Köpçülik tarapyndan oňlanylýan hasaplanýan, ýöne aslynda oňlanylmaýan ylmyň beýany

Başy » YLYM BARADA KITAP » Köpçülik tarapyndan oňlanylýan hasaplanýan, ýöne aslynda oňlanylmaýan ylmyň beýany

    Bu bapda käbir ylymlaryň oňlanylmaýan ylym bolmagy­nyň, ylymlaryň atlarynyň üýtgedilmeginiň (olar fykh, towhyt, tezkir (zikr etmek), hikmet ylymlarydyr) sebäplerine, şerigat ylymlaryndan oňlanylýan hem oňlanylmaýanlaryna garalyp geçiler.

         Belki, sen: «Ylym bir zadyň nämedigini bilmekdir» diýer­siň. Bilmek Beýik Taňrynyň sypatlaryndandyr. Onsoň Taňry nä­hili zat bolup biler? Zat nähili ylym bolup biler? Eger «Yl­myň hut özi oňlanylmazlyga sebäp bolmaýar» diýseň,onda ol bendeleriň haky nukdaýnazaryndan üç sebäbe görä oňlanyl­ma­ýar.

   Birinji sebäp, ol ylym eýesine ýa-da başga birine zyýan ýe­tir­ýär. Meselem, jadygöýlik we tilsimler ylmy bu sebäpden oňlanylmaýar. Jady ylmy bilen är-aýalyň arasyna jydalyk sa­lyn­ýar. Jady edilýändigi barada Gurhanda hem deliller bardyr. Py­gamber alaýhyssalama hem jady edildi. Ol bu sebäpden syr­kawlyga duçar boldy. Jebraýyl perişde oňa bu ýagdaý barada habar berdi. Pygamber alaýhyssalam guýynyň düýbündäki da­şyň aşagyndan jadyny çykardy. Jady ylmynda daşlaryň häsi­ýet­le­ri we ýyldyzlaryň dogýan wagtlary baradaky ylmy maglu­mat­lardan peýdalanylýar. Beýle zatlary bilmeklik ylym ýüzün­den ýazgarylmaýar. Şol daşlardan jadylanýan adamyň sura­tyn­da heýkel ýasalýar. Soňra mahsus ýyldyzyň dogýan wagtyna gara­şylýar. Şol wagtda şerigata ters gelýän küpür we gödek söz­ler aýdylýar. Netijede, şeýtanlaryň goldaw bermegi gaza­nyl­ýar. Bu zatlaryň jemi bilen jadylanýan adamyň halynda geň zat bolup geçýär. Ýöne ol zatlaryň üsti bilen adamlara zeper ýe­tirmeklik oňlanylmaýan zatdyr. Şeriň üstüne eltiji zat şerdir. Bu ýerden ol sebäpler oňlanylmaýan ylym bolýar. Welilere eýeren adamlar ol sebäpleri aradan aýyrmaga çalyşdylar we ol sebäpleri halkdan gizlediler. Eger bir kişi olar barada sorasa, duýduryş bermediler. Bu ýerden ýalan sözlemek adaty ýüze çykdy. Ol sebäpleriň nämelerdigini bilmek oňlanylýan,ýöne ola­ry zyýan bermek üçin ulanmak oňlanylmaýan zatdyr.

   Ikinji sebäp, köplenç ýagdaýda ol ylym eýesine zyýan beriji bolýar. Meselem, ýyldyzlar ylmy. Onuň özi ylym hök­mün­de oňlanylmaýan zat däldir. Çünki, bu ylym iki görnüş­li­dir. Birinji görnüş hasap bilen baglanyşyklydyr. Beýik Taňry gü­nüň we aýyň ýöreýän ýolunyň hasaplydygy barada: «Gün we aý hasap bilen ýöreýär»[1] we «Biz aýyň ýöremegi üçin men­zil­leri (duralgalary) kesgitledik»[2] diýdi. Hökümler we olaryň neti­jeleri hadyslaryňüsti bilen delil gözlemäge sezewar edýär. Munuň özi tebibiň gan damarlarynyň basyşyny ölçäp, haýsy ke­seliň geljekde ýüze çykjakdygyny kesgitleýşi ýalydyr. Mu­nuň özi Taňrynyň öz bendeleri üçin goýan ýoluny we adatyny bilmekdir. Emma şerigat muny oňlamaýar.

