ÝETMIŞ DÖRDÜNJI BAP ÖWMEK, ÝAGŞY IŞLERI ÝATLAMAK, ÖWGÄ MYNASYP IŞLER HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝETMIŞ DÖRDÜNJI BAP ÖWMEK, ÝAGŞY IŞLERI ÝATLAMAK, ÖWGÄ MYNASYP IŞLER HAKYNDA

Muhammet alaýhyssalam: «Biri sizi ýüzüňize seredip öwse, onuň ýüzüne toprak sepiň» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Eger adam seni ýalandan öwse, onuň ýüzüne toprak sep. Eger adamda bar häsiýetleri öwse, onda hiç hili erbetlik ýokdur» diýýär. Abu Talyp, Apbas, Kagp we Hassan dagylar Muhammet alaýhyssalamy öwdüler. Emma Muhammet alaýhyssalam olaryň ýüzüne toprak sepmedi. Muhammet alaýhyssalamyň özi hem muhajyrlary we ensarlary öwdi. Şeýle-de ol özüni: «Adam atanyň nesliniň iň hormatlanýany mendirin» diýip öwdi.

Ýusup alaýhyssalam kowumyna: «Men ylymly we siziň penakäriňizdirin» diýdi» diýip, Attaby gürrüň berýär.

 

* * *

Ibn Mesgut: «Adamdaky häsiýetleri onuň ýüzüne aýtmak, onuň eden işlerini ýatlamakdyr we onda hiç hili erbetlik ýokdur» diýýär.

 

* * *

Hadysçy alymlar Muhammet alaýhyssalamyň: «Öwýäniň ýüzüne toprak sep» diýen sözüne iki hili düşündiriş berýärler. Birinji manysy adam seni öwse, oňa söz bilen garşy çykmak. Ikinji manysy «Ýüzüňe toprak» diýen sözi aýtmakdyr.

 

* * *

Eger kimdir biri Abubekr Syddygy (goý, Alla ondan razy bolsun!) öwse, ol: «Eý, Allam! Maňa özümden hem belet sensiň. Men bolsa özüme bulara görä beletdirin. Eý, Allam! Bularyň bilmeýän zady üçin meniň günämi geç, bularyň aýdýan zady üçin maňa we bulara ezýet berme» diýip dileg edýärdi.

 

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalamyň ýanynda bir adam başga birini öwýär welin, Muhammet alaýhyssalam öwýäne:

– Sen şu wagt ony öwüp, onuň bokurdagyny çalan ýaly bolduň – diýýär, kim-de kim sizi ýüzüňize seredip öwse, oňa: «Adamlara Alladan başga belet ýokdur» diýiň – diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Eger öwgä mynasyp bolmadyk adam öwülse, Allatagalanyň gahary gelip, arş lerzana geler» diýýär.

 

* * *

Mutryf[1]: «Meni ömrümde hiç kim öwmedi welin, men özümi hiç hili haýyr iş etmedik adam hasaplap ugradym» diýýär.

 

* * *

Fazyl: «Kimdir biri saňa: «Sen haýyr iş edýän adam» diýse, onda şatlan. Sebäbi «Sen erbet adam» diýse, onda sen hakykatdan hem erbet adamsyň» diýýär.

 

* * *

Ibn Äşe: «Men bir gezek kakama:

– Halkyň içinde Omar ibn Abdyleziz kän öwülýär – diýenimde, kakam:

– Bir sogap işiň on esse köpelişi ýaly öwgi hem ulalýandyr – diýip jogap berdi» diýýär.

 

* * *

Mutryf: «Bir gezek köwüş ussasynyň ýanynda otyrkam, biziň golaýymyzdan geçip barýan bir adam: «Kim-de kim jennetiň adamlaryny görmek islese, onda goý, bu ikisine seretsin» diýdi. Men onuň bize diýýänini bilip, onuň ýüzüne seredenimde, onuň ýalandan içini güldürip aýdýandygyny duýdum we asmana seredip: «Eý, Allam! Biziň nähilidigimizi sen bilýänsiň. Emma ol bilenok» diýdim» diýýär.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) Saryýa ibn Zeňňi Deýlini Pars ýurduna häkim bellände, ony: «Saryýa dag ýalydyr» diýip öwýär.

