Aýalyň erkegi, erkegiň aýaly bejermeginiň dürslügi.

Başy » Pygamber tebipçiligi » Aýalyň erkegi, erkegiň aýaly bejermeginiň dürslügi.

AÝALYŇ ERKEGI, ERKEGIŇ AÝALY BEJERMEGINIŇ DÜRSLÜGI

Resulalla bilen ýedi söweşe gatnaşyp, olaryň goşunda ýaşan Ummu Atyýe: «Olara nahar bişirýärdim, ýaralysyny be­jer­ýärdim, syrkawyna seredýärdim» diýdi.

Söweş pursady Resulallanyň ýanynda Ummu Selime bilen ýene birnäçe ensary aýallaryň bolandygyny aýdan Enes: «Olar suw berýärdiler we ýaralylary bejerýärdiler» diýdi.

«Zerurlyk ýüze çyksa, gaýry aýalyň uýat ýerine seretmäge tebibiň haky bardyr» diýlip Ahmediň sözlerinde, Merweziniň, Esremiň we Ysmaýylyň rowaýatlarynda bildirilýär.

Edil şonuň ýaly halatda erkegiň uýat ýerine seretmek aýal­lar üçinem dürsdür.

Abdyllanyň bili bükülen wagty, bir zenany çagyryp, bejer­dendigi Merwezide ýatlanylýar.

Edil şonuň ýaly, syrkawlan zenanyň ýanynda sereder ýaly adamsy ýa-da mährem kişilerden biri bolmasa, erkek adamyň oňa seretmegi we uýat ýerine bakmagy dürsdür. Şaýadyň ýa-da öýlenmek isleýän adamyň zenanyň ýüzüni görmäge haky bardyr. Aýallaryň arasynda ýogalan erkegiň we erkekleriň ara­syn­da ýogalan zenanyň ýüzüni görmek hem dürsdür. Bir ro-wa­ýata görä, ýogalan pursaty (zerur bolsa) aýallaryň erkekleri, erkekleriň aýallary gusl etmegi hem dürs diýilýär. Iň dogrusy olaryň teýim edilýändigidir.

Zelelinden goraýan bolsa, aýbaşy ganyny togtadýan der­many ulanmak zenanlara rugsatdyr. Bu diňe äri bolan zenan­lara degişlidir.

IÝGI-IÇGINIŇ SYRKAWA MEJBUR EDILMEZLIGI

«Öz syrkawlaryňyzy nahar iýmäge mejbur etmäň. Alla olary iýdirer we içirer» diýlip, Ukba ibn Amyryň getiren ha­dysynda aýdylýar.

Süňňüň ýarawsyzlygy, işdäň ýoklugy ýa-da gurbatynyň ejizligi üçin syrkaw nahar küýsemeýär. Her niçik bolsa-da, şol ýagdaýda oňa nahar bermek dürs däldir. Zorluk bilen iýdirilen tagam, tebigatyň öz işini bitirmegini bökdeýär, ony siňdirjek bolup, kesele garşy durmak we ony ýok etmek ukybyny ýitirýär, esasanam bu derdiň möwjän pursaty şeýledir. Agyryň artyklygy zerarly ýüze çykýan bu pursatda, gurbuny saklap biljek we söýget bolup biljek ýakymly iýgi-içgilerden başga zat bermek bolmaýar.

Gül, alma, ýa-da jüýje çorbasy bilen hulkuny kadalaş­dyr­mak, ýeňil çörek ýa-da ýakymly yslar bilen güýjüni dikeltmek gerek.

Huşuny ýitiren syrkawa mejbury tagam iýdirmek bolar: «Göwresi iýmitden doly syrkawyň işdäsi bolmaýar, iýmit ber­mek bilen diňe onuň ýaman halyny artdyrarsyň» diýip, Bukrat hekim aýtdy. Ibn Sina: «Güýç berýändigi jähtden seredeniňde iýmit bedeniň dostudyr, maddalygy taýdan seredeniňde bolsa duşmanydyr» diýdi.

«Alla olary iýdirer we içirer» diýen sözüň manysy, «olara iýip-içirýän kimseler kibi sereder, iýip-içmese-de, oňa zelel ýetirtmez» diýmekdir. Pygamberimiz: «Men siziň hiç biriňiz ýaly däl. Men özümi iýdirip-içirýän Hudaýymyň mähri bilen günümi geçirýärin» diýdi.

SYRKAWYŇ IŞDÄSI WE IÝESI GELEN ZADYNY BERMEK

Syrkaw soramaga baran Pygamberimiz, onuň iýesi gelýän zady hakda soranda: «Bugdaý çöregi» diýip jogap beripdir. Pygamberimiz: «Kimde bugdaý çöregi bar bolsa, gardaşyna getirip bersin» diýip aýdypdyr. Ol syrkawa işdäsi alýan, iýesi gelýän zadyny iýdirmegiň gerekdigini aýtdy.

