Akyla görä adamlaryň biri-birinden tapawutlandyrylyşy .

Başy » YLYM BARADA KITAP » Akyla görä adamlaryň biri-birinden tapawutlandyrylyşy .

  Akylyň görnüşleri barada alymlar biri-birine gapma-garşy bolýan pikirleri orta atdylar. Many baradaky ylymdan baş çy­kar­maýan adamlaryň bu jähetden aýdýan sözlerini bu ýerde ge­tirmegiň hajaty ýok. Çünki maksat hakykaty aýdyňlaşdyr­mak­dan ybaratdyr.

    Akylyň many taýdan dört sany görnüşi bolup, onuň ikinji görnüşi bolan zerury ylymdan başga beýleki üç görnüşi nuk­daý­nazaryndan adamlaryň garaýyşlary gapma-garşy häsiýete eýe­dir. Zerury ylym ýa-da ikinji many mümkin bolan zatlar ýa-da mümkin bolmadyk zatlar baradaky anyk düşünjelerden yba­rat­dyr. Meselem, ikiniň birden köpdügini bilen adam bir kişiniň şol bir wagtda iki sany dürli ýerde bolup bilmejegine hem aň ýetirýär. Bir zadyň şol bir wagtda hem täze, hem köne bolup bil­mejegi baradaky hakykata her bir akyl eýesi düşünýär. Ýöne galan üç görnüşdäki garaýyşlarda tapawut bardyr.

     Emma dördünji görnüş barada aýdylanda, maksat nebis arzuwlaryny köşeşdiriji güýje eýe bolmaga gönükdirilendir. Bu jähetden adamlaryň biri-birlerinden tapawutlanýandyklaryna şübhe ýokdur. Beýle tapawut her adamyň nebsine buýurmak uky­by bilen kesgitlenilýär. Ynsan akyly bilen nebis arzuw­la­ry­nyň käbiriniň garşysyna hereket etmegi başarýar, beýleki bir­le­ri­niň bolsa garşysyna gitmegiň hötdesinden gelip bilmeýär. Mu­nuň ýaly ýagdaý hem onda mydama dowam etmeýär. Me­se­lem, ýaş ýigit zyna etmek nebsine garşy durmakdan köplenç ejiz gelýär. Eger onuň ýaşy ötüşse we akyly kämilleşse, onda ol zyna etmek nebsinden saklanar. Muňa derek onda özüni asylly görkezmek, mertebä ymtylmak ýaly nebsiň başga görnüşleri peý­da bolýar. Munuň düýp sebäbi onuň nebsiň döredýän apat­la­ryndan gapyl bolmagyndan ybaratdyr. Ätiýaçly tebip käbir ta­gamlaryň saglygyna zyýanlydygyny bilmegi sebäpli özüni ondan goraýar. Ol tagamyň zyýanyndan habary bolmadyk baş­ga bir adam bolsa onuň zyýanyndan özüni goramaýar. Çünki tebibiň bu jähetden düşünjesi kämil bolandygy sebäpli gorkusy hem artyk bolýar. Bilmegimiň artmagy bilen gorky hem artýar. Şonuň üçin nebis arzuwlaryny ýeňmekde gorky akylyň ýakyn ýardamçysydyr. Bu maddy durmuşda bolşy ýaly, magnawy ýag­daýda hem şonuň ýalydyr. Ylmyna amal edýän alym özüni günä işleriň berjek azabyny bilýändigi sebäpli günä işlere meş­gul bolmakdan nadan adama görä köpräk goraýar. Men bu ýer­de selle geýip, özüniň daşky keşbine takwa sypat bilen haýbat berýän alymy däl-de, eýsem hakyky alymy göz öňünde tut­ýa­ryn.

Nebis arzuwlaryna berlen adamdan akyl nygmatyna uý­makdan lezzet alýan adam düýbünden tapawutlanýar. Biz ylmy bilen nadan adamlardan tapawutlanýan adamy «akylly» diýip atlandyrýarys. Çünki ylym aň ýetirmek ukybyny kuwwatlan­dyr­ýar. Aň ýetirmek ukybynyň artmagy bilen nebis isleglerine görkezilýän garşylyk artýar.

Üçünji görnüş bolan tejribe ylmyna geler bolsak, onda tejribeli adam bilen tejribesiz adamyň arasynda tapawudyň bar­dy­gyny hiç kim inkär edip bilmez. Beýle adamlar tejribeleriniň artyklygy ýa-da ýagdaýa giň aň ýetirýändikleri bilen tapawut­lan­ýarlar. Munuň ýaly tapawut ýa-ha tebygy ukyp sebäpli, ýa-da tejribe sebäpli ýüze çykýar.

