«Ha» harpy.«Dal» harpy.«Zal» harpy.«Ra» harpy.

Başy » Pygamber tebipçiligi » «Ha» harpy.«Dal» harpy.«Zal» harpy.«Ra» harpy.

«Ha» harpy

خ

 خبازيMamamonjuk. Malwa. (Malva).Sowuk-çygly te­bi­gatly, tebigatyňy we bokurdagy ýumşadyjy [täsiri bolan] ösümlik.

Üsgülewigiň garşysyna iň oňat dermanlaryň biridir. Mama­mon­jugyň dänesini ýeňil iç ýuwmada we başga ýerlerde ula­nyl­ýar. Ondan gaýnadylyp alnan ergin otyrýer gijilewigini aýyr­maga peýda berýär.

 خبزÇörek. Allatagala bu hakda «Indi bir kişini, ine, şu puluňyz bilen şähere iberiň, ol iň gowy, päkize tagamlary saý­lap, size ondan rysg-nesibe alyp gelsin[1]» diýdi. Bu ýerde ag­zal­ýan tagam çörekdir.

Tebipler bu hakda şeýle diýdi: «Iň gowy çörek tamdyrda bişen arassa çörekdir. Onuň tebigaty gurak-gyzgyndyr. Tä so­wa­ýança iýmezlik gerek, sebäbi gyzgyn çörek suwsatgyç bol­ýar. Çörek iýmegiň iň gowy wagty onuň bişirilen günüdir. Gu­ry we petir çörek gowşan aşgazany berkidýär, olardan soňra «garby» atlandyrylýan çörek has peýdaly. Bulardan galan çörek ýaramazdyr. Ununda kepegi az boldugyça, çöregiň aşgazanda siňmesi haýallar, ýöne ýokumlylygy taýdan örän ýokary bolýar. Iň ýokumlysy we ýeňil siňýäni ýumşak çörek­dir. Çörek owuntyklary ýellenmäni aýyrýar we haýal siňýär. Ýag­ly köke agyr hyltyň döremegine sebäp bolýar. Süýtli çörek örän ýokumly we haýal siňýär. Arpa çöreginiň agyryny kö­şeş­diriji, gan akmasyny saklaýjy we iç ýellenmesini aýryjy häsi­ýeti bar. Nohut unundan bişirilen çöregiň siňmesi haýaldyr. Oňa köp duz atmak maslahat berilýär.

Äşeden eşidip gürrüň bermeklerine görä, Pygamberimiz: «Çöregi hormatlaň, çünki Hudaý asmanlary we ýeri oňa tabyn etdi» diýipdir.

Iýýän çöreginiň ununda gum ýa çäge bar bolan adamyň ujydynda we böwreginde daş dörär.

·   خرنوبÇowdary. (Ceratonia siligua).Sowuk tebigatly, iç gatadyjy täsiri bolan, aşgazana ýaramsyz ösümlik. Ondan alnan şire gyzgyn tebigatly bolup, aşgazany gowşadýar, iýmit siňdiri­şini haýalladýar. Rowaýatlara görä, Süleýman pygamberiň ha­sa­sy çowdary (harnup) agajyndan ýasalypdyr.

·   خردلGorçisa. (Sinapis).Gyzgyn-gurak tebigatly bolup, balgamyň döremeginiň öňüni alýar. Ondan aşa köp iýmek göze zyýan berýär, hatda kör bolmagyňa getirýär. Onda beýnidäki gan lagtalanmasyny açyjy (aýryjy) täsir hem bardyr.

·   خسّLatuk. Salat[2]. (Lactuca).Tebigaty sowuk-çygly ösümliklere degişli, uky tutdurýan, ähli gök önümleriň içinde ýokumlylygy iň gowy bolan ösümlik. Zenanlaryň süýdüni kö­pel­d­ýär, ukusynda samraýanlara peýda berýär, ynsan tohumyny guradýar, jynsy höwesiňi köşeşdirýär. Ony yzygider iýip ýörmek kähalatda gözüň ejizlemegine sebäp bolýar.

