Ylymlaryň atlaryny aňladýan sözleriň özgermeginiň beýany.

Başy » YLYM BARADA KITAP » Ylymlaryň atlaryny aňladýan sözleriň özgermeginiň beýany.

   Şerigat ylymlarynyň mynasyp atlarynyň ýoýulmagy ys­la­myň ilkinji asyrynda ýagşyzadalaryň[1] tassyk namalaryn­da­ky söz­lerden özge akymlara bolan gyşarmalar sebäpli ýüze çykdy. Bu sözler bäş sanydyr: fykh, ylym, towhyt, tezkir (zikr etmek) we hikmet. Bu atlar başda taryply atlardy, olary taryplaýjylar bol­sa mertebeli alymlardy. Men bu ýerde ol sözleriň oňlanyl­maýan manylary barada söz açmakçy.

 Birinji söz «fykh»[2] sözi bolup, aslynda ol manysynyň öz­germek nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem ylym hökmünde mahsus bolan meseleler jähetinden şerigatyň pudaklarynade­giş­li pitwalary hem gowşak öwrenilen meseleleriň çözgütlerini beýan ediji ylym saýylyp gelindi. Asyrlaryň geçmegi bilen bu ylma bagyşlanyp ýazylan eserleriň sany artdy. Fykh ylmyna köp meşgullanyp, onuň syrlaryna çuňňur aralaşan alymlara «fa­kyh»[3] diýildi. «Fykh» sözi yslamyň ilkinji asyrynda nebis apat­lary, azap-sogap, dünýäniň hiç zadyň alnyndan däldigi, onuň tersine ahyretiň arzuwly mekandygy baradaky düşünjeleri aň­la­dyjy umumy sözdi. Beýik Taňry özüniň keramatly kitabyn­da: «Goý, olar din ylmyna meşgul bolsunlar we kowumdaşlary ýan­laryna gelenlerinde olara bu ylmy ündesinler»[4] diýdi. Bu aýatyň üsti bilen adamlara şerigat ylmyny wagyz etmek we kalplarynda ahyret gorkusyny oýarmak göz öňünde tutulýar. Çünki, şerigat ylmyna dowamly ünssüz bolmak kalbyň ýum­şak­lygynyň we gorkusynyň gitmegine alyp barýar. Bu jähetden Beýik Taňry: «Olaryň şeýle kalplary bar welin, ol kalplar bilen ylma düşünmezler»[5] diýdi. Bu aýatyň üsti bilen Beýik Taňry pitwalary däl-de, imanyň manylaryny göz öňünde tutdy. «Fykh» we «düşünmek» sözleri dil jähetden bir mana eýedir. Ola­ryň ara tapawudy irki we giçki döwürlerde ulanylyş ada­tyn­dadyr. Beýik Taňry: «Olar kalplarynda Alladan beter siz­­den gor­kýarlar»[6] diýdi. Alladan gorkynyň azlygy we ada­myň hö­küm­darlygyna tagzym edilmegi fykh ylmynyň täsiriniň gowşak bolan ýagdaýynda ýüze çykýar. Sagt ibn Ybraýym Zuhrydan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Haýsy şäheriň adamlary şerigat ylmyny ýagşy bilýär?» diýip soradylar. Zuh­ry: «Alladan has gorkýan şäheriň alymlary» diýip jogap berdi. Ol bu sözden fykh ylmynyň miwesi bolan takwalygy göz öňünde tutdy. Dogrudan hem takwalyk fykh ylmynyň miwe­sidir. Oňa pit­wa­lar degişli däldir. Pygamber alaýhyssalam sa­ha­balaryna: «Men size fakyhyň kimdigini aýdaýynmy?» diýdi. Olar: «Hawa» diý­diler. Pygamber alaýhyssalam: «Adamlary Taň­ry­nyň rehmetin­den umyt üzdürmezligi, olaryň Taňra ynamynyň gitmezligi üçin çalyşýan adamdyr» diýdi. Enes ibn Mälik[7] Pygamber alaý­hyssalamyň şeýle sözüni rowaýat etdi: «Meniň üçin ir agşamdan gün dogýança Taňrynyň zikrini edýän adamlar bilen oturmak dört sany guly azat edenden ýagşyrakdyr» diýdi.

   Takwa fakyh dünýäde ahyrete höweslidir, ybadata ga­ýym­dyr, ahyret ylmyna we kalplaryň hökümlerine meşguldyr. «Fykh» sözi şerigatda taryply sözdür. Batyn ylmy kyndyr. Bu ylma amal etmek aňsat däldir. Onuň üsti bilen hökümdarlyga, kazylyga, mertebä, baýlyga ýetmek mümkin däldir.

