Çekişmeleriň sahabalaryň nesihatlaryna meňzedilmeginiňwe olar bilen garyşdyrylmagynyň beýany.

Başy » YLYM BARADA KITAP » Çekişmeleriň sahabalaryň nesihatlaryna meňzedilmeginiňwe olar bilen garyşdyrylmagynyň beýany.

  Eger biler bolsaň, çekişmeçiler adamlara: «Çekişmelerden biziň maksadymyz hakykaty aýan etmekdir. Çünki hakykat göz­lenilýän maksatdyr, ylmyň nazaryýetine ýardam bermekdir.Pikirleriň deň gelmegi peýdaly we täsirli zatdyr. Sahabalar her bir meselelerde geňeşerdiler. Meselem, olar mirasda ata bilen dogan meselesi, şerap içýänlere berilýän jezanyň mukdary, ýal­ňy­şan ylma garamat edilmeginiň wajyplygy, bir aýalyň Omar­dan (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!) gorkusyna göw­re­sin­däki çagany düşürendigi baradaky meseläniň çözgüdini, şeý­le-de paraýyz meseleleri barada geňeşerdiler» diýip, adam­la­ry bulaşdyrýarlar. Şeýle-de olar Şapygy, Ahmet, Muhammet ibn Hysym, Mälik, Abu Ýusup we beýleki alymlardan (goý, Be­ýik Taňry olardan razy bolsun!) dürli meseleleriň çözgüt­le­rini mysal getirýärler.

Meniň saňa aşakda aýtjak zadym seni olaryň mekirligi bi­len tanyşdyrar. Çünki hakykaty gözlemeklige ýardam bermek­lik dindendir (dinlilikdir).

Ýöne dinde hakykaty gözlemegiň sekiz sany şerti we ala­mat­lary bar:

Birinji şert.Parzyaýn amallaryny özleşdirmedik kişiniň parzykifaýa amallary bilen meşgul bolmazlygy. Parzyaýny öz­leşdiren kişi parzykifaýany öwrenmäge başlasa dürsdür. Ýöne onuň: «Meniň maksadym hakykatdyr» diýmegi rowa däldir. Onuň bu ýagdaýdaky haly özi namaz okamagy taşlap, eşik­lerini çykaryp: «Meniň maksadym – ýalaňaç adamlary na­maz okamakdan halas etmekdir» diýýän adamyň ýagdaýyna meňzeşdir.Meselem, fakyh şerigatda seýrek gabat gelýän me­se­läniň mejlisinde gürrüňi ediljek zatdygy barada pikir­len­me­li­dir. Bir kişi derrew gaýtaryp bermeli amanaty barka, ony ber­män iň uly ybadat bolan namazy okamaga başlasa, onda Alla­ta­ga­lanyň öňünde günäkär bolar.Kişiniň wagtyny, tertibini we şertini berjaý etmezden, ybadata meşgul bolmagy onuň kalby­nyň Taňra tabynlyk halyna düşmegi üçin ýeterlik däldir.

 Ikinji şert.Parzykifaýany çekişmäniň möhüm serişdesi hökmünde görmezlik. Kim parzykifaýany möhüm zat hasap­la­sa we ony parzyaýn ýaly berjaý etse, onda beýle hereketi bilen günäkär bolar. Munuň özi suwsan adamlary gören kişiniň olary heläk bolmaga ýakyn hasaplamagynyň mysaly ýalydyr. Olary gören kişi suw berip, heläkçilikden halas edip biler. Gan aldyr­ma­gyň ýagdaýlaryny öwrenmek parzykifaýadyr. Jedelçi adam bolsa: «Gan aldyrmak parzykifaýa däldir, parzyaýndyr» diýip tekrarlaýar. Gan aldyrmagyň ýagdaýlaryny bilmek şäherde di­ňe birnäçe adama parzyaýndyr.