Birinji sebäp bolan akyl barada aýdylanda, onda ol esas­dyr. Men bu ýerde dogabitdi tebygy ukyby göz öňünde tutýa­ryn. Şeýle tebygy ukyby bar bolan adamyň tapawutlydygyny in­kär etmäge asla ýol ýokdur. Çünki dogabitdi tebygy ukyp göýä ruhuň üstüne dökülen nur ýalydyr. Ol nur ynsanyň sähe­rin­de, ýagny doglanda bile dogýar, ýaşyna görä ýuwaş-ýu­waş­dan şöhlesi artýar, ýigitlik çagynda ýitelýär, kyrk ýaşyna bar­ýan­ça dura-bara kämilleşýär we ömrüniň ahyryna çenli belli-külli kämil derejä ýetýär. Ol nur ilki ýaşyryn kemala gelýär we çogy artdygysaýy ýüze çykyp başlaýar. Onuň mysaly säherde do­gan günüň mysalyna meňzeýär. Onuň çogy gün ýokary gö­terlende yssynyň artyşy ýaly ynsanyň ýaşynyň ösmegi bilen kämillik derejesine çenli artýar. Akyl nurunyň göz nurundan tapawudy ýiti gözli adamyň körek gözli adamyň görüş uky­byn­da bolan tapawudyň mysaly ýalydyr. Allatagalanyň iberen ka­nu­nyny we her bir zady ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşdirmegiň serişdesidir. Nebis islegleri oglandan ýigitlige çenli birden ýa-da tötänden ýüze çykmaýar, sebäp üstüne sebäp döräp, assa-ýuwaş döreýär. Gylyk-häsiýetleriň, düşünjeleriň döremegi ba­ra­da aýdylanda hem ýagdaý edil şunuň ýaly hususyýete eýedir. Tebygy ukybyň dogabitdidigini inkär edýän adamlar ýalňyş düşünjäni öňe sürýärler. Pygamber alaýhyssalamyň akylyny çar­wa arabyň akylyna deňeýän adamyň akyly çarwa arabyň aky­lyça hem ýokdur. Eýse, dogabitdi tebygy akyl ukybynyň bar­dygyny nähili inkär edip bolar? Eger beýle tebygy ukyp bar bolmadyk bolsady, onda adamlaryň ylma düşünişleri dürlt-dür­li bolmazdy! Eger adamlar tebygy akyl bilen biri-birinden ta­pa­wutlanmaýan bolsalardy, onda olar aňy gowşak bolup, köp zäh­­­met siňdirip, öwrenýänlere; zehini daş ýarýan bolup, tiz öw­ren­ýänlere; ussatsyz özbaşdak kämil derejede ylymlary öwren­ýän­lere bölünmezdiler. Beýik Taňry: «Taňrynyň ýagy ot deg­mezden ýanyp ýagtylyk berer. Onuň nury bolsa nuruň üs­tü­ne nur dökülen ýalydyr»[1] diýdi. Beýle häsiýetnama pygam­berlere (goý, olara Taňrynyň ýalkawy bolsun!) degişlidir. Çün­ki wahy­syz we perişdesiz hem, olaryň kalplaryna ilähi syr aýan bolýar. Beýle ukyba «ylham» diýilýär. Pygamber alaýhyssalam bu jähet­den şeýle aýtdy: «Jebraýyl perişde kalbyma dem salyp, maňa: «Islän kişiňi gowy gör, çünki sen onuň bilen aýryly­şar­syň. Isledigiňçe ýaşa, soňundan ölersiň. Islän işiňi et, çünki sen onuň muzduny alarsyň» diýdi». Perişdeleriň pygamberlere yl­ha­my öwrediş usuly göz bilen görlüp, gulak bilen eşidilip öw­reniş usulyndan düýbünden tapawutlanýar. Şonuň üçin Py­gam­ber alaýhyssalam «Kalbyma dem saldy» diýip habar ber­ýär. Ylmy beýle ýol bilen bermek usuly «wahy» diýip atlan­dy­ryl­ýar.

Wahynyň geliş ýollary köpdür. Wahy özüniň tebygatyna görä mükäşefe ylmyna degişli düşünje bolup, ol mugamala ylmynda beýan etmäge laýyk däldir.

Wahynyň görnüşlerini bilmek üçin pygamberleriň dere­je­sin­de bolmagyň zerurlygy ýokdur. Meselem, özi berjaý etmese hem, kesele garşy göreşmegiň çärelerinden baş çykarýan tebip ýa-da başgalara ylym öwredip, özi amal etmeýän alym özge adam­lara bilýän zatlaryny aýdyp biler. Munuň özi ylmyň bir zatdygyny, ylma amal etmegiň başga zatdygyny aňladýar. Yl­ma amal etmegiň ýokdugy sebäpli pygamberlik, welilik, tak­wa­lyk barada bilýän her bir adam pygamber, weli, takwa bol­ma­ýar.

