Talybyň we mugallymyň edepleriniň beýany.

Başy » YLYM BARADA KITAP » Talybyň we mugallymyň edepleriniň beýany.

Ylym öwrenmekde edepler köpdür. Olary on sany wezipä jemleýärler.

Birinji wezipe. Ahlagy bozujy nebisden we oňlanylmaýan wasplardan päklenmedir. Çünki, ylym kalbyň ybadatydyr we Allatagala içki duýgular bilen ýakynlaşmakdyr. Daşky agza­la­ryň nejasatdan päklenmese namazyň dürs bolmaýşy ýaly, içki duýgularyň ýaramaz ahlaklardan päklenmezden kalbyň ybada­ty dürs bolmaýar. Pygamber alaýhyssalam: «Yslam päklik esa­syn­da bina bolan zatdyr» diýdi. Bu hadysda «päklik» sözünden daşky agzalary we içki duýgularyň päkligi göz öňünde tutulýar. Allatagala: «Müşrikler[1] nejisdirler (ýagny, päk däldirler)»[2] diýdi. Beýik Taňry bu aýatyň üsti bilen nejasatyň we päkligiň di­ňe daşky agzalar bilen çäklenmeýändigini ýaňzydýar. Müşri­giň eşigi we bedeni nejasatdan päk bolup biler. Ýöne onuň için­de ýaramaz ahlaklar möwç urýar. Nejasat – daşky görnüşde bar bolan hapalykdyr, ýaramaz ahlak bolsa içki görnüşdäki ha­pa­lykdyr. Möminiň nejasatdan hem ýaramaz ahlakdan hem päk bolmagy gerek. Ýaramaz ahlak haly hem, maly hem heläk ediji zatdyr. Pygamber alaýhyssalam: «It bar bolan öýe perişdeler girmez» diýdi. Kalp perişdeleriň düşleýän öýüdir, täsirlerine düşürýän we karar tapýan ýeridir. Gahar-gazap, nebis islegleri, göriplik, ýigrenç, ulumsylyk, özüňi gowy görmek ýaly ýaramaz ahlaklar itlerdir. Beýle üýrege, ýagny itleribar bolan öýe, elbetde, perişdeler girmez. Ylmyň nuruny Allatagala diňe pe­riş­­deleriň üsti bilen kalba salýar. Beýik Taňry: «Allanyň bir ynsan bilen gürleşmegi bolan däldir, diňe ylham arkaly, ýa-da bir ilçi-perişde iberip, öz izin-ygtyýary bilen wahy[3]arkaly sözlär»[4] diýdi. Kalplara iberilýän ylym paýy hem edil şunuň ýalydyr. Bu wezipe ylma wekilçilik edýän perişdeleriň üsti bilen berjaý edilýär. Ol perişdeler mukaddesdirler, päkdirler, oňlanylmaýan ahlaklardan azatdyrlar. Olar diňe ýagşy ahlakla­ra erklidirler we Taňrynyň rehmet hazynasyndan ýagşy ah­lakla­ry alyp, olary kalplara ornaşdyrýarlar. Men: «Öý sözünden diňe bir «kalp», «it» sözünden «gahar-gazap» hem beýleki oňlanylmaýan ahlaklar göz öňünde tutulmaýar, eýsem kalba duýduruş  hem-de içki duýgulardaky bozuklyklar bilen daşky agzalardaky nejasatyň aratapawudy göz öňünde tutulýar» diýip aýdýaryn. Daşky päklik bilen içki päkligiň arasyny tapawutlan­dyr­mak ygtybarly ýoldur. Alymlaryň, ýagşyzadalaryň goýan usulyýetidir. Ygtybarlylyk – köpçülik üçin kesgitlenen anyk çöz­gütdir. Ygtybarlylykda pent-nesihat we gymmat baha gör­kez­­meler bolýar. Dünýä özüniň mazmuny boýunça panydyr. Ol bir kişiden başga kişä ötýär. Sen adamlaryň öýi bolan öýden Taňrynyň bina eden öýi bolan kalbyň öýüne öt. Sypat üçin ýazgarylan itden däl-de, eýsem häsiýeti üçin ýazgarylan itden geç. Häsiýeti üçin ýazgarylan it wagşylykdyr, ruhuň hapa­ly­gy­dyr.

    Biler bolsaň, kalp gahar-gazapdan, açgözlükden, dünýä üçin ýarak itiň häsiýetine eýe bolmakdan doludyr. It many jähetden, kalp bolsa keşp jähetden aňyň suraty däl-de, many görkeziji nurudyr. Suratlaryň hem bu dünýäde köplenç ýaşyryn manylary bolýar. Ahyretde suratlar şol batyn manylara eýerýär­ler. Şonuň üçin beýle adam many suratynda Arasat meýdanyna ýygnalýar. Pygamber alaýhyssalam: «Sütem eden adamlar ýa­rak it suratynda, dünýä malyna gyzyganlar ýyrtyjy möjek sura­tyn­da, ulumsylar gaplaň suratynda, başlyklyk isleýänler ýolbars suratynda Arasat meýdanyna ýygnalar» diýdi. Bu mazmuna degişli bolan başga hadyslar hem bar. Beýle hadyslar aň-dü­şünjesi bar bolan adamlar üçin ygtybarlydyr.

