Tebipçilige gelişmeýän zatlardan gaça durmak

Başy » Pygamber tebipçiligi » Tebipçilige gelişmeýän zatlardan gaça durmak

TEBIPÇILIGE GELIŞMEÝÄN ZATLARDAN GAÇA DURMAK

Pygamberimiz: «Tebipçilik ylmyndan başy çykmaýan adam, tebipçilik edip bir adama zeper ýetirse, garamaty öz boýnunadyr»; «Başy çykmaýan adam tebipçilik bilen meşgul­lansa, garamaty öz boýnuna bolar» diýdi. Hattaby: «Syrka­wyny heläk edýän tebip günäsini öz boýnuna almalydyr. Muňa şübhe ýok» diýdi.

TEBIP DIÝDIRMEGIŇ HALANYLMAÝANDYGY

Abu Remse şeýle aýtdy: «Kakam bilen Pygamberimiziň ýagdaýyny soramaga baranymyzda, kakamyň arkasynda duran bir adam: «Maňa päsgel berme, ýanyňda durany bejereýin, men tebip» diýdi. Pygamberimiz oňa garap: «Sen ýöne bir ýoldaş, tebip Alladyr» diýdi.

TEBIBIŇ HAK ALMAGY

Pygamberimiziň dost-ýarlarynyň bir topary arap obalary­nyň birinde düşläpdir. Olaryň hiç biri bularyň ne ýanyna gelip­dir, ne-de ýerleşdiripdir. Şol wagt eshaplaryň[1] birini ýylan ça­kyp­dyr. Olar adamlaryň ýanyna baryp, aralarynda doga-jady­dan, derman-däriden başy çykýan adamy sorapdyrlar. Emma olar: «Eý, bizde düşlemedikler, öwezine bir zat berýänçäňiz, si­ze tebip ýok diýip düşüniberiň» diýipdirler. Olar bir süri goýny berip, jadygöýi getiripdirler. Jadygöý tä gutulýança «Elhamd» süresini okap, çüfläp, dem salypdyr we goýunlary sürüp gi­dip­dir. Soň bu hakda Pygamberimizden soranlarynda: «Siz şoňa ja­dy­dyr öýdýäňizmi? Eti iýiň, meni hem oňa şärik ediň» diýipdir.

Başga bir rowaýatda: «Dermanyňyz barmy?» diýlip sora­lan­da, «Bar, ýöne dermana derek bize bir zat beriň» diýipdirler.

Abu Dawudyň getirýän rowaýatynda, zynjyrlanyp saklan­ýan, akyly üýtgän bir adamy getiripdirler. Her gün irden we agşam «Fatyha» süresini okap, oňa dem salypdyrlar welin, üç günden soň ol hassa gujurlanan ýaly bolup, sagalyp gidipdir diýilýär. Ýene bir rowaýatda bolsa «ýüz goýun berip, tebip bi­len ylalaşypdyrlar» diýilýär. «Fatyha» süresi iň peýdaly doga hasaplanýar. Sebäbi onuň aýatlarynda Hudaýa tagzym-ybadat etmek, ýardam soramak ýaly zatlar ýatyr. Ol ýerdäki «Saňa yba­dat edýäris we senden kömek soraýarys» diýen aýat iň beýik dileg-dogadyr.

Pygamber alaýhyssalam: «Jady-tumar dakynmak Hudaýa şirk ýetirmekdir» diýip aýtdy. Köp adamlaryň okaýan dogala­ryna şirk getirip biljek zady goşýanlygy üçin, doga-tumary da­kyn­magy Pygamberimiz gadagan etdi. Eger ol ýerde Hudaýa şirk ýetirýän zat ýok bolsa, doga ulanmak dürsdür. Bu barada Müslimde: «Hudaýa şirk ýetirmeýän dogany ulanmagyň zyýa­ny ýok» diýen hadys bar.

Bir adam Pygamberimiziň ýanyna baryp: «Eý, Allanyň ilçisi, men içýana garşy doga-jady okaýaryn, emma sen doga-tumary gadagan etdiň?!» diýende, ol: «Gardaşyňa haýryň deg­jek ýerde ýaýdanyp durma!» diýipdir.