Ikinji söz «ylym» sözüdir. Bu sözüň üsti bilen başda Taň­ryny, Onuň bendelerine edýän işlerini, Onuň gudratlaryny bil­mek göz öňünde tutulýardy. Omar (goý, Taňry ondan razy bol­sun!) ölende ibn Mesgut (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ylmyň ondan dokuz bölegi gitdi» diýdi. Ibn Mesgut bu ýerde anyk ylmy göz öňünde tutýar. Soňra ol bu ylmyň Beýik Taňryny tanamak ylmydygyny aýtdy. Käbir alymlar bu ylmy diňe fykh ylmynyň meselelerine mahsus bir ylym hasapladylar. Olar bu ylma meşgul bolan adamy «hakykat alymy» diýip at­lan­dyr­dylar, ony ylmyň guwanjy saýdylar we oňa meşgul bol­ma­ýan alymy «şerigata gowşak alym» diýip bildiler, ylym ählinden görmediler. Ylymlaryň we alymlaryň mertebeleri ba­ra­daky köp sanly kitaplarda Taňrysyny tanan we Onuň höküm­lerini, işlerini, sypatlaryny bilen adama «alym» diýilýär. Häzir şerigatyň jedelli meselelerinden baş alyp çykyp bilýän adama «alym» diýilýär we ol ylymlaryň guwanjy hasaplanýar. Bu ýer­de onuň tefsir, hadys, mezhep we başga ylymlary bilişi göz öňünde tutulmaýar. Munuň özi köp ylym ähliniň heläkçiligine sebäp boldy.

Üçünji söz «towhyt» sözüdir. Häzir bu söz bilen kelam ylmy, çekişme gurnamagyň ýollary we gapma-garşy pikirleri çözmegiň ýollary aňladylýar. Bu ugruň alymlary özlerini «ada­lat we towhyt ähli» diýip atlandyrdylar. Mütekellimler hem bu towhyt ylmy bilen atlandyrylýar. Ýöne bu ylma mah­sus bolan meseleler yslamyň birinji asyrynda bilinmeýärdi. Tersine, olasyrda towhyt ylmyndan söz açýan adamlar hem halanma­ýar­dy. Yslamyň ikinji asyrynda towhyt Gurhana degişli ylymdy we Taňra bil baglamaklygyň miwesi bolan hormatly makamdy. Taňra bil baglamaklygyň beýany «Taňra bil baglamak bara­da­ky kitapda» berler. Onuň başga miweleri-adamlaryň Taňra şi­ka­ýat etmezligi, olaryň Taňrydan razy bolmagy we Taňrynyň kazasyna boýun sunmaklarydyr.

     Towhyt – iki sany gabygy bolan nepis göwherdir. Onuň birinji gabygy seniň diliň bilen: «Lä ilähe illalla» («Alladan başga hudaý ýokdur») diýip aýtmagyňdyr. Muňa «towhyt» di­ýil­ýär. Munuň tersine hristianlarda üçhudaýlyk[8] bar. Onuň ikin­ji gabygy köňülde Taňrynyň emrine gapma-garşylygyň bol­mazlygydyr we Taňrynyň ýeke täkligine kalbyň bilen ynan­mak­dyr. Towhydyň üsti bilen mütekellimler bedgatçylar tarapyn­dan şyltak atylmagyndan dini goraýarlar. Ol göwheriň özeni hem bolýar. Göwherleriň özeni– hemme bolýan işleriň sebäp­lerini Taňry tarapyndan diýip bilmekdir. Towhydyň wezipesi adamyny nebsine uýmakdan daşlaşdyrmakdyr. Nebsine uýan kişi nebsine ybadat eder. Beýik Taňry: «Sen nebsini Taňry edi­nen kişini gördüňmi?»[9] diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Taň­rynyň ýigrenýän zady bendäniň nebsini hudaý edinmegidir» diýdi. Hakykatda oýlanan kişi seneme[10] ybadat edýän kişiniň se­neme däl-de, nebsine ybadat edýändigine düşüner. Ol ata-babalarynyň dinine ýykgyn edýän nebsine uýýar. Nebse uýmak – hemme zady Taňrynyň erkine görä görmek duýgusyndan daşlaşdyrýar. Meselem, hemme zady Taňrysyndan diýip bilýän adam Onuň bendelerine gaharlanmaz. Bu makam syddyklaryň[11] makamydyr.

