«Mim» harpy.«Nun» harpy.«Alehi» harpy.«Waw» harpy.«Ýa» harpy.

Başy » Pygamber tebipçiligi » «Mim» harpy.«Nun» harpy.«Alehi» harpy.«Waw» harpy.«Ýa» harpy.

«Mim» harpy

م

 ماء وردGülap. Pygamberimiz: «Bu dünýäniň we ahyre­tiň iň ýagşy içgisi suwdur» diýdi. Ol sowuk-çygly bolup, gyz­gyn­lygy ýatyrýar, bedeniň asyl çyglylygyny gorap saklaýar. Iýmitleri ýumşadyp, damarlara baryp ýetmegini üpjün ed­ýär. Suw bolmazdan iýmit hem öz işini doly bitirip bil­me­ýär. Iň oňa­dy gündogara tarap akyp ýatan, üsti açyk suw­dur, soňra gaýra tarapa akýan suw ýokumly bolýar. Daşla­ryň üstünden akyp geçýän suwdan topragyň üstünde akýa­ny has gowudyr. Beýikden pese akýan suw hem oňat görül­ýär. Suwlaryň hili onuň arassalygy, yssyzlygy, tagamsyz­ly­gy, ýeňilligi, gözbaş­dan we süýjülikden uzaklygy ýa ýakyn­ly­gy bilen ölçelýär.

 ماء النيلNil suwy.«Nil suwuny dört häsiýet bilen çäksiz öwdüler» diýip, Ibn Sina aýtdy. Olar gözbaşdan uzaklygy, akgynlydygy, gaýra tarapa akýandygy we bollugydyr. Şeýle röwüşde akýan islendik suw iň oňady hasaplanýar.

 ماء الفراتÝewfrat derýasynyň suwy hem şeýle suwlaryň biridir. Muhammet Pygamberimiz: «Syrderýa, Amyderýa, Nil we Ýewfrat jennet derýalarydyr» diýdi.

Çalt akýan suwlar ýeňil we ýuwan bolýar. Olar tiz gaýnaýar we tiz sowaýar.

Tebipçilik sungatynyň piri we Galeniň halypasy Bukrat hekim suw barada şeýle diýdi: «Ajöze suw içmekden häzir bol, zerur bolmasa tagamyň üstüne hem suw içme. Ýata suw özüniň durulygy üçin läbik we beýleki suwlardan oňat görülýär».

Süýji suw içesi gelen halaty Pygamberimizem ýata suwy saýlar eken. Jabyr şeýle aýtdy: «Pygamberimiz bir gezek suw içmekçi bolanda: «Kimiň meşiginde talh (ýata, şor) suw bar bolsa şony, bolmasa akar suwy içesim gelýär» diýipdir.

«Gap-çanaklaryňyzy we suwly gaplaryňyzy örtüp goýuň. Çünki, ýyl içinde bir gije bolup, şonda asmandan mergi keseli ýere inýär, agzy açyk goýlan gap-çanaklaryň we suwly gap­la­ryň ählisine şol dert düşýär» diýip, Pygamberimiz aýtdy. El-Leýs bu hakda şeýle diýdi: «Biziň aramyzda ýaşaýan keseki adamlar, şol gijäniň Bitaraplyk aýyndadygyna uýýarlar».

Aşa sowuk suwlary içmekden häzir bolmaly, sebäbi ol dişleriňe zyýan berip, ses boguklygyny we üsgülewigi möwjed­ýär, yzygider içseň gan akmasyna, dümewlemä, döş-gursak agyrylaryna getirer. Ýöne şeýle-de bolsa, içdäki bugarmanyň başyňyza göterilmeginden goraýar, gyzgynlyk zerarly dörän gyzzyrmany ýatyrýar. Bu hakda nesip bolsa «gyzzyrmanyň bejerilişi» bölüminde aýdarys. Aşa gyzgyn suw içmek joşguny­ňy, jynsy höwesiňi ýatyrýar, aşgazanyň işleýşini gowşadýar we sökýär, iýmit siňdirişini bozýar. Muňa garamazdan ol garrylar, garaguş derdi we sowuk başagyrysy bolanlar üçin ýaramlydyr.

