Halanylýan we ýazgarylýan ylymlaryň, olaryň görnüşleriniň we hökümleriniň beýany

Başy » YLYM BARADA KITAP » Halanylýan we ýazgarylýan ylymlaryň, olaryň görnüşleriniň we hökümleriniň beýany

HALANYLÝAN[1] WE ÝAZGARYLÝAN[2] YLYMLARYŇ, OLARYŇ GÖRNÜŞLERINIŇ WE HÖKÜMLERINIŇ BEÝANY

   Bu bapda parzy  aýnyň[3] nämedigi, parzy kifaýanyň[4] nä­me­digi, din ylymlarynyň[5] arasynda kelam[6] hem fykh[7] ylym­la­ry­nyň tutýan orunlary we ahyret ylmy bolan parzy aňn ylmynyň beýleki ylymlardan artyklygy beýan edilýär.

Pygamber alaýhyssalam: «Ylym öwrenmeklik her bir mu­sulmana parzdyr» diýdi. Pygamber alaýhyssalam ýene: «Ylym Hytaýda hem bolsa, ony öwreniň» diýdi.

Alymlar her bir musulmana parz bolan ylmyň nähili ylym­dygy barada biri-birine gapma-garşy gelýän pikirleri öňe sür­düler we bu jähetden ýigrimiden köpräk toparlara bölündiler. Bularyň düşündirişine geçmezden sözümizi şeýleräk gysgaldyp bileris. Her bir toparyň öz mowzugynyň ylmyny öwrenmegi parzyaýn hasaplandygyny belläp geçmek gerek.

Mütekel­lim­ler[8] kelam ylmyny parz saýdylar we olar: «Kelam ylmy bilen ýeke-täk Allatagala tanalýar we Onuň sypatlary bilinýär» diý­diler.

Fakyhlar: «Ol fykh ylmydyr. Fykh ylmynyň üsti bilen yba­datlar, halal-haram zatlar, özüňi alyp barmakda haýsy za­dyň halaldygy, haýsy zadyň haramdygy bilinýär» diýdiler. Çünki olar adamlaryň seýrek gabat gelýän ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda mätäç bolýan hemme zatlaryny göz öňünde tut­dular.

Mufessirler[9] we muhaddisler[10]: «Ol Gurhandyr we sün­netdir[11]. Çünki, bu ikisiniň kömegi bilen hemme ylymlara ýe­til­ýär» diýdiler. Sopular parz ylmyny özleriniň ylmydygyny nyg­ta­dylar. Olar: «Parz ylym – bendäniň Allatagala görä halydyr[12] we makamydyr»[13] diýdiler. Olaryň başga bir topary: «Ol ylym Taňra wepaly  bolmak, nebsiň apatlaryny bilmekdir we Taňry­nyň sypatlaryny şeýtanyň sypatlaryndan tapawutlan­dyr­mak­dyr» diýdi. Ýene bir topar hem: «Bu ylym ýaşyryn ylymdyr, ol oňa laýyk adamlara parz bolan ylymdyr» diýdiler. Netijede, hadysy umumy manysyndan çykardylar. Abu Talyp Mekgi:[14] «Bu ylym Pygamber alaýhyssalamyň: «Yslam bäş sütünden bina bolýar: «Alladan başga Hudaý ýokdur, Muhammet onuň ilçisidir» diýip, güwälik sözüni aýtmak, namaz okamak, zekat bermek, mümkinçilik bolan ýagdaýda haja gitmek we remezan orazasyny tutmakdyr» diýen sözündäki zatlary bilmekdir. Çün­ki, bu zatlary bilmek we olary berjaý etmek her bir musulmana wajypdyr» diýdi.

