Gözdegme bilen doganyň dogrulygy.

Başy » Pygamber tebipçiligi » Gözdegme bilen doganyň dogrulygy.

Ümmi Selmäniň aýtmagyna görä, Pygamber alaýhyssalam öýündäki gyrnagyň ýüzünde gara tegmilleri görüp, «Munda göz bar, oňa doga ediň!» diýipdir.

Göz bar diýilmesi, şol adama göz degenligini ýa-da jyn kakanlygyny aňladýar.

Abu Hüreýranyň Pygamberimizden getirýän rowaýatyna görä: «Gözüň degýändigi hakdyr» diýilýär. Pygamberimiziň özi hem Hasan bilen Hüseýini şeýtandan, ähli zäherli zatlardan hem-de ähli ýaman gözlerden goramagy üçin Hudaýa doga ederdi.

«Zäherli zatlar» diýlende ýylan ýaly ölüm howply zäheri bolan haýwanlar göz öňünde tutulýar. Emma Pygamberimiziň Kagba ýüzlenip, «Kelläňdäki zyýanly zatlar ezýet berýärmi?» diýende, mör-möjek, bit-büre ýaly zatlar hakda aýdylýandyr.

«Ýaman gözli» diýip, sereden mahaly erbet täsir edýän adama aýdylýar.

«Göz-dilden doga bilen goranmagy Pygamberimiz emr etdi» diýip, Äşäniň gürrüňlerinde ýatlanylýar. «Munuň üçin mähri siňen, gözi degen adam ýuwunsa we gözügen adam şol [ýuwundy] suwa ýuwundyrylsa, ol tiz şypa tapar» diýilýär.

Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, Pygamber alaýhyssalam: «Göz degýänligi hakdyr. Haýsydyr bir zat ýazgytda ýazylan bolsa, göz degmegi hem ýazylandyr. Munuň ýaly halatda kimiň gözi degen bolsa, ol suwa ýuwunsyn we şol suwa hem gözügen adam ýuwundyrylsyn» diýilýär.

«Kime gözüňiz degen bolsa, kime mähriňiz giden bolsa we ol adam sizden suwa düşmegi talap etse, oňyn jogabyny beriň, çünki göz degen adam şol suwa ýuwunmalydyr». Munuň üçin göz degiren adam ýüzüni, iki elini, iki tirsegini, iki dyzyny, aýagynyň daş-töweregini, bilinden aşagyny bir gabyň içinde ýuwmaly, soňra bu suwy göz degeniň üstünden akytmaly, gaby bolsa tersine bakdyryp, düňderip goýmaly.

Göz degen çagy bu zatlary ýatdan çykarman, ýerine ýetirse, Hudaýyň islegi bilen gutular.

Abu Dawut Ymam Ahmetden: «Göz degmezligi üçin doga-tumar ulanmak mümkinmidir?» diýip soranda, ol: «Ýaman gö­ze garşy doga dakynmagyň zyýany ýok» diýip jogap beripdir.

Allatagalanyň: «Kapyr bolan kimseler ýatlama-Gurhany eşiden wagtlarynda, sizi gözleri bilen ýykaýjak bolarlar[1]» diýen sözüne düşündiriş beren ähli tefsir[2] alymlary, onuň «seni gözleri bilen iýäýjek (ýok edäýjek) bolýarlar» diýmek­di­gini aýtdylar.

Pygamberimiz alaýhyssalam: «Kimdir biri özünde ýa ma­lynda göwnüne hoş ýakýan zadyny görse, ony mübäreklesin, «tüweleme!» diýsin. Şonda oňä gözüňiz degmez we onuň hem bereketi artar». «Hoşuňa gelen bir zady görseň: «Tüweleme! Ähli güýç-kuwwat Allanyň elindedir» diý. Onuň bereketi ar­tar» diýdi. Resulalla jynlardan we adamlaryň gözünden gora­ma­gy üçin Hudaýa sygynardy.

Äşäniň aýtmagyna görä, göz-dilden goranmak üçin doga-tumar ulanmaga Resulalla ejaza beripdir.

Ymran ibn Husaýynyň eserinde: «Göz-dilden we zäherden başga zada doga-tumar ulanylmaýar» diýilýär.

Agyrysy bolan bir adamy Pygamberimiziň doga bilen beje­rendigi dogrudyr.

