Syrkawyň sagdyn adamyň ýanyna barmazlygy.

Başy » Pygamber tebipçiligi » Syrkawyň sagdyn adamyň ýanyna barmazlygy.

SYRKAWYŇ SAGDYN ADAMYŇ ÝANYNA BARMAZLYGY

Abu Hüreýranyň sözlerine görä, Pygamberimiz: «Syrkaw sag adamynyň ýanyna baryp ýörmez» diýip aýtdy. Ol bize heý­wereli adamlara uzak seretmezligi buýurdy. Buharyda «heý­we­re­li adamdan ýolbarsdan gaçyşy ýaly gaçýandygy» aýdylsa, Pygamberimiziň heýwereli adamyň egninden tutup, jamyň başynda oturdandygy hem-de: «Allanyň ady bilen, oňa ynanyp we töwekgellik edip şu nahary iý» diýendigini, Jabyr rowaýat etdi.

Edil şonuň ýaly hadys ibn Omarda hem gabat gelýär. Ýene şol ýerde şeýle diýilýär:

«Pygamberimiziň ýanyna gelen bir abraýly toparda heý­were keselli biri bar eken. Pygamberimiz onuň ýanyna wekil iberip: «Seniň bilen gaýybana kasam kabul etdik, indi gaýdy­ber» diýip, aýtmagy tabşyrypdyr.

Pygamberimiziň: «Syrkaw sag adamynyň ýanyna barmaz» diýen sözüne görä, ol ýerde syrkaw adam däl-de, «maly kesel­län adam, ony abat malyň eýesiniň ýanyna eltmez» diýen dü­şün­je ýatyr. Bardy-geldi sag mal Hudaýyň takdyry bilen ke­sel­läýse, mal eýesiniň göwnünde, bu keseliň şondan ýokaşandygy hakda pikir peýda bolar. Pygamberimiziň: «Duşman we bet­güman bolmaň» diýişi ýaly, bu zatlardan gaýra durmaly.

HEÝWERE

Gara öt zäheriniň bedeniň ähli ýerine ýaýramagy neti­je­sin­de ýüze çykýan bu kesel, beden agzalarynyň hulkyny we şeki­lini zaýalaýar, hat-da horlap, heläk edýär. Bu derde duçar bola­nyň ýüz keşbiniň ýolbarsyňka meňzeýändigi üçin, muňa başgaça «ýolbars keseli» diýilýär. Käbir tebipleriň aýtmagyna görä bu ýokanç kesel nesilden-nesile geçip bilýändir.

Pygamberimiz: «heýwerelä uzak seretmezligi» buýurdy. «Ka­sam edişmek üçin heýwereliniň ýanyna birini iberip, yzyna gaýtarandygy», soňra «onuň bilen nahar iýendigi» hakda aýtsak, ondan çetleşmegiň ätiýaçlyk üçin, bile nahar iýmegiň bolsa rugsatlygy üçindir. «Ol heýwereliniň ýokanç keselinden däl-de, ýaramaz ysyndan biynjalyk bolardy» diýip, Ibn Kuteý­be aýtdy. Pygamberimiziň: «Duşman we betgüman bol­maň» diýmegi, heýwereli bilen nahar iýmek dogrusynda bolup, «heýwereli adamdan gaçardy» diýilmegi, «Eger onuň yzasyna çydam edip bilmeseň, ondan uzakda durmagyň rugsatdygy» hakdadyr. Ýaramaz porsy ys hem duşmançylyga sebäp bolýar.

Ähli zatlar, elbetde Hudaýyň ýazgydy bilendir.

HAPA ZATLAR BILEN BEJERMEZLIK

Arak-şerap ýaly zatlary derman hökmünde ulanmagyň haramlygy hakda, Taryk ibn Süweýdiň hadysyny ýatlapdyk.

Akylyňy gidirýän zyýan-zeleliň bardygy üçin şerabyň derman däl-de dertdigini Sadyk habar berdi. Akylyň gitse diniň bolmaz, diniň bolmasa soňky ykbalyň jähennem bolar. Goý ondan Hudaý saklasyn! Bukrat hekim: «Zehiniňe zelel berýän­digi üçin, şerabyň başa ýetirýän zyýany uludyr» diýdi.

Arak-şerap huşsuzlyga, duýdansyz ölüme getirer, gabahat işleri göze görkezer, sandyrama, ýüz ysmazy, şel, tutgaý ýaly dertleri döreder.

