Anatomiýa

Başy » Pygamber tebipçiligi » Anatomiýa

Käbir dost-ýarlarym menden anatomiýa (teşrih ylmyna) degişli we iýmitiň beden agzalaryna barşy hakda birnäçe zat­lary aýtmagymy haýyş etdiler. Hudaýdan ýagşy zatlary umyt edip, olaryň soragyna jogap berdim.

Öwgüli we päk bolan Allatagala şeýle diýdi: «Biz ynsany palçygyň arassasyndan ýaratdyk. Soňra ony mäkäm karargäh­de[1]damja - tohum etdik. Soňra bu damjadan lagta gan, lagta gandan bir parça et ýaratdyk. Bu parça etden süňkleri ýaradyp, süňklere et gapladyk. Soňra owalbaşdaky bir damja suwdan baş­ga bir janly zat peýda etdik. Iň gözel ýaradyjy bolan Alla bereketli we beýikdir»[2].

«Biz ynsany ýaratdyk» diýýäni Adam ogullarydyr. Ibn Apbas bu ýerdäki «sülälet» sözüne «suwuň durulygy» diýse, Müjähit onuň «Adam ogullary» diýmekdigini, Akrama bolsa, «bilden inýän suwdugyny» aýtdy.

Araplar bir damja zada hem «süläle» diýýär. Umuman alanyňda, bu ýerde ynsan höküminde göz öňünde tutulýany Adam atadyr.

El-Kelbi bu barada aýdyp: «Bu ýerdäki «damja» diýýäni, Adam alaýhyssalamyň ýaradylan topragy bolmaly. «Mäkäm karargäh» diýýäni mäkäm we goragly ýer bolan ýatgydyr. «Soňra bu damjadan lagta gan ýaratdyk» diýmek bilen, her ýaradylyşyň arasynyň kyrk günlükdigini bildirýär.

Ibn Mesgut dogry sözli Pygamberimiziň hadysyny getirip, şeýle diýýär: «Her biriňiziň ene garnyndaky ýaradylyşyňyz şeýledir. Kyrk günläp damjasyňyz, ýene kyrk günden lagta ga­na öwrülýäňiz, ýene kyrk günden bir parça ete öwrülýäňiz. Şol wagt Allatagala zenan ýatgysyna perişdeleri iberýär we size jan berýär hem-de dört zady: ryzkyny, ajalyny, amalyny, bagtly ýa betbagtdygyny maňlaýyňyza ýazmagy buýurýar».

Ýatgydaky çaganyň her kyrk günden täze keşbe girýändigi bilen tebipler ylalaşýar. Bu döwürde hulkynyň gyzgyndygy üçin, oglan ösüşde bolýar, gyz onuň ýaly bolmaýar. «Soňra lagta gana öwrülersiňiz» diýýäni bolsa, doň et bölejigi ýalydyr. «Soňra et parçasyna» diýmesi, bir kiçiräk et ýalydyr, ol üçünji kyrk gündür. Pygamberimiziň: «Oňa jan berýär» diýişi ýaly, şondan soň çaga hereketlenip başlaýar.

«Dört aý dolmasa jan berilmeýänligi» bilen alymlar ylalaş­ýarlar. Ilki bilen ynsan tohumynyň alma ýaly köpürjik sypat bolýandygyny bilgin. Soňra gana we ete öwrülip, keşbe girýär. Soňra bolsa hereketlenip başlaýar. Çaga ýaşap biljek iň az göw­relilik döwri bir ýüz segsen iki gündür. Iň dolusy bolsa iki ýüz segsen gündür.

Enese salgylanyp aýtmaklaryna görä, «Erkek adamyň su­wuk­lygy goýy ak reňkli bolýar, zenan maşgalanyňky inçeden sarydyr. Haýsysy üstün gelse ýa-da ýatga öň düşse, çaga şoňa meňzär».

Erkek adamyň suwuklygyndan çaganyň esasy beden agzalary we süýekleri ýaradylýar. Zenan suwuklygyndan bolsa eti ýaradylýar. Enesiň rowaýatynda şeýle diýilýär: «Abdylla ibn Salam Pygamberimize ýüzlenip: «Perzent nädip kakasyna ýa-da ejesine meňzeş bolýar?» diýeninde, ol: «Eger erkegiň suwuklygy zenanyňkydan öňürtse, ýagny ýatga öň düşse, ol şoňa çeker. Eger zenan suwuklygy öň düşse, onda ejesine meň­zär» diýipdir.

Erkek suwuklygynyň gyzgyn we güýçlüdigi üçin, ol goýalýar we agarýar. Zenan suwuklygynyň inçe we gowşakly­gy üçin, ol saralýar. Är-aýalyň haýsy biriniň suwuklygy çalt düş­ýän bolsa, haýsysy köp we şöhwet taýdan güýçli bolsa, çaga şoňa meňzär.

Gippokrat: «Ynsan suwuklygy onuň ähli agzasyndan syzy­lyp akýar. Şonuň üçin adam sagdyn bolsa, çagasy hem sagdyn bolar. Keselli bolsa, keselli bolar» diýdi.

