ÝETMIŞ IKINJI BAP KESELLEMEK, HALYŇ TEŇ BOLMAGY, KESELI BEJERMEK, EM ETMEK, DÄRI-DERMAN WE HASSA SERETMEK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝETMIŞ IKINJI BAP KESELLEMEK, HALYŇ TEŇ BOLMAGY, KESELI BEJERMEK, EM ETMEK, DÄRI-DERMAN WE HASSA SERETMEK HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam: «Musulmanlardan kim kesellese, Allatagala agajy sary ýapraklaryndan saplaýşy ýaly, şol adamy günäden saplaýar» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam bedeninde kiçijik düwürtik ýa-da ýara görse, Allatagaladan dileg ederdi. Ol: «Eger Allatagala kiçijik zady ulaltmak islese ulaldar» diýýär.

 

* * *

Içinde jany bolan, damarynda gan aýlanýan adama keselden gaçyp gutulma ýokdur.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

 

Keselliniň, hassanyň sora halyny,

Halyny soramaklyk oňa şypaly.

 

* * *

Kaýs ibn Sagt ibn Ybada hassa bolýar. Onuň halyndan habar almaga gelen doganlary oňa näme gerekdigini soraýarlar. Onda ol:

– Meniň birnäçe adama bergim bar, ölmänkäm şolary bersem – diýýär.

Kaýsyň doganlary jar çekdirip, Kaýsyň bergidar adamlaryny çagyrýarlar. Algydarlar gelenden soň, Kaýsyň doganlary olar bilen haklaşýarlar. Şeýdip, olar hem algydarlary, hem doganlary Kaýsy razy edýärler.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Harun Reşit Fazyl ibn Ýahýa kesellände oňa hat ýollaýar. Ol hatynda: «Eý, Fazyl! Alla saňa şypa bersin we seniň ýaşamaly mütdetiňi uzaltsyn. Goý, Perwerdigär seni öz penasynda aman saklasyn. Hoş, sag-salamatlykda görüşeli» diýip ýazýar.

 

* * *

Bekir ibn Abdylla Medeni şäherde hassa bolsa, baryp onuň halyny sorardy. Ol: «Hassanyň halyny soramaly, onuň göwnüni tapmaly» diýerdi.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Hassanyň halyny soran kyýamat güni Allatagalanyň tagtynyň kölegesinde durar» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Abdylwarys ibn Sagyt[1] hassa ýatan dostunyň halyndan habar almaga baranda, dosty oňa:

– Kyrk gündir gözümi hem ýumamok – diýýär.

Onda Abdylwarys:

– Adam geň zat. Ýagşy, sag-salamat ýaşan günleriniň hasabyny ýöretmän, başyndan bela inende, hassa halda hasap ýöredip başlaýar – diýýär.

 

* * *

Ysmaýyl ibn Subeýh[2] hassa ýatyrka, ondan:

– Näme arzuwyň bar? – diýip soranlarynda, ol:

– Allatagala maňa täzeden ömür berse, tebipçiligi öwrenerdim – diýýär.

 

* * *

Bir gezek Jahyz apbaslylar halypasy Mansuryň egindeşi Aly ibn Ubeýda hassa ýatyrka, onuň halyny soramaga barýar we:

– Näme isleýärsiň – diýip soraýar.

Onda Aly:

– Dostlarymyň gara gözüni görmek, duşmanlarymyň bagryny gowrup iýmek we gybatkeşleriň dilini kesmek isleýärin – diýip jogap berýär.

 

* * *

Ybraýym ibn Ýasar Nyzamdan:

– Näme isleýärsiň? – diýip soranlarynda, ol:

– Şol isleg diýilýän zadyň bolmagyny isleýärin – diýýär.

 

* * *

Bir adam bazardan horaz satyn alyp gelýärkä, onuň öňünden çaşy tanyşy çykýar. Ol adam çaşydan:

– Çaşylar bir zady iki edip görýärmişin. Şol dogrumy? – diýip soranda, ol çaşy:

– Kim diýse-de ýalan sözläpdir. Ynha, men seniň eliňdäki iki horazy dört edip göremog-a – diýýär.

 

* * *

Jemmaz bir tebipden:

– Eger hassa bolsaň näme şypa eder? – diýip soranda, tebip:

– Ilki Gurhan soňra ene-atasynyň dilegi kömek eder. Emma şu ikisiniň ýany bilen derman hem bolsa, onda şypa tapjagyň gümansyzdyr – diýýär.

 

* * *

Ybraýym Teými: «Bir adamyň kör goňşusy bar eken. Ol adam köre her hili ezýet berer eken. Kyýamat güni gelip ýetende kör gözli bolar. Onuň oňa ezýet beren goňşusy bolsa kör bolar» diýýär.

 

* * *

Asmagy: «Kör adamyň gulagy eştgir, ker adamyň gözi görgür bolýandyr. Adamyň bir duýgusy ýitende, onuň wezipesini beýleki agza ýerine ýetirýändir» diýýär.

 

* * *

Eý Allam! Älem-jahany, geň zatlary görmäge göz, dürli-dürli saýrak guşlaryň owazyny eşitmäge, söz bilen düşünmäge gulak, aýtjak zadymy aýtmaga dil bereniň üçin saňa öwgüler aýdýaryn we şükür edýärin.

 

* * *

Muammil ibn Emil Muharyby şeýle diýýär:

 

Bir zady arzuw edip, ýetmeseň oňa,

Gözleriň bolany ne hajat saňa.

 

Köp wagt geçmänkä, ol kör bolýar. Bir gün düýşünde bir adam oňa: «Körlük seniň goşgyňda arzuw eden zadyňdyr» diýýär.

 

* * *

Sibaweýh şu beýdi aýtmagy gowy görerdi:

 

Hassa şypa etmäni başarýan ynsan,

Jadygöýlükden hem baş çykarar hökman.

 

* * *

Bir adam pelsepeçä:

– Eý porsy! – diýip ýüzlenýär.

Onda pelsepeçi oňa:

– Sen dogry aýdýarsyň. Seniň ýaly samsyklaryň gürrüňine içim ýanyp-ýanyp, şondan porsandyr. Egermen ol porsyny daşyma çykarsam, sen girere deşik tapmarsyň – diýýär.

 

* * *

Bir agzy porsy adam ker bilen gürleşýär. Agzy porsy näme gürlese-de, ker: «Düşündim, düşündim» diýip, baş atýarmyş. Olary daşyndan synlap duran adam agzy porsy adam gidenden soň kerden:

– Ol saňa näme diýdi? – diýip soraýar.

Onda ker:

– Men onuň näme diýeninä eşitmedim. Emma agzynyň porsusyna çydaman, düşündim diýip, baş atdym – diýýär.

 

* * *

Amr ibn Adasyň agzy porsy eken. Şonuň üçin onuň çagalaryna «Itiň çagalary» diýerdiler.

 

* * *

Günleriň birinde emewiler halypasy Abdylmälik bir alma alyp dişleýär we almany aýalyna zyňyp goýberýär. Aýaly ýerinden turup gidip pyçak bilen dolanyp gelýär. Abdylmälik aýalyndan:

– Pyçagy näme etjek? – diýip soraýar.

Onda onuň aýaly:

– Almanyň kesellän ýerini aýyrjak – diýýär we Abdylmäligiň almadan dişlän ýerini kesip aýryp zyňýar.

Abdylmäligiň gahary gelýär we aýalynyň talagyny berýär.

 

* * *

Bir agzy porsy adam bar eken. Ol agzynyň porsulygyny bildirmejek bolup narpyz iýer eken.