 ماء المشمسGün astynda duran suw. Ibn Apbasyň getirýän hadysynda: «Güneşde duran suwa ýuwnyp heýwere keseline duçar bolan adam, özünden başga kişä käýinmesin» diýilýär. Emma hadys ylmy bilen meşgullanýan alymlar bu hadysyň toslamadygyny aýtdylar.

 ماء المطرÝagyş suwy. Suwlaryň içinde iň oňady we ýakymlysy ýagyş suwy bolup, ol ýeňilligi, ýakymlydygy we bereketlidigi üçin örän köp derdi bejermäge peýdaly. Allata­ga­la bu barada: «Biz asmandan bereketli suw inderdik»[1] diýip aýtdy.

Iň ýaramazy ýer astyndan akýan we ot ösýän suwdur.

 ماء البئرGuýy suwy. Guýy suwunyň ýakymlylygy az bolýar, eger akmaýan bolsa has-da ýaramaz. Olaryň içinde iň oňady Zemzem guýusynyň suwudyr.

Pygamberimiz bu hakda: «Zemzem suwuny nämä niýetläp içseň, şoňa şypa berer», «Ol tagamlaryň tagamy, dertleriň şy­pa­sydyr» diýdi.

Guýy suwunyň agyrdygy we yslydygy, ol ýerde gün şöh­le­siniň we howanyň ýoklugy hem-de akmaýanlygy bilen düşün­diril­ýär. Hanasy gurşundan ýasalmadyk bolsa has hem ýaram­syz bolýar.

Gar we buzda gyzgyn bugaryjylyk hal bolup, ol ikisiniň suwy zelel berýär. Ony bir gaba salmaly we soňra ýyladyp peýdalanmaly.

 ماشMäş. (Phaseolus aurea).Sowuk-çygly tebigatly, ýag­şy häsiýetli bolup, üsgülewigi bejermekde peýdalanylýar. Ol gany gyzgyn adamlaryň iýmeli tagamydyr.

 ماء الورد النصيبيNesibi gülüniň suwy.Ýürek oýnamasyny bejermek üçin peýdaly. Sirke garyp ulansaň gyzgyn baş agyryny köşeşdirýär. Ondan 10 dirhemlik möçberinde iç­seň on gezek dagy içiňi geçirýär. Nesibi gülüniň suwuna saçyňy köp ýuwsaň tiz çalardýar.

Pygamberimiziň: «Ýakymly zatlar yzyna gaýtarylmaýar» diýen sözüni öň ýatlapdyk, sebäbi Pygamberimiz ýakymly zatlary gowy görýärdi.

محمودةÇyrmaşyk, peçek.(Convolvulus scammonea). Üçünji derejeli gyzgyn-gurak tebigatly ösümlik, öt suwukly­gyny(safra)bölüp çykarýar. Onuň güýjüniň täsiri 30-dan 40 ýy­la çenli saklanýar.

 مرجانMerjen.Bu magdany Allatagala hem ýatlady. Iň oňady gyzyl merjen bolup, ol sowuk-gurak tebigatlydyr. Ýü­regi güýçlendirýär, şatlandyrýar, ýürek oýnamasyny bejer­mekde peýda berýär.

Merjeni synlamak gözüňi ýiteldýär. Merjen ýürek kesel­leriniň iň oňat dermanydyr. Ol köňül ejizligini, göwni sy­nygy, ruhy gowşaklygy we demgysmany dep edýär.

 مرزنجوشÝakymlyja. Maýoran[2]. (Origanum majorana). Gyzgyn-gurak tebigatly, beýnidäki gan dykylmasyny ýaz­ýan, dümew üçin peýdaly ösümlik. Bu ösümlik hakda Enes: «Ýakymlyjany peýdalanyň, ol ys alyş duýgularyny açmak üçin oňat dermandyr» diýip, Pygamberimiziň sözüni getir­di.