    Biziň gelen şübhelenmäge ýol bolmadyk gutarnykly neti­jä­miz (biz ol netijämiz barada yzda hem aýdarys) kitabyň giri­şin­de aýdyşymyz ýaly ylym: mugamala ylmy we mukäşefe yl­my diýen iki sany topara bölünýär. Bu parz hasaplanýan ylma di­ňe mugamala ylmy hökmünde düşünilýär. Mugamala ylmy aky­­ly düzüw bolan we kämillik ýaşyna baran her bir bendä parz edilýär. Bu ylmyň üç sany görnüşi bolýar: ygtykat (ynanç), amal etmek we terk etmek. Her bir akyly bar bolan ki­şi düýşünde şeýtan bolmak ýaşyna, ýa-da kämillik ýaşyna ýetende, oňa ilki güwälik sözüniň[15] iki bölegini bilmediler we ol ikisiniň manysyna düşünmelidir. Ol güwälik sözi: «Lä ilähe illallah, Muhammetresul Alla»[16] diýen sözdür. Ol bu sözi der­ňe­mek, öwrenmek we deliller getirmek bilen açyklaşdyrmaga synanyşmaly däldir. Eýsem, oňa bu söze ynanmaklyk, oňa şek getirmezden ýa-da kalbyna gowga salmazdan uýmaklyk wajyp­dyr. Onuň bu söze uýmaklygy ony delilleriň üsti bilen derňe­mek­ligiň jähetinden däl-de, eýsem ol gaýtalamaklyk we diň­le­mek bilen amala aşyrylýar. Çünki, Pygamber alaýhyssalam hem yslamdan düşünjesi bolmadyk araplara ony gaýtalamak­ly­gy, oňa ýürek bilen ynanmaklygy tabşyrdy we ony öwretmek üçin delilleri getirmedi. Eger bende şeýle etse, onda öz haly üçin şol wagt parz bolan ylmy berjaý eder. Onuň üçin şol wagt­da kelemäniň iki bölegini[17] öwrenmek we onuň manysyna dü­şün­mek ylmy parzyaýn bolar. Oňa şol wagtda kelemeden baş­ga zady öwrenmek borç edilmeýär. Eger şol wagt öläýse, onda ol günäli bolup däl-de, eýsem Beýik Taňra tabyn halda dün­ýä­den gaýdar. Mundan soň gelýän borçlar aýry-aýry başga sebäp­lere esaslanýar.Emma ol borçlary geçmekligiň ýollaryny bil­mek­lik, oňa edil şol mahal hökman däldir. Ol ony wagtyň geç­megi bilen öwrener. Beýle borçlar ýa-ha amal etmekde, ýa-da ony terk etmeklikde, ýa-da oňa uýmakda bolup biler. Amal et­mek­lik baradaky borçlar hakynda aýdylanda bolsa, onda guşluk wagty imana gelen bir musulman öýläne çenli ýaşasa onuň boý­nuna täze bir parzdüşýär, ýagny öýle namazynyň wagty­nyň gelmegi bilen oňa täreti we namazy öwrenmek ylmy parzy aýn bolýar. Hiç hili päsgelçilik ýok bolup, öýle namazyna çenli garaşansoň, wagty geçmezden ozal namazyň şertlerini we des­sur­laryny wagt çykmazdan  öň öwrenmek parzdyr diýilýär. Ýöne namaz barada aýdylanda bolsa, parz amalyň şerti bolan ylmyň (ýagny bilmekligiň) parz bolmagy, şol amalyň (nama­zyň) parz bolmagyndan soň bolar hem diýlip bilner. Şonuň üçi­nem ol namazyň dessurlaryny namazyň wagty geçmezden öw­ren­mäge borçly däldir. Beýleki namazlar hakynda aýdylanda hem ýagdaý edil şunuň ýalydyr.

Remezan aýynyň gelmegi bilen oňa oraza ylmyny bilmek wajyp bolýar. Ol orazanyň wagtynyň säherden gün ýaşýança do­wam edýändigini, agyz beklemäge päk niýetiniň bolmaly­dy­gyny, iýip-içmekden, ýakynlyk etmekden saklanmalydygyny we bu ýagdaýyň aýyň dogmagyna çenli dowam edýändigini, ýa-da täze aýyň dogandygy barada iki sany şaýadyň habar bermegine çenli dowam edýändigini bilmelidir. Eger onda mal peýda bolsa, ýa-da ol kämillik ýaşyna ýetende onuň maly bar bolsa, onda oňa zekat bermekligiň ylmyny bilmeklik wajyp bolýar. Emma zekat bermeklik oňa şol wagt hökman däldir. Mu­nuň üçin onuň mally bolan wagtyndan soň doly bir ýyl geçmelidir. Eger onda diňe düýe bar bolsa, ol diňe düýäniň zekatyny bermekligi öwrenmelidir. Onuň üçin beýleki em­lä­ginden zekat bermegiň ýagdaýy hem edil şunuň ýalydyr.