 

* * *

Bir gezek Abu Eswet Duwaly emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmäligiň ýanyna barýar. Abu Eswediň agzy örän porsy eken. Süleýman onuň agzynyň ysyna çydaman, donunyň ýeňi bilen burnuny ýapýar. Onda Abu Eswet:

– Garry adamyň agzynyň porsusyna çydamaýan, neneň edip halypalygy dolandyryp bilsin – diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Remezan aýynda adamyň agzy porsasa-da, bu ys Allatagalanyň ýanynda müşküň ysyndan ýagşydyr we sogaplydyr» diýýär.

 

* * *

Haýwanlaryň köpüsi agzy porsy hasaplanýar. Ýolbars we elguş iň agzy porsy haýwanlardyr. Itiň agzy olaryňka görä elhalyrakdyr. Haýwanlaryň içinde agzy porsy bolmadyk janawer keýikdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Gözli adamyň maksady bolmasa aljyrar, kör – adam ýoluny ýitirse» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Üç hili hassanyň: gözüne ittirsek çykanyň, dişi agyrýanyň we gözi agyrýanyň halyny soramaga barylmaýar» diýýär.

 

* * *

Şagby: «Samsyk, nadan hassany soramaga barsa, hassanyň haly gowulaşmakdan-a geçen, öňküden teňleşer» diýýär.

 

* * *

Bir çarwa başga bir ýarawsyz ýatan çarwanyň halyny soramaga barýar. Ol hassa: «Seniň hassa ýatanyňy eşidip, meniň dünýäm daraldy. Seni soramaga derrew gaýtmakçy boldum. Emma ýerimden turzup, düýä mündürmäge we ýolda meniň halyma seretmäge adam tapylmady. Men saňa jüzratul şyh[3] otuny getirdim. Alla ýol berse, bu oty iýip watanyny ýatlan, şypa tapar» diýýär.

 

* * *

Mugammil ibn Emil şeýle diýýär:

 

Hassa bolsaň ýüzlen ilki tebibe,

Günäliler toba eder Habyba.

 

* * *

Abdylla ibn Musgap şeýle diýýär:

 

Hassa boldum, hiç kes sorap gelmedi,

Men olaryň itiniň-de soradym halyn,

Maňa itiň halyn soran diýildi,

Tiräm «Itiň halyn soran» adyn aldy.

 

* * *

Günleriň birinde Musawwir ibn Muharram hassa bolýar. Ibn Apbas ony öýle wagty soramaga gelýär. Musawwir oňa:

– Sen meniň halymy soramaga başga wagt tapmadyňmy? – diýýär.

Onda Ibn Apbas:

– Men hassanyň halyny soramak borjum bolandygy üçin, günüň haýsy wagtydygyna garamazdan geldim – diýýär.

 

* * *

Bir çarwadan:

– Nämeden kösenýärsiň? – diýip soranlarynda, ol:

– Günälerimden – diýip jogap berýär.

– Näme isleýärsiň?– diýip soranlarynda, ol:

– Jenneti – diýýär.

– Saňa tebip çagyralymy? – diýenlerinde, ol:

– Eger tebibiň emi kömek etmese, Allatagalanyň gaşynda eden işlerime jogap bermeli bolar öýdüp gorkýaryn – diýýär.

 

* * *

Hassanyň halyny soramaga baranyňyzda, köp gürlemäň. Onuň halyny, işdäsiniň alýan zadyny soraň. Diňe özi bir zat diýse jogap beriň. Gaýtjak bolanyňyzda, onuň tiz gutulmagyny, däri-dermandan şypa tapmagyny dileg ediň.

 

* * *

Keseki ýurtda kesellän kişi öz ýurdunyň topragyndan getirdip, ony tenine çalsyn ýa-da öz ýurdunyň suwundan içsin. Ata watanyň topragy we suwy hassanyň derdine bire-bir dermandyr.

 

* * *

Günleriň birinde Harys ibn Kelde ýylana seredip:

– Megerem köp derdiň dermany ýylanyň zäherindedir. Onuň bilen deňleşip biljek diňe tirýekdir – diýýär.

Harysyň ýanynda duran adamlar oňa:

– Eý, Abu Waýyl! Sen ony şeýle bir öwdüň welin, oňa derek onuň arkasyndan sypalasaň bolmadymy? – diýýärler.

Harys ýylany sypalajak bolup elini uzadanda, ýylan onuň elinden çakýar. Abu Waýyl ýylanyň awusyndan zordan ölmän galýar.

 

* * *

Akmaklykdan başga ähli derdiň dermany bardyr.

 

* * *

Bir ýunan danasy syrkawlaýar. Adamlar oňa:

– Sen näme üçin özüňe seretdireňok? – diýenlerinde, ol:

– Ähli derdiň däri-dermany ýerde bolsa-da, olardan şypa tapmak Allatagala baglydyr – diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmälik ýurda mergi keseliniň ýaýrandygyny eşidip, tagty taşlap gaçyp gitmekçi bolýar. Köşk emeldarlarynyň biri oňa:

– Gurhanda bir aýat bar. Ol aýatda: «Size gaçmaklyk azajyk kömek edäýmese, hiç hili kömek etmez» diýilýär – diýende, Süleýman:

– Men hem şol azajyga bil baglap gaçýaryn – diýýär.

 

* * *

Bir adam Ibn Mukaffany nahara çagyrýar. Emma Ibn Mukaffa onuň çakylygyna barmakdan boýun gaçyrýar we oňa: «Eý dostum! Men seniň çakylygyňa höwes bilen barardym welin, men dümewledim. Dümew bolsa erbet keseldir. Ol başga bir adama on ädimlik ýerde durup gepleşse-de geçip biler. Eger men seniňkä myhmançylyga baryp, saňa dümew ýokuşdyrsam, onda men seniň sylag-hormatyňa sylamazlyk bilen jogap berdigim bolar. Şonuň üçin myhmançylygy sag-salamat günlere goýaly» diýýär.

 

* * *

Bir hadysda: «Şeýtan adamyň ähli zadyna bahyllyk etse-de, adam dümewlese ýa-da garahassalyk keselline ýolugsa, bahyllyk edenok» diýilýär.

 

* * *

Adam hassalanda edil garry adam ýaly bolýar. Garry adamlara ysgynsyzlyk, mejalsyzlyk, ynjyklyk häsiýetleri mahsusdyr. Her bir adam hassa ýagdaýynda özünde şeýle häsiýetleri duýýandyr.

 

* * *

Bir adamdan:

– Içgeçme nämeden üçin bolýarka? – diýip soranlarynda, ol:

– Näme iýmeli, näme iýmeli däldigini özüň bilmeseň-de, ony içiň seljerýändir. Ol özüne gerek däl zatlary gahar-gazap bilen çykarýar – diýip jogap berýär.

 

* * *

Bir pelsepeçiden:

– Näme üçin küýki adamlar erbet gylykly bolýarlar? – diýip soralanda, pelsepeçi:

– Sebäbi onuň beýnisi ýürege ýakynlaşandyr. Bagry bolsa öde ýakynlaşandyr. Ödüň ajysy bagra täsir edýär. Bagyr adamyň bedeninde gany arassalaýjy wezipäni ýerine ýetirýär. Ganyň üsti bilen ödüň ajysy ýürege täsir edip, ynsan ýüreginde gara emele getirýär. Ol hem kellä tiz täsir edýär – diýip jogap berýär.

 

* * *

Bir gadymy kitapda: «Kim-de kim keseki ýurda gadam bassa, ol adam ilki bilen şol ýeriň topragyny suwa garyp içsin. Şeýle etse, ol adam bu ýurtdaky dürli kesellerden aman bolar» diýilýär.

