ÝETMIŞ BIRINJI BAP HUMAR OÝUNLARYNA, AÝŞY-EŞRETE WE ŞUŇA MEŇZEŞ DÜRLI BOLGUSYZ ZATLARA MEŞGUL BOLMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝETMIŞ BIRINJI BAP HUMAR OÝUNLARYNA, AÝŞY-EŞRETE WE ŞUŇA MEŇZEŞ DÜRLI BOLGUSYZ ZATLARA MEŞGUL BOLMAK HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam: «Bu dünýädäki aýşy-eşretden özüni saklan bendäni Allatagala ahyretde ýalkaýandyr. Gözüni haram zatlara seretmekden goran kişiniň orny jennetde ýagşyzadalaryň ýanyndadyr. Kim-de kim özüniň islegini basyp, aýşy-eşretden, haram zynadan özüni saklasa, onda ol adamyň jaýy pygamberler bilen Firdöwsdedir» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam Mugaz ibn Jebeli Ýemene iberýär. Ol Mugaza: «Eý, Mugaz! Aýşy-eşretden saklangyn. Aýşy-eşrete berlen Allatagalany we onuň ybadatyny, parzy-wajybyny ýadyndan çykarýandyr» diýip, öwüt-nesihat edýär.

 

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edýär. Ol: «Meniň ymmatymyň şer araýan adamlary aýşy-eşrete meşgul bolarlar» diýýär.

 

* * *

Bir dana: «Ähli bela-beteriň we howpuň gözbaşynda aýşy-eşret, şähwet durýandyr. Aýşy-eşrete özüni aldyran adam tiz wagtda duşmanynyň guluna öwrülýändir. Onuň ähli diýenlerini iki epilip etmäge taýýar bolýandyr» diýýär.

 

* * *

Başga bir dana: «Aýşy-eşret, şähwet köp adamlar üçin duzakdyr. Oňa düşen aňsat-aňsat sypyp bilýän däldir» diýýär.

 

* * *

Abu Hanypanyň dosty, egindeşi Abu Süleýman Dawut ibn Nasyr Taýy: «Ýagşy iýmek, ýagşy içmek kölegede ýatyp dynç almak gowudyr. Emma çendenaşa bolsa, onda ol aýşy-eşretdir. Sen onda haçan Allatagala ybadat etjek?» diýýär.

 

* * *

Bir adam Dawut alaýhyssalama:

– Eý, Dawut! Güne çoýunmak isläňokmy? Günüň şöhlesi adam bedenine şypalydyr – diýende, ol:

– Eý, doganym! Men aýşy-eşret bolar öýdüp bedene rahatlyk bar tarapa aýagymy ätmäge-de gorkýaryn – diýýär.

 

* * *

Käbir danalar: «Serhoşluk haramdyr. Aşyk adam hem serhoş ýalydyr. Emma päk aşyklyk aýşy-eşret hem däldir, haram hem däldir» diýýärler.

 

* * *

Günleriň birinde Hajjaç Harym Nagyldan:

– Nygmat nämedir? – diýip soranda, ol:

– Gaýgy-gamsyz aman ýaşamak nygmatdyr. Sebäbi men gorkup ýaşaýan adamyň ýaşaýyşdan hiç hili lezzet almaýandygyny gördüm – diýýär.

Hajjaç oňa:

– Ýene-de näme goşup bilersiň? – diýýär.

Hazym:

– Jan-saglyk. Sebäbi kesel adam ýaşaýyşdan hiç hili lezzet alýan däldir – diýýär.

Onda Hajjaç:

– Ýene-de näme goşup bilersiň? – diýip soraýar.

Hazym:

– Baýlyk, sebäbi garyp adam üçin ýaşaýyşyň hiç hili lezzeti ýokdur – diýýär.

Hajjaç oňa:

– Ýene-de näme goşup bilersiň? – diýende, ol:

– Juwan ýaşlyk, sebäbi garry adamlar durmuşdan hiç hili lezzet alýan däldirler – diýýär.

Hajjaç Hazyma:

– Ýene-de näme goşup biljek? – diýende, Hazym:

– Mundan başga meniň aýdyp biljek zadym ýok – diýýär.

 

* * *

Abu Nuwas şeýle diýýär:

 

Şükür, ýaşlykdan-da saýlandym, indi,

Akyllandym – diýdim, keýpim kökeldi

Ýöne saç agaryp, gojaldygymça

Ýaşlyk ýada düşdi, derdim köpeldi.

 

* * *

Bir çarwa bir adamyň derýanyň kenarynda oturyp, derýa dinar oklap oturandygyny görüp: «Eliňdäki nygmaty giderme-de, ony saklamak bilen bol» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Amr ibn As emewiler halypasy Mugawyýadan:

– Bu dünýäde heý isläp, ýöne ýetip bilmedik zadyň barmydyr? – diýip soranda, Mugawyýa:

– Hawa, men dagdan çogup çykan ýyly suwly çeşmä suwa düşünip göresim gelýärdi. Emma ol arzuwyma ýetip bilmedim – diýýär.

 

* * *

Amr ibn As: «Köp adamlar üçin ilkinji nika gijesi iň lezzetli zatdyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Amr ibn Asyň hyzmatkäri Werdan emewiler halypasy Mugawyýa:

– Doganlaryňy sylamaly – diýýär welin, Mugawyýa oňa:

– Gapyl, muny men sensiz hem bilýärin – diýýär.

Onda Werdan:

– Nämä garaşýarsyň. Ähli zat seniň eliňde ahyryn – diýýär.

Mugawyýa oňa:

– Men olaryň ýagşy işler edýänini we maňa olaryň ýagşy işler edýänini we maňa gulak goýýanyny sylaýandyryn – diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmälik ogluna: «Eý, oglum! Ýagşy iýdik, ýüpek don geýdik, ýagşy at mündük, owadan gyrnaklar bilen oýnaşyp-gülüşdik. Bu zatlara kimiň ýetirendigini ýadyňdan çykarma. Allatagala ybadat etgin» diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Abdylmälikden:

– Iň lezzetli zat näme? – diýip soranlarynda, ol:

– Ýakyn dostuň bolsa, şonuň bilen aýly agşam biri-biriňe ýürek syryňy ynanyp gürleşmek iň lezzetli zatdyr – diýýär.

 

* * *

Bir çarwa:

– Lezzet nämedir? – diýip soranlarynda, ol:

– Gaflat ukusyndan açylyp, bu dünýädäki bolýan zatlara göz ýetirmek iň lezzetli zatdyr – diýýär.