    Sen: «Men säherde tutup, ýüzümi asmanlary we ýeri ýara­dan Taňra tarap päk ýürek bilen öwürdim. Men köp hudaýly däl­dirin» diýip, ýüregi bilen aýtmaýanlaryň sözleriniň esassyz­dygy barada pikir ýöredip bir gör! Eger ol her gün kalbynyň ýüzi bilen Taňra ýüzlenmeýän bolsa, onda onuň bu hereketi ýalançylykdan başga zat däldir. Eger ol «ýüz» («tarap») sözi bilen başga taraplary däl-de, diňe Käbäni göz öňünde tutýan bolsa, Käbe asmanlary we ýeri ýaradan Taňry däldir, diýmek  onuň ýüzi Taňra tarap ýüzlenen däldir. Eger ol bu söz bilen ýüreginiň ýüzüni göz öňünde tutan bolsa, onda onuň maksady ybadathonyň maksadydyr. Ýöne dünýewi maksatlaryny we ha­jat­laryny terk etmese, onuň sözi niçik yhlas bilen köňülden çy­kar? Ol baýlyk jemlemek, mertebe gazanmak ugrunda hile ba­ry­na ýüz ursa, niçik onuň ýüzi asmanlary we ýeri ýaradan Taňra ýüzlenen bolar? Bu söz towhyt ylmynyň hakykatyndan habar berýär. Ýeke-täk Taňry ýeke-täk görülýän zatdyr we diňe şol täklige ýüz öwrülýän zatdyr. Bu söz Beýik Taňrynyň: «Sen Alla» diýip aýt. Goý, olar özleriniň boş sözlerine şatlany­ber­sin­ler»[12] diýen sözi bilen manydaşdyr. Bu ýerde dil bilen aýdylan söz göz öňünde tutulmaýar. Dil kalbyň terjimeçisidir. Ol bir-de ýalan sözleýär, bir-de bolsa dogrusyny aýdýar. Allanyň naza­ry­nyň düşýän ýeri kalpdyr. Kalp – towhyt ylmynyň magdany we çeşmesidir.

   Dördünji söz «tezkir» («zikr etmek» ) sözüdir. Beýik Taň­ry: «Taňrynyň zikrini et! Çünki, zikr ediş möminlere peýdasy bardyr»[13] diýdi. Zikr etmek mejlisleri barada hadyslar köpdür.

Me­selem, Pygamber alaýhyssalam: «Siz jennetiň bossanla­ryn­da boljak bolsaňyz, güllerini ysgaň» diýdi. Sahabalar ondan: «Jen­netiň bossanlary näme?» diýip soradylar. Ol bu sowala: «Ol zikr mejlisleridir» diýip jogap berdi.

Başga bir hadysda şeý­le aýdylýar: «Taňrynyň ýeriň ýüzünde jahankeşdelik edýän perişdeleri bardyr. Olar zikr mejlisini görseler, biri-birlerine: «Bu ýere geliň!» diýip, jar çekerler we ol ýere gelip, adamlaryň zikrlerini diňlärler».

Şu zamanyň wagyzçylary zikr etmegi wa­gyz edýärler. Ýöne olar köplenç goşgulary we kyssalary ulan­ýar­lar. Kyssalar bedgatdyr. Aýdylyşyna görä, öten alymlar zikr mejlislerinde kyssa aýtmagy gadagan edipdirler we «Zikr mejlislerinde kyssa aýtmak Pygamber alaýhyssalamyň hem zamanynda ýokdy» diýip aýdypdyrlar. Pitne peýda boldy, kyssa hem peýda boldy. Rowaýat edilşine görä, Ibn Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!) metjitden çykdy we: «Eger kyssaçy bolmadyk bolsa, onda metjitden çykmazdym» diýdi. Ibn Awn şeýle aýtdy: «Bir gün men ibn Siriniň[14] ýanyna bardym. Ibn Sirin menden: «Bu gün seniň näme habaryň bar?» diýip sorady. Men: «Emir kyssaçylara kyssa aýtmagy gadagan etdi» diýdim. Ibn Sirin: «Ol dürs hereket edipdir» diýdi. Agmaş[15] bir gezek Basranyň juma metjidine baryp girdi we bir kyssaçynyň kyssa aýdýandygyny we: «Agmaş bize şeýle-şeýle gürrüň berdi» diýenini eşitdi. Muny gören Agmaş diňleýjileriň arasyna goşu­lyp, goltugynyň aşagyny arassalamaga oturdy. Kyssaçy Ag­ma­şa ýüzlenip: «Sen beýle iş etmäge utanmaýarsyňmy?» diýdi. Ag­maş: «Näme üçin utanaýyn?! Men arassaçylyk etmek bilen sünneti ýerine ýetirýärin. Sen dogry edýäňmi, ýa-da men? Men Agmaşdyryn. Ýöne men beýle kyssany gürrüň bermedim» diý­di. Ahmet: «Kyssaçylaryň sözleriniň köpüsi toslamadyr» diýdi. Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!) kyssaçylary Basranyň ju­ma metjidinden çykarardy.