  Eger haj aýyna gabat gelse, hajyň basym gelmeýändigi üçin ondan haj barada tiz öwrenmeklik talap edilmeýär. Yslam alymlary oňa hajyň howlukmaçlyk bilen berjaý edilýän amal däl­digini eýsem onuň azygynyň we aýak ulagynyň bar bolan ýagdaýynda wajyp bolýan amaldygyny düşündirmelidirler. Eger ol haja gitmekligi berk ýüregine düwen bolsa, ony nähili berjaý etmekligi öwrenmelidir. Ol hajyň nepil (meýletin) amal­laryny däl-de, eýsem parzlaryny we wajyplaryny bilmelidir. Eger ol parz hem wajyp amallaryň daşyndan nepil amallary berjaý etse, onda onuň öwrenen zady parzy aýn bolmaz. Bendä hajyň esaslary barada aýtmazlyk fykh ylmynyň kesgitnamalary boýunça haramdyr. Edil şunuň ýaly başga amallary hem basgançak-basgançak öwrenmeklik parzy-aýndyr.

   Bende halynyň üýtgeýşine laýyklykda ylym öwrenmelidir. Onuň haly bolsa dürli ýagdaýlara görä üýtgeýär. Meselem, kere geplemegi gadagan edilýän sözi bilmegi, köre seretmegi gada­gan edilýän zady bilmegi, çarwa adama nähili öýde ýaşamagy gadagan edilýändigini bilmegi hökman däl. Bendä mälim zat bolsa ýa-da ol onsuz oňup bilýän bolsa, onuň beýle ýagdaýlary öwrenmegi zerur däl. Oňa gabat geljek ýagdaýlar barada habar­dar edilmelidir. Meselem, ol yslamy kabul eden wagtynda ýü­pek eşik geýnen bolsa ýa-da ol nämähremlere seredýän bolsa oňa beýle etmekligiň dürs däldigi barada aýdylmalydyr. Oňa Taňra ýakynlyk gazanmakda päsgelçilik boljak zatlar barada duýduryş berilmelidir. Meselem, ol serhoş ediji içgileri içmek[18] we doňzuň etini iýmek[19] adat bolan ýurtda bolsa, oňa beýle işleri etmekligiň haramdygy barada aýtmalydyr. Oňa beýle zatlar öwredilmelidir, onuň özi hem olary öwrenmelidir.

    Emma ynançlar we kalbyň amallary barada aýdylanda bol­sa, onda olary düşünjeleriň döreýşine görä bilmelidir. Eger ol şaýatlyk sözüniň manysyna şek getirse, şeki aradan aýyrmagyň ýoluny öwrenmelidir. Eger ol şaýatlyk sözüniň manysynda şe­ke düşmese we Taýrynyň sözüniň gadymydygyna, Ony görül­jekdigine, Onuň soňra dörän zat däldigine we beýleki ynanç me­selelerinde beýan edilýän zatlara ynanmakdan öň ölse-de, ol barybir ijmag[20] boýunça yslamda bolup öler. Emma ynsanyň kal­bynda dörejek bu ynançlar, kämahal öz düşünjesinden, kä­mahal hem başgalaryň düşnjesinden eşitmek bilen ýüze çykýar. Ol kämillik ýaşyna ýeten wagtyndan başlap beýle zatlardan özüni saklamalydyr we hakykatyň tarapynda durmalydyr. Ol bozuk zatlara gabat gelse, olaryň ornaşmagyndan kalbyny go­ra­malydyr. Munuň özi oňa kyn düşmegi hem mümkindir. Eger bu musulman parahorlyk[21] adat bolan ýurtda bolsa, onda ol parahorlykdan habarly bolmaklygy öwrenmelidir.

