Amaly bölümiň kadalary

Başy » Pygamber tebipçiligi » Amaly bölümiň kadalary

Amaly bölüm esasan iki topara bölünip, ol saglygy go­ra­makdan we dertleri bejermekden ybarat.

Ilki bilen saglygy goramak hakda gürrüň edeliň. Saglygy saklamak üçin ilki bilen iýmiti diňe ajygan wagtyň iýmelidigiňi unutma. Çünki ol saglygyň dowam etmegi, yzynyň üzülmezligi üçin baş sebäpdir. Ajyganlygyň alamaty bolsa, ys alyş duýgu­la­rynyň güýçlenip, agzyňda tüýküligiň azalmagy, peşewiň reň­kiniň üýtgemegi we ysynyň ýitileşmegi ýaly zatlardyr. Aş­ga­zanyň iýmite bolan mätäçligi artdygyça bu agzalan zatlar hem kem-kemden güýjemek bilen bolýar. Şonuň ýaly ýagdaýda nahar iýmeli. Eger şeýle ýagdaýda hem saklansaň, ol süňňüň guramagyna, özüňi duýşuň bozulmagyna getirýär. Ajykmadyk wagtyň doly iýip-içmek birnäçe dertleriň döremegine baş sebäpdir. Ol kesel döremek mümkinçiligini has artdyrýar. Se­bä­bi artykmaç iýmit süňňüňde ýaga öwrülip galýar, ol bolsa damarlary gysýar we kadaly gan akmasyna päsgel berýär.

Muwaffak Abdyllatybyň aýtmagyna görä, hindileriň däp-dessurynda, eger-de nahar edinmek isleseler gowy edip ýuwun­ýarlar, arassa eşikleri geýip, ýakymly atyr yslaryny pürkýärler. Az salym hereket etmekden saklanyp, dillerine hapa, paýyş sözleri almazlygy niýet edýärler we soňra nahara başlaýarlar. Bu hakda soňra miýesser edeninden aýdarys.

Naharyň gyzgynyny sowuk zatlar bilen, süýjüsini turşusy bilen, ýaglysyny duzlusy bilen garyşdyryp naharlanmak saglyk üçin peýdalydyr. Elmydama şol bir nahary iýmeklige endik etmeli däl. Öňüňizde goýlan iýmitiň ählisi boýdan-başa ýagly, içgileriň ählisi serhoş ediji bolsa, ol saglyga zyýan ýetirýär. Dürli-dümen iýmitleri köp peýdalanmak gylyk-häsiýetiň, dur­kuň üýtgemegine täsir edýär. Aşa köp iýmedik ýagdaýyňda süýji zatlar saglyk üçin has ähmiýetli. Gereginden az iýmäge endik etseň, ol keýpiňi gaçyrar we ýaltalygy döreder. Turşy zatlaryň köp iýilmegi süňňüň tiz garramagyna getirýär. Süýji tagamlara endik etseň keýpiňi göterip, bedeniňi gyzdyrýar, süňňi gyzgyn adamlar bolsa şadyýan, ruhubelent hem dogumly bolýar. Duzly zatlar bedeni guradýar, onuň aşa köp iýilmegi tapdan gaçyrýar. Üznüksiz berhiz tutmak süňňüňi sökýär we mejalsyz edýär. Nahary endige, düzgüne görä wagtly-wagtynda edinmek saglyk üçin örän peýdalydyr. Ýöne, göwnejaý we talabalaýyk naharlanmaýan bolsaňyz, bu ýaramaz endigiňizi kem-kemden terk etmeli we kadaly naharlanyşa geçmelidir.

Nahar iýeniňizde aşgazany üçe bölmeli: iýmit üçin, suw üçin we dem üçin, ýagny dem alara ýer goýmalydyr.

