«Bi» harpy.«Ti» harpy.

Başy » Pygamber tebipçiligi » «Bi» harpy.«Ti» harpy.

«Bi» harpy

ب 

·         بابونجÇopantelpek. (Matricaria).Birinji derejeli, gyz­gyn-gurak häsiýetli ösümlik. Işdäň açylmagyna ýardam ed­ýär, rahatlandyryjy täsiri bar, iç geçmäni aýyrýar. Iç ge­çir­ýän (sür­ýän) derman hökmünde ulanylýar. Onuň häsi­ýetleri şonuň ýaly­dyr.

Çopantelpegiň güllerinden demlenip taýýarlanan ergini (su­wy) içmek ýa-da çopantelpek gaýnadylan suwda oturmak peşewiň we aýbaşynyň gowy akmagyna ýardam berýär, dü­wün­çegi we düwünçegiň ýoldaşyny çykarýar, gyzgyn iç ýuw­malarda we ýaralara sargy hökmünde ulanylýar. Onuň gaýna­dylan suwy bagyr agyrysyna we daşlary aýyrmakda örän peý­dalydyr.

·         باقلاMüsür noýbasy. Lýupin[1]. (Lupinus).Noýbanyň bir görnüşi bolup, siňmesi agyrdyr, köp iýseň içiňi ýellendir­ýär. Ony towuklar iýse ýumurtga bermesini keser, onuň kösü­gini sargy hökmünde ulansaň, şol ýerde saçyň ýa-da tüýüň ösme­giniň öňüni alar. Gaýnadylyp bişirilen Müsür noýbasy üsgü­le­wigi aýyrýar, ýöne ony yzygider iýýän adam ýakymsyz düýş­leri görer, gorkuly, alasarmyk pikirler kellesini gurşap alar, huş­suzlyk derdine sataşar.

Bukrat hekim onuň aşgazanda ýeňil siňýänligini, noýbaň üsti bilen saglygyňy bejerip bolýandygyny aýtdy. Ony timýan[2] (صعتر), ýag we duz bilen bişirip iýseň, ýäňky sanalan zelelleriň täsirini kesýär we noýba diňe peýdaly täsir edýär.

·         باذنجانBadamjan. (Solanum melongena).Gara badam­jany yzygider peýdalanmak göwniçökgünlik, gaýgyçyl­lyk duý­gularyny (melanholiýa) döredýär, onuň ýenjilip (owra­dylan) alnan uny babasyl derdini aýyrýar, ony ýagda gow­rup iý­me­lidir. Yüregagyry sebäpli endamy çişen adamlara badamjan iý­mek maslahat berilýär. Ak badamjan ýokum­lylygy taýdan örän oňatdyr we ýeňil siňýär.

·         برديPapirus. Gamyş. (Cyperus papyrus).Sowuk-gurak täsirli ösümlik bolup, ýaradan lagta-lagta bolup damýan gan akmasyny togtatmak üçin ýaramly. Onuň ýapragyny ýa-da şaha bölejiklerini çeýneseň, agzyňdaky sogan we sarymsak yslaryny tiz aýyrýar. Papirusyň külüni burny ga­nap duran adamyň bur­nuna sepseň (üfleseň), gan akmasy dessine kesiler.

Ibn Sina: «Papirus ýapragy gan akmasyny togtadýar we ýaralary tiz bitirýär» diýdi.

Buharynyň we Müslimiň aýdan rowaýatlaryna görä, bir gezek Pygamberimiziň alyn dişleri döwülipdir. Şonda Patma papirusdan (gamyş) ýasalan boýra düşekçäni otlap, onuň külüni (Pygamberimiziň dişine) ýaranyň üstüne ýapyşdyrypdyr. Gan akmasy dessine kesilipdir.

Bu ýerde boýra düşekçe diýilýäni şol papirusdyr. Sebäbi onuň külüniň tiz guradyjylyk häsiýeti bolup, şol hem gany dessine gatadýar.

Buhary bu hakynda öz eseriniň: «Boýrany otlamak bilen ýaralary bejermek» diýen bölüminde ýazypdyr.

