«Zi» harpy.«Sin» harpy.«Şin» harpy.

Başy » Pygamber tebipçiligi » «Zi» harpy.«Sin» harpy.«Şin» harpy.

«Zi» harpy

ز

 زبدÝag.Gyzgyn-çygly iýmit. Iň oňady täze ýagdyr. Guraklygyň we gury üsgülewigiň bire-bir emi. Nahara bo­lan işdäňi peseldýär. Onuň ýaramsyz täsirini bal ýa-da hurma aýyrýar.

Abu Dawut pygamberiň ýagy we hurmany halandygyny gürrüň berse, Resulallanyň Äşä garap: «Sen meniň üçin ýag bilen baldanam ezizsiň» diýenini Abu Nagym rowaýat edipdir.

 زبيبKişmiş.Iň oňady uly, etlek we ownuk däneli kişmiş­dir. Tebigaty gyzgyn-çygly. Sowuklama derdine uçranlaryň bedenini semredýär, gyzdyrýar we suwsadýar. Gyzdyryp ýatanlara sirkelibal bilen garyp berseň tiz peýda berýär. Onuň dänesi aşgazany gataldýar.

Nar däneleri bilen garyp, owradyp iýseň şypa berijilik täsiri köpdür.

Temim ed-Darydan eşidip şeýle gürrüň berýärler. Bir gezek ol Pygamberimize kişmiş eltip beripdir. Pygamberimiz kişmişi öňünde goýup, öz dost-ýarlaryna ýüzlenipdir. Ol: «Alyň, kiş­miş iýiň. Ol iň oňat tagamlaryň biridir. Kişmiş ýadawlygyňy aýyrýar, gaharyňy öçürýär, beýniňi berkidýär, agzyňda ýakym­ly ys döredýär, flegmany giderýär, reňňi-roýuňy tämizleýär» diýipdir.

Hezret Aly kişmiş hakda: «Günde ýigrimi bir sany gyzyl kişmiş iýýän adam, halamaýan zadyny öz süňňünde görmez» diýipdir.

Ibn Apbasdan eşidip aýtmaklaryna görä: «Çöpüni aýryp, kişmiş iýiň. Onuň çöpünde dert, etinde şypa bardyr» diýipdir. «Resulalla kişmişi suwa ezip, ony her günde ýa-da günaşadan iýerdi. Soňra şeýtmegi bize-de tabşyrdy we öz hyzmat­kär­le­ri­ne-de şol suwdan içirdi», «Resulalla guradylan hurma bilen kişmişi bilelikde ezip iýmegi gadagan etdi».

Ymam Zehri şeýle diýdi: «Hadyslary ýat beklemek we ýat­keşligini ösdürmek isleýän adam, köpräk kişmiş iýsin». Ymam Zehriň özi hem kişmiş iýer eken. Ýöne ol turşy almany welin hiç wagt iýmändir.

Kişmiş ýokumlylygy taýdan guradylan hurmadan hem oňatdyr. Kişmişi we pisse maňzyny süýt bilen garyp, her günde ajöze içse ol adamyň zehini güýçlener.

 زقومZakgun (zakkum).Ýabany zeýtun. (Elaeagnus). Bu Hyjazda bitýän ösümligiň adydyr. Zakgun ¾nar agajyna meňzeş, ýöne ýapragy onuňkydan ýaýbaň, agymtyl-ýaşy­lym­tyl güli bolan ösümlikdir. Ol tomus aýlarynda ýetişýär. Miwesiniň dermanlyk täsiri ýigrimi ýyla çenli saklanýar. Zakgun miwesi çişleri bejermekde örän peýdaly. Onuň ýap­ragy ýaralary tiz bitirýär, ýüzüň meneklerini aýyrýar. Ol bogunagyry, guryagyry, babasyl ýaly dertleriň hem emidir. Ýiti sanjy döredýän ýogyn ýellenmeleri bejermekde zakgunyň täsiri uludyr. Ýöne zakgun iňňän ajy daragtdyr.

