Zyýanly mör-möjekleri kowmak.

Başy » Pygamber tebipçiligi » Zyýanly mör-möjekleri kowmak.

ZYÝANLY MÖR-MÖJEKLERI KOWMAK

Munuň üçin öýde pişik, kalyk (?), tawus we kirpi ýaly haýwanlary saklamak tebipleriň adatydyr. Şeýle hem mör-möjekleri özüne çekmegi üçin çyra-şem ýaly zatlary ýakyp goýmaly. Bularyň ählisi çybyn-çirkeýiň ezýetinden goranmak üçindir. Emma bu ýagdaý Pygamberimiziň sözüne çapraz gelýär. Pygamberimiz:

«Ýatar wagtyňyz çyralaryňyzy söndüriň»;

«Ýatar wagtyňyz öýüňizde ot ýakyp goýmaň»;

«Ot siziň duşmanyňyzdyr, ýatmankaňyz ony öçüriň»;

«Bir bolgusyz zat peltäni özüne çekip, öýi oda bermegi mümkin» diýdi.

Bularyň ählisi dogry, ygtybarly hadysdyr. Bu beladan sypmak üçin Allanyň kämil sözlerine sygynmak we «Aýatyl-kürsüni» okamak buýruldy.

Äşede: «Resulalla düşegine geçende, aýasyny bir ýere jem­läp tüýkürerdi, soňra «Yhlas», «Falak» we «Nas» sürelerini okap, başyndan we ýüzünden başlap, süňňüniň ähli mümkin bolan ýerini eli bilen sypalardy, bu usuly üç gezek gaýtalardy» diýilýär.

Bu ýerdäki «tüýkülik» «suwly tüýkülik» däl-de, çygly dem ýaly çüflemekdir. Pygamberimiziň çüflemesi hakda Äşeden soralanda: «Edil kişmiş iýýäniň tüýküligi ýaly» diýipdir. Py­gam­berimiz: «Ähli bela-beterden goranmak üçin «Bakara» süresiniň soňky iki aýatyny okamak ýeterlik» diýdi.

Pygamberimiz ýatjak wagty: «Eý, Alla, adamlary gaý­tadan direldýän günüňde, meni azabyňdan gora» diýse, ukudan oýanýan wagty: «Bizi ölümden soňra direlden Hudaýa şükür. Hudaýa döneýin!» diýipdir.

Pygamberimiz ýatar wagtymyz istigfar[1], tesbih[2], tahmyd[3] we tekbir[4] aýtmagy buýurdy. Bu örän meşhurdyr.

«Ýatar wagty «Äýatyl-kürsini» okaýan adamy, Hudaý tara­pyn iberilen perişde, ertire çenli gorap saklar».

Ot we haýwan ýaly zatlaryň şerinden goranmak üçin, Pygamberimiz bize ýagşy, mübärek we goragçy bolýan sözleri öwrenmegi tabşyrdy. Bizi bu dünýäde ýagşy we mübärek zikrler bilen gorady, indi diňe bu sözleriň ahyretdäki sogaby galdy. Bu zatlaryň ählisi Pygamberimiziň beýikligi we bereke­di bilendir. Oňa we onuň maşgalasyna tükeniksiz salam we bereket bolsun!

GYRGYN WE MERGI KESELI

Pygamberimiziň gyrgyn keseli hakda aýdanlaryny sorap, Usame ibn Zeýde ýüz tutupdyrlar. Ol: «Tagun Ysraýyl kowu­myndan bir taýpa, ýa-da ondanam owalkylara inderilen azap­dyr. Gyrgyn düşen ýer hakda eşitseňiz, ol topraga girmäň. Ge­zip ýören topragyňyza gyrgyn düşse, mundan gaçyp ýurtdan çykmaň» diýipdir.

Enesde: «Gyrgyn keseli her musulman üçin şahadatdyr, ýag­ny gyrgynda ýogalan şehitdir» diýilýär. Ygtybarly alym-ýazarlar mergi sebäpli adamlaryň köpçülikleýin ýogalmagyny gyrgyn hasaplaýar.

Tebipçilik ylmynda bu ölüm howply, erbet, çişli keseldir. Töweregini gara-ýaşyl edip goýýar, köplenç hem goltukda we gulak astynda ýüz berýär.

