«Sad» harpy.«Zad» harpy.«Taý» harpy.«Zaý» harpy.«Aýn» harpy.

Başy » Pygamber tebipçiligi » «Sad» harpy.«Zad» harpy.«Taý» harpy.«Zaý» harpy.«Aýn» harpy.

«Sad» harpy

ص

 صبرAloe. (Aloe).Miwesi ýygnalandan soňra, aloeni sy­kyp, suwuny almaly we tä guraýança garaşmaly. Olaryň içinde Ýemeniň kenarýaka adalaryndan getirilýän aloe iň peýdalysydyr. Ikinji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatly ösüm­lik bolup, dermanlar bilen garyşdyryp ulansaň, olaryň zy­ýanly täsirinden goraýar. Gabak çişmesini ýatyrmakda, bagyr dykylmasyny açmakda we sarygetirme keselini be­jer­mekde aloeniň peýdasy köpdür. Ganjaryp duran aşga­zan ýaralaryny bitirmek üçin hem aloe peýdalydyr.

Osman ibn Affanyň gürrüň bermegine görä, göz agy­ry­syn­dan zeýrenýän bir adam Pygamberimize ýüz tutanda: «Oňa aloe bilen sargy edip daňyň» diýipdir.

«Iki sany ajy zatda: aloede we ajybalgazda şypa bardyr» diýip, Termezide ýatlanylýar.

 صعترKäkilik oty. (Thymus).Üçünji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatly ösümlik. Agyzdaky ýaramaz ysy aýyrmak­da, iç ýellenmede, agyr naharlary ýeňil siňdirmekde käkilik oty peýdalanylýar. Gaýnadylan käkilik oty reňkiňi gowu­laş­dyrýar, peşewiň we aýbaşynyň ýeňil akmasyna peýda berýär. Aşgazan we bagyr sowuklamasyny bejermek üçin ula­nylýar. ýoňlan adamlar käkilik otuny ysgasa şypa tapar. Bu otda jynsy höwesiňi oýaryjylyk täsir hem bar. Edil kädi çigdiniňki ýaly, käkilik otuny gaýnadyp içmek içegedäki gurçuklary öldürýär. «Öýüňizde ladan we käkilik otuny tütediň» diýlip, Ibn Jöwza aýtdy.

 صندلSandal. (Santalum).Ikinji derejeli, sowuk-gurak tebigaty bolan ösümlik. Sirke ýa-da gülap sepilen sandal ýapragyny (gülüni) ysgamak başagyrysyny köşeşdirýär. Sandal içgisi bagry berkidip, asgyrmagy kesýär. Ezilen sandal iç saklaýjy serişde hökmünde bellidir, iň oňat sandal bolsa «makasyry» diýilýän görnüşidir.

 صنوبرSenuber.Maňzynyň gyzgyn-çygly tebigaty bolup, endamyňy gyzdyrýar. Şöwketiňi we jynsy höwesiňi art­dyr­ýar.

«Zad» harpy

ض

 ضأنGoýun.Ýokumlylygy taýdan goýun eti geçi etinden ýokarydyr, gyzgyn we çyglydyr. Bu hakda, nesip bolsa, et barada aýdanymyzda ýatlarys.

 ضبHažžyk.Gyzgyn-gurak tebigatly, etini iýmek jynsy höwesiňi, joşgunyňy artdyrýar.

«Hažžyk etini çeýnäp, iýip otyrkam, Pygamberimiz maňa seredýärdi» diýip, Hamyt aýtdy. Resulalladan hažžyk hakda soralanda: «Ony iýemok, gadaganam edemok» diýip jogap beripdir.

Resulallanyň ýanyna hažžyk getirenlerinde, Pygamberimiz ony iýmekden saklanypdyr we «Ahlagy üýtgän kowumlardan bolaryn öýdüp gorkýaryn» diýipdir. Muny Jabyr aýtdy.

 ضرعÝelin.Zenanlar süýdüni köpeltmek üçin sygryň ýa geçiň ýelnini iýmeli.