 

* * *

Pars şasy Anuşirwan işdäsi alýan zatlaryny iýmekden saklanardy. Ol: «Işdäň alýan ähli zatlary iýseň, kesele duçar bolup, soňra işdäň almaýan däri-dermanlary iýip, özüňe em etmeli bolarsyň» diýýär.

 

* * *

Hasan ibn Sähl doganyna ýazan hatynda şeýle diýýär: «Eý, doganym! Biz seniň bilen bir jan bir ten ýaly agzybir bolmalydyrys. Eger bedeniň bir agzasy agyry duýsa, bu agyry bedeniň beýleki agzalaryna-da öz täsirini ýetirýändir».

 

* * *

Adamyň hassa halynda nähili jebir-jepa çekýäni Allatagala aýandyr. Şonuň üçin Allatagala hassa ýatan adamy günäden päkleýär, köp wagtlap hassa ýatyp, wepat bolan adamlara şehitlik derejesini berýär. Keselinden şypa tapanlara bolsa, saglygyň gadryny biler ýaly edýär.

 

* * *

Urwa ibn Zubeýriň bir aýagy kesilýär. Isa ibn Talha ibn Ubeýdylla ony görmäge gelende, oňa:

– Alladan ant içýärin! Allatagala seniň gözüňi, gulagyňy, iki eliňi, akylyňy, diliňi aman goýup, diňe bir aýagyňy alandygyny eşidip, seni görmäge, seniň halyňy soramaga örän gyssanmadym – diýýär.

Onda Urwa oňa:

– Seniň meni görmäge gyssanmaýşyň ýaly, şol günler men hem kimdir birini görmäge gyssanmadym – diýýär.

 

* * *

Araplarda şeýle aýdylýan söz bar. Olar: «Kesel aýdarmyş: «Men adamyň etini iýip, ganyny içýärin. Menden örän az adam aman sypar» diýýärler.

 

* * *

Haýbar söweşiniň öň ýanynda musulman esgerlerine ysytma degýär. Olar Muhammet alaýhyssalama özleriniň keselleri hakynda aýdanlarynda, ol: «Eý, halaýyk! Ysytma ölümiň çaparydyr. Bu kesel dowzah odunyň bir bölejigidir. Eger şeýle keseliň özüňize degendigini duýsaňyz, agşam namazy bilen ýassy namazynyň aralygynda üstüňizden sowuk suw guýuň. Şony birnäçe gezek gaýtalasaňyz, bu dert dep bolar» diýýär.

 

* * *

Iki sany adam Horasandan Bagdada sapara çykýarlar. Bagdatda olaryň biri keselleýär. Keselläniň ýoldaşy ony şol ýerde goýup, yzyna dolanmakçy bolýar. Ol hassa:

– Men Horasana dolanyp baranymda, seni sorasalar näme diýeýin? – diýende, hassa:

– «Haçanda Bagdada girenimizde onuň kellesi agyryp, ýüregi hopugyp, aýaklary saňňyldap, gözi garaňkyrap, elleri bilen ýer sermäp başlady. Ol birnäçe günüň içinde bir ýumaga döndi» diýip habar ber – diýýär.

Onda Horasana dolanyp barýan:

– Men gepi uzaldyp gürläp bilemok. Şonuň üçin bir söz bilen «öldi» diýäýjek – diýýär.

 

* * *

Bir çarwadan:

– Iň erbet kesel näme? – diýip soranlarynda, ol:

– Diş agyry – diýip jogap berýär.

 

* * *

Japar ibn Sadyk: «Adam üç zatdan, ýagny garyplykdan, keselden we dowzahdan daşda bolsa gowudyr» diýýär.

 

* * *

Talyk ibn Habyp[4]: «Içagyry edil ýürege düşgünç aýal ýalydyr. Içagyry adamyň içini agyrtsa, ýürege düşgünç aýal onuň ýüregini agyrdýar» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Muhammet ibn Wasygyň boýnundan iriňli ýara çykýar. Ony gören adamlar:

– Alla saňa rehim etsin! – diýenlerinde, Muhammet ibn Wasyg:

– Eý, halaýyk! Men şu ýaranyň gözümden çykmandygyna Allatagala bihasap şükür edýärin – diýýär.

 

* * *

Bir ýaş ýigit keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrka, Muhammet alaýhyssalam onuň halyny soramaga barýar. Muhammet alaýhyssalam ýaş ýigitden:

– Özüňi nähili duýýarsyň? – diýip soraýar.

Onda ýaş ýigit:

– Hem-ä ölümümi dileýärin, hem-de köp günä iş edendigim üçin ölümden gorkýaryn – diýýär.

Muhammet alaýhyssalamam:

– Eý, ýaş ýigit! Seniň isleýän bu iki zadyň bir ýürekde ýerleşmeýär. Sen ölümi isleýän bolsaň, Allatagala seni isleýän arzuwyňa ýetirer. Eger sen ölümden gorkýan bolsaň, onda Allatagala seni aman goýup, keseliňe şypa berer – diýýär.

 

* * *

Günleriň birinde Rabyga Kaýsyýa keselleýär. Ondan:

– Seniň isleýän zadyň barmy? – diýip soranlarynda, ol:

– Men Allatagaladan kyýamat güni özümi Muhammet ibn Wasyg bilen duşurmagyňy dileýärin – diýýär.

 

* * *

Ufeýra bint Welit Basryýa örän dindar takwa zenandy. Ol bir gün metjitden çykyp gelýärkä, bir adamyň:

– Bu dünýäni görüp ýörene kör bolmak iň erbet zatdyr – diýenini eşidip, aýak çekýär we:

– Eý, Allanyň bendesi! Gözli bolup Allanyň gudratyny, onuň bardygyny görmezlik, gözsüz bolup bu dünýäni görmegiňden has erbetdir. Allatagala maňa oňa bolan çäksiz söýgi berip, oňa derek göreçlerimi alsa, müňde bir razy bolardym – diýýär we ýoluny dowam etdirýär.

 

* * *

Hassan ibn Abu Sennan hassa ýatyrka ondan:

– Özüňi nähili duýýarsyň? – diýip soranlarynda, ol:

– Dowzah odundan gorkýanym üçin özümi erbet duýýaryn – diýýär.

– Näme isleýärsiň? – diýip soranlarynda, ol:

– Ölsem-ä jenneti, diri galsamam keselimden şypa tapmak isleýärin – diýýär.

 

* * *

Adamsy gijesine düşegine buşugýandygy sebäpli, aýrylyşmak üçin bir aýal adamsyny kazynyň ýanyna alyp gidýär. Ol adam kaza:

– Sen bizi aýyrmaga howlukmada, ilki bilen meniň näme üçin gije düşegime buşugýandygymy bil – diýýär.

Kazy ondan buşugmasynyň sebäbini soraýar. Ol adam:

– Men her gije düýşümde deňziň ortasynda ýerleşen bir ada görýärin. Ol adada bir köşk bar, köşgüň uly gümmezi bar. Ol gümmeziň üstünde bir düýe dur we şol düýäniň üstünde men otyryn. Düýe gümmeziň üstünde duran ýerinden boýnuny uzadyp deňizden sürüp suw içýär welin, men şol ýerde buşugyp goýberýän – diýýär. 

Bu gürrüňi diňläp oturan kazy hem buşugýar. Ol:

– Bu gürrüňi diňläniňde peşewini saklap bolanok. Düýşüňde dagy özüňi bilmän buşugmak aýybam däl – diýýär we ol aýalyň haýyşyny kanagatlandyrmaýar.