Äşäniň hadysynda: «Gyrgynda ýogalan şehit hasaplanýar, ol nähili dert?» diýip soranda, «Düýäň mäzi ýaly bolup, gulak astyna we goltuga çykýan çiş» diýipdir. Ibn Sina: «Goltugyň we gulak astynyň ýumşak etinde ýüz berýän çişe tagun (gyrgyn) diýilýär. Ol erbet, çüýrän gandyr. Bu çüýrän gan ýürege ýetse howply täsir edýär, ýürek bulanma, gusma ýaly ahwalatlar köpelýär, ýüregiň urşy batlanýar».

Gyzyl gyrgyn sary gyrgyndan ýeňildir. Ölüm howply bolan gara gyrgyndan halas bolýan ýokdur. Ol köplenç mergi keselinde ýüze çykýar.

Pygamberimiziň: «gyrgyn düşen topraga girmäň» sözünde iki sany peýda bar.

1)Ýaramaz, erbet ysly howadan dem almazlyk we syr­kawlamazlyk üçin.

2)Syrkawa goňşy durmazlyk bolup, bela-beteriň has art­maz­lygy üçin.

Abu Dawutda: «Mergä golaý gelmek heläk bolmak» diýil­ýär.

Pygamberimiziň: «mundan gaçyp ýurtdan çykmaň» diýme­si, Hudaýa bil baglap, töwekgel bolmak üçindir.

Pygamberimiziň gyrgyn düşen ýere göçmezlik hakda aýt­masyna görä, bir toprakdan özge ýere gideniňde, mizajyň (tebigatyň) üýtgäp, tapdan gaçýaň. Äşäniň: «Resulalla Medinä gelende, Abu Bekr bilen Bilal gyzdyryp ýatdy» diýmegi, muňa delildir.

Durkuň üýtgäp, güýjüň ejizlän halaty howa we mergi örän çalt täsir edýär.

«Gezip ýören topragyňyza gyrgyn düşse, mundan gaçyp ýurtdan çykmaň» diýen sözüne görä, bu keseliň erbetdigini, bedeniňi ejizledip, ýiti täsir edýändigini, başga ýere göçeniňde, bedeniň ýene-de ejiz bolýandygyny bildik. Şeýle ýagdaýda kesel has hem ýitileşýär. Bu gadaganlygyň sebäbi şoldur.

Äşe Resulalladan gyrgyn hakda soranda, «Ol Allanyň islän adamsynyň üstüne iberýän azabydyr. Allatagala bu keseli musulmanlara ýagşylyk hökmünde ýaratdy. Ýaşaýan topragyna gyrgyn düşende, şol ýerde sabyr edip saklanan adamlara – «Hudaýyň ýazgydyndan başga zadyň maňlaýymyza gelmeje­gini» bilýänlere, edil şehitleriňki ýaly sylag bardyr».

Gyrgyn keseline mergi keseli hem diýilýär.

Ol ýata suwuň ysyna meňzeş bolan porsy ysyň howa ýaýramasyndan ýüze çykýar. Ol ýa-ha zemini sebäpler bilen, ýa-da asmany sebäpler bilen baglydyr. Zemini sebäplere gömülmedik maslykdyr, jesetleriň çüýräp-porsamagy, asmany sebäplere ýagynsyzlyk, asmandan daş ýagmagy ýaly zatlar degişli. Eger howa zaýanlasa, porsasa, hyltlar çüýräp başlaýar, köp adamlar hem bu kesele duçar bolýar.

«Ysraýyl kowumyna iberilen azap» sözüne görä, şol azap inende bir sagatda ýigrimi müň, käbir rowaýatda ýetmiş müň adamyň birbada ýogalandygyny aýdýarlar.

Gyrgyndan gaçyp salamat gezen adam ýokdur.

Allatagalanyň: «Ölümden gaçyp, öz diýarlaryndan çykan müňlerçe kişiniň hal-habaryny bilmediňizmi? Bes, Alla olara «Ölüň» diýdi (we olar öldüler)»[5] diýen sözi gyrgyn hakdadyr.

Ibn Apbasda: «Tagundan gaçan dört müň adam ýogaldy. Pygamberleriň biri olar üçin doga edende, Alla olary gaýtadan direltdi» diýilýär. Et-Temimi: Beni-Merwanyň häkimlik eden döwründe Şam sebitleri, esasanam Damask bilen Iordaniýa gyrgyn bilen gurşaldy» diýdi.

