ÝETMIŞ ALTYNJY BAP ÖLÜM WE OŇA GYNANÇ BILDIRMEK, GABYR WE ONDA BERILÝÄN AZAPDYR EZÝETLER, MERSIÝE, ÖLÜMI ÝATLAMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝETMIŞ ALTYNJY BAP ÖLÜM WE OŇA GYNANÇ BILDIRMEK, GABYR WE ONDA BERILÝÄN AZAPDYR EZÝETLER, MERSIÝE, ÖLÜMI ÝATLAMAK HAKYNDA

Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol:

– Eger kimdir biriňiziň garyndaşyňyz aýrylsa, oňa ýagşy kepen alyň, onuň wesýetlerini ýerine ýetiriň, onuň gabryny çuň gazyň we ýaman adamyň ýanynda jaýlamakdan saklanyň – diýýär.

Onda adamlardan biri:

– Eý, Resulalla! Ahyretde ýagşy goňşudan haýyr barmydyr? – diýip soraýar.

Resulalla:

– Ýagşy goňşudan bu dünýäde haýyr barmydyr–  diýende, adamlar:

– Hawa – diýýärler.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

– Ahyretde hem şeýledir – diýýär.

 

* * *

Ibn Mübärek: «Meniň namaz okaýan eşiklerimi maňa kepen etseler, meniň iň bir gowy görýän arzuwymyň ýerine ýetdigi bolardy» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam Abu Zere wesýet edýär. Ol: «Eý, Abu Zer! Gabrystana zyýarat edip, ahyreti ýatla. Emma gabrystana zyýarata gije barmagyn. Öli ýuwgun! Sebäbi öli adamy göreniň kalby günä iş etmekden gorkar. Ölä okalýan jynazalara gatnaş. Sebäbi jynaza gatnaşan adamyň ýüregi gaýgy-gamdan dolar. Ýüregi gaýgy-gamly adamlar bolsa Allatagalanyň penasyndadyrlar» diýýär.

 

* * *

Abu Derda: «Mömin adam üçin ölüm haýyrlydyr. Ol bu dünýäden ahyrete-jennete geçýändir» diýýär.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) haýsydyr bir gabryň ýanyndan geçip barýan bolsa, ol gabryň ýanynda durup: «Eý, Allam! Bu adamyň çagalaryny, maşgalasyny ýagşy işler eden musulmanlaryň girjek jennetinde jemle we onuň günälerini magfyret et» diýip dileg ederdi.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam wepat bolan adamyň dogan-garyndaşyny görse, olara: «Allatagala oňa rehmet etsin we jennetden jaý bersin» diýip dileg ederdi.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) bir söweşden soňra eline çyra alyp, söweşde ölenleriň ýüzlerini görüp ýörkä, Talhanyň jesedini tapýar. Ol: «Eý, Abu Muhammet! Men şöhle saçýan ýyldyzlaryň astynda saňa magfyret diläp, seni ýeriň gujagyna bermekçi. Goý, Allatagala saňa rehmet etsin» diýýär.

 

* * *

Bir pelsepeçi çykarylyp barýan merhumy görüp: «Ynha, iň ýakyn adamlaryň seni ebedilik dünýä alyp barýarlar» diýýär.

 

* * *

Bir adam başga birine gynanç bildirende: «Seniň bu kynçylygyň, başyňdan inen ähli kynçylyklaryň iň soňkusy we ähli ýagşy işleriň başlangyjy bolsun» diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa Amr ibn Ataba onuň kakasy aýrylanda: «Seniň kakaňa Alla rehim etsin! Seniň gynanan çagyň men hem gynanýaryn» diýýär.

 

* * *

Ymran ibn Hattap şeýle diýýär:

 

Köp hupbaty başdan geçirer ynsan,

Başynda ölüm hem bardyr oň hökman.

 

* * *

Dostuň başyndan kynçylyk inende, oňa ýardam ber! Sebäbi ol beýle ýagdaýda kömege mätäçdir.

 

* * *

Bir gezek Amr ibn As emewiler halypasy Mugawyýanyň hassa ýatandygyny eşidip, onuň halyny soramaga gidýär. Mugawyýa ony görüp:

– Sen meniň halymy soramaga geldiňmi ýa-da meniň hassa halymyň üstünden gülmäge geldiňmi? – diýýär.

Onda Amr:

– Sen näme üçin beýle diýýärsiň? Men seniň ölümiňe gyssanamok. Sen maňa dereje, wezipe berdiň – diýýär.

Onda Mugawyýa oňa şeýle diýýär:

 

Hiç kes bu dünýäde galmaz ebedi,

Adama mahsusdyr ölmeklik däbi.

 

* * *

Bir gezek Ibn Razynyň aýaly nähoşlaýar. Ol adamsyndan:

– Eý, betbagt! Eger men öläýsem näme etmekçi bolýarsyň? – diýip soranda, ol:

– Men betbagt birden sen öläýmedik ýagdaýyňda, näme etjegim hakynda oýlanýaryn – diýýär.

 

* * *

Abu Merwan: «Gülki, şatlyk bilen gaýgy-gamy aýryp bolmaz» diýýär.

 

* * *

Muhammet ibn Ataba, emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziziň ogly Abdylmäligiň ölümine gynanç bildirýär. Ol Omara: «Eý, möminleriň emiri! Meniň gynanjym, seniň gaýgy-gamyňy hem aýyrmaz, seni köşeşdirmezem. Emma wepat bolan hakynda ýagşy ýatlama bolar» diýýär.

 

* * *

Bir adam apbaslylar halypasy Harun Reşide:

– Eý, möminleriň emiri! Allatagala seni pany dünýäden baka geçirsin – diýýär.

Harun Reşit oňa:

– Öýüň köýsün, sen meniň ölümimi dileýäňmi? – diýýär.

Onda ol adam:

– Bu dünýäde Allatagaladan başga hiç kim baky däldir. Meniň saňa bakyny arzuw etdigim saňa jenneti arzuw etdigimdir – diýýär.

 

* * *

Bir adam çarwany oýnajak bolup:

– Sen şu gün ölersiň – diýýär.

Çarwa ondan:

– Eý weli, ölenden soň men nirä giderin? – diýip soraýar.

Ol adam:

– Elbetde, Allatagalanyň ýanyna – diýýär.

Onda çarwa:

– Hä şeýle bolsun-da, bolmasa men seniň ýaly haýyrsyz biriniň ýanyna gitmeli bolaryn öýdüp gorkdum – diýýär.

 

* * *

Bir şahyrdan:

– Sen näme üçin doganyň ölümine mersiýe ýazaňok? – diýip soranlarynda, ol:

– Men bu ýerde ýüregimi müň paralap, goşgy ýazsam-da meniňgoşgymdan onuň ahyreti üçin jinnik ýaljak hem haýyr ýokdur – diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz Amr ibn Ubeýdiň kakasynyň aýrylandygyny eşidip, oňa gynanç bildirip hat ýollaýar. Ol hatda: «Ähli adamlara ölmeklik ýazylandyr. Biziň ählimiz bu dünýä wagtlaýyn gelendiris. Bizden öň hem bu dünýäni biziň ata-babalarymyz terk edendirler. Bu haty ýazýana, ýollaýana we okajak adama hem ölmeklik ýazylandyr» diýip ýazýar.

 

* * *

Salyh Merri: «Biriniň ölümine ýazylan gynanç hatdan, birine ýazylan gutlag haty müň esse ýagşydyr» diýýär.

 

* * *

Abu Uýeýna: «Biri merhumy ugradanda: «Ölýän sen hem bolsaň, oňa gynanýanlar biz we seniň dogan-garyndaşlaryň. Indi pany dünýä saňa daşdyr» diýdi» diýýär.