·   خشخاشHaşhaş. Göknar. (Papaver).Sowuk-gurak tebi­gat­ly. Ukladyjy we agyryny duýdurmazlyk täsiri örän uly. Kel­läňi dumanladyp, bulaşdyrýar.

 خطميGülhaýry. Gülhatmy. (Althaea officinale).Oňat häsiýetli gyzgyn ösümlik. Köküni gaýnadyp içmek içgeçmäniň, hatda ganly içgeçmäniň hem bire-bir emi. Onuň dänesini ýeňil iç ýuwmalarda ulanýarlar.

·   خلّSirke.Gyzgyn we sowuk tebigatdan düzülen. Aşga­zan çişmesine, gastrite (التهاب المعدة) peýda berýär. Emma öt hal­tasyna, bagra we balgama zyýan berip bilýär. Ony do­kuzdonly ( الجمرةkarbunkul), syzlawuk (النملة), gotur we gijilewik (الجرب)ýaly dertlere, endamyň ýanyk ýerine(حرق النار)çalsaň agyryny aýryp, ýarany tiz bitirýär. Ony gül ýagyna we suwa garyp ulansaň baş agyrysyna peýda ber­ýär, şonuň bilen agzyňy çaýkasaň, agyrynyň gyzgyn ýa so­wuk­dygyna (gyzgyn ýa-da sowuk tebigatly agyrydygyna garamazdan) garamazdan, diş agyrysyny köşeşdirýär. Aşgazany gyzdyrýar we iýmitiň tiz siňmegine ýardam ber­ýär. Resulalla: «Tagamlaryň gowusy sir­kedir» diýdi. Py­gam­berimizden eşitmeklerine görä, ol Hudaýa ýüzlenip: «Eý, Alla! Sirkä bereket ber. Ol menden owalky py­gam­berleriň iýmitidi» diýipdir. Ýene bir rowaýatda: «Öýünde sirke bolan hojalyk garyp däldir» diýilýär.

·  Sirkäni bala garmak bilen, köp derde derman bolan sir­kelibal içgisini ýasaýarlar. Şondan ýasalan goýy suwuk­lyga-da Yrakda sirke diýilýär. Süňňi gyzgyn bolan ýa-da gyzgyny galan adamlaryň saglygyny saklamak üçin oňat serişde. Sirkelibal ölüm howply (septiki) gyzzyrmalary (الحميات العفنة) dep edýär. Ony aşa köp peýdalanmak ynsan tohumynyň azal­magyna sebäp bolýar.

·   خمرŞerap, çakyr.Ol esasan üzümden ýasalýar. Bu Ymam Hanapyýanyň aýdan sözüdir. Ýöne öňki ýazgylarda ýatlaý­şymyz ýaly, bir näçe ymamlar serhoş edýän her bir içgini «şe­rap, çakyr» diýip atlandyrdylar. Bu barada ýüpek hakda gürrüň gozgalýan ýerde agzapdyk.

·   خلالDişsynçgar.Bu hakda «Elip» harpynda «Erek» bölüminde aýdypdyk.

·   خمطHamt.Abu Ubeýde: «Tikeni bolan her bir agaja hamt diýilýär diýse, başga birleri hymt bu erek darag­tydyr» diýdi. Hamt hakda Allatagala hem ýatlap geçdi.

·   خيارHyýar. (Cucumis sativis).Adaty hyýarlar uzyn hy­ýarlardan sowuk we galyňdyr. Iň oňat hyýar süýji tagamly, çigidi kiçi bolanydyr.

Derman hökmünde ony bala garyp ulanýarlar. Iň oňady hem onun maňzyny şeýdip ulanmakdyr.

