Akylyň hakykaty we görnüşleri.
Eger biler bolsaň, alymlar akyla kesgitnama bermek we onuň hakykatyny kesgitlemek jähetden biri-birine gapma-garşy gelýän dürli pikirleri öňe sürdüler. Adamlaryň köpüsi «akyl» sözi bilen dürli düşünjeleriň aňladylýandygy sebäpli bulam-bujarlyga düşýärler. Munuň özi olaryň gapma-garşy pikirleri orta atmaklaryna sebäp boldy. Bu mowzugda esasy düşünje berjek iň dogry ýol, edil «göz» sözüniň köp manylarda ulanylyşy ýaly, «Akyl» sözüniň-de dört manyda ulanylandygyny, munuň ýaly umumy (ortak) manylarda ulanylan sözleriň bütin manysynyň bir düşünje bilen düşündirilmeginiň dogry däldigini, her manynyň aýry-aýry düşünje-söz bilen berilmelidigini bilmekdir. Bu dört mana bir kesgitnama bermek mümkin däl. Olaryň her biriniň manysyny aýratynlykda açyp görkezmek gerek.
Birinji many akyl – ynsany hemme haýwanlardan tapawutlandyryjy.Adam onuň üsti bilen nazaryýet ylymlaryny we kärler bilen baglanyşykly çylşyrymly bilimleri ele almaga mümkinçilik gazanýar. Harys ibn Eset Muhasyby:[1]«Akyl – adamyň nazaryýet ylymlaryna göz ýetirmäge ýaraýan häsiýetdir. Allatagalanyň kalba guýan nury bolup, ynsan onuň kömegi bilen zatlaryň hakykatyna düşünýär» diýmek bilen şu waspy göz öňünde tutýar. Akyly diňe zeruryýet ylymlaryna degişli etmek bilen, bu waspy inkär edýän alymlar hata goýberýärler. Bu ýagdaýda aňy bolmadyk jandarlar hem «akyl eýesi» diýip atlandyrylardy. Çünki, bu tebygy ukyp olarda bar bolsa hem, akyl bolmaýar. Meselem, dirilik tebygy ukyp bolup, onuň kömegi bilen göwre erkin hereket etmäge mümkinçilik alýar we duýgulary kabul edýär. Şeýle hem akyl käbir haýwanlaryň nazaryýet ylymlarynyň başlagyçlaryny kabul etmäge bolan ukybydyr. Eger ynsan bilen eşegiň arasynda duýgyny kabul etmek ukybynda deňlik alamaty goýulsa, onda ynsan bilen eşegiň arasynda tapawut bolmazdy. Ýöne Taňry öz erki bilen ynsana ylym beripdir, eşege bolsa ony bermändir. Eger Taňrynyň eşege beren hereketleri hasaba alynmasa daş bilen onuň arasynda hem deňlik alamatyny goýsa bolardy. Beýik Taňry (goý, Oňa taryp bolsun!) özüniň erki bilen eşege we başga haýwanlara däl-de, eýsem ynsana ylym eçilipdir. Allatagala haýwanlaryň hereketlerini belli tertip-nyzama boýun edip ýaradýar. Eşek bilen daşyň arasyndaky tapawut eşegiň tebygy ukyby bolan hereketden ybaratdyr.
Ynsan bilen haýwanlaryň arasyndaky tapawut – ynsanyň akylyň üsti bilen nazaryýet ylymlaryny ele almak ukybyndadyr. Ynsanyň mysaly, bu jähetden aýnanyň mysaly ýalydyr. Aýna beýleki jisimlerden tapawutlylykda başga zatlaryň keşbini özünde şöhlelendirýär. Ynsanyň akyly bolsa nazaryýet ylymlaryny tejribäniň üsti bilen akylynda şöhlelendirýär.
Göz maňlaýdan hili we gurluşy boýunça tapawutlanýar. Gözüň kömegi bilen ynsan daş-töwerekdäki zatlary görýär. Tebygy ukyp gözüň görmek manysy bilen baglanyşyklydyr. Gurhanyň we sünnetiň tebygy ukyba bolan gatnaşygy barada aýdylanda, onda ylymlaryň hakykatyny açyp görkezmek bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi günüň ýagtysynyň göze bolan gatnaşygy ýalydyr. Ine, tebygy ukyba şu jähetden düşünmek gerek.