 

* * *

Bir adamdan:

– Seniň gyz doganyň adamsy wepat bolanda, oňa näme miras galdyrdy? – diýip soranlarynda, ol:

– Dört aý we on gün – diýip jogap berýär[1].

 

* * *

Abdyrahman Agýan Kuraýşy aýalynyň ölümine matam şygryny ýazýar. Ol şeýle diýýär:

 

Neneň mähremdigine düşündim indi,

Emma giçdi, ol mährem gözlerin ýumdy.

 

* * *

Bu dünýäde ýaşaýan her bir adamyň öz orny bardyr. Onuň ornuna başga birini goýup, bu dünýäni göz öňüne getirip bolmaz.

 

* * *

Bir adam Hezreti Omaryň agasy aýrylanda, onuň aglamaýandygyny görüp:

– Sen näme üçin doganyň ölümine aglaňok? – diýende, ol:

– Men gözümden gözýaşy sil deýin akdyrsam hem, doganym bu dünýä dolanyp gelmez – diýýär.

 

* * *

Musa ibn Mäti Süleýman ibn Abu Japaryň ogly wepat bolanda, oňa gynanç bildirýär. Ol Süleýmana: «Allatagala seniň ýüregiňdäki gaýgy-gamy aýyrsyn, merhuma rehmet etsin» diýýär.

 

* * *

Başga biri bolsa Süleýmana: «Seniň ogluňda bu dünýäniň zynaty, ýagny ýaşaýyşy bardy. Goý, Allatagala onuň ýaşaýyşyna, ömrüne derek bakyýetiň göwher daşyny peşgeş bersin» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam: «Kim Allatagaladan haýyr iş islese, şoňa hem ýeter» diýýär.

 

* * *

Bir adam Hasan Basra:

– Pylany dogany aýrylanda örän gynandy – diýýär welin, Hasan oňa:

– Adamyň ýaradylyşy şeýledir. Perişdeler Adam atany ýasamak üçin ýerden toprak alanda, ýer hem nagra tartypdy – diýýär.

 

* * *

Köp adamyň gadry diňe ol wepat bolandan soň bilinýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mansur: «Eý, Allam! Eger meniň eden günä işlerim, sogap işlerimden köp bolsa, sogap işlerim günä işlerimden agdyklyk edýänçä, meniň janymy alma» diýip dileg edýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz: «Eý, halaýyk! Haçanda her bir adamyň pany dünýäden owwal-ahyr ölüp, ýaradanyň ýanyna dolanyp barmalydygyny bilip hem, günä iş etmegi meniň üçin geňdir. Şonuň üçin sogap işler ediň, bu ýaşaýan gysga wagt aralygynda birek-biregiň göwnüne degmäň» diýýär.

 

* * *

Ölüm ýassygynda ýatan Hulany ýüzüni ýassyga berip aglaýar. Onuň aglaýanyny görenler:

– Sen näme üçin aglaýarsyň? – diýip soranlarynda, ol:

– Bu uzak saparda bitiren işimiň azdygyna we bu sapardan soňra nirä barmalydygymy bilmeýändigim üçin aglaýaryn – diýip jogap berýär.

 

* * *

Abdylla ibn Mutryf wepat bolanda, onuň kakasy owadan lybaslaryny geýip, jynaza gelýär. Adamlar onuň bolşuny geň görýärler. Ol: «Eý, halaýyk! Men oglumy Beýik Allanyň ýanyna ugradýanym üçin ýagşy geýindim» diýýär.

 

* * *

Hasan Basry: «Adam doglanda-da, ölende-de bir bölek mata dolanýandyr. Oňa eşik geýmeklik diňe şu iki aralykda mahsusdyr» diýýär.

 

* * *

Abu Ubeýda Hawwas: «Bir gabryň ýanynda durup: «Adam ýaşan ömründe Allany tanamaýar, tekepbirlik edýär. Emma iň soňunda ýene-de alnan ýerine, ýagny topraga gaýdyp gelýär we söwer ýary kimin gujaklaşyp ýatýar» diýýär.

 

* * *

Ibn Mugtaz: «Ölüm ahyretiň gapysydyr» diýýär.

 

* * *

Rabyga ibn Haýsam gijelerine gabrystana gelerdi we «Eý, adamlar! Bu gün biz panyda bolsak-da, ertir siz bilendiris» diýerdi.

 

* * *

Mälik ibn Magal: «Mömin adam üçin ölüm iň bir şatlykly wakadyr. Ol ölenden soňra Rebbiniňýanyna barýandyr» diýýär.

 

* * *

Fazyl: «Adam ölenden soň bu dünýäde diňe ol hakynda ýatlamalar galýar» diýýär.

 

* * *

Ybraýym Edhemden:

– Ölüm nähili bolýandyr? – diýip soranlarynda, ol:

– Ölüm bedeniňden bir agzanyň goparylyşy ýaly, demiň sogrulmagydyr – diýýär.

 

* * *

Jan alýan perişde, ýagny Ezraýyl Dawut alaýhyssalamyň ýanyna girende Dawut ondan:

– Sen kim? – diýip soraýar.

Onda Ezraýyl:

– Dogany dogandan, ogly ejedir kakasyndan, uly şalary köşkdir baýlykdan jyda düşürýän – diýýär.

Dawut oňa:

– Hä diýmek sen Ezraýyl bolmaly – diýýär we ölüme taýýarlyk görüp ugraýar.

Ony gören Ezraýyl:

– Eý, Dawut! Pylany goňşyň, aýalyň nirede? – diýip soraýar.

Dawut Ezraýyla:

– Olar öldi ahyryn – diýýär.

Onda Ezraýyl:

– Eý, Dawut! Şolaryň hem ölende hiç hili taýýarlyk görmän, bu dünýäden öteni saňa ybrat bolmadymy? – diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa Hezreti Alynyň  ogly Hasanyň (goý, Alla olardan razy bolsun!) öldi habaryny eşidip, tagtyndan düşüp, Allatagala şükür edip, iki gezek sejde edýär. Onuň töweregindäkiler hem bu hereketi gaýtalaýarlar. Ibn Apbas Mugawyýanyň eden işini eşidip, Mugawyýanyň ýanyna barýar. Mugawyýa ondan:

– Eý, Ibn Apbas! Hasanyň wepat bolany çynmydyr? – diýip soraýar.

Onda Ibn Apbas:

– Hawa! Seniň sejde edeniňi hem eşitdim. Eý adam bagryny iýiji, onuň wepat bolany bilen seniň ömrüň uzalýan däldir. Ölüm her kimiň başynda bardyr – diýýär we onuň ýanyndan çykyp gidýär.

 

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Osman ibn Muzgyn wepat bolanda, Muhammet alaýhyssalam onuň ýüzüni açyp, iki gözüniň arasyndan ogşady we uzak wagtlap oturdy. Soňra bolsa: «Eý, Osman! Alla saňa rehim etsin. Ne sen bu dünýäden haýyr gördüň, ne-de bu dünýä senden haýyr gördi» diýdi» diýip gürrüň berýär.

 

* * *

Bir gezek Hassan hyzmatkärini çagyryp, oňa bal we mesge getirmegi emr edýär. Hyzmatkär bal bilen mesge alyp, yzyna gaýdyp gelende, Hassan bu dünýäden öten eken. Hyzmatkär şeýle diýýär:

 

Bu dünýä panydyr geçer her kesden,

Eýäm ölüp, jyda düşdüm höwesden.

