Keselleriň we syrkawy soramagyň hormaty.

Başy » Pygamber tebipçiligi » Keselleriň we syrkawy soramagyň hormaty.

Taňry bendesiniň toba etmegi, dogruçyllygy, günäleriniň dökülmegi we mertebesiniň beýgelmegi üçin ýaradylan iň güýç­li sebäp hassalykdyr. Pygamberimiz:

«Ýaraman ýogalan ynsan şehit hasaplanar. Gabyr azabyn­dan aman bolar. Jennetde goýlan ryzky ýetiriler» diýdi.

Abu Hüreýre we Abu Sagyt Pygamberimiziň: «Musulmana inderilen bela-beter, muşakgatlyk, hassalyk, gaýgy-gam, hatda ony ünjä goýýan alada we barmagyna batan tiken hem onuň günäsini ýuwmak üçin iberilýändir» diýenini aýtdylar.

Pygamberimiz: «Keselinden zeýrenýän musulmana geň galýaryn. Eger ol syrkawlyk üçin nähili sogap berilýändigini bilsedi, tä ýogalýança syrkaw bolup gezmegi halardy»; «Ym­matymyň şehitleriniň köpüsi düşege baglanyp ýogalan adam­lardyr. Bolmasa iki hataryň (tarapyň) arasynda öldürilen adamyň niýetini diňe Alla bilýär» diýipdir.

«Gyzgyn körügiň demir posuny aýryşy ýaly, gyzzyrma hem adam ogullarynyň günäsini ýuwýar»;

«Kim Alladan haýyr isleýän bolsa, haýra hem duçar eder» diýdi.

«Resulallaňkydan ýiti agyryny siziň hiç biriňizde görme­dim» diýip, Äşe aýtdy.

Pygamberimiz: «Agyr belalara duş bolýanlar pygamber­ler­dir, soňra salyh-ýagşy adamlar, soňra şolara we şolara meň­zeş­ler. Her bir adam özüniň dine ynanyşyna görä bela-betere duçar ediler. Adam ogly ýer ýüzünde gezip ýörkä, onuň ýalňyşyny ýuwmak üçin bela-beter geler durar», «Alla bir kowumy söýse, ony bela-betere duçar eder, şeýdibem olaryň ähli günälerini döker», «Islendik kesel ýa agyry, hatda eline çümýän tiken we duş bolýan şowsuzlyk – musulmanyň günäsini ýuwmak üçin iberilýär».

«Musulmana duçar bolýan agyry-ezýetiň ählisi, edil daragt­laryň ýapragyny döküşi ýaly, olaryň günäsini dökmek üçindir» diýdi.

Şuňa meňzeş hadyslar örän köpdür.

Pygamberimiz: «Adam oglunyň elinde saglyk bilen iman­dan başga hiç zat bolmadyk bolsa-da, şol ikisi ýeterlik bolardy» diýdi.

Humaýt ibn Sewr garran çaglarynda: «Öňki sagdyn gözle­rim hem indi ikilik edip dur» diýipdir.
Garran pursaty Abyl Aýnadan: «Sen niçik?» diýip soran­la­rynda, «Adamlaryň ýetmegi arzuwlaýan derdinde» diýip aý­dypdyr.

Omar ibn Teýmiýe: «Meniň damarlarym gatap, ganym go­ýa­lan ýalydy. Ertirine we agşamyna doga etmegim olary ýumşatdy. Hudaýymdan meni sagaltmagyny yhlas edip dile­dim. Asyl salamatlyk hem dert eken» diýdi.

Bir eserde: «Eý, gulum, saglyk saňa nebsiňi baglaýar, kesel bolsa seni maňa baglaýar» diýilýär. Ynsan elmydama saglyk dilemelidir. Hudaý onuň maňlaýyna keselbentligi ýazan bolsa, sabyrly we kaýyl bolmaly, şükür etmeli.

Harys Muhasyby: «Bela-beter yhlasly bendeler üçin tem­midir. Toba edýänler üçin päkizelik, päkizeler üçin merte­be­dir» diýdi.

Pygamberimiz: «Syrkawyň halyny soraň, ejir çekýäniň derdini ýeňlediň, oňa teselli beriň», «Hudaýyň haky üçin syrka­wyň halyny soran ýa-da doganyna görme-görşe barýan adama perişdeler: «Gör, sen nähili ýagşy adam. Seniň her ädimiň gözel. Sen munuň üçin jennetden jaý edindiň» diýýärler. «Syr­kaw soramagyň kämil edebi, eliňizi maňlaýyna goýup, sagly­gyny soramakdyr» ýa-da «Eliňizi üstüne goýup: «Niçik oýan­dyň? Niçik ýatdyň?» diýip soramakdyr. «Syrkawyň ýanyna girseňiz, onuň gaýgysyny köşeşdiriň». «Syrkaw soraýan adam jennet ýodasynda ýöreýändir» diýdi.

Enesiň aýtmagyna görä, üç gün geçmese Pygamberimiz syrkaw soramaga gitmez eken. Ol syrkawyň ýanyna girende, elini alnynda goýup: «Gaýgy etme, nesip bolsa bu päklen­mek­dir» diýer eken.