     Tezkir – ahyret ylmy, ölüm barada pikirlenmek, nebsiň aýyplary barada nesihat, amalsyzlygyň apatlary, şeýtanyň al salmagy, ondan häzir bolmak, Taňrynyň nygmatlary, bendäniň Hudaýyna şükür etmegi, dünýäniň pesligi we ahyretiň howp-hatarlary barada sözlemekdir. Abu Zerden[16] (goý, Taňry ondan razy bolsun!) rowaýat edilen hadysda Pygamber alaýhyssalam: «Zikr mejlisine gatnaşmak müň rekagat namazdan ýagşydyr. Ylym mejlisine gatnaşmak müň syrkawyň halyny sorandan ýagşydyr we müň jynaza namazyna durandyr ýagşydyr» diýdi. Sahabalar oňa: «Eý, Allanyň resuly! Gurhan okamak nähili­dir?» diýdiler. Pygamber alaýhyssalam: «Eýsem, ylymsyz Gur­han okamagyň peýdasy bolarmy?» diýdi. Ata (goý, Taňry oňa re­him­darlyk etsin!): «Zikr mejlisi ýetmiş sany şagalaň mejli­si­niň günäsini ýuwar» diýdi. Bedgatçy alymlar bu sözi nebisle­ri­ni päkleýji delil hökmünde tutaryk edindiler, «Tezkir» sözüni öz­leriniň taglymatlaryna girizdiler, zikr etmegiň dürs ýolundan daşlaşdylar, gapma-garşy pikirlerden doly kyssalara meşgul boldular we toslama kyssalary Gurhanyň rowaýatlarynyň üstü­ne goşdular. Kyssadan diňleýjä peýda hem, zyýan hem bardyr. Çünki, onda dogruçylyk hem, ýalançylyk hem bardyr. Şonuň üçin kyssalarda dogruçyllyk we ýalançylyk garym-gatym bolýar. Kyssanyň gadagan edilmegi bu sebäpdendir. Ahmet ibn Hanbal: «Kyssaçy dürs kyssalary aýtsa hem oňa mätäçlik ýokdur. Emma «Pygamberler (goý, olara Taňrynyň ýalkawy bol­sun!) baradaky we adamlaryň dünýewi işleri bilen baglan­şykly kyssalarda zerer ýokdur. Men dürs mazmunly kyssalary zyýansyz hasaplaýaryn. Siz ýalan kyssalardan häzir boluň. Hallar baradaky hekaýalar säwliklerden halas däldir. Olaryň manylaryna sowatsyz adamlaryň aňlary çatmaýar we «Şeýle-şeýle pir şeýle-şeýle işleri edipdir» diýip aldawa düşýärler. Ola­ryň eden işlerini etmäge synanyşýarlar. Munuň özi düşün­me­ýän işiňe gadam goýmakdyr.

   Aslynda adamlaryň beýle kyssalardan habardar bolmak­la­ry gerek we Gurhandan, hadyslardan hem ygtybarly kitaplar­dan gelip çykýan kyssalara eýermek wajyp. Alymlar adamlary tagata ündemek üçin gyzykly hekaýalary düzýärler hem-de ni­ýet­leriniň adamlary Taňra gönükdirmekdigini nygtaýarlar. Mu­nuň özi şeýtanyň alyna meňzeşdir. Hakykaty ündemek üçin ýa­lan­çylyga ýapyşmagyň näme hajaty bar? Wagyzda beýle here­ket etmegi Allatagala hem, Pygamber alaýhyssalam hem gada­gan edýär.

           Wagyzda owaz taýdan sazlaşýan kyssadan peýdalanmak hem edil şunuň ýaly häsiýete eýedir. Sagt ibn Abu Wakgas[17] (goý, Taňry ondan razy bolsun!) ogly Omaryň owaz taýdan sazlaşýan kyssa düzýändigini görüp, oňa şeýle diýdi: «Seniň bu işiň mende gahar döredýär. Eger sen bu işiňi dowam etseň, onda menden bir hajatyň hem bitmez» diýdi. Bu sözi eşidip, ogly Omar toba etdi. Pygamber alaýhyssalam Abdylla Rawaha owazly kyssa barada: «Seniň owazly kyssadan saklanmagyň gerek» diýdi. Pygamber alaýhyssalamyň özi hem, sahabalar hem owazly kyssa düzmeýärdiler.