 

* * *

Hezreti Omar bir adama: «Eger Allatagaladan nämedir bir zat dilejek bolsaň, onda «Eý Allam! Maňa nygmat berseň özüme, bedenime, akylyma ber» diýip dileg et. Seniň beýle diýdigiň özüňe saglyk diledigiňdir. Adamyň jan-saglygyndan uly nygmat ýokdur» diýýär.

 

* * *

Rabyga ibn Haýsam şel bolýar. Bekr ibn Magyz onuň ýanynda bolup, kömek edýärdi. Günleriň birinde Bekr Rabyga kömek berip durka, onuň aglaýandygyny görüp:

– Eý, Rabyga! Sen näme üçin aglaýarsyň? – diýende, Rabyga:

– Ähli öý işlerini etmek, ýöremek, hajatyňy özüň ýerine ýetirmegiň uly nygmatdygyna göz ýetirdim we şol nygmatdan jyda düşenime gynanyp aglaýaryn – diýýär.

 

* * *

Sufýan ibn Söwri: «Kimdir biri nämedir bir zatdan keselläp, keselinden şypa tapyp, ýene-de kesellän zadyna dolanyp barsa, perişdeler: «Eý, misgin! Sen ilki bu kesele däl-de, kemakyllygyňa däri-derman tap» diýerler» diýýär.

 

* * *

Bir agzy porsy adam öýlenýär. Ol gelni bilen düşege geçende, gelni onuň agzynyň porsusyny duýup şeýle diýýär:

 

Eý Allam, durmuşymy gowy etmek isleseň,

Bu adamyň köňlüne myswak[5] almagy guý sen.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Harun Reşit ölüm ýassygynda ýatyrka, Ibn Semmäk onuň halyny soramaga gelýär. Ol Harun Reşide: «Eý, möminleriň emiri! Allatagala seni ýatlady, sen hem ony ýatla. Saňa uly dereje berdi, halka baş etdi. Onuň üçin Allatagala şükür et» diýýär.

 

* * *

Abdylla ibn Şabarma: «Käbir adamlaryň keselden gorkup, nahar saýlap iýmekleri, emma dowzahdan gorkman günä iş etmekleri, meniň üçin geňdir» diýýär.

 

* * *

Ybraýym ibn Edheme içagyry degýär. Ol bir gijäniň içinde altmyş gezek täret kylýar.

 

* * *

Şamda bir şäherli adam keselleýär. Ony goňşulary görmäge gelende, ondan:

– Näme isleýärsiň? – diýip soranlarynda, ol:

– Meniň hal-ýagdaýymy adamkärçilikli ynsanlaryň sorap gelmegini isleýärin – diýýär.

 

* * *

Hasan Omar ibn Abdylezize hat ýazýar. Ol hatynda: «Eý Omar! Durmuşyňda kynçylyk ýüze çyksa, ýaralanan adamyň ýarasyna em edenlerinde agyryly bolsa-da, oňa çydap döz gelişi ýaly, çydagyn. Ýara em etmeseň azyşy ýaly, sen hem kynçylyga sabyr etmeseň, ondan ejiz gelersiň» diýýär.

 

* * *

Musa pygamberem, Dawut alaýhyssalamam: «Öte geçen şypasyz keselden we gadry bilinmeýän saglykdan, Rebbim, özüň gora!» diýipdir.

 

* * *

Kubat ibn Piruz: «Kesel bedene düşen otdur, gaýgy-gam bolsa bu ody has-da tutaşdyrýandyr» diýýär.

 

* * *

Rabyga ibn Haýsam hassa bolanda adamlar oňa:

– Eý, Rabyga! Saňa em eder ýaly tebip çagyralymy? – diýenlerinde, ol:

– Maňa tebibiň geregi ýok. Ähli derdiň dermany bu derdi berýändedir – diýýär.

 

* * *

Farazdak bir hassanyň halyny soramaga barýar we oňa şeýle diýýär:

 

Eý, tebip! Hassany keselden gora,

Keselini bil-de em edip ugra.

 

Hakyky tebip däldir, suwa tirýek garýanlar,

Dileg eder Alladan hassa şypa islänler.

 

* * *

Lukman Hekim: «Hajathanada kän oturmaň, ol babasyl keselini döredýändir» diýýär. Şonda ol bu sözleri hajathananyň gapysyna oýup ýazdyrypdyr.

 

* * *

Ata hassa ýatanda ondan:

Näme iýesiň gelýär? – diýip soranlarynda, ol:

– Şol iýilýän zady görenimde dowzaha düşerin diýen howpy aralaşdyrmaýan zatlary iýesim gelýär – diýýär.

 

* * *

Nugman ibn Beşir: «Kesel bilen möminleriň arasynda meňzeşlik bardyr. Adamyň bedeniniň bir agzasy kesellese, onuň ähli agzalaryna täsir edýändir. Möminleriň birine daşky duşman ezýet berse, olaryň ählisi aýaga galýandyr» diýýär.

 

* * *

Araplarda keseli döwük, ýagny bir zadyň döwülmegi bilen deňeýärler. Sebäbi hassa adam döwülen ýaly iki eplenip ýatýandyr.

 

* * *

Bir adam: «Eger Allatagala kimdir birini keselden, jogapsyz söýgüden we garyplykdan aman saklasa, onda ol adam ähli bela-beterden amandyr» diýýär.

 

* * *

Özüňize serediň, kadaly iýip-içiň we sowukdan özüňizi goraň. Sebäbi uzak wagtlap özüňizi goranyňyz, ýekeje sagat kesel bolanyňdan gowudyr.

 

* * *

Köp keselleriň gözbaşy iýip-içmekdedir.

 

* * *

Kesel açlygyň miwesidir.

 

* * *

Wagtly-wagtynda iýip-içen durmuşyň lezzetini duýýar.

 

* * *

Dürli-dümen miwelerden iýmek, miweleriň şerbetini içmek köp keseliň dermanydyr, olar köp keselleriň öňüni alýandyr.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalamyň maşgala agzalary keselleseler zemzem suwy bilen ýagyş suwuny bala garyp içerdiler. Muhammet alaýhyssalam: «Gurhanda: «Asmandan mübärek suw inderdik. Ol adamlara şypadyr» diýen aýaty aýdardy. Zemzem suwy bolsa işdäňi açýandyr. Diýmek şypa berýän we işdäňi açýan suwy garsaň, köp derdiň dermanydyr» diýerdi.

 

* * *

Köne kitaplaryň birinde: «Şeýle adamlar bardyr, aýagy gyşykdyr, emma eden işleri dogrudyr. Käbir adamlar bardyr, aýagy dogry hem bolsa, aýagyny gyşyk basýandyr. Käbir adam kerdir, emma adamlaryň nalyşyny eşidýändir. Käbir adam kördür, emma halkyň kynçylygyny görýändir. Käbiri gözli bolup, günä işlere göz ýumýandyr» diýip ýazylypdyr.

 

* * *

Amr ibn Hardabyň iki gözi kör bolýar. Ony soramaga gelen Ibn Jamyg:

– Eý Amr! Gözüň kör bolanyna gynanma! Eger ahyretiňe haýyrly, kyýamat gününde mizan terezisinde sogap bolýan bolsa, goý, Allatagala seniň iki eliňi we iki aýagyňy hem alsyn – diýýär. Onda Amr ibn Hardap:

– Eý Allam! Munuň sözleri erbet bolsa-da, niýeti bir gowy bolsun – diýýär.

 

* * *

Jahyz: «Goltugyňyzy arassa saklaň! Adam derlände, onuň goltugy yslanýar. Eger goltugyny arassa saklamasa, ýuwmasa, ys onuň bedeniniň ähli ýerine ornaşar. Adamyň goltugy gyşda-da, tomusda-da şol bir ysly bolýandyr. Onuň ysyny diňe burny dykylan, duýgudan galan adamlar duýar. Goltuk ysy geçi çöpüriniň ysy bilen meňzeşdir» diýýär.

