Dermanlaryň gurluşy barada

Başy » Pygamber tebipçiligi » Dermanlaryň gurluşy barada

DERMANLARYŇ GURLUŞY BARADA

Tebipler şeýle diýdi: Eger bir düzümli dermanlar ýeterlik täsir edýän bolsa, ony çylşyrymlaşdyrmak, üstüne başga der­ma­ny goşmak hökman däldir. Eger bir düzümli dermanyň hilini gowulaşdyrmak ýa-da ýaramaz täsirini aýyrmak zerur­lygy ýüze çyksa, muňa baş urmak bolar. Mysal üçin, güýjüni artdyrmaly bolsa, zenjebili çorba atyp iýmek ýaly ýa-da eger kemeltmeli bolsa mumyň zinjar melhemine[1] garylyşy ýaly. Zyýanly täsirini dep etmek üçin çyrmaşyk (peçek) bilen şepbik garyşdyrmak; dermanyň güýjüni belli bir möhlete çenli sak­lamak üçin kişne (porsybadyýan) melhemini tirýek bilen gar­mak; eger derman örän çalt siňýän bolsa, ony saklaýan seriş­deler bilen, eger gaty haýal täsir edýän bolsa, tizleşdirýän ot-çöp bilen garyşdyrmak bolar. Keseliň özi çylşyrymly, agyr we güýçli bolsa, ony düzümi çylşyrymly derman bilen bejerme­lidir. Sebäbi ýönekeý derman oňa täsir edip bilmez. Eger syr­kawyň mizajy dürli hili bolsa, bir düzümli derman hiç haçan ählisiniň garşysyna çykyp, olary dep edip bilmeýär.

Egerbiynjalyk edýän ýer aşgazandan uzakda bolup, ol ýere derman baryp bilmeýän bolsa, ýa-da dermanyň täsiri ýatyşan bolsa, onuň üstüne zagpyran bilen kamfar ýa-da dalçyn bilen şadäneden (شاهدانجkenep) goşup, agyryly ýere tiz barar ýaly etmeli. Ýa-da bolmasa beden agzalaryna gözegçilik edeňde, iç sökýän dermany ulanaňda, iç saklaýan derman bilen onuň güýjüni saklan ýalydyr. Sebäbi käbir dermanlar bir zada peýda etse, beýlekisine zyýan edýär, şonuň üçinem, onuň ters dermanyndan az-kem goşulsa oňat bolýar.

Egerşu zatlara göz ýetiren bolsaň, onda ýaradylan zatlaryň ählisiniň süňňünde oňa peýda we zyýan berýän bölejikleriň bardygyny hem unutma. Peýdaly bölejikler şol ýerde agdyklyk edýän bolsa, şol zat oňat we peýdalydyr.

Bu ýerde şärigi bolmadyk Allatagalanyň pynhan parasady ýatyr. Bu parasadyň aňyrsynda, dermanlary biri-birine garyş­dyr­mak, alyşdyrmak bilen olaryň peýdaly täsirini sazlap bolşy ýaly – ynsan görnüşini hem biri-biriniň üsti bilen bejerip bol­ýanlygyny aňymyza guýýar. Şol sebäpli hem päk we beýik Hudaý olaryň üstüne bozugyny düzeltmek, nogsanyny doldur­mak üçin Hezreti Pygamberimizi ýagşy günüň buşlukçysy we azap gününiň duýduryjysy hökmünde iberdi.

Lübeýdiň goşgusynda:

«Ýagşy adam ilki özüni düzlär, soňra ýoldaşyny hem dogry ýola salar» diýilýär.

Lübeýdiň: «Hakdan özge zatlar ýalan dälmidir?» diýen goşgusyny eşiden Pygamberimiz: «Lübeýt şahyryň aýdany iň hak sözdür» diýipdir.