Aýtmaklaryna görä, Omar as-Syfah Damaskda hutba okan­da: «Eý, şamlylar, Allatagala şu wagt gyrgyn keselini üstü­miz­den aýyrsa gowy bolardy» diýipdir. Şonda bir adam: «Belki, Allatagala bu gyrgyny üstümize iberip, sizi ýygnamagy we bizi halas etmegi isländir» diýipdir.

Jabyr ibn Atykda: «Hudaý ýolunda şehit bolanlardan baş­ga-da ýedi sany şehit bardyr. Gyrgynda ýogalan, gark bo­lan, otda ýanan, jaý ýykylanda ýogalan, dyknyşykda ýogalan aýal şehitdir» diýilýär.

«El-Muwatta» eserinde Abdyrahman ibn Awfyň sözleri getirilýär: «Ýaşap ýören topragyňyza mergi düşse, ondan ga­çyp ýurtdan çykmaň. Mergi düşen ýer hakda eşitseňiz, ol ýere gitmäň» diýilýär.

«Mergiden goranýan islendik adam, öz içindäki çygly galyndylary çykaryp, aç gezmelidir, hammama girmekden sak­lanmaly, asuda-rahat bolmaly. Hereket etmezden ondan gaç­mak mümkin däl bolsa, möwjän hyltlary köşeşdirmeli.

Onuň zyýany hakdaky manylar Pygamberimiziň aýdan habarynda şöhlelenýär.

Omar bilen baglanyşykly meşhur habar bar. Şam diýaryna howlukmaç gidip barýan Omar Sarga ýetende, oňa: «Şama gyrgyn düşdi» diýip aýdypdyrlar. Ol Şama barman yzyna do­lanypdyr.

Sarg – Tebuk ýaýlasyndaky, Hyjazyň aýak ujundaky ýerdir. Medine bilen onuň aralygy on menzilden ybarat.

MAMA, GYZAMYK WE GARAMYK

Mama keseli birnäçe görnüşli bolup, ak reňkli, gyzyl reňkli, sary reňkli, benewşe reňkli, ýaşyl we gara reňkli mama bardyr.

Olaryň içinde iň ýeňili akmama bolup, ol aklyk döwründäki ýagdaý ýaly tebigy güýjüňe bagly bolýar. Akmamadan soň gyzylmama ýeňil, soňra sary, benewşemama ýeňilräk. Ýaşyl we gara mama iň ýaramazydyr. Az sanly we uly göwrümli ma­ma hernäme-de bolsa howpsuzdyr. Sebäbi ol maddalara we tebigy güýje tabyn bolýar. Şeýle hem goşa-goşadan, ýagny biri-biriniň gapdalyndan çykmadyk bolsa gorkuly däl. Köp sanly we göwrümi kiçi bolan mamalar iň howplusydyr.

Iň howpsuz mama üçülenji ýa-da şoňa golaý günlerde çykýar. Haýal ýüze çykýan mama erbet bolup, ol maddanyň güýjüni we tebigatyň ejizdigini delillendirýär. Käteler ýüze çykyp, ýene-de ýitýän bolsa, howply mama hasaplanýar. Tiz bitýän mama howpsuz, tersine bolsa howpludur. Sebäbi bu kesel ol ýerde beden agzalaryny gorar ýaly maddanyň ýoklugy bilen ýüze çykýar. Beýleki beden agzalaryna çykýan mama, ýüze we kellä çykýan mamadan haýyrly. Gaýgy-gamy we gyz­zyr­masy az bolsa, howpsuz; tersine bolsa gorkuly. Mama­dan öň çykýan gyzzyrma, gyzzyrmadan soň çykýan mamadan howp­suz bolýar. Özüňi duýuşyň oňat bolsa mamanyň howp­suzlygy, dartgynly bolsa erbetligidir. Teşnelik ony dartgynly ha­la salsa, peşewi gara ýa gan reňkli bolsa, ol heläk bolar.

Mama gan bilen baglanyşykly kesel, gyzamyk gara öt bilen baglydyr.

Garamyk bolsa gyzamyk bilen mamanyň arasyndaky keseldir.