·         برقوقGaraly. (Prunus domestica).Onuň ynsan sagly­gy­na edýän täsiri edil şetdaly ýaly. Şetdaly hakynda öň aýdypdyk.

·        بزر قصوناBizr-i Kasuna[3].Bizr-i Kasuna aşgazan-içege kesellerini, ham sypjyryklaryny bejermek üçin ulanylýar. Ol teşneligiňi gandyrýar (köşeşdirýär), tebigatyňy ýumşad­ýar. Bizr-I Kasunanyň ter ýapraklary we olardan taýýar­la­ny­lan şiresi ýarany çalt bitirýär. Ony ýalňyş ulanmak bolmaýar.

 بسفايجBesfaýyj[4]. Baspaýak. (Polypodium).Gyzgyn-gurak täsirli bolup, melanholiýany (söwdaýy) we balgamy (çygly­ly­gy) sazlamakda täsiri uludyr. Ony gaýnadyp, ergin hökmünde, iç ýuwma ýa-da sargy hökmünde ulanyp bolýar.

·        بسر و بلحHurma, igde. (Phoenix dactylifera).Entek doly bişmedik hurmalar gyzgyn täsirli, ýetişen hurmalar sowuk täsirli bolýar. Olaryň ikisi hem iç berkidiji we aşgazany bejeriji serişde hökmünde has meşhurdyr.

Ibn Majeniň rowaýat etmegine görä, Pygamberimiz: «Ter hurma bilen guradylan hurma kaklaryny iýiň. Çünki şeýtan öz ýanyndan: «Adam ogullary munuň könesini we täzesini (kaka­dy­lanyny we terini) bile iýmek bilen sag-salamat galdy» di­ýermiş».

Ýene bir rowaýatda: «Hurma iýseňiz şeýtan gynanarmyş» diýilýär.

·         بصلSogan. (Allium cepa).Gyzgyn we çygly häsiýetli ösümlikdir. Ony suwuň tagamy üýtgän halatynda iýmek örän peýdalydyr. Işdä açyjy, jynsy höwesiňi heýjana getir­ýän, beden boşluklarynda suw ýygnanmak keselini bejer­ýän serişde hökmünde giňden ulanylýar. Derman içýän adam ony ysgasa gusmasy kesiler, ony et bilen gowrup iýmek, agzyňda aňkap duran porsy ysy aýyrar.

Mugawyýa ýanyna gelen wekillere sogandan taýýarlanan nahar hödürlär eken. Soganyň ynsana berýän zeleli hakynda aýtsak, ony yzygider iýip ýörmek kelleagyryny döredip bilýär, göz garaňkyramak derdine uçradýar. Ony aşa köp iýmek aky­lyňy zaýalar, özi hem bu zelel doly bişmedik soganlar sebäpli ýüze çykýar.

Pygamberimiz: «Kim şu önümi, ýagny sogany we sarym­sagy iýse, hergiz metjidimize golaýlaşmasyn, çünki adam ogul­larynyň biynjalyk bolup, ezýet çekýän zadyndan periş­de­le­rem ezýet çekýär» diýdi.

·         بصاقTüýkülik.Aýtmaklaryna görä, oraza tutýan adamy­nyň tüýküligi içýany dessine öldürýändir.

·         بطيخGarpyz. (Citrullus lanatus).Gyzyl garpyzlar sowuk we çygly, sary garpyzlar[5] gyzgynlyga ýakyndyr. «Abdaly» atly gawunyň görnüşi Abdyllanyň ady bilen baglany­şyklydyr.

·        Süýjüliginiň aşa ýokarylygy sebäpli gyzgynlygyňy kö­pel­­dýär. Olaryň ählisi hem örän ýakymly we peýdalydyr. Gawu­nyň özi we çigidi buşukdyryjy häsiýete eýe. Ol peşew ýolla­ryny arassalaýan, aşgazanda ýeňil siňýän iýmitdir. Sa­ry garpy­zyň (gawunyň) özüni ýa-da ondan gaýnadylyp taýýarlanylan toşaby, esasanam onuň çigidini ýüzüňe sürt­seň, ýüzüňdäki dür­li tegmilleri, menekdir sepgilleri aýyr­makda örän peýdaly. Böw­rek­de we peşew ýollarynda daş emele gelmesini bejerýär, dörän daşlary eredýär. Ol aşga­zana düşen islendik iýmit bilen tiz alyşýar we garyşýar. Sa­ry garpyzyň gabygyny gaty etler (ha­ýal bişýän etler) bilen bişirseň, ol tiz bişer.