 

* * *

Başga bir çarwadan lezzet babatynda soranlarynda, ol: «Gylyjy ýyldyrym kimin oýnadyp bilmek iň lezzetli zatdyr» diýýär.

 

* * *

Bir mugthordan:

– Lezzet näme? – diýip soranlarynda, ol:

– Dürli-dümen tagamly saçak ýazyp, bu zatlary berýän öý eýesiniň gysganmazlygy iň uly lezzetdir – diýýär.

 

* * *

Bir alymdan lezzet hakynda soranlarynda, ol: «Bilmeýän zadyňy bilmek, düşünmeýän zadyňa akyl ýetirmek iň lezzetli zatdyr» diýýär.

 

* * *

Çopandan lezzet babatynda sorapdyrlar. Ol: «Otluk ýerde malyňy bakyp, süýdi köp alybilseň iň lezzetli zat şoldur» diýip jogap beripdir.

 

* * *

Dindardan lezzet barada soranlarynda, ol: «Ýürekden Allatagala ybadat etmek we bu dünýäniň aýşy-eşretinden daşda durmak iň lezzetli zatdyr» diýýär.

 

* * *

Kerwensaraýyň eýesinden:

– Seniň üçin lezzetli zat nämedir? – diýip soranlarynda, ol:

– Meniň üçin ýetip gelýän kerwendäki düýäniň boýnundan asylan jaňyň sesini eşitmek iň lezzetli zat – diýýär.

 

* * *

Edermen esgerden lezzet babatynda soranlarynda, ol: «Ýyndam at münüp, ýiti gylyç oýnatmak iň lezzetli zatdyr» diýýär.

 

* * *

Deňizçiden lezzet hakynda soranlarynda, ol: «Meniň üçin süýji suw içip, agajyň kölegesinde ýatmak iň lezzetli zatdyr» diýýär.

 

* * *

Abdyrahman ibn Hakam: «Öňüňe gyzgyn nahar almak, ýylgyrýan ýüzleri görmek we namaza çagyrýan azan sesini eşitmek iň lezzetli zatlardyr» diýýär.

 

* * *

Aýdymçydan lezzet hakynda soranlarynda, ol: «Ýüzüne seredeniňden meýlisi gurnaýan adamyň seniň isleýän zadyňy dessine aňmagy iň lezzetli zatdyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Abdylla ibn Omar, Urwa ibn Zubeýr, Musgap ibn Zubeýr we Abdylmälik ibn Merwan Käbäniň ýanynda ýygnanyşdylar. Olar özara gürleşip otyrkalar Musgap:

– Geliň, her birimiz bir zat arzuw edeliň – diýdi.

Olar Musgaba:

– Ilki sen başla – diýdiler.

Musgap:

– Men Yraga häkim bolsam, Sekine bint Hüseýine we Äşe bint Talha öýlensem – diýip, arzuw etdi.

Urwa alym bolmagy we dini kada-kanunlary öwrenmegi arzuw etdi. Abdylmälik halypalygy arzuw etdi. Abdylla bolsa jenneti arzuw etdi. Olaryň barysy hem arzuw eden zatlaryna ýetdiler.

 

* * *

Ýahýa Barmaky ogly Fazyly Horasana häkim belledi. Ogly Horasana gidenden soňra, Ýahýanyň gulagyna ol ýerde oglunyň humar oýnuna we aýşy-eşrete berlendigi hakyndaky habar gelip ýetdi. Ýahýa kätibini çagyryp hat ýazmagy emr etdi. Ol ogluna: «Eý, oglum! Men seniň Hak ýolundan azaşyp, şeýtan ýoluna gidendigiňi eşidip, gaty gynandym. Halkyň öňüne düşýän adam halka görelde bolmalydyr, halkyň buýsanjyna öwrülmelidir. Emma Allatagalanyň ýolundan daşlaşan, aýşy-eşrete berlen we şeýtany özüne ýaran tutunan kişi adamlara görelde bolup bilmez» diýýär we bir beýt goşgy ýazdyrýar:

 

Gündizlerne halkyň aladasyn et,

Gijelerne pişäň bolsun ybadat.

 

Ol haty ogluna ýolladýar. Fazyl bu haty alyp, humar oýnundan we aýşy-eşrete meşgul bolmakdan el çekýär.

 

* * *

Allatagala arak-şerap babatynda Gurhanda üç aýat inderdi. Ilkinji gezek arak barada «Bakara» süresiniň 219-njy aýatynda aýdylýar. Bu aýatdan soňra musulmanlaryň bir topary arak içmekden el çekdiler.

Ikinji gezek musulmanlardan bir adam arak içip, metjide girip, namaz okanda «Nisa» (Aýallar) süresiniň 43-nji aýaty indi. Bu aýatdan soň hem musulmanlaryň şerap içýänleri arak-şerap içmesini dowam etdirdiler.

Şol döwürde Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) hem arak içýärdi. Günleriň birinde Omar arak içip, serhoş bolup, Abdyrahman ibn Awfyň kellesini ýarýar. Soňra bolsa dyza çöküp, Bedr söweşinde wepat bolanlary ýatlap, gygyryp goşgy okaýar:

 

Bedr söweşi hergiz bolmadyk bolsa,

Şerap içýän köp ýigitler ölmezdi.

 

Egerşol gün şerap içilen bolsa,

Köp jesetler ol meýdanda galmazdy.

 

Remezan aýy tölegli bolsady eger,

Meýgärler tölegi meý bilen berer.

 

Alla maňa şeraby gadagan etse, haçan –

Şirin jandan geçerin hem duz tagamy gaçar.

 

Omaryň bu sözleri Muhammet alaýhyssalama baryp ýetende, ol böküp ýerinden turup, ýapynjasyny hem ýapynman, Omaryň oturan ýerine ýöneldi. Gidip barşyna, Omary urmak üçin ýolda eline taýak aldy. Omar ony uzakdan görüp:

– Eý, Allam! Öz gazabyňdan we Resulyň gazabyndan özüň gora! – diýýär.

Şol wagt Gurhanyň «Maida» süresiniň 91-nji aýaty inýär. Omar Muhammet alaýhyssalama: «Indi gaýdyp arak-şerabyň golaýyna-da barjak däl» diýip söz berýär we sözünde tapylýar.

