Akyl, onuň hormaty we görnüşleriniň be‎ýany.

Başy » YLYM BARADA KITAP » Akyl, onuň hormaty we görnüşleriniň be‎ýany.

  Eger biler bolsaň, bu ýerde akylyň hormatyny subut edýän delillere üns merkezini çekip oturmagyň aýratyn bir hajaty ýokdur. Çünki, öňde akylyň çeşmesi, döreýän ýeri we köki bo­lan ylmyň hormaty barada söhbet edildi. Miwäniň agaja, ýag­tylygyň güne, görmegiň göze degişli edilşi ýaly ylym hem aky­la degişli edilýär. Onsoň dünýäde we ahyretde bagtyýarlygyň se­rişdesi bolan ylym nähili hormata eýe bolmasyn?! Nähili aky­lyň hormatyna şübhe edilsin?! Akyly kelte bolan haýwan hem ynsanyň akylyndan heder edýär. Hat-da göwresi uly bolan ýyrtyjy hem gorkunç haýwan hem ynsanyň keşbini görse,onuňakyly bile hile ulanyp, üstün geljekdigini aňýar we ony haý­bat­ly görýär.

Pygamber alaýhyssalam: «Jemagatyň arasyndaky alym ymmatyň arasyndaky pygamber ýalydyr» diýdi.

Bu onuň malynyň köplüginden, ýa-da ýaşynyň ululygyndan, ýa-da güý­jüniň köplüginden däldir, eýsem akylynyň miwesi bolan tej­ri­besiniň köplügindendir. Araplaryň, kürtleriň, türkileriň we baş­ga halklaryň nadanlary hem akylly adamlary hormatlaýarlar. Py­gamber alaýhyssalamy öldürmäge kast eden dikdüşdi duş­man­lary hem onuň ýüzündäki pygamberlik nuruny we akyl alamatyny görenlerinde, kalplaryna gorky düşüp, bethyýal­la­ry­ny amala aşyrmagy goýbolsun etdiler.

Akylyň hormaty hemmä aýandyr. Onuň bilinmegi üçin aý­ra­tyn delilleri getirmegiň zerurlygy ýokdur. Biz bu ýerde aky­lyň hormatyna delil bolýan birnäçe aýatdyr hadyslary getirmek bilen çäklenýäris:

Allatagala akyly «nur», diýip atlandyrýar we şeýle diýýär: «Allatagala asmanlaryň we ýeriň nurudyr.Onuň nurunyň my­sa­ly derejede (tekjede) goýlan çyranyň mysaly ýalydyr»[1]. Taňry ýene akyldan çykan ylma «ruh», «wahy» («ýaşyryn ha­bar»), «dirilik» diýip at berdi. Beýik Taňry: «(Eý, Muhammet!) Biz saňa öz emrimizden ruh berdik»[2]diýdi. Beýik Taňry: «Biz (kapyrlykda) ölen bir adamy (yslam bilen) direltdik we oňa ylym nuruny berdik. Ol adam ylym nury bilen adamlaryň ara­syn­da ýörär»[3]diýdi.

Allatagala «nur» we «tümlük» diýmek bilen ylmy we na­dan­lygy göz öňünde tutýar. Meselem, Ol: «Biz olary tümlük­den nura (ýagtylyga) çykararys»[4]diýdi.

Pygamber alaýhyssalam: «Eý, adamlar! Siz Taňryňyzy bi­liň we tanaň. Özüňize buýrulan we gadagan edilen zatlary akyl bilen biliň. Taňryňyzyň dergähinde sizi azapdan halas etjek zat akyldyr. Akylly adam Taňrynyň ‎‎emrine boýun sunar. Nadan adam Taňrynyň erkine boýun bolmaz. Günä işleri eden adam­dan, eger ol görmegeý hem bolsa, mertebeli hem bolsa, dilewar hem bolsa,Taňrynyň dergähinde onda wagşy haýwan ýagşy­dyr» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Allatagalanyň ilkinjiýa­ra­dan zady akyldyr. Allatagala akyla: «Öňe ýöre» diýdi. Akyl öňe ýöredi. Soň Allatagala akyla: «Yza ýöre» diýdi. Akyl yza ýöredi.Akyl Allatagala özüne näme buýursa, şony hem etdi. Allatagala: «Hormatymyň we ululygymyň haky üçin Men öz dergähimde senden hormatlyrak bir zat ýaratmadym. Men se­niň bilen bererin, seniň bilen alaryn, seniň bilen sogap bererin, seniň bilen azap görkezerin» diýdi» diýip aýtdy.

