«Lam» harpy

Başy » Pygamber tebipçiligi » «Lam» harpy

«Lam» harpy

ل

 لبانLadan. (Tropoeolaceae).Oňa araplar «liban», «kun­dur» we «hysa liban» diýýär.

«Dünýä ýüzi üç zat bilen dolsa-da, olarda diňe haýyr bar­dyr. Olar: ladan, sary agaç we kundur-ýemen daragtydyr» di­ýip, Abdylmelik ibn Merwan aýtdy.

Diskorit şeýle diýdi: Iň oňat ladan ýokarda ýatlanylan görnüşlisi bolup, ondan senuber we gummiarabik şepbigi da­myp durandyr. Şepbik otda ýanmaýar, senuberi ýaksaň tüsse­leýär, ladan bolsa tüssesiz ýanýar.

Ol ikinji derejeli gyzgyn we birinji derejeli gurak jisim bolup, zeleli örän az, peýdasy bolsa çaksyz köpdür. Aşgazan agy­rysyny bejermekde, içdäki ýeli aýyrmakda we etini ös­dür­mekde gowy täsiri bar. Ýaralary tiz bitirýär, süňňüňdäki su­wuk­lygy guradýar. Käkilik oty bilen garyp çeýnese dişi agyr­ýan adamlara şypa berýär, zehiniňi ýiteldýär, ot bilen köý­dü­rilip bejerilýän mergi keselini aýyrmak üçin ladan tütetmek ýeterlik, ýatkeşligiňi artdyrýar, gara kişmiş bilen pisse maň­zynyň üstüne ladan damdyryp peýdalansaň düşgürligiňe peýda berýär. Düşegine buşugýanlar we köp buşugýan adamlar ony gül mürepbesi bilen bile peýdalansa şypa tapar.

Enesiň aýtmagyna görä «Öýüňizde ladan we käkilik otuny tütediň» diýip, hadysda beýan edilýär.

Alynyň aýtmagyna görä, huşsuzlyk derdinden zeýrenip, ýüz tutan bir adama «Ladan peýdalanmagy unutma, ol ýüregi mer­demsi eder we huşsuzlygy giderer» diýip, Pygamberimiz jogap beripdir.

Ibn Apbas: «Bir mysgal[1] gant bilen bir mysgal ladany bir hepdeläp ajöze içmek, buşuganlyk we huşsuzlyk derdinden sap­lar» diýdi.

«Göwreli zenanlara ladan iýdiriň. Eger göwredäki çaga oglan bolsa duýgur ýürekli, akyllybolar, eger gyz bolsa hulky gözel we edepli bolar» diýlip, Abu Nagymyň gürrüň beren hadyslarynda agzalýar.

Ladanyň peýdaly häsiýetleri örän köpdür. Ony birnäçe dermanlaryň düzümine goşýarlar. Ladanyň ýagy bilen saçlara timar berilýar. Eger ony göwreli aýalyň astynda tütetseň, çaga ýeňil we sag-aman doglar.

Suwa ezilen ladany ajöze içseň, sowuklyk zerarly dörän huş­suzlygy we guraklyk sebäpli ýüze çykan ukusyzlygy ýok edýär.

Huşsuzlyk derdine sataşdyrýan esasy zatlar oýup gan al­mak, porsybadyýanyň (كزبرة) ýaşyl otuny peýdalanmak, turşy almany aşa köp iýmek, gaýgyçyl bolmak, gabyr daşlarynyň ýüzündäki ýazgyny okamak, ýata suwy synlamak, suwa buşuk­mak, soňra bolsa şoňa ýuwunmak ýaly zatlardyr. Resulalla şu zatlaryň ählisini gadagan etdi.

Haja çüýlenen adama seretmek, hatar gurap barýan düýäniň arasyndan geçmek, ýoluň ortasyndan ýöremek, syçan dişlän tagamlary iýmek hem huşsuzlyk derdine duçar eder.

 لبنSüýt. Allatagala: «Tagamy üýtgemedik süýt der­ýa­lary»[2] we «Içýänler üçin ýokumly tagam - täze süýt bilen»[3] diýip, Gurhanda aýtdy. Pygamberimiz: «Alla kimi süýtden gandyran bolsa, onuň şükranasy üçin: «Eý Allam, bu süýdi bize bereketli et we bu nygmaty artdyr» diýip, doga etsin». Meniň özüm-ä tagamlaryň we şeraplaryň için­de şondan gowusyny bilemok» diýdi. Muny Abu Dawut we Termezi Ibn Apbasa salgylanyp gürrüň berdi.