 مسكMüşk. (Muscus).Allatagala bu barada: «Onuň möh­ri müşk bolar»[3]  diýdi. Müşk gyzgyn-gurak tebigat­ly­dyr. Ol ýüregi güýçlendirýär. Hoşboý yslaryň içinde iň zyýadasy müşkdir. Müşk sowuklan adamlar üçin örän peý­daly. Içmek ýa-da ysgamak bilen içki agzalaryňy güýç­lendirip bolýar. Ýürek oýnamasyny we bulanmasyny bejer­mek, içdäki ýellen­mäni aýyrmak, zäherli ýokundylary ýok etmek üçin oňat serişde. Resulalla müşk sepinmek bilen özüne timar bererdi. Äşe hem yhram eşigine girende we çykanda müşk sepiner eken. Abu Sagyt Hadara salgylanyp aýtmaklaryna görä, Py­gam­berimiziň hadyslarynda: «Hoş­boý yslaryň ýagşysy müşk­dir». «Aýbaşyly zenan arassala­nan wagty, gan yzlaryna müşk çalmagy emr etdi». «Aýal­la­ry bilen gatnaşanda müşk sepin­megi talap ederdi» diýilýär. Anna güni hoşboý ysly sepinmegiň gowy görülýändigini alym­lar aýtdy. «Resulalla anna güni hoşboý yslary atyrlary sepinmegi we ýuwunmagy buýurdy».

Müşk hem şatlandyryjy serişdeleriň biridir. Ol sowuk mi­zaj­ly adamlar üçin tapylgysyz dermandyr. Müşk howanyň durkuny sazlaýar, hat-da mergi keseli bolaýsyn, ol howanyň aras­salanmagyna uly ýardam berýär. Müşk bilen özüňi bejer­mäge rugsat berlendir. Müşk – ýabany keýigiň göbek ga­ny bolup, burk urýan ysy we dermanlyk täsiri babatda iň oňady Horasan keýiginiň, soňra Hytaý we Hindi keýiginiň müşküdir.

مشمشErik. (Armeniaca).Sowuk-çygly tebigaty bolan, tiz çüýreýän miwe. Şireli suwy teşneligiňi gandyrýar. Şet­dala garanyňda aşgazan üçin muwapygy erikdir. Ony kişde edibem ulanyp bolýar.

 مصطكيMastika, sakgyç.Gyzgyn-gurak tebigatly, balga­my dertleri eredýän, aşgazany güýçlendirýän we şöhwetiňi oýarýan ösümlik. Gägirdýär we deriňi ýumşadýar, reňňi-roýuňy gözelleşdirýär. Derman içmeziňden owal çeýneseň gusmagyň öňüni alýar. Gül ýagy bilen garyp ulansaň, iç kesellerini köşeşdirýär.

 مغافيرAkasiýa.Bal bilen garylan akasiýa ysgynly (kuw­wat­ly) otuna ýa-da şepbige çalymdaş bolýar. Hyjazyň adam­lary ryms[4] we uşr[5] otunyň akasiýasyny iýýärler. Ryms otunyň akasiýasy ak reňkli we süýji bolýar, uşr aka­si­ýasyna bolsa uşr şekeri diýilýär. Pygamberimiziň hadys­larynda akasiýa hakda hem agzalýar. Uşr hakda «aýn» harpynda aýdypdyk.

 ملحDuz.Üçünji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatly iýmit. Duzy kadaly ulansaň reňkiňi nurlandyrýar. Onda iç geçiriji we gatadyjy täsir bar, jynsy höwesiňi oýarýar. Duzy köp ulanmak gotur, gijilewük ýaly dertleri döredýär. «Iýýän tagamlaryňyzyň serweri duzdur» diýip, Resulalla aýtdy. Ibn Mesgudyň aýtmagyna görä, bir gezek Pygamberimiz namaz pursaty seždä egilipdir. Şol wagt onuň barmagyn­dan içýan çakyp gidipdir. «Pygamberimizi çakanlygy üçin Alltagala içýany näletledi» diýip, Pygamberimiz aýdypdyr hem-de duz atylan bir çanak suwy alyp gelmegi tabşyryp­dyr. Ol içýan çakan ýerini duzly suwa batyryp, tä agyrysy köşeşýänçä «Kul Huwalla», «Falak» we «Nas[6]» sürelerini okap oturypdyr.