Garpyz iýýän adam onuň tagamyna garap, gowusyny iýsin, ýaramaz, zaýa önümleri iýmek gijekörlük derdine uçradar, bel­ki gusdurar, haçanda ol zaýalanan bolsa, ony derrew bedenden çykarmak gerek, çünki ol ýakymsyz zäherlenmä öwrülip biler. Ony sirkelibal we zenjebil dänesi bilen aýryp bolýar.

Pygamberimiz ter garpyzlary iýer eken we: «Munuň gyz­gyny sowuklygy, sowugy gyzgynlygy dep edýär» diýer eken. Ol ir-iýmişleriň we gök önümleriň arasyndan üzüm bilen gar­pyzy has oňat görüpdir.

Abu Musehhir Gassany şeýle diýýär: «Kakam her gezek garpyz satyn alanda: «Eý oglum, onuň gara çyzyklaryny sana. Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, garpyzyň süýjüligini biläýgin diýerdi».

Ibn Apbasyň Muhammet pygambere salgylanyp getirýän hadysynda: «Garpyz tagam, içgi we ýakymly ysly reýhandyr. Ol peşew haltasyny ýuwýar, aşgazanyňy arassalaýar, erkeklik tohu­myny köpeldýär, jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi güýçlen­dirýär, deriňi meneklerden arassalaýar, sowuklama sebäpli dörän keselleri bejerýär» diýilýär.

Soňky ýatlanan häsiýetleriň gawundalygy şübhesizdir,esa­sa­nam, ony ajöze iýmek saglyk üçin has peýdaly.

 بطÖrdek.Guş etleriniň arasynda iň oňady ördek etidir.

·         بقلة حمقاءSemzek. (Portulaca).Sowuk-çygly, safra(hole­riki öthalta - صفراء) bilen baglanyşykly ähli dertleri bejer­mäge peýdaly. Ondan gaýnadylyp alnan ergini sirke garyp iýip, ýa-da ýapgy, sargy hökmünde peýdalanyp bolar. Azy diş agyrysyna peýdaly bolup, aşa güýçli şöhwetiňi peseld­ýär, nahara bolan işdäňi kemeldýär. Ony düşeginiň bir ýerine çatyp goýan adam ýagşy-ýaman hiç hili düýş görmez. «Pygambe­ri­miziň bir aýagyna ýara çykanda, sem­zegiň sykylyp alnan suwuny, gowy edip aýagyna sürtäp, mel­hem ýapypdyr we der­rew gutulypdyr. Şonda Pygam­be­ri­miz: «Saňa Allanyň bereketi siňsin, islän ýeriňde gö­geriber» diýipdir.

·         بلوطDub. (Quercus).Sowuk-gurak tebigatly ösümlik. Ukusynda düşegine buşugýanlar üçin peýdaly.

·         بندقPisse. (Corylus maxima).Gyzgyn-gurak tebigatly, aşgazanda haýal siňýär we öt haltanyň işleýşini gowulan­dyr­ýar. Iç berkidiji we kelleagyryny aýryjy serişde hök­mün­de belli. Beýnä rahatlyk berip, onuň işleýşini ýokar­lan­dyrýar. Dürli zäherlenmelere garşy iň oňat serişde.