 

* * *

Gadymy kitaplaryň birinde: «Adam bu dünýäden ötýänçä togsan dokuz gezek ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýandyr. Ol togsan sekizini başyndan geçirse-de, togsan dokuzda bu dünýäden ötmeli bolýar» diýýär.

 

* * *

Bir çarwadan:

– Kakaň ölümine näme sebäp boldy? – diýip soranlarynda, ol:

– Hiç zat, ynsanyň ýaradylyşy şeýledir. Ol bu dünýä gelmänkä ýene-de Allanyň ýanyna gaýdyp barmaklygy boýnundaky amanat edip goýýarlar – diýip jogap berýär.

 

* * *

Bir adam emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmälige gynanç bildirýär. Ol Süleýmana: «Adamyň başyndan kynçylyk inende oňa gynanç bildirmek onuň derdini ýeňledýär we Allatagalada gynanç bildirenden razy bolýar» diýýär.

 

* * *

Bir adam apbaslylar halypasy Mamun ölüm ýassygynda ýatyrka, onuň halyny soramaga barýar welin, Mamun ýerinden turup, onuň oturjak ýerine düşek taşlaýar. Ol adam geň görüp:

– Eý, möminleriň emiri! Siz beýle halda ýeriňizden turmasaňyz hem bolardy – diýende, Mamun

– Eý, pylany! Hassa ýatan däl-de, ajaly ýeten ölýändir – diýýär.

 

* * *

Amr ibn As ölüm ýassygynda ýatyrka, ogluny çagyryp, elidir aýagyny gandallamagy emr edýär. Soňra Käbä tarap seredip:

– Muhammet alaýhyssalam: «Jany bokurdagyna ýetmänkä edilen toba kabuldyr» diýipdi. Eý, Allam! Sen bize emr etdiň, boýun bolmadyk, haram işleri etmegi gadagan etdiň, günä etdik. Bu ýer ähli günälerden saplanylýan ýer we ähli günälerden päkleýän özüňsiň. Eý, Allam! Özüňden başga Hudaý ýokdur. Men özüme zulum etdim. Meniň günämi geç – diýýär.

Ol elleri gandally ýagdaýda şol ýerde wepat bolýar. Hasan ibn Aly:

– Amr ellerini gandallap, özüniň ölüme boýundygyny görkezdi. Goý, onuň beýle etmesi onuň ahyretine nepi degsin – diýýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mansur ölüminiň golaýlandygyny duýup: «Eý, Allam! Gaflat ukusynda bolduk we ahyretimizi arzan bahadan satdyk» diýýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mugtasym ahyretde beriljek azaplary ýatlap durmak üçin arkasyna gamçy urlup, etjigi çykan adamlaryň arkasyny görüp durardy.

 

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Muhammet alaýhyssalam ýaly ýeňil, aňsat jan beren adamy ömrümde gören däldirin» diýýär.

 

* * *

Mutryf: «Ýagşy işler eden adam ölýän däldir. Onuň eden ýagşy işleriniň ýatlamasy müdimi galýandyr» diýýär.

 

* * *

Abu Hazym: «Hemişe seni şatlandyrýan işler bilen meşgul bol. Sebäbi ölüm duýdansyz gelse-de, ýüzüňde şatlyk alamaty galsyn» diýýär.

 

* * *

Isgender Zülkarneýn wepat bolanda Aristotel onuň ölümine gynanyp: «Düýn ol bize gürläp ündew eden bolsa, bu gün sessiz ündew edýär» diýýär.

 

* * *

Gadymy kitaplaryň birinde: «Eger-de öý haýwanlarynyň, guşlaryň öldürilende nähili ölüme sezawar bolýandygyny, olaryň ölüme nähili gynanýandygyny bilseňiz, olar nähili semiz we eti nähili süýji hem bolsa öldürmezdiňiz» diýilýär.

 

* * *

Gadymy kitaplaryň birinde: «Diňe akyly ýerindäki adam hemişe ölümini ýatlap, günä işlerden saklanyp gezýändir» diýýär.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam biriniň jynazasyna gitse, ol ýerde hiç gürlemezdi. Ol içini hümledip oturardy ýa-da içinden öz-özi bilen gürleşerdi.

 

* * *

Ybraýym Edhemden:

– Sen jynaza gideňokmy? – diýip soranlarynda, ol:

– Men jynaza gidenimde meni taýagymdan iýdip, soňra bolsa: «Merhumyň tabyda salynyşyna üns berip seret, munda uly ybrat bardyr» diýen ýoldaşa duşamok – diýýär.

 

* * *

Hatyp Asam: «Merhumy ugratmak sogapdyr, jynaza namazyna durmak sünnetdir, bu ýagdaýlary görüp kalbyňa galpyldy, gorky aralaşmagy parzdyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Hasan Basry jynazada durka merhumyň gyzynyň:

– Eý, kaka! Men beýle güni entäk başymdan geçiren däldirin – diýip aglaýandygyny eşidýär.

Hasan yzyna öwrülip:

– Sen beýle günleri başdan kän geçirensiň. Emma kakaň beýle güni başyndan geçiren däldir – diýýär.

 

* * *

Makhul merhumyň ugradylyp barýandygyny görse: «Ähli adam çagasy bu tagamy datmalydyr» diýerdi.

 

* * *

Mälik ibn Dinar jynaza barsa: «Alladan başga ähli janly-jandara ölmeklik mahsusdyr» diýerdi.

 

* * *

Suban Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Kim-de kim jynaza baryp, merhumyň tabydynyň bir çüňkünden göterip dört ädim ätse, onuň uly günäleriniň kyrkysy geçiler» diýýär.

 

* * *

Ibn Apbas: «Mömin adam wepat bolup, gabra salnyp, merhumyň dogan-garyndaşy ol ýerden daşlaşandan soňra ol perişdeler bilen galýandyr» diýýär.

 

* * *

Amr ibn Meýmun: «Pars şäherleriniň birini basyp alanymyzda bir gowagyň üstünden bardyk. Ol gowagyň içinde altyn tabyt asylgy durdy. Tabydyň içinde bir merhum adam ýatyrdy. Onuň başujynda şeýle ýazgy bardy: «Men Pars şasy Bähram ibn Bähramdyryn. Men öz döwrümde şu ýurduň iň baýy, iň harsydünýäsi, iň açgözi, iň zalymydym. Men köp ýurtlary basyp aldym, örän köp baýlyk jemledim, ýeňilmezek goşunym bardy. Emma hazan ýeli öwüsdi, goşunym çym-pytrak edildi. Ýurdum ýumruldy, şalygym ýer bilen ýegsan edildi. Men şondan soňra baýlygyň, goşunyň Allanyň emrine, ölümiň öňüne böwet bolup bilmejegine göz ýetirdim» diýýär.

 

* * *

Abu Bilal:

– Ömrümde ölümden gorkmaýan bir adamy gördüm – diýýär.

Adamlar:

– Ol kim? – diýip soranlarynda, Abu Bilal:

– Hawaryjlylarda Balja diýen bir aýal bardy. Zyýat onuň iki elini we iki aýagyny kesip: «Eý, Balja! Muňa näme diýersiň?» diýende, ol: «Men siziň ýaragyňyz sowukdyr we tenime degende üşärin öýdüp gorkdum» diýdi – diýip gürrüň berýär.

 

* * *

Asmagy: «Bir gezek Basrada apbaslylar halypasy Mansur bilen otyrkak, onuň yzyndan çapar geldi. Çapar onuň ýanyna gelip, Bagdada dolanyp barmalydygyny aýtdy. Mansur oňa: «Meni beýle gyssanmaç Bagdada dolap biljek näme barka?» diýdi we ýerinden hem gozganmady. Çapar oňa şäheriň ymamynyň wepat bolandygyny aýdanda, Mansur ýerinden böküp turup, atlary eýerlemegi emr etdi» diýýär.