Pygamber alaýhys­salam: «Eger takdyrdan bir zat agzalsa, dymyň. Eger ýyldyzlar barada bir zat aýdylsa dymyň. Eger sahabalarym hakynda bir zat aýdylsa dymyň» diýdi. Pygamber alaýhyssalam ýene: «Men özümden soň ymmatym üçin üç sany zatdan gorkýaryn: hö­küm­darlaryň zulumyndan, ýyldyzlara ynanmakdan we tak­dy­ryň ýalan saýylmagyndan» diýdi.

Omar ibn Hattap (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ýyldyzlary gury ýerde hem deňizde gije ýola gönüger ýaly derejede öwreniň. Ýyldyzlary mundan artyk­maç öwrenjek bolmaň» diýdi. Ol bu sözünde üç sany sebäpden ugur alýar:

Birinjiden, ýyldyzlar ylmy adamlaryň köpüsine peý­da­syz­dyr. Eger olara: «Her bir hadysa ýyldyzlaryň täsiri as­tyn­da ýüze çykýar» diýilse, onda olaryň kalplaryna: «Ýyldyzlar hemme zady tertip-nyzama salýarlar» diýen bozuk pikir düşer. Olar: «Ýagşy-ýaman ýyldyzlardan gelip çykýar» diýip bilerler we Taňrydan daş düşerler. Olaryň nazarlary ýyldyzlaryň syrla­ry­na göz ýetirmekden ejizdir. Düýpli ylmy bar bolan alym gü­nüň, aýyň we ýyldyzlaryň Beýik Taňrynyň erkine tabyndygyny bilýär. Ejiz bendäniň gün şöhlesi baradaky pikiriniň mysaly göýä bir garynjanyň mysaly ýalydyr. Eger garynja akyl berilse, onda ol kagyzyň gyrasynda durup, hata seredip: «Bu hat galamyň işidir» diýer. Onuň nazaryna galamy tutup duran barmaklar we el ilmeýär. Onuň akyly kätibiň galama hereket beriji erkine asla çatmaýar. Güýji we eli ýaradyjy Taňry bara­da-ha onda asyl pikir hem ýok. Mahlasy, adamlaryň pikirleri hem edil şunuň ýalydyr. Olaryň nazary ýakyn zatlaryň sebäp­le­rine aň ýetirmek bilen ýetmeýär. Munuň özi ýyldyzlar ylmyny içgin öwrenmekligiňi gadagan edilmeginiň sebäpleriniň biridir.

Ikinjiden, ýyldyzlaryň hökümleri takmynan çaklama bilen alyn­ýar. Şonuň üçin ol hökümler bendeleriň hakyna mahsus däldir. Çaklama hökümler anyk bilmezlik sebäpli ýüze çykýar. Ýyldyzlar ylmy köklerini Idris alaýhyssalamyň görkezen mug­jy­zalaryndan alýar. Ol ylym häzir unudylan ylymdyr. Müneçji­miň aýdýan zatlarynyň onuň bilen baglanyşygy ýokdur we tötänlikdir. Tötänlik bolsa, käbir sebäplere esaslanýar. Käbir sebäpler bilen hakykaty anyk kesgitläp bolmaýar. Taňrynyň ýyl­dyzlarda goýan syrlaryny kesgitlemek mümkinçiligi yn­san­da ýokdur. Eger Taňry galan sebäpleri hem müneçjimiň söz­le­rine laýyk etse, onda onuň sözi hakykat ýaly bolup görner. Eger Taňry müneçjimiň sözlerini laýyk etmese, onda ol ýal­ňy­şar. Munuň özi ynsanyň «Şu gün ýagmyr ýagarmy?» diýen so­ragyna jogabynyň çaklama bolşy ýalydyr. Ol buludy görse: «Bu gün ýagyş ýagar» diýýär. Eger asmanda bulut bolmasa: «Bu gün ýagyş ýagmaz» diýýär. Ýöne onuň buluda garap jogap aýtmagy ýeterlik bolmaýar. Çünki, ol başga sebäpleri bilmeýär. Gämiçiniň ýoluň ýagdaýyna salgylanyp: «Gämi howpdan sa­la­mat bolar» diýip kesgitlemegi hem edil şunuň ýaly ýagdaýdyr. Çünki, ýeliň sebäpleri oňa mälim däldir. Ol sözüni takmynylyk bilen aýdýar. Şonuň üçin gämiçi ýalňyşyp hem biler, onuň pi­ki­ri dogry hem çykyp biler. Bu sebäpden ýyldyzlara görä yn­sa­nyň halyny kesgitlemek ygtybarlyga eýe däldir.