Äşäniň rowaýatynda: «Serhoş ediji her zat haramdyr, hat-da aýaň doly bolsa-da» diýilýär.

Şerabyň käbir dertlere peýdalydygy hakda tebipleriň aý­dan­dy­gy mälim zat. Ýöne, haçan-da Hudaý ony haram edende, ondaky peýdany aýrypdyr. Bu babatda Pygamberimiziň sözüne gözlesek «onuň derman däl-de, dertdigi» aýdylýar.

Şyh Muhýiddin Newewi: «Ýedi hurma bilen ertirlik edin­ýän adama, şol günüň dowamynda zäherdir jadynyň täsir etme­je­gini» aýdýar.

Onuň hormaty hakda şerigatda buýrulandyr. Hurma hakda şyh Newewiniň aýdýany dogry bolup, muny Pygamberimizden başga bilen, üns we salgy beren hiç bir tebip ýokdur. Gaýta, soňky döwrüň käbir tebipleri, sowuk zäheri ýatyrmakda hurma miwesiniň peýdasyna ynanýarlar.

Şonuň üçinem, arak-şeraby haram edip, ondaky peýdany aýranyndan soň, Hudaý öz Pygamberimizine şerabyň ornuny tutup biljek dermany salgy berdi.

Abu Talybyň rowaýatynda, Abu Söwrüň şerap bilen bejer­ýändigini Ymam Ahmede aýdanlarynda: «Bu ýaman söz» diýip, jogap beripdir. Abu Söwrüň: «Syrkawy şerap bilen be­jer­megi tebipler biragyzdan goldaýar» diýen sözüni, Merwezä gürrüň beren Ymam Ahmet, ony inkär edipdir, hatda düzümin­de ýylan eti we şerap bolan, zähere garşy serişdeleri ulanmagyň dürs däldigini» aýdypdyr.

Merweziniň rowaýatynda, düzüminde ýylan eti bolan der­ma­nyň ulanylmaýandygy, eşek süýdüniň, zeruram bolsa, içil­me­ýändigi aýdylýar.

Abu Hüreýranyň Pygamberimizden eşiden hadysyna salgy­lan­saň, eşegiň peşewi hem içilmeýär. Pygamberimiz: «Huda­ýyň halal eden zadyny ulanan adam şypa tapar» (halal zady derman hökmünde ulanan adam şypa tapar) diýdi. Abu Salyh Muhammet ibn Hasan, Yshak ibn Ybraýym, Harb, Abdylla, Esrem we Ybraýym ibn Harys ýaly alymlar, zerur bolanda düýe siýdigini içmegiň dürsdügini aýtdylar.

Onda, zerur bolmasa-da içseň bolýarmyka?

Enesiň öň ýatlap geçen hadysynda içmäge rugsat berlendigi aýdylýar.

Däri we çakjagunduz ýaly ukladyjy, ýadyňy küteldiji seriş­deleri ulanmak nädürs. Däri ¾arpa dänesine çalymdaş, gara reňkli ösümlikdir. Bularyň ikisi hem serhoş ediji. Pygambe­rimiziň gurbagany öldürmegi gadagan edendigini öň aýdypdyk. Bu gadaganlyk onuň awuly haýwanlara degişlidigi üçindir, onuň ýaýrap gitmezligi üçin bu ýagdaýy aýan etmek islemedi. Ondaky zyýanlary ýatlap: «Gurbaga etini iýmek dişiňi, hatda örüde otlap ýören mallaryň dişinem düşürer, bedeni çişirer, meňziňi soldurar, döl akma keseline ýolukdyrar, hat-da öl­dü­re­rem» diýdi. Çaga gurbaganyň has zyýanlydygy üçin, tebipler ony peýdalanmagy düýbünden gadagan etdi.

Tebipler bu zatlardan saklap, adamlara rehim edýän bolsa, «Mömin-musulmanlar üçin rehimli we mähriban» diýlip, wasp edilen Allatagala gör nähili mähirlidir.

GYZZYRMALY SYRKAWY SOWUK SUW BILEN BEJERMEK

Pygamberimiz şeýle diýdi:

Başlangyç döwründe sowuk suw içmek, gyzzyrmany gow­şadýar, güýjüni gaçyrýar.

Ibn Omarda: «Gyzzyrma(ysytma)jähennemiň howrudyr. Ony suw bilen sowadyň».

Ibn Apbasda: «Gyzzyrma jähennemiň howrudyr. Ony Zem­zem suwy bilen öçüriň» diýilýär.