 ضريعZaryý1.Ýakymsyz ysly, ajy tagamy bolan bu ot hakda Allatagala: «Olara zaryýdan başga tagam (berilmez) bolmaz[1]» diýip aýtdy. Mujahydyň aýtmagyna görä, Zaryý «şibrik» diýilýän otdur, ol bolsa zäherli zatdyr.

 ضفدعGurbaga.Gurbaga etini iýýän ýa-da ganyny içýän adamyň endamy çişip, reňki solar, erkeklik tohumyna zy­ýan berer, hatda öldürer. Şol sebäpli tebipler ony peýda­lan­magy goýbolsun etdi. Gurbaga hakda öň bir ýerde: «Bir tebip Pygamberimiziň ýanynda gurbaganyň derde derman­dygyny ýatlanda, Pygamberimiz bize gurbagany öldürmegi gadagan etdi» diýip aýdypdyk.

Abu Hüreýra salgylanyp, aýtmaklaryna görä, hapa we şol zeýilli dermanlary ulanmagy Pygamberimiz gadagan edipdir.

«Taý» harpy

ط

 طباشيرHek.Sowuk-gurak tebigaty bolan hek ýüregiňi güýçlendirip, güýçli gusmany, içgeçmäni kesýär.

 طحالDalak.Dalak eti ýaramsyz bolup, gara öt kesellerini döredýär. Pygamberimiz dalak hakda aýdyp: «Bize bagryň we dalagyň gany, balygyň we çekirtgäniň ölüsi (iýmek üçin) halal edildi» diýdi.

 طرخونTarhun.1 (Artemisia dracunculus).Tarhun gyz­gyn-gurak tebigatlydyr, nahara bolan işdäňi açyp, jynsy höwesiňi ýatyrýar. Gara uk bilen garyp ulansaň zyýanly täsirini dep edýär. Derman ulanmazdan öňürti tarhun iý­mek, tagam duýuş agzalaryny ukladýar.

 طرحTarh. (Musa).Bananyň bir görnüşi bolup, bu hakda «mim» harpynda aýdarys. Tarh barada Allatagala hem ýat­lady.

 طلعTalg.Ilki görnen hurma miwesi. Onuň gabygyna «Küfri» diýilýär. Talga erkek hurma diýýänem bar.

Allatagala bu hakda: «Miweli baldaklary bolan beýik hur­malary... »[2] diýip ýatlady.

Talha ibn Ubaýdullanyň aýtmagyna görä, ol bir gezek Resulalla bilen hurma çakyşdyryp oturan adamlaryň ýanyndan geçipdir. Pygamberimiz olardan näme edýänligini soranda «Er­kek hurmany alyp, urkaçysynyň üstüne goýýarys» diýipdirler. «Ol iş peýda bermezmikä öýdýärin» diýip, Pygamberimiz aý­dypdyr. Bu habary olara ýetirenlerinde, edýän işlerini goý­bol­sun edip, aşak düşüpdirler. Pygamberimiz olara garap: «Ol ýöne bir gümandyr. Güman diýilýän zat ýalňyşdyryp, bela-betere duçar eder. Eger peýdasy bolsa ediberiň, menem edil siz ýaly adam. Ýöne meniň size aýdanymy Hudaý «Ony peý­da­lanyň» diýip aýdandyr. «Men Hudaýyň sözüni inkär edemok» diýipdir.

Ýakuty bu hakda agzap, «Hurma miwesi joşgunyňy, jynsy höwesiňi artdyrýar» diýdi. «Eger zenan jynsy gatnaşykdan öňürti hurma iýse, göwrede çaga galmagyna ýardam berer» diýilýär. Ol sowuk tebigatlydyr, ony bişen hurma bilen bile ulanyp bolýar.

Alasalgylanyp aýtmaklaryna görä, «Uýalaryňyzy hurma bilen hezzetläň. Ol hem Adam alaýhyssalamyň ýaradylan top­ragyndan ýaradylandyr». Pygamberimiz bir gezek «Musulmana (adama) meňzeş daragt hakda aýdyň» diýende, adamlar «sähra agaçlarydyr» diýen netijä gelipdirler. Emma Pygamberimiz şol agajyň hurmadygyny aýdypdyr.

