Bukrat hekimiň wesýetleri

Başy » Pygamber tebipçiligi » Bukrat hekimiň wesýetleri

«Tebip Allanyň et diýen zatlaryny, tagat-ybadatlaryny hök­man ýerine ýetirmelidir. Adamlara, syrkaw bendelere maslahat berip durmaly. Näsagyň näme sebäpli keselländigini ile ýaýyp ýörmän, gizlin saklamaly. Bejerip bilmejegiňe gözüň ýetýänem bolsa, heläk ediji dermanlary içirmek ýa-da salgy bermek, ze­nan­lara çaga düşürdýän därileri ulandyrmak düýbünden bolýan däldir. Diňe aşa çykgynsyz ýagdaýa düşeniňde rugsat berilýär. Her bir ýaramaz zatlardan uzakda durmaly. Dertli bendelere, çagalara nämynasyp garaýyş bilen bakmaly däldir. Garyp-pu­kara, misgin-gedaý adamlary bejermäge höwesek boluň, so­gaby köpdür. Süýji dilli, mylaýym sözli, Hudaýa ýakyn ben­de boluň» diýip, Bukrat hekimiň öwütlerinde aýdylýar.

Bukrat hekim derman ýasamagyň uly piri we esaslandyry­jy­sydyr. Ol ýunan hekimleriniň ymamydyr. Onuň ýoly derman senagatyndaky iň dogry ýollaryň biri hasaplanýar. Onuň gabry­na şu döwürlerem zyýarat edilýänligi hakda gürrüň edýärler. Bu hakda öň agzap geçipdik.