 

* * *

Günleriň birinde emewiler halypasy Abdylmälik ibn Merwan Nasyp ibn Rybah bilen gürleşip otyrka, ondan:

– Eý, Nasyp! Heý seniň bu dünýäde ökünýän zadyň barmydyr – diýip soranda, Nasyp:

– Eý, möminleriň emiri! Meniň iň bir kemsinýän we ökünýän zadym meniň tenimiň garalygydyr. Sen meni nähili derejä ýetirseň hem, men bu derejäni diňe aklym we ylmym bilen gazandym. Emma seniň mejlisiňe gatnaşmak maňa diýseň agyr düşdi. Sebäbi seniň mejlisiňe gatnaşýanlar meniň tenimi, onuň üstesine akyl-paýhasymy halamazdylar – diýýär.

Onuň sözleri Abdylmäligiň göwnünden turýar we oňa köp halat-serpaý ýapýar.

 

* * *

Bir adam Ibn Mesawihden[1]:

– Şöhwete däri-derman barmydyr? – diýip soranda, ol:

– Öýlen – diýip jogap berýär.

 

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Abdylmälik eline taýak alyp köşge gelýän Welit ibn Musgydadan:

– Bu näme? – diýip soraýar.

Onda Welit:

– Eý, möminleriň emiri! Bu ýeri gelende edep beriji mugallym, ýeri gelende oňa tar daksaň uly jemagaty güýmeýän saz guraly, ýeri gelende garrylaryň ýakyn ýoldaşy we daýanjydyr. Eger kim şu taýak hakynda meniň aýdanlarymdan köp zat aýdyp bilse, goý, meniň aýalym talak bolsun – diýýär.

Abdylmälik onuň diýenine gülüp goýberýär we «Berekella Welit!» diýýär.

 

* * *

Bir serhoş ýolda ýykylyp ýatyrka, it gelip onuň ýüzüni ýalaýar. Serhoş öz ýanyndan: «Çagalarymyň biridir. Olar men nähili ýagdaýa düşsemem, meniň aladamy edip ýörler» diýip pikir edýär. It art aýaklaryny galdyryp, serhoşuň ýüzüne çüwdürýär. Onda serhoş: «Eýýäm gyzgyn suw hem taýýarlap gelipdirler. Berekella, oglum!» diýýär.

 

* * *

Abu Tammamyň bir dosty bardy. Ol şerap içse, iki pyýaladan serhoş bolardy we Abu Tammamyň öýünde ýatyp galardy. Abu Tammam oňa: «Eý, dostum! Eger sen biziň öýümizde ýatmagy gowy görýän bolsaň, şerap içmän ýatyber» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Abu Nuwas ýolda gidip barýarka bir serhoşyň şeraby öwüp goşgy aýdyp hiňlenip barýandygyny eşidýär. Ol serhoş şeýle diýýär:

 

Şerap içen mest bolar, ylla dälirän kimin,

Çünki ol jennet suwy, haýrandyr asman-zemin.

 

Abu Nuwas aýak çekýär we oňa:

– Dogrudan hem Allatagala içiňe köz oklar. Emma jennetiň şeraby bilen däl-de, dowzahyň ody bilen – diýip, ýoluny dowam etdirýär.

 

* * *

Serhoşlar üç hilidir. Birinjisi, serhoş bolanda, maýmyn ýaly her hili gelşiksiz hereketleri eder. Ikinjisi, it ýaly hyňranar we üýrer. Üçünjisi, ýylan ýaly düýrlenip ýatmak bilen bolar.

 

* * *

Bir gezek Akkal Näsik Merdas ibn Hazzamyň[2] duşyndan geçip barýarka, Merdas oňa süýt hödürleýär. Akkal onuň diýeni bilen razylaşyp Merdasyň öýüne girýär. Merdas süýde arak goşup Akkala içirýär. Akkal serhoş bolup, üç günläp özüne gelmeýär.

 

* * *

Bir adam oglunyň öňünde bir käse şerap goýup: «Eý, oglum! Allanyň jezasyna, masgaraçylyga we kazynyň berjek jezasyna taýýar bolsaň, onda käsä eliňi uzadyp bilersiň» diýýär. Ogly käsedäki şeraby içmekden boýun gaçyrýar.

 

* * *

Bir gezek Abdylmälik Ahtala:

– Maňa aragy sypatlandyr? – diýýär.

Onda Ahtal:

– Ilki kelläň dumanlaýar, soň bolsa eşek ýaly aňňyrýarsyň? – diýýär.

Abdylmälik:

– Onda aragyň nämesini gowy görýärler? – diýip soranda, Ahtal:

– Wah, şol iki ýagdaýyň aralygynda şady-horram bolunýan ýagdaý bar. Şol wagt şeýle bir aýdym aýdýaň welin, seniň köşk şahyrlaryňa gaýry dur diýdirýär – diýip, şu şygry aýdýar:

 

Bir pyýala içip ýetýär bagtyna,

Çüýşäni agdaryp, münýär tagtyna.

 

* * *

Bir alym şahyryň: «Bu dünýäde arak näme üçin haram edildikä?» diýenini eşidip: «Kelläni sämedýäni we wagtlaýyn hem bolsa akylyňdan azaşdyrýany üçin arak haram edilipdir». Bu barada Gurhanyň «Wakyga» süresiniň on dokuzynjy aýatynda aýdylandyr» diýýär.

 

* * *

Dahhak ibn Muzahym bir adamdan:

– Nebizi[3] näme edýärsiň? – diýip soranda, ol adam:

– Men nebizi naharyma goşýaryn. Ol naharyň aşgazanda tiz siňmegine kömek edýär – diýýär.

Onda Dahhak:

– Şeýdip akylyňy we gazanjak sogaplaryňy hem şol nahar bilen siňdirýärsiň – diýýär.

 

* * *

Melike bint Haryja[4] Zeban ibn Seýýaryň aýalydy. Zeban wepat bolandan soňra Melikä Zebanyň ogly Manzur ibn Zeban öýlenýär. Manzur şerap içýärdi. Onuň kakasynyň aýalyna öýlenendigi we şerap içýändigi hakyndaky habar Omar ibn Hattaba baryp ýetende, ol Manzury Melikeden aýyrdy we oňa şerap içmegi gadagan etdi. Manzur şeýle diýýär:

 

Bu gün maňa ykbalym ajysyn pürkdi juda,

Melikedir şerapdan bir günde  etdi jyda.