 

* * *

Ýalandan öwýän, öwýän adamsyndan nämedir bir zada hantamadyr.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) ensarylary öwüp: «Olar yslam dinini gurmaga ýakyndan ýardam berdiler. Duşmandan gorkman, elleri bilen, dilleri bilen, baýlyklary bilen kömek etdiler» diýýär.

 

* * *

Bir adam emewiler halypasy Hyşam ibn Abdylmäligi öwýär welin, ol:

– Eý, adam! Muhammet alaýhyssalam adamy ýüzüne öwmegi gadagan etdi ahyryn – diýýär.

Onda ol adam:

– Men seni öwemok-da, Allanyň saňa beren nygmatlaryny ýatladyp, seniň oňa şükür etmegiňi isledim – diýýär.

Hyşam ibn Abdylmälik oňa:

– Ynha, bu diýeniň öwgüden gowrakdyr – diýýär we ol adama halat-serpaý ýapýar.

 

* * *

Ýaranjaňlyk edýän adamyň ilkinji ýaragy öwgüdir.

 

* * *

Bir çarwa: «Ýaşaýan ýurduňdan we döwrüňden şikaýat etme. Sebäbi sen hem şol ýurduň we şol döwrüň bir bölegisiň» diýýär.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýaralananda Ibn Apbas oňa:

– Eý, möminleriň emiri! Seniň barjak ýeriň jennetdir. Sebäbi adamlaryň kapyr wagty yslam dinini kabul etdiň, Muhammet alaýhyssalam bilen yslam dini üçin gazawatlara çykdyň, Muhammet alaýhyssalam senden razy bolup, bu dünýäden ötdi. Seniň halypalyk eden döwrüňde iki adam dawalaşmady. Indi hem şehit bolýarsyň – diýende, Omar:

– Seniň diýenleriň dogry. Emma ähli zat Allatagalanyň elindedir – diýýär.

 

* * *

Bir adama:

– Pylany seni öwýär – diýenlerinde, ol:

– Onda men onuň sylagyny ýetirerin – diýýär.

 –Nädip? – diýip soranlarynda, ol:

– Onuň diýşi ýaly bolup – diýýär.

 

* * *

Hajjaç Zyýat ibn Omar Ytkyny halamazdy. Zyýat hem onuň halamaýandygyny bilip, emewiler halypasy Abdylmäligiň ýanyna baranda, oňa:

– Eý, möminleriň emiri! Hajjaç seniň üçin kesmejek gylyçdyr, kirişsiz ýaýdyr we wepasyz guldur – diýýär.

Şondan soň Abdylmälik Hajjaja ýüz bermeýär. Hajjaç hem özüne kimden zyýan ýetendigini bilse-de, ýene-de Abdylmälige ýamanlar öýdüp, Zyýada zat diýmeýär.

 

* * *

Bir çarwa: «Pylanynyň aýdýan zatlary gowy hem bolsa, edýän işleri oňa laýyk däldi» diýýär.

 

* * *

Bir adam başga birine:

– Sen bu dünýäniň bagy-bakjasysyň – diýýär.

Onda ol adam:

– Sen bolsa şol bag-bakjany suwa ýakýan derýasyň – diýýär.

 

* * *

«Ýakutatul fil-luga» («Diliň ýakut daşy») diýen kitaby ýazan Abu Omar Zahyda bir adam:

– Sen bu dünýäniň gözüsiň – diýýär.

Onda Abu Omar:

– Sen bolsa şol gözleriň görejisiň – diýýär.

 

* * *

Bir çarwa Ýahýa ibn Halyda: «Öwgi ýalan hem bolsa, adamyň göwni üçin iň lezzetli zatlaryň biridir» diýýär.

 

* * *

Anuşirwan: «Eger kimdir biri sende ýok häsiýetleri aýdyp, seni öwse, ol adamdan islendik haýynlyga garaşyber» diýýär.

 

* * *

Wahp: «Eger kimdir biri seni sende ýok häsiýetler bilen öwende, geň görmedik bolsaň, onda ol seni etmedik işleriň üçin köteklese-de, geň görme» diýýär.

 

* * *

Ýalandan öwmek şeýtanyň ýoluna gidýän adamlara mahsusdyr. Mömin adam özüni şeýtana oýnadyp, ýalan sözleýän däldir.

