Berhiz. Tebipçiligi öwretmek

Başy » Pygamber tebipçiligi » Berhiz. Tebipçiligi öwretmek

BERHIZ

Berhiz keseliň öňüni alýar, ony togtadýar we bejermäge mümkinçilik berýär.

Pygamberimiz saglyga zyýan berýän zatlardan saklanyp, berhiz tutmagy buýurdy.

Bir gezek Pygamberimiz dertden aýňalyp, aýak üstüne ga­lyp barýan Alynyň ýanyna barypdyr. Pygamberimiz ol ýer­däki üzümden iýmäge duranda, Aly hem iýmäge başlapdyr. Pygam­berimiz Ala ýüzlenip: «Saklan, Aly, sen entek dümew­den go­wy saplanaňok ahyry. Men saňa muwapyk gelýän şu içgiden guýup bereýin» diýip, şugundyr bilen arpadan taýýarlan derma­nyny beripdir.

«Bir gezek Pygamberimiziň ýanyna baranymda onuň öňün­de hurma bilen çörek duran eken. Pygamberimiz maňa hödür edende, bir hurmany alyp, iýmäge başladym» diýip, Suheýb gürrüň berdi. Şonda Pygamberimiz oňa bakyp: «Gözüň agyrýa­ram welin hurma iýýäňmi?» diýip sorapdyr.

Katada Resulallanyň sözüni ýatlap: «Hudaý bir bendesini halasa, siziň iýip-içgiden saklanyp, berhiz tutuşyňyz ýaly, ony hem dünýä derdinden gorap saklar» diýdi.

Omar bir syrkawyň berhiz tutuşyny görüpdir. Ol berhizi şeýle bir berk tutýan ekeni, diňe şänik sorup oňýan eken.

Arap tebibi Harys ibn Keldeden tebipçiligiň gözbaşy hakda soralanda, ol: «Berhiz tutmak» diýip, jogap beripdir.

Kagp ibn Sagyt aradan çykan ýaş inisiniň agysyny tutup:

«Reňňi-roýuň öçügsi, ýene «janym sag» diýýäň, bir suw bilen oňňut edýäň, heý-de ol (berhiz tutmak) seni dertden gorar öýdýärmiň?» diýdi.

Ymam Ahmet syrkawlan pursaty mäş bilen kädini künji ýagyna gowrup iýer eken. Soňra Abdyrahman tebip oňa süýri kädiniň suwuna şeker garyp içmegi maslahat berdi we ol şeýle-de etdi.

Abu Nagym: «Pygamber tebipçiligi» atly kitabynda «Py­gam­berimiz haýsy aýalynyň gözi agyrýan bolsa, tä gutulýança onuň bilen jynsy gatnaşyk etmezdi» diýilýär.

TEBIPÇILIGI ÖWRETMEK

Pygamberimiziň: «Hudaý dermany bolmadyk derdi ýarat­ma­dy» diýen sözüni öňem ýatlapdyk.

Bu söz tebipçilik ylmyny öwrenmek üçin niýet-yhlaslary herekete getirmelidigini aňladýar.

Ymam Şapygy: «Halal-haramy saýgardýan ylymdan soňra, tebipçilikden oňady bardyr öýdemok» diýdi.

Ol tebipçilik ugrundan musulmanlaryň ýitiren zadyna gy­na­nyp: «Ylmyň üçden birini ýitirip, ýehudylar bilen hristianlara bil bagladylar»; «Ähli-kitap bu babatda bizden üstün çykdy» diýip, ýatlar eken.

Ymam Şapygy şerigat ylmynda umman ýaly giň, arap dili bilimlerinde kämil alym we ussat tebip eken.

Biziň pirimiz şyh Ybraýym Raky, şyh Takyýeddin ibn Teýmiýe we Şyh Ymadeddin Wasyty dagylaram ussat tebip­lerdir.

Tebipçilik sungatynyň kerwenbaşysy bolan Bukrat hekim: «Tebipçiligiň Hudaýyň beren ylhamydygyny» aýtdy. Mezhe­bi­niň, garaýyşlarynyň dürsligi üçin, bu sungatyň ymamy saýyl­ýan Galen hem Bukrat hekimiň ýoluny alyp göterdi. Tebipleriň arasynda bu ikisiniň hormaty örän beýikdir. Öň hem ýatlap geçişimiz ýaly, ýunanlylaryň arasynda keramatly saýylýan Buk­rat hekimiň mazaryna şu günlerem zyýarat edilýärmiş.