    Wagyzlarda şygyrlary köp ulanmak oňlanylmaýar. Beýik Taňry: «Şahyrlaryň yzyna azaşanlar eýererler. Eýsem, sen ola­ryň her bir jülgede sergezdan bolup ýörendiklerini görme­ýär­siňmi?»[18] diýdi. Beýik Taňry: «Biz oňa (Muhammede) şygyrla­ry öwretmedik. Şygyrlar oňa gerek hem däldir»[19] diýdi. Wagyz­çy­laryň köpüsi yşky, magşugyň görküni, wysaly, aýralygy wasp ediji şygyrlary ulanýarlar. Olaryň mejlisleri garynlary hem kalplary nebis arzuwlary bilen doldurylan nadan adam­lar­dan doludyr. Şygyrlar olaryň kalplaryndaky nebis isleglerini kö­şeş­dirmeýär, tersine güýçlendirýär, hyjuw oduny tutaşdyr­ýar. Munuň tersine mejlislerde parasatly pikirler bar bolan şy­gyr­lary ündemek gerek. Çünki, Pygamber alaýhyssalam: «Şy­gyr­larda hem parasat bardyr» diýdi.

        Eger mejlisde diňe şygyrýetde meşhur adamlar bar bolsa, onda olaryň kalplarynda Taňra bolan söýgüni çuňlaşdyrmak üçin şygyrlar aýdylsa, onuň zyýany ýokdur. Çünki, beýle mej­lis­de şygyr her bir diňleýjiniň kalbyna täsir edýär. Biziň bu ýagdaý baradaky «Diňlemek baradaky kitap» diýen bölümde beýan ederis. Bu sebäpden Jüneýit (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) elmydama on adam bolan mejlisde wagyz ederdi. Eger mejlisde ondan köp adam bolsa, onda uzyn wagyz aýt­maz­dy. Basraly Ibn Salymyň gapysynda gurnan mejlisine ýig­ri­miden gowrak adam geldi. Oňa: «Söz sözle! Seniň şägirtleriň geldi» diýdiler. Ol: «Bular meniň şägirtlerim däl. Bu mejlisiň şä­girt­leri. Meniň şägirtlerim ýörite adamlar» diýdi. Soňra mej­lis­de şygyrlary ulanmazdan wagyz etdi.

Şath[20] barada aýdylanda, onda sopularyň käbirleriniň söz diň­läp, düşen iki ýagdaýy göz öňünde tutulýar. Olaryň biri Taň­rynyň yşky, Onuň jemalyna duşmak bilen baglanyşykly uzyn we giňişleýin wagyzdyr. Beýle wagyz sopularyň aýratyn bir hala düşmegi, olar bilen Taňrynyň arasyndaky hyjabyň aý­ryl­magy we Taňrynyň owazynyň, jemalynyň görünmegi bilen tapawutlanýar. Sopular beýle hala düşenlerinden soň: «Bize şeý­le-şeýle zatlar göründi. Şeýle-şeýle owaz eşidildi» diý­ýär­ler. Olar özleriniň bu hallarynda Hüseýin ibn Mansur Hallajyň[21] dara çekilende aýdan sözlerine meňzeş sözleri aýdýarlar we onuň: «Enel-hak» («Men Taňry») diýen sözüne güwälik ber­ýärler. Abu Ýezit Bistamydan[22] rowaýat edilen bir sözde: «Sub­ha­ny, Subhany (Men özümi päkleýärin» diýdi. Beýle sözleriň nadan adamlar üçin zyýany uludyr. Daýhanlaryň käbirleriniň beýle sözleriň täsirine düşüp, daýhançylygyny terk eden ýag­daý­lary bar. Beýle sözleriň täsirinden kalplaryň lezzet almagy amallary taşlamaga sebäp bolýar. Ýöne beýle menzile diňe belli-belli adamlar ýetişýärler we olar: «Bu halyň çeşmesi ylym­dyr» diýen sözi inkär etmekden ejiz gelýärler. Ylym-hy­jap­dyr, jedel bolsa nebsiň işidir. Bu söz diňe içden Hakyň nury aýan bolmak bilen çykýar. Şuňa meňzeş sözler çar tarapa ýaýrady we nadan adamlara uly täsir ýetirdi. Beýle sözler Alla­nyň dini üçin köp adamlary direlden alymlaryň taglymatlaryny ýoga çykardy. Abu Ýezit Bistamynyň: «Men ýeke-täk Taňry­dy­ryn. Maňa ybadat ediň» diýen sözüne diňe hekaýanyň üsti bilen düşünmek mümkin. Şathyň ikinji ýagdaýy-gorkunç hala düşüriji düşnüksiz we peýdasyz sözlerdir. Beýle sözler ýa-ha köplenç ýagdaýda aýdyja düşnüksiz we çaklama manyly söz bolup, eşidijiniň akylyna zarba urýar. Ýa-da ol aýdyja düşnükli bolup, eşidijä düşnüksizdigi sebäpli kalplary bulaşyklyga sal­ýar we akyldyr zehinleri haýran edýär. Pygamber alaýhys­sa­lam: «Siz kowumyňyza düşnüksiz sözleri aýtmaň. Goý, olar alasarmyk ýagdaýa düşmesin» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Siz kowumdaşlaryňyza tanyş bolan sözler bilen sözläň» diýdi. Bu ýerden sözleýji düşünip, diňleýji düşünmese, onda beýle sözüň peýdasy ýokdur. Isa alaýhyssalam: «Hikmeti oňa mahsus bolmadyk adamlar üçin aýtmaň. Bolmasa, siz olary azara go­ýar­syňyz. Siz dermany dertli ýer üçin ulanýan tebip ýaly bo­luň» diýdi. Başga bir sözde: «Hikmeti oňa mahsus bolmadyk adam üçin aýtmak nadanlygy ýaýradar» diýilýär. Hikmet haky­kat­dyr. Hikmetiň özüne mahsus adam bolýar. Her kimiň haky onuň özüne berilse ýagşy.

