Otyrýer keselini bejermek

Başy » Pygamber tebipçiligi » Otyrýer keselini bejermek

OTYRÝER KESELINI BEJERMEK

Bu hakda «elip» harpynda Resulallanyň aýdanlaryny hem ýatlapdyk.

Pygamberimiziň aýtmagyna görä, Ysraýyl alaýhyssalam (Ýakup Pygamber) otyrýer keselinden ejir çekende düýe süý­düni we etini iýmekden saklanypdyr, şeýdibem şypa tapypdyr, sagalypdyr. Perzentlerine hem şeýle etmegi ündäpdir.

Guryagyry bilen otyrýer keselini gozgaýan esasy zeleller süýt bilen etdir, hususanam düýe we sygyr eti şonuň ýalydyr.

Guragyrysy bolan adama et iýmegi, şerap içmegi Ibn Sina hem gadagan etdi.

Otyrýer keseliniň gözbaşy uýluk boýnundan buda baryp, tä ökjä çenli uzalyp gidýär. Kesel ötüşdigiçe agyrysy artýar, onuň netijesinde aýak we but horlanyp, tapdan düşýär. Soňra ötüşen otyrýer keselini diňe oda köýdürmek bilen bejerip bolýar. Ýöne, oda köýdürmek halanylýarmyka? Bu barada dürli pikir­ler bar.

Oda köýdürip bejermek hakda esasan iki rowaýata salgy­lan­ýarlar:

Jabyryň Resulalla salgylanyp beýan edýän hadysyna görä, Resulalla: «Ulanýan dermanlaryňyzyň arasynda şypa bar bolsa, ol gan aldyrmakda we oda köýdürmekdedir. Hat-da oda köý­dürmäni halamasam-da» diýipdir.

Ibn Apbasyň getirýän hadysynda bolsa, Pygamberimiziň: «Üç zatda şypa bardyr: Gan aldyrmakda, bal içmekde we oda köýdürmekde. Ýöne men ymmatyma oda köýdürmegi gadagan edýän» diýilýär.

Abu Abdylla Mazeri, mundan beýleki dertleriň ganyň, ödüň, balgamyň we gara ödüň artmagy netijesinde ýüze çyk­ýan­dygyny aýdýar.

Gan bilen baglanyşykly (دموي) keselleri bejermek üçin gan aldyrmaly. Beýleki üçüsini bolsa özüne laýyk gelýän iç geçiriji serişdeler bilen bejerip bolýar.

Pygamberimiz «hyjamat» hakda aýtmak bilen, gan aldyr­ma­gy; bal içmek bilen iç geçirmegi ýatlatdy. Eger bu derman­lar gowşak täsir etse tebipçiligiň soňky çykalgasy bolan oda köýdürme usulyna ýüz urmaly bolýar. Şonuň üçin hem araplar «Oda köýdürmek – iň soňky usul» diýýärler. Bu usul, berlen der­man keseli ýatyryp bilmese ýa-da syrkawyň tebigaty derma­nyň täsirinden üstün gelen halaty ulanylýar.

Pygamberimiziň: «Ysytmanyň gyzgynlygy jähennem odu­nyň howrudyr. Ony suw bilen sowadyň» diýen hadysyna görä, keselleriň ýönekeý bejerilişini bilşimiz ýaly, maddy keselleri bejermegiň aslyýetini hem öwrendik.

Oda köýdürmegiň alamaty hakda, nesip bolsa, soň ýatlarys.

 

* * *

Sagyt ibn Magaz tirseginden gan alanda, Pygamberimiz onuň ganyny uzyn taýak bilen saklapdyr. Soňra ol ýerde çiş dörände oda köýdüripdir. Ymran ibn Hasynda: «Bela duçar bol­duk, oda köýdürdik. Ne maksada ýetdik, ne üstün bolduk» diýen hadys bar.

Ibn Apbasa görä, Resulalla: «Ymmatymdan ýetmiş müň adam jennete bihasap girer: olar gybat etmedik, betgüman bol­madyk, oda köýdürmedik we öz Hudaýlaryna töwekgellik eden adamlardyr» diýdi.

Bu ýerde doga-tumar dakynmaýan, umytsyz, göwniçökgün bolmaýan adamlar göz öňüde tutulyp, rugsat berlen we gada­gan edilen zatlar hakda anyk aýdylýar.

