Endige gözegçilik etmek

Başy » Pygamber tebipçiligi » Endige gözegçilik etmek

Tebipleriň aýtmagyna görä: «Endik – ikinji tebigatdyr».

Pygamberimiziň endik eden zatlary hakda Enes gürrüň berip: «Pygamberimiz ýassy namazyndan soň hem agşamlyk naharyny edinerdi» diýdi. Bir gezek Pygamberimiz Äşäniň ýanyna girende, ol nämedir bir zatdan zeýrenipdir. Şonda Py­gamberimiz oňa garap: «Berhiz tutmak jana derman, aşgazan bolsa dertleriň öýjügi. Bedeniňiziň ählisini öwrenişen zadyna endik (dowam) etdiriň» diýipdir.

Aly hem bu hakda: «Aşgazan keseliň öýjügi, berhiz tebip­çiligiň gözbaşy, endik bolsa ikinji tebigy häsiýet» diýdi. Berhiz bu iýmitden ýüz öwürmekdir. Aşgazany dolduranyňdan ony aç saklamak has peýdaly. Pygamberimiziň: «Aşgazan dertleriň öýjügi» diýip aýtmagynyň aňyrsynda, iýgi-içgini azaltmak we keýp-şöhwetiňi terk etmeklik ýatyr. Endik bolsa, göýä ynsana berilýän ikinji bir tebigy häsiýet ýaly zatdyr. Pygamberimiziň: «Endik ikinji tebigy häsiýet» diýen sözi muňa delil bolýar. Endik adam süňňündäki örän äpet güýç bolup, saglygy goramagyň bir sütünidir. Şonuň üçin-de, Pygamberimiz adamlara we jemgyýete zyýan bermeýän bolsa, öňki endigmize görä hereket etmegi buýurdy.

Abu Nagymyň Äşeden eşidip, aýtmagyna görä: «Pygambe­ri­miz gyş paslynda öýe girmekçi (göçmekçi) bolsa, anna gijesi gir­megi gowy görerdi. Tomusda daşarda ýatmak islese, ilki anna gijesi daşara çykardy» diýilýär.

Tebipleriň garaýşyna görä, adamyň ahlak-häsiýeti, özüni alyp barşy, öň ýatlap geçişimiz ýaly, bedeniň mizajyna-da bag­lydyr. Haçanda bedeniň ýagdaýy, açlygy we doklugy, ukysy we oýalygy kadaly bolsa, özi hem şol ýagdaýa endik eden bolsa, ol ynsan gujurly, ýeňil, diňe ýagşy işleri etmäge hö­we­sekdir. Eger bu ýagdaýlar kadasyz, çäkden çykan, endik­leri ýaramaz, zaýa bolsa, onuň jany şol ýaramazlyklaryň ölçegine görä dertlidir. Munuň bilen baglylykda Pygamberi­miz: «Ýat­ýa­ryn, oýanýaryn. Agyz bekleýärin, açýaryn» diýip, öz endigini beýan edipdir.