Abu Bekriň gyzy Esma, gyzzyryp ýatan zenanyň üstünden suw guýup, Pygamberimiziň: «Ony suw bilen sowadyň, çünki ol jähennemiň howrudyr» diýen sözüni ýatlar eken.

Pygamberimiziň «sowadyň» diýen sözi, esasan Hyjaz iline aýdylandyr. Agyr gyzzyrmany aýyrmak üçin sowuk suwa ýuwun­mak ýa içmek gerek. Bu Hyjazyň howasynyň aşa gyzgynlygy sebäplidir.

«Zemzem suwy bilen» diýmeginiň manysy, topragynyň düzümine görä suwlar hil we bereket taýdan dürli bolýar. Emma: «Zemzem suwuny nämä niýetläp içseň, şoňa şypa berer» hadysyna görä, diňe Zemzem suwy ähli zada şypalydyr.

«Gyzzyryp ýatanyň üstünden üç gijeläp, säher wagty sowuk suw akydyň» diýip, Pygamberimiz aýtdy. Muny Enese salgylanyp Ibn Jöwza rowaýat etdi. Abu Hüreýrede: «Gyzzyr­ma jähennemiň bir körügidir, ony sowuk suw bilen aýryň» diýilýär.

Sümrede: «Gyzzyrma dowzahyň bir bölegidir, ony suw bi­len sowadyň. Gyzzyran çagy Pygamberimiz bir meşik suwy getirdip, üstünden guýup, ýuwunardy» diýilýär. Ýarawsyz wag­ty Pygamberimiziň, ýedi meşik Zemzem suwuny üstünden akytmagy buýranlygyny Äşe rowaýat etdi.

Rafyg ibn Hadyjda: «Gyzzyrýan adam, ony sowuk suw bilen öçürsin, çünki gyzzyrma dowzah odunyň bir bölegidir» diýilýär.

Gyzzyryp ýatan ýaş ýa-da semiz adama suwda ýüzmekligiň şypadygyny Galen aýdyp geçdi.

Tiz siňýänligi, ýakynlygy we tebigatyň ýeňilligi üçin gyzzyrmaly adamlara iň peýdaly zadyň suwdugyny tebipler belledi. Kähalatlarda suwuň sowuklygyny artdyrmak üçin gar (buz) goşulýar, ýa-da tiz täsir etdirmek üçin sirke; beden agzalaryna doly ýetip, çyglandyryp durmagy üçin şeker ga­ryl­ýar. Şeker bilen sirkäniň alyşýanlygy üçin, mundan taýýar­la­nyl­ýan içgä sirkelibal diýilýär. Gyzzyrmanyň togtamagy we açylmagy üçin iň oňat içgi şoldur. Gyzzyrmanyň birnäçe gör­nüşi bolup, bir günlük gyzzyrma ýa-da üç güne çenli dowam edýän adaty gyzzyrmalar bar. Eger hyltlar bilen baglanyşykly bolsa ýiti gyzdyrma, beden agzalaryna bagly bolsa, günaşa gaýtalanýan gyzdyrma, goýy ahlata bagly bolsa bişen gyz­dyr­ma diýilýär. Onuň kähalatda ysmazdan saplap, sanjyny aýyr­ýan wagtlaram bar.

«Pygamberimiziň ýanynda ysytma hakda gürrüň gozgalan­da, biri ol kesele sögündi» diýip, Abu Hüreýra gürrüň berdi. Pygamberimiz oňa bakyp: «Oňa sögmäň! Oduň, demriň hapa­syny aýryşy ýaly, ol hem günälerden arassalaýar» diýdi.

«Pygamberimiz ýanyna gelen Ümmi Saýyba bakyp: «Sen nä galpyldap dursuň?» diýende, «Bereketi ýitmiş, gyzzyrma-la» diýip, ol aýal jogap beripdir. «Ýok, oňa sögmäň, gyzgyn kö­rü­giň demir hapasyny aýryşy ýaly, ol hem Adam ogulla­rynyň günäsini ýuwýar» diýip, Pygamberimiz aýdypdyr.

Pygamberimiz: «Bir günlük gyzzyrma bir ýyllyk günäni ýuw­ýar» diýse, Ymam Hasanda: «Ol taňry bendesiniň günäsini ýuwýar» diýilýär.

Gyzzyrmanyň bedenimize we dinimize peýdadygy üçin Pygamberimiz oňa sögünmegi gadagan etdi.