Ylmyň, ylym öwretmekligiň we ylym öwrenmekligiň artykmaçlygynyň we bularyň akly hem nakly delilleriniň beýany.
YLMYŇ, YLYM ÖWRETMEKLIGIŇ WE YLYM ÖWRENMEKLIGIŇ ARTYKMAÇLYGYNYŇ WE BULARYŇ AKLY[1] HEM NAKLY[2] DELILLERINIŇ BEÝANY
Gurhanda bu ylmyň artykmaçlygy barada şeýle deliller getirilýär: «Allatagala hem, perişdeler hem, adyllyga durnukly alymlar hem Alladan başga Hudaýyň ýokdugyna güwälik berýärler».[3] Oýlanyp gör! Beýik we Päk Taňry özüni ilkinji orunda, perişdeleri ikinji orunda, ylym ählini bolsa üçünji orunda goýýar. Saňa ylmyň hormatynyň, sogabynyň hem ähmiýetiniň uludygyny aýratyn nygtaýar. Beýik Taňry: «Allatagala sizden iman getiren we ylym berlen adamlaryň derejesini belende göterýär»[4] diýdi. Ibn Apbas[5] (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Alymlaryň derejesi mömin musulmanlaryň derejesinden ýedi ýüz esse artykdyr» diýip, Pygamber alaýhyssalamdan hadys rowaýat etdi. Beýik Taňry («Eý Muhammet! Sen adamlara»): «Eýse bilýän adam bilmeýän adamlar bilen (derejede) deň bolarmy? diýip aýt»[6], «Elbetde, Bendeleriň arasynda Taňrysyndan iň köp gorkýanlar –alymlardyr»[7] diýdi. Beýik Taňry: «(Eý Muhammet!) Sen sözleriňe ynanmazçylyk edýän adamlara: «Men bilen siziň araňyzda Alla we Kitap ylmyndan habardar imany bar kişi ýeterlik güwädir» diýip aýt»[8], «Kitapdan habardar bolan biri: «Men ony (Bylkysyň tagtyny) göz-açyp ýumýançaň saňa getirer»[9] diýdi. Bu sözüň üsti bilen Beýik Taňry bu işiň ylym güýji sebäpli başarjaňlyga eýe bolandygyny aýtmak isledi. Beýik Taňry: «Ylym berlen kişiler: «Size haýplar bolsun! Iman getiren we ýagşy işleri eden adamlar üçin Allatagalanyň sogaby berler» diýdiler»[10] diýdi. Bu aýatda ahyretiň derejeleriniň ylym bilen bilinjekdigine yşarat bar. Beýik Taňry: «Biz uşbu mysallary adamlar sapak alsynlar diýip getirýäris. Ýöne olara alymlardan başga adamlar düşünip bilmezler»[11] diýdi. Beýik Taňry: «Eger Pygamberden ýa-da özlerinden bolan ygtyýar eýelerinden (alymlardan) höküm barada sorasalar-dy, onda olar hökümiň hakykatyny çykaryp bererdiler»[12] diýdi. Alymlaryň hakykat baradaky çykarýan dürs netijelerini inkär etmeklik Taňrynyň sözlerine şek ýetirmeklige alyp barýar. Çünki, Allatagala özüniň hökümlerini adamlara aýan etmekde alymlaryň tutýan ornuny Pygamberleriň mertebesi bilen deň tutdy. Beýik Taňrynyň: «Eý Adam zürýatlary! Biz (şeýtanyň açmak isleýän) uýat ýerleriňizi ýapar ýaly bir lybas we ýene bir ýelek[13] (takwalyk lybasyny) berdik. Elbetde, takwalyk lybasy haýyrlyrakdyr»[14] diýen aýatyndaky «lybas» sözüniň üsti bilen ylmyň, «ýelek» sözüniň üsti bilen bolsa anyk maglumatyň, «takwa lybasy» sözüniň üsti bilen haýanyň göz öňünde tutulýandygyny alymlar nygtaýarlar. Beýik Taňry: «Biz olara iman etjeklere dogry ýoly görkezmek we rehmet etmek üçin ylym bilen beýan edilen kitaby inderdik»[15] diýdi. Beýik Taňry: «Biz olara ylym bilen gürrüň bereris»[16], «Bu zatlar ylym berlenleriň kalplaryndaky anyk delillerdir»[17], «Taňry ynsany ýaratdy we oňa beýan etmekligi öwretdi»[18] diýdi. Allatagala muny ynsanyň özüne Taňry şeýle nygmaty berendigine şükür etmegi üçin aýdan bolsa gerek.
[1]Akly deliller– akyla daýanýan deliller.
[2]Nakly deliller – sahabalaryň, tabygynlaryň we alymlaryň atlaryndan kitaplarda getirilýän deliller.
[3]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 18-nji aýaty.
[4]Gurhanyň 58-nji«Mujadala» süresiniň 11-nji aýaty.
[5]Ibn Apbas – Abdylla ibn Apbas, Pygamber alaýhyssalamyň doganoglany, meşhur hadys rowaýatçysy. Ol 688-nji ýylda dünýäden ötýär.
[6]Gurhanyň 39-njy «Zümer» süresiniň 9-njy aýaty.
[7]Gurhanyň35-nji«Fatyr» süresiniň 27-nji aýaty.
[8]Gurhanyň13-nji «Ragd» süresiniň 43-nji aýaty.
[9]Gurhanyň 27-nji «Neml» süresiniň 40-njy aýaty.
[10]Gurhanyň 28-nji «Kasas» süresiniň 80-nji aýaty.
[11]Gurhanyň 29-njy «Ankabut» süresiniň 43-nji aýaty.
[12]Gurhanyň 4-nji «Nisa» süresiniň 83-nji aýaty.
[13]رِیـشٌ Riş – bu sözüň dil sözlüklerindäki manysy «ýelek» diýmekligi aňladýar, aýatda bolsa «bezeg eşigi» manysynda ulanylýar.
[14]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 26-njy aýaty.
[15]Gurhanyň 7-nji«Agraf» süresiniň 52-nji aýaty.
[16]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 7-nji aýaty.
[17]Gurhanyň 29-njy «Ankabut» süresiniň 49-njy aýaty.
[18]Gurhanyň 55-nji «Rahman» süresiniň 3-nji we 4-nji aýatlary.