Allatagala bu hakda «Elbetde zakgun agajy günäkärleriň tagamydyr» diýdi[1].

 زعفرانZagpyran. (Crocus sativus). Gyzgyn-gurak tebigat­ly ösümlik. Şatlandyryjy, göwün açyjy, ruhuňy galkyndyrýan we güýçlendirýän ösümlik. Ibn Omardan eşidip gürrüň ber­mek­lerine görä, zagpyran we sary agaç bilen boýalan eşikleri geýmegi Pygamberimiz gadagan edipdir. Sebäbi, zagpyran ynsan ruhunyň göwherini güýçlendirip, jynsy höwesiň joşma­gy­na ýardam berýär. Jynsy höwesi artdyrýanlygy üçin, yhram[2] geýen adamlara şol zeýilli eşigi geýmegi gadagan etdi. Zag­py­ran köňüle kuwwat berýär, gujuryňy we şadyýanlygyňy artdyrýar.

 زنجبيلZenjebil. (Zingiber officinale).Bu ösümligi Alla­tagala Gurhanda ýatlap geçdi. Ol gyzgyn-gurak tebi­gat­ly ösümlik. Ondaky artykmaç çyglylyk iýmitiň siňmegine we jynsy höwesiň güýçlenmegine ýardam berýär, aşgazan-içegedäki ýellenmäni aýyrýar. Eger onuň üstüne az-kem ýag goşulsa, onuň berýän täsiri has artar, ýogyn balgamy sürer, ondan gaýnadylan bal aşgazana gyzgynlyk berýär, garrylygyň öňüni alýar.

Rum patyşasynyň Pygamberimize zenjebil salnan küýzäni sowgat edendigini Abu Sagyt ýatlaýar. Pygamberimizdost-ýarynyň hersineondanbirbölekdadyrypdyr.

 زيت و زيتون الانفاقZeýtun. Zeýtunýagy. (Oleaeuropaea).Olentekbişmedik, çigzeýtundansykylypalynýanýagbolup, tebigatysowukgurakdyr. Bişenzeýtundanalynýanýagçyglyrakbolýar, olgyzgyntebigatlydyr. Hernäçekö­nel­digiçegyzgynlygygüýçlenýär. Zeýtunýagynysaçawebedenagzalarynaçalsaň olaryberkidýärwegüýçlendirýär, ýüzüň gasynatmasyny, garrylygyň gelmesinihaýalladýar. Zähereýa-dazäherlenmä garşyzeýtunýagynyiçmekpeý­da­ly. Içiňigeçirýän, aşgazanweiçagyryderdiniköşeş­dir­ýän, aşgazan-içegelerdäkisoguljanlaryçykarýander­man­lykserişdedir. Zeýtunýagynyň berýänpeýdasyöränköpbolup, zeýtunýagyndanözgeýaglaraşgazanyň işleýşiniýaramazlaşdyrýar.

IbnOmardaneşidipaýtmaklarynagörä, «Zeýtunýagybilenowkatlanyň weonyçalynyň, çünkiolmübärekdaragtdyr».

Termezide: «Zeýtunýagynyiýiň weçalynyň» diýilýär. UkbaibnAmyr: «Zeýtunýagynyulanmagymaslahatberýärin. Onyiýiň weçalynyň. Olbabasylderdiniň dermanydyr» diýdi. Ýenebirrowaýatda«Zeýtunýagynyçalynanyň ýanynaşeýtanbarmaz» diýilýär. Pygamberimiz plewrit gaýnaglamasyny be­jermek üçin zeýtun ýagyny we sary agajy ulanypdyr. Halk arasynda aýdylýan gürrüňe görä, garyp-gasaryň dermany zeý­tun ýagydyr. Ýaşyl zeýtun örän ýokumly, aşgazany güýçlen­dir­ýän, sowuk-gurak tebigatlydyr. Ol jynsy höwesiňi joşuryp, heýjana salýan, ýaramaz yslaryň döremegine päsgel berýän ösümlikdir. Gara zeýtun bolsa öt kesellerini (söwdaýy) döred­ýän, aşgazana ýakymsyz, gyzgyn-gurak tebigaty bolan iýmiş. Turşy zeýtun ot ýanygynyň bitmesine täsir edýär.