Abu Hüreýrede: «Üç syrkawyň: gözi agyrýanyň, dişi agyr­ýa­nyň we düwürtik (iriňli çiş) çykanyň haly soralmaýar» di­ýil­ýär.

Pygamberimiz Omara garap: «Syrkawyň ýanyna barsaň, özüň üçin ýagşy dileg etmegini sora. Çünki, syrkawyň dilegi perişdeleriň dogasy ýalydyr» diýipdir.

Pygamberimiz: «Syrkaw soramaga baranyňyzda, oňa ýagşy sözleri aýdyň. Çünki, perişdeler siziň aýdýan zatlaryňyz bilen ony üpjün edýär we jennet miwelerini ýolup berýär»;

«Syrkaw soramaga baranyňyzda, eger onuň ajaly ýetmedik bolsa, ýedi gezek: «Beýik arşyň eýesi bolan beýik Alladan saňa şypa bermegini soraýaryn» diýseňiz, Alla oňa saglyk bagyşlar» diýdi.

Pygamberimiz syrkaw soramaga baranda ýa-da syrkawlar onuň ýanyna gelende: «Eý Alla, eý bütin ynsanlaryň eýesi, hassalygy gider ýaly we hiç bir dert galmaz ýaly şypa ber. Çünki şypa berýän Sensiň» diýip, doga edipdir.

Syrkawyň özi hem «Fatyha», «Yhlas», «Falak» we «Nas» sürelerini okap, eline çüfläp, ýüzüne sylsa, şypa tapar. Pygamberimiziň özi hem şeýder eken.

Gaýgy-gamdan saplanmak üçin: «Azym (Beýik) we Halym (Mylaýym) bolan bir Alladan başga Hudaý ýokdur. Beýik arşyň eýesi bolan bir Alladan başga Hudaý ýokdur. Asman­la­ryň we zeminleriň, şerepli arşyň eýesi bolan bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýip, doga etmeli.

Ýagdaýy soralan wagty: «Agyrym örän erbet» diýmäge, syr­kawyň haky bar. Resulallanyň özi hem «Wah, kelläm» diýer eken.

Mümkin boldugyça nägileligiňi we närahatdygyňy ýüze çykarmajak bolmaly. Zeýrençden öňürti «Hudaýa şükür» diý­seň, agyrydan nam-nyşan galmaz.

Syrkawdan tebip çagyrmalydygyny ýa-da däldigini sorama­ga, onuň maşgalasy haklydyr.

Ýarawsyz wagty Pygamberimiziň ýanyndan çykyp barýan Alydan saglygyny soranlarynda, ol: «Hudaýa şükür, sag-sala­mat oýanýaryn» diýipdir.

Hernäçe agyr hem bolsa, syrkaw adama ölümini dilemek bolýan däldir, diňe dinine we ygtykadyna nogsan ýeter öýdüp gorksa, dilemek dürsdür.

«Ölüm pillesi golaýlanda, Pygamberimiziň ýanyndaky suw­ly gaba elini sokup, ýüzüni süpürýänini gördüm» diýip, Äşe gürrüň berýär. Pygamberimiz: «Eý Alla, ölüm janhow­lun­da ýardam et» diýip, dileýär eken. Ýene-de ol: «Eý, Alla, meni bagyşla, maňa rehim et, meni ýagşyzadalaryň hataryna goş» diýip, doga edipdir.

Şyh Muhýiddin Newewiniň «Ezkar» kitabynda şeýle di­ýilýär:

«Durmuşa bolan umydyny ýitiren adamlar köpräk Gurhan okasa we Hudaýy ýatlasa gowy bolar. Ol nägilelik, ýaramaz­çylyk, dawa-jenjel, sögünç, din bilen baglanyşygy bolmadyk meselelerde çekeleşmekden daşda durmaly, ýaşap ýören pur­sa­tynyň dünýädäki soňky wagtydygyny ýatlap, soňuny haýyr bilen gutarmagy üçin yhlas etmeli.

Hakykaty ýerine ýetirmäge, amanat zady tabşyrmaga how­luk­maly, maşgalasy, çagalary, perzentleri, goňşulary we dost­lary, gatnaşyk edýän ähli adamlary bilen razylaşmaly. Hudaýa şükür etmeli, «rehim eder we günämi öter» diýip, Hudaý hakda ýagşy pikirde bolmaly, Hudaýyň saňa azap bermäge-de, seniň tagatyňa-da mätäç däldigini aňlamaly. Ondan şepagat islemeli, umyt beriji aýatlary we hadyslary, ýagşy adamlaryň eserlerini okamagy soramaly. Ogullaryna ýagşy işi maslahat bermeli, bäş wagt namazy gyşarnyksyz berjaý etmelidigini, haram zatlardan çetleşmegi buýrup, bu meselede geçirimlilik etmeli däldigini, Hudaýyň hukuklaryny äsgermezlik etmegiň, hakyny ödemez­ligiň bu dünýädäki iň gabahat işdigini duýmaly. Bu ýaramaz hereketleri taşladar ýaly sözleri aýtmaly, «eger şeýtse bela-betere duş boljagyny» aňyna salmalydyr. Syrkawlan pursady we bela-betere duçar bolan mahaly sabyrly bolmalydygyny, özi üçin aglamazlyklaryny maşgalasyna wesýet etse gowy bolar.