Oda köýdürmegiň gadagan edilmesiniň bir sebäbi, adam­laryň ony beýleki dermanlardan artyk saýýanlygy üçindir. Ola­ryň pikiriçe, ol dermanyň täsirini saklaýan ýaly, hamana oda köýdürilmese, beden agzalaryny bejerip bolmajak ýalydyr. Munuň gadagan edilmesi hut şonuň üçindir. Bolmasa, derde däl-de, şypalara sebäp bolýandygy üçin oňa rugsat berlerdi. Aslyýetinde, adamlara şypa berip dertden sagaldýan oda köý­dürmek ýa-da derman däl-de, Beýik Allatagaladyr.

Bu mesele dogrusynda adamlarda hem nädürs pikirler örän köp. Olaryň pikiriçe: «derman içen bolsa, ölmejek ýaly. Öz ýurdunda gezen bolsa, öldürilmejek ýaly». Ähtimal, bu gada­gan edilme, aňrybaş zerurlyk bolmasa-da, keselden goranmak üçin oda köýdürýänlere degişlidir, ýogsam, zerur bolanda ondan peýdalanmaga rugsat berlipdi.

Belki-de, bu gadaganlyk Hudaýa bolan töwekgelligi kämil etmek üçindir, ynsanyň ynanjyna haýsydyr bir beýleki ýagda­ýyň tagna salmazlygy üçindir, belki-de onuň ornuny tutup bolmajak ýerinde rugsat berlendir. Sebäbi jerhet bilen iş salşa­nyňda, damaryň üstünden düşse, köp halatda onuň ganyny oda köýdürmezden saklap bolmaýar, sebäbi gan damarlarynyň hereketi ýaranyň bitmegine päsgel berýär. Eger oda köýdürseň, ol diňe ýaranyň üstünde «haşkerişe[1]» döredýär. Haçan-da da­mar çukurjygynyň daşyndaky gan gurasa, ol ham bilen alyş­ýar. Gan akmasy togtasa, Hudaýyň islegi bilen, ol ýerini sepleýär. Ine, şunuň ýaly zerurlyk çyksa oda köýdürmegiň aýby ýok. Gan akyp durmagyndan we heläk bolmagyndan howp edip, Sagt ibn Abu Wakgasy oda köýdürme bilen bejerendikleri, Hattabyda aýdylýar.

Şuňa kybap halatlarda, el ýa aýak kesilmeli bolsa, oda köý­dürmäge rugsat berilýär.

Ibn Omar ýüz ysmazyny bejermek üçin oda köýdürendigini aýdýar. Ýüz ysmazy goýy maddalaryň täsiri bilen hasyl bolup, ol ötü­şen kesellere degişli. Ol maddany derman ulanmazdan bejerip bolmaýar, onuň iň oňat dermany bolsa oda köýdür­mekdir.

Gün uranda ýa-da müçükdirme[2] bolanda gan aldyrmaly. Etli we sowuk zatlary iýmekden daş durmaly. Müçükdirmeden saplanmak üçin Pygamberimiziň uýlugyndan gan aldyrandygy, Jabyrda ýatlanylýar.

Müçükdirme süňküň döwülmezden ýa çykmazdan agyr­ma­sy. Muny bejermek üçin agyrýan ýere künji ýagy we ow­radylan reýhan çalmaly.

DÖWÜLMÄNI BEJERMEK

Aly Jabyra salgylanyp şeýle diýdi: Bir tirsegim çykanda, ony seýikledim we Pygamberimizden bu hakda soranymda melhem ýapmagy buýurdy. Melhemi tä gutulýança ýapyber­meli.

IT DALAMASY

Itiň melanholiki mizajy gyzgyn bolsa ol guduzlyk keseline uçraýar. Iki gözüniň gyzarmagy, diliniň sallanyp, agzyndan gyl­lyk akyp durmagy, kellesini ýere ýapyryp, gulagyny salpart­magy, guýrugyny ýamzyna gysyp gezmegi, hamynyň gijemegi we elmydam ylgap ýörmegi, hereket edende serhoş ýaly bol­masy munuň esasy alamatlarydyr. Gören zadyna topular, sesi­niň gyryklygy üçin az üýrer, zat iýmez, itler ondan gaçyp gezer, onuňam esasy gaçgyny suw bolar.