   Sen maňa: «Ýaramaz ahlakly talyplar hem ylym alýar ahy­ryn» diýersiň. Hakykat ýüzünde olar ahyretde peýda beriji we bagtyýar ediji hakyky ylymdan örän daşdyrlar. Onuň alan ylmy günä işlere bulaşan bolup, özi üçin heläk ediji, ölüm howply zähere aýlanýar. Käbir alymlar dillerinde hadys aýtsalar hem kalplary başga zady oýlaýar. Munuň ýaly alymyň kalbynda ylymdan hiç zat ýokdur. Ibn Mesgut (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Ylym kalpdan çykýan nurdur» diýdi. Alymlaryň bi­ri: «Ylym Allatagalanyň: «Elbetde, Allatagaladan onuň alym ben­deleri gorkýandyr»[5] diýen sözündäki gorkudyr» diýipdir. Ol beýle diýmek bilen ylmyň mahsus bolan miwesini göz öňünde tutýar. Bir alym: «Biz ylmy Taňrynyň razylygy üçin däl-de,başga maksat üçin öwrendik. Şonuň üçin bize ýetdik ylym paýy berilmedi» diýipdir.

   Sen: «Men fykh ylmynyň usulyýetini we bu ylmyň pu­dak­la­ýyn bölümlerini öwrenip, mertebeli alym hasaplanýan alym­lar bar. Ýöne olaryň ahlaklary bozuk» diýip aýdarsyň. Eger sen yl­myň basgançaklary arkaly ahyret ylmy bilen tanyşsaň, onda saňa alymyň ahlagynyň nähilidigi aýan bolar. Hakyky alymyň maddy baýlygy az bolar. Onuň bar baýlygy Taňrynyň razylygy üçin ylma amal etmekdir, maksady Taňra ýakynlyk gazanmak­dyr. Biz beýle alym barada öňde hem aýdypdyk. Eger Hudaý halasa, ol barada yzda hem goşmaça aýdarys.

Ikinji wezipe. Dünýä gatnaşyklaryna we ylymdan daşlaş­dyr­ýan zatlara azyrak meşgul bolmakdyr. Çünki, olar kalbyň ün­süni ylymdan sowýar. Allatagala bir adamda iki kalp ýara­dan däldir. Kalby beýle zatlara meşgullandyrmak hakykata dü­şün­megi kynlaşdyrýar. Şonuň üçin: «Sen tutuş göwräň bilen yl­ma berilmeseň, ylym bir bölegini hem bermez» diýlipdir. Eger sen durşuňa ylma berilseň, onda ylym saňa berler. Munuň özi çeşmäniň suwunyň bir böleginiň ýere siňişi we beýleki bir bö­le­giniň asmana bugaryşy ýalydyr. Çeşmäniň galan suwuny ekerançylyk üçin ulanýarlar.

Üçünji wezipe. Ylmy möhüm zat hasaplamak, mugallyma öwüt bermezlik, tersine, ylym öwrenmek işiniň jylawuny tutuş­lygyna mugallymyň ygtyýaryna bermek we onuň nesihatlaryna tabyn bolmak gerek. Munuň özi dertden habary bolmadyk syr­kawyň ökde we mähriban tebibiň nesihatyna tabyn bolşy ýaly­dyr. Talyp mugallymy hormatlamalydyr, oňa sogap dilemelidir we onuň hyzmatyna gol gowşuryp durmalydyr. Şagby[6] şeýle diýdi: «Zeýt ibn Sabyt[7] bir merhumyň jynaza namazyny okady. Ibn Apbas onuň atynyň uýanyny taýýarlap durdy. Zeýt ibn Sa­byt: «Eý, Pygamber alaýhyssalamyň dogan oglany! Uýany goý! Men atyma özüm münerin» diýdi. Ibn Apbas: «Alymlary hor­mat­lamagy we olary mertebelemegi bize Pygamber alaý­hys­sa­lam tabşyrdy» diýdi. Onsoň Zeýt ibn Sabyt onuň elinden aty­nyň uýanyny aldy we ol: «Bize Pygamber alaýhyssalamyň ne­be­resine hormat goýmak emr edildi» diýdi.

Pygamber alaý­hys­salam: «Mömin ylym öwrenmekden başga ýerde peselmeli däl­dir» diýdi. Talyp mugallyma uly hormat goýmalydyr. Çünki, mu­gal­lym üstünligiň we bagtyýarlygyň sebäbidir. Wagşy haý­wanyň özüni paralamagyndan gorkup gaçyp barýan adam gor­kak­dan ýa-da batyrdan hemaýat boljakdygyna tapawut ber­me­ýär. Ýöne, Taňrynyň dowzahynyň wagşy haýwanlarynyň ýyr­ty­jylygy dünýäniň wagşy haýwanlarynyň ýyrtyjylygyndan has beterdir. Bu sözüň hikmeti – şudur: azaşan mömin nireden goldaw tapsa, şoňa daýanýar we kim özüne ýagşylyk etse, şoňa uýýar. Bir beýtde şeýle aýdylýar:

Suwuň hüjümi ýaly, gelende beýik ýere,

Hüjümi yglan edýär, ylym ulumsy äre.

