Çekişmäniň apatlarynyň we olardan döreýän erbet ahlagyň beýany

Başy » YLYM BARADA KITAP » Çekişmäniň apatlarynyň we olardan döreýän erbet ahlagyň beýany

 Eger biler bolsaň, çekişmeden yzarlanylýan maksat – gar­şydaşyňdan üstün bolmakdan, onuň agzyny ýumdyrmakdan, ar­­tykmaçlygyňy, mertebäňi we dilewarlygyňy ýüze çykarmak­dan ybaratdyr. Mertebe bilen öwünmek, sözüňi gögertmek, adam­lary öz erkiňe boýun etmek ýaly maksat yzarlamak Taň­ry­nyň halamaýan, Allanyň duşmany Iblisiň gowy görýän ähli häsiýetleriniň çeşmesidir. Olar ulumsylyk, ikiýüzlülik, göriplik, bäsdeşlik ýaly içki bozuklyklary döredýär. Mertebeparazlyk, ser­hoş ediji içgileri içmek, zyna etmek, kemsitmek, adam öl­dür­mek, ogurlyk ýaly häsiýetler daşky bozuklyklaryň döre­me­gine sebäp bolýar. Şeýle bozuk ahlaklary adat edinen kişi çe­kiş­mede özünden başgalary garalamak, adamlardan üstün bol­maga çalyşmak ýaly häsiýetlere eýe bolýar. Bularyň hemmesi nebsiň erkine boýun bolmakdan gelip çykýar we ähli ýaramaz ahlaklaryň möwjemeginesebäp bolýar. Beýle ahlaklaryň oň­la­nylmaýandygy baradaky aýatlardan we hadyslardan gelip çyk­ýan deliller barada biz «Heläk ediji zatlar baradaky çärýek»[1] at­ly bölümde aýdarys. Häzir bolsa biz gysgaçamunazarada gabat gelýän ýaramaz ahlaklaryň beýanyny berýäris.

Olaryň biri göriplikdir. Pygamber alaýhyssalam: «Göriplik oduň oduny iýşi ýaly sogaplary iýýär» diýdi. Goý, çekişmeçi, göripligiň täsirine düşüp ejizlemesin! Çünki, ol birde üstün bo­lar, birde asgyn bolar, birde hem başganyň sözüni taryplar. Adam ylmynyň zorlugy bilen dünýäde adyny ebedileşdirip bi­ler. Özüni başgadan ylmy bilen zor görýän kişi, özgelere gö­rip­lik edýär, olardan nazy-nygmatyň gitmegini, adamlaryň onuň daşyndan aýrylmagyny arzuwlaýar. Göriplik kalpda ýakylan otdur. Kim görip bolsa, onda ol bu dünýäde hem, ahyretde hem uly azap görer. Bu sebäpden Ibn Apbas (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ylmy nireden tapsaňyz hem alyň! Fakyhlaryň biri-birine aýdan sözlerini ylym hökmünde kabul etmäň. Olar biri-birileri bilen agylda oýnaýan tekeler ýalydyr» diýdi.

Ulumsylyk we özüňi adamlardan ýokary tutmak hem şol ýaramaz ahlaklardandyr. Pygamber alaýhyssalam: «Tekepbiri Alla peselder, pespäl bolany bolsa beýgelder» diýdi. Goý, mu­nazaraçy başgalardan özüni beýik tutmasyn we öz halyndan ýokary bökmesin! Çünki,beýle etse, onda garşydaşlary bu mej­lisde bolmasa indiki mejlisde ondan üstün bolmak we ony peseltmek üçin bäsleşerler, ony mertebe ýassygyndan düşür­mä­ge çalşarlar. Sebäbi dar girelgeden ilki güýçli girýändir, ejiz ki­şi yza galýandyr. Özüňde ylym hormatyny saklamaga çalşyp, mertebäňi kemsitmeli däldir. Çünki, Pygamber alaýhyssalam möminiň özüni horluga salmazlygyny tabşyrdy.

Pespällik Taňrynyň dergähinde öwgä mynasyp bolan ah­lakdyr. Beýle ahlaga pygamberler nebislerini horluga salmak bi­len eýe boldular. Ulumsylyk Taňrynyň dergähinde ýigre­nil­ýän ahlakdyr.