 

* * *

Biriniň ýakyn dosty ýa-da söýgülisi wepat bolanda, onuň ýüregi para-para bolýandyr. Onuň gözünden akýan ýaş bolsa ýüregiň ýarasyndan syrygyp çykýan suwudyr.

 

* * *

Abubekr (goý, Alla ondan razy bolsun!) Omara gynanç bildirip: «Alla öwezini dolsun!» diýýär. Onuň «Alla öwezini dolsun» diýmegi Alla merhuma rehmet etsin, onuň we siziň günäleriňizi geçsin diýdigidi.

 

* * *

Ýagşy-sogap işler eden adam asuda, tarpa-taýyn ölüm bilen, ýaman-günä işler eden adam bolsa uzak keselläp, gaty ezýet çekip ölýändir.

 

* * *

Ýahýa ibn Halyt: «Kimdir birine gynanjy üç gezekden köp aýtsaň, onuň ýarasyny täzelärsiň. Kimdir birine gutlagy üç gezekden köp aýtsaň, onuň ýigrenjine mynasyp bolarsyň» diýýär.

 

* * *

Ibn Apbasyň hyzmatkäri bilen Kesir Yzzat ikisi bir günde wepat bolýar. Olaryň jynazasyny Ymara ibn Hazyma ibn Säbit okaýar. Olary bir ýerde jaýlaýarlar. Ymam: «Eý, Allam! Bu iki ynsany bir ýerde jem edişiň ýaly kyýamat güni hem olary biri-birinden aýyrma» diýip dileg edýär. Medinäniň ähli adamlary olara ýagşy dilegler edýärler.

 

* * *

Nasyr ibn Seýýar: «Ähli zatlar kiçilikden başlap ulalýandyr. Diňe merhuma bolan ahy-nala ulydan başlap soňra kiçelýändir» diýýär.

 

* * *

Isgender Zülkarneýniň ýakyn adamlarynyň biri wepat bolanda, ol gamlanyp oturýar. Onuň maslahatçysy:

– Ýeňilmezek şalary boýun egdiren, uly döwletleri basyp alan adama bir adamyň ölümine gynanyp gamlanmak geňdir – diýýär.

Onda Isgender:

– Ýakyn adamyň ölümine gynanmazlyk geňdir. Haçanam bolsa, biz hem bu dünýä, bu şalyk bilen hoşlaşmaly bolarys – diýýär.

 

* * *

Ibn Mugtaz: «Daş-töweregiňde ahy-nala köpelse, ýüregiňde gaýgy-gam köpeler» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet alaýhyssalamyň guburynyň ýanyna baryp: «Eý, Resulalla! Meniň ejem hem, kakam hem sensiň. Diňe seniň diýeniňe gulak goýdum. Diňe seniň ölümiň meniň üçin iň gynanç hadysa boldy» diýýär.

 

* * *

Magkal ibn Isanyň gyrnagy ölende, ol onuň ölümine gynanyp, köp wagtlap nähoşlap ýatýar.

 

* * *

Matar ibn Akkaş Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Eger kimdir biri nirededir bir ýerde ölmek isläp, Allatagaladan dileg etse, onuň bu dilegi kabul bolýandyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Ibn Apbas gyzy bilen Mekgä barýarka, onuň gyzy wepat bolanlardan birini ýatlap, aglap başlaýar welin, Ibn Apbas atyndan syrylyp düşüp, dessine iki rekat namaz okaýar. Soňra ellerini göge galdyryp: «Eý, Allam! Biziň ähli günädir ýalňyşlarymyzy bagyşlaýan özüňsiň» diýýär. Soňra atyna münüp ýene-de ýoluny dowam etdirýär.

 

* * *

Haýsydyr bir patyşanyň ýaş gyzy aradan çykýar. Ol bir uly dür daşyny öňünde goýup: «Kim-de kim gowy sözler bilen gynanç bildirip, meni köşeşdirip bilse, şu dür daşyny peşgeş berjek» diýip jar çekdirýär.

Bir çarwa onuň ýanyna gelip:

– Goý, Allatagala patyşanyň her bir eden işine sogap ýazsyn, oňa her bir işinde ýardamçy bolsun, biabraýlykdan saklasyn, ony we onuň maşgalasyny gabyr azabyndan, dowzahdan aman saklasyn – diýýär.

Onda patyşa:  

– Boldy, meniň gamly kalbym aram tapdy – diýýär we dür daşyny onuň öňüne oklap goýberýär.

 

* * *

Balhyň kazysynyň ejesi wepat bolýar. Oňa gynanç bildirmäge gelenleriň biri: «Eger ejeň ölümi seni gynandyran bolsa, goý, meniň bildirýän gynanjym seniň ýüregiňe melhem bolsun. Eger onuň ölümi gaty gynandyrmadyk bolsa, onda meniň bildirýän gynanjym oňa rehmet diledigim bolsun» diýýär.

 

* * *

Başga bir rowaýatda Balhyň kazysy ejesiniň ölümine gynanyp uzak wagtlap, öýünden çykman ýatýar. Bir adam oňa gynanç bildirmäge gelýär we oňa:

– Eý, Kazy! Näçe ýyl bäri Allatagalanyň bendeleriniň arasynda höküm çykarýarsyň? – diýýär.

Kazy:

– Otuz ýyl bäri – diýýär.

Ol adam:

– Heý şu çaka çenli seniň hökümiňe garşy çykan boldumy? – diýip soraýar.

Kazy:

– Ýok – diýip jogap berýär.

Onda ol adam:

– Onda näme üçin Allatagalanyň ýekeje çykaran hökümine garşy çykýarsyň – diýýär. Kazy şol günüň özünde işe çykýar.

 

* * *

Bir gezek Hajjajyň düýşünde iki gözi çykýar. Ol oýanyp, aýallary Hind bint Muhallyp we Hind bint Asma ibn Haryjany talak edýär. Ol düýşüniň ýorgudy şudur öýdýär. Emma köp wagt geçmän, onuň ogly Muhammet bilen dogany Muhammet ibn Ýusup bir günde wepat bolýar. Hajjaç: «Innä lillähi we innä ileýhi rajiun[2]» aýatyny okap, öňki gören düýşümiň ýorgudy şu bolmaly» diýýär.

 

* * *

Isgender Zülkarneýn bir şäheri basyp alyp, ol ýeriň şasynyň ähli kowum-garyndaşyny gyrýar. Soňra Isgender öz adamlaryndan:

– Heý şol patyşanyň neslinden diri galan adam barmydyr ? – diýip soraýar.

Olar:

– Hawa, bir adam bar. Ol hem gabrystanlykda ýaşaýar – diýýärler.

Isgender ol adamy getirmeklerini emr edýär. Ol adam getirilende Isgender ondan:

– Sen näme üçin gabrystanlykda ýaşaýarsyň ? – diýip soranda, ol:  

– Men patyşa bilen gul adamyň süňklerini deňeşdirip görmek isleýärin – diýýär.

Isgender oňa:

– Sen maksadyňa ýetmek üçin meniň bilen gidip bilersiňmi? – diýende, ol adam:

– Men hem maksadyma ýetmek isleýärin hem-de ýaşamak isleýärin. Sen bu ikisini hem maňa berip bilersiňmi ? – diýip soraýar.

Isgender oňa:

– Ýok – diýýär.

Onda ol adam:

– Onda maňa bu iki zady hem berip biljek adamlaryň ýanynda goý – diýýär.