   Talyp ylmy pespällik we mugallymy ünsli diňlemek bilen alýar. Allatagala: «Elbetde, munda (habardar) kalp eýesi bolan ýa-da özi häzir bolup, (ýagny çyn ýürekden) gulak tutan kişi üçin ýatlama-ybratlar bardyr»[8] diýdi. Bu sözüň mazmuny şeý­ledir – kalby bar bolan adam ylma aň ýetirmäge ýaramlydyr. Üns bilen diňlemeýän we kalby bilen berilmedik adam ylma düşünmez. Talybyň kalby mugallymyň aýdan zadyny tabynlyk, minnetdarlyk we guwanmak bilen kabul etmelidir. Talybyň mugallymyň sözüni kabul edişi bol ýagyş suwuny siňňitli kabul edýän ýumşak ýer ýaly bolmalydyr. Ol mugallymyň erkine eýermelidir we öz pikirini goýmalydyr. Mugallymyň hatasy hem talybyň dürs pikirinden peýdalydyr. Çünki, mugallymda tejribe bardyr. Talyp mugalymy näçe üns berip diňledigiçe, olaryň dersden alýan peýdasy şonça köp bolýar. Edil şunuň ýaly syrkaw tebibiň maslahatlaryny dykgat bilen berjaý etdi­gi­çe şonça dertden taplanýar. Musa pygamber bilen Hydyr alaý­hyssalamyň kyssasynda Hydyr alaýhyssalam Musa pygambere: «Sen meniň bilen bile bolsaň sabyrly bolup bilmersiň, eýse sen bilmeýän zadyňy biljek bolup, sabyrly bolup bilersiňmi?»[9] diýdi we oňa dymmagy we özüniň erkine tabyn bolmagy şert et­di. Hydyr alaýhyssalam: «Eý, Musa! Sen meniň ýanymda bol­­jak bolsaň, nähili wakany görseň hem meniň özüm bir zat aýdýançam menden hiç zat sorama»[10] diýdi. Musa pygamberiň sabyrsyz bolmagy onuň Hydyr alaýhyssalam bilen aýrylyş­ma­gyna sebäp boldy.

   Umuman aýdylanda, talyp pikirini özünde saklamalydyr we ony mugallym rugsat beren wagty ýüze çykarmalydyr. Sen: «Beýik Taňry: «Eger bilmeýän bolsaňyz, bilýän adamlardan soraň»[11] diýip aýtdy ahyry» diýersiň. Talyp sowal bermäge yg­ty­ýarlydyr. Ýöne ol mugallymyň rugsat berýän çäklerinde so­wal bermelidir. Çünki, düşünmejek sowaly bermek talyba oňla­nylýan däldir. Şonuň üçin Hydyr alaýhyssalam wagtyndan öň sowal bermegi gadagan etdi. Çünki, mugallym öz ugrundan talypdan köpräk bilýändir. Talybyň şol wagt aňyna girmejek zady wagtyň geçmegi bilen girer. Çünki, her bir zadyň açyljak wagty bardyr. Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Alyma köp sowal bermeli däldir, oňa jogap bermekde kynçylyk döret­meli däldir. Onuň syryny açmaly däldir, onuň ýanynda gybat etmeli däldir. Seniň ony Taňrynyň haky üçin hormatlamagyň gerekdir. Onuň öňünde zerurýet bolmasa oturmazlygyň gerek. Onuň bir ýumuşy bar bolsa, adamlaryň ony bitirmegi gerek. Bular alymyň hak-hukuklaryndandyr» diýdi.

Dördünji wezipe. Öwrenjäniň başda dini ýa-da ahyret ylym­laryndan özüniň öwrenen zatlaryndan başga zatlarda bolaýmasa adamlar bilen jedele girmezligi gerekdir. Bolmasa, munuň özi akylyňy çaşyrýar, akylyny giderýär we umytdan düşürýär. Tersine, oňa ilki bilen ussadyň berýän sapaklaryny kämil özleşdirmegi gerek. Soňra ol mezhep we şübheli mese­leleri öwrenmelidir. Eger onuň ussady mezhep meselelerindäki dürli garaýyşlardan dürs kesgitnamany saýlap başarmaýan bol­sa, ol beýle ussatdan häzir bolmalydyr. Çünki, beýle ussat dog­ry akyma gönükdirmäge derek, ony azaşdyryrar. Sebäbi, kör köri dogry ýola gönükdirmäge ýaramaz. Öwrenjäniň şübheli meseleleri öwrenmekden saklanmagy gerek. Çünki, ol entek ygtybarlylygy gowşak hadyslary ygtybarlylygy güýçli bolan hadyslardan seljerip bilmeýär. Munuň özi gorkaga kapyrlaryň hatarlaryna hüjüm etmäge gadagan edilişi, batyra bolsa, beýle herekete rugsat berilşi ýaly bir zatdyr. Beýle meselelerde adamlaryň käbiri güýçlüleriň yzlaryna eýermek bilen: «Ol me­selelerden baş çykarmak ýeňildir» diýip oýlaýarlar. Ýöne olar gowşak baş çykarýanlar bilen gowy baş çykarýanlaryň wezi­peleriniň dürlüdigine düşünmeýärler. Olaryň käbiri: «Meni ilki görenler dost saýdylar, soň görenler bolsa zyndyk[12] saýdylar» diýýärler. Sebäbi amallaryň soňy olary kalba ýüzlendirýär. Gö­ren­ler ony ýalta we amallardan boş hasaplaýar. Içgin garalanda ýagdaý beýle däldir.Onuň bu halykalbyň amallar bilen ara­bag­lanyşygydyr, kalbyň amallara hemişe berilmegidir. Güýçli bi­len gowşagy daşyndan görenler olary biri-birine meňzeş hasaplaýarlar. Munuň özi suwly küýzedäki azajyk hapany rowa görmeýäniň we deňizdäki azajyk hapany rowa görýäniň my­sa­ly ýalydyr. Deňiz küýzeden has uludyr. Ýöne deňze rowa bolan zat, küýzä rowa däldir. Emma meselelerden gowşak adam deňziň kuwwaty bilen hapany suwa öwürýändigine düşün­me­ýär. Nejasat deňziň sypatyna aýlanýar. Az nejasat hem küýzede öz sypatyny saklaýar. Pygamber alaýhyssalam: «Dokuz esse­den az bolan nejasat rowa däldir» diýdi. Alym nadanlygy se­bäp­li bir ylmy başga bir ylmyň garşysyna duşmançylyk üçin ulanmaly däldir. Çünki, adamlar nadanlyk sebäpli biri-birlerine duşmandyrlar. Beýik Taňry: «Olar bilen dogry ýola düş­me­dik­ler: «Bu bir köne toslama» diýip aýdýarlar»[13] diýdi. Bir şahyr şeýle diýipdir:

Syrkawyň işdäsine tagam ýokumsyz bolýar,

Hatda çeşmäniň suwy agzyna ajy gelýär.

Ylymlar derejelerine görä bendäni Taňra ýetişdiriji ýa-da onuň Taňra ýetişmegine bir görnüş bilen ýardam beriji häsi­ýet­de bolýar. Ylymlaryň Taňra ýakynlygy gazanylyşyna, bendäniň maksadyna we onuň amal edişine görä menzilleri bar. Ylym hasyl edýänler serhedi goraýanlar ýalydyr. Olaryň her biriniň öz derejesi bardyr we derejelerine hem Allatagalanyň razyly­gyny maksat tutuşlaryna görä ahyretde sogaplary bardyr.

   Altynjy wezipe.Ylymlaryň hemmesine birden girişmeklik gerekdir. Hersine kesgitlenen tertibi saklamak we ilki möhüm bolan ylymlary özleşdirmek wajypdyr. Çünki, ömür hemme ylymlary özleşdirmekden gysgadyr. Her bir zadyň gözelini saý­lap almaga ymtylmalydyr. Talyp ähli güýç-kuwwatyny kämil ylym almaga sarp etmelidir. Ylymlaryň iň hormatlysy ahyret ylmydyr. Bu ýerde ol ylmyň iki bölümi bolan mugamala we mukäşefe göz öňünde tutulýar. Mugamalanyň netijesi mu­kä­şefedir, mukäşefäniň maksady bolsa Taňryny tanamakdyr. Men Taňryny tanamak diýmekden aam kişiniň agzyndan çykan sözi ýa-da oňa miras galan ygtykady, ýa-da garşydaşlarynyň gar­şy­sy­na ulanýan sözlerini göz öňünde tutmaýaryn. Eýsem, Taň­ry­nyň bendäniň kalbyny ýaramaz ahlaklardan tämizlemek üçin ornaşdyrýan nurunyň miwesini göz öňünde tutýaryn. Bu dereje bolsa Abu Bekriň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) imanynyň derejesine baryp ýetýär. Onuň imany barada Pygamber alaý­hys­salam: «Eger Abu Bekriň imany ölçelse, onda ol älem­ler­dä­kileriň imanyndan agyr gelerdi» diýip güwä geçdi.Şoňa görä-de köpçüligiň ynanýan zadyndan hem-de köpçülikden diňe «kelam» diýip atlandyrylýan dilewarlyk sungaty bilen tapawut­lanýan kelamçylaryň öňe sürýän taglymatyndan Omar, Osman, Aly we başga sahabalar, hatda kükreginde ýerleşýän Ilähi syr bilen beýlekilerden artyk bolan Abu Bekr hem ejiz gelerdi.Şe­rigatyň eýesi Pygamber alaýhyssalamyň şunuň ýaly (Abu Bekr hakynda aýdan) sözleri eşidip, soňra bu eşiden sözlerine äh­mi­ýet bermän «bu zatlar sopularyň toslamalary we akyla syg­ma­jak boş zatlar» diýip tassyklaýanlara haýran galýaryn.

   Hususan, ylymlaryň iň hormatlysy we olaryň maksady Al­la­tagalany tanamakdyr. Bu ylym bolsa düýbi bilinmeýän ylym­dyr. Ynsanlardan bu jähetdeniň ýokary dereje berlenleri py­gam­berlerdir, soňra welilerdir, soňra olara eýerenlerdir. Irki döwrüň ybadathanalarynyň birinde iki sany dana adamyň heý­keli bolupdyr. Olaryň her biriniň elinde ýazylan hat bar eken. Danalaryň biriniň elinde şeýle ýazgy bar eken: «Sen her bir zat barada kämil bilseň hem, Allatagalany tanamasaň we ony hemme zadyň sebäpkäri diýip bilmeseň, onda sen özüňi hiç zat etmedik hasapla». Olaryň beýlekisiniň elinde bolsa şeý­le ýazgy bar eken: «Men Allatagalany tanamazdan öň suw iç­sem hem, teşnelikden ganmazdym. Taňryny tananymdan soň bolsa, suw içmesem hem teşnelikden gandym».