Kine saklamak ýaramaz ahlaklaryň biridir. Çekişmeçi ki­neden päk bolmalydyr. Pygamber alaýhyssalam: «Mömin ki­ne­çi bolmaly däldir» diýdi. Garşydaşy söze başlanda çekiş­me­çi­niň kalbynda köplenç kine duýgusy oýanýar, onuň sözüni üns berip diňlemeýär, özüni onuň bilen jedelleşmäge taýýarlaýar, onuň sözüniň dürsdügine ähmiýet bermeýär, getirýän mysal­la­ry­ny oňlamaýar. Tersine, garşydaşynyň sözi onuň kalbyna kineduýgusy bolup çümýär. Şol kine bolsa onuň kalbynda uzak wagt­lap saklanýar ýa-da ömrüniň ahyryna çenli ýüreginden çykmaýar.

Gybat etmek şol ýaramaz ahlaklaryň biridir. Allatagala gy­bat etmegi öliniň etini iýmeklige deňedi. Çekişmeçi hem öliniň etini iýmezlige durnukly däldir. Çünki, ol gybatyň ýazgarylýan ahlakdygyna ähmiýet bermeýär. Ol garşydaşynyň garşysyna söz aýdylanda dilini saklap bilmeýär, duşmançylygyny ýüze çy­karýar we özüniň samsyklygyny, nadanlygyny we gömük­li­gi­ni aýan edýär.

Özüňi päk saýmak şol ýaramaz ahlaklaryň biridir. Beýik Taňry: «Özüňizi päk saýmaň! Elbetde, Allatagala özünden gork­ýanlary bilijidir»[2] diýdi. Hekimden: «Dogry sözüň iň ‎‎‎er­be­di haýsydyr?» diýip soraldy. Ol muňa: «Ynsanyň öz-özüni ta­ryp­lamagydyr» diýdi. Çekişmeçi öz-özüni üstün görkezmek, mer­tebesini ýoldaşlaryndan öňe sürmek bilen özüni tarypla­mak­dan halas däldir. Ol çekişme wagtynda: «Men bu zatlardan habarsyz adam däl», «Meniň köp ylymlardan başym çykýar», «Men fykh ylmynyň usulyýetine ökde, men hadyslary ýatdan bilýärin» diýen ýaly sözler bilen özüni özi öwýär we özüni öňe sürýär. Öwünmek we özüňi öňe sürmek şerigatda ýazgarylýan iki sany ahlakdyr.

Garşydaşyňy aýp ýöňkemek üçin yzarlamak hem şol ýara­maz ahlaklardandyr. Beýik Taňry: «Adamlary aýp ýöň­ke­mek üçin yzarlamaň»[3] diýdi. Ol garşydaşynyň ýanyna onuň içki syrlaryny bilmek üçin ýörite adam iberýär, onuň ýykgyn edýän zatlaryny, hatda bedeniň aýplaryna çenli bilmegi tabşyrýar. Eger garşydaşy mejlisde bir säwlik goýberse, beýleki aýpla­ry­ny hem onuň ýüzüne basýar. Eger ol üstün çykaýsa, garşy­da­şy­nyň kemçiliklerini aýtmak bilen ýazgarýar. Munuň bilen hem oňman, ony samsyk hasaplap üstünden gülýär. Pygamber alaý­hys­salam: «Kim özüne gowy görýän zadyny musulman doga­nyna hem rowa görmese, ol musulman däldir» diýdi. Diýmek, beý­le ahlak musulmanyň ahlagyndan daşdyr. Kim öz merte­be­si­ni görkezjek bolup öwünse, ol musulman doganyny kem­sid­ýän­dir, öz mertebesini peseldýändir. Özara ýigrenjiň döreme­gi­ne sebäp bolýandyr. Eger bu çekişmeçiniň reňki üýtgese, gar­şy­daşy baradaky pikiri hem üýtgeýändir. Ol näletsiňen şeýtany şaýat tutunýar. Hany alymlaryň arasynda adat bolan hoşni­ýet­li­lik? Hany olaryň arasyndaky şat gündäki, kyn gündäki dostluk, doganlyk, arkadaşlyk? Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle diýdi: «Ylym – mertebe hem akyl eýeleriniň ara­syn­daky ýakynlygyň we dostlugyň özenidir. Men aralarynda ylmy duşmançylyga öwren we hoşniýetli gatnaşykdan artyk mer­tebeli bolmak maksadyny yzarlaýan adamlara düşünme­ýä­rin? Eý, dogan! Saňa mynapyklaryň ahlaklaryndan päklen­me­giň we möminleriň, takwalaryň ahlagyna eýermegiň gerek.