·         بنفسجBenewşe. (Viola).Birinji derejeli, sowuk-çygly ösüm­lik. Gan basyşy (aýlanyşygy) sebäpli döreýän kelle­agyry­ny köşeşdirýär we aýyrýar. Ony ysgamak, sargy hök­münde ýapyp ulanmak, suwda gaýnadylan erginini içmek ýa-da şol suwuň içinde oturmak bilen ulanyp bolýar. Ýoň, dümewleme ýaly dertleri we çişleri aýyrýar. Aşgazan-içege kesellerini be­jer­mekde ähmiýeti uly. Ony sanjym hök­mün­de-de, guradylan ir-iýmiş, bişirilýän tagam, gerdejik gör­nü­şin­de, şeýle hem ýaranyň ganamasyny kesmek üçin dy­kyl­ýan arassa bölejik hasanyň ornuna ýa-da daňy, sargy hök­mün­de ulanyp bolýar.

·         بورقBura[6].Gyzgyn-gurak häsiýetli. Tebigatyňy ýum­şad­ýar, dürli iç ýuwmalarda tmin uny (معجون الكمون) bilen garyşdyrylyp ulanylýar.

·         بيضÝumurtga.Iň oňady towuk ýumurtgasydyr. Çala gaý­nadylan ýumurtga öte gaýnadylan ýumurtgadan ähmi­ýet­li. Öte gaýnadylan ýumurtga hem gowrulan ýumurt­ga­dan gowy görülýär. Onuň sarysy gyzgynlyga, agy bolsa so­wuk­lyga ýakyn. Onuň ak ýerini ýüzüňe çalsaň, günüň zyýanly täsirinden gorar. Sargy hökmünde ýapsaň ýanygy bejerýär. Aşgazanda döreýän sanjyny aýyrýar, göz agyry­sy­ny köşeşdirýär. Çala gaýnadylan ýumurtga üsgülewigi, bokurdak çişini, ses gy­ryk­lygyny aýyrýar, gan akmasynyň öňüni alýar. Gowy siňýär, örän ýokumly, jynsy höwesiňi artdyrýar.

«Pygamberimizleriň biri öz jynsy ejizliginden zeýrenip, Hudaýa arz edipdir. Hudaý oňa ýumurtga iýmegi buýrupdyr» diýilýär.

«Ti» harpy

ت

·         ترابToprak.Allatagala Gurhanda: «Isanyň mysaly Alla­­nyň ýanynda edil Adamyň mysaly ýaly bolup, ony top­rakdan ýaratdy[7]» diýip, toprak hakynda agzaýar.

Topragyň mizajy (tebigaty) sowuk-gurakdyr, çyglylygy guradyjy häsiýetdedir. Resulalla: «Adam oglunyň gözüni top­rak­dan başga zat doldurmaz» diýdi.

·         ترمسAk lýupin[8]. (Lupinus albus).Tebigaty gyzgyn we gurak. Ony bal bilen garyp iýseň ýa-da sargy edip göbege ýap­saň, aşgazan-içegedäki gurçuklary öldürýär. Onuň uny ýüzdäki ýara yzlaryny (çapyklary) aýyrýar. Lýupiniň gaýnadylan suwuny sepseň tagtabiti öldürýär, oňa ýüzüňi ýuwsaň, kemsiz arassalaýar. Lýupinden köp iýmek meňziňi soldurýar, ýöne hal­wa iýmek bilen onuň bu zelelini dep edip bolýar.

·         ترنجبينÝandak şiresi. (Alhagi).Gyzgyn tebigatly bolup, agyrysyz iç geçirýär. Şirinje iýmitiniň bir görnüşi bolan bu ot çaga dermanlaryna degişli.

·         تربدTürbet.Gyzgyn-gurakhäsiýetli, inçe balgamy saz­lamakda (sürmekde) peýdaly. Eger onuň üstüne zenjebil garyp içseň, ýogyn balgamy hem sürdürýär. Ony bişirip, iç ýuwma (klizma) görnüşinde we gerdejik (tabletka) şeki­linde ulanyp bolýar.

·         تفاحAlma. (Malus domestica).Almada çyglylyk aşa ýokary. Turşy almalar örän sowuk tebigatly bolýar. «Elfet­hi» diýilýän alma ýüregi berkidýär, ýürek-damar kesel­leri­ne hem peýdaly.