Ibn Apbas hem Resulallanyň süýt içmegi halaýandygyny aýtdy. Süýdüň düzüminde suw, ýag we peýnir bolup, bularyň içinde peýnirli süýt sowuk-çygly tebigatly, agyr iýmitleriň biridir. Ýagly süýt oňat täsirli bolup, süňňe ýakymlydyr. Suwly süýt gyzgyn-çygly bolup, tebigatyňy ýumşadyjydyr. Geçi em­je­ginden sorulyp içilen süýt iň ýokumly süýtdir. Uýan we tagamy üýtgän süýtler bolsa ýakymsyzdyr. Şonuň üçinem Alla­tagala Gurhanda: «tagamy üýtgemedik süýt» diýip beýan etdi. Göwrelilik mütdeti ynsanyňka barabar bolan islendik haý­wa­nyň süýdi adama ýaramsyzdyr. Gowy süýt iýmit siňdirişini ka­da­laşdyrýar, bedeniňi arassalaýar, ynsan tohumyny we damja­la­ryny artdyrýar, jynsy joşgunyňy heýjana salýar. Waswasy keselini bejermäge peýda berýär, beýniň işjeňligini artdyrýar. Süýt käteler içiňi geçirip, içde ýel döredýär. Ony aşa köp peý­dalansaň büre-bit ýaly zatlaryň döremegine sebäp bolýar. Süý­de şeker garyp içseň, reňkiňi nurlandyrýar, deridäki gotur-giji­le­wük ýaly dertleri ýok edýär. Ýatkeşligiňi berkitmek üçinem süýt içmelidir.

Aşgazana ýaramsyz süýtler içegelerde dykyn döredýär. Emma düýe süýdünde munuň ýaly zelel ýokdur. Şonuň üçinem sarysuw keselini bejermek üçin diňe düýe süýdi ulanylýar.

 Enesiň aýtmagyna görä, ukl taýpasyndan bir näçe adam aşgazan-içege agyrysyndan ejir çekip, Medinä – Pygamberi­mi­ziň ýanyna gelipdirler. Pygamberimiz olara düýe süýdüni we pe­şe­wini içmegi tabşyrypdyr. Şeýdip olar şypa tapyp, gutu­lyp­dyrlar hem-de Pygamberimiziň çopanyndan bu zatlary içgin öwrenipdirler. Olara sataşan bu dert sarysuw keselidir. Sary­suw keseliniň döremegine agzalary sökýän sowuk madda sebäp bolýar. Ol kem-kemden ösýär. Sarysuw keseli etli sarysuw (لحمي), suwly sarysuw (مائي) we deprek sarysuw (طبلي) görnü­şin­de bolýar. Deprek sarysuw diýýänimiz, onuň garny edil dep­rek ýaly çişýär we garnyna kakyp görseň hem, edil depregiňki ýaly sesler eşdilýär. Düýe süýdünde sarysuw keselini aýryjy, ýumşadyjy, akdyryjy we iç geçiriji täsir köp, sebäbi düýe maly esasan ýowşan, çopantelpek, ýakymlyja ýaly otlar we sarysuw keselini bejermäge ukyply beýleki ösümlikler bilen iýmit­len­ýär.

Katadanyň Enese salgylanyp aýdan hadysynda, abraýly ko­wumdan bolan birnäçe adam Pygamberimiziň ýanyna gelip: «Biz şähere geldik welin, garnymyz çişip, ulalyberdi» diýipdir. Şonda Pygamberimiz olara düýe süýdüni içmekligi ündäpdir. Ýaňky aýdan şypamyz bu derdi bejermek üçin iň oňady we iň peýdalysydyr. Edil şu kesele şunuň ýaly täsir edýän başga derman ýok. Nygtamaly zatlaryň biri, bu keseliň bir özi ýüze çykman, ol bagra-da uly zyýan berýär. Ynsan iýip-içýän suw­dur tagamynyň ýerine düýe süýdi bilen iýmitlense, ähli babatda tiz şypa tapar. Özi hem bu melhem synalyp görlendir.