Şu ýerde içýan zäherine garşy duzuň peýdasy hakda habar bar. Ibn Sina içýan zäherini bejermek üçin zygyr dänesini duz bilen garyp sargy edipdir. Duzuň gyzgynlygy sebäpli, onda sowuk zäherlere berk garşylyk bar. Ol zäheri özüne sorup alýar we sagaldýar. Sebäbi, içýanyň zäheri sowuk, ýylanyň zäheri gyzgyn bolýar.

«Kimde-kim ýatar wagty: «Älemleriň (adamlaryň) içinde Nu­ha salam bolsun» diýse, şol gije içýan çakmaz» diýlip, Abu Umamanyň getiren hadysynda aýdylýar. Abu Hüreýranyň getirýän meşhur hadysynda: «Ýatar wagty: «Auzu bikelämitil­lähi-t-tämmät min şerri mä halaka» («Allanyň kämil sözleriniň hormatyna, ýaradan zatlarynyň şerinden goramagy üçin Huda­ýa sygynýaryn»] diýse, hiç bir zat oňa zelel bermez» diýilýär.

Etiň porsamazlygy we zaýalanmazlygy üçin oňä duz sepil­ýär. Tagamlaryň, bedeniň, hatda altyn bilen kümüşiň, gowy bol­magy üçin duzuň peýdasy köpdür. Duz garylan (duzda goýlan) gyzyl öňküsindenem saralýar, kümüş bolsa agarýar.

Ibn Omaryň: «Magalimut-tenzil» atly kitabynda, Allanyň asmandan dört sany bereket inderendigi, olaryň demir, ot, suw we duzdugy beýan edilýär.

 منّ. Şirinje, şire.Manna. Allatagala bu iýmiti «Size şirin nygmatlar we bedeneler ýagdyrdyk»[7] diýmek bilen ýat­lady.

Ol gyzgyn-gurak täsirlidir, emma aram hallydyr diýýänle­rem bar. Ol gülhaýyr otuna daman şire bolup, ondan saplanany ak şire, otuň özündäki bolsa ýaşyl şiredir. Bu şiräniň haýsy ösümlige düşýändigine görä, onuň kuwwaty artyp ýa-da keme­lip durandyr. Şirinje nygmaty döş-gursak agyrylaryny, üsgüle­wigi bejermek üçin hem peýdalanylýar.

موزBanan. (Musa).Birinji derejeli, gyzgyn-çygly, ýokum­lylygy az bolan ösümlik. Sowuklan adamlara banana bal garyp iýmek maslahat berilýär. «Talhy» - «jennet bananyny» ýöne banan hasaplaýanam bar.

«Nun» harpy

 ن

 نارجيلKokos palmasy. (Cocos nucifera).Bu hindi hozy diýilýän ösümlikdir. Ak reňkli kokos iň oňady bolup, ol jyn­sy höwesiňi artdyrýar, bil agyrysyna peýda berýär.

 نارنجTurşy pyrtykal. Mandarin. (Citrus nobilis).Onuň ýakymly ysyny ysgamak ýüregiňi güýçlendirýär. Gabygyny gaýnadyp bir mysgal içseň içýanyň we beýleki mör-möjek­le­riň zäherini aýyrýar. Turşy pyrtykalyň turşulygy bilen awuly aşgazan çişmesi bejerilýär. Geýim-gejimdäki tegmil­le­ri aýyrmaga kömek edýär. Gabygynyň, dänesiniň we maň­zynyň hulky edil utruj miwesiniňki ýalydyr. Aýak sowuklamasyny we çykmasyny bejermek üçin turşy pyrty­kal gabygyny zeýtun ýagyna gowrup, melhem etmeli.