Az-kem zeleldigine garamazdan, işdäsi alýan zady iýmek, işdäsi almaýan peýdaly zady iýeninden bähbitlidir. Eger iýesi gelýän zady özüne peýdaly bolsa, oňa ýetesi zat ýok. Näsagyň küýsegi öz halyna gabat gelende, syrkawyň iýesi gelýän za­dyny tebip oňa bermelidir. Bukrat hekim şeýle diýdi: «Azdy­gyna garamazdan, lezzetli tagam has oňatdyr. Şonuň üçinem iň oňat tagamy saýlamak gerek».

KESELI GÜÝJEDÝÄN ZATLARDAN SAKLANMAK

Muhammet ibn Japaryň kakasy, Pygamberimize bir gap hurma beripdir. Bu wagt gyzdyryp ýatan Aly hem hödür edilen hurmadan ýedi sanysyny iýende, Pygamberimiz oňa: «Bes et!» diýipdir.

Sebäbi hurmada gyzgynlyk bolup, ol gyzdyrmaly syrkawla­ra zyýan berýär, baş agyry, suwsuzlyk ýaly dertleri döredýär. Onuň zyýan bermezligi üçin az iýmek gerek.

SORAMAGA GELÝÄNLERIŇ SYRKAWA TAGAM BERMEGI

Ümmi Munzyryň şu zeýilli hadysyny «şugundyr we arpa­dan taýýarladym» diýen söz bilen öň beripdik.

Öz öýünden biri ýarawsyzlyk tapanda, Pygamberimiz olara bulamak bişirip, içmegi buýurýan eken. «Bulamak gamgyn ýüregi berkider, ýüzüňizdäki hapany süpürip aýryşyňyz ýaly, bu agyryny ýüregiňizden sogrup alar» diýipdir. Bulamak undan, suwdan we ýagdan taýýarlanylýar. Bir syrkawyň nahar iýmeýändigi hakda Pygamberimize aýdanlarynda: «Telbine bişiriň we oňa içiriň» diýipdirler. «Telbine çorbasy syrkawyň ýüregine rahatlyk berýär, gaýgysyny dep edýär» diýilýär.

Telbine çorbasy un, süýt we bal garylyp taýýarlanylýan na­har­dyr. Onuň reňkiniň aklygy üçin, süýde meňzedilip, «telbi­ne» diýildi. «Telbine» - «leben» (süýt) sözündendir. Ol ýürege rahatlyk berýär, göwnüňi açýar. Gaýgy-gamyň sowuklygy üçin hulkuňy sowadyp, gyzgynlygyňy peseldýär. Bulamak bolsa gyz­gynlygy güýjedýär we ösdürýär. Ýürek bolsa aşgazanyň agzydyr.

Äşäniň aýtmagyna görä, Pygamberimiz telbine içmegi bu­ýu­ryp: «Halamasalaram, ol peýdaly tagam» diýipdir, syrkaw­la­ra hem şol nahary beripdir. «Halamasalaram» diýmeginiň sebä­bi, syrkawlaryň ony iýesi gelmeýändigi üçindir. Bulamagyň peýdaly häsiýetini sanamak isleseň, ilki bilen arpa suwunyň, esasanam baldagyndan taýýarlanan içginiň peýdasyndan başla. Içiňi arassalar, tiz siňer, ýokumly iýmit bolar, gyzgynka içseň peýdasy köp, täsiri çalt we köp bolar.

SYRKAWYŇ BAŞYNY SARAMAK

«Pygamberimiz ýarawsyz wagty, agyryny köşeşdirmek üçin, başyna esgi orap, münbere çykypdyr we Hudaýa öwgi-se­na okapdyr» diýip, Ibn Apbas aýtdy. Ýene bir rowaýatda başyna selle oranlygy aýdylýar. Başyňy güýçlendirip, agyry-derdini köşeşdirýändigi üçin, syrkawyň başyny saramak oňat görülýär.

EZÝET BERÝÄN ZATLARY SYRMAK

Kagp ibn Ajara şeýle diýdi: Hudaýbiýe söweşi döwründe, gazanyň astyna ot ýakyp durkam Pygamberimiz ýanyma geldi. Ol kellämde gezişip ýören bitleri görüp: «Mör-möjekleriň ezýet berýärmi?» diýende, «Hawa» diýip jogap berdim. Py­gamberimiz maňa saçymy syrdyrmagy tabşyrdy.

Saç syrdyrmak agyryny köşeşdirer, beýni öýjüklerini açar we güýçlendirer.

SYRKAWA YSGATMAK. SYRKAWY UKLATMAKDA ÝA KÖŞEŞDIRMEKDE YSGATMAGYŇ PEÝDASY

Derman burundan guýulmaly halaty, ony ysgamak ýa-da guýmak gerek. Pygamberimiziň burnundan derman guýandy­gy­ny, Ibn Apbas aýtdy. Tebipler munuň üçin syrkawyň burnu­na we töwereklerine benewşe gülüniň ýagyny ýa-da şoňa meňzeş zatlary sürtmegi buýurdylar.

SYRKAWYŇ ENDAMYNY ÝUWMAK

Ygtybarly kitaplarda subut edilen bu mesele hakda, ýaraw­syz wagty Pygamberimiziň ýedi meşik suwy üstünden guý­ma­gy buýrandygy aýdylýar. Ol syrkawy rahatlandyryp, gaýgysy­ny giderýär, güýjüni artdyrýar we ukladýar.