Ýol salgy beriji mugallymyň (piriň) wezipeleriniň beýany.

Başy » YLYM BARADA KITAP » Ýol salgy beriji mugallymyň (piriň) wezipeleriniň beýany.

  Biler bolsaň, ynsanyň mal gazanmakda bolşy ýaly, ylym öwrenmekde hem dört sany haly bolýar. Mal eýesiniň peýda almak haly bar. Ol bu haly bilen baýlyk gazanýar. Onuň ga­za­nan malyny saklamak haly bar. Ol bu baýlygyny saklamak bi­len baý bolýar. Onuň baýlygyny özüne sarp etmek haly bar. Bu ýagdaýda ol baýlygyndan peýdalanyjy bolýar. Onuň baýly­gy­ny başgalara harç etmek haly bar. Bu ýagdaýda ol sahy we sogap eýesi bolýar. Bu hal onuň hallarynyň iň hormatlysydyr. Ylym barada aýdylanda hem ynsanyň hallary edil şunuň ýa­ly­dyr. Ylym hem mal gazanylyşy ýaly gazanylýar. Ylmy göz­lemek we gazanmak haly bar. Ylma eýe bolmak haly bar. Bu halda ol baş­galara sowal bermekden özüni dyndyrýar. Onuň aýdyň­laş­ma haly bar. Bu halda ol öwrenen zatlaryna düşünýär we olar­dan özi peýdalanýar. Onuň özgelere öwretmek haly bar. Bu hal onuň hallarynyň iň hormatlysydyr. Kim öwrense, öw­re­nen za­dy­na amal etse we öwrenen zadyny başgalara öwretse, ol many äleminde beýik adam saýylýar. Onuň mysaly gün ýa­ly­dyr. Gü­nüň özi ýagtydyr we başgalara ýagtylyk berýändir. Onuň my­sa­ly hoşboý ysly müşk ýalydyr. Müşküň özüniň hoş­boý ysy bar we ol özgelere-deýakymly ys ýaýradýar. Bilýän za­dyna amal et­meýän kişi sahypalary ylymdan doly depder ýaly­dyr. Ondan başgalar peýdalansa hem, onuň özüne peýdasy ýokdur. Ýa-da ol çalgy daşynyň mysaly ýalydyr. Çalgy daşy py­ça­gy ýiteldýär, özi bolsa ýitelmeýär. Ýa-da ol iňňäniň my­sa­ly ýalydyr. Iňňe öz­geleri geýindirýär, özi bolsa çyplaklygyna gal­ýar. Ýa-da şe­miň mysaly ýalydyr. Şem özgelere ýagtylyk ber­ýär, özi bolsa ýa­nyp gutarýar. Öz ylmyndan özi peýdalan­man, başga kişiler peýdalanan kişi barada şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr:

Ol kişiniň mysaly göýä bir şem ýalydyr,

Özgä berer ýagtysyn, ýanmak oň ykbalydyr.

Özi kämillige ýetişen adam ylym öwretmek işine baş­la­mak bilenuly bir işi boýnuna alýandygyny we hormatly işe gi­rişýändigini bilmelidir. Bu jähetden mugallymyň berjaý etmeli sekiz wezipesi bardyr.

Birinji wezipe.Ol mugallymçylygyň edeplerini, şägirtlere mähribanlygy saklamalydyr we olara öz çagalary ýaly gara­ma­ly­dyr. Pygamber alaýhyssam: «Meniň size garaýşym kaka­sy­nyň ogluna bolan garaýşy ýalydyr» diýdi. Kakasy ogluny dün­ýä­niň odundan goraýşy ýaly Pygamber alaýhyssalam hem ym­ma­ty­ny dowzah odundan goraýar. Dowzahyň odundan gora­mak dünýäniň odundan goramakdan has möhümdir. Bu sebäp­den mugallymyň haky ata-enäniň hakyndan beýikdir. Ata-ene çaganyň pany dünýä gelmegine, mugallym bolsa, onuň ebedi bagtyýar bolmagyna sebäpkärdir. Eger mugallym bolmasa ça­ga­nyň kakasyndan alan endigi ony heläkçilige we bagtsyzlyga elt­megi mümkin. Ahyretde oňa ebedi bagtyýarlyk gazandyrjak mugallymdyr. Men bu ýerde «mugallym» diýmek bilen ahyret alymlaryny we ahyret ylymlaryna ýetişdiriji dünýewi ylymlary öwredýän mugallymlary göz öňünde tutýaryn. Emmadiňe dünýewi maksatlar üçin ylymlary öwretmekden, özüňi hem, şä­gir­diňi hem heläkçilige düşürmekden Taňrynyň özi bizi pena­syn­da saklasyn!