 Parzykifaýa tebipçilik ylmy has ýakyndyr. Köp şäher­ler­de musulman tebipler azdyr. Şerigat boýunça musulman tebi­biň kesgitlemelerine ynam etmek rowadyr. Ýöne fakyhlaryň bi­ri hem tebipçilik ylmy bilen meşgullanmaga höwes etmeýärler. Emri magruf we nehi münker barada aýdylanda, olar hem par­zykifaýadyr. Jedelçi çekişme mejlisinde ýüpek eşikleri geýip, parzykifaýa barada ündew edýär we özüniň parzykifaýa bilen Taňra ýakynlyk isleýändigini tekrarlar. Enesden (goý, Taňry on­dan razy bolsun!) rowaýat edilen bir hadysda, pygam­ber­le­ri­mizden: «Emri magrufy we nehi münkeri haçan terk etmeli?» diýip soraldy. Pygamber alaýhyssalam: «Siziň ýagşyňyzda gow­şak­lyk görülse, erbetleriňizde erbet işler köpelse, dolan­dy­ryş kiçiňiziň eline geçse, fykh ylmy bozuklaryň elinde bolsa» diýdi.

Üçünji şert. Çekişmä gatnaşýanyň müjtehit alym[1] bol­ma­gy zerur.Ol bir ymamyň mezhebiniň meseleleri boýunça çe­kiş­mä gireninde, onuň bir delilini Abu Hanapynyň kesgitle­me­le­rin­den, beýleki bir delilini Şapygynyň ýa-da beýleki ymam­la­ryň kesgitlemelerinden almazlygy gerek. Sahabalaryň we ymam­laryň ijtihady[2] ýaly bolmaly. Bolmasa oli jtihat derejesi bolmadyk kişiniň çykaran hökümi bolar. Ol sowal beren kişi­niň özüniň mezhebine salgylanyp, pitwa çykarmalydyr. Özün­den netije çykaryp, sowala jogap berip bilmese, onda onuň gur­nan çekişmesinden ne peýda bar? Müjtehit bolmandygy se­bäpli oňa sowala jogap bermek başartmaýar we: «Men şeri­ga­tyň usu­lyýetinden özbaşdak many çykaryp bilmeýärin» diý­mek­den başga çäre galmaýar. Eger onuň jogap berýän meselesi iki ma­nydan ýa-da iki sözden ybarat bolsa, onda ol iki sözüň birine meýil eder, iki sözüň birini peýdalanar we pitwa çykarar. Netijede, meseläniň jogaby aýdyňlaşdyrylmaz.

Dördünji şert. Köp gabat gelýän meseleler barada çe­kişmeler gurnamak. Çünki, sahabalar (goý, Taňry olardan razy bolsun!) täze wakalaryň ýüze çykyşyna görä ýa-da paraýyz ýaly köp gabat gelýän meseleler jähetden geňeşerdiler.

Biz çekişmä gatnaşýanyň pitwalarda giňden ulanylýan me­selelere tankydy göz bilen garamaýandygyny görýäris, ter­sine ol köp gabat gelýän meseleleriň çözgütlerini terk edýär we: «Beýle meseleler çekişme gurnamaga mynasyp däl» diýýär. Biz bu ýerde bu mowzuga degişli sözümizi uzaldyp oturmakçy däl. Çünki, maksat söz uzaltmakda däl-de, eýsem gysga söz bi­len hakykaty aýan etmekdedir.

Bäşinji şert. Çekişmäniň hökümdarlaryň, at-abraýly adam­­laryň gatnaşmagynda däl-de, eýsem çola ýerde gurnal­ma­gy ýagşydyr. Çola ýer pikirleri jemlemek, aňlary durlamak, hakykata düşünmek üçin oňaýlydyr. Dürli gatlaklaryň we­kil­leriniň gatnaşmagy çekişmeçä ikiýüzli pikirini öňe sürmäge ýol goýmaýar. Çünki, her kişi hak-nähak pikiriniň dabara­lanma­gy­na meýilli bolýar. Sen olaryň meýliniň Taňrynyň razylygy üçin däldigini ýa-da orta goýlan meseläniň dürs çözgüdiniň kabul edilmegi üçin däldigini bilýänsiň.

