Gan aldyrmak. Fasd we hyjamat

Başy » Pygamber tebipçiligi » Gan aldyrmak. Fasd we hyjamat

GAN ALDYRMAK. FASD1 WE HYJAMAT2

«Fasd» we «hyjamat» bu ikisi saglygy goraýan serişdeler bolsa-da, Buhary hyjamaty dertler bölümine goşupdyr.

Pygamberimiz gan aldyrmak hakda emr edip: «Özüňizi iň oňat usul bolan gan aldyrma bilen bejerdiň» diýipdir. Başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä, «Kelleagyry derdinden zeýrenip, Pygamberimize ýüz tutanlaryň ählisine «gan aldyr», aýagym agyrýar diýenleriň ählisine «hyna bilen bezen (hyna çalyn)» diýmekden başga sözi aýtmaýar eken.

Gan aldyrma we onuň peýdalary hakda aýdylan hadyslar örän köp. Damardan gan aldyrmaklygyň ýaramazlygy hakda iki sany söz bar. Olaryň biri, Resulalla Übeýý ibn Kagbyň ýanyna tebip iberenligi, onuň hem hamyny ýakyp, gan alanlygy dogrusyndadyr. Ýene bir rowaýatda: «Dermanlaryň iň haýyrly­sy gan aldyrmakdyr» diýilýär.

Hyjamat bedeniň üstki, hama galtaşyp duran ganlaryny, fasd bolsa beden çuňluklaryndaky, damarlardaky gany aldyr­mak­dyr. Gan aldyrmagyň hyjamat görnüşi yssy ülkelerde, fasd hili bolsa sowuk ülkelerde ulanylýar. Goýy ganly adamlardan özgeler, hammamdan soňra (yzysüre) gan aldyrmakdan gaça durmaly. Beýleki adamlar hammamdan bir sagat çemesi soň gan aldyryp bilerler. Nahar-tagamdan doýgunkaň gan aldyrmak halanylmaýar. Pygamberimizden rowaýat etmeklerine görä: «Aj­öze gan aldyrmak däri-dermandyr». Ibn Majeniň ýazgyla­ryn­da şeýle diýilýär: «Ibn Omar Nafyga garap: «Eý, Nafyg, meniň ganym joşup, heýjana gelipdir. Ýüzi-gözi nurana gan alýan tebibi ýanyma getir. Ol garry-goja ýa-da çaga bolmasyn. Men Resulallanyň «Ajöze gan aldyrmak şypa we bereketdir» diýýänini eşitdim» diýipdir.

Gan aldyrmak ýatkeşligiň berkemegi, akyl-huşuň artmagy üçin peýdaly. Alkymdan gan aldyrmak diş agyrysyna, ýüzüň reňňi-roýunyň gowulanmagyna peýda berýär. Baldyrdan aldy­rylan gan butda dörän çişleri (دماميل الفخذ) bitirýär, azy dişiň agyrysyny, babasyl (بواسير) derdini aýyrýar, gotur we gijilewük (حكة الظهر) ýaly dertleriň bitmegine örän peýda berýär. Hy­jamatyň ähmiýetli taraplary ýokarda ýatlap geçen şypalary­myz­dan birnäçe esse kändir.

«Resulalla hem gan aldyrýardy we tebiplere onuň hakyny berýärdi» diýip, Ibn Apbas aýdypdyr. «Eger ol tebibiň ýara­maz, hapysalygyny eşitse, hakyny bermekden saklanardy».

Pygamberimiziň gan aldyran ýerleri hakynda Ibn Apbas: «Resulalla kellesi agyranda başyndan gan aldyrardy» diýip aýtsa, ýene bir rowaýatda: «Çakyzasy tutanda hem şol ýerden /ýagny, başyndan/ gan aldyrýan eken» diýilýär. «Resulalla köp­lenç boýnuň iki gapdalyndaky uly damardan (الاخدعين) we ýeňse damaryndan (الكاهل) gan aldyrýardy», «Pygamberimiz aýa­gynyň arka ýüzünden gan aldyrypdy» diýip, Enesiň gürrü­ňinde ýatlanylýar. Abu Harun bolsa «Abu Hint Pygamberi­miziň süýr depesinden (اليافوخ) gan alypdy» diýýär.

Gan aldyrmak üçin belli-belli günler has gowy görülýär. Abu Hüreýranyň aýtmagyna görä, «Aýyň 17, 19 we 21 gün­le­rinde gan aldyrmak ähli derdiň şypasydyr[1]» diýip, Pygam­be­ri­miz aýdypdyr. Onun hadysynda: «Aglaba derdiň sebäbi ganyň köplügi üçin» diýilýär. Abu Bükret öz maşgalasyna ýaşgüni gan aldyrmagy gadagan edipdir. Bu hakda Pygamberimiz: «Ýaşgününde bir pursat bolup, şol wagt gan aldyrmak bol­ma­ýar» diýen eken.

Meniň pikirimçe bu gadagan edilmeleriň ählisi janyň sagat wagty aldyrylýan gan hakda bolmaly. Emma syrkaw, dertli pursadyň ýa-da zerurlyk çykan wagty aýyň on ýedisimi ýa ýigrimisi bolsun, tapawudy ýok, gan aldyrybermelidir. Jelalyň aýtmagyna görä, Abu Abdylla: «Ahmet ibn Hanbal haýsy wagt, haýsy sagat bolaýsyn, tapawudy ýok, gany möwjän wagty gan aldyrar eken. Muny Hanbalyň özi Ysmat ibn Usama gürrüň beripdir». «Abu Musa bolsa diňe gijelerine gan aldyrar eken».

Gan aldyrmagyň hyjamat hili ilki bilen Yspyhanda ýüze çykypdyr. Ökde tebipleriň aýtmagyna görä, hyjamaty aý dol­madyk wagty, fasdy bolsa aý dolan çaglary almaly. Ýene bir zady belläp goý. Fasd, ýagny, beden çuňluklaryndan, damar­lardan alynýan gan öz ýerine dogry gabat gelmese ýa-da zerur­lyk ýok halaty gan aldyrmak ysgyn-mydardan gaçyp, güýçleriň ejizlemegine, sagdyn süňňüň bozulmagyna getirer. Içgeçme, mergi keseline duçar bolanlar we syrkawlykdan aýňalyp bar­ýan adamlar, şyhy-pany /83 ýyl 4 aý ýaşan/, bagyr we aşgazan agyryly, göwreli, çaga dogran we aýbaşyly zenanlar gan aldyrmakdan gaça durmaly. Gan aldyrmak üçin iň amatly wagt gündiziň ikinji we üçünji sagatlarydyr.


1Fasd – weneseksiýa. Gan goýbermek üçin wena damaryny kesip açma.

2Hyjamat – wenepunksiýa. Gan goýbermek üçin içi deşik iňňe bilen wenany deşme, gan goýberme.

[1]Bu ýerde hijri-kamary ýyl ýörelgesiniň aýlary göz öňünde tutulýar.