Sebäpler hakda garaýyşlar

Başy » Pygamber tebipçiligi » Sebäpler hakda garaýyşlar

Ynsan saglygyna täsir edýän alty sany esasy sebäp bar.

1. Ruhuň kadaly we sagdyn bolmagyna täsir edýän ilkinji zat­laryň biri howadyr. Howa näçe arassa bolup, hapa we ýa­ramaz yslar garyşmadygyça, saglygyň has berk goragçysy bol­ýar. Howa üýtgän halaty, onuň ynsana ýetirýän täsiri, berýän peýdasy hem üýtgemek bilen bolýar.

Her paslyň öz howasyna laýyk gelýän keselleri döredip, ters ýagdaýyndaky keselleri aýryp taşlaýanlygy belli zat. To­mus holeranyň möwjemegine sebäp bolýar we şoňa bagly keselleri ýüze çykarýar. Çünki holera gyzgyn-gurak tebigatlydyr. Şeýle hem, tomus sowuk täsirli dertlerden ýa-da sowuklama sebäpli ýüze çykan ýoňlardan saplaýar. Beýleki pasyllary hem edil şunuň ýaly edip kesgitläbermeli. Sowuk howa bedeni berkidýär we güýçlendirýär, iýmit siňdirişini gowulandyrýar. Yssy howa munuň tersinedir, pasyl çalşyp, howa üýtgän çaglary ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi artýar. Bu hakda, nesip bolsa, soň ýatlarys.

2.   Her bir iýilýän we içilýän zat hem saglyga täsir edýär. Eger-de ol gyzgyn bolsa bedende gyzgynlyk, sowuk bolsa so­wuklyk duýlup başlaýar, olaryň täsiri endama ýaýraýar.

3.   Beden hereketi we beden asudalygy. Hereket etmek be­de­ni gyzdyrýar, ýagny onuň gyzmagyna, süňňüňde gyzgyn­lygyň döremegine getirýär. Beden asudalygy bolsa onuň ter­sinedir.

4.   Ruhy hereketler we ruhy asudalyk. Ynsanda bolup geç­ýän ruhy ahwalatlar, mysal üçin, tukatlyk we şadyýanlyk, gaý­gy-alada, çekinjeňlik ýaly häsiýetler şonuň netijesinde ýüze çykýar. Olar ruhuň bedeniň içine ýa-da daşyna tarap edýän he­re­keti netijesinde hasyl bolýar. Bu hakynda, nesip bolsa, soň ýatlarys.

5.   Uky we oýalyk hem saglyga täsir edýär. Uky ynsan ru­hu­ny bedeniň içine tarap çekýär we onuň netijesinde bedeniň daşy sowap galýar. Şonuň üçin hem ukuda ýatan adam üşegiç bolýar we üstüni ýorgan ýa-da şoňa meňzeş zatlar bilen ört­mä­ge mätäçdir.

Ynsanyň uka bolan mätäçligi onuň iýmite bolan mätäçligi ýalydyr. Uky ýadaw degnalaryň dynç alýan wagtydyr. Beýni durmuş külpetlerinden we kynçylyklardan ýaňa agras hala düş­ýär. Şeýle ýagdaýda uky indi boljak zerurlyklary tertibe sal­ýar, onuň durnuklylygyny we ähli zady kabul etmäge ukyplylygyny gaýtadan dikeldýär. Eger-de ynsan ukyny göwnejaý almasa, ol akyl güýçleriniň ejizlemegine getirer, bedende ýadawlyk, beý­ni­de we degnalarda dartgynlylyk ýüze çykar. Ukynyň do­wam­lylygy ynsanyň ýaşyna görädir. Az wagtlyk çuňňur uky uzaga çekýän alasarmyk ukudan has peýdalydyr.

Çünki uky näçe çuň boldugyça, beden şonça-da oňat dynç alýar. Goh-galmagal, güwwüldi bilen gurşalan uky bedene my­na­syp rahatlygy bagyşlap bilmez.

6.   Gusmak, gaýtarmak, içiňi boşatmak ýa-da içiň gatamagy ýaly ahwalatlar hem saglyga täsir edýär. Bularyň ählisi kadaly bolanda, saglygy goramak üçin örän peýdalydyr.