 طيبHoşboý yslar.Ýakymly ysly atyrlar. Bu müşk bilen bile ýatlanylýar. Araplaryň ýakymly oty, öň ýatlaýşymyz ýaly Izhirdir (ýakymly ysly gamyş). Pygamberimiz «Maňa siziň dünýäňizden iki zat söýdürildi: Olar aýallar we ýakymly zatlar» diýdi.

 طينPalçyk.Allatagala bu hakda «Biz ynsany arassa pal­­çyk­­dan ýaratdyk» diýdi[3].

Gan akmasyny togtatmak üçin ermeni laýy (bolýus)الطين الارمنيwe mahtymy laýy ulanylýar. Güýçli içi geçýän we ýatanda agzyndan gyllyk akýan adamlar sürme palçygy bilen bejerilýär. Ermeni laýy çömmeltme gyrgyn keselini we gan pürkülmesini ýatyrmak üçin örän peýdaly.

«Zaý» harpy

ظ

 ظفرDyrnak.Ýatgy bogulmasyny bejermek üçin dyrnak tütedilýär. Ol güýçli gyzgyn-gurak tebigatlydyr. Aýbaşynyň yzysüre dyrnak peýdalanmak, göwrede çaga galmagy üçin örän peýdaly.

Iki sany «Sahyh» (hakyky) hadysda aýdylyşyna görä, Ümmi Atyýe: «Aýbaşydan päklenmek üçin ýuwunanymyzda, kust-aloeniň ýa-da dyrnaklaryň bir bölegini ulanmaga rugsat berildi» diýipdir.

«Aýn» harpy.

ع 

 عجوةHurma. (Diospyros).Buhary muny dermanlar bölüminde «Säher bilen iýilýän hurma» ady bilen getirip­dir. «Bu hakda öň «Hurma kaky» böleginde ýatlapdyk.

 عدسMerjimek, ýasmyk. (Lens). Tiz bişýän merjimek iň oňady bolup, ol sowuk-gurak tebigatlydyr. Aşgazan üçin ýakymsyz bolan merjimegi köp iýmek gözüň öňüne perde (ýorka) düşürýär, içiňi ýellendirýär. Gury merjimekden al­nan şire mama keselini bejermäge peýdaly. Ony gant şu­gun­dyry bilen bişirip iýmek, sumak, zeýtun ýagy, por­sybadyýan bilen iýmek peýdalydyr. Beýhakynyň rowaýat etmegine görä, «Merjimek iýseň ýüregiňi ýumşadýar, gö­züňi ýaşardýar we ulumsylygy giderýär».

 عسلBal.Buhary muny dermanlar bölüminde «bal» ady bilen getirdi.

Bu hakda Allanyň sözi şeýledir: «Onuň garnyndan adamlar üçin şypaly bolan elwan reňkli içimlik çykar»[4].

Abu Sagytdan eşidip, aýtmaklaryna görä, «Bir adam Py­gamberimiziň ýanyna gelip, «Doganymyň aşgazany bozuldy» diýeninde, Pygamberimiz oňa bal içirmegi buýrupdyr. Agasy­nyň ýanyndan dolanan inisi bal içirendigini, ýöne peýda etme­ýän­digini aýdypdyr. Bu ýagdaý ýene iki gezek gaýtalanypdyr. Üçünjimi ýa dördünji gezekde Pygamberimiz oňa «Hudaý hak sözleýär, agaň garny ýalan» diýipdir. Soňra bal içiripdir welin, hakykatdan hem gutulypdyr». Müslimiň getirýän rowaýatynda: «Agasynyň iýmit siňdirişiniň we aşgazanyň işleýşiniň bozulan­dygyny» aýdypdyr diýilýär. Pygamberimiziň: «Agaň garny ýalan sözleýär» diýmeginiň manysy, ondan bir ýa iki gezek içmegiň ýeterlik däldigini ýatladýar. Şol adamyň içgeçmesi aşgazanyň siňdirmezliginden ýüze çykýar, bu sebäpli Pygam­berimiz oňa bal içmegi buýurdy. Balyň bu ýerde bitir­ýän esasy işi aşgazanda we içegede toplanan (dykyn alan) zatlary dep edýänligindedir.