Altynjy şert. Hakykaty gözlemegiň ugrunda bolmak, ýol­daşyňa göriplik etmän, ýardamçy bolmak, hataňy ýüze çykarsa, oňa minnetdar bolmak, oňa hakykaty aýan etmek, ýalňyş pikire düşse düzetmek, ony beýle pikir üçin ýazgarmazlyk, tersine, hor­matlamak. Sahabalar (goý, Taňry olardan razy bolsun!) öz­lerini şunuň ýaly alyp barardylar. Bir aýal Omaryň (goý, Taň­ryň ondan razy bolsun!) sözüni ret edip, ony hakykata meýil­len­dirdi. Hezreti Omar soňra bir hutbasynda adamlara ýüz­le­nip: «Bir erkek adam ýalňyşdy, bir aýal bolsa dogrusyny tap­dy» diýdi. Bir adam Alydan (Goý, Taňry ondan razy bolsun!) bir mesele barada sorady: Aly oňa jogap berdi. Ol adam: «Eý, möminleriň emiri! Beýle däl, şeýle bolmaly» diýip, dogrusyny aýtdy. Aly: «Sen dogrusyny aýtdyň, men bolsa ýalňyşdym. El­bet­de, her bir bilijiden ökde ylymdar bardyr» diýdi. Bir adam Abu Musa Aşgarydan[3] (goý,Taňry olardan razy bolsun!) sö­weşde öldürilen adam barada sorady. Abu Musa: «Ol jennete düşer» diýdi. Muny eşidip, Ibn Mesgut: «Sen bu sowalyňy on­dan ýene-de sora. Belki, ol düşünen däldir» diýdi. Ol adam şol sowalyny ýene berdi. Abu Musa öňki jogabyny gaýtalady. Ibn Mesgut ol adamy üç gezek ýollady, soň bolsa: «Eger ol Al­lanyň ýolunda haky tapyp, öldürilse, jennete girjekdigi haka­kyt­dyr» diýdi. Abu Musa: «Bu sözüň hakdyr. Alym barka men­den hiç zat soramaň. Eger bu meseläni bir fakyhdan sorasaň, ibn Mesgudyň sözüni kabul etmez we garşy çykyp, ibn Mes­gudyň «Alla ýolunda haky tapyp, öldürilse» diýen sözüniň ret eder. Çekinse-de, «Muňa mätäçlik ýok. Çünki bu hemmeleriň bilýän zadydyr» diýer» diýdi. Sen öz zamanaňyň çekişmeçisini synla,ol kim hakykatyň tarapyny tutsa, göripliginden ýaňa onuň ýüzüni gara etmäge taýýar. Ol onuň üstüne gudratynyň çatyşyna görä hüjüm edýär. Ol ähli ömrüni hakykaty düşnükli etmek üçin geçiren adama aýp ýöňkemäge utanmaýar? Ol özüni sahabalara (goý, Taňry olardan razy bolsun!) meňzedýär.

Ýedinji şert. Çekişmeçiniň delil üstüne delil getirmegini we kyndan kyn sowal bermegini gadagan etmezlik. Sahaba­la­ryň çekişmeleri bu şerti berjaý edip geçerdi. Şeýlelikde, je­del­däki bedgat garaýyşlar ýüze çykarylardy. Meselem çekiş­me­çi­niň: «Seniň bu sözüň birinji sözüňe ters gelýär. Men ony kabul etmeýärin» diýmegi. Eger munazaraçynyň[4] sözi hakykaty ýüze çykarsa, onda bozuk pikir inkär edilýär we hakykat kabul edilýär.