Pygamberimiz alaýhyssalam: «Her saçyň düýbünde hapa bar» diýmek bilen, ynsan suwuklygynyň ähli agzadan syzylyp akýandygyny bildirýär.

Allatagalanyň «Başga bir janly zat ýaratdyk» diýen sözüniň jan bermek hakda gidýänligini Ibn Apbas, Müjähit, Akrama, Şagby, Dahhak, Abul Alyýa ýaly alymlar aýtdy.

Katada bu sözüň «Diş we saç çykmasydygyny», Hasan bolsa «Ogul ýa gyzdygyny» aňladýar diýdi.

Awfynyň Ibn Apbasa salgylanyp aýtmagyna görä: «Ol ýer­de dünýä ineninden soňra durmuşa gadam basyşyna, emdiri­li­şi­ne, oturyşyna we turuşyna, ýöreýşine, süýtden kesilmesine, iý­mesine we içmesine, ýetişmegine, ýigdekçe çykmagyna, ýurt­lar içinde ýaýnap gezmegine we ondan soňky boljak zatlara ma­ny bardyr». Bu ýagdaýlaryň ählisi tefsir kitaplarynda beýan edildi. Mübärek Alla tagzym edilmäge we hamdy-sena aýdyl­maga haklydyr. Ol owaldan-ahyra ähli zady halk edýän, iň gö­zel ýaradyjy – Halykdyr, ähli zada keşp berýän – Musaw­wyrdyr. Ol ähli zadyň hötdesinden gelýän – Kadyrdyr».

«Halk» diýen sözüň bir manysy dilde «keşp bermek» diýi­bem getirilýär. «Ýaradýan adam» şoňa «keşp berýän adam» diýmekdir. Müjähidiň: «Adamlaram döredýär, Alla hem, iň gö­zel ýaradyjy bolsa Alladyr» diýen sözi muňa mysal bolýar.

Äşäniň Resulalladan eşitmegine görä, adam oglundan bolan her bir ynsanda üç ýüz altmyş sany bogun ýaradylandyr. Hu­daýa tekbir[3], tehlil[4] we tesbih[5] edýän, günäsiniň geçilme­gini soraýan, ýolda duran daşy, tikeni ýa-da süňki aýyrýan, ýag­şy işleri buýrup, ýamandan saklaýan, üç ýüz altmyş bognu­ny sanap bilýän adam ol gün jennetde ýörär we dowzahdan uzakda gezer. Rowaýatlarda: «Adam ogly her bognunyň sany­na görä sadaka bermelidir»; «Her süňňi üçin her gün sadaka bermelidir» diýilýär.

Pygamberimiziň aýtmagyna görä: «Jesetde bir parça et bolup, şol abat bolsa bedeniň ähli ýeri abat bolar, bozuk bolsa jesedi bozular, ol ýürekdir».

Abu Hüreýre Pygamberimiziň: «Aşgazan bedeniň howzy, damarlar oňa barýan arykdyr. Aşgazan sag bolsa, damarlardan saglyk ýaýylar. Keselli bolsa, dert ýaýrar» diýendigini aýtdy.

Ibn Omaryň eserinde: «Mömün-musulman bir adamlyk, kapyr ýedi adamlyk iýýär» diýilýär.

Aşgazan uzyn boýunly kädä meňzeýän, içi boş bolan degnaly agzadyr. Onuň iň ýokary başyna gyzylödek diýilýär, iýgi-içgi şondan aşak inýär. Iň aşagyny bolsa «derwezeban» bölegi diýip atlandyrýarlar. Hut şunuň üsti bilen suwuklyk içegelere aralaşýar. Aşgazan agzyna bolsa, ýürek diýilýär.

Aşgazanyň içinde tüýjümek mahmal ýaly gasynlar bolup, ortarasynda ýerleşýän bu ýer iýmitiň ilki siňýän ýeri bolansoň, soguljanlaryň we gurçuklaryň döreýän öýjügi hasaplanýar. Şol ýerde bişen iýmit bagra sary aşak inýär. Olardan soňra üç sany inçe içege gelýär. Birinji içegäniň uzynlygy on iki barmaga deň bolansoň, oňa onkibarmak içege (الاثنا عشري) diýilýar. Ikinji içegäniň köp wagtlap boş durýanlygy üçin oňa boş içege (الصائم), üçünji uzyn, egri (çolaşyk)we inçe içegäniň, ýanbaş oýlarynda ýerleşeni üçin oňa ýanbaşy içege (اللفائفي) diýilýär. Bu üç inçeden soňra üç sany ýogyn içege gelýär. Olaryň birinjisi kör içege (الاعور) bolup, giňligine garamazdan, onuň başga bir tarapa çykalgasy ýokdur. Pohuň porsaýan ýeri hem şoldur. Ikinjisi boýuntyryk içege (القولون), üçünjisi göni içege (المستقيم) atlandyrylyp, göni içegäniň bir gapdaly göbeklige (السر) galtaşýar. Şu alty içegäniň üstüne aşgazany hem goşup, Pygamberimiz ony ýedi içege diýip hasaplady.