    Ikiýüzli bolmak şol ýaramaz ahlaklaryň biridir. Bu ahla­gyň ýazgarylmagynyň Gurhandan, hadyslardan gelip çykýan delillerini bu ýerde aýdyp oturmagyň hajaty ýok. Her topar, her akym öz taglymatyny öňe sürýär we beýleki bir toparyň tagly­ma­ty bilen ylalaşyp bilmeýär. Olar biri-biriniň sözlerini ýalan hasaplaýarlar. Olaryň dillerinde hem, kalplarynda hem biri-bi­rine ýigrenç bar. Pygamber alaýhyssalam: «Adamlar ylym öw­re­nip, amal etmegi taşlasalar, dillerinde biri-birini gowy görüp, kalplarynda biri-birini ýigrenseler, garyndaşlyk gatnaşyklaryny kesseler, Allatagala olary näletlär, olary ker hem kör, ýagny nadan eder» diýdi.

Özüňi beýik saýmak hem şol ýaramaz ahlaklaryň biridir. Çekişmeçi üçin halanmaýan ahlagyň biri duşmançylygyny dili­ne almagydyr. Ol nähili ýagdaý hem bolsa, garşydaşyny ýaz­gar­­maga we onuň sözlerini inkär etmäge bar güýji bilen ýa­pyş­ýar we ähli mümkinçiligini ulanyp ony aldawa, hilä salmaga sy­na­nyşýar, mekirlige ýüz urýar. Gapma-garşy pikirler bilen de­gi­şen bolýar, Gurhandan, şerigatdan deliller getiren bolýar. Pygamber alaýhyssalam beýle adamdan häzir bolmagy we batyl pikiri goýup, hakyky pikiri saýlap almagy tabşyrdy. Py­gamber alaýhyssalam: «Özüniň ýalňyşdygyny bilip, jedeli terk eden kişä Allatagala jennetiň bossanlyklarynyň içinden bir öý bina eder» diýdi. Hakykaty toslaýjy adam we Taňrynyň ady bilen toslama gürrüň tapýan adam hakda Allatagala: «Alla­ta­ga­la ýalan sözi ýöňkeýän we onuň bilen birlikde hakykata ýalan sözi ýöňkeýän adamdan zalym adam ýokdur»[4] diýdi. Bu ahlakdan özüňi gowy görkezmäge çalşyp hereket etmek, adam­la­ryň sözüni bölüp,bellik etmek, adamlary, halklary özüňe me­ýil etdirmäge çalyşmakýaly häsiýetler döreýär.

Ryýa[5] beýikleriň beýigi bolmaga çagyrýan bejergisi bol­madyk dertdir. Biz bu ahlak hakynda «Ryýa baradaky kitap» atly bölümde giňişleýin durup geçeris. Beýle ahlakly kişi adam­lara diňe özüni görkezmekwe olaryň özüni taryp­la­mak­laryny isleýär.

Ine, şu on sany ahlak içki bozuklygyň enesidir. Olardan sak­lanmaýan adamlardan dawa-jenjel etmek, uruşmak, eşik ýyrtmak, sakgaldan tutmak, ýumruklaşmak, ata-enä ýetmek, ussada sögmek, gödek sözler aýtmak ýaly asylly bolmadyk hä­si­ýetler ýüze çykýar. Beýle gylyklar asylly adamlarda bol­ma­ýar. Parasatly adamlar bu on gylykdan päkdirler.

Bu on ahlagyňher biri öz gezeginde on sany ýaramaz ah­lak döredýär. Biz olary beýan edip, sözümizi uzaldyp dur­mak­çy däl. Ol ahlaklar: ulumsylyk, gahar-gazap, ýigrenç, tamakin bol­mak, baýlyk gazanmagy gowy görmek, üstün bolmak müm­kin­çiligini peýdalanyp mertebe gazanmak, öwünjeňlik, özüňi beýik hasaplamak, närazy bolmak, hökümdarlara we baýlara tag­zym etmek, olara ýaranjaňlyk etmek, olaryň haram zatlaryn­dan almak, atlary we eşekleri bezemek, adamlaryň mertebesini kemsitmek, köp geplemek, kalbyňdan gorkyny, geçirimliligi çykarmak, kalbyňy gaflata bermek. Namaz okaýan adamda beýle ahlaklar bar bolsa, onda olnamazyny nähili okandygyny, namazda näme zat okandygyny, kimden halas bolmaklygy so­ra­ýandygyny bilmeýär. Kalby Taňrydan gorkyny duýmaýar. Onuň ýaly adam ylymlara çuňňur, aralaşyp, ömrüni ötürse hem, ahyreti üçin peýda tapmaýar. Beýle ýaramaz ahlaklar barmak basyp sanardan köpdür.