Içgeçmäniň başga görnüşi hem bar. Çyglylyga meňzeş bir zatlar içegede hereket etmän saklanýar we ol ýerdäki kada­ly­lygy hem bozýarlar. Şondan döreýän derde hem ýiti içege ke­seli diýilýär. Bal şol ýerdäki çyglylygy ýok etmäge ukyplydyr. Haçanda bal şol çyglylygy ýok edende, iýmitler aşak çökýär we şypa hasyl bolýar. Birinji we ikinji gezek bal içende iç­geçmäniň barybir köşeşmänligi şu sebäplidir. Şeýle derdi bejermek üçin iň oňat dermanlaryň biri baldyr, esasanam ony gyzgyn suwa garyp ulanmak has gowy täsir edýär.

Tebipleriň biragyzdan makullamagyna görä, ynsan tebi­gatyndaky içgeçmäni ýatyrmak üçin ýaňky ýaly usul iň äh­miýetli serişdedir.

Içgeçmäniň bu görnüşini bejermekde köp tebipler ýalňyş­lyga duçar bolýar. Sebäbi olar bilmeýändikleri üçin gorka dü­şüp: «Bu dert nähilidir bir iç saklaýan dermana mätäçdir» diýip pikir edýär. Tebip her gezek syrkawa iç saklaýan derman ber­digiçe, syrkawyň derdi güýçlenýär. Hudaý oňa başga bir ussat tebibi duşurýança hem derdinden saplanmaýar.

Bu zatlaryň ählisi Pygamberimiziň beýleki işlerden, dert­lerden, olaryň bejerlişinden we mynasyp dermanlaryndan ha­barlydygyny delillendirýär.

Bu gürrüňleriň ählisi elbetde bal hakyndadyr.

Ibn Majeniň Abu Hüreýreden eşiden hadysynda şeýle diýi­lär: «Aýda üç gezek bal ýalap, ertirlik edinen adama, bela-beter sataşmaz». Pygamberimiz: «Size şypaly iki zady maslahat ber­ýärin, olar bal we Gurhandyr» diýdi.

«Ulanýan dermanlaryňyzyň iň haýyrlysy düzüw gan aldyr­mak we bal içmek» diýenini Resulalladan eşitdim diýip, Jaby­ryň ýazgylarynda ýatlanylýar. Äşe (Goý, Alla ondan hoşal bolsun!), Pygamberimiziň halwa (süýji önümleri) bilen baly halaýandygyny aýtdy. Bu Buharynyň hadysynda hem geti­rilýär.

Bal ikinji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatlydyr. Iň oňady ýaz döwrüniňki, ondan soňra tomus we gyş döwrüniň baly oňatdyr.