Ine, parzyaýn bolan ylym şeýledir. Onuň manysy wajyp bolan amallary bilmeklikden ybaratdyr. Kim wajyp bolan ylmy we ony amal etmegiň wagtyny öwrense, onda onuň parzy aýn ylmyny öwrendigidir. Sopularyň parzy aýn barada «Ol –periş­dä­niň ylhamy bilen şeýtanyň waswasyny gidermekdir» diý­mek­leri hem dogrudyr.Ýöne bu hemmelere  degişli däl-de, eý­sem mätäç bolana, köňlünde munuň ýaly zatlar döräne degiş­li­dir. Eger adamda göripçilik,[22] ikiýüzlülik[23] duýgulary güýçli bol­sa, onda oňa «Heläk ediji zatlar» çärýeginde aýdylýan we etmeli däl zatlar baradaky aýdylanlary öwrenmelidir. Pygam­ber alaýhyssalam: «Adamyny heläk ediji üç sany zat bardyr, neb­siňe uýmak,[24] gysgançlyga tabyn bolmak[25] we özüňi hon­dan­bärsi tutmak»[26] diýdi. Bu zatlardan päklenmek ynsana kyndyr. Biziň bu ýerde ýatlap geçjek bolýan kalbyň halanylmaýan hallary,[27] meselem ulumsylyk, özüňi gowy görmeklik we şuňa meňzeş zatlar şol üç heläk ediji zatlardan gelip çykýar. Olary kalpdan çykarmak parzyaýndyr. Beýle ahlak kemçiliklerinden bolsa olaryň mazmunyny, sebäplerini, alamatlaryny we bejer­mek­ligiň ýollaryny bilmezden mümkin däldir. Şeriň nämedi­gi­ni bilmeýän adam şere düşer. Şeri bejermekligiň ýoly onuň se­bäp­leriniň garşysyna göreşmeklikden ybaratdyr. Eýse, onuň sebäplerini bilmezden ony bejerip bolarmy? Biziň «Heläk ediji zatlar» çärýeginde aýdan zatlarymyzyň köpüsi parzy aýndyr. Ýöne adamlar peýdasyz işlere meşgul bolup, ol çärýekde aý­dy­lan zatlara amal etmekligi taşladylar.

   Ynsan, eger bir dini akymdan başga akyma geçmedik bol­sa, bu zatlary çaltrak öwrenmeklige ymtylmalydyr. Ol jennete, dowzaha, ölümden soň direlmeklige we Arasat meýdanynda jem­lenmäge doly iman getirýänçä hem uýýança ylym öwren­me­lidir. Munuň özi kelemäniň iki bölegine ynanmaklygy kämil edýär. Ol Pygamber alaýhyssalama uýmak bilen bu serweriň we­zi­pesine we onuň pygamber edilip iberilmeginden näme maksadyň yzarlanylýandygyna düşünmelidir. Beýik Taňra we Onuň pygamberine tabyn bolan her bir kişi jennete düşer, kim Taňrynyň hem Onuň pygamberiniň erkiniň garşysyna gitse, ol dowzaha düşer. Eger sen bu yzygiderliligi kabul etseň, onda munuň hakyky ýoldugyny bilersiň. Şonda her bir bendäniň hemme hallarynda gije-gündiziň dowamyndaky ybadatlarynda säw­liklerden halas däldigine we gatnaşyklarda täze-täze şert­le­riň gabat gelýändigine göz ýetirersiň. Bende özüne gabat gel­ýän her bir ýagdaý, hat-da seýrek duş gelýän zat barada hem so­rap durmalydyr. Ol aýratyn hem ýakyn geljekde özüne garaş­ýan zatlar barada bilmeklige ymtylmalydyr. Eger oňa Pygam­ber alaýhyssalamyň mälimlik artikli[28] bolan «elip» we «lam» harp­lary bilen göz öňünde tutan «Ylym öwrenmeklik her mu­sul­man üçin parzdyr» sözündäki «ylym» sözüniň manysy aýan bolan bolsa, ylym bilen amal etmekligiň wajyplygyna düşünen bolsa, hem-de onda ylmy yzygiderli we öz wagtynda öwrener. Elbetde, has dogrusyny Taňrynyň özi ýagşy bilýändir!


[1] اَلعِـلـْـمُ المـحْـمـُـودُAl-ylm al-mahmud – halanylýan ylym.

[2] اَلعِـلـْـمُ المـَذمـُـومُAl-ylm al-mezmum – ýazgarylýan, oňlanylmaýan ylym.

[3]فـَـرْضُ عـَـیْـن ٍParzyaýn –her bir musulmanyň öz boýnunda bolan parz.

[4]فـَرْضُ کـِـفـَـایـَـةٍParzykifaýa –musulman köpçüliginiň boýnunda bolan parz.