Adamlaryň öz-özünden düşünýänlere, berilýän ylma dü­şün­ýänlere we berilýän ylma düşünmeýänlere bölünmegi topra­gyň mysalyna meňzeýär. Topragyň bir görnüşi göwsünde suw jemläp, özünden suw çykarýar. Onuň ýene bir görnüşi guýy ga­zyl­sa, suw çykarýar. Onuň başga bir görnüşi gurak ýer bolup, ga­zyl­sa hem suw çykarmaýar. Munuň beýle bolmagy dürli topragyň tebygatynda dürli aýratynlyklaryň bar bolmagy se­bäp­lidir. Adamlaryň arasyndaky parh bolsa, olaryň akyllaryn­da­ky parh sebäplidir. Bu hem edil şu deňeşdirmäniň mysaly ýa­ly­dyr. Abdylla ibn Salam (goý, Taňry ondan razy bolsun!) Py­gam­berden Arşyň ägirtligini beýan etmegi soranda, Pygamber alaýhyssalamyň oňa beren uzyn jogabynyň ahyrynda aýdylýan şu söz adamlaryň akyl jähetden biri-birinden tapawutly bol­ýan­dygyna delildir:

Perişdeler Allatagaladan: «Eý, Taňrymyz! Sen Arşdan ägirt bir zat ýaratdyňmy?» diýip soradylar. Allatagala: «Ha­wa, ýaratdym. Ol akyldyr» diýip, jogap berdi. Perişdeler: «Akylyň ägirtligi nähilidir?» diýdiler. Allatagala: «Siz akylyň mukdarynyň çägine göz ýetirip bilmersiňiz. Eýse, siz sähralar­da­ky çägeleriň zerreleriniň sanyny bilýärsiňizmi?!» diýdi. Pe­riş­deler: «Eý, Taňrymyz! Biz ony bilmeýäris» diýdiler. Allata­ga­la: «Men akyly çägäniň zerre-zerre bolşy ýaly edip ýarat­dym. Adamlaryň käsine bir zerre, käsine iki zerre, käsine üç zerre, käsine dört zerre, käsine bir owuç, käsine goşawuç, kä­sine ondan hem artyk edip akyl paýyny berdim» diýdi.

Belki sen maňa: «Näme üçin sopularyň käbiri akyly we akyla degişli ylymlary halamaýarlar?» diýip sowal berersiň. Men seniň bu sowalyňa şeýle jogap bererin: «Muňa sopularyň akyly we akyla degişli ylymlary jedeldir bäsleşiklerde biri-bi­rin­den üstün bolmak üçin ulanmaklary sebäp boldy. Jedel, bäsleşik aslynda çeper sözleýiş sungatynyň bölümidir. Sopular alymlara: «Siz akylyň kesgitnamasyny aňlatmakda ýalňyşdy­ňyz. Kelam ylmy başga, akyla degişli ylymlar başga» diýip me­­se­läniň anyk çözgüdini berip bilmediler. Sebäbi öňküleriň olara beýle görnüşde ýetip gelendigi üçin muny olaryň kalp­la­ryn­dan çykarmaga mümkinçilik ýokdy. Şonuň üçinem sopular akyly we akyla sygýan zatlary ýazgarmaly boldular. Emma olaryň tankytlaýan zatlary hem şol görnüşde akyl we akyla sygýan zatlardyr».

Akyl Allatagalany we Onuň Pygamberlerini tanamakda ýar­dam beriji zatdyr. Onsoň ony nähili ýazgaryp bolar? Akyl Taňrynyň iňňän taryplan zadydyr. Onsoň ondan taryply özge bir zat nähili bolsun? Pygamberleriň esaslandyran şerigatlary akyl bilen bilinýär. Olaryň dürslügi diňe akyl bilen bilinýär.

«Şerigatyň dürslügi akyl bilen däl, eýsem iman we ýakyn ylym bilen bilinýär» diýip ykrar edýän kişiniň sözünde ygty­bar­lyk ýokdur. Biz «akyl» diýip ýakyn ylmyň we imanyň göz öňünde tutýan zadyna düşünýäris. Akyl ynsany haýwandan tapawutlandyrýan içki duýgudyr. Akyl bilen ynsan zatlaryň syrlaryna aň ýetirýär. Akylyň kesgitnamasyndaky galatlyklaryň aglabasy zatlaryň hakykatlaryny sözlerden gözleýän adamlaryň nadanlyklary sebäpli ýüze çykýar. Olar zatlaryň hakykatlaryny adalgalar bilen aňlatmakda hata goýberdiler. Akylyň hormaty­ny beýan etmekde ýokarda garalyp geçilen mukdar ýeterlikdir. Elbetde, sözüň dogrusyny Taňrynyň özi ýagşy bilýändir!



[1]Gurhanyň 24-nji «Nur» süresiniň 35-nji aýaty.