Ýedinji wezipe.Bir ylmy kämil özleşdirmezden başga yl­my öwrenmäge girişmezlikdir. Çünki, ylymlar öwrenmek üçin zerurlyk bilen tertibe salnandyr. Olaryň birinde beýlekisine alyp baryjy ýol bardyr. Şol tertibi, şol basgançaklary geç­mez­den bir ylymdan başga ylma düşüp bolmaz. Beýik Taňry: «Bi­ziň kitap berenlerimiz ony hakyky usul bilen okaýarlar»[14] diýdi, ýagny olar bir ylmy kämil özleşdirýänçäler, başga ylmy öwren­mä­ge we başga ylym bilen amal etmäge girişmeýärler. Olar kabul edilen tertibi berjaý edýärler. Gapma-garşy pikirleriň bar­lygy sebäpli ýa-da biriniň ýalňyş pikiri bilen bir ylmyň bo­zuk­lygy barada höküm çykarmazlyk gerek. Sen akyl hem şerigat tarapdan gowşak taýýarlygy bolan bir topar adamlaryň: «Bu ylymlary esaslandyran alymlaryň sözleri ygtybarlydy» diýip, oýlanmagy terk edýändiklerini görýänsiň. Biz beýle şüb­he­ler barada «Migýar al-ylm» («Ylmyň ölçegi») atly kitaby­myz­da açyklamalary berdik. Sen bir tebibiň hata goýbermegi sebäpli tebipçilik ylmyny inkär edýän kişileri görýänsiň. Şeýle hem, sen bir müneçjimiň sözüniň dogry çykandygy sebäpli ýyldyzlar ylmynyň ygtybarly ylymdygyna ynanýan kişileri hem görýänsiň. Şeýle hem, bir müneçjimiň sözüniň dogry çyk­madygy sebäpli, ýyldyzlar ylmyny inkär edýän kişileri bil­ýän­siň. Bularyň hemmesi hem ýalňyş pikirlerdir. Ylmyň ygty­bar­ly­lygy bir zadyň ýalňyş ýa-da dogry çykmagyna görä däldir. Ylmyň ygtybarlylygy bir kişiniň oňa garaýşyna görä kesgitle­nil­mez. Şonuň üçin Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Hakykaty tapsaň onuň tarapdarlaryny hem taparsyň» diýdi.

Sekizinji wezipe. Ylmyň hormatly hasaplanmagynyň se­bäp­lerini bilmekdir. Bu ýerde iki sany zat göz öňünde tutulýar. Olaryň biri ylmyň netijesiniň hormatly bolmagydyr, ikinjisi bolsa ylmyň delilleriniň ygtybarly we kuwwatly bolmagydyr. Munuň özi din ylmy bilen tebipçilik ylmynyň mysaly ýalydyr. Din ylmynyň netijesi ebedi dirilikdir, tebipçilik ylymynyň ne­ti­je­si bolsa wagtlaýyn dirilikdir. Bu ýerden din ylmy has hormat­ly bolar. Ýa-da munuň özi hasap ylmy bilen ýyldyzlar ylmynyň mysaly ýalydyr. Hasap ylmy delilleriniň ygtybarlylygy we kuw­watlylygy sebäpli has hormatlyrakdyr. Eger hasap ylmy bilen tebipçilik ylmy deneşdirilse, onda maksady jähetden te­bip­çilik ylmy, delilleriniň ygtybarlylygy jähetden bolsa, hasap ylmy hormatlyrak geler. Ýöne netijesi ynsana peýdaly bolan­dy­gy sebäpli delilleri takmyny hem bolsa tebipçilik ylmy hasap ylmyndan hormatlyrakdyr. Biziň şu ýerde beren düşündiri­şi­mize laýyklykda ylymlaryň iň hormatlysynyň Beýik Taňryny, Onuň perişdelerini, kitaplaryny we pygamberlerini bilmek yl­my­dygy we şu ylma ýetişdiriji başga ylymlardygy aýan bolýar. Şonuň üçin seniň höwesiň şu ylymlara bolmalydyr.

Dokuzynjy wezipe.Talyp kalbyny ham-hyýallardan päk­läp ýagşy maksatlara gönükdirmelidir, Taňra we Onuň ýakyn perişdelerine ýakynlaşmaga ymtylmalydyr. Ol ylym öwren­mek­den wezipe mal, mertebe gazanmagy, jedelde nadan adam­lar­dan deň-duşlaryndan üstün bolmagy maksat edinmeli däldir. Onuň islegi Taňrynyň razylygyny gazanmak bolsa, onda mak­sa­dy ahyret ylmyny öwrenmek bolar. Şeýle hem bolsa onuň beýleki ylymlara göwnüýetmezçilik bilen garamazlygy gerek. Bu ýerde beýleki ylymlar diýlip pitwa ylmyna, nahuw ylmyna, Gurhandan gelip çykýan ylymlara, hadyslara we başga ylym­lara düşünilýär. Çünki, bu ylymlary esaslandyran alymlar duş­man­dan ýurdy goran söweşijiler ýalydyr, Taňrynyň ýolunda yhlas eden kişiler ýalydyr. Olaryň käbiri söweşijiler ýalydyr, käbiri iým-içim öndürýän daýhanlar ýalydyr, käbiri mallary bakýan çopanlar ýalydyr, käbiri Allanyň razylygy üçin ölüp, sogap gazanan şehit kişiler ýalydyr. Alymlaryň mertebesi barada Beýik Taňry: «Allatagala sizden iman getirenleriň we ylym bagyş edilenleriň derejelerini beýik eder»[15] diýdi. Başga bir aýatda beýik Taňry: «Allatagalanyň emrine tabyn bolan­la­ryň Taňrynyň dergähinde derejeleri beýikdir»[16] diýdi.