·   خيار شنبرÝabany dalçyn. (Cassia).Onda melanholiýany we holerany sürüjilik (sazlaýjylyk) täsiri bar. Bokurdak çiş­lerini, ýarasyny aýyrmak üçin onuň suwy bilen agyz-bo­kurdagyňy çaýkamaly. Ony dürli hili gaýnadyp, iç ýuwma edip, derman hökmünde peýdalanyp bolýar.

«Dal» harpy

د

·   ·   دار صينيDalçyn. (Cinnamomum).Ol gyzgyn-gurak tebigatly, aşgazana ýakymly bolan ösümlik. Dalçynyň sag­lyga berýän uly peýdasynyň biri ol aşgazanyň işleýşini güýçlendirýär.

·   دبسToşap.Gyzgyn-çygly tagam. Kähalatda ganyň ha­palanmagyna sebäp bolýar. Toşap sebäpli hapalanan gany mindal hozuny, haşhaşy ýa-da künji ýagyni iýip, arassalap bolýar.

Ibn Halyly «Futuhu-ş-Şam» atly eserinde bu barada şeýle diýýär: «Haçanda Omar Şam sebitlerine gelende, adamlaryň toşap gaýnadýandygyny görüp, onuň nämeligi hakda sorapdyr. Şamlylar oňa üzümiň suwyny sykyp alýandyklaryny, tä üçden biri egsilýänçä gaýnadyp bişirýändiklerini aýdypdyrlar. Omar olara garap: «Diýmek, haramy gidip, halaly galýar. Awusy gidip, mazasy galýar» diýipdir hem-de öz esgerleriniň güýç-kuwwatyny artdyrmak üçin olara toşap iýmegi buýurypdyr».

·   دجاجTowuk.Guşlaryň içinde iň oňady towuk etidir. Ol birinji derejeli, gyzgyn-çygly bolup, aşgazan üçin ýeňil iý­mit, tiz siňýän, gowy täsirli (hyltly), beýniň işjeňligini we ynsan tohumyny artdyrýan, ýüzüňi nurlandyryp, akylyňy güýçlendir­ýan tagamdyr. Ýöne elmydama, yzygider iýip ýörmek bogu­na­gy­ry keseliniň döremegine getirer. Entek ýumurtga guzlama­dyk towugyň eti iň ýokumly we iň şypalysydyr. Horaz bolsa çyglylygy az, örän gyzgyn häsi­ýetli guş. Garry horazyň eti aşgazan-içegedäki sanjyny we ýumurtgalykdaky agyryny aýyr­mak üçin örän şypaly. Horaz eti siňmesi çalt, ýokumlylygy örän oňat bolan iý­mitdir.

Pygamberimiz horaz hakynda ýatlap: «Horaz sesini eşiden wagtyňyz Hudaýdan fazly-merhemet diläň. Sebäbi horazlar perişdeleri görende gygyrýarlar» diýipdir. Ygtybarly kitaplarda Pygamberimiziň towuk etini iýendigi hakda ýatlanylýar. Ibn Baýtaryň ýatlamagyna görä, «Jüýje çorbasy aşgazandaky gyzgynlygy ýatyrýar». Jüýje eti hem çalt siňýän, tebigatyňy ýumşadyjy, beden üçin gerekli bolan suwuklygy döredýän iýmitdir.

·   دقيقUn.Bu hakda çörek barada aýdanymyzda ýatladyk.

  «Zal» harpy

 ذ

·                     ·   ذبابSiňek.Tebipler siňegiň berýän peýdasy barada hiç zat aýtmadylar. Diňe ary ýa-da içýan çakanda, agyryly ýere agzyňy süýkemekligiň örän uly we aýdyň peýda berýänligi hakda ýatladylar. Eger ony ýara ýa-da çişe owkalasaň tiz gu­tular. Resulalla bu haýwan barada şeýle diýdi: «Eger biriňiziň içgiňize (içen suwuňyza) siňek gaçsa, ony şol suwa doly batyryň we soňra çykaryp zyňyň. Çünki siňegiň bir ganatynda zäher, beýleki ganatynda şypa bar­dyr». Buhary hem bu hadys hakda öz eserinde ýatlap: «Eger suw içýän gabyňyza siňek gaçsa» diýip agzady we bu barada ýörite bir bölüm berdi.