Pygamberimiziň bu barada aýdan sözi dogrudyr. «Merhum yzyndakylaryň agy sesinden azap çekýär».

«Meniň azap çekmegime sebäp bolýan, eý, söýgüli dost-ýarlam, häzir boluň» diýmeli. Özüne ýagşy doga etmekleri, jyna­za wagty uly ses bilen Gurhan okamazlygy we beýleki zatlary tabşyrmaly. Ölüm jan howly wagty «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýen sözi köpräk gaýtalamaly, «eger ýatyp galsam, oýaryň» diýip, töwerekdäki adamlara sargamaly. Py­gam­berimiz: «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýeni soňky sözi bolan adam jennete girer», «Gidip barýan hassaňyzyň ýanynda «Bir Alladan başga Hudaý ýokdur» diýen sözi köp gaýtalaň» diýip aýtdy.

Egerbu sözi aýtmaga mejaly bolmasa, ýanyndaky adamlar ony birahatlandyrmajak bolup, özleri aýdybermelidir. Bir ge­zek aýdandan soň ony gaýtalamasa, başga söz gürlemezden, diňe şony dowam etmeli. Gözi agaryp gidiberse: «Allanyň ady bilen, Resulallanyň milletine» diýmeli. Her bir adam ol hakda diňe ýagşy zatlary aýtmalydyr.

Pygamberimiz: «Eger (jynaza) gelen bolsaňyz, ýagşy söz­den başga zat diýmäň. Çünki perişdeler siziň aýdýan zatla­ry­ňyza görä, merhumy üpjün (kabul) edýär» diýdi. Rowaýatlara görä, ensarlar merhumyň ýanynda «Bakara» süresini okaýar ekenler.

Ýene bir rowaýatda: «Merhumlaryňyza «Ýasyn» okaň» diýilýär.

Onuň garnynyň üstünde demirden bolan bir zat goýulýar.

Ölüm pursaty golaýlanda Omar ibn Hattap ogluna bakyp: «Ýaňagymy ýere goý» diýipdir. Ogly kakasynyň aýdyşy ýaly edipdir. Ol: «Eý Omar, eý, Omaryň enesi, Hudaý günäňizi geç­me­se, dat günüňe» diýip, gözýaş döküp aglapdyr, hatda göz­ýa­şyň köplügi üçin, gözi toprak bilen galtaşyp, palçyk bolupdyr.

Ýene bir rowaýatda: «Özi aglapdyr, agysy bilen töwerek­däkileri hem agladypdyr. Ol ýaňky ýaly pursatda: «Gün şöhlesi düşýän ähli zat elimde bolsa-da, bu günüň gorkusyndan syp­mak üçin, ählisini pida ederdim» diýipdir. Ol ogluna garap, «Meni içki jaýa (göre) salaňyzda, ýaňagymy topraga degrip goýuň, ýaňagym bilen topragyň arasynda hiç zat bolmasyn» diýipdir. Gyzy Hamsa bakyp: «Ata hakym üçin senden bir zat soraýaryn, maňa agy ses etme, emma gözüňe hakym ýokdur. Merhumda ýok zady ýatlap aglasalar, perişdeler ol merhuma ýigrenç bilen bakar» diýipdir.

Ýogalandan soňra Omary düýşde görüpdirler. Ondan: «Alla saňa näme etdi?» diýip soranlarynda, «Ýagşylyk etdi, eger-de günäleri bagyşlaýan eýämi görmedik bolsam, tasdan arşym elden gidipdi» diýipdir.

Ölüm pursaty ýakynlan Omar ibn Abdyleziz: «Meniň üçin ölümiň ýeňilleşdirilmegini islämok. Musulmanyň bu dünýäde sabyr edip, sogap aljak iň soňky synagy şoldur» diýipdir.

Ony düýşde görenlerinde: «Nähili işler gowy eken?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Günäň geçilmegini Hudaýdan dilemek» di­ýip­dir. Ölüm pursaty ýeten Magaz: «Iň soňunda gelýän söýgüli myhman, pukaralyga duwlanyp gelen ölüm, hoş geldiň. Eý Alla, mundan owal senden gorkýardym, bu gün welin seni isle­ýärin» diýipdir.

Ölüm hassalygynda ýatan Magrup: «Eger ýogalaýsam, köýnegimi alyp, sadaka ediň. Ýalaňaç bolup dogluşym ýaly, bu dünýäden ýalaňaç bolup gidesim gelýär» diýipdir.

Abu Bekir: «Jüneýdiň ýanynda otyrkam, ol ilki Gurhany hatym etdi, soňra ýene ýetmiş aýat okamaga başlady. Şondan soň ýogaldy» diýdi.