Mertebeler dürli-dürli bolýar. Patyşanyň mertebesi bilen kö­çe süpürijiniň derejesini deňemek bolmaz. Ýöne mertebe­le­riniň dürli bolmagyna garamazdan pes mertebelä kemsitme gözi bilen garamak bolmaz. Her kimiň derejesi takdyrynda kes­git­lenendir. Mertebe boýunça ilki pygamberler, soňra weliler, soňra beýik alymlar, soňra ýagşy işleri eden adamlar gelýär. Umuman aýdylanda, kim zerre mukdarynda ýagşylyk etse, şo­nuň sogabyny görer, kim bir zerre mukdarynda ýamanlyk etse, şo­nuň azabyny görer.[17] Kim Taňrynyň razylygy üçin ylym öw­ren­se, onda ol peýda tapar we beýik mertebä ýeter.

Onunjy wezipe.Talybyň maksadyna görä, ylym öwret­mek gerek. Onuň üçin dünýäde we ahyretde möhüm bolan zat­la­ry öwrenmek wajypdyr. Gurhanyň we beýik alymlaryň açyk­laý­şyna görä, oňa dünýäniň ahyretiň nygmatlaryny bilelikde top­la­mak mümkin däldir. Är üçin möhüm zat ebedi galjak ahyret ylmyny öwrenmekdir. Munuň üçin dünýä oňa öýdür, beden ulagydyr, amallar maksada eýeriji serişdedir. Ahyr mak­sat Taňra duşmakdyr. Nygmatlaryň hemmesi şu maksatdadyr.

  Bu dünýäniň mütdeti az wagtlykdyr. Ylmyň mertebeleri Taňra duşmak bagtyna eltijidir we Onuň jemalyna nazar aý­la­mak bagtyýarlygyna ýetişdirijidir. Bu ýerde «nazar» diýlip py­gam­berleriň Taňryny gözlän nazary, ýagny mütekellimleriň we başgalaryň aňyna ornaşmadyk nazar göz öňünde tutulýar. Bu jähetden ylymlar üç hili bolýar. Muny şeýle mysal bilen deňeş­dirmek mümkin. Haja gitmek üçin seniň azat adam bolmagyň gerek. Birinjiden, saňa azyk, ulag ýaly serişdeleri taýýarlamak wajyp. Ikinjiden, ýola düşmegiň, watandan aýrylyp, Käbä tarap ýüzlenmegiň, menzil üstüne menzil ýol aşmagyň wajyp. Üçün­ji­den, Käbä baranyňdan hajyň amallaryny tertipme-tertip ber­jaý etmegiň, soňra yhram eşigini çykarmagyň, hoşlaşyk towa­by­ny etmegiň wajyp. Şu zatlary berjaý edeniňden soňra, eger azat adam bolsaň seniň patyşa bolmaga hakyň bar. Hajyň seriş­delerini taýýarlap, Käbe tarapa ýola girýänçä, ýola girip Käbä barýança, Käbä baryp, hajyň amallaryny berjaý edýänçä köp işler bardyr. Hajyň amallaryny berjaý etmek ýol taýýarlygyny görmekden, ýoly menzil-menzil aşmakdan we hajyň däplerini berjaý etmekden ybaratdyr. Ylymlar hem edil şunuň ýalydyr.

Olaryň birinji topary — azyk hem serişde taýýarlamakdan yba­rat­dyr. Bu topara tebipçilik, fykh ýaly dünýäde bedeniň bähbit­le­ri üçin ýaramly degişlidir. Ikinji topar — ýola girip, men­zil­leri aşmakdan ybaratdyr. Bu topara kalby ham hyýallardan päk­le­mek, Taňrynyň özüňe ýardam bermedik ylymlaryna eriş­mez­lik, ahlagy terbiýelemek ylmy, batyn ýola girmek ylmy de­giş­lidir. Kalby päklemek ylmyny öwrenmek, dogry ýoly saýlap almak, menzilleri öwrenmek. Ýola düşüp, düşleniljek menzil­le­ri bilmezden ýol aşmak mümkin däldir. Munuň özi bilmeýän işiňe başlamak ýalydyr. Üçünji topar — hajyň amallaryny ber­jaý edişiň mysaly ýalydyr. Bu topara Allatagalanyň zatyny (özüni),sypatlaryny, işlerini, perişdelerini we biziň mukäşefe yl­mynyň beýanynda aýdan zatlarymyzy bilmek degişlidir. Eý, ahyret ýoluny ýöreýji! Ýola gönükmek, bagty gazanmak, halas bolmak şu ýerdedir. Maksady hak we bagtyýarlyga ýetmek bo­lan her bir dogry ýola giren kişä Taňra ulaşmak mümkindir. Bag­tyýarlyga ulaşmak aryplara mahsusdyr. Olar Taňrynyň hu­zuryna gowşan we jennetiň nygmatlaryna ulaşan bagtyýar ki­şilerdir. Emma beýle kämillige ýetişmedik kimselere hem dowzahdan gutulmak we onuň azaplaryndan salamat bolmak bardyr. Beýik Taňry: «Taňra ýakynlyk tapanlar üçin rahatlyk, halal rysgal we jennete girmek bardyr[18]» diýdi. Depderleri sag taraplaryndan gelen kişilere: «Size sagyndan depderleri gelen kişilerden salam bolsun!» diýler»[19] diýdi.