Enesiň aýtmagyna görä, Pygamber alaýhyssalam göz-dil­den, zäherden we howp-hatardangoranmak, saplanmak üçin doga-tumar ulanmaga rugsat beripdir.

Bu ýerdäki agzaýan ýaralarymyz endamyňyzda ýüze çykýan düwürtiklerdir.

Käbir hekimleriň aýtmagyna görä, göz degiren adamyň gözünden çykýan zäherli güýç, göz degen adama düşýär we oňä agyry-ezýet berýär. Hatda käbir zäherli ýylanlaryň, esasan hem apy ýylanyň käbir görnüşleriniň gözi degse, adamy heläk edýär. Göz degiren adamyň suwa ýuwnyp, bu suwy göz degen adama bermesi şerigatda beýan edildi. Sehl ibn Hanyfyň hady­synda, haçanda gözi degende, Pygamberimiz oňa ýuwunmagy we göz degeniň üstünden akytmagy tabşyrandygy beýan edil­ýär.

Rugsat berlen we laýyk gelýän doga-tumary ulansaň peýda berýär. Doga-tumaryň ikisi hem, edil derman ýaly, şypa bagyş etmegi üçin Hudaýa sygynmakdyr.

Arapça bolmadyk we manysy düşnüksiz doga-tumary ulanmak günädir. Eger manysyna düşünýän bolsa ulanmak gowy görülýär.

Awf ibn Mäligiň aýtmagyna görä: «Biz jahylyýet zamana­syn­da doga-jadyny ulanardyk. Bu hakda Pygamberimize ýaňzydanymyzda, ol: «Maňa ulanýan dogalaryňyzy görkeziň, eger onuň içinde Hudaýa şirk ýetirilmeýän bolsa, oňa rugsat­dyr» diýipdir.

Başga bir sözde, bir adam Resulallanyň ýanyna gelip: «Eý, Pygamberimiz, doga-tumar ulanmagy gadagan etdiňiz. Men bolsa onuň üsti bilen içýana garşy em edýärdim» diýende, Resulalla: «Ile-güne haýryň degýärkä, hergiz ýaýdanmagyn! Arkaýyn ulanybergin!» diýipdir.

Diňe küpür dogalary ýa-da gutarnykly gadagan edilen dogalary ulanmaklyga ejaza berilmeýär. «Abu Abdylladan içýana garşy doga soranda: «Manysyna düşünýän bolsaň ýa-da Gurhandan alnan doga bolsa, ulanmagyň aýyby ýok» diýen­digini Harp gürrüň berdi.

Şypa bint Abdyllanyň aýtmagyna görä: «Bir gezek Hafsa­nyň ýanynda otyrkam, Pygamber alaýhyssalam meni idegläp, içeri girdi. Ol maňa ýüzlenip: «Eý, Şypa, muňa hat-ýazuw öw­redişiň ýaly, derdi-bela garşy okalýan dogalary hem öwret!» diýdi».

Bu ýerde zenanlara hat-ýazuw öwrenmegiň hem dürsdügi bildirilýär.

«Haýsydyr bir agyrydan ýa-da ýara-yzadan zeýrenip, özüne ýüz tutan adamlary Pygamberimiz şeýle bejererdi» diýip, Äşe gürrüň berýär.

Pygamberimiz ilki süýem barmagyny ýere degrip, soňra ýokary göteripdir: «Allanyň ady, topragymyzyň gumy, käbiri­mi­ziň tüýküligi bilen biziň syrkawymyza şypa bermegini Alla­dan soraýaryn» diýer eken.

«Topragymyzyň gumy» diýmesi, topragyň tebigaty sowuk-gurakdyr, onda çygly zatlary guradyjy täsir bar. Ýara bilen jerhetde bolsa, tebigy hereketlere päsgel berýän çyglylyk köp. «Käbirimiziň tüýküligimiz» diýmesi, toprak bilen tüýkülik garylsa we guradylsa, ony ýaranyň, jerhetiň üstüne goýsaň, Allanyň rugsady bilen ýara biter. Munuň ýaly hadyslar başga-da kändir.

Gurhan aýatlaryny doga-tumar edip ulanmak hakda Aly­nyň: «Dermanyň haýyrlysy Gurhandyr» diýen sözi bar.