Ibn Sina şeýle diýdi: «Allatagala adamzada bagyşlan ýar­dam enaýatynyň netijesinde, onuň içegelerini birnäçe we düýr­lenip duran şekilde ýaratdy. Ol aşgazandan aşak inen iýmitleriň şol ýerde saklanmagy üçindir. Aşgazan bolsa ähli derdiň asly­ýetidir».

Pygamber alaýhyssalam bu barada: «Aşgazan dertleriň öý­jü­gidir»; «Aşgazan dertli bolsa, damarlar bilen dert akyp baş­lar» diýdi.

Päk we beýik Allatagala janly-jandaryň bedenlerini birnäçe agzadan ýaratdy. Süňkleri bedeniň diregi etdi. Bedeniň dürli hereketleri ýerine ýetirýändigi üçin, ähli zadyň bedeninde bir däl-de, birnäçe süňki ýaratdy. Eger beden ýeke süňk edilip ýaradylan bolsa, ol dürli hereketleri etmegi başarmazdy.

Päk we beýik Allatagala her süýegi jisime baglap, ony «baglanyşyk» atlandyrdy. Allatagala el-aýak süňkünde soma­lyp çykyp duran zatlary ýaratdy. Beýleki tarapda bolsa soma­lyp duran zat ýerleşer ýaly oýluk ýasady, bu ikisini birleşdir­mek bilen olara ýaradylyş keşbini berdi.

Päk we beýik Allatagala beýnini duýgynyň we hereketiň gözbaşy edip ýaratdy. Duýgy hereketi her agzanyň özüne ýetir­me­gi üçin, ol ýerden degna (nerw) damarjyklaryny ýaýratdy. Allatagala bu degnalaryň bir bölegini göze baglap, görmek ukybyny bagyşlady. Ýene bir bölegini gulaga baglap, eşidişi­mi­zi kämilleşdirdi. Başga bir bölegini burun deşiklerine bag­lap, ys alyş duýgymyzy oýardy. Ýene birini dile baglap, tagamduýmagy öwretdi. Päk we beýik Allatagala beden agzalarynyň hereketini muskullar (beden eti) diýilýän zat bilen ýüze çykar­dy, beden agzalaryny baglaýjylar bilen çatyp goýdy. Beýniden soň bedeniň aşaky bölegini ýaratdy. Süýegiň bir gyrasynda kelle çanagyny goýdy. Ondan bir deşijek döredip, bedeniň aşaky böleginiň duýgy hereketini oýarmagy üçin bile gaýdýan oňurga ýiligini akdyrdy. Allatagala ýüregi we bagry gapyrga­lar, döş süňkleri bilen goraýşy ýaly, beýnini goramak üçin bol­sa kelle çanagyny, ýiligi goramak üçin oňurga süňküni ýaratdy. Bu agzalaryň gymmatlydygy sebäpli, olaryň zyýan-zelele du­çar bolmazlygy üçin, olary süňkler bilen gorady. Allatagala beýnini üçe böldi. Birinjisi öňki bölek - hyýal üçin, ikinjisi pi­kir üçin, üçünjisi ýat, hatyra üçin. Beýniden beden agzalaryna ýetmeli duýgy-hereketi çykaryşy ýaly, ýüregi ýaşaýşyň mag­da­ny we joşgunly güýçleriň çogup çykýan ýeri etdi. Şeýle hem ýürekden, beden agzalaryna ýaşamak üçin zerur bolan mad­da­lary ýetirýän, gürsüldäp duran damarlary çykardy. Ýürek gyz­gyn joşgunlaryň ojagydyr. Ody gorjalap durmasaň öçýändir.

Allatagala agzy, burny we burun deşiklerini dem alyş ýol­larynyň guraly etdi. Agyzda iki sany ýapjagaz bolup, olaryň biri öýkene howa barmagy üçin, beýlekisi bolsa iýgi-içginiň gyzyl­ödegiň üsti bilen aşgazana baryp ýetmegi üçindir. Gyzyl­ödek ýüregiň gyzgynlygyny öçürmezlik üçin, ony ýelpäp, gor­jalap duran edilip ýaradylypdyr. Burun hem iki bölege bölünip, onuň biri dem almak üçin, beýlekisi howanyň ýürege ýetme­gini üpjün edýär. Sebäbi iýip-içeniňde ýa-da ýatan wagtyň agzyň ýumuk bolsa, ýürege howa barmaýar. Şonuň üçinem eger burun bolmasa, ynsan uklan wagty demigerdi. Iýeňde-içeňde howa girýän ýodalaryň mäkäm baglanýanlygy üçin, burun elmydama açyk bolýar. Howa ýodasyna iýgi-içgiden bir zat gaçsa, ol ýerde guraklyk peýda bolýar. Beýniniň we ýüre­giň duýgy hereketleri bedeniň beýleki ýerlerine ýetirilişi ýaly, bagyr hem iýmitiň, gymyldysyz duran damarlaryň üsti bilen beýleki agzalara ýetmegini üpjün edýär.