 

* * *

Erdeşir ýaş wagty hem örän akylly oglandy. Ol eger arak içse, ýanyndaky kätibine näme gürlese ýazmagy emr ederdi. Serhoşlukdan açylandan soň kätibiniň ýazan zatlaryny okap görerdi. Eger onuň serhoş wagty gürlän gürrüňleri şalaryň edýän işine we edebine laýyk gelmese, onda ol birnäçe günläp diňe arpa çörek bilen peýnir iýip, özüne jeza bererdi.

 

* * *

Bir hadysçy alym bilen nasrany[5] gämide ýoldaş bolýarlar. Ýolda nasrany ýanyna alan içgisinden käsä guýup hadysça uzadýar. Hadysçy bu içginiň nämedigini sorap durman içip goýberýär. Nasrany oňa:

– Bu arak ahyryn – diýýär.

Hadysçy ondan:

– Sen munuň arakdygyny nädip bildiň? – diýip soraýar.

Nasrany :

– Men hyzmatkärimi bazara goýberdim. Oňa bu aragy bir ýehudy satypdyr – diýýär. Onda hadysçy alym ýene-de bir käse içip:

– Eý, akmak! Biz hadysçylar nasranynyň, onuň hem guldan, guluň hem ýehudydan eşidip gürrüň beren zadyna ynanmaýarys. Bu arak diýýäniňi, onuň arakdygyny aýdýan adamlaryň gürrüňine ynanyp bolmaýandygy üçin içdim – diýýär.

 

* * *

Ulkama ibn Nadla jahylyýet döwründe-de arak-şeraby haram hasaplardy we içmezdi. Ol şeýle diýerdi:

 

Ömrümden içýärin ant, arak derdiň beteri,

Ol akyldan, abraýdan düşürýär her ýeteni.

 

Meni köpler hasap etdiler haly gowşak,

Emma men günäden sakladym kalbymy päk.

 

* * *

Kaýs ibn Asym şerap içerdi. Bir gün ol şerap içip serhoş bolýar we elini serip, dileg edip başlaýar. Ertesi oňa eden işini, samsyklygyny we şerabyň haramdygyny aýdanlarynda, ol:

– Şerap içýän adam meniň kowumymyň aksakgaly bolmasyn – diýýär.

Şondan soňra Kaýs ibn Asymyň kowumyndan hiç kim şerap içmeýär.

 

* * *

Şerap şatlyk çeşmesidir we şer işleriň açarydyr.

 

* * *

Nebiz içseňem, belli bir çäge çenli iç.

 

* * *

Hasan ibn Muhammet Mehbeli: «Içýagsyz şerap zäherdir, aýdymsyz meýlis ýasdyr» diýýär.

 

* * *

Bir baý adam özüniň öý işlerini dolandyryjysyny bazara goýberip:

– Maňa içgilerden diňe gaýnadylanyny al – diýerdi.

Ol adam gidip hojaýynyna arak getirip:

– Şuny satyjy gaýnadyp, ýasadym diýdi – diýýär.

Hojaýyn aragy öňüne alyp:

– Gaýnadylan zatda hiç-hili erbetlik galýan däldir – diýip, ony içmäge başlardy.

 

* * *

Abu Hanypa: «Ähli serhoş ediji içgiler haramdyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Hajjaç emewiler halypasy Abdylmäligiň öýünde naharlanyp otyrka, Abdylmälik oňa şerap hödürleýär. Onda Hajjaç:

– Eý, möminleriň emiri! Yrakda kim şerap içse, men olary urmagy emr edýän. Emma sen içýän bolsaň, onda men indiden beýläk olary urdurmaryn – diýýär.

Abdylmälik:

– Men şeraby naharyň gapdaly bilen işdäni açmak üçin içýärin. Onsoňam şerap adama görk berýär – diýýär.

Hajjaç:

– Eý, möminleriň emiri! Şerap adamyň daşky sypatyna däl-de, diňe gürleýän gürrüňine görk berýär öýdýän – diýýär.

 

* * *

Hasan Basry: «Eger akyl satylýan bolsa, onda ol örän gymmat we hemmä gerekli zat bolardy. Sebäbi köp adam pul berip, içgi alýar we ony içip akylyny giderýär» diýýär.

 

* * *

Abdylla ibn Ahtam[6]: «Öz puluna şerap alyp, kellesini dumanladyp, masgara bolup, akyl-huşuny ýitirýän adamlar meniň üçin geňdir. Olar pul berip masgaraçylygy satyn alýandyklaryny bilmeýärmikäler?» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Kim-de kim gijesini serhoş bolup geçirse, ol adam şol gije hatyndyr» diýýär.

 

* * *

Bir dana: «Şerapdan we başga serhoş ediji içgilerden daşda duruň. Sebäbi adamy utanç-haýadan, ar-namysdan jyda düşürýän arak-şerapdyr» diýýär:

 

Akylly adama namys-ar gerek,

Meýhor meýin gorar namysa derek.

 

* * *

Bir adam Omar ibn Hattabyň (goý, Alla ondan razy bolsun !) öýüne gelip, nebiz içende serhoş bolýar. Omar oňa gamçy urmagy emr edýär. Ol adam:

– Omar men seniň nebiziňden içip serhoş boldum ahyryn – diýende, Omar:

– Men seni nebiz üçin däl-de, serhoşlugyň üçin urmagy emr etdim – diýýär.

 

* * *

Sagyt ibn Selimden:

– Sen nebiz içýärsiňmi? – diýip soranlarynda, ol:

– Ýok – diýip jogap berdi.

– Näme üçin? – diýip soranlarynda, ol:

– Nebiz içmeýänimiň esasy sebäbi Alladan gorkmagym. Şeýle hem nebiz içip, adamlaryň öňünde masgara bolasym gelenok – diýýär.

 

* * *

Ibn Sadaka Attar Basry: «Kim-de kim arak-şeraby diňe Alladan gorkup däl, eýsem saglygyny gorap, ýa-da puly bolman içmese hem, meniň ýanymda ol adamyň sylagy bardyr» diýerdi we arak-şerap içmeýän adama halat-serpaý ýapardy.

 

* * *

Hindi danasy: «Çörekdir ete zar bolman, wagtly-wagtynda iýip-içýän, arakdyr şerapdan özüni saklaýan adamyň ölmegi meniň üçin geňdir» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Haýsam ibn Halyt emewiler halypasy Abdylmäligiň ýanyna gelýär. Haýsamyň ýüzi-gözi çyzym-çyzym bolup, ýaranyň yzy bardy. Abdylmälik ondan:

– Eý, Haýsam! Bu näme? – diýip soraýar.