Isgender ony azat edip goýberýär.

 

* * *

Adam ölmezinden öň çyranyň gaty ýanyp birden sönüşi ýaly, çalt-çalt hereketler edip, birden hem hereketden galýandyr. Tebipler beýle ýagdaýa: «Adamlar galan ähli güýjüni bir gezekde sarp edýändir» diýýärler.

 

* * *

Bir gezek Harun Reşit iň gowy görýän bir gyrnagynyň ölümine gamlanyp otyrka, onuň ýakyn adamlarynyň biri gelip:

– Eý, möminleriň emiri! Sen näme üçin gaýgy-gama batyp otyrsyň? – diýip soraýar.

Harun Reşit:

– Sen näme meniň ne hala düşenimi bileňokmy? Men kimdir birini gowy görýän welin, ol adam dessine wepat bolýar – diýýär.

Ol adam:

– Men hem öler ýaly, meni hem gowy görsene – diýýär.

Harun Reşit:

– Belki meniň gowy görmegimde hiç hili erbetlik ýokdur. Emma bir zat sebäp bolup, meniň gowy gören adamym wepat bolýar – diýýär.

Ol adam:

– Hany maňa «Men seni gowy görýärin» diý – diýýär.

Harun Reşit onuň diý diýen zadyny aýdýar welin, ol adam çiň arkan gaýdyp  şol ýerde jan berýär.

 

* * *

Hajjajyň ogly Muhammediň we onuň dogany Muhammet ibn Ýusubyň wepat bolanyndan soňra, halkyň arasyna Hajjaç hem wepat bolupdyr diýen habar ýaýraýar. Hajjaç bu habary eşidip: «Allatagala bakydyr, kyýamat gününe çenli uzak ömür sürjek bolsa Iblisdir. Emma Allanyň gowy gören pygamberleri hem bu dünýäden ötendir. Men hem bu gün bolmasa, ertir pany dünýäden öterin» diýýär.

 

* * *

Abu Sufýan ibn Harys ibn Abdylmuttalybyň neslinden bolan adamlaryň biri Hezreti Alynyň ogly Hasanyň (goý, Alla olardan razy bolsun!) gabrynyň ýanyna baryp: «Seniň jesediň bu gabra Alla iň ýakyn adamlaryň biri hökmünde depin edilendir. Seniň ruhyň üçin asmanyň ähli gapylary açylandyr. Seniň ruhyňy garşy almaga Muhammet alaýhyssalamyň özi begenip çykandyr. Jennetiň hüýrleri seni görmek we seni garşy almak üçin biri-birini itendirler. Olaryň birnäçesi seniň geleniňi Patma buşlamaga howlugandyr. Ýerde galan adamlaryň köpüsi bolsa, yslam dininiň iň ajaýyp adamlarynyň birini ýitirendigine gynandylar. Goý, Alla saňa rehmet etsin» diýýär.

 

* * *

Jerir ibn Abdylla Bajly (goý, Alla ondan razy bolsun!) «Meniň oglum wepat boldy welin, men ýüregimde hiç hili gynanç duýgusyny duýmadym. Emma bir otparaz gelip maňa: «Kimdir biriniň ýakyn adamy wepat bolanda bildirýän gynanjyňy özüňe-de aýdyp gör» diýdi. Men onuň diýenini edenimde ýüregim para-para bolup, ses edip aglanymy duýman galdym» diýýär.

 

* * *

Çarwa: «Mömin adam wepat bolanda, bu baradaky habary ilki bilen asmandaky perişdeler eşiderler. Olar bu habary biri-birine buşlarlar. Ýer ony öz gujagyna almaga howlugar. Adam ýeriň üstünden alnan toprakdan ýaradylsa-da, soňra onuň goýnuna siňýändir» diýýär.

 

* * *

Hasan Basra Hajjajyň ölendigini aýdanlarynda, ol: «Eý, Allam! Onuň ýaman günä işlerini geçir we oňa rehmet et» diýip dileg edýär.

 

* * *

Ümmi Selme:

– Muhammet alaýhyssalam bize: «Eger hassany görmäge ýa-da jynaza barsaňyz, ýagşy sözler aýdyň. Sebäbi perişdeler siziň diýeniňizi kabul edýändir» – diýdi.

Abu Selme wepat bolanda, men bu habary Muhammet alaýhyssalama ýetirdim. Muhammet alaýhyssalam maňa:

– Dileg edeniňde: «Eý, Allam! Maňa we merhuma rehmet et. Meniň we onuň ahyrymyzy ýagşy et» diýip dileg et – diýdi.

Men onuň diýşi ýaly etdim we Abu Selmeden soň iň haýyrly adama – Allanyň Resulyna durmuşa çykdym diýýär.

 

* * *

Akba ibn Amyr: «Men köplenç gabrystanlyga barýaryn. Sebäbi gabrystanlykda diriler üçin ybrat bardyr. Ol ýere baranyňda, senden öň hem nije-nije ärleriň bolandygyny, emma wagty gelende olaryň hem bu dünýäden ötendigini görüp, günä iş etmekden tisginýärsiň» diýýär.

 

* * *

Zeýt ibn Aslan: «Yslam dininden dört ýüz ýyl öň jynaza okalmaýardy» diýýär.

 

* * *

Halyt Manzar ibn Jarudy ýatlap şeýle diýýär:

 

Seň tabydyň göterip gitdiler alys,

Bedenim lagar düşdi, gowşadym halys.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Eger musulman adam Allatagala ybadat etse, nebsine haý diýse, eden günä işlerine toba kylsa, aýşy-eşretden daşda dursa, şeýtanyň was-wasyna gulak goýmasa, ölüm gelen pillesi gapyl galmaz» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Muhammet alaýhyssalam dünýäden ötende, ýüzümi onuň döşünde goýdum we uzak oýlandym. Soňra ony ýuwmaga girişdim. Maňa bu işimde perişdeler kömek berýärdiler. Hatda olaryň sesleri hem eşidilýärdi. Soňra men jynaza namazyna durdum. Perişdeler hem jynaza durdular. Pygamberi gabryna salýançak, perişdeler ahy-nala dartyp durdular» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Bu dünýäde ýaşanyňyzda maly-dünýä kowalaşmaň. Bu dünýäde ýaşanyňyzda, misli bu dünýäniň adamy däl ýaly bolup ýaşaň. Baýlyga kowalaşmaýan adam ölüminden gorkar, ölümden gorkýan bolsa, günä iş etmez» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Ýakyn adamyňyz wepat bolanda, el urup aglamaň. El urup aglaýanyň sogap işleri gider» diýýär.

 

* * *

Abdylla ibn Marzuk Selama:

– Eý, Selama! Meniň saňa haýyşym bar – diýýär.

Selama:

– Ol nähili haýyş? – diýip soraýar.

Onda Abdylla:

– Men wepat bolanymda, meniň jesedimi zibile oklagyn.

Allatagala zibilde ýatan jesedimi görüp, maňa rehim etmezmikä – diýýär.

 

* * *

Meýmun ibn Mehran: «Men Ibn Apbas Taýyfda wepat bolanda, onuň jynazasyna gatnaşdym. Merhumyň tabydyny ýerde goýup, namaza duranymyzda asmanda bir ak guş peýda boldy. Ol guş asmanda aýlanyp-aýlanyp, Ibn Apbasyň kepenine girdi. Biz kepeni açyp, guşy çykarmakçy bolduk. Emma kepeniň içinde hiç hili guş ýokdy» diýýär.