Aşa gyzgyn naharlary we çüýrän miweleri iýmekden sak­lanyň. Naharyň soňunda gap-çanaklary barmagyň bilen ýala­mak aşgazanda iýmitiň gowy siňmegine we haram keýplere bo­lan islegiň döwülmegine ýardam edýär. Muhammet Pygam­be­ri­miz her gezek nahardan soňra barmaklaryny ýalar eken hem-de: «Nahar iýen adam, tä barmagyny ýalaýanca, ony süpür­me­sin» diýer eken. Şeýle hem, ol: «Nahardan soň gap-çanagy ýalap we ýuwup goýan adamyň günäleri döküler, öýlerine rys­gal-bereket ýagar» diýipdir.

Pygamberimiz süýt bilen balygy, sirke bilen süýdi ýa-da süýt önümlerini, ir-iýmiş bilen süýdi, kres-salat (خـَـسّ) bilen balygy, sarymsak bilen sogany, güne kakadylan ýa-da duzlanan et bölekleri bilen ter zatlary, turşy zatlar bilen ajylary, sumak[1] (سماق) bilen sirkäni, sirke bilen bürünji, üzüm bilen sowuk nahary, nar bilen herisäni[2] (هريسة), iki sowuk iýmiti ýa-da iki gyzgyn iýmiti şol bir wagtda bile iýmekligi gadagan etdi.

Mis gaplaryň düýbüne çöküp galan ýagy we sirkäni iý­mek­den, peýdalanmakdan gaça durmaly. Çörege ýa-da beýleki zat­lara siňip galan ýag we gowrulan et böleklerini iýmek bol­ma­ýar. Läş we maslyk bolan zatlaryň gadagan edilmegi hem şu­nuň ýalydyr. Agzy açyk goýlan tagamy ýa-da suwy peý­da­lan­makdan saklanmaly. Çünki haýsydyr bir zäherli haýwanyň on­dan içmegi ýa-da oňa gaçmagy bolup biljek zat, ol bolsa şon­dan iýip-içeniň heläk bolmagyna getirer. Şol ýagdaýy gada­gan etmek bilen Muhammet Pygamberimiz: «Gap-çanak­la­ry­ňy­zyň we içilýän suwlaryňyzyň üstüni örtüň. Çünki ýylyň içinde bir gije bardyr, şonda örän erbet bir kesel asmandan inip, agzy açyk goýlan gaplaryň ählisine şol kesel düşýändir» di­ýip­dir. Muhammet pygamberiň gadagan eden we tebipdir luk­man­laryň tejribe esasynda «dogry» diýip tassyklan zat­la­ry­nyň biri şunuň ýalydyr, ýagny, «Kim kyrk günläp sogan iýse we ýüzi sepgilli, menekli bolsa özünden başga kişä käýinmesin. Kim iýmitini azaldyp, üstesine-de duzly zatlary iýse we gotur, giji­le­wük, dem­rew ýaly dertlere uçrasa özünden başga kişä käýin­mesin. Kim balyk bilen ýumurtgany bile iýip ýörse hem-de ysmaz ýa-da şel bolsa özünden başga kişä käýinmesin. Kim gar­nyny dolduryp hammama girse, soňra-da ysmaz bolsa, özünden baş­ga kişä käýinmesin. Kim düýşünde hapalanyp tur­sa, ýuwun­man hem ýanýoldaşyna ýanaşsa, ondan hem däli ýa-da kem­akyl çaga bolsa, özünden başga kişä käýinmesin. Kim gijesine aýna seredip otursa, birdenkä hem essinden agyp (aýylyp, gidip), ysgyn-mejalsyz bolsa, özünden başga kişä käýinmesin».

