Bu mazmunda aýdylan hadyslardan
Pygamber alaýhyssalam Mugazy[1] Ýemene iberende: «Seniň üçin bir adamy Taňrynyň ýoluna gönükdirmek şu dünýäden we ondaky zatlardan ýagşyrakdyr» diýdi.
Pygamber alaýhyssalam: «Kim adamlara ylymdan bir baby öwretse, Allatagala oňa ýetmiş syddyga beren sogabynyberer» diýdi.
Isa alaýhyssalam: «Kim ylym öwrense, ylmyna amal etse we ylmyny adamlara öwretse, asmanlarda uly hormat bilen ýatlanar» diýdi.
Pygamber alaýhyssalam: «Kyýamat güni bolanda Beýik Taňry ybadathonlara: «Siz jennete giriň!» diýer. Alymlar: «Eý, Taňrymyz! Olar biziň ylmymyz bilen ybadata yhlas etdiler» diýer. Beýik we Päk Taňry: «Eý, alymlar! Siz meniň dergähimde käbir perişdelerim ýalysyňyz. Kime isleseňiz, şoňa hem şepagat ediň!» diýer. Olar şepagat ederler, soňra jennete girerler» diýdi. Beýle uly dereje olara zerur bolan ylmy yhlas bilen öwredendikleri üçin berilýär.
Pygamber alaýhyssalam: «Beýik Taňry beren ylmyny adamlardan yzyna gaýdyp almaz. Ýöne alymlaryň dünýäden ötmegi bilen ylym hem gidýär. Alym ölende bilýän zatlaryny özi bilen äkidýär. Olaryň alyp barmaly wezipeleri bolsa nadanlaryň eline geçýär. Onsoň olardan sowal soralsa,ýalňyş jogaplar berip, özleriniň ýoldan çykyşlary ýaly adamlary hem ýoldan çykarýarlar»;
«Kim ylym öwrenip, ony adamlardan ýaşyrsa, Allatagala beýle adamy kyýamat güni otdan bolan jylaw bilen agyzdyryklar»;
«Dana söz ýagşy peşgeşdir. Sen ony musulman doganyňa öwredendigiň sebäpli müň ýyl ybadatyň sogabyna barabar bolan sogap gazanarsyň»;
«Bu dünýä we ondaky Beýik Taňryny ýatlaýanlardan, ylym öwredýänlerden we ylym öwrenýänlerden başga zatlar näletlenendir»;
«Beýik Taňry, Onuň perişdeleri asmanlardaky we ýerdäki ýaradan zatlary, hat-da hinindäki garynja hem, deňizdäki balyk hem adamlara ylym öwredene Taňrydan ýagşylyk dilärler»;
«Eşiden bir ýagşy hadysyny (gürrüňini) din doganyna eşitdiren adamdan has peýdaly hiç kim ýokdur»;
«Ýagşy sözi eşiden mömin ony adamlara öwretse we özi oňa amal etse, beýle iş onuň üçin bir ýylyň ybadatyndan sogaplyrakdyr»; diýdi. Pygamber alaýhyssalam bir gün sapara çykanda iki sany mejlisi gördi. Olaryň birinde Beýik Taňrydan dileg edýärler we dilegleriniň Taňrynyň dergähinde kabul bolmagyndan umyt edýärler, beýlekisinde bolsa ylym öwredýärler. Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala bu dileg edýänleriň dilegini islese kabul eder, islese hem kabul etmez. Emma bu adamlara ylym öwredýänler barada aýdylanda bolsa, onda meniň özüm hem mugallym edilip iberildim» diýdi. Soňra Pygamber alaýhyssalam olaryň ýanyna baryp, goşulyp oturdy.
Pygamber alaýhyssalam: «Beýik Taňrynyň maňa beren ylmy we parasaty göýä asmandan ýere inen ýagmyr ýalydyr. Ýagmyryň köp ýagan ýerinde köp otlar ösýär,ýagmyryň düşmedik ýerinde otlar ösmän guraýar» diýdi. Birinji ýagdaýda ylmy bilen adamlara peýda berýän alym, ikinji ýagdaýda ylmy bilen adamlara peýda bermeýän alym, üçünji ýagdaýda iki ýagdaýdan hem mahrum bolan alym göz öňünde tutulýar.
Pygamber alaýhyssalam: «Adam ogly ölende onuň ylmy diýäýmeseň, amaly üzülýär»;
«Ýagşylyga ýol görkeziji ýagşylyk eden adam ýalydyr»;
«Diňe iki ýerden başga ýagdaýda gözigidijilik etmek dürs däldir: Bir adama Beýik Taňry parasat berse, ol parasat bilen meseleleriň çözgütlerini aýtsa we adamlara parasat öwretse; bir adama Allatagala baýlyk berse, ol ony ýagşy işlere sarp etse» diýdi.
Pygamber alaýhyssalamdan: «Seniň yzyňy dowam etdirjekler kimler bolar?» diýip soradylar. Pygamber alaýhyssalam: «Olar meniň sünnetimi[2] dowam etdirjekler we adamlara ony öwretjekler bolar» diýip jogap berdi.
Mertebeli adamlaryň we alymlaryň ylym öwretmek baradaky aýdan sözlerinden:
Omar (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Kim adamlara bir hadysy öwretse, adamlar oňa amal etseler, onuň sogaby amal edenleriň ählisiniň aljak sogabyna barabar bolar» diýdi.
Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Adamlara ýagşylyk etmegi öwredýän kişiniň günäsini geçmekligi hemme zat, hat-da suwdaky balyga çenli Allatagaladan sorar» diýdi.
Alymlaryň biri: «Alym Allatagala bilen onuň bendesiniň arasynda durar» diýipdir.