Çekişmeçiler özleriniň derejelerine görä biri-birinden tapa­wut­lanýarlar. Olaryň derejeleri bolsa dürli-dürli bolýar. Olaryň uly derejelileri hem beýle ahlaklardan halas däldirler. Olaryň mak­sady özlerindäki beýle ahlaklary ýaşyrmakdan we nebis üçin jan çekmekden ybaratdyr.

Eger biler bolsaň, beýle ýaramaz ahlaklar zikr etmäge we wagyz etmäge meşgul bolýanlarda hem bardyr. Meselem, mer­te­be gazanmak, baýlyk toplamak, hezzet-hormat islemek. Beý­le ahlaklar mezhep ylmyna we pitwalara meşgul bolýanlarda hem bar. Meselem, ahyretde Taňrydan sogap hantama bol­mak­dan başga maksatlar üçin ylmy öwrenmek. Ylym alymy iki işiň birinden boş galdyrmaýar; ýa-ha ony ebedi heläkçilige sezewar edýär, ýa-da ony ebedi diri edýär. Şonuň üçin Pygamber alaý­hys­salam: «Kyýamatda iň agyr azap görjek adam – Allanyň öz ylmyndan peýdalanmagy özüne nesip etdirmedik alymydyr» diýdi. Peýda bermän, tersine zyýan edýän ylymdan Taňryň özi bizi penasynda saklasyn! Ylmyň howp-hatary uludyr. Ony mülk gazanmak üçin öwrenen baky heläkçilige duçar bolar.

Sen çekişmäniň peýdasy barada hem aýtmagymy isleýän­siň. Onuň peýdasy adamlary ylym öwrenmäge meýillen­dir­mek­den ybaratdyr. Ylym öwrenmek mertebe üçin bolmasa, dürs bolar. Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala bu dini dinde nesipleri bolmadyk käbir adamlar bilen berkider» diýdi.

Ylymdan mertebe gözlemek heläk ediji zatdyr. Alymyň mysaly şemiň mysaly ýaly bolmalydyr. Şemiň özi ýanyp tö­we­re­ge ýagtylyk berýär. Alym hem şem ýaly özi heläk bolsa hem özgelere peýda beriji bolmalydyr. Eger ol ylmyň üsti bilen dünýewi aladalary hasyl etmegi ündese, onda onuň mysaly ot ýaly bolar. Ýanyp duran ot özüni hem, başgalary hem ýakýar. Alymlar üç hili bolýar: Birinji, özüni hem, başgalary hem heläk ediji alymlar. Olar dünýä aladalaryny hasyl etmegi ündeýän alymlardyr. Ikinji, özüni hem başgalary hem bagtly edýän alym­lar. Olar adamlary içki hem daşky hallary bilen Taňra ün­de­ýän alymlardyr. Üçünji, özüni heläk edip, başgalary bagtyýar edýän alymlar. Olar adamlary ahyrete ündeýän alymlardyr. Olar daşyndan dünýäden geçýärler, içinden bolsa adamlaryň dün­ýäni kabul etmeklerini we olaryň mertebeli bolmagyny maksat edinýärler.

Sen özüňiň şu üç toparyň haýsyna degişlidigiň barada oýlanyp gör! Ýöne Allatagala ylmy we amaly Özüniň razylygy üçin bolmasa,kabul edýändir diýip oýlama. Bu zatlaryň hem­mesi barada «Ryýa baradaky kitap» atly bölümde, «Heläk ediji zatlar baradaky çärýekde» giňişleýin aýdylýar. Sen şol ýerde beýan ediljek zatlary özleşdirseň, onda Hudaý halasa kalbyň­daky şübhäni giderersiň.


[1]«Heläk ediji zatlar baradaky çärýek»–«Ihýa» kitabynyň 3-nji jildi.

[2]Gurhanyň 53-nji «Nejm» süresiniň 32-nji aýaty.

[3]Gurhanyň49-njy«Hujarat» süresiniň 12-nji aýaty.

[4]Gurhanyň29-njy«Ankabut» süresiniň 68-nji aýaty.

[5]رِیَـاءٌRiýaryýa, galplyk bilen amal etmek, ile özüňi görkezmek üçin amal etmek.