 

* * *

Köp adamlar geçiniň ysyny gowy görýärler. Şeýle adamlar geçiniň ysyny özüne siňdirjek bolup, onuň ýatagynda oturýarlar. Käbir adamlar onuň çöpürini ýakyp, tüssesini üstüne siňdirýärler.

 

* * *

Bir adamyň gyrnagy bardy. Ol gyrnakdan deriň ýakymsyz ysy gelýärdi. Emma ol adam bu gyrnagyny ýakymsyz ysy üçin beýleki gyrnaklaryndan we aýallaryndan diýseň gowy görerdi.

 

* * *

Adamy üç zat, ýagny nahardan doýup är-aýal gatnaşygyny ýerine ýetirmek, kakadylan iýmitleri gyssanmaç iýmek we agzyň gurap durka sowuk suw içmek heläkçilige eltip biler.

 

* * *

Köp gürleýän we köp gülýän adam gije ýatanda, ynjalykly ýatyp bilmez.

 

* * *

Köp wagtlap aýna seredip durmak, gaty gülmek we deňziň kenarynda oturyp oýlanmak adamyň akylynyň ösmegine getirer.

 

* * *

Jahyz: «Meniň gowy bir dostum bardy. Men oňa diýseň ynanýardym. Ol maňa: «Ähli keselleriň gözbaşy beýnidedir. Beýnisi gowşak adam tiz kesellemäge ukyplydyr» diýdi» diýýär.

 

* * *

Abdylwahyt ibn Kaýs Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Köp pygamberler bedeni ýa-da diňe ýüzi şel bolmak bilen kesellediler» diýýär.

 

* * *

Jahyz: «Idris alaýhyssalamyň agzy şel açdy. Ol iýen zadyny çeýnäp bilmändir» diýýär.

 

* * *

Meşhur tanymal adamlardan Aban ibn Osmanyň bedeni şel açdy. Şondan soňra şeýle kesel bilen kesellän adama: «Allatagala oňa Abanyň keselini berdi» diýerdiler. Emewiler halypasy Mugawyýanyň ýüzi şel açdy. Abdylmälige agzy porsamak keseli degdi. Enes ibn Mälik we Jezzam ibn Abu Kallaba pis açdylar. Hassan kör boldy, Ibn Siriniň bolsa gulagy gapyldy.

 

* * *

Abdylhamyt ibn Abdylla ibn Omar ibn Hattap (goý, Alla olardan razy bolsun!) döwrüniň iň görmegeý adamlarynyň biridi. Onuň ýüzüne peşehorda çykýar we görküne görk goşýar. Köp aýallar Abdylhamyda meňzejek bolup ýüzüne peşehorda çekerdiler.

 

* * *

Emewiler halypasy Omar ibn Abdylezize «Emewileriň peşehordasy» diýerdiler.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Meniň neslimden ýüzünde ýaranyň yzy galan biri dörär. Ol emewileriň zalymlyk eden ýerinde adyllyk bilen höküm sürer» diýýär.

 

* * *

Başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Omar ibn Abdylezizi ýaş wagty eşek depip, maňlaýynda goşa toýnagyň yzy galýar. Omar ibn Abdyleziz halypalyga gelende:

– Maňlaýynda yz bolmadyk adam musulman däldir – diýýär.

Bu sözleri eşiden Ýezit ibn Muhallap:

– Maňlaýyndaky yzy eşege depdirip däl-de, köp sejde edip galdyrmalydyr – diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam keselden goranmak üçin kellesinden öli gan aldyrardy.

 

* * *

Araplarda ysytma keseline «Ýolbarsyň keseli» hem diýilýär. Sebäbi ýolbars ysytma bilen köp keselleýär.

 

* * *

Bahtury şeýle diýýär:

 

It uzak ýaşasa, tutar ysytma,

Ýolbarsda bu kesel bolýandyr günde.

 

* * *

Hajjaç tebibinden:

– Sagdyn ýaşamak üçin näme etmeli? – diýip soranda, ol:

– Aýşy-eşretde bolsaň, ýaş gyzlar bilen bol. Et iýseň, ýaş malyň etini iý. Ertirlik naharyňy köp iý. Agşamlyk naharyny az iý, az iýseňem yzyndan gezim et. Näme iýseň hem gowy çeýnäp iý. Ýatmazyňdan öň hökman hajathana gir. Gök-miwe saýlap-seçip köpräk iý – diýýär.

 

* * *

Yraklylar gijilewük bilen kesellänleri: «Ellerini söýýänler» diýip atlandyrýardylar. Sebäbi bu kesel degen adamlar bedeniniň gijeýän ýerini gaşamak üçin elini ulanýardylar».

 

* * *

Bir gezek Amyry Fazyl ibn Rabyganyň keselländigini eşidip, onuň halyny soramaga barýar. Ol Fazyla:

– Eý, Fazyl! Ähli keseli sabyrlylyk we Allatagala şükür aýtmak hem-de ondan şypa dilemek bilen ýeňip bolýar – diýýär.

Soňra ol Fazyly soramaga gelen beýleki adamlara:

– Muhammet alaýhyssalam: «Oturlyşygyň ýagşysy ýagşy gürrüňler edilip, bedeniň rahatlyk tapmagydyr» diýdi. Şonuň üçin hassa bilen ýagşy gürrüňler ediň. Onuň bedeni dynç alar, kuwwat tapýar – diýýär.

Soňra ol Fazyla:

– Allatagala seniň derdiňe şypa etsin we seni öz penasynda aman saklap, bela-beterden gorasyn – diýip, dileg edip ýerinden turýar.

 

* * *

Bir adam Kasym ibn Muhammediň gözi kör bolandygyny eşidip, oňa:

– Eý, Kasym! Gözüň kör bolany saňa görk beripdir – diýýär.

Onda Kasym:

– Onyň dogrudyr. Emma meniň gözüm görýärkä, maňa kimdir biri bir zat diýende, men onuň nähili niýet bilen diýýändigini gözünden görýärdim – diýýär.

 

* * *

Bir adam Tabarystan häkimi Atruşynyň gulagyna bir zat pyşyrdaýar welin, Atruşy: «Gatyrak gürle! Meniň gulagymda seniň kalbyňdaky ýaly zat bar» diýýär.

 

* * *

Ýahýa ibn Barmakynyň içinde bir agyry döräpdir. Yrakly tebipler bu keseli bejermekden ejiz gelipdirler. Yraga gelen bir pars tebibi bu barada eşidip, Ýahýany bejermegi boýun alýar. Ol ilki bilen gidip dagyň iň beýik ýerinden çogup çykan çeşmeden suw alýar we her gün oňa nahardan öň içirýär. Köp wagt geçmän Ýahýanyň garnyndaky agyry aýrylyp ýok bolýar. Ýahýa onuň ylmyna haýran galýar we oňa köp halat-serpaý ýapýar.

 

* * *

Bir adam tebibiň ýanyna gelip:

– Biziň çagamyz bolanok – diýýär.

Tebip onuň ýüzüne seredip:

– Eger meniň çakym çak bolsa, senden dölüň deregine siýdik gelýär – diýýär.

Ol adam şeýledigini boýun alýar. Onda tebip:

– Sen kebap iý we ýany bilen nebiz[6] iç – diýip maslahat berýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam göze ýakyn ýerden öli gan almagy gadagan edýär. Ol gözüň ýanyndan gan alynsa, adamyň ýatkeşligini ýitirýändigini aýdýar. Şeýle-de sowuk suw bilen synja gylmagy maslahat berýär. Sebäbi gyzgyn suw babasylyň döremegine ýardam berýär diýýär.

