Üçünji bölüm. Dertleriň bejerilişi

Başy » Pygamber tebipçiligi » Üçünji bölüm. Dertleriň bejerilişi

Tebipçiligiň esasy maksadynyň – bar bolan saglygy gorap, ýitirilenini gaýtaryp getirmekdigini öň ýatlapdyk. Pygamberi­mi­ziň saglygy bejermegiň hökmandygyny we ony bize buý­randygyny gaýtadan nygtasak artykmaçlyk etmezdi.

Jabyryň Pygamberimizden getirýän sözüne görä, «Ähli derdiň dermany bar. Eger derman derdiň üstünden düşse, ol Hudaýyň islegi bilen gutular, syrkaw sagalar, hassa şypa tapar» diýdi. Şu ýerde hem bejergi üçin emr-buýruk bardygy aýandyr.

Abu Hüreýra salgylanyp aýtmaklaryna görä, «Hudaý şypa­syz derdi indermändir». Başga bir rowaýatda bu söz «derman­syz derdi» diýip beýan edilýär.

Usame ibn Şerik şeýle diýdi: «Pygamberimiziň ýanynda otyrkam çarwa araplar gelip: «Eý, Allanyň ilçisi, biz saglygy­my­zyň aladasyny etmelimi?» diýip soradylar. Pygamberimiz ola­ra bakyp: «Eý, Taňry bendeleri, elbetde saglygyňyza sere­diň! Çünki Hudaý garrylykdan özge derdi şypasyz goýan däldir» diýdi. Bu ýerdäki «serediň» diýen sözüň asyl manysy «derman ulanyň» diýmekdir.

Gabyrdan başga zadyň çykalgasy, ölümden başga zadyň dermany bar. Abu Sagydyň aýtmagyna görä: «Hudaý ölümden başga şypasyz derdi ýaratmady. Muňa gulak goýanlar sagaldy, üns bermedikler hassa galdy».

Bir gezek Ibn Huzeýme Pygamberimize bakyp: «Eý, Allanyň ilçisi, biziň ulanýan dogalarymyz, dermanlarymyz we owsunymyz (efsun) Hudaýyň ýazgydyndan nämedir bir zady gaýtaryp bilermi?» diýipdir. «Şony ulanmagyň özi ýazgytdyr» diýip, Pygamberimiz jogap beripdir.

Adam öz saglygyny goramaga borçludyr, beden bolsa gary­şyk zatlardan ýaradylandyr. Bu hakda Allatagala: «Biz ynsany garyşyk damjadan ýaratdyk» diýdi[1].

Şol garyşyk zat temperament – hyltdyr. Onuň sagdynlygy we berkligi hulkunyň kadalylygyna bagly bolup, bu peýdaly zatlary ulanyp, zyýanlysyny dep edeňde ýüze çykýar.

Tebipçiligiň baş maksady hem şoldur. Kesel adamyň ýara­dylan asyl çyglylygyny sökýär we ony çüýredip başlaýar. Te­bip­çilik sungaty bolsa çüýremäniň öňüni alýar hem-de çygly­ly­gy tiz dargamakdan saklaýar. Pygamberimiziň aýdyşy ýaly: «Adam ogullary, daş-töweregini togsan dokuz sany derdi-bela gurşap duran mysalyndadyr. Şolaryň birinde ýalňyşdygy, ölü­me çenli awusyny çeker». Ibn Mesgut bu söze düşündiriş be­rende: «Eger şuny ýalňyşsa, bu çakar, muny ýalňyşsa-da ol ça­kar» diýildigi» diýip belleýär. Elbetde, ölüm gutulgysyzdyr, ýöne tebipçilik, ömrüňdäki yllatlary bejerýändir. Hekim aýtdy: «Ölüm jesediň gapdalynda dur. Tebipçilik bolsa ýaşaýyş müt-de­tiniň sapaly, gözel bolmagyny üpjün edýär, sag adamyň saglygyny gorap, dertliniňkini mümkin boldugyça gaýtaryp berýär». Pygamber alaýhyssalam: «Ylym iki dürlüdir: beden ylymlary we ruhy ylymlar» diýipdir. Emma bu söz Pygamberi­miziň däl-de, Ymam Şapygynyň aýdany bolmaly. Munuň şeýledigini Muhammet ibn Süheýl Tusy Ar-Rabygdan eşidip, gürrüň berdi. «Adamlar iki synpa: din alymlaryna we beden tebiplerine mätäçdir»; «Taňrynyň bendeleri, özüňizi bejeriň». «Ylym üç hilidir: mäkäm aýatlar, dowam edýän däpler we adalatly borçlar. Bulardan özgesi artykmaçdyr» diýdi.

Tebipçilik hem dowam edýän däpleriň biridir, sebäbi Py­gam­berimiz ony ýerine ýetirdi hem-de emr etdi.

Pygamberimiziň aýtmagyna görä: «Bäş zat mursallaryň[2] adatydyr: haýa, ylym, gan aldyrmak, miswak ulanmak we atyr sepinmek».

Bu bölüme degişli hadyslar örän köp. Anygyny Alla bilýär.

 


[1]Gurhanyň «Ynsan»süresiniň 2-njiaýaty.

[2]Mursal – Hudaý tarapyndan iberilen, pygamber.