           Tammat[23] barada aýdylanda ol hem şath barada aýdan zat­larymyzy öz içine alýar. Ýöne bu ýerde şathyň başga tarap­la­ryna ähmiýet berilýär. Ol şerigatyň düşnükli sözlerini ýaşy­ryn işleri aňlatmak üçin ulanmakdyr. Tammatyň hem berýän zy­ýa­ny uludyr. Çünki, söze zerurlyk ýok ýerinden şerigatyň beren ma­ny­syndan başga many bermek akyl tarapdan täzeçe delil­len­dir­megi talap edýär, Taňrynyň we Onuň resulynyň sözüniň ma­ny­sy üýtgedilse, onuň peýdasy gidýär. Täzeçe berlen many pä­him etmek üçin ygtybarly bolmaýar. Batyn düşünjede anyklyk ýokdur. Munuň özi ýaýran hem-de uly zyýanly bedgatyň bir görnüşidir. Şeýle ýol bilen batynylar şerigaty berbat etmäge ça­lyş­ýarlar we şerigat adalgalaryna öz düşünjelerine görä täzeçe many berýärler. Batynylaryň beýle düşünjeleri «Mustazhary»[24] at­ly kitabymyzda inkär edilýär. Batynylar taglymatlarynyň esas­laryny Beýik Taňrynyň şu sözünden alýarlar: «(Eý, Musa!) Pyrgaunyň üstüne git! Ol dogry ýoldan azaşdy»[25] Batynylar bu aýatdaky «Pyrgaun» sözüniň üsti bilen«dogry ýoldan azaşdy» diýip, häsiýetlendirýänher bir adamy göz öňünde tutýarlar. Olar Beýik Taňrynyň: «Hasaňy ýere okla!»[26] diýen sözüne hem salgylanýarlar we Taňrydan başga zatlardan ýardam isleýärler. Ýa-da olar Pygamber alaýhyssalamyň: «Selälik ediniň. Çünki, selälikde bereket bardyr» diýen sözüni delil hökmünde ulan­ýar­lar. Hakykatda bu sözüň üsti bilen Pygamber alaýhyssalam säherlikde, ertirlikde günäden ýalkanmak bardygyny göz öňün­de tutdy. Muňa meňzeş mysallar näçe isleseň, şonça hem bar. Şeýlelikde, batynylar Gurhanyň aýatlarynyň hakyky many­la­ry­ny başga mazmunlar bilen ýoýýarlar, Ibn Apbasyň hem başga alym­laryň tefsirlerinde berilýän manylary üýtgedýärler. Käbir batyny düşünjeleriň esassyzdygy göz-görteledir. Meselem, olar: «Pyrgaun» kalpdyr» diýýärler. Pyrgaun ýaly kapyr şahslar başga hem köpdür. Meselem, Abu Jähl, Abu Lähepwe baş­ga­lar. Olar ynsanyň duýgy bilen kalbyna ornaşar ýaly şeýtan jyn­syn­dan däl.