 

* * *

Bir gezek apbaslylar halypasy Mamun Horasan adamlary bilen duşuşanda, adamlaryň köpüsi üsgürýärdi. Mamun olara: «Eý adamlar! Çaýa bal garyp içiň, üsgürmegiň emi şoldur» diýýär.

Adamlar onuň diýenini edip, çaýa bal garyp içýärler we üsgürmekden halas bolýarlar.

 

* * *

Urwa ibn Zubeýr Äşä (goý, Alla ondan razy bolsun!):

– Eý, Äşe! Men ömrümde seni geň görşüm ýaly hiç kimi geň görmedim. Senden dini meselede bir zat sorasam jogap berýärsiň. Arap şahyrlary hakynda gürlesem, olaryň goşgularyny bilýärsiň. Men öz ýanymdan: «Äşe Muhammet alaýhyssalamyň aýaly, Abubekr Syddygyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) gyzy, oňa şu zatlary bilmegiň heý geregi barmyka?» diýip oýlandym. Bu gün bolsa seniň tebipçilikden hem baş çykarýanyňa göz ýetirdim – diýýär.

Onda Äşe oňa:

– Eý Urwa! Muhammet alaýhyssalam örän süňňi gowşak adamdy. Ol sähel zada-da kesellärdi. Arap we Ajam tebipleri derdimiň emini aýdardylar, biz bolsa oňa em ederdik – diýýär.

 

* * *

Bir dana: «Bedeniňi we dişiňi gora. Sowukdan yssa, yssydan sowuga birden geçme. Sowuk bilen yssynyň çalyşmagy adam üçin zyýanlydyr» diýýär.

 

* * *

Süleýman alaýhyssalamyň kiçeňräk mellek ýeri bardy. Ol ýerde dürli-dümen otlar öserdi. Otlar Süleýmana: «Eý Resulalla! Men pylan derdiň dermanydyryn» diýerdiler.

 

* * *

Galen: «Açgözlük adamyň ajalydyr. Ýaltalyk, ysgynsyzlyk, şel açmak, içgeçme ýaly keselleriň barysy açgözlükdendir. Adam köp iýende aşgazany dykylýar we bagyr bilen ödüň işlemesini kadadan çykarýar. Adamda kelleagyry döreýär we onuň pis keseli bilen kesellemegine getirýär. Şonuň üçin iýip-içende ortaça we wagtly-wagtynda iýip-içilende» diýýär.

 

* * *

Aristotel: «Ýylanyň zäheri adam üçin iň bir peýdaly emdir. Zäher ýylanyň agzyndaka yssydyr, daşyna çykandan soň şeýle bir sowaýar, hatda adamy zäheriň awusy däl-de sowugy hem öldürmäge ukyplydyr» diýýär.

 

* * *

Galen: «Gaýgy-gam adamyň kalbyny öldürýär, onuň ganynyň doňmagyna getirýär we ol adamy heläk edýär. Şatlyk adamyň ganynyň ýylamagyna getirýär, gan çalt aýlanýar. Emma ganyň ýylylygy adam tebigatyna mahsus bolan ýylylykdan geçse, adam heläk bolýandyr» diýýär.

 

* * *

Bir baýramçylykda apbaslylar halypasy Mamunyň öňüne üç ýüzden gowrak görnüşli nahar, gök-önüm goýýarlar. Mamun bu nygmatlaryň her biriniň peýdasy we zyýany hakynda gürrüň berýär. Ýahýa ibn Eksem oňa:

– Eý, möminleriň emiri! Eger tebipçilik hakynda gürrüň açylsa, onda sen Galen kiminsiň. Eger ýyldyzlar hakynda gürrüň açylsa, sen Germessiň. Eger dini meselelerden gürrüň açylsa, sen Aly ibn Abu Talypsyň. Sahylyk hakynda gürrüň açylsa, sen Hatam Taýsyň. Eger dogry gürlemek hakynda aýdylsa, sen misli Abu Zersiň. Syr saklamak babatynda sen misli Semwal ibn Adyl ýalysyň – diýýär.

Onda Mamun:

– Eý, Abu Muhammet! Ähli adamlaryň bedeni gan we etden durýandyr. Olaryň birini beýlekiden tapawutlandyrýan onuň akylydyr – diýýär.

 

* * *

Hind tebibi: «Adama sanjym etmek agaja suw beren ýalydyr. Sanjym edilen adam suw berlen agajyň ýapraklap, gülläp ösüşi ýaly, keselden saplanyp, ýüzi nurlanyp ugraýar» diýýär.

 

* * *

Bir dana: «Dört zat, ýagny garnyň dok wagty är-aýal gatnaşygynda bolmak, ýene-de garnyň dok wagty hammama düşmek, kakadylan gury iýmiti gyssanyp iýmek we garran çagyň öýlenmek adamy heläk eder» diýýär.

 

* * *

Bir adam tebibiň ýanyna baryp:

– Men pylan kesel bilen keselledim – diýýär.

Tebip oňa:

– Sen ol kesel bilen kesellän dälsiň. Ol kesel bilen kesellänler beýdip aýak üstünde gezip ýörenoklar, derrew wepat bolýarlar. Sen bolsa meniň bilen gürleşip dursyň ahyry – diýýär welin, ýaňky adam diň arkan gaýdyp, şol ýerde jan berýär.

 

* * *

Bir şanyň kellesi agyrýar. Tebip oňa:

– Aýagyňy gyzgyn suwa sokup otur – diýip maslahat berýär. Olaryň gürrüňini diňläp oturan köşk emeldary:

– Kelle nirede, aýak nirede? – diýýär.

Onda tebip:

– Göz nirede, ujyt nirede? Onda-da gözüň görenine ujyt galýar – diýýär welin, köşk emeldary kinaýaly gürrüňini bes edýär.

 

* * *

Bir adam tebibiň ýanyna gelip, içiniň agyrýandygyny aýdýar. Tebip onuň näme iýendigini soraýar. Ol adam:

– Äý, üýtgeşik bir zat hem iýmedim. Bar iýenim balyk, göle eti, soňra gowrulan ýumurtga we unaş – diýýär.

Onda tebip:

– Gynanyp öleýin diýmeseň, ejir çekip ölmäýin diýseň, özüňi gaýadan okla. Entek açgözlüge hiç hili em ýok – diýýär.

 

* * *

Bir ýeke göz adam Abu Eswet Dugalydan:

– Eý Abu Eswet! Kämil zat, ýarym zat we hiç zat – bular nähili bolýandyr? – diýip soraýar.

Onda Abu Eswet:

– Kämil zat iki gözi hem görýän adam, ýagny men. Hiç zat kör adam. Ýarym zat diýip bolsa, ýeke göze, ýagny saňa diýse bolýar – diýip jogap berýär.

 

* * *

Bir çarwa goltugyny hezil edip ysgap: «Megerem, Allatagala meni goltukdan ýaradan bolsa gerek» diýýär.

 

* * *

Japar ibn Süleýman:

– Biz bir keýik tutup, ony soýduk, soňra deriden çykardyk welin, ondan hiç hili gan akmady, onuň derisi bolsa gurudy – diýip gürrüň berýär.

Onuň aýdanlaryny diňläp oturan tebip:

– Aşgazany agyrýan adamyň hem bedeni gandan sapdyr, emma biz ony göremzok – diýýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mamun tebipçilikden gowy baş çykarýan adamdy. Ol hatda damardan gan hem alyp bilýärdi. Bir gezek Mamuna kelleagyry degýär. Näme em etse-de kelleagyrysy aýrylmaýar.