Agyzda döreýän agsyl keselini, düwürtigi, dokuzdonly der­dini we örgüni aýyrmak üçin zeýtun ýapragyny çeýnemek ýeterlikdir.

«Sin» harpy

س

 سبستانSibistan. (Cordia).Bokurdagyňy we aşgazanyňy ýumşadýan, derman hökmünde bişirilip, gaýnadylyp iç ýuw­mada ulanylýan ösümlik.

 سدرKedr. (Cedrus).Beýleki zatlara garanyňda bu daragtyň ýapragy bilen ýuwunsaň başyňy gowy arassalaýar we gyzgynyňy aýyrýar. Resulalla kedri: «Merhum ýuw­landa ulanylýan ot» diýip ýatlasa, Allatagala ony jennetde bitýän daragt hökmünde beýan etdi.

 سفرجلAýwa. (Cydonia indica).Sowuk-gurak tebigatly, aşgazan üçin ýaramly miwe. Aýwa esasan iç saklaýjy, ke­seliň gaýtalanmasynyň öňüni alýan serişde hökmünde belli. Nahardan soň aýwa iýseň içiňi ýumşadýar, emma ony aşa köp iýmek içde sanjy döredýär. Üsgülewigi we bogaz çişme keselini bejermek üçin iň peýdaly emleriň biri aýwa su­wuny içmek ýa-da onuň bilen agzyňy çaýkamakdyr. Aý­wany şol durşuna hem, kakadybam ulanyp bolýar.

Iç saklaýjy serişde hökmünde üwelen aýwa bellidir, emma ol käwagt iç sürýän derman hökmünde ulanylýar. Limon gary­lan aýwa içgisi, tebigy aýwa suwy ýa-da ondan alynýan ýag derlemäni saklaýar, aşgazanyň işleýşini güýçlendirip, ýüregi berkidýär.

Jana ýakymly bolan aýwa suwyny anbar[3] bilen garyp ulan­mak has-da güýçli täsir edýär.

Enese salgylanyp aýtmaklaryna görä, Pygamberimiz: «Aý­wa­ny ajöze iýiň» diýipdir. Ibn Majeniň getirýän rowaýatynda, Talhanyň Pygamberimize aýwa berenligi, Pygamberimiziň hem oňa garap: «Saňa-da şuny iýmegi maslahat berýärin, çünki ol ýürege dynçlyk we giňlik berýär» diýenligi aýdylýar. Py­gam­berimiz: «Aýwa iýiň. Ol ýüregiňizi röwşen eder. Allanyň ähli pygamberi jennet aýwasyny iýendir. Ol kyrk erkegiň kuwwaty ýaly güýç berýär» diýdi. «Göwreli zenanlara aýwa iýdiriň. Ol ýürege giňlik berer, perzendi gözel eder» diýlip, Muhammet pygamberiň hadyslarynda aýdylýar.

 سكرŞeker.Gyzgyn-çygly tebigatly, balgamy oýarýar we garnyňy ýumşadýar. Gyzyl şekeriň ýumşadyjy täsiri has güýçli bolup, däri-dermanlaryň güýjüni, beden agzalary­nyň ähli ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şekerçiňňirikde (şe­ker alynýan gamyş) çyglylygyň aşa ýokarylygy üçin, ony der­man hökmünde köp ulanmak, gijilewük, gotur ýaly dert­leriň döremegine sebäp bolýar.