 نارOt.Allatagala ody ýatlap geçdi. Ol iň soňky – dör­dünji derejeli, gyzgyn-gurak täsirlidir. Ähli ötüşen kesel­ler oda köýdürmek bilen bejerilýär. Bu hakda nesip bolsa «köýdürmek» bölüminde aýdarys.

 نبقÝabany noýba. Nabk. (Jujuba).Ol lotosa we gyzyl agaja çalymdaş bolup, gyzgyn-sowuk täsirli, tebigatyňy ber­kidip, mädäňi eýleýän ösümlikdir. Abu Nagymyň «Te­bip­çilik» eserinde: «Zemine düşürilende Adam atanyň iýen ilkinji zadynyň nabk miwesidigi» aýdylýar.

 نخالةKepek.Gyzgyn täsirli, üsgülewigi we döş-gursak agy­ry­laryny bejermek üçin ony bişirip peýdalanmaly. Rediska ýapragy bilen garyp ulansaň içýan zäherini köşeşdirýär.

 نخـلHurma agajy. (Phoenix).Hudaýyň ýatlan ösümlik­leriniň biri. Onuň ýapragynda guraklyk we guradyjylyk täsiri bar.

 نرجسNerkes. (Narcissus orientalis).Gyzgyn-gurak täsir­li ösümlik. Beýnidäki gan dykylmasyny we guduz keselini bejermekde iň täsirli ösümlik. Dermanlyk serişdesi hök­mün­de giňden ulanylýan nerkesde gusduryjylyk güýji bar. Bu täsir nerkesi iýeniňde has ýiti bildirýär. Bir hadysda: «Nerkes gülüni ysgaň! Her kimsäniň ýüreginde dälilik we heýwere keselinden bir zerre bardyr, ony nerkesden başga hiç zat aýryp bilmez» diýilýär.

 نعناعNarpyz. (Mentha).Gyzgyn-gurak täsirli, ulanmaga ýakymly, aşgazan işleýşini güýçlendirýän ösümlik. Synçgy­lawugy köşeşdirýär, gusmany kesýär we jynsy joşgunyňa ýardam berýär. Eger süýdüň içine narpyz atsaň, ol hiç ýag tutmaz (ýagly bolmaz).

نورةÄhek daşy[8].Myşýak hekini myşýagyň üçden bir suwy bilen garyşdyrmaly. Soňra bir sagat günüň astynda ýa-da hammamyň içinde goýmaly. Gök reňke boýalandan soňra çalybermeli. Az salymdan soň bolsa ýuwunmaly.

«Pygamberimiz ähek daşyny çalynjak bolsa, ilki bilen owrat ýerinden başlardy» diýip, Ümmi Selme aýtdy.

Hammama girip, ähek daşyny ilki ulanan Süleýman ibn Da­wut pygamberdir. Ähek çalnan ýere soňra hyna sürtemeli. Aýtmaklaryna görä, ähek daşyndan soňra hyna ulanmak heý­were keselinden gorap saklaýar. Pygamber alaýhyssalam ähek daşyny ulanypdyr we özgelere-de maslahat beripdir.

Onuň ýakymsyz ysyny aýyrmak üçin palçyk, sirke ýa-da gülap sürtmek ýeterlik.

 نوفرNowper.Sowuk-çygly täsirli, ukladyjy, başagyryny köşeşdirýän ösümlik. Aşa köp ysgamak beýniň ejizleme­gi­ne, akyl we duýgy güýçleriniň gowşamagyna getirer, jynsy hö­wesiňi köpeltse-de, ynsan tohumynyň artmagyny azald­ýar. Nowper içgisi örän arassa bolup, üsgülewigi ýatyr­ma­ga peýda berýär, nowper güli holera öwrülmeýär.

 نمامKäkilik oty. (Thymus serpyllum).Gyzgyn-gurak tä­sirli bolup, synçgylawugy ýatyrmaga peýda berýär.