Kaýsar Kalanswa onuň kelle agyrysy hakda eşidip, oňa bir hat goýberip, haty kellesine goýmagy maslahat berýär. Mamun bu hatyň zäherli bolmagyndan gorkup, haty ilki hyzmatkäriniň kellesine goýýar we oňa hiç zat bolmadygyny görüp, haty öz kellesine goýýar. Köp wagt geçmän kelle agyry öz-özünden aýrylýar. Mamun muňa haýran bolup haty açyp görýär. Ol hatda: «Bismillähir-rahmanyr-rahym. Allanyň ady agzalanda öçmejek ot hem öçýändir. Alladan başga hiç kim güýç-kuwwata eýe däldir» diýip ýazylgy eken.

 

* * *

Usama ibn Zeýt: «Heýwere keseli beni ysraýyla, olaryň, zalymlygy üçin inderilendir. Ilki bu kesel beni ysraýylyň adamlarynda bardy. Soňra olar bilen baryş-geliş eden adamlara geçdi we beýleki adamlaryň arasyna ýaýrady» diýýär.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

       

        Ynsana hassa halda ediläýse em,

Janyna şypa bolar, daýanar şol dem.

 

* * *

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Allatagala zäherden başga ähli keseliň dermanyny ýaradandan soňra, ol dertleri ýere inderdi» diýýär.

 

* * *

Garrylykdan başga ähli derdiň dermany bardyr.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Kim-de kim hassa bolan musulman doganynyň halyny soramaga barsa, ol jennetiň ýolundadyr. Haçanda ol barmaly ýerine baryp, oturandan soň, ol adama sogap ýazylyp ugraýandyr. Ol adam jennetiň bosagasynda oturan ýalydyr» diýýär.

 

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Kim-de kim kör adamy kyrk ädim ýere alyp barsa, ol adama dowzah ody haramdyr» diýýär.

 

* * *

Ahmet ibn Abu Dawut keselleýär. Apbaslylar halypasy Mugtasym onuň halyny soramaga gelýär we:

– Seniň şypa tapmagyň üçin on müň dinar sadaka aýtdym – diýýär.

Ahmet ibn Abu Dawut:

– Eý, möminleriň emiri! Eger sadaka bermekçi bolsaň, onda Mekgäniň we Medinäniň adamlaryna paýlagyn. Olar yslam dini üçin köp jepa çekendirler – diýýär.

Onda Mugtasym:

– Men sadaka aýdan on müň dinarymy şu ýeriň adamlaryna paýlamagy niýet etdim – diýýär.

Emma ýene-de on müň dinary Mekgäniň we Medinäniň adamlaryna ugradýar.

Bu habary eşiden Ahmet ibn Dawut Mugtasyma:

– Eý, möminleriň emiri! Allatagala seni öz penasynda aman saklasyn we mundan beýläk hem haýyr işlere gönükdirsin – diýýär we bir şahyryň Harun Reşide aýdan goşgusyny aýdýar:

 

Tanymal we sahy adamlar mydam,

Hemişe il-güne ederler ýardam.

 

Dert tapynsa ynsan sorar bada-bat,

Doga eder Alla – kylar ybadat.

 

Mugtasym onuň ýanyndan çykyp gelýärkä, ýanyndaky adamlara:

– Biz onuň halyny sorap, köp sogap gazandyk. Emma ol özi üçin hiç zat soramady. Hakyky ylym üçin ýaradylan adamlar şeýle bolýandyr. Beýle adamlaryň haýyşy biziň üçin emr bolmalydyr – diýýär.

 

* * *

Bir gezek Abu Gamr bir baý adamyň öýüne baranda, ol baý adam bedeninden öli gan aldyryp otyran eken. Abu Gamr oňa şeýle diýýär:

 

Hajjam kesip çykarsa, tendäki öli ganyň,

Rahatlyk tapar beden, aýama şirin janyň.

 

Ol baý adam Abu Gamra on müň dirhem peşgeş berýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Bedeniňize benewşe gülüniň ýagyny çalyň. Ol bedeniňizi tomusda sowuk, gyşda ýyly saklar» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Zeýtun ýagyny içiň. Ol üsgülewügiň emidir, nerwiňi berkleşdirmäge ýardam eder, adama görk, ruhubelentlik berer we gaýgy-gamdan saplar» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eger nämedir bir zatda şypa bar diýseler, onda ol zatlar hajm etmek we baldyr» diýýär.

 

* * *

Uhut söweşinde Kytada ibn Nugmanyň gözüne ok degýär we gözi hanasyndan çykýar. Muhammet alaýhyssalam Kytadanyň gözüni hanasyna salyp sypalaýar welin, onuň bu gözi beýleki gözünden has gowy görmäge başlapdyr.

 

* * *

Sufýan Söwri dostuna:

– Agşam dişim agyryp ýatyp bilmedim – diýýär.

Onda onuň dosty:

– Eý Sufýan! Sen diş agyrydan şikaýat edýärsiňmi? – diýende, Sufýan: 

– Eý akmak! Men şikaýat edemok, men ýöne aýtdym – diýýär.

Sufýanyň dosty:

– Derdiňi ýöne aýtmak hem şikaýat bolýandyr – diýýär.

 

* * *

Abu Safwan: «Allatagala jenneti ýaratdy we aýşy-eşreti terk edenleri ol ýere salmagy wada etdi. Emma biz şöhweti, aýşy-eşreti terk etmedik, Allatagalanyň diýenine boýun bolmadyk we şeýdip kesele duçar bolduk. Biz keselimizi bejertmek üçin tebibiň ýanyna baranymyzda, ol bize: «Aýşy-eşretden daşda dursaňyz we terk etseňiz bejerjek» diýdi. Biz ähli aýşy-eşretden daşda durmagy söz berenimizden soňra, ol biziň keselimizi bejerdi» diýýär.

 

* * *

Mälik ibn Dinar: «Keselden gorkup tagam iýmeýän, emma dowzahyň odundan gorkman, günä iş edýän adamlar meniň üçin geňdir» diýýär.

 

* * *

Sufýan Söwri Fazylyň hassadygyny eşidip, ony görmäge barýar. Fazyl oňa:

– Eý, Sufýan! Heý, hassanyň halyny soramak ýaly sogaply zat barmyka? Hassanyň halyny soramakda hiç hili erbetlik ýok – diýýär.

Onda Sufýan:

– Bir halamaýan zadym bar, ol hem hassanyň şikaýat edip başlamagy – diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) egindeşlerine: «Adam hassa bolanda, oňa hiç hili sogap ýokdur. Emma Allatagala kesel jebir-jepaly bolandygy üçin ol adam keselinden şypa tapýança, ony öňki eden günälerinden päkleýär» diýýär.

 

* * *

Sufýan Söwriniň dogany Mübärek Sufýan Söwrä hat ýollap, özüniň gözüniň görmeýändigini habar berýär. Sufýan Söwri oňa jogap hat ýazýar. Ol hatynda: «Eý doganym! Men seniň hatyňy okap, seniň Allanyň eden işinden maňa şikaýat edýärsiň diýip düşündim. Şikaýat etmezlik we gözüň görmeýändigini ýadyňa düşürmezlik üçin köpräk ölümiňi, dowzahy we jenneti ýatla» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Rabyga ibn Haýsam ibn Mesgudyň öýüne barýar. Ol gapyny kakanda öýden örän owadan gyrnak çykýar. Rabyga gözüni ýumup, Ibn Mesgudy soraýar. Gyrnak Ibn Mesgudyň ýanyna baryp:

– Gapyda gözi kör adam seni soraýar we men Rabyga ibn Haýsamdyryn diýýär – diýende, Ibn Mesgut:

– Ol kör däl, emma Allanyň gadagan eden zadyna seretmejek bolup gözüni ýumandyr – diýýär.