Üçünjiden, ýyldyzlar ylmyndan peýda azdyr. Oňa meşgul bolmak ynsanyň iň gymmatbaha bolan ömrüni zaýa edýär. Pygamber alaý­hys­sa­lam bir adamyň daşyna jemagatyň üýşýändigini gördi. Adamlar ony üns berip diňleýärdiler. Pygamber alaýhyssalam: «Bu kişi kim?» diýip sorady. Olar: «Bu adam beýik alym» diýdiler. Py­gam­ber alaýhyssalam: «Ol nämäniň alymy?» diýdi. Olar: «Ol şygyrýetiň inçe syrlaryny we araplaryň nesil şejeresini bilýän alym» diýdiler. Pygamber alaýhyssalam: «Onuň ylmy peýda ber­meýän ylymdyr we zyýan etmeýän nadanlykdyr» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Ylym hökümi bar bolan aýatdyr, yg­ty­barly hadyslardyr we adyl parzlardyr» diýdi. Diýmek, ýyl­dyz­lara garap ynsanyň täleýini kesgitlemek akylsyzlykdyr we peýdasyz nadanlykdyr. Bu ýerden täleýiň Taňrynyň öňden kesgitlän zadydygy we ondan gaçyp gutulmagyň mümkin däl­digi gelip çykýar. Tebipçilik barada aýdylanda, ol munuň ter­si­ne­dir. Çünki, ynsan oňa mätäçlik çekýär. Onuň köp delilleri ynsanyň hajatyna laýyklykda çykarylýar. Düýşüň ýorgudy hem takmynydyr. Ol pygamberligiň kyrk alty bölüminiň biridir. On­da howp-hatar ýokdur.

         Üçünji sebäp, ylma ýaňy giren adama heniz ylymdan peý­da ýokdur. Şonuň üçin bu ylym onuň hakyna oňlanylmaýan ylym­dyr. Çünki, entek ol ylmyň inçe ýerlerini bilmeýär. Taň­ry­hon­lyk (ylahy) ylmynyň syrlaryndan ol pelsepeçi alymlar we mütekellimler[3] ýaly heniz özbaşdak baş çykarmaýar. Ylmyň inçe syrlaryna pygamberler we weliler ýaly çuňňur aralaşmak köpçülige mahsus däldir. Näçe adamlar şeýle niýet bilen wagt­laryny zaýaladylar we maksatlaryna ýetmediler! Olar ylmyň gi­riş makamynda saklanan bolsalar, ýagşy bolardy. Ylmyň käbir adamlar üçin zyýanlydygy inkär edilmeýär. Munuň emýän çaga guşuň etiniň ýa-da gaty süýji iýmitiň zyýanly bolşy ýaly­dyr. Nadanlygyň (bilmezligiň) hem käbir işlerde peýdasy bar­dyr.

Bir hekaýatda şeýle aýdylýar: Bir adam aýalynyň göwreli bolmaýandygyndan tebibe arz etdi. Tebip onuň aýalynyň gan damarlarynyň basyşyny barlap, ol aýala: «Saňa göwreli bolma­gyň üçin däri-derman edip oturmagyň asla hajaty ýok. Sen aňyrsy kyrk günden ölersiň» diýdi. Ol aýal bu habary eşidip, hesret laýyna batdy we iýmek-içmekden galdy. Tebibiň aýdan kyrk gün möhleti ötdi. Emma ol aýal ölmän diri galdy. Aýalyň äri tebibiň ýanyna geldi we oňa aýalynyň ölmän diri galan­dy­gy­ny aýtdy. Tebip: «Men onuň ölmejekdigini şol wagt bildim. Ol semizdi we ýatgysynyň agzyny ýag baglapdy. Men ondan semizligi gidirmek üçin şeýle etdim. Indi, sen öýüňe baryp, aýalyňa ýakynlyk et! Hudaý halasa, ol göwreli bolar» diýdi.