Pygamberimizden rowaýat etmeklerine görä, alma ýüregi berkidýär. Alma içgisi ýüregi güýçlendirýär we waswasylygyň aýrylmagyna peýda berýär. Almadan ýasalýan mürepbe we alma şiresi saglyga örän peýdaly. Turşy almany yzygider iýip ýörmek huşsuzlyk derdine sataşdyrýar.

·        توتTut (tudana). (Morus).Şam tudanasy sowuk te­bi­gatly bolup, ol içgeçmä garşy iç gatadyjy serişde hökmünde belli. Tuduň bişip ýetişmedik ter miwesi edil sumak aşgary ýaly täsir edýär. Ondan mürepbe hem ýasalýar. Bokurdak, damak we agyz boşlugynyň kesellerini bejermekde ulanyl­ýar. Ak tudana az ýokumly we aşgazan üçin ýakymsyz, ony tagamdan öň iýmek we yzyndan sowuk suw içmek gerek.

·         تمرHurma kaky. (Tamarindus).Aly: «Iň oňat hurma «Albaranydyr» diýse, Resulalla: «Siziň iýýän hurmalaryňy­zyň haýyrlysy, derdi dep edýän «Albaranydyr» diýdi.

Abu Hüreýranyň rowaýatynda: «Albarany» derdi bolmadyk derman» diýilýär.

Ýene bir rowaýata görä, Pygamberimiz: «Aýallaryňyza hur­ma iýdiriň. Iýmiti hurma bolan zenanyň perzendi mylaýym bolar» diýipdir.

Merýemiň iýmiti hem ter hurmadyr. Şondan gowy iýmit bar bolsa Allatagala Merýemi şonuň bilen iýmitlärdi. Alla­ta­gala: «Hurmanyň şahalaryny yrala, saňa ter hurmalar gaçar[9]» diýip aýtdy.

Resulalla ony suwa ýatyryp, ezip goýar eken we her gün­aşadan ertirlikde içer ekeni. Soňra şeýle etmegi özgelere-de tabşyrypdyr we içiripdir. Rowaýatlara görä: «Hurma iýmek sanjy derdinden goraýar». Ibn Apbas: «Resulallanyň söýgüli ta­gamy hurma kişdesidi» diýdi. Çünki hurma kişdesi örän ýokumly, tagamly we ýeterlik iýmitdir. Onuň üstüne ýag çalyp iýseň welin, ol aňrybaş derejede ýokumly.

Bir rowaýatda: «Hurma kişdesi – jennet miwelerinden» diýilýär. Bu hadysy Abu Nagym özüniň «Tebipçilik» kita­byn­da ýatlap geçýär.

Sagt ibn Aby Wakgasdan eşidip, aýtmaklaryna görä: «Säher turanda ýedi sany hurma bilen ertirlik edinýän adama şol günüň dowamynda zäher we jady täsir etmez» diýilýär. Muslimiň rowaýatynda: «Säher turanda ýedi sany hurma iýýän adama tä gijä ýetýänçä zäher täsir etmez» diýilýär.

Ony her gün ertirine iýmeli. Ajwa (عجوة) atlandyrylýan hurma Medine hurmalarynyň bir görnüşidir. Ol «Saýhany[10]» (صيحاني) görnüşinden uly we garamtyl reňklidir. Bu hurma Pygamberimiziň oturdan nahallarynyň biridir. Bu hurmadaky şonuň ýaly peýdalar, ony Pygamberimiziň mübärekläp oturdany sebäplidir. Şonuň üçin hem azap çekýän bendeleriň gabyrlaryna, ýapraksyz hurma agajynyň iki sanysyny goýmak däbi bar. Tä, şol iki agaç guraýança merhuma berilýän azap ýeňilleşýärmişin diýilýär.

Termezi hem: «Hurma jennet miwesidir, onda zähere garşy şypa bardyr» diýipdir.

Äşäniň aýtmagyna görä, Pygamberimiz: «Dogrudanam, hurmada beýik şypa bar» diýipdir.

Oraza tutýan adamyň hurma bilen agzyny açmasy bir däpdir. Pygamberimiz: «Hurma tapan, şonuň bilen, hurma tap­ma­dyk suw bilen agzyny açsyn. Çünki ol hem örän arassadyr» diýipdir.