 

* * *

Eýýup Suhtiýany: «Eý, Allam! Ýalan öwgüleri diňläp, öwýäne hiç hili jogap bermedigimiz üçin biziň günälerimizi geç» diýip dileg edýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Maňa bir gezek Jebraýyl perişde: «Eý, Muhammet! Saňa gol berenlere ýardam bergin. Ony başarmasaň, olara öwgüli söz aýtgyn» diýdi» diýýär.

 

* * *

Ähli şalaryň, halypalaryň, baý adamlaryň, howandarlyk edýän öz şahyrlary bolupdyr. Şahyrlar olary öwüpdirler. Duşmanlarynyň üstünden bolsa, gülüp goşgy ýazypdyrlar.

 

* * *

Adam ata ýaradylanda, Allatagala perişdeleriniň ýanynda ony öwýär.

 

* * *

Ýezit ibn Muhallap: «Ýaşaýyş adam üçin iň lezzetli zatlaryň biridir. Ýagşy adamy öwmek meniň üçin ýaşaýyşdan hem lezzetlidir. Eger men kimdir birine ýagşylyk edip, bu dünýäden ötenden soň hem meni ýagşy sözler bilen ýatlasalar, bu sözleri eşitmek meniň üçin iň ajaýyp zat bolardy» diýýär.

 

* * *

Ibn Apbas Aly ibn Abu Talyby öwüp: «Alladan ant içýärin! Ol şöhle saçýan aý kimin, gaýduwsyz ýolbars kimin, sil dek akýan Fyrat derýasy kimin we ýaşyl öwsüp oturan ýaz ýaly adamdy. Men onuň görk-görmegini şöhle saçýan aýa, batyrlygyny gaýduwsyz ýolbarsa, sahylygyny sil dek akýan Fyrat derýasyna, haýasyny, güler ýüzüni we hoş sözlüligini ýaza deňedim» diýýär.

 

* * *

Öwgini halaýan adamdan sorapdyrlar:

– Halyň niçik?

Ol:

– Hiç neneň däl. Allanyň nygmaty we adamlaryň öwgüsi bilen ýaşap ýörün – diýipdir.

 

* * *

Zyýat ibn Abyh: «Kimdir biri başga birini onda ýok häsiýetler bilen öwse, onda ol adam öwülenokda üstünden gülünýändir» diýýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mamun: «Ýalan öwgi ýaranjaňlykdyr, ýagşy işler edýän adama erbet söz aýtmak bolsa, oňa bahyllyk etmekdir» diýýär.

 

* * *

Bir dana adamdan:

– Bu dünýäde iň ýagşy zat nämedir? – diýip soranlarynda, ol:

– Ýagşy söz bilen ýatlanmak – diýip jogap berýär.

 

* * *

Wezir Abu Ubeýdylla: «Men ömrümde Halyt ýaly Şam adamlarynyň görküni, Horasan adamlarynyň batyrlygyny, Yraklylaryň ylmyny we Müsür hatdatlarynyň ýazuwyny özünde jemlän adam görmedim» diýýär.

 

* * *

Jahyz şeýle diýýär:

Ybraýym Kufa häkimlik eden döwründe, ol ýatyp dynç almagy bilmezdi. Ol hemişe hereketde bolup, halkyň halyndan habar alardy, hassalaryň öýüne zyýarat ederdi we garyp-gasara ýardam bererdi. Men ondan:

– Näme üçin beýdýäň? – diýip soranymda, ol menden:

– Sen saýrak bilbiliň owazyny, ökde sazandanyň şirin sazyny, hoş owazly aýdymçyny eşidip görüpmidiň? – diýip sorady.

Men oňa:

– Hawa – diýenimde, ol maňa:

– Adamlaryň meniň eden işlerim üçin aýdýan öwgüli sözleri meniň gulagyma ýaňky aýdan şirin owazlarymdan hem ýakymly bolup eşidilýär – diýip jogap berdi.

 

* * *

Halyt ibn Safwan Ybraýym ibn Ahtamy öwüp: «Göz owadan zatlary görende, gulak ýakymly sözler eşidende lezzet alýandyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek adamlar Jemal Müsrä: 

– Sen Süleýman ibn Wahby öwdüň welin, ol häkim boldy. Ikinji gezek öwdüň welin, ol häkimlikden aýryldy – diýenlerinde, ol:

– Birinji gezek öwenimde men onuň eden işleri üçin öwdüm. Ikinji gezek öwenimde beren peşgeşi üçin öwdüm – diýýär.