Allatagala: «Biz möminler üçin şypa we rahmet bolan Gurhan aýatlaryny inderýäris[3]» diýdi.

Bu ýerde Gurhanyň käbir kesellere däl-de, ähli kesellere şypadygy, Gurhan aýatlary bilen diňe bir beden kesellerini däl, nadanlyk, gümralyk, şübhe ýaly ruhy keselleri hem bejerip bolýandygy bildirilýär. Gurhan ýerliksiz howsaladan saplap, dogry ýola gönükdirýär. Ol nadanlygy aýyrýan ýürek derma­ny­dyr, keselleri aýyrýan beden şypasydyr. Bedeniň sagdynlygy ýüregiň abatlygyna bagly. Ýüregiňi düz sakla, süňňüň sagat bolar.

Resulalla: «Jesetde bir ýer bolup, şol düz bolsa süňňüň sagdyndyr» diýdi. Bu elbetde ýürek bolmaly.

«Fatyha» süresi bilen doga edilişini öň ýatladyk. Äşäniň aýtmagyna görä, öýünde biri ýaramasa, Pygamberimiz «Falak» we «Nas» sürelerini okap, dem salar eken.

Darakutnynyň Ibn Apbasa salgylanyp aýtmagyna görä: «Dişi agyrýan adam süýem barmagyny şol dişiň üstünde goýup: «Ol sizi bir jandan peýda edendir. Indi siziň üçin ene gar­ny karargäh, ata puşty amanat duran jaýdyr. Aňlaýan ko­wum üçin aýatlary ýerbe-ýer beýan etdik» [4] diýen aýaty okamaly. Sebäbi käbir sözlerde Hudaý tarapyn bagyş edilen peýdaly häsiýetler bar. Eger şeýle bolsa, onda beýik we päk Allanyň öz sözleri, gör, nähili şypalydyr.

Gurhan aýatlaryny doga-tumar edip ulanmak hakda Ymam Ahmet şeýle ýazdy:

«Ony bir zada ýazyp ýuwsa we şony hem içse dürsdür»;

«Bir adam ony gabyň içine ýazyp, şol gap bilen syrkawa suw berse dürsdür»;

«Bir zada Gurhan aýatlaryny okap, dem salsa, ondan her kim içse dürsdür»;

«Suwa okap, syrkawyň üstünden akytmak dürsdür»;

«Çaga dogurmasy agyr zenana Gurhan aýatlaryny ýazyp bermek we içirmek dürsdür».

Ibn Apbasda şeýle diýilýär: «Eger çaga dogurmasy zenana agyr düşse, bir arassa jamy alyp, oňa: «Olar özlerine wada edilen azaby gören Günlerinde, gündiziň bir sagadyny ýaşan ýaly bolarlar. Bu bir habardyr. Diňe boýun synmaýan kowum heläk ediler[5]»; «Olar kyýamat sagadyny görenlerinde, bu dünýäde öýleden soň ýa-da çäş wagtynda duran ýaly bolup galarlar[6]»; «Olaryň kyssasynda akylly adamlar üçin ybrat bardyr[7]» diýen aýatlary ýazmaly. Soňra suw bilen ýuwmaly we zenana içirmeli. Ol çaganyň tiz we görgüsiz dogulmagyna peýda edýär».

Ymam Ahmediň ýazgysynda: «Dogalanan adamy açmak üçin doga-jady ulanmak dürsdür» diýilýär. Doga-jadyny ulan­ma­gyň rugsatlygy Pygamberimiz bilen bagly wakadanam belli­dir. Pygamberimiziň özüne doga-jady edilende, ony doga bilen açypdyrlar. Dogadan çözülmek hem edil derman bilen bejer­mek ýaly bir zatdyr. «Jady» sözüniň bir manysy «aldaw, hile-pirim» diýmekdir. Jadygöý we jadygöýüň aýdýan hem-de ýazýan sözleri dogalanan adamyň bedenine, ýüregine ýa-da aky­ly­na gös-göni täsir edýär. Olaryň öldürýän halatlaram, kesele duçar edýän wagtlaram bolýar. Olardan är-aýallyk işine böwet bolýan dogalar, är-aýaly aýra salýan, birini beýlekisine ýigrenji edýän ýa-da birek-biregi söýdürýän ters dogalaram bar. Ters dogalary ulanmak, ýazyp bermek uly günädir.