Onda Haýsam:

– Gije ukuda turup gapyny açjak bolanymda gapy ýüzüme degdi – diýende, Abdylmälik oňa şeýle diýýär:

 

– Şerap içseň sen eger, iç göterip biljegiň,

Ýogsam ol pälwandyr ýykar, ýatla asgyn geljegiň.

 

Onda Haýsam Abdylmälige:

– Eý, möminleriň emiri! Erbet güman etmekden, Alladan gork – diýýär.

Onda Abdylmälik:

– Sen içip masgara bolup ýörsüň. Alladan gorkaňokmy? – diýýär.

 

* * *

Horasan häkimi Wakyg ibn Abu Eswet örän şeraphor adamdy. Ol doganynyň ogluny özüne degişli şäherleriň birine häkim edip belleýär. Az wagtdan onuň inisiniň şerap içýärmişin diýen habary Wakyga gelip ýetýär. Ol doganynyň ogluny ýanyna çagyryp:

– Men-ä seniň abraýyň we derejäňi galdyrmak üçin häkim belleýän, sen bolsa şerap içip başlapsyň – diýýär.

Onda Wakygyň inisi:

– Alladan ant içýärin! Sen meni häkim belläniň bäri şerapdan ýekeje damja-da içip göremok. Emma näme üçindir şu wagt serhoş boldum – diýýär.

Wakyg:

– Nämeden serhoş bolduň? – diýende, ol:

– Senden gelýän şerabyň ysyndan – diýýär.

 

* * *

Bir adam çarwa nebiz içirjek bolup:

– Bu içgi adama görk berýär, onuň ýadawlygyny aýyrýar, dem alşyny kadalaşdyrýar, gaýgy-gamy dep edýär, batyrlygyňa batyrlyk, edermenligiňe edermenlik goşýar, adamy ruhybelent edýär – diýip öwýär.

Onda ol adam oýlanyp oturyp:

– Bä, beýle gowy içgini Allatagala näme üçin haram etdikä? – diýýär.

 

* * *

Hafas ibn Gyýas[7] şeýle diýýär:

Bir gün Agmaşyň öýüne baranymda onuň öňünde nebiz durdy. Ol haýdan-haý nebizi arkasynda gizledi. Men ondan:

– Ony näme üçin gizleýärsiň? – diýip soranymda, Agmaş:

– Siňekden gorap arkama geçirdim – diýende, men:

– Arkaýyn bol, ol içgiň ýanyna siňek ýakynlaşmaz – diýdim.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Küşt ajamlaryň humarydyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Omar ibn Hattabyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanynda küşt oýny hakynda gürrüň açylanda, ol: «Ähli döwlet işini çetde goýup, raýatlarynyň halyndan habar alman, bir tagtanyň ýüzüne seredip, dümtünip oturan şadyr häkimler meniň üçin geňdir» diýýär.

 

* * *

Ibn Mujahyda: «Abubekr  Muhammet Ýahýa Suly Gurhana teswir ýazyp, ony «Şämil» (hemme zady öz içine alýan) diýip atlandyrypdyr diýenlerinde, ol: «Abubekriň ökde küştçüdigine söz ýok. Emma Gurhana tesfir ýazardan asgyn adamdyr» diýýär.

 

* * *

Günleriň birinde Abu Anbas[8] Abu Temmamyň ýanyna baranda, ol küşt oýnap oturan eken. Abu Anbas küşt tagtasyna seredip:

– Bu tagtaň näme üçin gaty kirli? – diýip soranda, Abu Temmam:

– Küşt oýnunyň özi bu tagtadan hem hapadyr – diýýär.

 

* * *

Abu Kasym Hysrowy[9]: «Küştçülerden kim-de kim baý bolsa, ol adam gysgançdyr, garyp bolsa mugthordur. Olardan akylly-başly söze küşt oýnaýan wagtyndan başga wagt garaşyp hem oturma» diýýär.

 

* * *

Gadymy kitaplaryň birinde: «Şalar biri-biri bilen küşt oýnaşmakda, awa-şikara çykmakda, ok-ýaý atmakda, at çapmakda ýaryşarlar. Emma raýatlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda hiç haýsy hem bäsleşmez» diýilýär.

 

* * *

Bir gezek Şapur ibn Erdeşir dosty bilen jedel edip, ýagny kim utulsa, utanyň emrini ýerine ýetirmegi şertleşip, küşt oýnaýarlar. Şapur ýeňlip, dostunyň emr eden zadyny ýerine ýetirjekdigini aýdýar. Onda dosty Şapuryň dyzyna çöküp, ony arkasyna mündürip, şäheriň derwezesine çenli alyp gitmegini talap edýär. Şapur onuň diýeni bilen ylalaşýar we hiç kim tanamaz ýaly üstüni ýapynja bilen örtýär. Şol wakadan soňra Şapur küşdüň ýanyna-da golaýlaşmaýar.

 

* * *

Bir gezek Ýahýa ibn Eksem apbaslylar halypasy Mütewekkiliň ýanyna girende, Mütewekkil Fatyh ibn Hakan bilen narda[10] oýnap otyrdy. Fatyh haýdan-haý nardany ýanynda duran elýaglygy bilen ýapdy. Mütewekkil Ýahýa:

– Men Fatyhy utup oturdym welin, seniň gireniňi görüp, senden gorkdymy, çekindimi, nardaň üstüni ýapdy – diýýär.

Onda Ýahýa ibn Eksem:

– Ýok, ol men saňa öwrederin öýdüp gorkdy – diýýär.

Mütewekkil onuň diýenine gülüp goýberýär we ýanyndaky pully haltajygy Ýahýanyň öňüne oklap goýberýär.

 

* * *

Şagbydan küşt oýny hakynda soranlarynda, ol: «Eger pul ýa-da bir zada şert edip oýnalmasa, küştde hiç hili erbetlik ýokdur» diýýär.

 

* * *

Käbir adamlar: «Zyndanda otyrkak biz bilen Ibn Sirin hem tussaglykda otyrdy. Küşt oýnaýarkak ol hem biziň ýanymyza gelip: «Aty göç, şany gora diýip aýdyp durardy» diýip, gürrüň berýärler.

 

* * *

Aly ibn Jahym şeýle diýýär:

 

Sadranç meýdanynda söweş bolsa, bil,

Bedewiň ýoluny arçaýandyr pil.