Maksatlary dünýä aladalary bolan kişileriň depderleri çep ellerine berler. Olar ýoldan azaşanlardyr. Olar dowzaha düşer­ler we oda ýanarlar.

Biler bolsaň, hakyky alymlar ahyret ylmyny kämil özleş­di­ren kişilerdir. Olar bu ylma kalbyň nury bilen ýetişýärler. Ola­ryň kalbynyň päklik kuwwaty biziň aňymyzdan we gözü­miz­den kuwwatlydyr. Beýle alymlar ahyret ylmyna eýermek bilen aýanlyk menziline ýetişýärler. Olaryň haly gören zadyna güwä geçen kişiniň haly ýalydyr. Başgalaryňahwaly bolsa, görmedik zadyna güwä geçeniniň haly ýalydyr. Bagtyýarlyk mukäşefe yl­myndan soň gelýär. Mukäşefe ylymyna mugamala ylymyny özleşdirmekden soňra ýetilýär. Mugamala ylmy ahyret ýolunyň girelgesidir. Taňrynyň sypatlary baradaky ylmyň çarkandakly ýodalaryny oňlanylmaýan ahlaklardan päklenmek bilen geç­mek mümkindir. Ýaramaz ahlaklardan päklenmek bedeniň sa­la­matlygyny, saglygyň sebäplerini bilmek bilen gazanylýar. Ge­ýim-gejim, iýim-içim, ýaşamak üçin öý ýaly zerur bolan zatlar ýaramaz ahlaklardan päklenmäge ýardam berýär. Bu zat­lar hökümdaryň kanunlary we fykhlaryň şerigaty adalat bilen ýö­retmegine hem baglydyr. Emma saglygyň sebäplerine gö­zeg­çilik etmek tebipleriň wezipesidir. Pygamber alaýhyssalam: «Ylymlar iki hili: beden baradaky ylym we din ylmydyr» diýmek bilen fykh ylmyny göz öňünde tutdy, ýagny ol beýle söz bilen batyn ylymlary däl-de, eýsem, zahyr ylymlary aň­latmak isledi.

