«Elip» harpy

Başy » Pygamber tebipçiligi » «Elip» harpy

«Elip» harpy

آ 

 اترجUtruj. (Citrus medica).Limonyň bir görnüşi bolan bu ösümlik hakda söz açylsa, Pygamberimiziň utruja seredip oturmagy halanlygyny gürrüň berýärler. Pygamberimiziň özi bu hakda «Hudaýa ynanýan adam edil utruj ýalydyr, tagamy hem, ysy hem ýakymlydyr» diýipdir.

Turşumtyk utruj sowuk-gurak tebigaty bolan miwedir. On­dan ýasalan turşy içgiler gyzgyn aşgazanlara peýda berýär, ýüre­giňi gurplandyrýar, şatlandyrýar, işdäňi açýar, teşneligiňi gandyrýar, iýgi-içgä bolan höwesiňi oýarýar, öt içgeçmesiniň (الاسهال المري) we holeriki gusmanyň (ýürek bulanmasynyň)(القيء الصفراوي)öňüni alýar. Ýürek urmasyny sazlaşdyrýar, gaý­gy-gamyň aýrylmagyna täsir edýär. Onuň şol turşulygyge­ýim­lerdäki syýa tegmillerini, ýüzdäki düwürtikleri aýyrýar. Ýöne ony aşa köp ulanmak degnaňa we döş-gursagyňa zyýan berip biler.

Onuň ak eti sowuk-çygly, siňmesi agyr, aşgazan üçin ýaram­syzrakdyr. Ony aşa köp iýmek içiňde sanjy döreder.

Utrujyň dänesi, gabygy, ýapragy we açylan güli gyzgyn-gu­rak tebigatlydyr. Onuň dänesinde edil tirýegiňki ýaly täsirli güýç bar. Onuň owradylan unundan iki mysgal alyp, içýan çakan ýere goýsaň, tiz peýda berer. Iki mysgallyk içse ähli zäherlenmäniň aýrylmagyna peýdalydyr.

Utrujyň sary gabygyndan alynýan mäjum (معجونpasta) içdäki sanjyny aýyrýar, jynsy höwesiňi güýçlendirýär, işdäňi açýar, içdäki ýellenmäni aýyrýar. Bu babatda onuň açylan gülleri has-da güýçli we ýakymly täsir edýär. Hatda utrujyň ýakymly ysy ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyp, za­ýalanan howany arassalaýar.

Mesruk bu ösümlik hakda şeýle diýdi: «Men bir gezek Äşä­niň ýanyna baranymda, onuň ýanynda kör adamyň otura­nyna gözüm düşdi. Äşe oňa utruj kesip, ony hem bala garyp berýär­di. Men ondan: «Näme boldy?» diýip soranymda, «Bu Ümmi Mektumyň ogly, Allatagala bu sebäpli öz Pygamberine käýäp­di» diýdi.

 اثلÝylgyn. (Tamarix). Ol, ýapraklary tarfanyň ýaprakla­ry­na meňzeş bolan äpet agaçdyr.Onuň noýba meňzeş dänesi bolup, oňa azba hem diýilýär. Azba daragtynyň täsiri edil dub (عفص، بلوط) agajy ýalydyr. Ol sowuk-gurak tebigatly, içgeçmä­ni saklaýan, gan akmasynyň öňüni alýan dermanlyk daragtdyr. Allatagala ýylgyn hakda Gurhanda hem aýdypdyr.

 اثمدSürme(Ismid). Ismid diýlip esasan Yspyhan sürmesi göz öňünde tutulýar. Ol sowuk-gurak tebigatly, göz degnala­ry­ny güýçlendirýän, onuň saglygyny goraýan serişdedir. Resul­alla bu hakda: «Siziň ulanýan sürmeleriňiziň iň oňady ismiddir. Ol görejiňizi ýitelder, kirpigiňizi ösdürer» diýdi. Pygamberi­mi­ziň bu sözüniň aňyrsynda dertli gözi bejermek däl-de, sagdyn gözi gorap saklamak hakdaky many ýatyr.

Termeziniň rowaýat etmegine görä, Resulalla sürmäni örän köp ulanypdyr. Ol her gije gözlerine üç gezek dagy sürme çe­ker eken.