Bu gadaganlygyň ilki hökmany bolup, soň ýatyrylandygy ähtimal, ýa-da adamlar ähli peýda-gudrat şol sözüň durkunda bar diýen düşünjä uýup ýörkä, yslam gelip, hakykat dabara­la­nyn­dan soňra, oňa rugsat berlen bolmagy ähtimal. Sebäbi peý­dany-zeleli ýetirip duran Alladyr.

Bela-beterleri, apatlary dep etmek üçin, gorag hökmünde dakylýan tumar nadanlykdyr.

Emma, käbir sözlerde Alla tarapyn bagyş edilen peýdaly häsiýetler bolup, onuň dogrudygyna alymlar şaýatdyr. Ol gü­man­syz Allanyň sözleridir. Aly: «Dermanyň ýagşysy Gur­han­dyr» diýdi.

Emma «bir süri goýun» hakda aýtsak, ol tebipdir-dogagöý­leriň töleg (hak) almaga hakynyň bardygyny delillendirýär. Pygamberimiziň: «Meni hem oňa şärik ediň» diýmesi, bu sözi goldaýanlygydyr.

Käbir alymlar Pygamberimiziň: «Meni hem oňa şärik ediň!» diýen sözüne düşündiriş berenlerinde, sürini dogagöýüň islegine görä teperrik hökmünde hem paýlaşyp bolar diýmek­di­gi­ni nygtaýarlar. Şeýle hem şol dogagöýüň Abu Sagyt Hadry­dy­gyny hadysçylar gürrüň edýär.

Termeziniň eserinde bu barada «Tebibiň haky» diýen bölüm bar. Abu Dawudyň «Sünen» eserinde bolsa, «Tebibiň ga­zanjy» diýen at bilen berlipdir.

Çüflemek hakda, nesip bolsa, soň giňden gürrüň bereris.

EL BILEN SYRKAWYŇ ÝAGDAÝYNY BILMEK

Müjähit aýtdy: «Bir gezek syrkawlan çagym, Pygambe­ri­miz halymy soramaga geldi. Ol elini kükregimiň üstünde goý­dy welin, hat-da onuň sowuklygy ýüregime ornap gitdi. Ol maňa garap: «Seniň ýüregiň agyrýar, git-de ussat tebip Harys ibn Keldäni getir, ol bejerip bilýär» diýdi.

Pygamberimiz: «Syrkawyň ýanyna baryp, eliňizi eliniň ýa maňlaýynyň üstüne goýup, ýagdaýyny soramak, onuň halyny soramagyň iň kämil edebidir» diýdi.

Pygamberimiziň özi hem syrkawyň ýanyna giren çagy, elini onuň maňlaýynda goýar eken.

PARASAT[2] WE DERMAN (BEJERGI)

Resulallanyň: «Parasatly mömine gulak asyň, ol Allanyň nury bilen bakýandyr» diýen sözüni, Abu Sagyt aýtdy. Ýene şol: «Ýüzi dert ýa söýgi sebäpli solgun görünmeýän adamyň kalbynda, galp imanyň bardygyny biliň» diýdi.

Enes: «Adamy synçylyk bilen tanaýan Taňry bendeleri bar» diýdi.

Parasat – daşky alamatlaryňa seredip, gizlin ahwallary bilmek ylmydyr. Ol ýürege hüjüm edip, özüne garşy gelýän zatlary ýok edýän hatyra kuwwatydyr, öz awuna topulan ýolbars kimin ýüregi gurşap alýandyr.

Allatagalanyň: «Elbetde munda parasatly kişiler üçin aýat-ybrat bardyr»[3] diýen sözi şolar hakda bolup, her kimsäniň parasatlylygy onuň akylyna, imanyna, parasat ylmyndan baş çykaryşyna bagly. Keseliň sebäpleri hakda şübhe dörände, parasat ylmynyň peýdasy kömek edýär. Tebip derdiň alamat­laryny beden hulkyna, ýüz keşbine, gözüne seredip hem-de eli bilen barlap bilýär.


[1]Eshap – Pygamberiň egindeşleri, dost-ýarlary, sahabalar.

[2]Parasat ¾içki duýgyny daşyndan bilmek.

[3]Gurhanyň «Hijr»süresiniň 75-njiaýaty.