 

* * *

Muhammet ibn Menazyr Abdylmejit ibn Abdylwahhap Sakafy wepat bolanda, oňa mersiýe ýazýar. Bu mersiýe üç ýüz beýtden ybaratdy.

 

* * *

Ýakup ibn Rabyga dogany Fazyl ibn Rabyganyň Melek diýen gyrnagyna aşyk bolýar. Ol ýedi ýyllap bu gyrnagy doganyndan dileýär. Ol Fazyla Melek üçin islendik puly tölejekdigini aýdýar. Ýakup ahyry ol gyrnagy alýar we onuň bilen alty aý bolandan soň wepat bolýar. Ol ölmezinden öň şeýle diýýär:

 

Melegimden aýrylsam çekerin ahy-nala,

Melegimden aýrylyp, duşaryn Melek ýala[3].

 

* * *

Japar Säbit Bennany ölmezinden öň gabyr gazdyrýar we ol şol ýerde namaz okaýardy. Ol tä bu dünýäden ötýänçä, köp wagtyny gabyrda geçirdi.

 

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Abdylmälik ölmezinden öň Welidi ýanyna çagyryp:

– Eý, Welit! Eger men bu dünýäden ötsem, halypalygy sen dolandyr. Emma meniň ölümime gynanyp, adamsy ölen zenan ýaly gözüňi ýaşlap oturma. Meni gabra depin edeniňizden soňra, öz işleriň bilen meşgul bol. Gaplaňyň derisinden lybas geýip, halypalygy dolandyr. Kim-de kim seniň ýüzüňe gelse, onuň bilen gylyjyň gürleşsin – diýýär.

Welit onuň ýanyndan çykyp gidenden soň, Abdylmälik ýanyna Ýezit ibn Mugawyýanyň ogullary Muhammet bilen Halydy çagyryp:

– Halypalyga menden soň Welit dolandyrar, siziň şoňa garşylygyňyz barmy? – diýende, olar:

– Biz halypalyga Welitden başga mynasyp adam bardyr hem öýdemizok – diýýärler.

Abdylmälik:

– Eger başga jogap beren bolsaňyz, kelläňizi alardym – diýýär we ýatan düşegini galdyryp, aşagynda duran gylyjyny görkezýär.

Soňra Abdylmäligiň haly teňleşip özünden gidýär. Şol wagt Welit iki gyzy bilen aglap, Abdylmäligiň otagyna girýär. Abdylmälik özüne gelip suw soraýar. Onuň tebibi oňa suw içmegi gadagan edipdi. Abdylmälik:

– Suw içemde, janym çykýan hem bolsa, maňa içmäge bir suw beriň – diýýär.

Oňa suw berýärler. Abdylmälik suwdan ganyp, şol wagtyň özünde-de jan berýär.

 

* * *

Ibn Omar: «Musulman adam öz ýakyn adamlaryna näme wesýet etmek islese, wesýetlerini kagyza ýazyp, ýanynda göterse ýagşydyr» diýýär. Ibn Omar wepat bolanda, onuň wesýetleri ýazylan kagyzy jübüsinden tapýarlar.

 

* * *

Jabyr: «Ölüminiň öň ýanynda wesýet edýän adam, misli nahardan doýup baýlyk paýlaýan adam ýalydyr» diýýär.

 

* * *

Ibn Apbas: «Wesýet arkaly kimdir birine zyýan ýetirtmek uly günädir» diýýär.

 

* * *

Mugawyýa ibn Kurra ölmezinden öň wesýet edende, Gurhanyň sözlerini aýdyp wesýet edýär. Ol ogullaryna ýaşan ömründe töläp bilmedik zekatlarynyň keffaratyny tölemegi[4] wesýet edýär.

 

* * *

Fazyl ibn Apbas şeýle diýýär:

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam meniň ýanyma gelip, meniň bilen metjide gitdi. Soňra ol münbere münüp:

– Eý, Fazyl! Adamlary çagyr – diýýär.

Adamlar üýşenden soňra Allatagala öwgüler we sena aýtdy we:

– Eý, halaýyk! Kim-de kim menden göwni galan bolsa aýdyň. Kimiň arkasyna gamçy uran bolsam, ynha meniň arkam. Kime sögen bolsam, islese maňa sögsün. Eger kime bergim bolsa aýdyp, menden algysyny alsyn. Hakyny talap edene men gaharlanar öýtmesin. Gaharlanmak meniň tebigatyma mahsus däldir. Men özüniň hakyny talap edýänleri halaýaryn. Sebäbi men Allatagalanyň gaşyna baranymda päk göwünli we bergisiz barmak isleýärin – diýýär.

 

* * *

Ýene-de bir gezek Muhammet alaýhyssalam öňki gürrüňini gaýtalanda, bir adam ýerinden turup:

– Eý, Resulalla! Seniň maňa üç dirhem bergiň bardyr – diýýär.

Muhammet alaýhyssalam onuň puluny gaýdyp berýär. Şol wagt Akkaşa ibn Muhsyn:

– Men hem hakymy alsam bolýarmy? – diýip soraýar.

Muhammet alaýhyssalam:

– Hawa, sebäbi bergim üçin kyýamatda azap çekenimden bu dünýäde haklaşanym ýagşydyr – diýýär.

Akkaşa:

– Sen meni ýalaňaç halda taýak bilen urduň – diýýär.

Muhammet alaýhyssalam donuny çykaryp, ýere taşlaýar. Akkaşa Muhammet alaýhyssalamyň arkasyndan ogşap:

– Eý, Allam! Şu bedeni dowzah odundan goraýşyň ýaly meni hem dowzah odundan gora – diýýär.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

– Allatagala seni hem dowzah odundan gorar – diýýär.

Akkaşa:

– Eý, Resulalla! Men seniň günäňi geçdim – diýýär.

Muhammet alaýhyssalam:

– Allatagala pygamberleriniň günäsini geçeniň günäsini geçýändir – diýýär.

 

* * *

Osman ibn Affan (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýýär:

Muhammet alaýhyssalam:

– Kimdir biri bu dünýäden ötende dört adam ony ýagşylykda ýatlasa, Allatagala ol merhumy jennete girizer – diýdi.

Biz ondan:

– Üç adam ýatlasa näme? – diýenimizde, ol:  

– Üç adam ýatlasa-da, jennete girizer – diýdi.

Biz:

– Iki adam ýatlasa näme? – diýenimizde, ol:

– Iki adam ýatlasa-da jennete girizer – diýdi.

Biz bir adam ýatlasa nähili bolýandygyny soramadyk.

 

* * *

Suban: «Bir gezek jynaza gidenimizde Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna bardyk. Ol öýünden çykyp bize seretdi. Biziň hemmämiz ulaglydyk. Ol bize: «Utanaňzokmy? Jynaza gidilende perişdeler hem ýöräp gidýändirler. Siz bolsa ulaga münüp otyrsyňyz» diýdi. Biziň ählimiz ulagdan düşüp, ulagymyzy idip gitdik» diýýär.

 

* * *

Enes: «Bir adam gelip, Muhammet alaýhyssalama «Men doňýürek» diýende, Resulalla oňa: «Gabrystana zyýarat et we ol ýerdäkilerden ybrat al» diýdi» diýýär.

 

* * *

Osman ibn Affan (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Muhammet alaýhyssalam: «Iň owadan ýer gabrystanlykdyr» diýerdi» diýýär.

Osman gabrystanlyga zyýarata barardy we uzak wagtlap aglap oturardy. Oňa jennetdir dowzah hakynda gürrüň berenlerinde-de ol beýle gözýaş dökmezdi. Ondan:

– Sen näme üçin gabrystanlykda örän köp aglaýarsyň? – diýip soranlarynda, ol:

– Muhammet alaýhyssalam: «Ahyretiň ilkinji otagy gabyrdyr. Kim ol ýerde halas bolsa, ahyretde hem halas bolar. Kim ol ýerde ezýet çekse, ahyretde hem ezýet çeker» diýipdi – diýip jogap berýär.