Ynsan naharlanan pursaty alyn dişler ony böleklär, gyýak dişler döwer, azy dişler üwär, dili bolsa ony eýlä-beýlä öwrer. Şondan soňra ol aşgazana düşer. Aşgazanda ornansoň, olar bir ýe­re toplanar, aşaky derweze mäkäm baglanar, iýmit aşgazanda bişer. Aşgazanda saklanan we bişen iýmit suwa bolan mätäç­ligiňi oýarar, şol halat aşgazanyň köýmezligi, olary çyglan­dy­ryp, eýlä-beýlä öwrüp durmagy üçin teşnelik ýüze çykar.

Aşgazandaky iýmitiň suw bilen bişmesi tamamlanansoň, ýuwan çorba ýaly bolup galar. Aşgazandan bagra barýan da­mar­lar bilen iýmitler herekete başlar. Pygamberimiziň: «Aşga­zan bedeniň howzy, damarlar oňa barýan aryk ýalydyr» diý­megi hem şudur.

Bagyr damarlaryň üsti bilen, şol iýmitiň iň gowy mad­da­sy­ny özüne sorup alýar we ony gana öwürýär. Gana öwrülensoň ge­rek bolan we hulkunyň talap edýän möçberinde beden agzalaryna iberilýär. Aşgazandaky şol galan iýmitiň iň gowusy içegelere tarap akýar, olardan galany bolsa ýene şonuň ýaly hereket edip, ol ýerden aýrylýar. Soňra bagyr, şol tagamlaryň iň ýokumlysyny we ýaramlysyny ýürege, iň inçesini we ýitisini öýkene, iň çyglysyny beýnä, iň goýusyny we guragyny süňkle­re paýlaýar. Ol ýerdäki galyndylaryň öt haltasyna iberilýän bir bölegine şeýle öt, dalaga iberilýän bölegine bolsa gara öt diýilýär. Öt haltadan içegelere akyp barýan bir bölek iýmit, ol ýerdäki agyrlygyň aýrylmagyna ýardam berse, dalakdan aşgazan agzyna ýetirilýän iýmit, nahara bolan işdäňi oýarýar. Bir bölek suw bilen gatyşan gan bolsa, olaryň dar ýodalara baryp ýetmegini üpjün edýär.

Bagyr ol ýerden yzyna gaýdýan suwuklygy böwrege we pe­şew haltasyna geçirýär. Böwregi we peşew haltasyny iýmit­lendirmek üçin olara gan gatyşykly suwuklyk gelýär, soňra suwuklyk peşewe öwrülýär.

Bagyrda iki sany uly keş bolup, «derweze» diýilýäni aşga­zana birigýär we ondaky iýmitleri özüne sorup alýar. Ikinji keş «boşluk» atlandyrylyp, ol bedeniň ähli ýeri bilen baglaşýar. Ondan gaýdýan bir bölek, aorta[6] boşlugyndaky ýürege bagly bolan damara birigýär. Ýürege baglylygy üçinem ol ynsanyň ähli agzalaryny gandyrýar. Aorta başgaça «jan damary» we «nyýat» hem diýýärler.

Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, «Aorta (jan) damary üzülen adam heläk bolar». Allatagalanyň: «Elbetde, biz onuň sag elin­den tutup, soňra onuň damaryny üzüp taşlardyk[7]« diýen sözü­niň manysy şoldur.

Muňa «jan damary», «boýun damary» diýýänem bar, ýöne bu söz esasan mal soýlanda ulanylýar. Sagdaky ýürek boşlu­gy­na barýan damara döş damary diýilýär. Döş damarynyň kelle­den gözbaş alýandygyny aýdýanlar baram bolsa, birinji pikir has dogrudyr. Pygamber alaýhyssalam ölümine sebäp bolan soň­ky hassalygynda ýatyrka: «Bu Haýbarda iýen zadymyň neti­jesinde döş damarymyň üzüljek pursaty» diýipdir.

Al-Asmagy «döş damarynyň» ýürek bilen oňurgany bag­lanyş­dyryp duran, içki damarlaryň biridigini, kesilen halaty ýaşa­ýy­şyň tükenýändigini aýtdy.

Pygamberimiziň şol gezek iýeni awulanan goýun etidir. Ony Harysyň gyzy, nälet siňmiş Marhap ýehudynyň uýasy Zeýnep zäherledi. Şol zäheriň täsiri üýtgeşik bolup, her gezek ýylyň şol döwründe zäher güýjeýän eken.

Başa tabyn bolýan jan damarlarynyň galanyna «hereket damary» diýilýär. Il arasynda «Alla onuň hereket damaryny tog­tatdy» diýilýän söz onuň ýogalandygyny aňladýar.