Ismidiň kirpigiňi ösdürip, gözüň görgürligini gowulan­dyrýandygyny, ony çalynýan adamyň ýüreklere eziz bolup görünýändigini Abdyllatyp hem aýdyp geçipdir.

اجاصŞetdaly. (Persica).Aşgazan üçin örän ýokumly, siň­me­si ýeňil iýmitdir. Şetdalyny nahardan öň iýmek, soň iýe­niňden has peýdaly. Ondan ýasalýan içgi öt gyzzyrmasyna peý­da berýär, tebigatyňy ýumşadýar, teşneligiňi gandyrýar. Gura­dylan ýa-da gaýnadylan şetdaly iç sürüji serişdeleriň biri hök­münde bellidir.

 اذخرIzhir - Atyr ysly gamyş. Ol gyzgyn-gurak tebigatly, jana ýakymly, peşew ýollaryny arassalaýar, peşewiň we aý­başynyň gowy akmasyna peýda berýär. Ony sargy edip ulan­saň, sowuklama zerarly dörän çişleri aýyrýar. Izhirden ýasalan melhem guryagyryny bejermekde örän ähmiýetli. Ol diş agy­ry­sy­ny köşeşdirýär.

 أرزTüwi. (Oryza sativa). Ol bugdaýdan soňra iň ýokumly iýmitdir. Käbirleri ony gyzgyn-gurak tebigatly, käbirleri bolsa sowuk-gurak tebigatly hasap edýär. Garyn-içege ýollaryny berkidýär, süýt bilen bişirip iýseňpeýdasy has köpdür. Eger oňa şeker garyp iýseň tagamly bolýar, bedeniňi gözelleşdirýär, ynsan (erkeklik) tohumynyň döremegini artdyrýar. Tüwi iýip ýören adam ýagşy düýşleri has köp görer. Iç geçiriji derman­la­ry ulanyp ýöreniňden, geçiniň böwrek ýagyny tüwi ununa garyp, bişirip iýseň, ähli tarapdan bähbitli bolar. Ine, şu hem luk­mançylygyň (entek açylmadyk) pynhan syrlarynyň biri. Pygamberimiz: «Iýmitleriň içinde iň oňady et, ondan soňra tüwi» diýip aýdypdyr. Bu hakdaky ýene bir hadysda: «Tüwi – düzüminde dert bolmadyk dermandyr» diýilýär.

 أراكErek[1]. (Alhogi camelorum). Diş synçgar (synçgal­ýan) agajynyň şahasy bolup, oňa başgaça siwak hem diýilýär. Bu agaç hakda Abu Hanypa: «Ol diş synçgalýan agaçlaryň için­de iň oňady bolup, diliňi süýjedýär, agzyňdaky ýaramaz yslary aýyrýar, işdäňi açýar, beýniňi arassalaýar. Ulanmak üçin iň oňady bolsa gülap sepilen erekdir» diýdi. Siwagyň düzü­min­de hoşboý ysly maddalar bolýar we ol agyzdaky ýakymsyz ysy aýyrýar. Ibn Apbasyň aýtmagyna görä: «Diş synçgarda (ýagny siwakda) on dürli häsiýet bardyr.

1. Agzyňda ýakymly ys döreder.

2. Dişiň etini berkider.

3. Gakylygy giderer.

4. Dişde döreýän daşlary aýrar.

5. Işdäňi açar.

6. Sünnete laýyk bolar.

7. Hudaýy razy edersiň.

8. Sogabyň, ýagşylygyň artar.

9. Perişdeler şatlanar[2].

«Resulalla irden turan dessine, agzyny siwak bilen tämiz­lär­di» diýip, Huzeýfa aýtdy. Abu Nagymda bu hakda: «Siwak adamyň çeper dilliligini artdyrýar» diýilýär. Muňa meňzeş söz­ler we hadyslar örän köpdür.

«Pygamber alaýhyssalam nar we reýhan agajynyň şahalary ýa-da gabyklary bilen diş synçgalamagy gadagan etdi».

Dişiňi gamyş bilen synçgalamagy Omaryň gadagan eden­digi bellidir.