 

* * *

Abdylla ibn Omar gabrystanlygyň duşundan geçse, iki rekat namaz okardy. Ol: «Gabrystanyň ýanynda namaz okamak, ol ýerde ýatan jemagaty ýatlamakdyr» diýýär.

 

* * *

Mugaz ibn Ryfaga ibn Rafyg Zyrky: «Maňa bu wakany meniň kowumymyň ýaşululary gürrüň berdiler. Bir gezek Jebraýyl alaýhyssalam gijäniň ýarynda Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna gelip: «Eý, Muhammet! Asmanyň ähli gapylary açyldy we ol ýerde arş taýýar edildi. Kim wepat boldy?» diýenden, Muhammet alaýhyssalam çaltlyk bilen donuny geýip, Sagyt ibn Mugazyň öýüne ylgapdyr. Ol baranda Sagyt eýýäm amanadyny tabşyran eken».

 

* * *

Jabyr: «Sagyt ibn Mugazy depin edenimizde Muhammet alaýhyssalam tesbi sanady. Adamlar onuň edenini gaýtaladylar. Soňra adamlar onuň beýle etmesiniň sebäbini soranlarynda, ol: «Men beýle salyh adamyň ruhunyň Allanyň gaşyna tiz barmagyny isledim» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam gabrystana zyýarat edende, iki gabryň ýanynda saklanyp doga edýär. Adamlar onuň näme üçin doga edendigini soranlarynda, ol:

– Bu iki gabyrda ýatanlara azap berilýändir. Olaryň biri Alla şirk ýetirip, alaja dakandyr, beýlekisi bolsa buşugyp arassalanman, balagyny hapalandyr. Men olary azapdan halas etmek üçin dileg etdim – diýýär.

 

* * *

Äşe (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Adam gabra salnanda, gabyr ol adamy gysýandyr. Eger musulmanlardan kimdir biri şeýle ýagdaýdan halas bolan bolsa, onda ol Sagyt ibn Mugazdyr» diýýär.

 

* * *

Enes: «Eger adam çagasy eden günä işleri üçin gabyrda azap berilýändigi hakynda ýekeje gezek oýlansa, bu dünýäniň halal aýşy-eşretiniň hem lezzetini duýmazdy. Eý, Allam! Gabyr azabyndan özüň gora» diýýär.

 

* * *

Allanyň beren nygmatyna boýun bolýaryn we hemişe onuň emrine taýýardyryn.

 

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa: «Bir gezek meniň ýanyma köpi gören bir garry aýal geldi. Men onuň bilen sorag-jogap alyşdym. Ol aýal: «Biziň kowumymyzyň garry ýaşululary: «Adam gabra salnanda oňa garşy dört sany uly ot gaýdar. Merhumyň okan namazy gelip, bir ody öçürer. Orazasy gelip, ýene bir ody öçürer. Beren sadakasy gelip, ýene-de bir ody öçürer. Eger ol adamyň ýaş çagasy ölen bolsa, ol çagasynyň ölümine eden sabyr-takaty gelip, ýene bir ody öçürer» diýdiler» diýip, garry aýal gürrüň berýär. Mugawyýa oňa: «Eý, mama! Eger sen şol gabyrda bolsaň, seniň ýeke özüň şol otlaryň ählisini öçürersiň» diýýär.

 

* * *

Abu Hazym gazylan gabryň gyrasynda oturyp, ýoldaşyndan:

– Näme görýärsiň? – diýip soraýar.

Onuň ýoldaşy:

– Çuň gazylan çukurdan başga hiç zat göremok – diýýär.

Onda Abu Hazym:

– Wah, şu çuň gazylan çukurda näme bolup geçýändigini bilseň, sen beýle diýmezdiň – diýýär.

 

* * *

Hatym Asam şeýle diýýär: «Her gün ir bilen şeýtan meni azdyrjak bolup: «Näme iýýärsiň, näme geýýärsiň we nirede ýaşaýarsyň?» diýip, waswasy etmäge synanyşýar. Men onuň sözlerine: «Iýmitim ölüm, eşigim kepen we ýaşaýan ýerim gabyr» diýip jogap berýärin.

 

* * *

Emewiler halypasy Abdylmälik özüniň maslahatçysyny diýseň gowy görerdi. Ol oňa köp pul peşgeş bererdi. Abdylmälik wepat bolanda, onuň maslahatçysy onuň çagalaryna gynanç bildirmekçi bolup, onuň köşgüne baranda olar miras paýlaşyp bilmän, uly dawa turuzýardylar. Ol sesini çykarman, köşkden çykyp gaýdýar.

 

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz Rija ibn Haýwaty ýanyna çagyryp:

– Eý, Rija! Eger men öläýsem, meni gabra goýanlarynda meniň ýüzümi açyp gör. Eger ýüzüm gowy halda bolsa, onda arkaýyn bol we Allatagala şükür aýt. Eger ýüzüm erbet halda bolsa, onda bilgin Omar heläk bolýandyr we doga edilmegine mätäçdir – diýýär.

Köp wagt geçmän Omar wepat bolýar. Ony gabra salan wagtlary Rija onuň ýüzüni açyp görýär. Omaryň ýüzi nurludy. Rija bu ýagdaýy görüp, Allatagala öwgi aýdýar we Omaryň ahyretde ýagşy haldadygyna göz ýetirýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziziň gyzy wepat bolýar. Adamlar oňa gynanç bildirmäge gelýärler. Emma Omar hajybyny ýanyna çagyryp:

– Olara aýt! Biz gyzymyz ýa-da gyz doganlarymyz üçin gynanç kabul edemizok – diýýär.

Hajyp Omaryň aýdanlaryny adamlara ýetirýär. Adamlar öýli-öýüne dolanýarlar.

 

* * *

Rija ibn Haýwat: «Emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz ölüm ýassygynda ýatyrka, meni çagyrdy. Men onuň ýanyna baranymda, ol maňa: «Eý, Rija! Maňa her hili keşpdäki ýüzler görünýär. Emma olar ynsyň we jynyň hem ýüzi däl» diýdi we sag gapdalyna aýlanyp ýatdy. Soňra iki elini galdyryp: «Eý, Allam! Sen meniň Rebbimsiň. Emr etdiň boýun egmedim. Günä, haram işleri etmegi gadagan etdiň, gadagan eden işleriňi etdim. Eger geçirimlilik etseň, men özümi bagtly saýaryn. Eger geçirmeseň, men özüme zulum etdigim bolar. Meniň soňky ykbalym nähili bolsa-da, seniň ýekedigiňe we Muhammediň seniň pygamberiňdigine şaýatlyk edýärin» diýdi we amanadyny tabşyrdy. Goý, Alla oňa rehim etsin» diýýär.

 

* * *

Amyr ibn Abdylla ibn Zubeýr haýsydyr bir gabryň ýanyndan geçip barýan bolsa, ol gabyrdaka: «Eger seni gabyr gysmaýan bolsa ýa-da saňa gabyrda azap berilmeýän bolsa, onda sen möminsiň» diýerdi.

 

* * *

Kesir ibn Zeýt: «Hekim ibn Hyzam tekepbir adamdy. Birden onuň gözi kör boldy we şol wakadan soň ömrüniň ahyryna çenli: «Eý, Allam, senden başga Hudaý ýokdur. Seni söýýärin we özüňden gorkýaryn» diýerdi» diýýär.