Ynsanyň peýdalanýan dermanlarynyň arasynda, güýç ber­ýän­ligi, aýdyňlygy we ýokumlylygy taýdan iň oňat dermanyň baldygyny tebipler biragyzdan ykrar etdi. Ary baly aşgazan işleýşini güýçlendirip, işdäňi açýar. Garrylar we göwniçökgün (melanholiki) adamlar üçin iň peýdaly iýmit hem baldyr. It dişlände ary baly peýdalanylýar, tebigatyňy ýumşadýar. Zäherli önümi iýeniňde, ony gyzgyn suwa garyp içseň, dertden sap­laýar. Dermanlyk garyndylaryň we beýleki zatlaryň täsir edi­jilik güýjüni ýitirmän saklaýar. Bal çalyp goýsaň, ter eti üç aý, hyýary hem üç aý zaýalaman saklaýar. Şonuň üçinem ary balyna başgaça «Ynamdar goragçy» diýilýär. Özem bu zatlaryň ählisi synalyp görlendir. Ary balyny endamyňa sürtseň, ony ýumşadýar, saçdaky bitleri öldürýär, saçyňy ýumşadýar, ös­dürýär we görmegeý edýär. Göz garaňkyramasyny aýryp, ony ýiteltmek üçin ary balyny sürme hökmünde göze çalmaly. Dişiňi agartmak we etini berkitmek üçin, ony ary baly bilen ýuwmaly. Ol iýmitleriň, içgileriň, dermanlaryň, süýjileriň we iýmişleriň biridir. Zyýanly täsiri ýokdur. Kähalatda öt hal­ta­syna zelel berende, onuň zyýanly täsirini sirke bilen aýryp bol­ýar we ýene-de peýda berip başlaýar. Ary balyny ajöze ýala­mak aşgazandaky zyýanly zatlary ýuwup aýyrýar, bagyr, böwrek we peşew ýollarynyň dykylmasyny açýar. Iýmitleriň içinde biz üçin baldan oňat hiç zat ýaradylan däldir.

Abdyllatyp bu hakda şeýle diýdi: «Köp dertleri bejermekde ary baly şekerden has oňatdyr. Ol peşew ýollaryny açyp, akmasyny ýeňilleşdirýär, hapalary aýryp, ony ýuwýar. Emma şeýle täsir şekerde örän az. Şekerde aşgazany gowşadyş güýji bolup, beýle täsir ary balynda ýokdur. Şeker ary balyndan diňe iki ýagdaýda ýokarda goýulýar, ol hem şekeriň süýjüliginiň we ýitiliginiň azlygydyr. Käbir arap tebipleri ary balynyň şekerden artyklygy hakda köp zat aýtdylar.

Pygamber alaýhyssalam her gün bir käse suw garylan ary ba­lyny ajöze içer eken. Ine, bu saglygy goramak üçin ajaýyp bir hikmetdir.

Pygamber alaýhyssalam öz saglygyny goramak üçin alada ederdi. Ol muny ary balyny içmek, az iýmek, çäkden geçmez­lik, kişmiş iýmek ýa hurma şiresini içmek, ýakymly yslary sepinmek, ýag we sürme çalynmak, aýallaryna ýanaşmak bilen bitirerdi. Özi hem bu işleri örän oňat we kämil derejede ýerine ýetirerdi.

Pygamberimiz: «Size iki sany şypany maslahat berýärin» diýmek bilen, adamzat we ylahy tebipçiligini, tebigy we ruhy täsirleri, beden we ruhyýet tebipçiligini, zemini we asmany se­bäpleri jemläp aýtdy. Bu ýerde örän inçe syr bolup, ähli dertleri bejermek üçin ýalňyz Gurhanyň ýeterlik däldigini, ähli yhlas-aladalaryň täsirsiz bolaýmagyny bildirýär. Ýöne buýrulyşy ýaly etseň, ündelşi ýaly ýöreseň, takdyr edilişi ýaly ryzkyňy çöp­leseň gowy bolar. Eger ýeri bejerip, tohum sepeninden soň­ra, gurakçylygy dep edip, ýagyş ýagdyrmagy Hudaýdan dileg edýän daýhanyň ornunda bolsak, biz hem Hudaýdan ýardam we towpyk dilemelidiris. Daýhan alada edeninden soňra, berýän nygmatynyň üstüni doldurmagy üçin Hudaýa sygynýar. Saglygyny gazanmak we zeleli dep etmek üçin ätiýaç edýär.

Käbir alymlar: «Allatagala Gurhany köňüldäki şek-şüb­he­le­ri aýyrmak üçin şypa edip ýaradyşy ýaly, ary balyny bela-beterleri bejermek üçin ýaratdy» diýdiler.

 عشرUşar[5]. Ot bilen peýdalanylýan bu ösümlige «Uşar şekeri» hem diýilýär. Aşgazan we bagyr üçin ýaramly bolan bu ösümlik sarysuw keselini bejermekde giňden peý­dalanylýar.