Äşäniň aýtmagyna görä, jadylanan wagty Pygamberimiziň etmedik işi eden ýaly bolup görünýärmişin. Ondan bizi Alla­nyň özi mähri bilen gorasyn.

Käbir tebipleriň: «Ýerde gezýän barlyklaryň (jyndyr-perile­riň) hiç biri ynsanlaryň süňňüne siňip bilmez» diýýändiklerini, ymam Ahmede aýdanlarynda, ol: «Ol ýöne bir dil ugruna aýdylan söz. Eýsem Pygamberimiziň: «Şeýtan Adam ogullary­nyň damarynda gezip ýör» diýen hadysy, onuň süňňünde şeýle zatlaryň eýýäm bardygyny aňlatmaýarmy?» diýipdir.

Jynlar näzik bedenli bolýar. Şonuň üçin olaryň ynsan ruhy bilen garylyp-gatyşmasy inkär edilýän zat däldir. Ol edil göwredäki gan bilen balgamyň biri-birine garylyşy, öwrülişi ýalydyr. Abu Musanyň habar-hatyry bolmansoň, Omar bu hak­da ýany jynly bir aýala ýüz tutupdyr. Ol aýal: «Jynym gelýänçä garaş» diýipdir. Jyny gelende ondan bu hakda sorapdyr. Jyn: «Ol ýaňyja sadaka üçin niýetlenen düýäni taýynlady» diýipdir. Bu örän giň bölüm bolup, oňa degişli hekaýatlar we eserler örän köpdür. Bu ýer ony ýatlamaga darlyk eder. Takygyny Taň­ry bilýär.

Ymam Ahmediň kitabynda tumar dakynmagyň mekruhlygy (halanylmaýan zatdygy) bildirilýär we «Nämedir bir zat daky­nan adamyň şoňa sygyndygydyr, bil bagladygydyr» diýilýär.

Harbyň gürrüňine görä, ol Ymam Ahmetden Gurhanda bolan aýat-dogalary we beýlekileri, tumar edip dakynmak hakda sorapdyr. Ymam Ahmet bu dogrusynda Äşeden we beý­le­ki birnäçe ulamalardan içgin sorap görüpdir. Olar bu ýola ygtyýar berensoň, Ymam Ahmet hem doga-tumara ýowuz daraş­mandyr.

Abdylla ibn Omar Resulallanyň sözlerini getirip, şeýle diýýär:

«Düýşünde gorkup turan adam: «Allanyň gazabyndan we azabyndan, gullarynyň şerinden, şeýtanlaryň waswasylaryndan we aldatmasyndan, meniň ýanyma gelmelerinden goramagy üçin, Allanyň kämil sözlerine sygynýaryn» diýse, şeýtan oňa zyýan edip bilmez.

Abdylla ibn Omar bu dogany ýetişen ogullarynyň ählisine öwredipdir. Ese-boýa galmadyklarynyň bolsa, kagyza ýazyp boýnundan asar eken.

Egerde adam doganyň hut özi peýda ýa zyýan berýär diýip düşünýän bolsa, ýa-da dogada düşnüksiz zatlar ýazylan bolsa, ol dogany dakynmaklyk halanylmaýar.

«Nuşrat» doganyň bir görnüşi bolup, dogany suwa ezip, günüň astynda goýmak we soňra şol suw bilen syrkawy ýuw­makdyr. Ymam Ahmetde: «Şeýle dogany Ibn Mesgut hala­ma­ýardy» diýilýär. Abu Dawut hem «Marasil» kitabynda bu sözi şoňa baglap aýtdy.

Hasandan «nuşrat» dogasy hakda soranymda, ol maňa Py­gam­berimiziň aýdan sözüni ýatlap: «Ol şeýtan amalydyr» diýdi.


[1]Gurhanyň «Galam» süresiniň 51-nji aýaty.

[2]Tefsir ¾Gurhana giňişleýin düşündiriş berýän ylym.

[3]Gurhanyň «Isra» süresiniň 82-nji aýaty .

[4]Gurhanyň «Engam» süresiniň 98-nji aýaty .

[5]Gurhanyň «Ahkaf» süresiniň 35-nji aýaty.

[6]Gurhanyň «Nazygat» süresiniň 46-njy aýaty.

[7]Gurhanyň «Ýusup» süresiniň 111-nji aýaty.