Alamatlar hakynda garaýyş

Başy » Pygamber tebipçiligi » Alamatlar hakynda garaýyş

Saçyň we bedeniň garalygy, şol ynsanyň süňňünde gyz­gynlygyň, tersine bolsa sowuklygyň agdykdygyny delillendir­ýär. Edil şonuň ýaly beden semizligi, göwresiniň gödeňsiligi, etli-ganlylygy şol adamda gyzgynlygyň we çyglylygyň köp­lügini bildirýär. Ukuçyllyk hem süňňüňde çyglylygyň ýoka­rylygy üçin ýüze çykýar, ýagny bedeniň düzüminde suw köp bolsa, adam ukuçyl bolýar. Eger-de bedende guraklyk agdyk bolsa, ol adamyň ukusy ýeňildir. Eger ikisi deň bolsa, uky kadalydyr. Beden agzalary hem şonuň ýaly görnüşde bolup, göwresiniň dolmuşlygy gyzgynlygyň, tersine bolsa süňňi sowuklygyň alamatydyr. Hatda görýän düýşüňe esaslanybam haýsy häsiýetiň özüňde agdyklyk edýändigini duýup bolýar. Düýşüňde köplenç gyzyl-sary reňkleri, ot uçgunlaryny görmek, onuň durkunda gyzgynlygyň köplügini bildirýär, tersine bolsa, onuň süňňi sowukdyr. Pulsuň tirpildeýşi çalt bolsa ol gyzgyn hyltly, haýal bolsa sowuk hyltly adamdyr. Peşewiň we tezegiň ýagdaýyna garasak, olaryň ysynyň ýitiligi we ot ýalylygy, şol adamyň häsiýet-hyltynyň gyzgynlygyny bildirýär. Ol ikisinde ysyň bolmagy gyzgynlygy, emma ysyň bolmazlygy bolsa süňňüň sowukdygyny bildirýär.