Ibn Majeniň we Abu Dawudyň rowaýatlarynda: «Siňek zäherli ganatyny ilki, şypalysyny bolsa soň sürýär» diýilýär. Hattaby bu söz hakda ýatlap: «Ýagşy zatdan nesibesi bolmadyk adamlar bu hakda gürlände: «Siňegiň iki ganatynda zäher bilen şypa neneňsi jemlenip bilýärkä? Zäherli ganatyny ilki sürüp, şypalysyny soň batyrýandygyny adamlar nädip bilýärkä?» diý­megi mümkin» diýipdir.

Bu elbetde akmak-nadanlaryň, zat bilmeýänleriň ýa-da bilmediksirän bolýanlaryň sowalydyr. Eger ol pikirlenip görse, özüniň ýa-da ähli janly-jandaryň durkunda gyzgynlyk bilen sowuklygyň, çyglylyk bilen guraklygyň bile (jemlenip) ýaradylandygyna göz ýetirerdi. Ana, şolar hem biri-birine garşy gelýän häsiýetler ahbeti. Soň hem Allatagalanyň bir haýwanda iki sany ters zady: zäher bilen şypany ýaradandygy inkär edip bolmajak zatdyr. Ol bal arysynyň kalbyna mumdan öý tutunmagy we şonda bal toplamagy saldy. Ol garynjalaryň kalbyna gerek bolýan wagta çenli azyk-owkatyny çöplemegi saldy. Ol siňegi ýaratdy we bir ganatyňy öň, beýlekisini soň herekete getirmelidigi hakda ýaradylyş berdi. Oňat pikirlenip görseň, dünýädäki ähli zatda Onuň (Hudaýyň) birdigine delil bolýan aýat-alamat bardyr. Tebipleriň aýtmagyna görä «ze­raryh[3]» atlandyrylýan siňegiň hem bir ganatynda zäher, beý­lekisinde şypa bardyr.

 ذهبAltyn, gyzyl. Onuň tebigaty kadaly we ýaramly gyzgyndyr. Altyn göwün açyjy, şatlandyryjy, ýüregi güýçlen­dirýän magdanlaryň biridir. Agyz boşlugynda dörän ýaralary bejerýär. Ony az-kem agzyňda saklasaň, ol ýerde ýüze çykýan ýaramaz, porsy ysy aýyrýar.Altyn ýürege kuwwat, güýç ber­ýär. Göwniçökgünligi, sussypesligi dep edýär. Hususan-da, ga­ra öt dertlerine, melanholiýa bilen bagly kesellere örän peý­da­ly­dyr, köňül howsalasyny, demgysma keselini dep edýär.

Resulalla altyndan we kümüşden ýasalan gap-çanaklary ulanmagy gadagan etdi, ýöne olar bilen saglygy bejermäge rugsat berdi.

«Ra» harpy

ر

·  ·         راوندYşgyn. (Rheum officinale).Oňa gyzgyn tebigatly diýýänlerem, sowuk tebigatly diýýänlerem bar. Iň oňady güýeden, gurçukdan arassa we abat bolan, ter yşgyndyr. Ol bagyrda ganyň dykyn almagyna dermandyr, ötüşen gyz­zyrma keseli bolanlara we suwly çiş derdine uçranlara örän ähmiýetli serişdedir.

·         رازانجArpabadyýan. (Foeniculum).Gyzgyn-gurak tebi­gatly ösümlik. Onuň sykylyp alnan suwy gözüňi ýiteldýär, peşewiň we aýbaşynyň ýeňil akmagyna ýardam berýär. Süýdi az zenanlar ony iýmit hökmünde ulansa, derdinden saplanar. Ony gaýnadybam, bişiribem, owradyp alynýan un hökmünde hem goldanyp bolýar.