Käbir adamlar tebipçilik ylmyny ilki oýlap tapanyň Şis pygamberdigini nygtaýar. Şis pygamber bu ylmy Adam atadan miras alypdyr. Käbirleri: «Tejribe, synag bilen» ýüze çykdy diýse, ony ilki oýlap tapanyň Müsürde ýaşan kowumdygy ýa-da hindilerdigi hakda gürrüň edilýär. Tebipçilik jadygöýlük bilen peýda boldy diýýänlerem bar. Bu ylmyň gözbaşyny Idris pygambere ýöňkeýänlerem, hünärmentlik, pelsepe we tebipçi­lik sungatyny oýlap tapan Hirmis (Germes) diýýänem bar.

Aglaba adamlar bu ylmyň Hudaýyň tälimi we ylhamydygy, soňra ylym-tejribe bilen üsti ýetirilendigi hakda aýdýarlar.

Ibn Apbasyň Pygamberimizden getirýän hadysynda: «Her gezek Süleýman pygamber namaz okanda, öňünde bitip oturan ota gözi düşüpdir. Pygamberimiz ondan adyny we peýdasyny sorap, ýazyp alar eken».

Adamlaryň, hat-da käbir haýwanlaryň hem tebipçilik sun­ga­ty­ny tebigy ýollar we ylham arkaly ulanýandygyny gördük.

Açdygyny duýanlar iýmit gözläp başlar, teşne bolsa suw ta­lap eder. Aşgazan işlemese iýmitden ýüz öwrer – bularyň barysy tebipçilikdir. Gyş ukusyndan çykan ýylanyň göreji kütek bolýandygy üçin, ol arpabadyýan otundan iýse, göreji öňküsi ýaly ýitelýär.

Tebipler gözi kütek adamlara hem şony iýmegi, peýda­lan­magy maslahat berýär. Ýa-da bolmasa, balyk iýýän guşlaryň içi gatasa, deňiz suwy bilen içini ýuwýandygyny öň aýdypdyk.

Garlawaç jüýjesiniň gözi kör bolsa, enesi oňa Hytaýda bitýän «lümeýran» (لميران) (?) otuny getirip berýär we sagal­dýar.

Egerene bürgüdiň ýumurtga guzlamasy agyr bolsa, ata bür­güt hindi topragynda «iktemt» (إكتمت) (?) diýilän hozsypat daşy getirip, ene bürgüdiň astynda goýsa, ýumurtga guzlamasy ýeňilleşýär. Bu daşyň häsiýeti, eger ony gymyldatsaň, onuň için­den gymyldaýan zadyň sesi eşidilýär.

Bahar möwsüminde kesellän tilki, saman otlary iýmek bi­len, özüni sagaldýar.

Gusmak, gaýtarmak isleýän pişiklerem şu oty iýýär, bolma­sa bu otuň pişik iýmiti däldigi mälim ahyr.

Ähli zada ýaradylyş we gollanma bagyş eden Alla beýikdir we päkdir.

«Tebipçilik ylmyny Äşeden gowy bilen hiç kimi görme­dim» diýip, Hişam ibn Urwa aýtdy. «Men daýzama ýüzlenip, bu ylmy kimden öwrenendigini soranymda, ol: «Birek-birege maslahat berýän adamlary diňledim we ýat bekledim» diýdi. Äşä bakyp: «Eý, musulmanlaryň enesi, saňa tebipçiligi kim öw­ret­di?» diýenimde, ol: «Eý, uýamyň ogly, haçan-da Pygam­beri­miziň dişi döwülip, ýaralanan wagty, bir topar adam gelip mas­lahat berdi. Şolaryň aýdanlaryndan köp zat öwrendim» diýdi.

«Eý, uýamyň ogly, maşgalamyzdan bir adam syrkawlasa, Pygamberimiz oňa hynagüli (ýa-da reýhan güli) bererdi, adam­lara-da şony ulanmagy ündärdi» diýip, Äşe aýtdy.

Pygamberimiziň: «Hudaý dermany ýok derdi ýaratmady. Ony öwrenenler bildi, öwrenmedikler nadan boldy» diýen sözi bilenleriň tebiplerdigini, bilmedikleriň bolsa beýleki nadan adamlardygyny görkezýär. Şonuň üçin tebipçilik – her kimiň hökman öwrenmeli ylymlarynyň biridir.