Sen: «Eger akyl zat bolýan bolsa,onda Taňry nähili ony göw­reden öň ýaratdy? Eger zat bolýan bolsa, onda ol nädip göwresiz öz-özünden mekansyz saklanyp durýar?» diýersiň. Eger biler bolsaň, beýle düşünje mukäşefe ylmyna degişlidir. Ony mugamala ylmynyň çäklerinde düşündirmek çylşyrymly bolar. Şeýle hem bolsa biz ony mugamala ylmynyň garaýyşlary jähetdenhemdüşündirmäge çalyşýarys:

Adamlar Pygamber alaýhyssalamyň ýanynda bir adamy öwdüler. Pygamber alaýhyssalam olardan: «Bu adamyň akyly nähili?» diýip sorady. Adamlar: «Eý, Allanyň resuly! Biz ony köp ybadat edýändigi we ýagşy işleri etmäge yhlaslydygy jä­het­den öwýäris. Sen bolsaň bizden onuň akyly barada sora­ýar­syň?!» diýdiler. Pygamber alaýhyssalam:«Ynsan nadanlygy se­bäpli bozuk adamdan hem beter hata işleri edip bilýär. Ky­ýa­mat güni adamlaryň Taňrynyň dergähinde hormata eýe bol­mak­lary akyl sebäplidir» diýdi.

Omardan (goý, Taňry ondan ra­zy bolsun!) şeýle hadys rowaýat ‎‎edildi: «Pygamber alaý­hy­sa­lam: «Ynsanyň akyl ýaly beýik gazanjy bolmaz. Akyl eýesini ýag­şylyga ýetirýär, ondan ýaramazlygy gaýtarýar. Bendäniň akyly kämil bolmasa, onuň dini hem, imany hem kämil bol­maz» diýdi.

Pygamber alaýhyssalam: «Ynsan ahlagynyň gözel­ligi bilen oraza tutýanyň, namaz okaýanyň derejesine ýetişýär. Ýöne akyly kämil bolmasa, onda onuň ahlak gözelligi hem kämil bolmaýar. Onuň akyly kämil bolsa, imany hem kämil bol­ýar we ol Taňrysynyň erkine boýun sunýar, Onuň duşmany Iblise garşy durýar» diýdi. Abu Sagyt Hudary[5](goý, Taňry on­dan razy bolsun!) şeýle hadys rowaýat etdi: Pygamber alaý­hys­salam: «Her zadyň diregi bolýar. Möminiň diregi onuň aky­ly­dyr. Akylynyň mukdaryna görä onuň ybadaty bardyr. Eýse, siz jähennemde günäkärleriň: «Eger diňlän bolsak ýa-da aň eden bolsak, onda biz jähennem ählinden bolmazdyk»[6]diýen sözle­ri­ni eşitmediňizmi?» diýdi. Temim Dary Omardan (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Biziň hojaýynymyz kim?» diýip sorady. Hezreti Omar: «Akyl» diýip jogap berdi. Temim Dary: «Sen dogry aýdýarsyň. Çünki, men Pygamber alaýhyssalamdan hem senden soran sowalymy soradym. Ol meniň sowalyma edil seniň aýdyşyň ýaly jogap berdi we: «Men Jebraýyl alaýhys­sa­lam­dan: «Seniň hojaýynyň kim?» diýip soradym. Ol: «Akyl» diýip jogap berdi» diýdi. Bera ibn Azyp[7]şeýle rowaýat etdi: «Bir gün Pygamber alaýhyssalama köp sowal berdiler. Pygam­ber alaýhyssalam: «Her bir zadyň ulagy bardyr. Ynsanyň ulagy akyldyr. Siziň ýagşy delil getirýäniňiz we ylymlyňyz akyly ýag­şy bolanyňyzdyr» diýdi.