   Atasynyň çagalarynyň hemmesini gowy görşi, olary mak­sa­da gönükdirişi ýaly, mugallymyň hem hemme şägirtlerini go­wy görmegi, olary maksada gönükdirmegi wajypdyr. Eger ola­ryň maksatlary ahyret bagtyýarlygy bolsa, onda olar mak­sat­la­ry­na ýeterler. Eger olaryň maksatlary dünýälik bolsa, onda olar maksatlaryna ýetmezler. Tersine, aralarynda göriplik, duş­man­çy­lyk ýaly ahlaklar peýda bolar. Çünki, ahyret maksadyny tu­tan alymlar we şägirtler Taňrynyň razylygy üçin ýola çykan ýolagçylardyr we dünýäden ahyrete tarap aýlap, ýyllap dürs ýol ýöreýjilerdir. Olaryň arasynda duşmançylyk, göriplik ýaly ah­lak­lar ýüze çykmaýar, tersine, olary biri-birine mähriban  bol­mak, gowy görüşmek ýaly ahlaklar gurşap alýar. Onsoň Fir­döws jennetine ýol tutanlaryň arasyndaky mähribanlygyň nähili uly boljakdygyny oýlap görüber! Çünki, ahyret bagtyýar­ly­gyn­da darlyk ýokdur. Şonuň üçin ahyret ýolagçylarynyň arasynda dawa-jenjel bolmaýar. Olaryň arasyna dünýewi bagtyýarlykda hem göriplik aralaşmaýar. Olar duşmançylyk sebäpli gysyl­mak­dan halasdyrlar we ylym öwrenmekde biri-birlerine ada­lat­ly­dyrlar. Beýik Taňry: «Möminler biri-birlerine dogandyrlar»[1] diýdi.

Beýik Taňry ýene: «Ol günde dostlar biri-birine duşman­dyr, meger, diňe (Alla ýolunda dostlaşan) takwalar (baky dost­luga ýetýändir)»[2] diýdi.

Ikinji wezipe– ylym öwretmekde şerigata Pygamber alaý­hyssalama uýmalydyr. Ylym öwretmekden hak talap et­me­li däldir. Mugallym bu işde talypdan minnetdarlyk hantama bol­ma­ly däldir, eýsem maksady Taňrynyň razylygyny gazan­mak, oňa ýakynlyk tapmak bolmalydyr. Ol özüniň bu işini talyplara ýagşylyk edýän hökmünde görmän, belki olar üçin sogap diýip bilmelidir. Çünki, talyplar ylym öwrenmek bilen kalplaryny terbiýeleýärler. Şeýlelikde Taňra ýakynlyk gazan­mak­da mugallym mellegini ekin ekmäge kireýine beren kişiniň mysaly ýaly bolar. Ýöne mugallymyň ylym tohumyny ekip aljak peýdasy ýer eýesiniň aljak peýdasyndan köpdür. Onuň Taňrynyň dergähinden ylym öwretmek işinden aljak sogaby talybyňkydan köp bolsa, onsoň ol nähili minnet etjekmiş? Eger talyp bolmadyk bolsa, onda ol beýle sogap almazdy. Goý, ol Taňrydan başga birinden muzd gözlemesin! Beýik Taňry bu jähetden: «Men[3] bu iş, (ýagny pygamberligi size ýetirmek) üçin sizden muzd soramaýaryn. Meniň muzdumy bermek Taň­rynyň boýnundadyr»[4] diýdi. Çünki, mal we dünýä barlyklary bedeniň hyzmatyny edýär. Beden bolsa ruhuň ulagydyr. Bu ýerde ylmyň hyzmaty edilýär. Ruh bolsa ylym bilen hormatly bolýar. Kim ylym bilen mal talap etse, onda onuň mysaly köwşüniň aşagyny arassalamak üçin ony ýüzi bilen süpürýän adam ýaly bolar. Bu ýerde hyzmat edýän hyzmat edilýäniň, hyzmat edilýän hyzmat edýäniň ornuna bolar. Ylym bilen mal talap edýäniň kyýamat güni Taňrynyň dergähinde başy aşak bolar. Hususan aýdylanda, sogap hem, ýagşylyk hem mugal­lym üçindir.