 نملGarynja.Garynja Allanyň ýatlap geçen haýwany­dyr. Bu hakda Gurhanda: «Eý garynjalar, mesgeniňize giriň»[9] diýilýär. Garynjany gaýnadyp, gabagyňa çalsaň, saç ösmesiniň (bitmesiniň) öňüni alýar. Heýwere keseline sürtseň tiz aýyrýar.

 

«Alehi» harpy.

ه

 هدهدHüthüt, hüýpüpik.«Häsiýetler» atly kitapda hüý­pü­pigiň häsiýeti hakda şeýle diýilýär: «Huşsuzlyk derdin­den kösenýän adam, ony dakynyp ýörse, essinden çykan zat­lary ýat­lar. Ony ýanynda göterip ýören adam, duşman­laryny syn­dyrar. Jadylanan ýa-da doga edilen aýaly, bu täsirden açmak üçin hüýpüpik guşuny tütetmek gerek. Etini bişirip iýseň saç çalarmagynyň öňüni alýar».

Meniň pikirimçe, bu häsiýetleriň aglabasy gabat gelip du­ranok. Ýöne hüýpüpik Allanyň ýatlan guşudyr.

 هليونSersepil. (Asparagus officinalis). Gyzgyn-çygly tä­sir­li, böwrek dykylmasyny açýan we bilagyrysyna peýda ber­ýän serişde. Sersepili peýdalanmak erkeklik tohumyny artdyr­ýar we çaga dogluşyny tizleşdirýär. Sersepil gaýna­dy­lan suwy itler içse ölýär.

 هليلجHelile. Mirobalan. (Terminalia chebula).Heliläniň üç görnüşi bolup, olar sary helile, käbili we hindi helilesi atlandyrylýar. Beýleki görnüşleri hem şu üçüsine dolanyp gelýär. Helile sowuk-gurak täsirlidir. Sary helile öt geç­me­sine, käbili helile balgamy içgeçmä, hindi helilesi bolsa gara öt içgeçmesine garşy peýdalanylýar. Heliläni guradyp, gaý­na­dyp we däne görnüşinde ulanyp bolýar. Sary heliläniň dänesi agyz boşlugyndaky gyzgynlygy sowadýar. Käbili he­li­läni bal bilen garyp mürepbe edip bolýar Ol saç çalar­masynyň öňüni alýar, agzyňda ýakymly ys döredýär, işdäňi açýar.

Heliläni jennet daragty hasap edýärler, onuň ýetmiş dürli kesele şypalygy hakda rowaýat bar.

 هـندباءSyçratgy. (Cichorium).Onuň tebigaty pasyllara gö­rä üýtgäp durýar. Tomus döwründe gyzgyn, gyş döwrün­de so­wuk täsirli bolýar. Näzikligi üçin bal bilen garyp iýseň kuwwatyny ýitirýär. Gyzgyn we sowuk häsiýetli bagyr ke­sel­lerine derman bolýar. Syçratgyny köp peýdalanmak iç ýellen­mesini döredip biler. Şonuň üçin ony sirke we şeker garyp peýdalanmak gerek. Ony gaýnadybam, «dinary» şe­rabyna ga­ry­bam ulanyp bolýar.

Pygamberimiziň hadysynda: «Syçratgy iýiň we oňa ýaman göz bilen garamaň. Çünki onuň üstüne jennet damjasy düşme­ýän ýeke gün hem ýokdur» diýilýär.

 

«Waw» harpy

و

 وخشيزكWagşyzäk.Gyzgyn-gurak täsirli bolup, ondan bir mysgal içseň içdäki gurçuklary öldürýär.

 وردBägül, gunça. (Rosa).Ikinji derejeli, sowuk-gurak täsirli ösümlik. Bal ýa-da şeker garylyp taýýarlanylan gül mürepbesi gyzgyn täsirli bolup, aşgazan işleýşini güýçlen­dir­ýär, nahar siňmesine ýardam berýär. Onuň başynda gyzgynlygyň güýçlüligi zerarly, ysgasaň asgyrdýar. Şeýle dertli adamlara «tomzak keselli» diýilýär.

