Birinji bölüm.Ynsan süňňüniň ahwaly

Başy » Pygamber tebipçiligi » Birinji bölüm.Ynsan süňňüniň ahwaly

Ynsan süňňüniň üç hili ýagdaýy bar. Olar saglyk, syr­kawlyk we ganymatlyk, ýagny ne sagat, ne syrkaw halydyr. Dertden gutulyp barýanyň we garrylaryň ahwaly muňa mysal bolar. Saglyk ynsan süňňüniň bir ahwaly bolup, ähli işler şonuň netijesinde düzüwdir. Allatagalanyň adamzada yslamdan soňra bagyş eden iň uly sowgady saglykdyr. Saglyk bolmazdan Allanyň tagat-ybadatlaryny ýerine ýetirmek we özüňi ýagşy alyp barmak mümkin däl. Şonuň üçinem ynsan bu nygmatyň gadyryny bilsin we Hudaýa şükür etsin.

Muhammet pygamberiň hadysynda şeýle diýilýär: «Köp adamlar iki sany uly nygmata biparh garaýar. Olar: jan saglygy we erkinlikdir» ýa-da «Allanyň şeýle bir bendeleri bar, olar kast edilmeden azat, ýoňdur hassalykdan halas. Saglyk bilen ömür sürerler, saglyk bilen jan bererler, özlerine-de şehitleriň derejesi bagyş ediler». Şundan gelip çykýan netijä görä, sagdyn ýaşamagyň hem uly sogabynyň bardygy bellidir.

Abu Derdanyň aýtmagyna görä, ol: «Eý Resulalla, sag-salamat ýaşap, günüme şükür edenim, bela-betere duçar bolup, oňa sabyr edenimden has gowudyr» diýenimde, «Hudaý hem seniň sagdyn ýaşamagyňy isleýär»diýdi. Bu haýsydyr bir derde duçar bolup, oňa sabyr edeniňden, ilki saglygyňy gorap, soňra şükür etmegiňi Hudaý hem isleýär diýildigidir.

Termeziniň Muhammet Pygamberimizden rowaýat etme­gine görä, kim süňňi sagat bolsa, öz ilinde howpsuz ýaşap, gündelik azyk-owkaty hem tapdyryp dursa, onuň üçin dünýä mülki ele gelen ýalydyr.

Termeziniň Abu Hureýrä salgylanyp getirýän hadysyna görä, nygmat bagyş edilen ynsanlardan kyýamat güni ilki so­raljak zat: «Men seniň süňňüňi sagaldyp, seni sowuk suwdan gandyrmadymmy?» diýen sowaldyr.

Pygamberimiz: «Eý, Apbas, Alladan bu dünýäň hem ahy­r­e­tiň üçin jan saglygyny, gutulyşy dile» diýipdir.

Saglyk hakda Pygamberimiziň hadysynda: «Hudaýdan sag­lyk we salamatlyk diläň, çünki ynsana Hudaýa bolan iman­dan soňra saglykdan haýyrly hiç bir närse bagyş edilen däldir» diýilýär.

Termeziniň eserlerinde «Resulalladan saglyk hakda so­ra­makdan oňady ýokdy» diýilýär.

Bir çarwa arap Pygamberimize garap: «Eý, Allanyň ilçisi, namazdan soňra Alladan näme dilärkäm?» diýende, «Saglyk dile» diýip jogap beripdir.

Dawut alaýhyssalamyň hikmetlerinde «Saglyk göze görün­meýän perişde, gaýgy-gamyň bir sagady bolsa ejizligiň bir ýylyna barabardyr» diýilýär. Il arasynda aýdylýan gürrüňlerde «Saglyk – sag adamlaryň başyndaky altyn täçdir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär», «Gadyry bilinmeýän nygmatlaryň biri saglykdyr» diýilse, ötüp geçen ata-baba-la­ry­myz «Her bir asuda damaryň astynda Allanyň bagyş eden gör näçe nygmaty bar. Eý, Alla, bize dinimizde, dünýämizde we ahyretimizde saglyk ber» diýip, dileg edipdirler.

Syrkawlyk bolsa saglygyň ters tarapydyr. Her bir keseliň ýüze çykyşy, artyşy, soňra pese gaçyşy we gutaryşy bardyr.