Indi seret, din edarasy nähili adamlaryň ellerine geçdi. Olar fykh, kelam ylymlaryndan, ylym öwretmekden maksatla­ry­nyň Taňra ýakynlyk gazanmakdygyny nygtaýarlar. Özleri bol­sa mal, mertebe gazanmak bilen başagaý bolýarlar. Mugal­lym talypdan muzd talap edýär, ondan hakly-haksyz öz duşma­nyna duşman, dostuna dost bolmagyny isleýär, her bir işde öz emrine boýun bolmagy buýurýar. Talyp onuň hyzmatyna du­rup, mal harç edýär, kemsitmelere sezewar bolýar. Eger talyp onuň talaplarynyň birini berjaý etmese, ony özüne duşman ha­saplaýar. Mundan soň hem ol: «Meniň okatmakdan maksadym ylmy adamlaryň arasyna ýaýmakdyr, dine ýardam bermekdir, Taňra ýakynlyk gazanmakdyr» diýýär. Özüniň bu halyna utan­maýar, tersine öwünýär. Sen şunuň ýaly ýoldan çykmalara delil bolýan alamatlara bak we pent al!

Üçünji wezipe– mugallym talyba nesihat berip, her bir zat­dan ýeterlik mukdarda öwretmelidir. Ol ony halypa laýyk bolmadyk zatlary öwrenmekden, zahyr manylary öwrenmezden batyn manylary öwrenmäge girişmekden saklamalydyr, ýagny ony aýan ylymlary öwrenmezden ýaşyryn ylymlara meşgul bolmakdan saklamalydyr. Mugallym talyba ylym öwrenmek­den maksadyň bäsleşmek, jedelleşmek däldigini, eýsem Taňra ýakynlyk gazanmakdygyny düşündirmelidir. Bozuk alymyň taly­byň kalbynyň düzelmeginden bozulmagyna ýetirýän täsiri köpdür. Eger talybyň maksady dünýä üçin fykh ylmyndan gap­ma-garşy garaýyşlary, kelam ylmyndaky jedelli meseleleri, dawalar baradaky pitwalary we hökümleri öwrenmek bolsa, mu­gallym ony beýle maksatdan saklamalydyr. Beýle ylymlar ahyret ylymlaryndan däldir we olar Taňrynyň razylygy üçin öwrenilen ylymlardan bolmaz. Taňrynyň razylygy üçin öw­re­nil­ýän ylymlar fykh we hadys ylymlarydyr, sahabalaryň öwre­nen ahyret ylmydyr, ahlak bilen tanyşdyryjy we nebsi düzediji ylym­lardyr. Talyp bu ylymlary dünýä maksady üçin öwrenýän bolsa, onda oňa sapak bermegi goýbolsun etmegiň zyýany ýok­dur. Çünki, ol adamlardan zat hantama bolup ýa-da olary özü­niň yzyna eýertjek bolup ylym öwrenýär. Mugallym başdan ta­ly­byň beýle maksada uýmaly däldigini duýdurmalydyr we dün­ýäni ahyretden öňe tutmagyň Taňrynyň azabyna sezewar bol­jak­dygyny tabşyrmalydyr. Şeýle bolanda talybyň niýetini dü­zelt­mek ähtimallygy bardyr. Ol adamlara wagyz edende özi hem sapak alyp biler. Onuň edýän wagzy guş üçin gurlan duza­gyň töwereginde sepilen däne ýalydyr. Ol bolsa guşy tutjak bo­lup duzagyň ýanyna barýar.