Peşewleriň içinde iň peýdalysy çöl düýesiniň peşewi bolup, onuň arassalygyny delillendirýän hadyslar bar. Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, Pygamberimiz süýt bilen agzyny çaýkapdyr. Ol: «Süýdüň ýagy gyzdyryp ýatanlar we başy agyrýanlar üçin ýakymsyzdyr» diýdi. Pygamberimiz şeýle diýmek bilen dogry aýdýar. Sebäbi süýt ýagy öde tiz öwrülýändigi üçin gyzdyryp ýatan we baş agyrysy bolanlar üçin örän zyýanlydyr. Tebiple­riň ýazmagyna görä, başy agyrýan we gyzzyryp ýatan adamlar süýt içmekden gaça durmaly. Goýun süýdi goýy we çygly bo­lup, onda ýakymsyz ys bolýar. Emma geçi süýdünde beýle däl­dir. Pygamberimiz ýanyna getirilen garry malyň süýdüni içip, «Bereket, bereket» diýipdir. Muny Buhary gürrüň berdi. Geçi süýdi ýakymly, oňat, iç geçirýän we çyglandyrýan, inçe­keseli bejermäge şypaly iýmitdir. Ýuwanlygy we goýulygy taýdan se­re­deniňde sygyr süýdi geçi bilen goýun süýdüniň ara­lygynda. Ol ýokumly we semrediji iýmitdir. Pygamberimiz bize onuň peýdasy hakda duýduryp: «Sygyr süýdüni unutmaň, ol şypadyr, ýagy bolsa derman» diýip aýtdy.

Ibn Mesgudyň aýtmagyna görä, Resulalla: «Hudaý her der­diň dermanyny ýaratdy. Sygyr süýdüni peýdalanmagy maslahat berýärin, sebäbi ol dürli daragtdan iýmitlenýär» diýipdir.

Bu hadysyň manysy iki bölekden ybarat bolup, olaryň bi­rin­jisi şeýledir: Allatagala dermany bolmadyk derdi indermedi. Diýmek, bu tebipçiligi öwrenmegi niýetiňe düwüp, pikir-ala­da­ňy herekete getirmelidigini ýatladýar. Eger her derde şypa bol­ýan dermanyň bardygyny bilse, ynsan şony tapmak, bilmek üçin jan eder. Sebäbi Taňry bendesinden talap edilýän zatlaryň biri saglygy goramak. Şeýtmek bilen din we dünýä işlerini kämil-tamam edip bolýar.

Ikinji tarapdan, Pygamberimiziň: «Size maslahat berýärin» diýen sözi, süýtde örän köp peýdanyň bardygyny bildirip, onuň üçin yhlas etmelidigini berkidýär. Bu hem öz gezeginde dürli dertlere bolan dürli şypanyň süýtde toplanýandygyny delillen­dir­ýär. Pygamberimiz bu ýerde ony dogry sebäpleri bilen gys­galt­mazdan beýan etdi. «Ol dürli daragtdan iýmitlenýär» diý­mek bilen, bakylýan örüleriň dürlüligine görä, süýdüň hem dür­li hili bolýandygyny bildirdi. Eger öri gyzgyn bolsa (örüdäki ösümlikler gyzgyn tebigatly bolsa) gyzgyn süýt, sowuk bolsa sowuk süýt hasyl bolýar. Ine şeýle görnüşde olary tanap bolýar.

Pygamberimiz: «dürlüsinden iýmitlenýär» diýmek bilen örü­leriň dürlüligine görä süýtleriň dürli hili bolýandygyny aýtmak isleýär. Eger hakykatdan-da dürli hili bolsa, onda Pygamberimiziň: «köp derde dermandygy» hakdaky sözi hem dogry bolup çykýar. Bu höküm we sebäp, gör nähili oňat we aýdyňdyr.

Düýe süýdüniň ýuwanlygy üçin, düzüminde ýaglylyk az bolýar, aşgazanda ýag çökündilerini emele getirmeýär. Aşga­za­ny agyr siňdirýän adamlara örän peýdalydyr, sebäbi ol bagryň gowşaklygy sebäpli ýüze çykýan aşgazan dykylmasyny we içgeçmäni bejerýär, şeýle hem içiňi geçirýän serişde hökmünde ulanylýar. Bu barada Pygamberimiz: «Düýe süýdünde we peşe­winde içgeçmä garşy şypa bardyr» diýdi.

Onuň ýene bir täsin häsiýeti bolup, syçanlaryň düýe süýdüni içmeýänligidir.

Abu Hüreýra salgylanyp aýtmaklaryna görä, Ysraýyl ko­wu­mynyň bir taýpasy syçana duşmakdan howatyr edýärmiş. Sebäbi, syçan goýun süýdüni görse, içip, düýe süýdüni hergiz içmeýän eken.

 لبن الحامضGatyk hakda aýtsak, ol sowuk-guraklygy sebäpli sowuk tebigatly aşgazanlara zelel, gyzgyn aşgazanlara bolsa peý­da berýär. Ganygyzgyn adamlaryň jynsy höwesini heýjana salýar.