 

* * *

Harun Reşit: «Japar soňy görünmeýän deňizdir we geçip bolmajak belent dagdyr» diýýär.

 

* * *

Aristotel Isgender Zülkarneýne hat ýollaýar. Hatynda: «Eý, Isgender! Eger biri seni öwse, onuň gürrüňini öňem diňlän ýaly, oňa pitiwa etmän otur. Geň galyp, gulak gabartma. Öwgä üns berip diňledigiň, öwýän adamyň guluna öwrülersiň» diýip ýazýar.

 

* * *

Bir gezek Ymran ibn Hattanyň aýaly adamsyna:

– Eý, Ymran! Sen hemişe: «Men hiç ýalan sözlämok» diýýädiň, bu goşgyňda bolsa şeýle diýipsiň:

 

– Ol ýerde Mejza ibn Sur,

Söweşýärdi misli şir.

 

– Heý-de adam ýolbarsdan batyr bolup bilermi? – diýýär.

Onda Ymran: 

– Men Mejzäniň söweşip, galany boýun egdirenini gördüm. Emma henize çenli ýolbarsyň galany boýun egdirenini göremok – diýýär.

 

* * *

Bir çarwa öz kowumyny öwüp: «Haýyr iş köp edip alkyş alýarlar. Muňa Alla şaýatdyr. Kimdir biri olardan zat dilese, açyk göwün bilen onuň hajatyny ýerine ýetirýärler. Olar özleriniň eden haýyr işleri üçin diňe ýagşy söze mätäçdirler» diýýär.

 

* * *

Farazdak Omar ibn Haýbaryň üstünden gülüp goşgy okaýar. Bu goşgyny eşiden Omar Farazdagy we onuň ogluny ýerzemindäki zyndanyna okladýar. Farazdak oňa şeýle diýýär:

 

Ýeriň astyna düşdüm, aýlandym men aklyma,

Bu ýerden çykalga ýok, meni uzak saklama.

 

Ýunus balyk içinde mynajat etdi Alla,

Men hem mynajat edýän, bu ýeri gabyr ylla.

 

Omar onuň goşgusyny eşidip: «Men ömrümde Farazdak ýaly geň adam görmedim. Ol azatka meniň üstümden güldi, ýesir wagty bolsa öwdi» diýýär.

 

* * *

Adamyň dili ýagşyny görende, ýagşy söz aýtmaga, ýamany görende erbet söz aýtmaga endik edendir.

 

* * *

Musgap ibn Abdylla ibn Musgap Zubeýri Hasan ibn Sehle şeýle diýýär:

 

Öwgi sözlerin aýtsam, waspyň doly ýetirmez,

Adyllygyň aýandyr, hiç deňine ýetilmez.

 

* * *

Bir adam bir zat soramaga Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna gelýär. Soramaga çekinip, köp wagt ýaýdanyp oturýar, soňra bolsa:

– Eý, Resulalla! Men öwülmäni gowy görýärin – diýýär.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

– Saňa bu dünýäde öwgüli bolup ýaşamaga näme päsgel berýär. Bu dünýäde öwgä mynasyp bolup, haýyr-sogap iş edip, dünýäden ötseň, oňa ýetesi zat barmy?– diýýär.

 



[1] Horasan häkimi Abu Mutryf Wakyg ibn Hassan ibn Kaýs ibn Abu Eswet Gaddany Temimi. Beni temimiň Horasana ýolbaşçylyk eden adamlarynyň biri. Ilki Sistana, soňra Horasana häkim bolýar. Hajjaç Kuteýba ibn Müslim Bahyla Wakygy öldürmegi emr edýär. Emma Kuteýba Wakyg bilen dostdugy üçin ony häkimlikden boşadýar. Welit ibn Abdylmälik öldürilende, Wakyg hem Kuteýbany öldürýär we onuň kellesini Süleýman ibn Abdylmälige ýollaýar. Şondan soňra Horasana Ýezit ibn Muhallyp häkim bolup gelýänçä, Wakyg ol ýere dokuz aý häkim bolupdyr.