Allatagala ynsana neslini dowam etdirmek üçin jyns hyju­wy­ny berdi. Şeýle hem ol ynsanda ylmy janlandyrmaga sebäp bol­ýan mertebe söýgüsini ýaratdy. Mertebe söýgüsi gapma-gar­şy garaýyşlarda, kelam ylmy barada jedeller we seýrek meseleleri bilmekde üstün bolmaga çalyşmak meýli görnüşinde ýüze çykýar. Ýöne meýil kalbyň gatylygyna, Taňrydan gapyl bolmaga, ýoldan azaşmaklyga, Taňrynyň rehmetinden daşlaş­ma­ga, dünýewi ylymlara köp meşgul bolmaga alyp barar. Saňa beýle ýagdaýa düşmezligiň üçin Taňry ýardamçy bolsun!

Sufýan Söwrini (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) ýa­ran­lary gamgyn halda görüp, ondan: «Saňa näme boldy?» di­ýip so­ra­dylar. Ol: «Biz dünýäni söýen adamlar üçin söwda seriş­de­si bolduk. Bizde biri okap gidenden soň ýa-ha kazy, ýa-da hä­kim, ýa-da söwdagär bolýar. Meniň gamgyn hala düşmegimiň sebäbi, ine, şudur» diýip jogap berdi.

Dördünji wezipe– mugallymçylyk käriniň inçe hususy­ýet­leriniň biri-de talyby ýaramaz ahlaklaryň täsirine düş­mek­den saklamagydyr. Mugallym bu wezipäni gödeklik bilen däl-de, eýsem mylaýymlyk bilen berjaý etmelidir. Çünki, gödeklik bilen hereket etmek haýa perdesini ýyrtýar, talypda mugallyma gaýtawul bermek duýgusyny döredýär, hötjetlik oýarýar. Hem­me mugallymlaryň ussady bolan Pygamber alaýhyssalam: «Eger adamlara düýäniň gumalagyny owratmaklyk gadagan edil­se, munda hökman bir zat bar diýip, hemmeler ony owrat­ma­ga synanyşardylar» diýdi. Adam atanyň we How enäniň kyssasy munuň anyk delilidir. Bu ýerde ol ikisi baradaky kys­sany ýatlamakdan maksat-kyssany beýan etmek däl-de, eýsem onuň mazmunyndan pent almakdyr. Ýazgarmak adamlary ýag­şy­lyga, zehinlileri many çykarmaga iterýär. Mana düşünmek şatlygy, ylma bolan höwesi oýarýar.

Bäşinji wezipe– talyba bir ylmy öwredýän mugallym başga bir ylmy öz öwredýän ylmyndan pes derejeli diýip ünde­me­li däldir. Meselem arap dili mugallymynyň hadys ýa-da fykh ylymlaryndan öz sapagynyň artykmaçdygyny ündemez­li­gi gerek.

Çünki, dil mugallymynyň adaty fykh ylmyny, fykh ylmy­nyň mugallymynyň adaty bolsa hadys we tefsir ylymlaryny asylly ylymlar däl hasaplamakdyr. Munuň özi aýallaryň gürrü­ňi­ne meňzeş bir zatdyr. Akylly adam beýle düşünjede bolmaz. Sebäbi her bir ylmyň öz hormaty, öz orny bolýar. Şeýle hem bolsa, kelam ylmynyň mugallymy: «Fykh pudaklaýyn, kelam bol­sa asyl ylymdyr. Fykh ylmy aýallaryň aýbaşysyny öwred­ýän ylym. Eýse, ol Taňrynyň sypatlaryny öwredýän kelam yl­my bilen deň bolarmy?» diýmek bilen, talyby ondan daşlaş­dyr­maga çalyşýar. Beýle häsiýet mugallym üçin oňlanylmaýan ah­lakdyr. Mugallym diňe beýle ahlakdan çetde durmak bilen çäklenmän, eýsem talyby beýleki ylymlara hem höweslendir­me­lidir, ugrukdyrmalydyr, ylymlary tertip boýunça öz halyna görä, yzly-yzyna öwrenmelidigini düşündirmelidir.