 

Uly ýeňiş gazanar, galdyrmaz esgerini,

Ine, şeýdip, hökümdar goraýar messebini.

 

Bu gazal apbaslylar halypasy Mamuna bagyşlanandyr.

 

* * *

Aýtmaklaryna görä, Hindi şalary biderek ýere urşup, adamlary gyrgyna bermezlik üçin küşti oýlap tapypdyrlar. Eger-de haýsydyr patyşalygyň şasynyň ýa-da şäheriň häkiminiň arasynda dawa ýüze çyksa, olar söweşmän, küşt oýnar ekenler. Kim ýeňse, şol hem uruş-sögüşsiz, ýeňileniň şalygyna ýa-da şäherine eýe bolupdyr.

 

* * *

Sagyt ibn Museýýip: «Bir gün men dostum bilen küşt oýnap otyrkam, sessiz gapy açyldy we gapydan Hajjaç girdi. Ol az salym biziň oýnumyza seredip durdy we sesini çykarman çykyp gitdi» diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Abdylmälik Hajjaç wepat bolandan soňra, onuň ýerine Salyh ibn Abdyrahmany[11] belleýär we oňa Hajjajyň işini dowam etdirmegi emr edýär. Ol Yraga gelende, birnäçe asly pars köşk emeldarlary:

– Hajjaçda biziň ata-babalarymyzyň sowgat beren gyzyl ýakut daşlaryndan ýasalan her bir pyýadasynyň bahasy üç ýüz müň dirhem bolan küşt bardy. Hajjaç ony daşy gaýyşly sandykda saklaýardy – diýýärler.

Salyh hazynanyň içinde daşy gaýyşly sandyk tapýar. Onuň içinde pars emeldarlarynyň aýdýan tagtasy, gymmatbaha sary daşdan, pyýadalary gyzyl ýakutdan ýasalan küşt bardy. Bu küşt parslar tarapyndan Andalusda höküm süren emewi şasyna sowgat berlendi we ähli emewiler bu küşti aýap saklardylar.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalamyň hyzmatkäri Abu Rafyg, günlerden bir gün, Hezreti Alynyň ogly Hüseýin (goý, Alla olardan razy bolsun!) bilen aşyk oýnaýar. Hüseýin utulýar welin, Abu Rafyg:

– Men seniň arkaňa münmeli – diýýär.

Bu sözleri eşiden Muhammet alaýhyssalamam:

– Öýüň köýsün, heý-de Resulallanyň göteren çagasynyň arkasyna münmek bolarmy? – diýýär we Hüseýini gujagyna alýar.

Soňky gezek aşyk oýnanlarynda, Hüseýin ýeňýär. Onda Abu Rafyg:

– Sen meni arkaňa mündürmediň, men hem seni arkama mündürjek däl – diýýär.

Muhammet alaýhyssalam:

– Allanyň Resulynyň göteren çagasyny götermek isläňokmy? – diýýär.

Abu Rafyg Hüseýini gujagyna alyp aýlaýar.

 

* * *

Araplarda birnäçe oýunlar bardy. Ol oýunlarda çukur gazyp, şonuň içine daşy düşürmelidi. Eger bu oýunlara pul goýulsa ýa-da şert edilse, onda ol oýun humar diýip hasap edilerdi.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) Şamy basyp alanda, ol ýeriň ilatynyň köp bölegi şerapdyr arak içmegi halaýardylar. Omar olara şerap ýasamagy gadagan edip, ýerine şerbet ýasamagy emr edýär.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

 

Şerap içýänler üçin şerapdyr ýagşy lezzet,

Näçe lezzetli bolsa-da onda ýokdyr yzzat.

 

Eger-de men şeraba agyz uraýsam birden,

Içenim awy bolsun, üzülsin janym şol dem.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Aýşy-eşrete öz üstüňizden höküm sürdürmäň» diýýär.

 

* * *

Emewi halypasy Welit ibn Ýezit Şyraga ibn Zendebur diýen akylly-başly, emma şeraphor bir adamyň bardygyny eşidip, ony ýanyna getirmegi emr edýär. Haçanda ony Welidiň ýanyna getirenlerinde, Welit oňa:

– Eý, Şyraga! Men seni bu ýere Allanyň kitaby we onuň Resulynyň sünneti hakynda soramaga getirtmedim – diýýär.

Şyraga oňa:

– Eger sen menden ol zatlar hakynda soran bolsaň, onda men seniň öňüňde bilimsiz eşek kimin durardym – diýýär.

Welit:

– Meniň seni bu ýere getirtmegimiň esasy sebäbi, seniň bilen pikir alyşmakdyr – diýýär.

Şyraga Welide:

– Pikir alyşmak, tejribäňi artdyrmak we öz pikirdeşiň bilen iç döküşmekdir – diýýär.

Welit:

– Sen içgi hakynda näme aýdyp bilersiň? – diýip soraýar.

Onda Şyraga Welitden:

– Sen haýsy içgi hakynda soraýarsyň? – diýýär.

Welit:

– Suw hakynda – diýýär.

Şyraga:

– Ol bedeniň iň mätäç zatlarynyň biridir. Ony men hem içýärin, eşek hem içýär – diýip jogap berýär.

Welit:

– Süýt hakynda näme aýdyp bilersiň? – diýip soranda, Şyraga:

– Ejemiň süýdünden aýrylanymdan soň süýt dadyp hem göremok – diýýär.

Welit:

– Şerap hakynda näme aýdyp bilersiň? – diýende, Şyraga:

– Ol meniň ruhy dostum – diýýär.

Onda Welit dessine:

– Onda sen hem meniň dostum – diýýär.

Welit ondan:

– Şeraby nirede içseň gowy? – diýip soranda, Şyraga:

– Islendik ýerde islendik howada içseň hem şerap gowudyr. Gowy howa ýa-da gowy ýer şeraba baglydyr. Şerap içip başlanyňdan soňra bedreläp guýýan ýagyş hem misli ýaldyrap çykan gün ýaly bolar – diýýär.

 

* * *

Bir şerap içýän adamdan:

– Sen näme üçin şerap içýärsiň? – diýip soranlarynda, ol:

– Iň gowy zat islegiňe boýun bolmakdyr. Şerap içmegi hem ündeýän meniň islegimdir. Egermen şerap içmesem, onda men islegime garşy çykdygym bolar we men ony özüme ganym duşman tutunmaly bolaryn – diýip jogap beripdir.