 عصفورSerçe.Gyzgyn-gurak tebigaty bolan bu guş, ynsan tohumyny heýjana salyp, jynsy höwesiňi artdyrýar. Pygamberimiz serçäni öldürmegi gadagan etdi.

 عقيقHakyk, Maşat gaşy.«Hakyk daşyndan ýüzük da­kyn­ýan adamyň ýüregi, dawa-jenjelde hem öz ornunda du­rar» diýip, Aristotel aýtdy.

Hakyk daşy ezilen suwy içmek gan akmasyny togtadýar. Aýtmaklaryna görä, bir hadysda: «Hakyk daşyndan ýüzük dakynyň, ol garyplygy ýok edýär» diýilýär.

 عنبرAnbar. (Narciss jonquilla).Gyzgyn-gurak tebigatly, ýüregiň we beýniň işleýşini güýçlendirýär. Duýuş agzala­ryny ýiteldýär, gül ýagy bilen garyp ulansaň ýürek agy­rysyny aýyrýar. Anbara hoşboý yslaryň şasy hem diýilýär.

Jabyr: «Biz deňizde anbar diýilýän uly balyga (huta) duşdyk, onuň etini ýarym aýlap diýen ýaly iýdik» diýdi.

 عنابSähekigde, Arpan, Unab. (Ziziphus jujuba). Çygly­ly­gy bolan gyzgyn tebigatly agaç. Mama we gyzamyk kesellerinde unabyň suwuny içmek peýda berýär, gan gaýnamasyny (gyzmasyny) köşeşdirýär. Sähekigdäni bişi­rip, ezip, gaýnadyp we iç ýuwma-klizma edip ulanyp bolýar.

 عنبÜzüm. (Viris vinifera).Iň oňady ak etli üzüm, soňra gyzyl we gara üzümdir. Üzüm etiniň tebigaty gyzgyn-çygly, gabygy we dänesi bolsa sowuk-gurakdyr, ýokumlylygy taý­dan örän oňat. Iň oňady we ýaramlysy bişen üzümdir. Giçbişer üzümler ähli tarapdan artykmaç bolup, ter üzüm­ler iç ýellenmesini aýyrýar. Köp iýen halatyň teşnelik ýüze çykyp, ony hem turşy nar sagaldýar. Üzüm dänesini iýseň semredýär.

Pygamberimiziň üzüm we garpyz iýmäni halandygyny gürrüň edýärler.

 عوUd. Kalambak aloe. (Aloexyluma gallochum).«Ku­mary» diýilýän ud iň gowusydyr. Dermanlyk üçin gök udlar oňat görülýär. Ud gyzgyn-gurak tebigatly bolup, ýüregiň we duýuş agzalaryň işleýşini güýçlendirýär, köňüle, ýürege şatlyk berýär.

 العود الهنديHindi udy. (Aloe indica).Oňa başgaça «kust-aloe» hem diýilýär. Bu hakda Resulalla: «Hindi udyny peýda­lanyň. Onda ýedi dürli şypa bar: Badam şekilli mäzler çişende we plewrit keselini bejermekde ony ysgamalydyr» diýdi. Muny Buhary rowaýat etdi. Bu hakda, nesip bolsa «kaf» harpynda ýatlarys.

 عود السوسBuýan köki. (Glycyrrhiza glabra).Gyzgyn tebigatly bolan bu ösümlik gusmakda, balgamy dertleri we üsgülewigi bejermekde peýdalanylýar.

 


1Zaryý – tikenli agaç.

[1]Gurhanyň «Gaşiýe» süresiniň 6-njy aýaty.

1Tarhun – köpýyllyk gök önüm bolup, iýmit hökmünde ulanylýan we ýapraklarynyň ýakymly ysy bolan, iýilýän ösümlik.

[2]Gurhanyň «Kaf» süresiniň 10-njy aýaty.

[3]Gurhanyň «Mömünler»süresiniň 12-njiaýaty.

[4]Gurhanyň «Balary»süresiniň 69-njyaýaty.

[5]Uşar – her bir süýtli ösümlige aýdylýar.