Abu Hureýradan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şeýle ha­dys rowaýat edildi: Pygamber alaýhyssalam Uhut jeňinden gaýdyp gelende birnäçe adamdan: «Pylany pylanydan batyr. Py­lany pylanydan beter kyn günleri başyndan geçirdi» diýen ýaly sözlerieşitdi. Pygamber alaýhyssalam olara: «Siz olaryň ahwallaryny bilmeýärsiňiz» diýdi. Olar: «Eý, Allanyň resuly! Biz näme üçin olaryň ahwallaryny bilmeýäris?!» diýdiler. Py­gam­ber alaýhyssalam: «Olar Taňrynyň özlerine beren akyl­la­ry­nyň mukdaryna görä söweşdiler. Olaryň niýetleri hem, ýeňiş­le­ri hem akyllarynyň derejesine görä boldy. Kyýamat güni her kim niýetine we akylyna görä dereje alar» diýdi.

Rowaýat edilşine görä Äşe (goý, Taňry ondan razy bol­sun!) Pygamber alaýhyssalamdan: «Eý, Allanyň resuly! Dün­ýä­de adamlar näme bilen sogap gazanarlar?» diýip sorady. Py­gam­ber alaýhyssalam: «Akyl bilen» diýdi. Äşe ýene: «Eý, Alla­nyň resuly! Eýse her kimiň derejesi amallary bilen ölçel­mez­mi?» diýip sorady. Pygamber alaýhyssalam: «Eý, Äşe! Eý­se, adam Taňrynyň özüne beren akylyna görä amal etmeýärmi? Bu ýerden görnüşi ýaly adamlar akyllaryna görä sogap gaza­nar­lar» diýdi.

Ibn Apbas (goý, Taňry ondan razy bolsun! Py­gam­ber alaýhyssalamdan şeýle hadysy rowaýat etdi: «Her bir zadyň özüniň guraly bolýar. Möminiň guraly akyldyr. Her za­dyň öz diregi bar. Diniň diregi akyldyr. Her kowumyň özüniň maksady bolýar. Möminleriň maksady akyldyr. Her kowumyň çagyryşy bar. Möminleriň çagyryşy akyldyr. Her täjiriň harydy bolýar. Yslama yhlasly bendäniň harydy akyldyr. Her galanyň yma­raty bar. Ahyretiň ymaraty akyldyr. Her ýolagçynyň ça­dy­ry bar. Möminiň çadyry akyldyr» diýdi.

Pygamber alaý­hys­sa­lam: «Kim Taňra tagat etmäge yhlasly bolsa, Onuň bendelerine öwüt-nesihat etse, diriliginde özüne öwüt berip, akylyny kä­mil­leşdirse we akyly bilen amal etse, onda ol Taňrynyň halan ben­desi bolar. Beýle bende bagtyýarlyga ýeter we azapdan halas bo­lar» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Siziň akyllyňyz Taň­ry­dan gaty gorkar, ýagşyňyz Taňrynyň buýran işini berjaý eder we gadagan eden zadyndan saklanar» diýdi.


[1]Gurhanyň 24-nji «Nur» süresiniň 35-nji aýaty.

[2]Gurhanyň 42-nji «Şura» süresiniň 52-nji aýaty.

[3]Gurhanyň 5-nji «Engam» süresiniň 122-nji aýaty.

[4]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 257-nji aýaty.

[5]Abu Sagyt Hudary – sahabalaryň biri.

[6]Gurhanyň 67-nji «Mülk» süresiniň 10-njy aýaty.

[7]Bera ibn Azyp – Bedr jeňine gatnaşan musulman serkerdeleriniň biri. Ol hezreti Aly bilen hem birnäçe söweşlere gatnaşýar. Soň Bera ibn Azyp bu şäherde aradan çykýar.