   Sen her mejlisiň, çekişmäniň bir garaýşy goramak bilen ta­mam bolýandygyny görýänsiň. Onda delil getirijileriň pikir­leri garaýyşlaryň asly bilen deňeşdirilýär. Oňa: «Seniň bu garaýşyň aslyna bolan deliliň näme?» diýilýär. Ol: «Bu kadadaky hö­kü­miň bu sebäp bilen subut edil‎‎ýändigine, seniň deliliň näme?» diýýär. Ol onuň getiren delillerinden başga delilleri getirýär. Je­del edýän jedele garşy durýanyň delillerini inkär ediji de­lilleri aýdýar. Şunuň ýaly usul bilen çekişme mejlisleri sowalyň aslyny aýan etmek maksadyny yzarlaýar. «Men bu sowalyň jogabyny bilýärin» diýip başlan mejlis «Ýok, men bu sowalyň jogabyny bilmeýärin» diýýänçä dowam edýär. Eger ol beýle ýagdaýa düşse, onda özüniň ejiz tarapyny görkezýär. Ol gö­ripliginden boş dawany gurnaýar. Netijede, Taňrynyň öňünde günäkär bolýar. Eger onuň sözi dogry çyksa, bu ýagdaýda şe­rigatdan bilýän zadyny aýan etmedik kişi hökmünde günäkär bolar. Çünki, onuň musulman dogany ondan bu sowal barada sorady. Eger onuň delilleri güýçli bolsa, onda ol adamlaryň ün­süni özüne çeker. Eger onuň delilleri gowşak bolsa, onda ony nadanlyk garaňkylygyndan ylym nuruna çykararlar. Sowalyň üsti bilen din ylymlarynyň hakykatyny ýüze çykarmak peý­dalydyr. Sowalyň hakyky jogabyny ýüze çykarmak üçin delil üs­tüne delil getirmegi sahabalar hem, ilkinji alymlar hem ga­da­gan etmediler. Munuň üçin kyýasda,[5] hadyslarda we aýatlarda bar bolan deliller ulanylýar.

Sekizinji şert. Eger biler bolsaň, munazaradan yzar­la­nylýan maksat – garşydaşyňdan üstün bolmakdan, onuň agzyny ýumdurmakdan, artykmaçlygyňy, mertebäňi we dilewarlygyňy ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Ylym bilen meşgul bolýanyň dürli garaýyşlary deňeşdirmezden netije çykarmakdan häzir bolmagy gerek. Galapyn mertebeli we at-owazaly alymlar bilen çekişme gurnamakdan olaryň dilinden hakykatyň ýüze çyk­ma­gyndan wehm edip saklanýarlar we başgalar bilen bozuk gara­ýyşlaryny rowaçlandyrmak üçin çekişme gurnamaga meýilli bolýarlar.

Başga ownuk şertler hem köpdür. Ýöne şu sekiz şerti bil­mek saňa Taňrynyň razylygy üçin çekişmä gatnaşmaga gol­lan­ma bolar.

 Kim şeýtan bilen az çekişme guramasa, ol kalbyny şeýtana eýerdýändir. Şeýtan bolsa, onuň iň uly duşmanydyr. Şeýtan ony heläkçilige tarap meýillendirýär we ters meseleler boýunça jedelleşmäge iterýär. Şeýtan onuň we ýagşy adamlaryň üstün­den gülýär. Şeýtan onuň beýle betbagtçylyga düşmegine şat bol­ýar we ony nadanlygyň apatlaryna sezewar edýär. Biz na­dan­lygyň apatlarynyň görnüşleri barada yzda aýdarys. Häzir bolsa biz Beýik Taňrydan özümize ýardam bermegini di­le­ýäris!


[1]Müjtehit alym– durmuşda ýüze çykýan meseleleriň çözgütlerini özbaşdak çykarmaga hykugy bar bolan alym.

[2]Ijtihad– durmuşda ýüze çykýan meseleleriň çözgütlerini özbaşdak çykarmaga bolan ukyp.

[3]Abu Musa Aşgary – sahabalaryň biri. Ol 672-nji ýylda dünýäden ötýär.

[4]Munazaraçy – edebibäsleşigegatnaşýanadam.

[5]Kyýas– deňeşdirme usulyny ulanmak bilen netije çykarmak.