   Sen maňa: «Näme üçin tebipçilik we fykh ylmyny ýo­lag­çynyň azyk hem ulag taýýarlamagyna meňzetdiň?» diýersiň. Biler bolsaň, Taňra ýakynlyk gazanmak üçin çalyşýan zat be­den däl-de, kalpdyr. Men bu ýerde bir tokga etden ybarat bolan kalby däl-de, Taňrynyň syrlaryna düşünýän näzik duýguny göz öňüne tutýaryn. Bu duýgy «ruh», kä wagt bolsa «rahatlyk tapan nebis» diýip atlandyrylýar. Şerigat oňa «Kalp» diýýär. Çünki, kalp syra ýetişdiriji ilkinji ulagdyr. Kalbyň üsti bilen tutuş beden duýgynyň ulagy we serişdesi boldy. Ol syryň perdesini açmak mukäşefe ylmynyň wezipesine degişlidir. Aýdylyşyna görä, ol duýgy gymmat bahaly  nepis dürdür we Taňrynyň em­rin­den gelip çykýan bir zatdyr. Beýik Taňry: «Eger senden ruh barada so­ra­sa­lar, onda: «Ruh Taňrymyň «bol» diýen emrin­dendir» diýip aýt»[20] diýdi. Her bir ýaradylan zat we emr Taňra degişlidir. Ýöne ruh hemme beden agzalaryndan hormatlydyr. Emr ýaradyl­mak­dan beýikdir. Ruh Taňrynyň emrinde bolan nepis zat bolup, onuň derejesi daglardan, ýerden we göklerden beýikdir. Çünki, ol emr älemindendir. Ruh barada sözleýän pel­­sepeçi alymlar gala­pyn ýalňyş pikirleri öňe sürýärler we nadanlyklary sebäpli özleriniň aýdýan zatlaryna özleri hem düşünmeýärler. Biz bu ýerde bu mowzugy beýan edip, sözü­mi­zi uzaltmakdan saklan­ýarys. Çünki, içgin beýan etmekçi bol­sak, onda maksadymyzdan daş düşeris. Ruh Taňrynyň emrin­den ýaradylandygy sebäpli Onuň dergähine ýakynlaşmaga me­ýil­li bolýar. Ol Taňrydan gel­di, Taňra hem gider. Beden bolsa, dünýäniň hajyň ýoluna ulag hem serişde bolşy ýaly ruh üçin Taňry ýoluna ulag hem se­riş­de­dir. Ýa-da bedeniň mätäç bolan suwuny gowanyň daşaýşy ýaly ru­hy hem beden daşaýar. Bedeniň saglygyny goramagyň mak­sa­dyn­da bolan her bir ylym ruhuň ulagydyr. Tebipçilik ylmynyň hem ruhuň ulagydygyna şübhe ýokdur. Çünki, tebipçilik ylmyna bedeniň saglygyny go­ra­mak üçin mätäç bolunýar. Her bir ynsan tebibe mätäçdir. Fykh ylmy tebipçilik ylmyndan başga zatdyr. Ýö­ne ýeke özi bir ýerde ýaşaýan adam fykh ylmynyň köp me­se­le­lerine mätäç bolmazdy. Emma ynsan ýeke ýaşamaly edilip ýaradylmandyr. Çünki, onuň ýeke özi özbaşdak ýaşasa, iýmek, geý­mek, ekin ekmek, çörek, nahar bişirmek, öý gurmak, gural­lary ýasamak ýa­ly işlerde beýleki adamlaryň ýardamyna mätäç bolýar. Bu se­bäpli oňa adamlara gatyşmakdan başga çäre galma­ýar. Ga­tyş­­mak bolsa bir ýere toplanmak, nebisleri sebäpleri da­wa-jen­jel­ler, gowgalar, uruşlar, bedeniň syrkawlamagy, ahlakla­ryň bo­zulmagy, biri-birini öldürmekleri ýaly zatlary ýüze çykar­ýar. Saglyga zeper ýetse, onda ony tebipçilik bilen bejerilýär. Adam­­­laryň özara gatnaşyklaryndaky kanunlaryň bozulmagy sy­­ýasat bilen tertibe salynýar. Ahlaklaryň bozulmagy fykh yl­my­nyň üsti bilen düzedilýär. Bu zatlaryň hemmesi ruhuň ula­gy bolan bedeniň saglygyny saklamak üçindir. Kalbyny päk­le­män, ahlagyny düzetmän, fykh we tebipçilik ylymlaryna giri­şen ki­şi­niň mysaly düýesine ot, suw satyn alyp, heniz hajyň ýo­luna düş­medik kişiniň mysaly ýalydyr. Ömrüni fykh ylmyna sarp edip, kalbyny päkläp, ahlagyny düzeden kişiniň mysaly bol­sa, dü­ýesi üçin ot, suw satyn alyp, ýola düşüp, Käbä baryp haj borçlaryny bitiren kişiniň ahwaly ýalydyr. Haja gitmek üçin dü­ýe, gowa, ot -iým, azyk satyn alyp, ýola girmedik kişi bilen ol zatlary satyn alyp, ýola giren we haj borçlaryny berjaý eden ki­şiniň arasyn­da­ky tapawut, elbetde, uludyr. Mukäşefe ylmyna girişmedik we oňa girişen alymlaryň tapawudy hem edil şunuň ýalydyr.

Sen bu ýerde aýdylan zatlar barada oýlanyp gör! Soňra gap­­ma-garşy pikirler barada nadan adamlaryň däl-de, eýsem mu­­käşefe ylmyna mahsus bolan adamlaryň garaýyşlaryny ka­bul et!

Ylym öwrenýän talyplar üçin bu zatlary bilmek ýeterlikdir.

 


[1]مـُـشـْـرِكٌMüşrik– Taňra şirkgetirýän adam, Taňryny başga zada deňeýän adam.

[2]Gurhanyň 9-njy «Toba» süresiniň 28-nji aýaty.

[3]وَحـِـیٌWahy – Taňrynyň gizlin habarlary.

[4]Gurhanyň 42-nji «Şura» süresiniň 51-nji aýaty.

[5]Gurhanyň 35-nji «Fatyr» süresiniň 28-nji aýaty.

[6]Abu Omar ibn Şerahyl Şagby (642-723) – tabygynlaryň biri.

[7]Zeýt ibn Sabyt – sahabalaryň biri. Ol 647-nji ýylda ölýär.

[8]Gurhanyň50-nji «Kaf» süresiniň 37-nji aýaty.

[9]Gurhanyň 50-nji «Kähf» süresiniň» 64-68-nji aýatlary.

[10]Gurhanyň 50-nji «Kähf» süresiniň 70-nji aýaty.

[11]Gurhanyň 16-njy «Nahl» süresiniň 43-nji aýaty.

[12]زِنـْـدِیـقٌZyndyk– dinsiz, ateist.

[13]Gurhanyň46-njy«Ahkaf» süresiniň 11-nji aýaty.

[14]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 121-nji aýaty.

[15]Gurhanyň 58-nji «Mujadala» süresiniň 11-nji aýaty.

[16]Gurhanyň 3-nji «Äli Ymran» süresiniň 163-nji aýaty.

[17]Gurhanyň 99-njy «Zelzele» süresiniň 8-nji aýaty.

[18]Gurhanyň 56-njy «Wakyga» süresiniň 90-91-nji aýatlary.

[19]Gurhanyň 56-njy «Wakyga» süresiniň 88-89-njy aýatlary.

[20]Gurhanyň 17-nji «Isra» süresiniň 25-nji aýaty.