Olardan iki ele gaýdýan we birnäçe şahalara bölünýän da­ma­ra kaýfal damary (قايفال) we gol (basylyk)damary diýilýär. Syrkawyň derdini ýeňletmek we ony bejermek üçin kaýfal damaryndan gan alynýandygyny öň ýatlapdyk. Bu ikisinden şahalanýan damarlara göwde damary (الاكحل) diýilýär. Onuň bir bölegine «gol tanaby» (حبل الذراع), çigin (الكتفي) we «islim[8]» (إسليم) damary diýilýär.

Bular el bilen baglanyşygy bolan damarlardyr. Olardan buda gelýän damara otyrýer damary diýilýär. Öň ýatlanylan otyrýer keselini bejermek we zenanyň aýbaşysy saklananda, ony akdyrmak üçin, hut şu damardan gan alynýar. Bulardan iki aýaga uzalýan damara «safyn» (الصافن) diýilýär, aýak agyry­la­ry­ny bejermekçi bolsaň, şol damardan gan alynýar.

Ýokarda ýatlap geçen şu damarlarymyz bolmazdan, durmu­şy­myz düzüw bolmaz. Ynsanyň eli ýa aýagy döwülse, kesilse, ol diri galyp biler, emma şu damarlaryň biri kesilse ol ýaşap bilmez.

Adam süňňündäki artykmaç, galyndy zatlar hakda aýtsak, özümizdäki islendik agzanyň galyndysynyň barlygyny bilgin. Aşgazan siňmesiniň galyndysy peşewdir, ödüň we beýleki ag­zalaryň siňmän galan bölegi der we kirdir. Beýnä siňmän galan bölek tüýkülik we sümük, göze siňmän galan bölek iriňdir, şonuň üçinem iriňletmezlik üçin oňa duzly zat ýapmaly. Ýürege we peşew haltasyna siňmän galan zatlar ütülmesi buý­ru­lan, goltugyňa we gasygyňa bitýän haram tüýlerdir. Gulaga siňmän galan zat gulagyň içindäki hapadyr. Ol ýerde gurtlaryň, gurçuklaryň döremezligi üçin, Allatagala şol hapany ajy edip ýaratdy. Mähriban we rehimli, ýaradyjy, dörediji we keşp beriji Alla päkdir.

Allatagala janly-jandardan her görnüşiniň galmagy üçin köpeliş agzalaryny ýaratdy. Erkek adamdaky şeýle agzalar ujyt we iki ýumurtgalykdyr, zenanda ýatgy we iki göwüsdir.

Allatagala ýatgyda iki sany uly boşluk ýaradyp, ýatgynyň sag böleginde köplenç ogul, çep böleginde gyz dogurtdy.

«Ýa-da olary ekiz ogullar, gyzlar eder. Ol öz islän zadyny ýaradar»[9].

Güýçli meýillidigi üçin ýatgy özüne baran erkek suwukly­gy­ny gurşap alýar. Hak sözli Pygamberimiziň aýtmagyna görä, ýatgyda Hudaý tarapyn inderilen perişde bolup, her gezek tohum bölegi damanda, ol perişde: «Eý, Hudaýym, damja gel­di, eý, Hudaýym, damja geldi» diýýär. Tohum damjasy ýat­ga dü­şende, ýatgy ony özüne çekip alýar. Şondan soň zenan maşgala, jynsy gatnaşyga edil öňküleri ýaly güýçli höwes et­me­ýär. Ine, şu ýagdaý göwrede çaga galanlygynyň bir alamaty­dyr. Bu ýagdaý diňe bir adamda däl, janly-jandarlaryň ählisin­de şeýle bolýar.

Käbir hekimleriň aýtmagyna görä, ýatgynyň özi hem jynsy gatnaşyga aşa höwesli bolan diri zat ýalydyr. Erkek adamyň tohumy zenanyň suwuklygy bilen garyşyp-gatyşsa, bişişse, bişmäniň gyzgynlygy sebäpli ol ikisinden çişgin emele geler. Ol edil bişirilen goýy zatlarda ýüze çykýan zat ýalydyr. Soňra ýaňky çişginler jemlenişip, uly bir çişgine öwrüler. Bu çişgin netijesinde emele gelen uly boşlukda ýaradyjy Hudaýyň rug­sady bilen ruh ýerleşer. Ol çişginli tohum mäkämleşip, berk­le­şip başlar we lagta gana öwrüler. Şol pursatda ýatgydaky pe­riş­de: «Eý, Hudaý, bu perzent ogulmy ýa gyz?» diýip sorar.

Soňra bu lagta gany gan damarlary iýmitlendirip, ösdürip baş­lar. Şol wagt ol bir parça ete öwrüler. Şondan soň ady mu­kad­des, şany beýik bolan ýaradyjy we keşp beriji Hudaýyň rugsady bilen ýatgydaky perişde oňa jan berer. Allatagala pe­riş­dä ýüzlenip, bu çaganyň ryzkyny we ajalyny, ýerine ýetirjek amalyny, bagtlymy ýa bagtsyzdygyny onuň maňlaýyna ýaz­ma­gy buýrar.