 مسكMüşk. (Muscus).Aşgazanyň işleýşini güýçlen­dirip, der sebäpli döreýän ýaramaz yslary aýyrýan serişde. Pygamberimiziň müşk sepinmek bilen özüne timar be­ren­ligi Ibn Eble Şeýbäniň rowaýatynda aýdylýar.

 سلويBedene.Bu «sumane» diýilýän guşdur. Bu guş hakda Allatagala: «Size asmandan şirin nygmatlary we bedeneler inderdik[4]» diýdi. Bedene deňiz ýakalarynda ýaşaýan guşdur.

Siňmesi ýeňil we örän ýokumly bedene etiniň göwün göteriji we içde dörän daşlary eredijilik täsiri bar. Sagdyn we sagalyp barýan adamlar üçin örän peýdaly. Ol tebigaty boýunça towuklara ýakyndyr. Bedene guşuna «Gök gümmürdisi öldüren» diýibem at berýärler, sebäbi olar köplenç gök gümmürdisinden gorkup jan berýärmiş.

 سماقSumak. (Rhus).Sowuk-gurak tebigatly bolan bu agaç, iç saklaýjy we işdä açyjy hökmünde ulanylýar.

 سمسمKünji. (Sesamum indicum).Gyzgyn-çygly tebi­gatly bolup, onuň dänesiniň aşa ýaglylygy üçin aşgazana zelellidir. Onuň künjarasyny iýmek agyzda agyry döred­ýär.

 سمنÝag.Gyzgyn-çygly tebigaty bolan ýag aşgazan üçin ýaramsyzdyr. Sygyr ýagyny bala garyp içmek zäher­lenmä peýda berýär. Pygamberimiz: «Sygyr süýdi şypa, ýagy bolsa dermandyr» diýdi.

Ýene bir rowaýatda: «Sygyr süýdüni içiň, ol şypadyr. Sebäbi ol her daragtdan iýip galýar» diýilýär. Abu Nagymyň rowaýatynda, Hezreti Alynyň «adamlar üçin ýagdan gowy bejergi ýokdur» diýenligem aýdylýar.

 سمكBalyk.Eti ýokumlysy orta hal balyklar. Süýji suwda ýaşaýan we ot bilen iýmitlenýän balyklar, nebitli suw­da ýaşaýan we hapa zatlar bilen iýmitlenýän balyklar­dan oňatdyr. Täze-ter balyklar sowuk-çygly bolup, siňmesi agyr we balgamy döredýär, gyzgyn tebigatly adamlara bolsa oňyn täsir edýär. Gyzgyn-gurak tebigaty bolan duzly balyk gijilewük, gotur ýaly dertleri ýüze çykarýar. «Si­muk» balygynda gylçygyň köplügi zerarly, ýehudylar ony iýmeýär.

 سناSena. (Senna. Cassia).Gyzgyn-gurak tebigatly ösüm­lik. Bu hakda öň Umaýsyň gyzy Esma bilen bag­lanyşykly wakada aýdypdyk. Sena Allanyň mertebelän mekany bolan Mekgede gowy bitýär. Tebipler dermanlyk serişde hökmünde munuň iň oňat görnüşini – Mekge senasyny («Senaýymekke») saýlap alýar. Pygamberimiziň: «Sena we ziräni peýdalanyň. Ol ikisinde ölüm awusyndan özge derde derman bar» diýenini, Ibn Maje rowaýat etdi. Bu Pygamberimiziň: «Garaçörekde ähli kesele şypa bar» diýmesi ýalydyr.