 أرنبTowşan.Onuň etini köp iýseň göwnüçökgünligi (سوداءmelanholiýany) döreder. Towşan etiniň ýokumly we ýaramly ýeri, onuň arkasy bilen ýanbaşydyr. Towşanlarda aýbaşy döw­rü­niň bardygy hakda aýdylýan zatlar dogrudyr.Towşan de­ri­sinden edilen don bedeni gyzdyrýar, hyltlary kadalaş­dyr­ýar. Sirke sepilen towşanyň kyrkgasyny guduzlama keselinden halas edýär, zäherlenmeleri ýuwup aýyrýar, ony iýmek aşgazan bozulmasyny bejerýär. Bukrat hekimiň aýtmagyna görä, tow­şan eti gyzgyn-gurak tebigatly bolup, ol içiňi (garnyňy) ýuwup, arasssalaýar, peşew akmagyny ýeňilleşdirýär. Iň oňat towşan eti aw tazylarynyň tutan towşanydyr. Towşan eti aşa semiz­lik­den saplaýar, ýöne ony dowamly iýmek ukusyzlyga getirýär we melanholiýany (سوداء) döredýär.

Käbir hadyslarda Pygamberimiziň towşan etini köp iýme­zligi ündänligi aýdylýar. Şol bir wagtda Abu Talhanyň Pygam­berimize towşan buduny iberendigi, onuň hem kabul edendigi hakda hem maglumat bar.

·         إسفاناخYsmanak. (Spinaca).Sowuk-çygly täsirli bolup, ol döş-gursak agyrylarynyň ählisine peýdalydyr. Ysmanagy çigligine ýa-da bişirip iýmek sowuklama derdine derman­dyr. Owradylan (ýenjilen) ysmanagy şeker bilen garyp iý­mek, saral­tmany (želtuha), içdäki daşlary aýyrýar. Bu mel­hem agyr bu­şuk­madan ejir çekýänlere hem peýdalydyr. Ol bokurdak mäz­le­riniň çişmesini aýyrýar we içiňi ýum­şad­ýar.

·         أسطوخودوس Lawanda[3]. (Lavandula).Gyzgyn-gurak tä­sir­li. Melanholiýany (söwdaýylygy) we balgamy sazlaýar (ka­da­laşdyrýar)[4], sowuk we gowşak beýnilere peýda ber­ýär. On­dan ýasalýan içgini gyzgyn halynda peýdalan­mak saglyk üçin bähbitli. Astuhod şatlandyryjy, ýüregi berki­di­ji, beýnini aras­sa­laýjy serişdeleriň biridir. Ol sowuk sally adamlaryň süňňünden söwdaýylygy (melanholiýany) çy­kar­ýar. Böwregi, dalagy, aş­ga­zany, bagry ýuwmakda, sary­suw keselini we çişleri bejer­mekde astuhod şerbetiniň or­nuny tutup biljek hiç zat ýokdur. Bal suwuna garylan astuhod beýnini tämizleýär, gözüňi ýitel­dýär. Onuň peý­daly häsiýetleri örän köpdür.

 آسNazbaýgül. Reýhan. (Myrtus).Ikinji derejeli, sowuk-gurak tebigatly, içgeçmäni saklaýan derman ösümlik. Gyz­gyn­lyk sebäpli döreýän kelleagyryny bejermek üçin reýhan gülüni ysgamaly.

Owradylan ýapragyny ýaralara we düwürtiklere sarasaň tiz peýda berýär, sargy hökmünde ulansaň beden agzalaryny güýç­lendirýär.

Nazbaýgülden alynýan ýag saçyňy gara boýamak üçin giňden ulanylýar. Araplar oňa «as» we «reýhan» diýýärler. Resul­alla: «Reýhan sowgat berlen adam ony yzyna gaýtarma­syn. Çünki ol behişt ösümligidir» diýdi. Muňa garamazdan, reýhan agajy bilen diş synçgylamaga rugsat berilmeýär. Ot zerarly dörän ýanyklary bejermek üçin peýdaly serişdeleriň biri reýhan suwudyr. Reýhan we aýwa şerabynda üsgülewigi we içgeçmäni saklaýan dermanlyk täsir bolup, şeýle güýç beýleki miwe içgilerinde ýokdur. Reýhan dänesinden içgi-şerap hem-de mäjum ýasalýar. Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, «Nuh py­gamberimiziň gämiden düşüp, oturdan ilkinji agajy reýhan­dyr», «Adam ata jennetden Ýere düşende, onuň ýanynda üç zat bar eken. Olar dünýä reýhanlarynyň serweri bolan – nazbaýgül, dünýä tagamlarynyň serweri – bugdaý, dünýä miweleriniň serweri – hurma».