 

* * *

Nebiz içmek gaýgy-gamy dep edip, şatlyk getirýändir. Emma gaýgy-gam bilen akyl hem gidýändir. Diýmek, nebiz içmänkäň, saňa akyl gerekmi ýa-da şatlyk, şol hakda gowuja oýlan.

 

* * *

Jemmaz: «Bir oturluşykda haly teň bir garry adam bilen ýaş oglany gördüm. Ol garry adam wagtal-wagtal: «Meniň ýyly içmegimi al» diýýärdi. Meniň hiç hili içmege gözüm düşmänden soň, ýakynrak baryp seretdim welin, ýaşuly her gezek içmegini soranda, ol ýaş oglan oňa şerap guýup berýärdi. Ýaşuly her gezek şeraply käsäni başyna çekende, ýyly içmek geýen dek bolýardy» diýýär.

 

* * *

Ekreme: «Ibn Apbas ogluny sünnet etdirende, aşyk oýnaýan ýaş oglanlary çagyrdy. Olar aşyk oýnap bolandan soňra, olaryň hersine dört dirhemden berdi» diýýär.

 

* * *

Sagyt ibn Museýýipden narda oýny hakynda soranlarynda, ol: «Eger pul goýulmasa ýa-da şert edilmese, narda oýnamakda hiç hili erbetlik ýokdur» diýýär.

 

* * *

Ybraýym ibn Muhammet[12]: «Bir gezek men Abu Hureýra bilen Abu Arbyga ikisiniň metjidiň arkasynda aşyk oýnap oturandyklaryny gördüm» diýýär.

 

* * *

Urwa ibn Zubeýr ogluna: «Eý, oglum! Köpräk oýun oýna. Sebäbi oýun oýnamak bilen çaganyň aňy, akly, düşünjesi ösýändir, kämilleşýändir» diýýär.

 

* * *

Abu Süleýman Darany: «Küşt oýnuny taşlanymdan soň, kalbymdaky ony oýnamaga bolan höwes ýigrimi üç ýyldan soň ýüze çykdy» diýýär.

 

* * *

Her adamda-da şatlyk, kelle göçgünligi bardyr. Ýöne bu ýagdaý her kimde dürli hili bolup geçýär.

 

* * *

Bureýda Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Kim-de kim narda oýnasa, ol adam misli elini doňuz etine we ganyna uran ýalydyr» diýýär.

 

* * *

Bir adam Erdeşiriň ýanyna baranda, ol bir ýaşuly adam bilen narda oýnap otyr eken. Ol adam Erdeşire:

– Eý, Erdeşir! Döwlet işlerini dolandyrýan, raýatlaryň gündelik aladasyny edýän adama narda oýnamak gelişermi? – diýende, Erdeşir öňünde duran nardany pyzyp goýberýär.

 

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Bir gezek men joralarym bilen öýde oýnap otyrkam, Muhammet alaýhyssalam girdi. Ol bizi görüp, derhal daşa çykmak bilen boldy we: «Siz nähili adam, meni görüp dagy utanaňyzogam?» diýdi» diýýär.

 

* * *

Bir gezek ýaş oglanlar bir ýaşulynyň öýüniň ýanynda sawalyj[13] oýnap ýörkäler, olaryň topy baryp öýüň kölegesinde ýatan ýaşulynyň ýanyna baryp düşýär. Ýaşuly topy alyp gapdala goýýar. Oglanlar gelip ýaşuludan topy bermegini soraýarlar. Ol topy bermeýär. Oglanlardan biri:

– Eý, ýaşuly! Muhammet alaýhyssalamyň hatyrasy üçin topumyzy ber – diýýär welin, ýaşuly Resulalla sögünýär.

Onuň pygambere sögenini eşiden oglanlar, ol ýaşulyny taýaklary bilen urup ugraýarlar. Oglanlar taýak bilen urup-urup ýaşulyny öldürýärler.

Bu habar Omar ibn Hattaba (goý, Alla ondan razy bolsun!) baryp ýetende, ol:

– Alladan ant içýärin! Birnäçe döwletler basylyp alnanda, goşunymyz uly olja bilen dolanyp gelende, bu habara begenişim ýaly hiç begenen däldirin. Diýmek yslam dini pajarlap ösýär, adamlaryň Muhammet alaýhyssalama söýgüsi artýar. Ýaş oglanlar Resulalla sögülenini eşidip, gahar-gazabyny saklap bilmän, ol garryny öldüren bolsalar, olar hakyky musulmandyrlar – diýýär.

 

* * *

Bir şeraphor adamdan:

– Sen Aýy diňe gijesine görýärsiňmi? – diýip soranlarynda, ol adam:

– Men şerap içen mahalym, Aýy gündüzine-de görýärin – diýip jogap berýär.

 

* * *

Günleriň birinde Abdylla ibn Omar Abdylla ibn Japaryňka myhmançylyga baranda, onuň ýanynda bir egri taýak ýatyrdy. Abdylla ibn Japar:

– Eý, Abu Abdyrahman! Eger-de bu zadyň nämedigini aýtsaň, meniň gyrnaklarymdan isläniňi saýlap alyp bilersiň – diýýär.

Onda Abdylla ibn Omar taýagyň eýlesine-beýlesine seredip:

– Megerem bu Harran terezisi[14] bolsa gerek – diýýär.

Abdylla ibn Japar onuň bu sözüne gülüp goýberýär we gyrnaklarynyň birini sowgat berýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mamun küşt oýnuny örän gowy görerdi. Ol: «Küşt akylyňy goýaldýar, zehiniňi ösdürýär» diýerdi. Ol özüniň köşk emeldarlaryna: «Men siziň «Geliň küşt oýnalyň» diýeniňizi eşitmäýin, oňa derek «Akylda bäsleşeliň diýiň» diýip emr edýär. Ol: «Eger hemme halypalardyr şalar şu oýny gowy görseler, dünýäň ýüzünde ýekeje-de uruş bolmazdy, sebäpsiz biderek gan hem dökülmezdi» diýýär.