Hurma, kişmiş ýa-da şolar ýaly süýji zatlar bilen agyz aç­mak oraza bekleýän adamyň güýjüni artdyrýar, orazasyna ýardam berýär. Hezreti Alynyň kişmiş bilen agzyny açan­dygyny gürrüň berýärler.

Pygamberimiz: «Öýünde hurma ýoguň bereketi bolmaz» diýipdir.

Hurma gyzgyn-gurak häsiýetli. Ol jynsy höwesiňi artdyr­ýar, esasanam ony kedr hozy bilen garyp iýseň has köp täsir edýär. Ýöne ony şeýle usulda yzygider ulanyp ýörmek kelle­agy­­ryny döredýär, gözagyryly adamlara zyýan berýär. Şonuň üçinem Pygamberimiz gözi agyrýan wagty Ala hurma iý­mekligi gadagan etdi. Ter hurmany üzüm bilen suwa ýatyryp goýmak hem gadagan edildi. Şol sebäpli ýüze çykan zeleli bolsa badam hozunyň maňzy we haşhaş oty bilen bejerip bolýar.

 تمر هنديHindi hurmasy. Tamarind. (Tamarindus in­di­ca). Sowuk-gurak häsiýetli. Holerany (صفراء) sürmekde, içiňi berkitmekde, gusmak-gaýtarmagyň öňüni almakda peýdaly. Döş-gursak agyrylarynyň öňüni alýar. Ony kakadylan iýmişler, tagamlar we sirkelibal[11] bilen ulanyp bolýar. Ondan gaýnady­lyp alynýan içgi, teşneligiňi gandyrýar.

·         تينInjir. (Ficus carica).Iň gowy hillisi ak reňkli, bişen, gabygy aýrylan injir miwesidir. Ter injir guradylan, kişde edi­len injirden has ýokumly bolup, onda gyzgynlyk bar. Ol örän ýokumly, siňmesi ýeňil, ähli ir-iýmişleriň içinde iň ýokumlysy bolan iýmişdir. Tebigatyňy ýumşadýar, balga­myň täsiri sebäpli owaldan bar bolan teşneligi köşeşdirýär, ötüşen üsgülewikde (السعال المزمن) peýdaly, peşew akmasyny ýeňled­ýär, damarda gan akma ýollaryny açýar, ony ajöze iýmek iýmit siňdiriş ýollaryny kadalaşdyrmak üçin örän peýdaly. Hususanam ony badam we hoz bilen garyşdyryp iýmek has gowy täsir edýär.

Abu Derda Pygamberimizden eşidip: «Jennetden inen miwe hakda aýtjak bolsam, injiri aýdardym. Çünki jennet mi­weleri şäniksiz bolýär. Ondan iýiň, ol babasyl derdini bejerýär we guragyra peýda berýär» diýipdir. Tebipler: «Ony yzygider iýmek, bedeni gujurlandyrýar» diýdi.

·        Gyzyl injir (جميز) aşgazana ýakymsyz, ýokumlylygy hem azdyr.

 


[1]Lýupin – dökün we mal iýmiti hökmünde ulanylýan kösükli ösümlik.

[2]Timýan ¾efir ýagy alynýan, maýda gülli, ýakymly ysly gyrymsy ösümlik.

[3]Bizr-i Kasuna – gury ýerde bitýän tikenli ösümlik.

[4]Besfaýyj¾kyrkaýaga meňzeş bolan köpýyllyk paporotnik ösümligi.

[5]Alym bu ýerde gawuny göz öňünde tutýar.

[6]Bura – tebigy duz magdany. Onuň düzüminde soda duzy bar.

[7]Gurhanyň «Aly Ymran» süresiniň 59-njy aýaty.

[8]Lýupin – sary maňyzy, ajy tagamy bolan, ekilýän ot. Ony suwa ezip, süýjedip ulanýarlar.

[9]Gurhanyň «Merýem» süresiniň 25-nji aýaty.

[10]Saýhany – hurmaň bir görnüşi.

[11]Sirkelibal¾sirke we bal garylyp taýýarlanylýan derman.