 

* * *

Bir adam göreş tutmak bilen meşgul bolýardy. Emma ol hemişe ýykylardy. Soňra ol göreşmegi taşlap, tebipçilik edip başlaýar. Günleriň birinde oňa bir dana duşýar we:

– Indi sen tüýs göreş tutup başlapsyň. Emma dert bilen göreşeniňde ýeňilmejek bol – diýýär.

 

* * *

Bir adam tebibiň ýanyna baryp, özünde ysytma keseliniň bardygyny aýdýar. Onda tebip:

– Bu kesel pylan otdan bolýar – diýende, ol adam:

– Men ol oty iň soňky gezek Bagdatda iýdim ahyryn. Meniň bolsa bu ýere göçüp gelenime näçe wagt boldy – diýýär.

Onda tebip:

– Bagdatda göwreli bolan aýal başga ýere göçüp gideni bilen dogrup bilmezmi? – diýýär.

 

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz ýaş wagty kakasynyň atlarynyň ýanyna baranda, at onuň maňlaýyna depip, kellesini ýarýar. Tebip Omar ibn Abdyleziziň kellesiniň ganyny süpürip otyrka: «Ol at emewileriň biriniň kellesini ýaryp bilen bolsa, özüni bagtly saýmalydyr» diýýär.

 

* * *

Mugyra ibn Abdyrahman ibn Harys ibn Hyşam nahar bişirerdi. Onuň bir gözi kördi. Bir gezek bir çarwa öňüne nahar alyp iýip başlaýar. Emma ol gözüni Mugyradan aýyrmaýardy. Mugyra çarwadan:

– Sen näme üçin maňa beýle seredýärsiň? – diýip soraýar.

Çarwa:

– Men seniň nahary süýji bişirişiňe haýran galýaryn. Emma gözüňe seredip bolsa gorkýaryn – diýýär.

Mugyra ondan:

– Gözümiň nämesi seni gorkuzýar? – diýende, çarwa:

– Seniň nahar bişirmegiň we ýekegözlüligiň Deçjalyň sypatlarydyr. Meni gorkuzýan zat siziň meňzeşligiňiz – diýýär. Mugyranyň bir gözi rumlylar bilen bolan söweşde kör bolupdy.

Ol çarwa:

– Deçjalyň gözi Alla ýolundaky söweşde kör bolan däldir ahyryn – diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam Mekgäni açanda, Abu Ahmet ibn Jahş Resulallanyň düýesiniň tanapyny eline alyp, Sapa we Merwe daglarynyň arasynda aýlanyp, eýle diýýär:

 

Eý, mekgeli ynsanlar!

Tebip geldi araňyza,

Begendirer, şypaeder,

Siziň hassa kalbyňyza.

 

* * *

Sagsag ibn Suhan hassa ýatyrka Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) onuň halyny soramaga barýar we oňa:

– Eý, Sagsag! Adamlaryň ýakyn ýardamçysy we olaryň hemaýatkäri sensiň – diýýär.

Onda Sagsag:

– Eý, möminleriň emiri! Allany sylaýan musulmana hormat goýýan, olara rehmet edýän sensiň – diýýär.

Soňra Hezreti Aly biraz oturandan soň, turmakçy bolanda Sagsaga:

– Eý, Sagsag! Meniň seni soramaga gelenimi aýdyp, kowumdaşlaryň arasynda öwünmegin. Allatagala öwünjeňleri halaýan däldir – diýýär.

 

* * *

Ibn Apbas: «Men bir gezek örän erbet keselledim. Maşgalanyň agzalary maňa näme iýdirjegini bilenokdylar. Olar maňa zyýan eder öýdüp gorkup, meni suwdan hem kesdiler. Bir gün gije şeýle bir suwsap turdum. Men ýerimden turup, suw duran gapdan ganýançam suw içdim. Şol gijeden soň saglygym gowulaşdy we şondan soň men kesellini işdäsi alýan zatdan saklamaly däldigine göz ýetirdim» diýýär.

 

* * *

Günleriň birinde Bekr ibn Abdylla Mezeni keselleýär. Adamlar onuň ýanyna gelip, oturyp halyny soraman çykyp gidýärler. Bekr olaryň beýle hereketine gamlanýar we: «Hassanyň ýanyna barlanda onuň haly soralýar. Sagat adamyň ýanyna bolsa zyýarat üçin barylýar» diýýär.

 

* * *

Zubeýr Absamy agyr hassalaýar. Ol horlanmakdan ýaňa diňe ham bilen süňk bolup galýar. Ol bedenine seredip: «Allatagala meniň bedenimden ýeri ýaratmadygyna müňde bir şükür! Bolmasa, ýer ýüzünde hiç hili ösümlik bitmezdi» diýýär.

 

* * *

Ahmet ibn Ýahýa ömrüniň ahyrynda gulagy ker bolup, hiç zat eşitmeýär. Ol kimdir biri bilen gürleşse, kagyza ýazyp gürleşerdi.

 

* * *

Ahnaf doglanda, onuň syrty bitik dogulýar. Tebipler kesip, ony bolmalysy ýaly edýärler.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Saffah keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrka, tebibine şeýle diýýär:

 

Meniň ähli zadym we galan ömrüm,

Seniň eliňdedir, gaýgyrma emiň.

 

* * *

Abu Hureýra:

– Muhammet alaýhyssalam: «Erbet niýetli adam meniň münberime münse, burnundan gan geler» diýipdi – diýende, Amr ibn Sagyt ibn As Muhammet alaýhyssalamyň münberine münýär welin, burnundan paglap gan akyp başlaýar.



[1]Abdylwarys ibn Sagyt ibn Zekwan Tennury Basry. Dile çeper, hadysçy we alym adamlaryň biri. 180-nji hijri ýylynda ýetmiş sekiz ýaşynyň içinde Basrada aradan çykýar.

[2]Ysmaýyl ibn Subeýh Apbasly halypalarynyň diwanynyň kätibi. Ol Mätiniň halypalyk eden döwründe diwana kätip bolupdyr. Ýahýa ibn Barmakynyň, Muhammetemin ibn Harun Reşidiň we Mamunyň kätibi bolup işleýär. 191-nji hijri ýylynda Tusda Harun Reşit wepat bolanda, Ysmaýyl onuň ýanyndady. Ömrüniň köp bölegini Muhammeteminiň kätibi bolup geçirýär.

[3]Reýhan ysly, ajy tagamly düzde bitýän ot. Bu ot köplenç gylýallara berlipdir. Bu oty ysgan daşary ýurtly dessine watanyny ýatlarmyş.

[4]Talyk ibn Habyp Anzy Basry. Ol ygtybarly hadys gürrüň beren adamlaryň biri. Talyk Aşgas bilen Hajjajyň garşysyna çykýar we soňundan onuň gazabyndan gorkup, Mekgä gaçýar. Hajjaç ony getirtmek üçin yzyndan Halyt Kysrany goýberýär. Käbir gürrüňlerde Talygyň ýolda getirilýärkä, wepat bolandygy aýdylýar. Başga gürrüňde zyndanda ýatyrka wepat bolupdyr diýilýär. Bir gürrüňe görä bolsa, ol zyndana oklanyp, Hajjajyň wepatyndan soň azatlyga çykypdyr. Ol Wasytda wepat bolýar. Ymam Buharynyň ýatlamasynda ol togsan bilen ýüz ýaşynyň aralygynda wepat bolýar.

[5]Myswak – diş arassalaýan kiçijik agaç esbap.

[6]Nebiz – arpadan gaýnadylyp ýasalýan alkogolsyz içgi.