendirmekden yba­rat. Arassa tebigy ganlaryň ýakymsyz, porsy ysy bolmaýar we olar[yň tagamy hem] süýjüdir. Soňra çygly-sowuk tebigaty bolan balgamdyr (بلغم). Onuň esasy wezipesi, peýdaly täsiri, eger-de beden özüni iýmitlendirmek ukybyny ýitirse, balgam gana öwrülip bilýär hem-de hereketiň beden agzalaryny gurat­mazlygy üçin, bedeni çyglandyryp durýar. Balgamyň tebi­gy­lygynda gana öwrülip bilmek ukyby bar. Tebigy däl bal­gam­laryň duzly görnüşi gyzgynlyga tarap ýykgyn edýär, turşy görnüşi bolsa sowuk bolup, has sowuk tebigaty bolan beýnä tarap meýil edýär.

Ondan soňra gyzgyn-gurak tebigatly, esasy ýerleşýän orny öt bolan holeradyr (صفراء).Holera ganyňy gowulandyrýar, onuň dar damarlara hem baryp ýetmegini üpjün edýär. Hole­ra­nyň bir böleginiň içegelere aralaşmagy, ol ýerden ýakymsyz yslaryň çykmagyna täsir edýär.

Tebigy holeralar ýuwan gyzyldyr. Holeralaryň tebigy däl haly «ýilikli» (صفراء مخي), «şar şekilli» (صفراء كرائي), «ren­je­bary» (رنجباري) we «otly» (احتراقي) diýlip atlandyrylýar. «Ren­je­bary» holeranyň «şar şekilli» holerasyndan güýçlüdigi sebäp­li, ölüm howply hasaplanýar. Holeranyň öt haltasynda ýüze çykýanlygy üçin öt haltasyna başgaça «holera» hem diýilýär.

Ondan soňra melanholiýa (سوداء, söwdaýy)bolup, ol gurak-sowuk tebigatlydyr. Gany goýaldýan, dalagy we süňkleri iýmitlendirýän hyltdyr. Melanholiýanyň turşulygy sebäpli, on­dan bölünip gaýdýan bölekler aşgazan agzyna (gyzylödege) ba­ryp ýetýär we açlyk duýgusyny oýarýar. Tebigy melanho­li­ýa­lar ýaramaz ganlydyr. Melanholiýalar tebigy däl halynda öz­ge zat­laryň täsiri netijesinde ýanmak ýa-da garyşmak ýoly bilen ýüze çykýar. Bu hadysanyň öt haltasynda bolýandygy üçin oňa «ga­ra öt haltasy» diýilýär.

Tebigy özenleriň dördünjisi – bedeniň asyl agzalary bo­lup, olaryň ählisi ynsan tohumyndan döreýär.

Tebigy özenleriň bäşinjisi – ruhlar,

Tebigy özenleriň altynjysy – güýçlerdir. Güýçler hem öz gezeginde 3-e bölünýär:

1. Tebigy güýçler.

2. Haýwany (janly, organik) güýçler.

3. Ruhy (psihik) güýçler.

Tebigy işleriň ýedinjisi bolsa dartyş ýa-da dep ediş güýji ýaly iş hereketleridir.



[1] Gurhanyň «Güneş» süresiniň 9-10-njy aýatlary.

[2]«Dört sütün» diýen düşünje başgaça «dört unsur (element), dört asyl, dört gözbaş» ýaly hem beýan edilýär.

[3] Iň beýik pygamberler. Gadymy garaýyşlara görä, pygamberler hem edil adaty adamlar ýaly öz aralaryndaky mertebesi boýunça beýlekilerden tapawutlanýarlar. Iň beýik pygamberleriň hataryna Isa, Musa, Muhammet we ýene birnäçe pygamberler girýär.