Ony bejermek üçin içgeçmeden saklanmaly, «fasd» ýa «hy­jamat» usuly bilen gan aldyrmaly, sähekigde we nar içgisi­ni peýdalanmaly, mäş, ysmanak, hoz garylan haryra, hoz ýagy­na garylan arpa suwy bilen naharlanmaly. «Kesfere» suwuny göze damdyrmaly, aýagyň astyna hyna çalmaly. Mama gyzzyrmasy aýrylandan soň, syrkawy jüýje çorbasy bilen naharlamaly, ýigrimi günden soňra hammama girmeli.

Garamyk bilen gyzamygyň bejerilişi hem şuňa golaýdyr.

GAÝL SÜÝDI

Gaýl – zenan göwrelikä emdirýän süýdi.

Pygamber alaýhyssalam göwreli zenana çaga emdirmegi ga­dagan etdi. Sebäbi göwreli zenanyň süýdi ony emýän çaga üçin örän hatarlydyr. Gaýl süýdi bilen iýmitlenen çaga saly gowşak, aňy ejiz kemala gelýär we bu ýagdaý onuň tutuş öm­rü­ne täsir edýär.

Ýezit Ensaryýanyň gyzy Esmada: «Perzentleriňizi gizlin­lik­de öldürmäň, çünki gaýl süýdi çagany heläk edýär» diýilýär. Jezame bint Wehep: «Gaýly gadagan etmek islediler. Bu ba­bat­da rumlulara we parslara nazar aýladylar. Emma olar çagala­ry­ny gaýl süýdi bilen emdirýärdiler, perzentlerine welin zeper ýetmeýärdi. Barybir mundan daşlaşmak isläp, Pygamberimize ýüz tutdylar. Ol: «Gaýl süýdi bilen emdirmek – çagany diri göm­megiň gizlin görnüşidir. Kyýamatda munuň üçin sowal bardyr» diýipdir. Ymam Mäligiň aýtmagyna görä: «Adamsy çaga emdirip ýören gelniniň göwsünden sorsa gaýldyr» diýdi.

Gaýl süýdi hakda dürli pikirler bar. «Aýal jynsy gatnaşykda wagty çagasyny emdirse gaýldyr». «Göwrelikä emdirse gaýl hasaplanýar» diýýänem bar.

Bu süýt çagany däliredip, heläk edýär. Çünki ol aýbaşy ga­nynyň galyndysyndan ýüze çykan ýaramaz süýtdür. Zenan göwreli bolanda, onuň aýbaşysy kesilýär-de, ol göwredäki çaga üçin iýmite öwrülýär. Sebäbi Allatagala göwredäki çagany arassa iýmit we mähir bilen gurşaýar. Iýmite öwrülmän galan ýaramaz bölek bolsa, göwse çekilýär. Ana şol hem gaýl süýdüdir. Şonuň üçinem Pygamberimiz: «Gaýl süýdi çagany heläk edýär» diýdi.

Bu ýaramaz süýdüň täsiri, tä ulalyp, ese-boýa galýança, şol adamyň süňňünden çykmaýar. Eger deň-duşlary bilen bir zatda bäsleşjek bolsa, ruhy taýdan hem, beden taýdan hem ejiz geler.

Jabyryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý eýýäm Resulallanyň döwründe, Gurhan inýärkä gadagan edilipdir.

Ymam Müslim: «Biz gaýldan saklandyk. Bu habar Pygam­berimize baryp ýetende, ol bu hereketi oňlady. Soňra: «Ýöne, nämedir bir zat kyýamata deňiç dowam etse, şolaryň biri şu­dur» diýdi.

Aýbaşy ganynyň akmasyny togtatmak üçin, zyýany bolma­dyk dermanlary ulanmaga ygtyýar berildi.

Emma şapygy alymlaryň käbiri, beýle ejazanyň ýokdugy­ny, çünki onuň aňyrsynda nesliň kesilmegine sebäp bolýan ýagdaýlaryň ýatandygyny ýatladylar. Bu babatda hatynlar öz ärleriniň rugsady bilen hereket edip bilerler.


[1]«Estagfirullah» – «Alladan günämi ötmegini dileýärin» diýmek.

[2]«Subhan alla» – «Alla päkdir»diýmek.

[3]«Elhamdülilla»– «Hudaýa şükür»diýmek.

[4]«Allahu Ekber» – «Alla beýikdir»diýmek.

[5]Gurhanyň «Bakara» süresiniň 243-nji aýaty.