 لبأOwuz, owuz süýdi.Haýwan çagasy doglan badyna sagylýan süýde owuz diýilýär. Ol bedeni çyglandyrýar we iý­mitlendirýär, tiz özleşýär. Owuz süýdüne bal garyp iýseň has peýdalydyr.

 Gäwmüş süýdi gyzgyn bolup, aýtmaklaryna görä suwda gezýän kiçijik mör-möjek oňa golaýlaşyp bilmeýär.

 لحمEt.Allatagala bu barada: «Biz olary miweler we et bilen kuwwatlandyrdyk»[4] diýdi.

Bureýda salgylanyp aýtmaklaryna görä: «Bu dünýäniň we ahyretiň iň oňat iýmiti etdir» diýilse, «Dünýä we jennet iliniň tagamlarynyň serweri etdir» diýlip, Abu Derdanyň aýdan ha­dysynda ýatlanylýar. Resulallanyň: «Et iýlende ýürege şatlyk çaýylýar» diýenini Abu Hüreýra gürrüň berdi. Aly: «Size et iý­megi maslahat berýärin. Ol hulkuňy gözelleşdirip, reňkiňi durlar», «Kyrk günläp et iýmedik adamyň hulky we görki bozular» diýdi. Şeýle-de bolsa, kyrk günläp diňe et bilen nahar­lanan adamyň ýüregi gatar diýibem aýdýarlar.

Sünnete görä eti günaşa iýmeli. Özem bu däp Omardan galdymyka diýýärin.

Tebipleriň bellemegine görä, ýokumlylygy güýçli bolan, be­deni iýmitlendirýän we kuwwatlandyrýan tagam – etdir. Iň oňady bir ýaşan goýnuň eti bolup, ol gyzgyn-çyglydyr. Siňmesi ýeňil we tagamly et gara goýnuň eti hasaplanýar. Garry malyň eti ýaramsyz bolýar. Boýun eti guýruk etinden gowy görülýär. Bularyň gowusy hem çylka etdir.

«Resulalla omuz etini iýmegi halardy» diýip, Ibn Apbas aýt­dy. Şuňa meňzeş söze Abu Hüreýrada hem duş gelýäris. Mujahidiň sözlerinde bolsa, urkaçy goýnuň boýun etini iýmäni halandygy beýan edilýär. Urkaçy goýnuň kelle we göwre eti ýaramsyzrak bolup, iň lezzetli we tiz siňýän ýeri boýun etidir.

Pygamberimiz: «Haýra ýakyny we ezýetden uzagragy goý­nuň boýun etidir» diýdi. Döş eti bolsa ýokumlylygyndan baş­ga-da, arassa ganyň döremegine peýda berýär. Bu hakda Py­gam­berimiziň «Iň ýagşy ýeri döş etidir» diýen sözi bar.

Gowrulan etiň ýokumy guraksy, gaýnadylan etiňki gowy bolýar.

Tebipçilik sungatynyň ymamy Galen bu barada şeýle diýdi: «Iň ýaramlysy gaýnadylan etdir. Semiz we ýagly et ýaramsyz we ýokumy az bolýar. Sag böwrüniň eti çep böwrüniňkiden ýeňil we oňatdyr».

«Eti gowy çeýnäp iýiň, şonda ol tagamly we ýakymly bo­lar» diýip, Pygamber alaýhyssalam aýdypdyr. Onuň goýnuň omuz etini bölekläp, täret almazdan namaz okamaga başlan­dygy hakdaky gürrüňler dogry.

Muhammet Ibn Wasyg: «Et iýmek kuwwatyňy, güýjüňi ýetmiş esse artdyrar» diýdi.

Geçi etiniň içinde iň oňady iki gezek owlaklan geçiniňkidir. Onuň etinde guraklyk we az mukdarda gyzgynlyk bar. Gurak­ly­gy güýçli, siňmesi agyr we gara öt (söwdaýy) kesellerini dö­red­ýänligi üçin goçuň eti ýakymsyz hasaplanýar. Ol gaýgy-gamy we huşsuzlyk derdini döredýär. Emma tişiniň (urkaçy malyň) eti peýdaly. «Geçileriňizi oňat bakyň we yza berýän zat­lary ondan aýyryň. Çünki geçi jenneti haýwandyr» diýip, Py­gamberimiz aýtdy.

Owlak eti oňat görülýär, esasanam süýt emip ýören ow­la­gyň eti tiz siňýär, galyndysy az bolýar. Sygyr eti sowugrak bolýar, eger gurak bolsa agyr siňýär, öt (söwdaýy) suwuk­ly­gy­nyň bölünip çykmagyna kömek edýär. Göle eti has oňat gö­rül­ýär. Suheýpden eşiden hadyslarymda: «Size sygyr süýdüni iç­mek­ligi maslahat berýärin. Sygryň süýdi şypa, ýagy bolsa der­man­dyr» diýilýär.