Ikinji many çaganyň zatlary tapawutlandyryp biljek derejede bolan, mümkingadar alýan bilimidir. Meselem, onuň ikiniň birden köpdügini bilmegi ýa-da bir adamyň bir wagtda iki ýerde bolup bilmejegini bilmegi. Mütekellimleriň biri: «Akyl – mümkin zady mümkin zatdan, mümkin däl zady mümkin däl zatdan tapawutlandyrmak üçin ynsana zerur bolan ylymdyr» diýmek bilen hut şu kesgitlemäni göz öňünde tutýar. Bu söz dürsdür. Çünki, şeýle ukyp aslynda bardyr we olar «akyl» diýip atlandyrylýar. Bu ukyby inkär etmek hem, tassyklamak hem mümkin. Sebäbi olardan başga ylymlar hem bar.
Üçünji many tejribe bilen gelýän ylymdyr. Munuň mysaly sopularyň düşen hallary bolup biler. Durmuş we tejribe bilen ylym alan kişini adatça «akylly» diýip atlandyrýarlar.Beýle häsiýetnama bilen tapawutlanmaýan adama «akmak», «tejribesiz», «nadan» diýýärler. Bu hem ylymyň başga bir görnüşi bolup, ol «akyl» diýip atlandyrylýar.
Dördünji many bu ukybyň güýjüniň netijesi adamyň maksat miwelerine gowuşmagy bilen tamamlanýar we ol özündäki dünýewi lezzetlere meşgul bolmaga çagyrýan nebis arzuwlaryny basyp ýatyrýar. Beýle ukyba eýe bolan adam «akylly» diýip atlandyrylýar. Çünki, onuň edenliligi ýa-da berhizkärligi bu dünýäniň wagtlaýyn lezzetleriniň täsiri bilen däl-de, eýsem mümkingadar bolaýjak netijeleri öňünden kesgitlemegi başarmagy bilen baglanyşyklydyr. Beýle häsiýetnama bilen hem ynsan hemme haýwanlardan tapawutlanýar.
Şeýlelikde, akylyň dört manysyndan birinjisi kök we esasdyr, ikinjisi esasa ýakyn bolan şahadyr, üçünjisi birinjiniň we ikinjiniň şahasydyr. Çünki, tejribe ylymlaryna tebygy ukybyň we zeruryýet ylymlarynyň üsti bilen ýetilýär. Dördünjisi ahyrky beýik maksatdyr. Şonuň üçin Aly (goý, Taňry onuň ýüzüni keramatly etsin!) şeýle aýtdy:
Akylyň iki hili, görnüşi bar ynsanda,
Biri tebygy akyl, biri gelýär diňlände.
Tebygy berlen akyl, eger bolmasa sende,
Diňlemekden peýda ýok, bolsaň hem ünsli bende.
Näme peýda bar saňa, aý-günüň şöhlesinden,
Eger gözüň görmese, bolsaň ýeriň teýinde.
Birinji many bilen Pygamber alaýhyssalamyň hezreti Ala: «Taňry ynsan üçin akyldan hormatlyrak bir zat ýaratmady» diýen sözi, soňky many bilen onuň: «Eger adamlar Taňra takwalyk we ýagşy işleri etmek bilen ýakynlaşsalar, sen Oňa akylyň bilen ýakynlaş»diýen sözi göz öňünde tutulýar. Abu Derda (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şeýle hadysy rowaýat etdi: Pygamber alaýhyssalam: «Akylyňy artdyrsaň, Taňra ýakynlygyň artar» diýdi. Abu Derda: «Eý, Allanyň resuly! Men akylymy nähili artdyraýyn?!» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Taňrynyň buýran işlerini berjaý et, gadagan eden zatlaryndan saklan – akylly bolarsyň; ýagşy işleri et – dünýäde abraýly bolarsyň, ahyretde mertebeli bolarsyň we Taňra ýakynlyk taparsyň» diýdi.