 

* * *

Asma bint Amys: «Ibn Müljem Hezreti Alyny (goý, Alla ondan razy bolsun!) pyçaklandan soňra, ilkinji bolup ylgap baranlaryň içinde men hem bardym. Ol kynlyk bilen dem alýardy. Ol kä özünden gidýärdi. Birden hem ol özüne gelýärdi we:

– Hoş gördük, hoş gördük! Wadasynda tapylan we bize jenneti bagyş eden Allatagala öwgüler bolsun – diýýärdi.

Adamlar ondan:

– Näme görýärsiň? – diýip soranlarynda, ol:

– Ynha, Resulalla, doganym Japar we kakamyň dogany Hamzany, asmanyň açyk gapylaryny, asmandan inip, maňa salam berýän perişdeleri, ähli jennetiň hüýrlerine baş bolup gelýän Patmany, jennetiň otaglaryny we ol ýerde hyzmat edip ýören ýaş hyzmatkärleri görýärin – diýýärdi» diýip, Asma gürrüň berýär.

 

* * *

Bir adam Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) gabrynyň ýanyna gelip: «Seniň ömrüň haýyr işleriň açary we şer işleriň gulpy bolsa, wepatyň şer işleriň açary we haýyr işleriň gulpy boldy» diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa Hezreti Alynyň ogly Hasany (goý, Alla olardan razy bolsun!) öldürtmek üçin Hasanyň aýaly Jagda bint Aşgasa ýüz müň dirhem berýär.

Jagda her gün Hasanyň naharyna zäher goşup bererdi. Iki aý geçenden soňra Hasanyň agzyndan gan gelip başlaýar we köp wagt geçmän wepat bolýar. Jagda Kuraýyşlardan birine durmuşa çykýar we ogly bolýar. Ol oglan öz deň duşlarynyň arasynda oýnamaga çykanda, oglanlar oňa: «Ärini zäherleýjiniň ogly» diýerdiler.

 

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa Hasanyň öldi habaryny eşidip tekbir aýdýar. Şamyň ähli ýerinde Mugawyýanyň edenini gaýtalaýarlar. Patma bint Kyrt Mugawyýanyň tekbir aýdýandygyny eşidip, ondan:

– Eý, möminleriň emiri! Sen näme sebäpden tekbir aýdýarsyň? – diýip soranda, Mugawyýa:

– Sen näme eşitmediňmi? Hasan wepat boldy ahyryn – diýýär.

Patma:

– Heýde Muhammet alaýhyssalamyň agtygynyň, Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!) bilen Patmanyň oglunyň ölümine-de tekbir aýdylarmy? – diýýär.

Onda Mugawyýa:

– Men onuň ölendigi üçin däl-de, ýüregimiň rahatlyk tapany üçin tekbir aýtdym – diýýär.

 

* * *

Hasan dogany Hüseýine: «Eger men öläýsem, meni başarsaň Muhammet alaýhyssalamyň ýanynda, ol bolmasa-da onda Bakyg gabrystanlygynda depin et» diýýär.

Hasan wepat bolanda Hüseýin we onuň hyzmatkäri ýarag dakynyp, Hasany Resulallanyň ýanynda depin etmekçi bolýarlar. Emma Mugawyýanyň adamlary ony Resulallanyň ýanynda depin etdirmeýärler. Ondan soňra Hasan Bakyg gabrystanlygynda jaýlanýar.

 

* * *

Aly ibn Hüseýiniň bir dosty bardy. Onuň ogly wepat bolýar welin, ol diýseň gynanýar. Aly oňa gynanç bildirýär we öwüt berýär. Onuň dosty:

– Meniň oglum bu dünýäde haýyr we şer işleri seljerip ýaşamady – diýýär.

Onda Aly:

– Gynanma, seniň ogluňy şu üç zadyň biri,  ýagny «Alladan başga Hudaý ýokdur» diýip aýdan kelemesi, Pygamber şepagaty we Allanyň rehmeti hökman halas eder – diýýär.

 

* * *

Adam alaýhyssalam ölüm ýassygynda ýatyrka ogly Şişi çagyryp: «Eý, oglum! Men ölenimden soň meniň jesedimi meniň jennetden getiren süýt we ýagym bilen sürtgün. Ýag we süýt çalnan jesediň hiç bir agzasy dargaman kyýamat gününe çenli saklanýandyr. Saňa-da ýag bilen süýdi hemişe ýanyňda saklamagy wesýet edýärin. Ýanynda ýag we süýt bar adamyň ýanyna şeýtan golaýlaýan däldir. Meniň jesedimi tabyda salyp ýere gömgün ýa-da gowaga salgyn» diýýär.

Adam alaýhyssalam dokuz ýüz altmyş ýaşap, Gurbansoltan aýynyň altysyna wepat bolýar. Onuň jynazasy jennetden çykan wagtyna laýyklykda okalýar. Onuň ýasy bir ýüz kyrk günläp dowam edýär.

 

* * *

Ibn Apbas: «Adam atanyň gabry Haýfa şäheriniň düzlügindedir» diýýär. Ata bolsa: «Adam atanyň gabry Haýfa metjidiniň merkezindäki minaranyň aşagyndadyr» diýýär.

 

* * *

Wehp ibn Munebbih: «Kapyryň tabydy onuň dowzaha çenli ulagydyr» diýýär.

 

* * *

Tawus ogluna: «Eý, oglum! Meni gabra salanlaryndan soň gabra seret. Eger meni görseň, Alla şükür et. Eger görmeseň-de, «Biziň hemmämiz Allanyňkydyrys we ýene-de onuň ýanyna dolanyp barýandyrys» diý» diýip wesýet edýär.

 

* * *

Talha (goý, Alla ondan razy bolsun!) Basrada derýanyň kenarynda jaýlanýar. Günleriň birinde ol hyzmatkäriniň düýşüne girip: «Menden habar tutuň, men suwa gark bolýan» diýýär.

Onuň hyzmatkäri bolan wakany onuň maşgalasyna gürrüň berýär.Talhanyň maşgalasy onuň jaýlanan ýerine baryp görseler derýa joşup, Talhanyň mazarynyň bir gyrasyny açypdyr. Olar Basradan on müň dirheme jaý satyn alyp, onuň gabryny şol jaýa göçürýärler.

 

* * *

Ibn Şehap: «Bir adam Abubekre (goý, Alla ondan razy bolsun!) bugdaý dänesini berýär. Şol wagt onuň ýanynda Harys ibn Kelde otyrdy. Ol ikisi bu bugdaý dänesinden iýýärler. Harys Abubekre: «Megerem, bu dänede uzak wagtdan täsir edýän zäher bar bolsa gerek. Eger meniň çakym çak bolsa, biz bir ýyldan köp ýaşamarys» diýýär. Olaryň ikisi hem ýylyň başynda bir günde wepat bolýarlar» diýýär.

 

* * *

Abu Hureýra kimdir biriniň ölendigini eşitse: «Bu dünýäde sen hem panydyň men hem pany» diýerdi.

 



[1]Yslam düzgüni boýunça ýanýoldaşy wepat bolan aýal äriniň ojagyny dört aý on gün saklamalydyr. Diňe şondan soň onuň täzeden durmuş gurmaga hukugy bolupdyr.

[2]«Biz Allatagalanyňkydyrys we ýene-de onuňň ýanyna dolanyp barmalydyrys».Bu doga merhum ugradylanda okalýar.

[3]Bu ýerde ölenden soň perişdä duşjagyny aýdýar.

[4]Keffaratyny tölemek – öwezini dolmak.