Lübeýt yslama giren we musulmançylygy gözel adamdyr. Haçanda Hudaý olaryň arasyna Pygamberimizi iberende, haýry şerinden agdyk bolan adamlar, Pygamberimize oňyn jogap berip, oňa boýun boldular. Hudaýyň iberen sowgadyny kabul etmek bilen, nadanlyk derdinden üstün çykyp, päkizeligi bilen ýeňiş gazandylar. Saglyk diýary ¾howlusy, jennet diýary – mesgeni boldy. Şeri haýryndan köp bolanlar, ondan ýüz öwür­di, tersine gitdi, şol derdi bilenem öldi, dowzah onuň diýary, jähennem soňky ykbaly boldy. Goý, Hudaý öz mähir-keremi bilen bizi şol apatlardan gorasyn!

Aşakdaky manyda bir goşgy aýtdylar:

 

«Iýip, ýalmap, ýuwdup çem gelen zady,

Äsgermän tebibi, dakýan pes ady.

Doýmaz gözüň bilen geçirme gün kän,

Lukmanyň öwüdin gaplama gülkä.

Uzak dowam etmersiň bu oýnuňy:

Nähoşluk tanaby kerter boýnuňy».

 

Jahyz aýtdy:

 

«Ýagşy adama duşsaň, süýjeýär durmuş,

Ylmyň gadyryny alymlar bilýär.

Nebsewürlik keseline derman ýok,

Akmaklyk derdine tebip tapylmaz».

 

Resulalla hem şu manyda bir nakyl aýtdy: «Hudaýyň me­niň üstüm bilen iberen gollanmasy we ylmy zemine düşen güýç­li ýagyş ýalydyr. Eger ol ýagşy kowumyň üstüne ýagsa, ol suwy alarlar, ot we öri ýetişdirerler. Ýene bir suwsuz kowumyň üstüne ýagsa, suwy ýygnarlar, içerler, gandyrarlar we bakarlar. Ýene bir ýalta kowumyň üstüne ýagar, ne suwy ýygnarlar, ne ekin ekerler. Edil şonuň ýaly Allanyň meniň üstüm bilen iberen ylmyny öwrenen we öwreden adamlar, Hudaýyň dinine uýar we peýda tapar. Bu zatlara baş galdyrmaýan we Hudaýyň me­niň üstüm bilen iberen sowgadyny kabul etmeýänler bolsa beýleki kowumlar ýaly, bagtyýarlykdan binesip galar».

DERMANLARYŇ MUKDARYNYŇ DÜRLÜLIGI

Egerderman aşa gyzgyn, öte sowuk ýa-da güýçli bolsa, ondan az mukdarda, aram derman bolsa köp mukdarda ulan. Eger dermanyň peýdaly täsiri az bolsa, köp mukdarda al, tersine bolsa az mukdarda. Eger agyryly ýer aşgazandan uzak bolsa üstüne goşup ulan, eger ýakyn bolsa tersine. Eger aşga­zan doly bolsa täsiri güýçli dermany, eger az bolsa, täsiri gow­şak dermany ulan.

Şeýdip bu zatlary bileniňden soňra örän oňat we täze der­man­lary saýlap al, Hudaýdan medet dile «Ähli güýç-kuwwat eziz we hekim bolan Allanyň elindedir» diý-de, bejermäge tarap gadam ur.

DÜZÜMLI DERMANLARYŇ GYSGAÇA BEÝANY

Syrkawyň keselini bejereniňde agzap oturmaga ze­rur­lyk ýogam bolsa, men bu ýerde, has köp ulanylýan der­man­lary beýan etdim.

 المغلي الحلوSüýji içgi. Ol sähekigde, sibistan, arpabadyýan we süýji buýanyň kökünden taýýarlanylýar. Bişenden soňra, gaýnan süýjiň üstüne garuk dänesi, gyzyl kişmiş we kana mi­we­sini goşmaly. Emma kakadylan süýji tagamlara erik, sähe­kigde, armyt we suw liliýasy degişlidir.

 المغلي الحامضTurşy içgi. Muny taýýarlamak üçin hindi hurmasynyň we naryň däneleri gerek. Iç geçirýän gury ot-çöp bolan senaýymekke, benewşe güli, bir dänik mukdarda peçek, azajyk hem astragal goşmaly. Bularyň ählisini gyzgyn suwa ýatyrmaly we şeker garyp arassalamaly.