Burç we dalçyn garyp iýseň, sygyr etindäki dertlerden goraýar. Gyzgyn-gurak tebigatly bolan eşek eti zyýanlydyr. Eşek etini iýmäge rugsat berilendigi hakda çapraz pikirler bar. Ýöne Pygamberimiziň Haýbar söweşinde öý eşeklerini iýmegi gadagan edip, at etini iýmäge rugsat berendigi dogry.

Düýe eti gyzgyn-gurak bolup, öt suwuklygynyň bölünip çykmagyna kömek edýär. Köşek eti oňat etleriň biridigine garamazdan, ysly bolýar.

Ibn Sina at, düýe we eşek etiniň ýaramsyzdygyny aýtdy. Pygamberimiz hem düýe etini iýeniň hökman ýuwunmaly­dy­gy­ny buýurdy. Gyýak dişli wagşy haýwanlaryň we dyrnakly (penjeli) guşlaryň etini iýmek gadagan edildi. Guş etini köp iýmek dürli dertleriň we gyzdyrmanyň döremegine sebäp bol­ýar. Şonuň üçinem ony az iýmek maslahat berilýär. Pygamberi­miz­den aýdylýan bir rowaýatda: «Et iýmekden häzir boluň, çünki ol edil şerabyňky ýaly gahar-gazaby, wagşylygy oýar­ýan­dyr» diýmesi, şu zeýilli haýwanlaryň eti hakdadyr.

 لسان ثورGäwzyban. (Anchusa). Gyzgyn-çygly ösümlik­le­riň hataryna girýän bu dermanlyk otuň suwy (gaýnadylan, sy­ky­lan) ýüregi güýçlendirýär, ýürek urgusyna peýda berýär. Was­wasylygy dep edýär. Gaýnadylyp we bişirilip ulanylýan bu ot bilen ýürek agyry derdini bejerip bolýar.

 لسان الجملAtgulak. (Plantago major).Sowuk-gurak tebi­gat­ly ösümlik. Gan akmasyny togtadýar. Ondan ýasal­ýan içgi hem peýdalydyr.

 لفـتŞalgam. (Raphanus).Bu hakda «şin» harpynda, «şalgam» baradaky sözümizde aýdyp geçipdik.

 لوزBadam hozy. (Amygdalus communis).Badam hozu­nyň süýji tagamlysy üsgülewige peýda berýär we çyglan­dyr­ýar, şeker bilen garyp iýseň erkeklik tohumyny we beý­niň işjeň­ligini artdyrýar, bedeni ýokumly maddalar bilen iý­mitlendirýär. Ajy tagamly badam hozy içde dörän daşla­ry eredýär.

Äşeden rowaýat etmeklerine görä, bir gezek badam hozun­dan ýasalan içgini berenlerinde, Pygamberimiz ony yzyna gaý­taryp: «Menden soňra bu diňe ägirt we has gurply adamlaryň içgisi bolar» diýipdir.

 لؤلؤDür.Gyzgyn halynda oňat tebigatly, sowuk; çygly we gurak halynda ýürek urgusyna, gorky we howp derdine peýda berýär. Ýaşaryp duran gözi bejermek üçin dür sür­te­mek ýeter­lik, agzyňda saklasaň ýüregiňi güýçlendirýär.

Allatagala bu daşy öz kitabynda agzap geçdi.

 لويباNoýba. (Vigna unguiculata).Jynsy joşgunyňa ýar­dam berýän, siňmesi agyr bolan bu iýmitde ýellendirijilik tä­sir bar.

 ليمونLimon. (Cutrus limonia).Limon gabygy we maňzy gyzgyn-gurak bolup, limon kislotasy sowukdyr. Saglygyňy goramak üçin şeker garyp ulanmak gerek. Balgamyň zelelinden gorap, ötle kesellerini aýyrýar. Jynsy höwesiňi oýarýar. Limon içgisi gusmagy we ýürek bulanmasyny kesýär. Limonyň peý­dasy örän köp.


[1]Mysgal¾ölçeg birligi, takmynan 4,68 grama deň.

[2]Gurhanyň «Muhammet»süresiniň 15-njiaýaty.

[3]Gurhanyň «Balary»süresiniň 66-njyaýaty.

[4]Gurhanyň «Tur»süresiniň 22-njiaýaty.