[5] عـُـلـُـوم ِ الـدِّیـن ِUlum ed-din – din ylymlary. Din ylymlaryna kelam, tefsir, hadys, fykh, tasawwuf, kysas (kyssalar), sir (Pygamber alaýhyssalamyň ömür ­be­ýany) we beýleki ylymlar girýär.

[6]عـِلـْـمُ الکـَـلاَم ِYlm al Kelam – Kelam ylmy.«Kelam» –«Söz» diýmekdir, ýagny Gurhan. Bu ylym Gurhanyň sözlerine esaslanan dini pelsepedir.

[7]عِـلـْـمُ الفـِـقـْـهِYlm al Fykh – şerigatyň meseleleriniň çözgütlerini öz içine alýan ylym.

[8]Mütekellim –Kelam ylmy boýunça alym.

[9]Mufessir –Gurhanyň aýatlarynyň manylaryny düşündirýän.

[10]Muhaddis –hadysyalym.

[11]Sünnet – Pygamber alaýhyssalamyň eden işleri we aýdan sözleri.

[12]Hal –ýagdaý, ýagny bendäniň Taňra ýakynlyk ýagdaýy.

[13]Makam – duralga, ýagny bendäniň Taňra ýakynlyk ýolunda ýeten duralgasy.

[14]Mekgi Abu Talyp Kaýsy – 437/1046-njy ýylda ölen alym.

[15]کـَـلِـمـَـة ُ الشـَـهـَـادَةِKelimet aş-şahada – güwälik sözi,keleme.

[16]«لاَ اِلـَـهَ اِلاَّ اللهُ مُـحـَـمَّـدٌ رَسـُـولُ اللهِLä ilähe illallah, Muhammetresul Allah – Alladan başga hudaý ýokdur, Muhammet onuň ilçisidir.

[17]اَلکـَـلِـمـَـتـَـیْـن ِAl-kelimeteýn – kelemäniň iki bölegi. 1-nji bölek: «لاَ اِلـَـهَ اِلاَّ اللهُLä ilähe illallah» («Alladan başga hudaý ýokdur») diýen jümle; 2-nji bölek: مُـحـَـمَّـدٌ رَسـُـولُ اللهِMuhammed resul Allah (Alladan başga hudaý ýokdur, Muhammet onuň ilçisidir) diýen jümle.

[18]شـُـرْبُ الخـَـمـْـرِŞurb al-hamr – serhoş ediji içgileri içmek.

[19] اَکـْـلُ لـَـحـْـم ِ الخـِـنـْـزِیـرِÄkl lahm al-hynzyr – doňzuň etini iýmek.

[20]اَلاِجـْـمـَـاع ُAl-ijma‘– alymlar jemagatynyň haýsydyr bir meseläniň çözgüdi boýunça bir pikirde ylalaşmagy.

[21]اَلـرِّبـَـاAr-riba – parahorlyk, süýthorluk.

[22]حـَـسـَـدٌHasad – göripçilik.

[23]رِیـَـاءٌRiýa – ikiýüzlülik, ‎‎eden işiňi ile göz üçin etmek.

[24] شَـحٌ مـُـطـَـاع ٌ Şehhun muta‘ – nebsiňe uýmak.

[25] هـَـوَیً مـُـتـَّـبـَـع ٌ Hewen muttaba‘ – gysgançlyga tabyn bolmak.

[26]اِعْـجـَـابُ المـَـرْءِ بـِـنـَـفـْـسِـهِI‘jab al-mer’i bi nefsih – özüňi hondan bärsi görmek.

[27]مـَذمـُـومـَـاتُ اَحـْـوَال ِ القـَـلـْـبِ Mezmumat ahwal al-kalb – kalbyň halanylmaýan hallary.

[28]المـُـعـَـرَّفُ بـِـالالـِـفِ وَ اللـَّـام ِ Al-mu‘arraf bil-alif wel-lam – mälimlik artiklibilen mälim ýagdaýa goýulan.Mälimlik artikli atlaryň, sanlaryň we sypatlaryň öňünden gelýär we sözüň umumy däl-de, mälim ýagdaýda durýandygyny aňladýar. Bu ýerde haýsydyr bir ylym däl-de, eýsem mälim ylym göz öňünde tutulýar.