Sufýan Söwri[3] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) Askalan[4] şäherine geldi. Ondan bu ýerde hiç kim hiç zat barada soramady. Ol: «Bu şäherde ylym ölüpdir. Indi meniň bu ýerde durmagyma zerurlyk ýok. Ulag taýyn ediň, men gideýin» diýdi. Ol beýle sözi ylym öwretmekligiň sogaply işdigini we ylmyň bu şäherde rowaçlanmagyny isläp aýdan bolsa gerek.
Ata[5] (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Men Sagyt ibn Museýýebiň[6] ýanyna bardym. Ol aglap oturan eken. Ata oňa: «Seni näme zat aglatdy?» diýdi. Sagyt: «Menden hiç kim hiç zat soramaýar» diýdi.
Alymlaryň biri: «Alymlar öz zamanalarynyň şamçyraglarydyr. Ol öz döwrüniň adamlaryna şöhle saçar» diýipdir. Hasan[7] (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Eger alymlar bolmadyk bolsalardy, onda adamlar haýwanlar ýaly bolardylar» diýdi. Beýle sözüň üsti bilen alymlaryň adamlara ylym öwretmek bilen olary haýwanlygyň çäginden ynsanlygyň çägine çykarýandyklaryny aýtmak isledi.
Ykryma:[8] «Ylym gymmatly zatdyr» diýdi. Oňa: «Ol nähili gymmatly zat?» diýdiler. Ol: «Ony birine berseň, ol ony ulansa, şonda hem bahasy düşmän, tersine artýan gymmatly zatdyr» diýdi.
Ýahýa ibn Mugaz: «Muhammet alaýhyssalamyň ymmatynyň alymlary adamlara ata-enelerinden has rehimliräkdir» diýdi. Ondan: «Bu ýagdaý nähili beýle bolýar?» diýip soradylar. Ol: «Çünki ata-eneleri olary dünýäniň odundan gorap saklaýarlar, alymlar bolsa olary ahyret odundan gorap saklaýarlar» diýdi.
Aýdylyşyna görä ylmyň başy dymmakdyr, soň diňlemekdir, soň ýatlamakdyr, soň amal etmekdir, soňra ony ýaýratmakdyr.
Aýdylypdyr: «Ylmyňy bilmeýän adama öwret we bilmeýän zadyňy öwren. Eger şeýle etseň onda sen bilmeýän zadyňy öwrenersiň, bilýän zadyňy bolsa ýat beklärsiň» diýdi.
Mugaz ibn Jebel ylym öwrenmek we ony öwretmek barada: «Ylmy öwreniň. Ylmy öwrenmek ybadatdyr, ony öwretmek bolsa Taňrydan gorkmakdyr; ylmy okatmak tesbihdir (Taňryny taryplamakdyr), ylmy derňemek jyhatdyr (din üçin yhlas etmekdir), bilmeýän adama ylym öwretmek sadakadyr, oňa yhlas etmek gabyrda hemradyr, ýekelikde ýoldaşdyr, gaýga düşseň hem, şatlansaň hem sabyrlylykdyr, ýat ýurtlarda bolsaň ýakyn dostuňdyr we jennetiň ýoluny salgy beriji şamçyragdyr. Allatagala ylym bilen adamlaryň derejesini ýokary göterýär, olary dogry ýola gönükdirýär we ýagşy işleri etmeklige ündeýär. Alymlaryň işlerine perişdeler nazarlaryny salýarlar we ganatlary bilen olaryň aýyplarynyň üstüni ýapýarlar. Her bir zat, hat-da deňizdäki balyk hem, gury ýeriň wagşy haýwanlary hem, mör-möjekleri hem, asman hem, ondaky ýyldyzlar hem alymlaryň günälerini geçmegini Taňrydan soraýarlar». Çünki, ylym kalplardaky nadanlygy ýok ediji dirilikdir, göreçlere garaňkylygy ýagtaldyp görkezýän nurdyr, bedenleri ejizlikden halas edýän güýçdür. Bende ylym bilen ýagşyzadalaryň derejesine ýetýär. Ylym barada pikirlenmek sogaby boýunça orazanyň sogabyna barabardyr, ylmy öwretmeklik namazyň sogabyna deňdir. Ylym bilen ybadat edilýär, wada berilýär, Taňry taryplanylýar, takwalyga ýetilýär, garyndaşlyk gatnaşygy, halal-haram bilinýär. Ylym öňbaşçydyr, amal bolsa onuň yzyna düşüjidir. Ylym bagtyýarlyga eltýär we muşakgatly günleri aradan aýyrýar» diýdi. Biz Beýik Taňrydan özümize ýardam bermekligini soraýarys.
[1]Abu Abdyrahman Mugaz ibn Jebel Ensary Hazrajy Jaşmy – sahabalaryň biri.
[2]Sünneti – ýol-ýörelge, däp-dessur, adat.
[3]Sufýan ibn Sagyt Söwri (715-778) – sopy alymlaryň biri. Ýakut Hamawynyň tassyklamagyna görä onuň asly merwlidir.
[4]Askalan – Şamyň bir şäheri.
[5]Ata ibn Müslim Horasany – Horasanyň meşhur fakyhy. Ol 50/671-nji ýylda dogulýar.
[6]Sagyt ibn Museýýep – Ata Horasanynyň döwürdeşi bolan medineli fakyh.
[7]Bu ýerde Hasan Basrygöz öňünde tutulýar.
[8]Ykryma ibn Abu Jähl – sahabalaryň biri. Ol ilki yslama garşy söweşýär, soňra yslamy kabul edýär we musulman bolýar.