Guduz it dişlän ynsanda, edil şol itiňki ýaly kesel dörär. Guduzlama keseli elhençdir. Guduzlan adam suw görse gaçar, kimi görse gorka düşer, aýna baksa öz ýüzüni it keşbinde görer.

Muhammet Pygamberimiz:

«Gap-çanaklaryňyzy it ýalan bolsa, ony ýedi gezek ýuwuň, şonuň bir gezegi hem toprak bilen bolsun» diýdi.

Başga bir rowaýatda: «Ýedi gezek ýuwuň, iň gowusy toprak bilen ýuwuň» diýilýär.

Sebäbi itiň zäheri gyllygynda bolýar. Dalan mahaly beden agzalaryna geçişi ýaly, ýalan halaty gap-çanaga geçýär, ýaran adamsyna guduz ýokuşdyryşy ýaly, hyllygynyň galyndysy (ýokundysy) nahar iýýäne ýokuşýar.

Anygyny Alla bilýär. Kesel dörediji sebäplere böwet bol­magy üçin it ýalan gaby ýuwmagy Pygamberimiz emr etdi. Guduzlan adamyň suwdan çekinmesi bir-iki hepdäniň ýa-da alty aýyň dowamynda-da bolup biler. Eger guduzlyk keseliniň alamaty şübhe döredýän bolsa, bir bölek çöregi it ýarasyndan akyp duran gana bulap, başga bir ite iýdirip görmeli. Sag it şol çöregi iýse, ýaran itiň guduz däldigini, iýmese – guduzdygyny aňladýar.

Bejerilişi: It dişlän ýerini kesmeli we oňa gan alýan guraly goýup, zäherli gany gowy edip sordurmaly. Gandaky zyýanly maddalaryň çykyp gitmegi üçin ýaranyň üstüni açyk goýmaly. Arpa suwuny içmeli, owlak etini iýmeli, asudalykda gezmeli.

Guduzlan adam peşew edende, edil çaga güjükleriniňkä meňzeş geň bir etli peşewiň gelmegi mümkin.

Onuň ganyny arassalaýan tebip, şol bir wagtda syrkawyň agzyna gül ýagyny çalyp durmaly.

HAÝWAN ÇAKAN ADAMY BEJERMEK

Zäherli haýwanyň neşterine uçran adam hergiz ýatmasyn. Çünki adam ýatan wagty zäher onuň beden çuňluklaryna ýeňil siňip başlaýar. Haýwan çakan ýerine, gan alynýan guraly go­ýup, öň aýdyşymyz ýaly, zäherini sordurmaly. Eger zäher süň­ňüne ýaýran bolsa gan aldyryp bolar, ýaýramadyk bolsa ýok.

Içýan çakan halaty iki hili ýagdaý: käte sowuklyk, käte gyzgynlyk ýüze çykýar. Ilki bilen içýan çakan ýerini berk edip daňmaly. Soňra içýany bölekläp, şony hem sargy edip ýapmaly. Içýan çakan adama hoz maňzyny we limon dänesini iýdirmeli. Bu synalyp görlen tärdir. «Içýan çakan ýerine suw we duz basylýandygyny» Resulalla bilen baglanyşykly rowa­ýat­da aýdypdyk.

Başga bir rowaýatda, Pygamberimiz elinden çakan içýany öldüripdir. Soňra duz bilen suw getirmeklerini buýrup, ony zäherli ýeriniň üstünden akydypdyr.

«Ýatar wagty: «Ýaradan zatlarynyň şerinden goramagy üçin Hudaýyň kämil sözlerine sygynýaryn» diýen adamy, tä oýanýança içýan çakmaz».

«Ýatar wagty: Allanyň ady bilen hereket edýärin. Onuň ady bilen hereket edilende ýerde we gökde bolan hiç bir zat zyýan bermez. Alla ähli zatlary eşidýändir we bilýändir» diýse, ertire çenli hiç bir zat oňa zyýan bermez.

 


[1]Haşkerişe - bitip barýan ýaranyň hamynyň soýulmagy.

[2]Müçükdirme – Agyry-urgy ýaly täsirleriň netijesinde bedeniň bir ýeriniň sypjyrylmagy ýa-da gan öýmegi.