Enesiň Pygamberimizden eşidip gürrüň bermegine görä, «Ähli derdiň gözbaşy aşgazanyň iýmiti siňdirmezliginden, iş­leý­şiniň bozulmagyndandyr» diýipdir. Artykmaç iýmit işdä we höwes gyzgynlygyny sowadýar, onuň kadaly siňmegine päsgel berýär. Şonuň üçin hem işdäňe laýyk iýmeli. Artykmaç iýmit dertleriň döremegine sebäp bolýar. Hut şonuň üçin hem söýgüli Pygamberimiz: «Içegesini [aşdan] dolduran adamyň, garnyny şerden doldurdygydyr. Adam ogullarynyň nahar iýişi oňurga­nyň ösüşine täsir edýär. Onuň kadaly we sagdyn bolmagy üçin aşgazanyňy hökmany üçe bölmeli: tagam üçin, suw üçin we dem almak üçin» diýip aýdypdyr. Aly ibn Hasan: «Päk Per­wer­digärimiz Beýik Alla tebipçiligiň ählisini «Iýiň, içiň, ýöne isrip etmäň[3]» diýen ýarty aýatda jemläpdir» diýdi.

Omar: «Aşgazanyňyzy tagam bilen doldurmakdan sakla­nyň. Bu ýagdaý süňňüňizi zaýalar, dertleri döreder, namaz oka­ma­ga ýaltandyrar. Nahar iýip-içeniňizde tygşytly we kadaly boluň. Bu süňňüňiziň sagdyn bolmagy we tagamlaryň isrip, zaýa bolmazlygy üçin örän ähmiýetli. Allatagala semiz adam­lary[4] halaýan däldir» diýipdir.

Bukrat hekim: «Zyýan beribiljek zatlary az iýmeklik, peý­daly zatlary aşa köp iýeniňden haýyrly», «Az içmeklik we gar­nyňy tagamdan doldurmazlyk bilen sagdynlygyňy dowam edip bolýar» diýipdir.

Şähristany «Milletler we dini akymlar» atly kitabynda «Te­bipçiligiň esasyny goýan Bukrat hekimdir. Öňki-soňky tebip­ler­dir alymlar onuň hormaty hakynda köp ýagşy zatlary aýt­dy­lar.

Ýunan patyşalarynyň biri ony öz köşgünde işletmek üçin, oňa örän uly agramda gyzyl iberipdir, emma Bukrat hekim boýun towlapdyr. Ol däri-derman bilen bejereni üçin garyp­lar­dan we ortatap adamlardan töleg almaýan eken. Baýlardan bol­sa şu üç zadyň birini: gyzyldan ýasalan uly monjugy, bile­zi­gi ýa-da başa geýilýän täji alypdyr. Ondan: «Nähili ýaşamagy gowy görýäň?» diýip soranlarynda, «Garyp bolup gorkusyz ýaşanym, baý bolup howply ýaşanymdan has oňat» diýip, jogap beripdir.

Ol: «Her bir näsagy öz watanynyň topragy bilen bejeriň» diýip aýdypdyr. Gadymy ýunanlylar bir adamy bejermegiň höt­desinden gelmeseler, ony tebigata çykaryp, özbaşyna goýup­dyrlar we däri-derman bermekden saklanypdyrlar. «Tebigat öz ýasan zadynyň ýagdaýyny (dermanyny) özi gowy bilýär» di­ýip­dirler. Şondan soň hassa nämäni islese, nämäni talap etse, şony hem iýdiripdirler.

Haçanda Bukrat hekimiň ölüm pillesi ýakynlanda «Men size ylymlaryň goruny bagyş edeýin: kimiň ukusy köpelse, te­bigaty ýumşasa we derisi çygly bolsa ömri uzalar», «Eger-de ynsanyň durky bir görnüşli maddadan ýaradylan bolsady, ol hiç haçan kesellemezdi. Çünki ol ýerde haýsydyr biriniň garşysyna çykybiljek başga madda ýok» diýipdir. Bir gezek onuň ýanyna bir syrkaw girende: «Biz üç sanydyrys – men, sen we kesel. Eger sen meniň diýenlerimi edip maňa kömek etseň, biz iki bolarys we ýeke galan keseli ýeňeris. Eger diýenimi etmän oň bilen birleşseň, onda iki bolup meni ýeňersiňiz» diýipdir.