·         أطريةUnaş (tutmaç).Gyzgyn-çygly täsiri bolan bu se­rişde, üsgülewigi we bokurdak mäzleriniň çişmesini bejer­ýär. Haýal siňýändigine garamazdan örän ýokumly. Un­aşyň iki görnüşi bar: Eger ol uzynlygyna kesilen bolsa, oňä tutmaç diýilýär. Eger tegelek kesilip, içine et dykylan bolsa, oňä börek diýilýär.

·        إليةGuýruk ýag. Degnaňy ýumşadýan, aşgazana zyýanly, gyzgyn-çygly tebigaty bolan iýmit. Enesiň aýtmagyna görä, «Resulalla otyrýer keselini bejermek üçin araby goýnuň guýruk ýagyny maslahat bererdi. Ilki ony eredip, üçe böl­meli, soňra her gün bir bölegini ajöze içmeli» diýdi.

Resulallanyň üç ýüzden gowrak adama şony salgy berendigini, ählisiniň hem sagalandygyny Enes gürrüň berdi.

Bu otyrýer keseli guraklyk sebäpli ýüze çykan bolsa, şol usulda bejerilýär. Çünki guýruk ýag ony ýumşadýar we bişir­ýär. Esasanam, ýowşan we kaýsum[5] (قيصوم) oty bilen bakylan goýun şunuň üçin has peýdalydyr. Sebäbi otyrýer keselini bejermek üçin peýdaly otlaryň biri ýowşan we kaýsumdyr.

·         أمير باريسZirk. (Berberis).Sowuk-gurak tebigatly ösümlik, holerany aýryp, suwsuzlygyny (teşneligini) kesýär, bagryňy güýçlendirýär. Onuň sykylyp alnan suwy reňkiňi arassalaýar (durlaýar). Bu ösümligi guradyp ýa-da ger­dejik (tabletka - الاقراص) görnüşinde hem-de «dinary» iç­gisi[6] bilen bilelikde peýdalanyp bolýar.

·         إنجبارKyrkbogun. (Polygonum).Sowuk-gurak tebigatly ösümlik bolup, sargy edip ýapsaň, gan akmasyny togtad­ýar. Esasanam döş-gursak we babasyl dertlerine şypalydyr. Ötüşen içgeçmäni saklaýar. Reňňi-roýuňy gözelleşdirýär, ten­däki awy-zäherleri sürüp aýyrýar, işdäsizligi bejerýär. Emma kyrkbogun sowuklama bilen ýoňlan adamlara zy­ýanlydyr. Şeýle adamlar bu ýagdaýda kyrkboguna derek zirk miwelerini peýdalanyp biler.

·         أنيسونAnis.Rum arpabadyýany. (Pimpinella anisum). Gyzgyn-gurak tebigatly bolan bu ösümlik, içdäki agyryny köşeşdirýär, ýellenmäni aýyrýar, aýbaşynyň we süýdüň bol akmagyna täsir edýär, zyýanly zäherleri aýyrýar. Anis gü­lüniň suwuny göze çalsaň görejiňi ýiteldýär. Şonuň üçinem ýylanlar ilkibahar möwsüminde anis agajyny gözüne sür­te­ýär. Sebäbi gyş paslynda olaryň göreji kütelip, gaýnap we bişip duran zatlara gaçýar. Ýokumlylygy taýdan aram tä­sirlidir.

 


[1]Erek ¾diş synçgalýan agajyň bir görnüşi.

[2]Emma alym bu ýerde siwagyň diňe dokuz häsiýetini beýan edipdir.

[3]Lawanda – dodakgüllüler maşgalasyna girýän ýarym gyrymsy agaç. «Ostohoddos» gadymy grek dilinde «ruhlaryň gonalgasy» diýen manyny berýär (Dawut Antaky. Tezkiret-u ulul-elbab. I jilt, 34 s.).

[4]Ynsan süňňündäki kadadan çykan melanholiýa we balgamy dertleri (göwniçökgünlik, sussypeslik, hereketsizlik we ş. m.) ýuwup aýyrýar.

[5]Kaýsum - gury ýerde bitýän, köpýyllyk, ýakymly ysy bolan derman ösümlik.

[6]Dinary içgisi –