Sagt ibn Museýýepden şeýle rowaýat edildi: Omar, Ubaý ibn Kagphem Abu Hureýra dagylar (goý, Taňry olardan razy bolsun!) Pygamber alaýhyssalamyň ýanyna geldiler we ondan: «Adamlaryň has alymragy kim?» diýip soradylar. Pygamber alaýhyssalam olara: «Akyly bolan adamdyr» diýdi. Olar: «Adamlaryň içinde iň abraýly kim?» soradylar. Ol: «Akylly» diýdi. Olar: «Eý, Allanyň resuly! Taňra adamlardan ýagşyrak ybadat edýän adam kimdir?» diýip soradylar. Pygamber alaýhyssalam: «Akylly adam» diýdi. Olar: «Akylly adam adamlara mähriban bolup, özüniň sahylygyny, dilewarlygyny görkezen we mertebesini artdyran kişi dälmi?» diýdiler. Pygamber alaýhyssalam: «Bu zatlaryň hemmesi dünýäniň nygmatlaryny gazanmak üçindir. Taňrynyň dergähinde, bendesi bu dünýäde horlukda, kemterlikde ýaşasa hem ahyret nygmatlary takwalar we akyllylar üçindir» diýdi. Başga bir hadysda Pygamber alaýhyssalam şeýle aýtdy: «Taňra iman getiren, Onuň pygamberlerine eýeren we Taňrynyň erkine boýun sunan kişi akyllydyr» diýdi. Bu söz özüniň esasy boýunça tebygy ukyby aňladýana we ony ulanmaga ýol görkezýäne meňzeýär. Ýöne bu söz tebygy ukybyň netijesi bolan ylym üçin ulanylýar. Şonuň üçin: «Ylym – gorkudyr,ylymly – Beýik Taňrydan gorkýan kişidir» diýlip aýdylýar. Bu ýerde gorky ylymyň netijesidir. Ýöne ol göçme manyda tebygy ukyp üçin ulanylýar.
Emma biziň wezipämiz diliň meselelerini derňemekden ybarat däl-de, eýsem şol dört sany manynyň hakykatyny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şol dört manynyň hemmesi bir söz bilen aňladylsa hem olaryň diňe birinjisi dürs kesgitnama eýedir we esasdyr. Ylym ynsanyň tebygatynda bardyr. Emma ylym ony dörediji sebäp tarapyndan ýüze çykýar, ýagny daşdan bir zat gelip goşulmaýar. Ylym ynsanda suwuň ýeriň göwsünde gizlenip ýatyşy ýaly gizlindyr. Suw ýer gazylandan soň ýüze çykýar, ýygnanýar we belli bolýar. Ýöne oňa täze bir zat goşulmaýar. Ýa-da bolmasa ynsandaky ylym edilhozdaky ýagyň, ýa-da güldäki bägül suwunyň bar boluşy ýalydyr. Bu sebäpden Beýik Taňry Gurhanda şeýle aýtdy: «Eý, (Muhammet!) Seniň Taňryň adam çagalaryny olaryň öz billerinden çykardy we olary öz janlaryna güwä etdi. Taňry olara: «Men siziň Taňryňyz dälmi?» diýdi. Olar: «Hawa, Sen biziň Taňrymyzsyň» diýdiler we sözlerine güwä geçdiler».[2]Bu ýerde göz öňünde tutulýan maksat olaryň dilleriniň däl-de, eýsem ruhlarynyň güwä geçmegidir. Çünki tassyklaýjylaryň hem, inkär edijileriň hem dilleri güwä geçip biler. Bu sebäpden Beýik Taňry: «Sen özlerini kimiň ýaradandygy barada sorasaň, elbetde olar Taňrynyň ýaradandygyny aýdarlar»[3]diýdi. Munuň özi olaryň hallaryna ruhlarynyň we içki duýgularynyň güwä geçmelidigini aňladýar. Çünki, Allatagala adamlara doglandan Özüne meýilli edip ýaratdy, her adamda dineymtylmaga tebygy ýykgyn bardyr. Iman ynsanyň kalbyna guýlandygy jähetden adamlar iki sany topara bölünýär: Birinji topar – Taňrydan uzaklaşanlar we Ony unudanlar. Bular dinsizlerdir. Ikinji topar – köp pikirlenip, Taňrynyň bardygyna güwä geçenler, soňra Ony unudyp, ýene ýatlaryna salanlar. Bu jähetden Beýik Taňry şeýle sözleri aýtdy: «Belki olar ýatlarynasalarlar»[4], «Akyly bar bolanlaryň ýatlamaklary üçin»,[5]«Siz Taňrynyň özüňize beren nygmatyny we siz bilen baglaşan ähdini ýadyňyza salyň».[6], «Biz Gurhany ýatlamak üçin aňsatlaşdyrdyk. Muny ýadyna salýan bir adam barmyka».[7] Bu hereketiň «Ýada salmak» diýip atlandyrylmagy hakykatdan daşdyr. Ýada salmagyň iki görnüşi bar: Birinji – ynsanyň kalbynda öň bar bolup, soň unudylan keşbi ýada salmak; Ikinji – ynsan doglandan bäri onuň kalbynda bar bolan keşbi ýada salmak.