Altynjy wezipe– mugallym talybyň akylynyň sapagy öz­leşdirip biljek mukdaryna görä ders bermek bilen çäklen­melidir we onuň akylynyň çatmajak zatlaryny sapaga girizmekden sak­lan­malydyr. Adamzadyň serweri Pygamber alaýhyssalam bu jä­hetden: «Biz pygamberlere adamlaryň mertebesine görä hor­mat goýmak we akyllaryna görä geplemek buýruldy» diýdi. Eger talybyň aýdylan zadyň manysyna akyly çatsa, onda onuň öz­başdak düşünmäge hem ukyby bardyr. Pygamber alaýhys­sa­lam: «Adamlaryň akyl ýetirip bilmejek her hadysyny düşün­dir­mek käbirleri üçin pitne bolar» diýdi. Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!) öz ýüregini görkezip: «Bu ýerde isledigiňçe ylym­lar bardyr. Ýöne olara düşünip biljek adam tapylsa ýag­şy?!» diýdi. Beýle diýmek bilen ol müň kerem mamla. Çünki, ýürekler gizlin syrlaryň gabyrlarydyr. Alymyň her bir bilýän zadyny her bir adama açyklaşdyrmagy rowa däldir. Eger bu kesgitnama alymyň sözleýän zadyna düşünýän, ýöne ondan peý­da alyp bilmeýän talyp hakynda bolsa, onda oňa düşün­me­ýän adam barada näme söz aýdyp bolar? Isa alaýhyssalam: «Göwher ýaly gymmatly zatlary doňuzlaryň boýunlaryna dak­maň» diýip tabşyrypdyr. Hikmet göwherden haýyrlyrakdyr. Kim hikmeti halamasa, onda ol doňuzdan hem ýaramazrakdyr. Aýdylypdyr: «Her bendäniň akylynyň ölçegi bardyr. Sen ony akylynyň terezisi bilen ölçe. Şonda sen ondan salamat bolar­syň. Ol hem senden peýdalanar. Eger sen şeýle hereket etme­seň (ýagny, her kimiň akylynyň ölçegine görä hereket etme­seň), olaryň özüňi inkär etmegine duçar bolarsyň. Çünki, her adamyň akyllarynyň ölçegleri dürli bolýandyr» .

Bir adam alymlaryň birinden bir sowal sorady. Alym dy­myp, sowala jogap bermedi. Ol adam: «Eýsem, sen Pygam­ber alaýhyssalamyň: «Kim peýdaly ylmy aýtman gizlese, ol ky­ýa­mat güni ot bilen jylawlanyp, magşar meýdanyna geler» diýen sö­züni bilmeýärsiňmi?» diýdi. Alym: «Sen jylawly gürrüňi goý we bu ýerden git. Eger düşünýän adam sowal berse, men hem oňa jogap bermesem, meni şol wagt jylawlaýsynlar» diýdi. Be­ýik Taňry: «Akyly bolmadyklara malyňyzy bermäň»[5] diýdi. Aky­ly bolmadyk adamlara mal berilmejek bolsa, ylmyň hem ony bozjak we zaýalajak adamlaryna berilmejekdigine güman bolup bilmez. Ylmy höwes bildirmeýän adama bermek we ony höwes bildirýän adama bermezlik zulumdyr, ýagny her kimiň haky başga birine däl-de, eýsem onuň özüne berilmelidir. Şahyrlaryň biri şeýle aýdypdyr:

Näme üçin dakaýyn, ite gymmat göwheri,

Item, göwherem aglap, döker gözden dürleri.

Bolmasa ýüreginde eger ylym eseri,

Ol adama öwretmen, hikmetleri, syrlary.

Gelip birden Taňrynyň bu işime gahary,

Gyş aňzagy dek eder, köňlümdäki bahary.

Ylym almakda bolsa eger höwesi-seri,

Gaýgyrman onuň üçin, gündiz-gije, säheri.

Köpdür höwessiz kişä öwretmegiň zeperi,

Ylym zer-zaýa bolar, alym görer azary.