Egerir-iýmişlerden bişirip taýýarlajak bolsaň, iç sürýän gu­ra­dylan miweleriň üstüne sary käbili helilesini, erigiň deregine sibistan garyp bişirmeli. Soňra peçek we lawr bilen güýç­len­dirmeli.

Bişirilen iklimunyň (إقليمون) üstüne bişirilen miweler, efti­mun (أفتيمون), besfanyj (بسفانج), garuk (غارقون), peçek, ermeni daşy we lazurit goşulýar. Eger bogunagyrysyna melhem etjek bolsaň, onuň üstüne surenjan (سورنجان), nedirtedan (ندرتدان) we türbet, şeýle hem ysgynly we şaterne goşulýar. Eger gijilewük ýa-da gotury aýyrmakçy bolsaň, syçratgyny garmaly. Munuň başga bir görnüşi yşgyn, peçek, armyt şiresi bilen taýýar­la­nyl­ýar, bularyň üstüne baly, şiräniň ornuna ýabany dalçyny hem goşmak bolýar.

Dänedir-maňyzlara eýaryj (أيارج), türbet, helile, peçek de­gişli. Bulary ilki suw bilen gowy arassalamaly we soňra noýba şiresi ýaly däne görnüşinde ulanmaly.

Merwezi bir gezek Abu Abdylla bakyp: «Kellämde agyry duýýan» diýende, ol: «Tebigatyňy ýeňilleşdir» diýip jogap berip­dir hem-de şol agyryň tebigatyň guraklygy zerarly ýüze çykýandygyny beýan edipdir. Soňra: «Men saňa öz ulanýan dänämi bereýin» diýip, däne çykaryp, maňa uzatdy. «Muny gijesine içgin» diýip aýtdy. Bu dänäniň sary we gara helileden, mastikadan we aloeden taýýarlanandygyny beýan etdi» diýil­ýär.

Şu maňyzlar baş agyrysyny aýyrmak üçin iň peýdaly se­rişdedir.

Indi ýeňil iç ýuwmalar hakda aýtsak, olary sähekigde, si­bis­tan, gül, benewşe, senaýymekge, mamamonjuk dänesi, gül-haý­ry, ýabany dalçyn, peçek, bura, gyzyl şeker, künji ýagy we şugundyr bilen bitirip bolýar.

Ymam Ahmet, zerurlyk ýüze çykmasa iç ýuwmanyň hala­nyl­maýandygyny ýazdy. Müjähit, Hasan, Tawus we Amyr dagylaram şol pikiri tassykladylar. Emma iç ýuwmanyň peýda­synyň köpdügi, onuň gowy görülýändigi barada hem telim adam agzap geçdi. Alymlar Ybraýym, Abu Japar, Hakam ibn Uýaýýine we Ata bu topara degişlidir.

Abu Abdyllanyň iç ýuwmaklygy halamandygyny, ýöne bejergi üçin rugsat berendigini, El-Halal aýtdy. Bu adamyň Sagyt ibn Eýmene baglap getirýän sözüne görä, Omar ibn Hattap hem iç ýuwmak usulyny peýdalanmaklyga närazy bol­man­dyr.

Muhammet ibn Alydan iç ýuwma hakda soralanda: «Onuň zyýany ýok. Olaram edil beýleki dermanlar ýaly» diýip, jogap beripdir.

Abu Bekr Merwezi bolsa iç ýuwma hakda Abu Abdylla hat ýazyp: «Eger agzyny bekleýän adam içini ýuwsa orazasy bozularmy ýa-da ýok?» diýip sorapdyr.

Bu ugurda alymlaryň arasynda çapraz pikirler bar. Şapygy mezhebine görä orazasy bozulýar, Abu Hanypa görä bozul­ma­ýar. Ahmet ibn Teýmiýe hem şu soňky pikiri goldaýar we onuň pikiri dürsdür.

Iç ýuwmany ilki ýerine ýetirenler gotan guşlary bolup, ha­çan­da olar aşa köp balyk iýenlerinde, çüňkleri bilen deňziň duz­ly suwuny alyp, syrtlaryndan goýberipdirler. Şeýdibem içlerini boşadypdyrlar.



[1]Zinjar – Kislota ýatyrylyp alynýan mis garyndysy.