Munuň özi käbir zatlary bilmegiň eýesi üçin hatarlydy­gy­ny aňladýar. Eger bu hekaýata üns berseň, Pygamber alaý­hys­sa­lamyň: «Biz peýda bermeýän ylymdan Taňrynyň öz pena­syn­da saklamagyny dileýäris» diýen sözüniň manysyna dü­şü­ner­siň. Sen bu hekaýaty ygtybarly hasapla we şerigatyň oňla­ma­ýan ylymlaryny derňeýji bolmakdan saklan! Pygamber alaý­hyssalamyň sünnetine uý we sahabalara (goý, Taňry olardan razy bolsun!) eýer! Çünki, olara uýmakda howp-hatardan sala­matlyk bardyr. Öz pikiriňden gelip çykýan delilleri köpeltme! Özbaşdak pikir ýöretmekde we syrlary derňemekde howp-hata­ra düşmek bardyr. «Men zatlaryň hakykatlaryny bilmek üçin der­ňew geçirýärin» diýip getirýän tutarykdyr tassyknamalaryň ylymda zyýanlydyr.

Ökde tebipler dertleri bejermekde nadan tebiplerden tapa­wutlanýarlar. Pygamberler bolsa kalplaryň tebipleridir, alymlar bolsa ahyret durmuşynyň sebäplerini bilijilerdir. Olar bu nuk­daý­nazardan beýleki adamlardan tapawutlanýarlar. Sen öz aky­lyň bilen olaryň goýan ýollaryna degişli hökümleri çykarma, bolmasa heläk bolarsyň. Çünki, şerigatyň syrlaryny derňemek akylyňa sygmaz. Munuň özi sada adamlaryň magnitiň demri özü­ne çekmeginiň syrlaryndan baş çykaryp bilmeýişleri ýaly­dyr.

Şerigatyň täsin hem ajaýyp syrlary bar. Olar Taňrynyň der­gähinde adamlaryň kalplarynyň päk bolmagy üçindir. Mu­nuň özi däri-dermanlaryň peýdalaryna köp adamlaryň aň ýeti­rip bilmeýişleriniň mysalyna meňzeşdir.

Tejribe syrlara aň ýetirmegiň serişdesidir. Ahyretde nepi ýetjek zada aň ýetirmek çäkli bolsa hem, tejribe oňa tarap ýol goýujydyr. Eger ölüler direlip gelýän bolsalar, onda olar bize Taňrynyň dergähine ýakynlaşmagyň peýdaly ýollaryny we On­dan daşlaşdyryjy sebäpleri aýdardylar. Akyda[4] barada aýdylan­da hem edil şunuň ýalydyr. Saňa Pygamber alaýhyssalamyň dog­ruçyllygyna ynanmaga gönükdiriji zatlara aň ýetirmegiň we onuň görkezmelerine düşünmegiň ýeterlikdir.Akylyňy mundan artyk kösençlige sezewar etme! Çünki, Pygamber alaýhys­sa­lam: «Ylymdan hem nadanlyk gelip biler, akyldan hem nadan­lyk gelip biler» diýdi. Ylmyň nadanlyk däldigi bellidir. Ýöne nadanlyk ylma täsirini ýetirip biler. Pygamber alaýhyssalam: «Köp ylymdan az üstünlik ýagşydyr» diýdi. Isa alaýhyssalam: «Agaçlar köpdür. Emma olaryň hemmesi miwe getirmeýär. Ylymlar hem köpdür. Ýöne olaryň hemmesi ýagşy hem peý­daly ylym däldir» diýdi.



[1]Gurhanyň 55-nji «Rahman» süresiniň 5-nji aýaty.

[2]Gurhanyň 36-njy «Ýasyn» süresiniň 39-njy aýaty.

[3] Mütekellim– kelamylmynyň alymy.

[4] Akyda– ynanç.