Ondan: «näme üçin merhum agyr bolýar?» diýip sorap­dyr­lar. «Ol öň iki sany zatdan: ýokary göterýän ýeňilden [ruhdan] we aşak çökerýän agyrdan [nebisden, göwreden] ybaratdy. Ýoka­ry galýan bölegi [ruh] muny terk edenden soň, ol diňe aşak çekýän agyr ten bilen galdy» diýipdir. Bukrat hekim öz şägirdine nesihat berende: «Adamlar bilen gatnaşyk edeniňizde olara söýgi-mähir bilen bak, hal-ahwallaryna ýeterlik üns ber, ýagdaýlaryna gözegçilik et we eliňden gelen ýagşylygy gaý­gyr­ma!», «Her bir artykmaç zat tebigatyň tersinedir. Şonuň üçin iýgi-içgileriňiz, hatda jynsy gatnaşygyňyz hem kadaly bolsun», «Lukmanlardan kimdir biri adamlary zäherleýän, ça­ga­syny düşürdýän, göwreliligiň öňüni alyp, önelgesizlik der­di­ne uçradýan bolsa, syrkaw, keselli adamlaryň üstüne gedemlik bilen sürünýän bolsa, meniň ymmatymdan däldir» diýipdir.

Bukrat hekim tebipçilik ugruna degişli örän köp kitap ýazyp­dyr. Onuň uly göwrümli kitaplaryna «Kitabul-fusul» («Pa­syl­lar hakda kitap»), «Kitab mukaddimatil magryfet» («Ylym-bilime giriş») we «Kitab kabry Bukrat» («Bukratyň mazary») ýalylar degişlidir. «Kitaby kabry Bukrat» atly kita­byň ady örän geňdir, aýtmaklaryna görä, Ýunan patyşa­larynyň käbiri onuň gabryny açyp görenlerinde, şol kitaby onuň mazaryndan tapypdyrlar.

Arap tebibi Harys ibn Keldeden: «Derman näme?» diýip soralanda, ol: «Az iýmeklik» diýipdir. Ondan: «Onda dert nä­me­kä?» diýip soranlarynda, «Aş üstüne aş iýmeklik» diýip, jogap beripdir. Ibn Sina hem: «Öňki iýeniň siňmänkä, ýene nahar iýmekden saklan. Onsoňam, aşa doýmaklygyň bidgat­dy­gy­ny[5], hijretiň[6] birinji asyryndan soňra ýüze çykandygyny bilgin» diýipdir.

Resulalla: «Mömin-musulman bir adamlyk, kapyr bolsa ýedi adamlyk iýýändir» diýip aýdypdyr.

Tagam bilen doldurylan aşgazana paýhas girmez. Az iýip, az içen adamyň ukusy ýeňil bolar. Ukusy ýeňil bolanyň ömri bereketli bolar. Kim garnyny doldursa köp içer, köp suw içmeklik ukyny agyrlaşdyrar, ukusy agyr bolanyň ömür bere­ke­ti ýiter. Kim doýmazdan öň elini çekse, süňňi ýagşy iýmitlener, nebsi düzüw we ýüregi sagdyn bolar. Artykmaç tagam iý­mek­den saklanyň, ol ýüregi gatylyk bilen zäherlär, beden agzala­ry­ny tagat etmekden haýalladar, gulaklaryňyzy wagyz diň­le­mek­den saklar. Aşa gyzgyn nahary iýmekden hem saklanyň, ol ha­la­nylýan däldir. Pygamberimiz gyzgyn nahary iýmegi, şeýle hem islendik nahary ýaplanyp (ýassanyp) iýmegi gadagan etdi. Ol: «Aşa (gerk-gäbe) doýman naharlanan adamyň süňňi we köňli ýagşy iýmitlener, özüniň we ýüreginiň ahwaly gowy bo­lar. Artykmaç tagam iýen bolsa diňe bedenine iýmit berer, nebsi ýaman we doňýürek bolar» diýipdir.