Soňra onuň daşyny üç sany perde bilen örter. Olaryň biri düwünçegiň ýoldaşy bolup, ol göwredäki çagaň göbegine bag­la­nyp, oňa iýmit ýetirýändir. Ene göwresindäki çaga öz göbe­giniň üsti bilen iýmitlenýär. Onuň daşyndaky ikinji perdäni çaganyň peşewi, üçünji perdäni bolsa, ýokary göterilýän demi ýok edýär. Allatagala bu babatda: «Ol sizi eneleriňiziň gar­nyn­da üç gat zulmat içinde, ýuwaş-ýuwaşdan ýaradar»[10] diýdi.

Ilki damja, soň lagta gan we parça et üç tümlügiň, ýagny üç perdäniň içinde bolýar.

Enesiniň garnynda ýatmaly pursaty dolansoň, Allatagala­nyň rugsady bilen ýaňky perdeler ýyrtylar we böleklener. Göwreli zenanda agyry, kynçylyk ýüze çykar, göwrelilik gany akyp başlar.

Göwredäki çaganyň ýüzi ejesiniň arkasyna tarap bolup, ol oturan ýagdaýyndadyr. Dogjak pursaty onuň başy aşak öwrül­ýär. Eger şol durşuna, dikligine çykjak bolsa, onuň eli enesine ili­şip, tor kibi bolardy, özi-de, enesi-de ýogalardy. Şol muşak­gat­lyk sebäpli hem, göwrede ýogalan çaga şehit hasaplanýar.

Soňra çaga bu dünýä geler, gaýgy-gam, hasrat-alada, günä-ýazyk diýaryna gadam basar. Özi üçin ne peýda-zyýany, ne dirilikdir ölümi gazanyp biler. Enesi-atasy diýenini eder, onuň üçin iň oňat iýmitleri, iň owadan lybaslary taýynlap goýar, şonuň üçin gazanç eder, ýakyn-u daş oňa baş eger, ony ejiz ha­saplap merhemet eder, bela-beter we kynçylyklar howlusyn­da gezmeli wagtyny geçirensoň, ýa bagta bürenip jennete, ýa-da günä gark bolup dowzaha girer. Goý, Alla öz mähir-keremi bi­len bizi ýaramaz ykbaldan gorasyn, işlerimizi ýagşylyk bilen tamamlatsyn.

Eý, ynsan, öz gözbaşyň, ahyryň we soňuň hakda pikir et, günäleri bagyşlaýjy eziz Alladan ýazyklaryňy ötmegini, seni beýik mertebelere saýlamagyny we senden razy bolmagyny dile. Tejribe, synag geçiren adamlar şeýle diýdi: «Eger zenan göwresindäki çaga ogul bolsa, onuň reňki durlanar, gözellener, hereketi ýeňlär. Çagaň hereketi sag tarapda duýular, sag göwsi ulalar, sag eliniň damar urgusy güýçlener. Ätlände sag aýagyny çepinden öňe oklar. Eger göwredäki çaga gyz bolsa, bu zatlar tersine bolar».

Pygamberimiz alaýhyssalamyň sözlerine görä: «Her bir ynsanda 360 sany bogun ýaradylandyr». Men size nesip eden­den şolary sanap bereýin:

Adam süňňüniň gurluşy boýunça meşgullanýan alymlaryn aýtmagyna görä, kellede 21 sany süňk, iki gözde alty süňk, bu­runda dört süňk bar. Alyn, azy, gyýak we kiçi azy dişlerin­den ybarat bolan ýokarky çekgede iki süňk, edil şonuň ýaly alyn, azy, gyýak we kiçi azy dişleri bolan aşaky çekgede hem iki süňk bar. Aşaky çekgä eňek hem diýilýär.

Diş süňklerine ser salsak, ýokarda on alty diş, aşakda on alty diş bolup, olar alyn, azy, gyýak we kiçi azy dişleri diýlip atlandyrylýar. Bu süňkler oňurga süňküniň arkasyndan kelle süňküne birigýär. Oňurga süňki ýigrimi dört sany dişden (monjukdan) ybarat bolup, onuň bir dişi artyk ýa-da kem bo­lubam bilýär. Bu oňurgalyklar bolsa art süňküne birigýär. Pygamberimiz alaýhyssalamyň: «Adam ogullarynda art süň­kün­den başga hiç zat galmaz» diýen sözi şol hakdadyr.

Ol hem aşak tarapyndan türre süňküne birigýär.Türre süňki bedeniň beýleki ýerleri üçin esas bolup hyzmat edýär. Art süňki bilen iki sany bil (bowur) süňki birigýär. Bil süňkune bolsa iki sany uýluk süňki, ona bolsa iki sany injik süňki birigip, bular aşaky süňklerin hataryny duzýär.

Depe (baş) süňklerinde boýundan başga iki sany bukaw süňki (عظمي الترقوتين) hem-de iki egniň dört sany süňki bar. Omuzda iki süňk, bilekde dört süňk bar. «Jan», «Zor» we «Bogaz» süňki diýlip atlandyrylýan döşde ýedi süňk bar. Gapyrgalyklaryň her gapdalynda on iki sany egri süňk bolup, olar ýeňseden (arkadan) oňurgalyga birigýär. Ine bular depe süňkleriniň gurluşydyr.