   Beýle ýoýlan düşünjeler sahabalaryň we tabygynlaryň söz­lerinde gabat gelmeýär. Bu ýerde Pygamber alaýhyssalamyň şu sözünigetirmek ýerliklidir: «Kim Gurhanyň sözlerini öz dü­şün­jesine görä düşündirse, dowzahdaky ýerine taýýarlansyn!». Munuň özi Gurhanyň aýatlaryndan özbaşdak many çykarma­gyň ýalňyş düşünjelere eltýändigini aňladýar. Çünki, aýatlaryň her birine sahabalar we mufessirler bäş, alty, ýedi ... many ber­di­ler. Ol manylaryň hemmesini sahabalar hut Pygamber alaý­hys­­salamyň özünden eşitdiler. Bu jähetden Pygamber alaýhys­salam ibn Apbasa (goý, Taňry ondan razy bolsun!) dileg edip: «Eý, Taňrym! Ibn Apbasa dürs ylmy we dürs tefsiri öwret» diýdi. Batynylar öz düşünjelerini orta atmak bilen mak­sat­la­ry­nyň adamlary Taňrynyň erkine ündemekdigini tassyklaýarlar. Munuň özi tejribe geçirmäge meňzeýär we öz düşünjelerini Pygamber alaýhyssalamyň üstüne atmaklygy aňladýar. Her bir meseläniň çözgüdinde öz pikiriňe görä kesgitnama çykarmak ýalňyşlyga alyp barýar. Pygamber alaýhyssalam bu nukdaýna­zar­dan: «Kim öz pikirine daýanyp, meniň sözlerime ýalan sözleri girizse, goý ol dowzahdaky ýerine taýýarlansyn!» diýdi.

   Sözlere öz pikiriňe görä täze manylary bermek şerigat üçin uly betbagtlykdyr. Çünki, munuň üsti bilen sözleriň ygty­bar­ly­ly­gy bozulýar, olardan peýdalanmak kynlaşýar we Gurhanyň aýatlarynyň ýoýlan manylary ýüze çykýar. Diňe şeýtan taryply we ýerlikli ylymlary oňlanylmaýan ylym edip görkezip biler. Bozuk alymlaryň atlaryň manylaryny üýtgedip, olary ýoýmak­la­ry hem şeýtanyň alyna eýermekden gelip çykýar. Eger sen hem olara eýerip, yslamyň ilkinji asyrynda beýan edilen düşün­jelerden uzaklaşsaň, onda «hekim» (dana) diýen ada bukulyp, hikmetden (parasatdan) mertebe gözlän kişileriň hilinden bolarsyň.

Bäşinji söz «hikmet» sözüdir. Soňky döwürde «hekim» (da­na) sözüne «tebip», «şahyr», «müneçjim» manylary beril­ýär. Olar biziň asyrymyzda köçelerde oturyp, gurrandazlyk ed­ýär­ler. Hikmet aslynda Taňrynyň taryplan zadydyr. Taňry hik­met barada: «Taňry hikmeti özüniň islän kişisine berýär. Hik­met eýesine köp ýagşylyklar berlendir»[27] diýdi. Pygamber alaý­hyssalam: «Hikmetden bir söz öwrenmek bu dünýäden we on­daky bar bolan zatlardan ýagşydyr» diýdi. Gör, hikmet nähili gymmatly zat eken! Sen hikmete bozuk alymlaryň düşün­jele­riniň aralaşmagyndan habardar bol! Çünki, olaryň dine ýokuş­dyrýan bozuklygy şeýtanyň şerinden has uludyr. Olar adam­la­ryň kalplaryndan dini ynançlary çykarmaga meşgul bolýarlar. Pygamber alaýhyssalamdan: «Haýsy adamlaryň seniň üçin şeri köpräk?» diýip soraldy. Pygamber alaýhyssalam muňa: «Bo­zuk alymlar» diýip jogap berdi.

Netijede oňlanylýan we oňlanylmaýan ylymlar bilen tan­şyl­dy. Saňa özüňe nazar salyp, ilkinji alymlara uýmagyň we gapma-garşy pikirleriň arasyndan dürs düşünjeleri saýlap, ala düşmek ýüpüni üzmegiň gerek. Öten alymlaryň oňlan ylym­la­ry­ny öwrenseň, kämillige ýetişersiň. Bozuk alymlaryň tagly­mat­laryna eýerseň, bedgata düşersiň.