Übeý ibn Kagp bu ýagdaýa «Ol öz çägini bilmeýänleriň we gedemleriň işidir» diýip, kesgitleme beripdir. «Pygamberimiz nahary-suwy üfläp sowatmazdy, gap-çanaklara agyz diräp (dodak degrip) içende, onuň içine üflemezdi» diýip aýdar eken. Pygamberimiziň muny gadagan etmeginiň aňyrsynda köp zat ýatyr. Çünki dertleri döredijiler köplenç agyz bilen burunda jemlenýär. Eger nahar-şeraba iki dodagyny hem degrip içse, üf­lese derdiň iýgi-içgä geçmegi we nahar başynda oturan beýleki adamlaryňam kesellemegi mümkin.

Agşamlyk naharyndan soňra gezmelemek örän peýdaly. Ýas­sy namazy hem iýmitiň aşgazanyň düýbüne baryp ýetme­gi­ne we gowy siňmegine ýardam edýär. Bu hakynda Pygam­be­ri­miz: «Iýen tagamlaryňyzy Allany ýatlamak we namaz okamak bilen siňdiriň. Agşamlyk edinen dessiňize ýatmaň, ol ýürek­leriňizi gatylyk bilen örter» diýipdir.

Nahardan çekilen badyňyza agyr işleri, aşa köp hereketleri etmäň, ol saglyga zyýanly bolar. Agşamlyk edinmezden düşege girmäň, tapdan düşüp, tiz garrarsyňyz. Enes bu hakynda Pygamberimiziň adyndan bir hadys getirip: «Hatda bir gysym ýaramaz hurma tapsaňyzam agşamlyk ediniň. Agşamlygy terk etmek tapdan düşürer» diýse, Jabyr: «Hatda aýa ýalyjak hurma bilenem bolsa agşamlyk ediniň. Ondan ýüz öwürmeklik ýa-da iýmezlik tapdan düşürip, sandan çykarar» diýen hadysy aý­dypdyr.

Nahar wagtynda ýakymsyz yslaryň bolmazlygy üçin iki eliňi gowy ýuwmaly. Bu babatda Pygamberimiz: «Kim ýatanda onuň elinde bir çogdum hapa bar bolsa, soňra hem bir dert tapynsa, özünden başga kişä käýinmesin», «Nahardan öň eliňi ýuwmak garyplygy, nahardan soň eliňi ýuwmak gaýgy-gamy dep eder» diýipdir.

Eflatunyň: «Ýatmazyndan owal hajathana girip çykmagy özüne endik eden adamyň reňňi-roýy gowulanar» diýen sözleri bar. Pygamberimiziň hadyslarynda hem şuňa meňzeş zat ün­delýär. Bera ibn Azybyň getirýän hadysyna görä, ol: «Düşe­ge girmeziňizden ozal, namaz üçin ýuwunyp ýatyň» diýipdir.



[1]Sumak ¾ýapraklary aşgara ýatyrmakda, boýag we bezeg işlerinde ulanylýan daragt ýa-da ösümlik. Onuň käbir görnüşleriniň miwesi nahara ýakymly ys ýa-da turşumtyl tagam bermekde giňden ulanylypdyr, ýagny burç, dalçyn, lawr ýapragy we ş.m.

[2]Herisän ¾gowrulan et we bugdaýdan bişirilýän tagam.

[3] Gurhanyň «Agraf»süresiniň31-njiaýaty.

[4]Käbir çeşmelerde: «semiz alymlary...» görnüşinde gelýär.

[5]Bidgat – soň tapylan hokga.

[6]Hijret – göçme. Muhammet pygamberiň Mekgeden Medina gitmegi. Şondan hem musulman ýyl hasaby başlanýar.