·         رطبTer hurma.Bu hakda «ti» harpynda «temr» – «hur­­ma kakyny» ýatlamyzda aýdypdyk. Ol gyzgyn-çygly bo­lup, yzygider iýip ýörmek käte agyz boşlugynda ýaramaz ysyň döremegine getirýär. Bu ýakymsyz ysy gyzgyn sir­ke­libal ýa-da turşy nar aýyrýar.

Ter hurma miwesini guradylan hurma bilen bile iýmegi Pygamberimiz gadagan etdi.

·         رمانNar. (Punica granatum).Bu ösümlik hakda Alla­ta­gala: «Ol ýerde dürli ir-iýmişler, hurma we nar bardyr» diýdi.

Süýji nar gyzgyn-çygly bolup, onuň suwy üsgülewigi aýyr­ýar. Naharyň üstüne nar iýmek, tagamyň aşgazanda zaýa­lan­ma­gyna böwet bolýar. Iň oňat nar imlisi görnüşidir. Turşy nar sowuk-gurak bolup, öt haltanyň (safra) bölüp çykarýan artyk­maç ajylygyny aýyrýar.

Narpyz garylyp ýasalýan nar içgisi gusdurmak üçin ajaýyp serişdedir, ol aşgazany berkidýär. Turşy nar häsiýeti boýunça ol ikisiniň arasynda bolup, naryň ähli görnüşleri ýürek tolgun­masyny (الخفقان) köşeşdirýän täsire eýedir.

Enesiň Resulalladan nar barada sorandygyny Abu Nagym gürrüň berdi. Pygamberimiz «Her narda jennet dänesiniň biri bardyr», «Nar iýen adamyň kalby ýene oňa tarap öwrüler, şeýtan bolsa nar iýýän adamdan gaçar», «Alla nar iýen adamyň kalbyny nurlandyrar», «Meniň nar iýmegim jennet suwunyň damjasyndan gandygymdyr (datdygymdyr)» diýdi.

Ibn Apbas nar dänesine gözi düşse, ony alyp iýer eken. Bu hakda oňa ýatladanlarynda: «Her narda jennet dänesiniň biri bardyr. Belki, ýaňky däne şol bolmagy mümkin» diýipdir. Kä­bir eserlerde: «Size nar iýmegi maslahat berýäris. Ony gabygy bilenem iýiň, çünki ol aşgazany eýleýändir (berkidýändir)» diýilse, El-Amedi Ibn Mitlakdan eşidip şeýle gürrüň beripdir: «Üç günläp birnäçe nar dänesini iýen adamyň, bir ýyllap gözi agyrmaz». Ýene bir rowaýatda: «Bir ýylda üç sany nar dänesini ýuwdan adamyň bir ýyllap gözi agyrmaz» diýilýär.

 رملÇäge. Resulalla bu hakda ýatlap: «Suwly çiş (sarysuw, wodýanka) keseline duçar bolan adamy çägä gömseňiz, onuň agyrysyny aýryp peýda berer» diýdi.

·         ريحانReýhan. (Ocimum basilicum).Gyzgyn ösümlik. Ony ysgamak ýüregiňi berkidýär. Suw garylan reýhan ukladyjy täsire eýedir.

Buharynyň Pygamberimize salgylanyp aýtmagyna görä, reýhan sowgat edilen adam ony yzyna gaýtarmaly däldir. Ol götermesi ýeňil, ýakymly ysy bolan ösümlikdir.


[1]Gurhanyň «Gowak» süresiniň 19-njy aýaty.

[2]Salat ¾terligine iýilýän bakja oty.

[3]Zeraryh¾1. Şpan siňegi. 2. Ýaprakly agaçlara zelel ýetirýän tomzajyk.