Iki ele degişli süňkleri ýatlasak, iki sany goşar aýasynda on alty süňk bar. Aýa bilen goluň birleşýän ýerine «bilek» ýa-da «goşar» diýilýär. Başam we külembike barmaklarynyň gola baglanýan ýerine bilek süňküniň goşar bogny diýilýär. Aýa süňkünde sekiz sany, iki eliň barmaklarynda otuz sany süňk bar. Her barmakda üç sany süňk bolup, bu süňklere başgaça «Salamlyk» (السلاميات) süňkleri diýilýär.

Iki aýaga geçsek, iki sany uýluk süňki, iki sany ýanbaş süňki, dört sany dyz süňki, injigiň dört sany uly süňki, iki sany topuk süňki, iki sany ökje süňki, iki sany rowraky süňki (العظام الرورقية) bar. Bu ikisi hem topuga birigýär we şonuň netijesinde iki aýagyň hereketi hasyl bolýar. Iki aýagyň barmaklarynda jemi ýigrimi sekiz süňk bolup, başam barmakdan özge ähli barmakda üç süňk, başam barmakda bolsa iki süňk bar. Ine, bu Pygamberimiz alaýhyssalamyň hut özüniň aýdyp beren ähli beden süňkleriniň sanawydyr.

Haçan-da bu süňkler öň-özünden herekete gelmänsoň, päk we beýik Ýaradyjy onuň daş-töweregini çekip-dartyp we bag­lap durar ýaly siňirleri hem-de birleşdiriji damarlary ösdürdi. Muskullary ýaratmak bilen ony herekete getirdi. Ynsan süň­ňün­de bäş ýüz ýigrimi dokuz sany muskul bolup, ol etden we degna damarlaryndan ybarat. Bularyň ählisi hem, duýgyny, hereketi we iýmitlenmegi bagyş edýän wena, arteriýa hem-de degna damarlaryna birigýär.

Soňra bularyň ählisini et we ýag bilen örtýär. Päk we Beýik Taňry agzalaryň ýarawsyz-zaýa ýerini bitirmek, sowukdan, süňküniň sökülmeginden goramak üçin dürli zatlary peýda etdi. Bulara mysal hökmünde ýanbaş etini we guýruk (uýluk) ýagyny alalyň. Ýag – gyzgyn madda bolup, ýag bolmazdan gyz­gyn ody hasyl etmek mümkin däl. Şonuň üçin ýag bedene gyzgynlyk berýär. Ýag (السمن) bolsa iýmit siňdiriş gurallaryny edil ýorgan (ýapynja) ýaly edip gyzgyn saklaýar we iýmitiň tiz siňmegine ýardam berýär. Bularyň köpüsi aşgazanda we içe­gelerde bolup geçýär.

Her gezek ynsan süňňüniň binýady kämil boldugyça päk we beýik Taňry ony ham-deri bilen örtýär. Tanry ynsan hamy­nyň käbir ýerini örän näzik we inçe (ýuka) ýaradyp, ol muny gözellik we görk üçin şeýle edýär. Mysal üçin ýüzüň hamy ýukadyr. Çünki daşky gözelligiň esasy şonda ýerleşendir. Em­ma dabanyny, aýak astyny galyň ham bilen örtendir. Sebäbi aýak bilen uzak ýöremeli, orän agyr, gaty jisimlere galtaşmaly bolýar. Soňra päk we beýik Taňry ynsan derisine duýuş we syzyş (galtaşma) häsiýetini bagyş etdi. Iň duýgur ýerlere bolsa gan damarlarynyň agzyny baglap goýdy. Şonuň ýaly näzikden duýgur ýerleriň haýsysyna nämedir bir zat sanjylaýsa ýa-da iňňe bilen deşiläýse hem ol ýerden gan akyp başlar. Bu dama­ryň olara baglanmagynyň sebäbi bolsa, olar şol ýerleri iýmit­len­dirip durýarlar.

Soňra saç, dyrnak ýaly ösüntgileriň dürlüsini ýaratdy. Taň­ry saçlaryň käbirini gözellik üçin, käbirini gorag üçin ýaratdy. Saçlara baş saçy, iki gaş we iki gözüň kirpikleri degişlidir. Gaş we saç – bular gözellik we zynat üçin ýaradylandyr. Kirpikler bolsa hapa zatlaryň göze düşmeginden goramak üçin hem-de bezeg üçin ýaradyldy. Eger ynsany takyr kelle, gaşlary ýazgyn we kirpikleri salparan edip taryplasak, ol keşp we görmek babatda iň ýaramaz, iň görmeksiz biri bolar. Eýsem sen şeýle sypaty bolan karandaliýanyň (قرندلية) (?) nähili betgelşikdigini göreňokmy?