Sena oty örän köp derdi bejermek üçin ulanylýar. Sena mübärek dermanlaryň biridir. Ýüregiňi güýçlendirýän we hiç-hili agyry-ezýetsiz iç geçirýän serişde bolan senanyň saglyga zyýanly täsiri ýokdur. Bu dermanyň şeýle bereketlidigi we peýdalydygy üçin, tebipler ony ähli dermanyň düzümine goş­ýarlar. Iç sürdüriji däri hökmünde kakadylan, gaýnadylan, ow­radylyp un edilen senany ýa-da sena dänesiniň özüni ulan­mak bolýar. Bularyň ählisi hem içiňi ýeňil sürýär, ol flegmatik, melanholik we holerik içgeçmesine peýdaly. Bogun çuňluk­laryna ýüzüp baryp, bogunagyry we waswasylyk derdine peýda berýär. Ibn Sina senany ýürek dermanlarynyň biri saýýar. Esma bilen baglanyşykly hadysada, Pygamberimiziň: «içagyryny nä­dip köşeşdirýäň?» diýip soranlygy, onuň hem: «Süýtleňňiç bilen» diýenligi ýatlanylýar. Pygamberimiz şonda: « Süýtleň­ňiç ot ýaly gyzgyn dermandyr. Sen senany peýdalan!» diýipdir. Bu hakda ýene: «Haýsydyr bir zatda ölümiň dermany bar bolsa, ol senadadyr» diýdi.

Bu ýerde Pygamberimiziň örän köp zatlara göz ýetirenligi hakda inçe syr, beýik many we aýdyň delil bar. Sebäbi süýt­leňňiç ýaramaz täsiri bolan iç sürdüriji derman. Ol dördünji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatly ösümlikdir. Onuň howpludygy we içi güýçli sürýändigi üçin tebipler ony ulanmagy goýbolsun etdiler. Ýokarda agzalan «zire» hakda aýtsak, käbirleri oňa «bal» diýdi, oňa «ýag» diýýänler hem, «Kerman tmini» diý­ýän­ler hem bar. Ibn Agraby ony «tmine meňzeş däne» diýip atlandyrsa, ony arpabadyýan, şibit (ukrop) ýa-da hurma hasaplaýanam bar. Muwaffak Abdyllatyp: «Ýag bölegindäki baldyr» diýdi. Umuman, ol bal bilen garylan ýagyň üstüne ow­ra­dylyp sepilen sena ýalydyr, ol içiňi ýeňil sürýär. Pygam­be­rimiziň: «Zyýanly täsiri bolmazdan ähli derde derman bolan üç zat bardyr. Olar sena we ziredir» diýenini, Enes rowaýat etdi. Adamlar ondan: «Senanyň nämeligini bilýäs welin, zire nä­me­kä?» diýip soranlarynda, «Nesip bolsa, Hudaý ony size bil­di­rer» diýipdir. Emma Pygamberimiz şol üç zadyň üçünjisini unudandygyny hem aýdypdyr.

Senany gaýnadyp içmek, owradylan senany suw bilen iç­mekden has ýokumlydyr. Sena unyny 1-3 dirhem möçberin­de, gaýnadylan senany bolsa 7-10 dirhem möçberinde içmeli. Sena ergininin üstüne benewşe gülüni we gyzyl kişmişi goşup peýdalanmak hakda er-Razy: «Sena we şaterne ähli hyltlarda iç sürüji dermandyr. Ol gotur we gijilewük derdini bejerýär. Eger içjek bolsaň, olaryň her birinden 4-7 dirhem möçberinde iç­meli» diýdi.

Elbetde bu iç geçirýän dermanlardan has oňatdyr. Ýöne ulanmak üçin olaryň üstüne ýa-ha kişmiş ýa-da şeker goşmaly.

 سويقÝarma.Arpa ýa bugdaý dänesinden bişirilýän aş. Arpa dänesinden bişirilýän bu aş, bugdaýyňka garanyňda sowugrakdyr. Olarda içdäki ýeli çykaryjylyk we iç tutujy täsir bar.

Gyzzyrmaly adamlar üçin iň ýaramly iýmit ýarmadyr. Käbir ýerde sargy hökmünde ulanylýan ýarma aşgazanyň işleýşini güýçlendirýär, teşneligi we ýürek bulanmasyny aýyr­ýar.