Bu hakykat içki nuruň üsti bilen nazar salýan kişi üçin aýandyr. Ol aýdylan zat gulaklarynyň deňinden geçýän we ruhy kämillige ýetişmedik adamlar üçin açylmaýar. Şunuň üçin sen aýatlaryň manylaryna düşünmekde adamlaryň bulam-bujarlyga düşýändigini görýänsiň. Munuň özi bir körüň küýzeler goýlan öýe girişi ýalydyr. Ol kör küýzelere büdräp: «Näme üçin bu küýzeleri öz ýerlerinde goýmandyrlar?!» diýýär. Adamlar köre: «Küýzeler öz ýerlerinde dur. Ýöne seniň gözüň ýerinde däl» diýýärler. Kalp gözi ýapyk bolanlar hem şol körler ýalydyr, belki-de olardan hem has erbetdir. Içki tertipsizlik hem edil şu tymsala meňzeýär. Ýöne içki tertipsizlik has gorkulydyr we has uludyr. Çünki, kalp çapyksuwar ýalydyr, göwre bolsa at ýalydyr. Çapyksuwaryň körlügi atyňkörlüginden has howplurakdyr. Kalp gözüni başdaky göze meňzedip beýik Taňryşeýle diýdi: «Onuň gözüniň gören zadyny kalby ýalana çykarmady»[8]. Beýik Taňry ýene:«Biz Ybraýyma asmanlaryň we ýeriň ajaýyplyklaryny görkezdik»[9]diýdi. Bu aýatlarda gözüň körlügi kalbyň körlügine gapma-garşy goýulýar. Beýik Taňry: «Elbetde, gözler däl-de, kükreklerdäki kalplar kördür»[10]diýdi. Beýik Taňry: «Bu dünýäde kör bolan ahyretde hem kördür. Ol dogy ýoldan azaşanlardyrlar»[11]diýdi. Bu zatlaryň hemmesini Pygamber alaýhyssalam bir-de göz bilen gördi, bir-de bolsa kalp gözi (içki duýgusy) bilen duýdy. Bularyň hemmesine bir söz bilen «görmek» diýip atlandyrylýar. Kimiň içki görüşi ýiti bolmasa, onda oňa imanyň maňzy (hakykaty) däl-de, eýsem diňe daşky gabygy açyldy. Imanyň hakykaty »akyl» diýip atlandyrylýar.
[1]Abu Abdylla Harys ibn Eset Anazy (857-nji ýylda ölen) – meşhur sopularyň biri.
[2]Gurhanyň 7-nji «Agraf» süresiniň 172-nji aýaty.
[3]Gurhanyň 43-nji «Zuhruf» süresiniň 9-njy aýaty.
[4]Gurhanyň 2-nji «Bakara» süresiniň 221-nji aýaty.
[5]Gurhanyň 13-nji «Ragd» süresiniň 19-njy aýaty.
[6]Gurhanyň 5-nji «Maida» süresiniň 7-nji aýaty.
[7]Gurhanyň 53-nji «Kamar» süresiniň 17-nji aýaty.
[8]Gurhanyň 53-nji «Nejm» süresiniň 11-nji aýaty.
[9]Gurhanyň 6-njy «Engam» süresiniň 75-nji aýaty.
[10]Gurhanyň 22-nji «Haj» süresiniň 46-njy aýaty.
[11]Gurhanyň 17-nji «Isra» süresiniň 72-nji aýaty.