Beýik Taňrynyň çäksiz paýhasynyň we mähir-merheme­ti­niň netijesi bilen ol gaşlary we kirpikleri ösmeýän, uzalmaýan şekilde ýaratdy we olary şol bir ýerde hereketsiz goýdy. Eger Taňry olara ösmekligi beren bolsa, onda olar uzalardylar we göze düşerdiler, oňa zyýan bererdi. Olar ýokaryk ýa aşak össelerem, ýene göze ters täsir edip, zyýan bererdi. Çünki göz agyrysynyň, tas, ählisiniň gözbaşy artykmaç saçlardyr. Artyk­maç saçlar göze zyýan berýär, olary kesip gysgaltmak bolsa bu agyrylaryň köpüsini bejerýär.

Gözellik üçin ýaradylan saçlara sakgal hem degişlidir Çün­ki ol adamy mahabatly, abraý-şanly we epeý edip görkez­ýär. Sen agta, köse adamlary hem synlap gör, ulaldygyça olaryň gör­ki gidip, ýüzi bozulyp başlar.

Emma ne gözellige, ne-de peýda-bähbide dahyly bolan çaglaram bar. Muňa gasyk we goltuk tüýleri degişlidir. Hiç za­da ýaramaýandygy üçin Pygamber alaýhyssalam ony ýolmak­lygy we syrmaklygy buýurdy. Gasyk tüýüni syrmak jynsy hö­we­siňi güýçlendirýär. Ýeňse saçyňy almak hem boýnuňy ýog­nas edýär.

Ýaradan zatlaryna bolan çäksiz merhemetiniň we myla­ýym­lygynyň hatyrasyna Beýik Taňry barmaklaryň hereketini (işjeňligini) güýçlendirmek we barmak başlarynyň (uçlarynyň) dürli zada degip, iýilmezligi üçin, ol ýerde dyrnaklary ýaratdy, olara ösüş bagyş etdi. Eger olar şol bir durşuna goýlan bolsa, onda barmaklaryň örän köp işi ýerine ýetirýändigi sebäpli, dyrnaklar iýlip, gutaryp galardy. Şonuň üçin Taňry oňa ösüş berdi. Pygamberimiziň däbine görä bolsa, artykmaç dyrnagy kesip aýyrmak buýruldy. Dyrnak almak we ony ýere gömmek hakda Pygamberimiz alaýhyssalamyň şeýle sözi meşhurdyr: «Sogap güni dyrnagyňyzy alyň, gasyk we goltuk tüýleriňizi aýryň. Anna güni bolsa, ýuwunyň, täze lybaslary geýiň we ýakym­ly müşk yslaryny sepiniň».

Anna güni boýdan-başa ýuwunmak hem wajyp, hem gowy görülýän zatdyr. Bir hadysda: «Kim dyrnagyny wagtynda alýan bolsa, oňa göz agyrysy degmez» diýilýär. Rowaýatlara görä, Py­gam­ber alaýhyssalam doga-jady edilmezligi üçin gyrkylan saçlary we aýrylan dyrnaklary ýere gömmegi buýrupdyr.

Wekigiň Mujahyda salgylanyp aýdan hadysyna görä: «Dyr­naklaryňyzy ýere gömmek gowy görülýär»; «Gany we dyrnagy ýere gömmek gowy görülýär».

 Abu Dawudyň şoňa salgylanyp aýdan hadysyna görä, damaryndan gan aldyran Pygamber alaýhyssalam ol adama bakyp: «Itleriň ýalamazlygy üçin bu gany ýere göm!» diýipdir.

Tebipleriň aýtmagyna görä, eger it ynsan ganyny ýalasa, ol guduzlaýandyr.

Mugjyzalary bilen gözleri täsinlige, akyl-huşlary haýrana salan, bu sowatsyz (aam) Pygamberimize gije-gündiziň dowa­myn­da yzy üzülmeýän salam, salawat we ýagşy dileg-dogalar bolsun! Bu Beýik Taňrynyň söýgüli bendesine öz yhsan-ke­re­minden bagyş eden zadydyr. Eý, akyly bar adamlar, her bir zat­dan öwüt-ündew alyň, her bir zatdan many-netije çykaryň.

Ähli halda Allaha şükür!

 


[1]Karargäh ¾bu ýerde ýatgy göz öňünde tutulýar.

[2]«Mömünler» süresiniň 12-14-nji aýatlary.

[3]«Allahu ekber» – «Alla beýikdir» diýmek.

[4]«Lä ilähe illallah» – «Bir Alladan başga taňry ýokdur» diýmek.

[5]«Subhanallah» – «Alla ahli aýp-nogsanlykdan päkdir» diýmek.

[6]Aorta ¾  ýürege bagly damarlar.

[7]Gurhanyň «El-Haakka» süresiniň 45-46-njy aýatlary.

[8]Islim – basylyk damarynyň ujy.

[9]Gurhanyň «Şura» süresiniň 50-nji aýaty.

[10]Gurhanyň «Zümer» süresiniň 6-njy aýaty.