 سواكSiwak.Bu barada «Erek» hakda aýdanymyzda ýatlap­dyk.

«Şin» harpy

ش

 شاهترجŞaterne. (Fumaria).Ol gyzgyn-gurak tebigatly bolup, esasy häsiýeti ganyňy arassalamakdan ybarat. Ol gyzgyn hyltlarda sürgi serişdesi hökmünde ulanylýanlygy üçin, gotur we gijilewük derdini bejermäge peýdalanylýar.

 شبرمSüýtleňňiç. (Euphorbia pityusa).Dördünji dere­je­li, gyzgyn-gurak tebigatly ösümlik. Balgam we gara öt sür­güsine peýdaly bolan süýtleňňiç jana ýakymsyzdyr. Ondan köp peýdalanmak adamy heläk edýär. Şonuň üçinem, Es­ma bilen baglanyşykly hadysda aýdyşymyz ýaly, Pygambe­rimiz onuň ýakymsyzlygyny «Ol gyzgyndyr, gyzgyndyr» diýmek bilen tassyklady.

Süýtleňňiji süýt-gatyga garyp asla-da ulanmaly däldir. Eger onda 1 karatdan[5] 4 dänik[6] möçberinde içmegem hatarly. Te­bip­ler ony ulanmagy goýbolsun etdiler.

 شحمÝag.Olarda gyzgynlyk we çyglylyk beriji täsir bolup, köne ýaglaryň gyzgynlygy has güýçlüdir. Erkek malyň ýagy gulajyn (urkaçy) malyňkydan has gyzgynlygy üçin ýehudylar ony iýmeýär.

 شعيرArpa. (Hordeum vulgare).Birinji derejeli, sowuk-gurak tebigatly ösümlik. Iň oňady ak arpa bolup, ýokum­lylygy taýdan diňe bugdaýdan pesdir. Üsgülewik, bogaz çişme keselleri üçin, aşgazany arassalamak, teşneligi ýok etmek, peşewiň akmasyny gowulandyrmak üçin arpa suwy peýdalanylýar. Şeýle hem arpa suwunda gyzgynlygy aýryjy we ýellenmäni ýok ediji täsir bar. Arpa suwy arpa aşyndan (ýarmadan) has ýokumlydyr.

Şu sanalan on häsiýetiň arpa suwunda bardygyny Bukrat hekim hem aýtdy. Onda ýelmeşegenlik we dermanlyk täsiri bolup, ýiti kesellere tiz täsir edýän ýokumly iýmitdir.

Ibn Majeniň getirýän rowaýatyna görä, «Eger maşgalasynda ýarawsyzlyk ýüze çyksa, Pygamberimiz ýarma içmegi buýrardy we bişirip bererdi» diýip, Äşe aýdypdyr.

 شلجمŞalgam. (Brassica rapa).Muňa araplar «lift» (لفت) hem diýýär. Şalgamda müň peýdanyň barlygy hakda gür­rüň edilýär. Ol gyzgyn tebigatly, ýumşak ösümlikdir. Ony yzygider iýmek gözüňi ýiteldýär. Gaýnadylan şalgam suwy güýçli sowuk sebäpli üşän eldir-aýagy bejermäge peýdaly. Erkeklik tohumyny artdyrmak we jynsy höwesiň oýan­magy üçin şalgam iýmek ýeterlikdir.


[1]Gurhanyň «Tütün» süresiniň 43-44-nji aýatlary.

[2]Yhram ¾  haj zyýaratyna gidilende hajylaryň geýýän iki bölek matadan ybarat bolan geýimleri.

[3]Anbar¾ýakymly ysy bolan ösümlik.

[4]Gurhanyň «Sygyr» süresiniň 57-nji aýaty.

[5]Karat – ölçeg birligi, takmynan 0,195 grama deň.

[6]Dänik – agyrlyk ölçegi, dirhemiň 1/6 bölegine deň.