Nesibi güliiç sürdüriji serişde hökmünde peýdalanylýar. Ondan «Mekrumy» atly ajaýyp gül içgisi we nesibi gülüniň mäjumy taýýarlanylýar. Emma owadan gyzyl gülde iç saklaýjy täsir bolup, ondan ter gül içgisi, gyzyl gül mäjumy we gyzyl gül ýagy taýýarlanylýar. Ak gülden arassa gül mäjumy taý­ýar­la­nylyp, onuň güýji iç saklaýjy we ýumşadyjy täsiriniň araly­gyn­dadyr. Syýa gülden ýagly we şireli gül melhemi taýýarla­nyl­ýar. Ýagly gül melhemi beden agzalaryny güýçlendirýär, şi­re­li gül melhemi bolsa agyrylary köşeşdirýär.

 ورسSary agaç. (Reseda luteola).Ikinji derejeli, sowuk-gurak täsirli agaç. Iň oňady Ýemende bitýän, gyzyl reňklisi bolup, ýüzdäki sepgilleri, düwürtikleri we gijilewügi aýyr­makda peýdasy köpdür. Gaýnadyp içseň ýa-da çalynsaň heý­were keselini bejerýär. Bu daragtdan ýasalan geýim jynsy höwesiňi güýçlendirýär.

Termeziniň aýtmagyna görä, Pygamberimiz plewrit[10] kese­linden saplanmak islese zeýtun ýagyny we sary agajy peýda­lanar eken.

«Ýüzümizde sepgildir menek bolsa, şol ýere sary agajy sür­terdik» diýip, Ümmi Selme aýtdy. Pygamberimiziň sary agaç we zagpyran bilen boýalan geýimi gadagan edendigini, Buhary rowaýat etdi. Sebäbi şol zatlar bilen boýalan eşik jynsy höwe­siňi oýarýar.

 وسمةWesme.Bu «Nil ýapragy» diýilýän otdur. Ony bo­ýa­ga garyp ulansaň, çal saçy has gözelleşdirip görkezýär.

Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, saçyna hyna çalan bir ada­myň geçip barýanyny gören Pygamberimiz: «Gör, bu nähili oňat zat» diýipdir. Soňra hyna we nil boýag(ol hem boýag ösüm­ligi) çalynan birini görende: «Bu hem oňat» diýip aýdyp­dyr. Emma sara boýanan üçünji birini görende: «Bu ählisinde­nem gözel» diýip dillenipdir.

Osman bilen Mikdat hem saçlaryny sary reňke boýar eken­ler. Pygamberimiziň Abu Kahafäniň çal başyny görüp: «Ony üýtgediň, ýöne gara boýamakdan gaýra duruň» diýendigi dog­rudyr.

«Ýa» harpy

ي 

 ياقوتÝakut.Ýüregiňi güýçlendirýär we şatlandyrýar, zäherleriň täsirini ýok edýär. Agzyňda saklasaň teşneligiňi kesýär. Ýakut Allanyň ýatlan daşlarynyň biridir. Beýik Per­werdigäriň gadymy kelamynda uşmahdaky hüýr gyzlar hem ýakuta meňzedilip: «Olar edil ýakut we merjen ýaly­dyr» diýilýär. Tebigy jähtden we mäkämliginden, derman­lyk häsiýetinden, päkizeligi we gymmatynyň zyýadalygy taýdan göwherleriň we beýleki daşlaryň arasynda ýakut ýaly ajaýyby ýokdur.