 



[1]Ibn Mesawih döwrüniň güýçli tebipleriniň biri. Onuň kakasy Huzystanyň Jendisabur şäherinde dermançylyk, soňra göz bejermek bilen meşgul bolýar. Ol Harun Reşidiň tebibi bolupdyr. Ol Ibn Mesawihede tebipçilik ylmyny öwredýär. Ol ilki Harun Reşidiň, soňra bolsa Mamunyň ýanynda tebipçilik edýär. Harun Reşidem, Mamunam Ibn Mesawih nahardan dadyp görýänçä, nahara el urmazdylar. Ibn Mesawih dürli dillerde ýazylan tebipçilik hakyndaky kitaplary arap diline terjime edip, Harun Reşide hödürleýär. Soňra Harun Reşit ony ähli terjime edilýän kitaplara gözegçi edip belleýär. Ibn Mesawih pelsepeden, şygyrdan we belagat ylmyndan gowy baş çykarýan alym bolupdyr. Onuň terjime eden kitaplaryndan başga kyrka golaý işi bar. Ibn Mesawih 243-nji hijri ýylynda aradan çykýar.

[2]Merdas ibn Hazzam Esedi. Gürgenli özüniň kitabynda ony Merdas ibn Hazzam Bahyly diýip ýatlaýar. Onuň asly Kufadan bolup, aýaly Reýdendi. Onuň aýalyna Dehtekän diýerdiler. Ol diýseň baý aýaldy. Onuň aýalyny öwüp ýazan goşgulary kändir.

[3]Nebiz – arpadan gaýnadylyp ýasalýan içgi.

[4]Melike bint Haryja ibn Abu Harysa ibn Merre ibn Awf Merri. Ol Zeban ibn Seýýaryň aýalydy. Emma ol wepat bolansoň, Zebanyň aýalyna Manzur öýlenýär. Melikäniň Zebandan çagasy bolmasa-da, ogly Manzurdan çagasy bolýar. Yslam dininiň gelmegi bilen Omar ibn Hattap olary aýyrýar. Soňra ol Talha ibn Ubeýdylla durmuşa çykýar.

[5]Nasrany – hristian dinine uýýan.

[6]Abdylla ibn Ahtam Munkary Basra ilatynyň wagyzçysy. 45-nji hijri ýylynda hutba aýdýarka, Zyýada: «Eý, möminleriň emiri! Seniň danalygyňa we hikmet eýesidigiňe şaýatlyk edýärin» diýende, Zyýat: «Ýalan aýtma, danalyk we hikmet eýesi Dawut alaýhyssalamdyr» diýýär. 71-nji hijri ýylynda şurta (polisiýa) müdiri bolýar. 97-nji hijri ýylynda Ýezit ibn Muhallap Horasany özüne tabyn etmegini sorap, ony Süleýman ibn Abdylmäligiň ýanyna iberýär. Süleýman Abdylla ibn Ahtamy diňläp, Horasany Ýezide tabyn edýär.

[7]Abu Amr Hafas ibn Gyýas ibn Talk ibn Mugawyýa ibn Mälik ibn Harys ibn Saglaba Nahygy. Ol 117-nji hijri ýylynda dogulýar. Apbaslylar halypasy Harun Reşit ony Bagdadyň, soňra Kufanyň kazysy edip belleýär. Emma Kufanyň kazysy bolanyna köp wagt geçmänkä wepat bolýar. Zehebiniň aýtmagyna görä, 194-nji hijri ýylynda wepat bolýar. Ibn Habban bolsa: «Ol 195-nji ýa-da 196-njy ýylyň zulhiçje aýynyň 10-unda wepat boldy» diýýär.

[8]Muhammet ibn Yshak ibn Ybraýym ibn Abu Anbas ibn Mugyra ibn Mahan Abu Anbas Seýmeri. Onuň asly Kufadan bolup, Seýmerede kazylyk edýär. Ol dile çeper we şahyr adam, köp adamyň üstünden gülüp goşgy ýazýar. Ol şeýle-de astranomiýadan baş çykarýardy. Ol Bagdada gelip, Mütewekkiliň hem-de Mugtamydyň ýanynda gullukda bolýar. 275-nji hijri ýylynda Bagdatda wepat bolýar. Kufada jaýlanýar. Onuň birnäçe kitaplary bar.

[9]Abu Kasym Hysrowy Erdistany. Yspyhanly bolsa-da, asly Buharadandyr. Dile çeper, şahyr we hatdat adam bolup, küşt oýnuny ýigrener eken.

[10]Narda – nardaşir sözüniň gysgaldylan görnüşidir. Nardany, onuň oýnalyş usulynyň esasyny goýan Erdeşirdir we şonuň üçin bu oýun onuň ady bilen baglanyşdyrylyp «Nardaşir» diýilýär.

[11]Salyh ibn Abdyrahman Temimi. Yrakda ilkinji gezek pars şalarynyň diwanyny arap diline terjime eden adam. Onuň asly Sistandandyr. Emma arap diline örän ökde adamdy. Hajjaç bilen, entek, ol Yraga häkim bolmanka tanyşýar. Hajjaç Yraga häkim bolansoň, Salyhy diwan işlerini dolandyryjy edip ýanyna alýar. Hajjaç parslaryň şalygy dolandyrmaga we salgyt ýygnamaga degişli kitaplaryny pars dilinden arap diline terjime etdirýär. Hajjaç Salyha her bir terjime eden kitaby üçin üç ýüz müň dirhem tölärdi. Süleýman ibn Abdylmälik halypalyk eden wagty ony Yraga häkim belleýär. Emma Omar ibn Abdyleziz halypalyga gelenden bir ýyl soň, ony häkimlikden boşadýar. Salyh ibn Abdyrahman 103-nji hijri ýylynda öldürilýär. Yraklylaryň aýtmagyna görä, Yragyň ähli hatdatlary onuň okuwçylarydy.

[12]Ybraýym ibn Muhammet ibn Talha ibn Ubeýdylla Teými Kuraýşy Abu Süleýman. Onuň kakasy Muhammet pygamberiň ýaşan döwründe eneden bolandygy üçin, adyna Muhammet goýýarlar. Ol diýseň dindar adamdy we oňa Sejjat (köp sejde edýän) diýen lakamy berýärler. 36-nji hijri ýylynda Jemel söweşinde Şerih ibn Awfy tarapyndan öldürilýär.

[13]Sawalyj - topy taýak bilen urlup oýnalýan oýun. Oýun ajam ýurtlaryndan gelip çykandyr.

[14]Megerem bu egri taýagyň Harran terezisi bilen meňzeşligi bardyr ýa-da meňzeş hem bolmasa Ibn Japar Ibn Omaryň sözüni ýykmazlyk üçin oňa gyrnagy sowgat berendir.