Dertleri bejermek

Başy » Pygamber tebipçiligi » Dertleri bejermek

Haýsydyr bir keseli bejermekçi bolsaňyz adamyň ýaşyna, gylyk-häsiýetine, bejerýän paslyňyza we dermanyň ýasalyşyna içgin üns beriň. Çünki şol bir derman ähli adama, ähli pasylda, ähli ýaşda birmeňzeş täsir etmeýär. Uly ýaşly we kiçijik ça­ga­lar iç sürüji dermanlary ulanmaly däl. Deri kesellilere, argyn, ýadaw adamlara, ölüm pillesi golaýlanlara, gurby ejiz, süňňi gowşak adamlara, aşa semiz, garaýagyz, endamynda ýara bo­lan­lara, şeýle hem aşa gyzgyn ýa-da aşa sowuk döwürlerde iç geçirýän dermanlary ulanmak maslahat berilmeýär.

Ýasalýan derman gowy taýyn bolmasa, ony ulanmak bol­maz. Derman ulanmagyň öňüsyrasy hammama girmek, şol der­ma­nyň bedene gowy we tiz täsir etmegine ýardam berýär. Gow­şak, ýeňil täsirli dermanlary içen dessine düşege geçip ýatsa, öňküdende pes täsir eder, güýçli dermanlary içip, düşege geçse, has güýçli, tiz täsir eder.

Dermanyň täsiri doly kesilýänçä nahar iýmekden gaça durmaly. Hökman içiläýmeli derman ters täsir edýän bolsa, onuň öňünden tarhun ýa-da üzüm ýapragyny çeýne. Gusaryn öýdüp gorkýan bolsa, dermany sowuk suw bilen içsin, sogan ysgasyn, el-aýagyny berkitsin, turşy naryň suwuny sorsun, dibas[1](ديباس)we alma iýsin. Aşgazanda agyry duýan halaty gyzgyn suwdan az-kem owurtlap içmeli we birnäçe ädim gezmelemeli. Derman bermesi kesilenden soňra gyzgyn suw bilen agzyny çaýkap gaýtarsyn. Soňra pagta çigdini alma suwy bilen garyp içmeli. Bir sagat çemesi soňra etli çorbanyň suwuny içmeli. Şunuň ýaly iç sürdürýän därileriň bir günde ikisini etmek maslahat berilmeýär.

Baş damaryndan[2] (قيفال) gan aldyrmak beýni işjeňligine peýda berýär. Basylykdan[3] (باسليق) gan aldyrma bagyr, dalak we döş-gursak agyrylarynyň köşeşmegi üçin, göwde damaryn­dan[4] (الأكحل)gan aldyrmakbolsa olaryň ikisi üçinem örän peýdaly serişdedir. Sag ýandaky «islim[5]» (إسليم) damaryndan gan aldyrmak bagyr agyrysyna, çep ýandaky bolsa böwrek agy­rylaryny aýyrmaga peýdaly. Otyrýer damaryndan (عرق النسا) gan aldyrmak bolsa hut otyrýer keseliniň özüni bejermek üçin iň oňat däridir. Şeýle hem ol bogunagyrysyny, ýumurtgalyk­da­ky dertleri aýyrmak we aýbaşyny sagdyn akdyrmak üçin ha­ýyrlydyr. Baldyrdaky damardan gan aldyrmak aýbaşyň akma­syna zelel berýär. Arkadan gan almak göz, burun we baş agyrylaryna peýdaly. Aşgazanda dörän sanjy we agyry üçin iň oňat usul iç ýuwmadyr.

Ýeňil dermanlar bilen bejerip bolýan ýerinde, ondan ýüz öwürmek peýdaly däldir. Eger derman ulanmaga zerurlyk ýüze çyksa, onda ýeňil dermandan güýçlüsine kem-kemden geçsin. Dert bejermekçi bolaňda, tebigatyňa laýyk gelýän ýekeje derman bilen oňjak bolma, onuň peýdaly täsiri az bolar. Sag­lygyň has beter ýaramazlaşan wagty, tä ýagdaýyňy doly aýdyp berýänçäler, dermanlara tarap eňiberme. Iýmit we içgi bilen bejerip bolýan halaty, dermanlary ulanmagyň zerurlygy ýok.

 

 


[1]Dibas – Siriýanyň çöllük sebitlerinde bitýän köpýyllyk ösümlik. Ondan bal gaýnadylýar, sykylyp alnan suwundan dibas içgisi ýasalýar.

[2]Bu söz golýazmada «kaýmal» görnüşinde beýan edilipdir. Emma lukmançylyga degişli beýleki golýazmalarda ol «kaýfal» ýaly getirilýär.

[3]Basylyk – Gol damary, başgaça oňa beden damary hem diýilýär.

[4]Ýadygär ibn Şerip, «Tybby Ýadygär», 17 w.

[5]Islim – basylyk damarynyň ujy.