Gyzyl we sary ýakutyň tebigaty yssy-gurakdyr. Gara we gök ýakut sowuk-gurakdyr.Ak ýakut sowugrak, ýaşyl ýakutyň tebigaty aramlyga ýakyn bolýar.Ýakuty birnäçe sagat agzyňda saklasaň, köňle kuwwat we ruhy iýmit berýär.Barça gaýgy-gamdan saplaýar. Süňňüň tebigy ýylylygyny saklap, teşneligi we bedendäki beýleki ýat gyzgynlygy dep edýär. Süňňüňe ýylylyk, joşgun we gujur berýändigi üçin ýakut şatlandyryjy serişdeleriň hataryna girýär. Nahar wagty ýakutyň bir bölegini götermegiň, dakynmagyň kalbyňa örän peýdasy bar. Ol köň­lüňi nurlandyrýar¸ beýleki agzalaryňa hem zyýada güýç-kuw­wat berýär. Ganyňy arassalaýar. Her kim öz ýanynda ýakut göterip gezse, mergiden, gyrgyndan, gark bolmadan, ýyldyrym urmadan aman bolar. Halk nazarynda eziz we hormatly görner. Gadyry we gymmaty artyk bolan her ýakutyň dermanlyk täsiri, peýdasy we häsiýeti has zyýada bolýar. Her gözelligiň gym­maty onuň diňe daşky görküne görä däl-de, ynsana berýän peýdasyna görä kesgitlenýär. Sary ýakutyň beýleki ýakutlara mahsus bolmadyk bir häsiýeti bar: Kim sary ýakuty dakynyp ýa-da göterip gezse, hergiz gara basmaz, gorkunç düýşleri görmez. Ak ýakuty agzyňda saklasaň¸ teşneligiňi gidirer.

 ياسمينÝasmin. (Jasminum).Garrylar üçin örän peýdaly bolan bu ösümlik gyzgyn-gurak tebigatlydyr. Ýasmini köp ysgasaň ýüzüňi saraldýar, ondan alynýan ýag süňňüňi gyz­dyrýar. Gury ýasmini gaýnadyp, gara saçyň üstüne guýsaň, ony tiz agardýar.

 يقطينKädi. (Cucurbita).Muny «kaf» harpynda ýatlap ge­çipdik. Eý, ynsan, Allanyň şu sözlerini oka, pikirlen we netije çykar.

«Eýsem olar, biziň köp dürli peýdaly ösümlikleri ýaradyp goýan Ýerimizi görmedilermi?»[11]. «Ösümliklerdir miwelerden her dürli gözel jübütleri gögertdik»[12].

Bu sözleri, peýdalary we zelelleri ýaradan beýik we täk Allatagala aýtdy. Islän bendesine onuň zyýanyny we peýda­syny, hulkyny, sowuk ýa gyzgynlygyny, çygly ýa guraklygyny öwretdi. Men bolsa bu ýerde deňizden damjany, köp zadyň azajagyny ýatlap geçdim. Hudaýdan umyt etmeýänler muny hem ýatlamazdy.

«Elbetde munda kalby ýa-da özi häzir bolup, gulak asan kişiler üçin ýatlatma-ybratlar bardyr»[13].


[1]Gurhanyň «Kap»süresiniň 9-njyaýaty.

[2]Ýakymlyja, maýoran – ýakymly ysly, gury ýerde bitýän we ekilýän ot ösümligi. Onuň ýapraklaryndan we gülünden meşhur atyr alynýar.

[3]Gurhanyň «Mutaffifin»süresiniň 26-njyaýaty.

[4]Ryms – gury ýerde bitýän ot ösümligi.

[5]Uşr – gury ýerde bitýän, dermanlyk täsiri bolan ösümlik.

[6]«Kul Huwalla», «Falak» we «Nas»

[7]Gurhanyň «Bakara»süresiniň 57-nji aýaty.

[8]Ähek daşy – endamdaky artykmaç tüýleri ýok etmek üçin ulanylýan hek daşy.

[9]Gurhanyň «Garynja»süresiniň 18-njiaýaty.

[10]Plewrit – öýken sowuklamasy, öýken çişmesi.

[11]Gurhanyň «Şahyrlar» süresiniň 7-nji aýaty.

[12]Gurhanyň «Kap»süresiniň 7-nji aýaty.

[13]Gurhanyň «Şahyrlar»süresiniň 37-njiaýaty.