Ýedinji wezipe– gowşak talyba aňyna laýyk bolan aňsat sapak berilmelidir we: «Seniň aňlap bilmejek kyn meseleleriň hem bardyr» diýip, ony howpa düşürmekden saklamalydyr. Beý­le etmek onuň ylma bolan höwesini oýandyrar, zehiniňi janlandyrar. Çünki, her kişi Taňrynyň özüne beren akyl pa­ýyn­dan razydyr. Iň bir akmak kişi hem özüniň akylyny kämil we inçe ýerlerine düşünmäge ukyply hasaplap, ylym öwrenmek üçin mugallymyň ýanyna gelýär. Şeýle usul bilen aam adamlar şerigat duzagyna düşürilýär we ol şerigata öňküsinden-de içgin girişýär. Bu sebäpden onuň dogry ýoldan gyşarmazlygyna ýar­dam bermek gerek. Oňa düşnükli dil we mysallaryň üsti bilen kada-düzgünler öwredilse, onda ol nadanlyk duzagyndan boşar we batyn ylymlaryň duzagyna düşmez. Onuň bilen hakykatyň arasyndaky perde aýrylar. Bolmasa, ol näletsiňen şeýtanyň aly­na düşer we özüni heläkçilige sezewar eder. Muňa görä, aam adam­lary inçe ylymlaryň syrlaryna aralaşdyrmak bolmaz. Ola­ra ybadatlaryň görnüşlerini bildirmek, kalplarynda Gurhanda aýdylyşyna laýyklykda, jennete höwes, dowzahdan wehim et­mek duýgusyny döretmek ýeterlikdir. Olara şübhe oýarjak zatlary aýtmaly däldir. Şübhe kalbyna ornaşyp, ony heläkçilige elter. Umuman aýdylanda, aam adamlara derňew gapysyny açyp bermek bolmaz. Çünki, batyn ylymlar adamlary güzeran aladasyndan gapdala sowýar. Batyn ylymlaryň ýoluna düşen adamlaryň güzerany bolsa örän muşakgatlydyr.

Sekizinji wezipe– mugallym öz ylmyna amal ediji bol­ma­lydyr. Ol ýalan sözlemeli däldir. Onuň işinde hem ýalançylyk bolmaly däldir. Amal göze görünýän zat bolandygy sebäpli adamlaryň gözüne ilýär. Gözler bolsa köpdür. Ylma ters amal edilse, onda aradan parasat göteriler. Bir zady iýen kişi: «Siz muny iýmäň! Ol ölüm howply awudyr» diýse, onuň üstünden gülerler, adamlaryň ol zada höwesleri artar we olar: «Bu zat datly bolmasa, onda ol ony iýmezdi» diýerler. Zatlaryň iň lez­zet­lisi täsir ediji zatdyr. Ussat nagyşdyr, şägirt bolsa nagyş öwrenijidir. Başga bir meňzetmä görä, ussat agaçdyr, şägirt bol­sa onuň kölegesidir. Egri ösen agajyň dogry kölegesi bol­maz. Bu manyda şahyrlaryň biri şeýle diýipdir:

Eden işiňe görä, bil netije aljagyň,

Oýlamagynnetijäň başga hili boljagyň. 

Beýik Taňry: «Özüňiz ýagşy iş etmegi unudyp, özgelere ýagşy iş etmegi buýurýarsyňyzmy?»[6] diýdi. Bu sebäpden alym­laryň günä iş üçin çekýän jezasy nadanlaryň günä iş üçin çek­ýän jezasyndan has agyrrakdyr. Çünki, alymyň günä laýynda taýmagy bilen köp adamlar taýar. Çünki, oňa köp adam uýýar. Günä üçin azap ýüki günä işi eden kişiniň öz boýnuna ýük­lener. Bu sebäpden Aly (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Me­niň bilimi iki hili adam bükdi. Olaryň biri günä iş edýän alym­dyr, beýlekisi bolsa, nadan ybadathondyr. Günä iş edýän alym adamlary günä işleri bilen, nadan ybadathon ybadaty bilen adamlary ýoldan azaşdyrýandyr» diýdi. Elbetde, her bir işi Beýik Taňrynyň özi ýagşy bilýändir!


[1]Gurhanyň 49-njy «Hujurat»süresiniň 10-njy aýaty.

[2]Gurhanyň 43-nji «Zuhruf» süresiniň 67-nji aýaty.

[3]Bu ýerde Muhammet pygamber göz öňünde tutulýar.

[4]Gurhanyň10-njy«Hud» süresiniň 29-njy aýaty.

[5]Gurhanyň 4-nji «Nisa» süresiniň 5-nji aýaty.

[6]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 44-nji aýaty.