Şeýlelikde, Pygamber alaýhyssalamyň şu sözi hakykatdyr: «Yslam garyp zatlardan başlady we ol başlaýşy ýaly garyp bo­lup gutarar. Garyplara jennet söýünjisi bolsun!». Sahabalar Py­gam­ber alaýhyssalamdan: «Garyp diýýäniň kimler?» diýip soradylar. Pygamber alaýhyssalam olara: «Olar meniň sün­ne­ti­me girizilen bozuklyklary düzedýän we taşlanan sünnetimi ýa­şadýanlardyr» diýip jogap berdi. Başga bir hadysda Pygamber alaýhyssalam: «Olar siziň şu günki ýoluňyzdan barýanlardyr» diýdi. Ýene bir hadysda Pygamber alaýhyssalam: «Garyplar – ýagşyzadalardyr. Beýle adamlar azdyr. Olary ýigrenýänler söý­ýän­lerden köpdür» diýdi. Ol ýagşyzadalaryň wagyz edýän ylym­lary şeýle bir garyp (unudylan) welin, olary ýatlaýanlara duşman bolýarlar. Bu sebäpden Sufýan Söwri (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!). «Eger biler bolsaň, daşyna üýşýän dosty köp bolan alym arassa däl, iki ýüzlüdir» diýdi.

 


[1]Ýagşyzadalar – sahabalar we olaryň yzlaryna eýeren tabygynlar göz öňünde tutulýar.

[2]فـِـقـْـه ٌ«Fykh» sözi dil jähetden «bilmek», «düşünmek» manysynda, adalga hökmünde «şerigat kanunşynaslygy» manysynda ulanylýar.

[3]Fakyh – şerigaty ýagşy bilýän alym.

[4]Gurhanyň 9-njy «Toba» süresiniň 129-njy aýaty.

[5]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 179-njy aýaty.

[6]Gurhanyň 59-njy «Haşar» süresiniň 13-nji aýaty.

[7]Abu Hemze Enes ibn Mälik – sahabalaryň biri. Ol 710-njy ýylda ýüz ýaşynda dünýäden ötýär.

[8]Üç hudaýlyk– Bu ýerde hristianlaryň Taňry baradaky düşünjesi göz öňünde tutulýar. Bu düşünjä görä Taňry üçlükden ybaratdyr: Hudaý, Onuň ogly, Onuň ruhy.

[9]Gurhanyň 25-nji«Furkan» süresiniň 43-nji aýaty.

[10]Senem– but.

[11]Syddyklar– iňňändogruçyl adamlar.

[12]Gurhanyň 6-njy «Engam» süresiniň 91-nji aýaty.

[13]Gurhanyň 51-nji «Zaryýat» süresiniň 55-nji aýaty.

[14]Muhammet ibn Sirin – Hasan Basrynyň döwürdeşi bolan hadysçy. Ol 728-nji ýylda ölýär.

[15]Abu Muhammet Süleýman ibn Mihran Kufy – asly Reý şäherinden bolan ymam, hapyz. Ol 148/766-njy ýylda 87 ýaşynda dünýäden ötýär.

[16]Abu Zer Gifary – sahabalaryň biri. Ol 635-nji ýylda ölýär.

[17]Sagt ibn Abu Wakgas – sahabalaryň biri.

[18]Gurhanyň 26-njy «Şugara» süresiniň 225-nji aýaty.

[19]Gurhanyň 36-njy«Ýasyn» süresiniň 69-njy aýaty.

[20]اَلشـَـطـْـحُŞath –özüňden gitmek, özüňi unutmak.

[21]Hüseýin ibn Mansur Hallaç – meşhur sopylaryň biri. Ony halypa Muktadyryň hökümdarlyk eden döwründe 922-nji ýylda gynap öldürýärler.

[22]Abu Ýezit Taýfur ibn Isa ibn Suruşan Bistamy – meşhur sopularyň biri. Ol 874-nji ýylda ölýär.

[23]اَلطـَـامـّـاتُ Tammat – betbagtçylyk. Bu ýerde Gurhanyň aýatlaryna we hadyslara öz pikirine görä täze many bermek göz öňünde tutulýar.

[24]اَلمـُـسْـتـَـظـَـهـَـرِیAl-mustazhary– Gazalynyň bu kitaby barada Hajy Halypanyň Stambulda 1941-nji ýylda arap dilinde çap bolan «Keşfaz-zunun» atly kitabynyň 2-nji jildiniň 1674-nji sahypasynda   maglumat berilýär.

[25]Gurhanyň 20-nji «Taha» süresiniň 24-nji aýaty.

[26]Gurhanyň 28-nji «Kasas» süresiniň 31-njy aýaty.

[27]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 269-njy aýaty.