ÝETMIŞ ÝEDINJI BAP PATYŞALAR, SOLTANLAR, EMIRLER, HALYPALAR WE OLARA BOÝUN BOLMAK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝETMIŞ ÝEDINJI BAP PATYŞALAR, SOLTANLAR, EMIRLER, HALYPALAR WE OLARA BOÝUN BOLMAK HAKYNDA

Bir gezek Hasan Basry Hajjaja:

– Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Soltana hormat goýuň we oňa boýun boluň. Eger soltan adyl bolsa, onda ol Allanyň ýerdäki kölegesidir, ýagny ol Allanyň penakärlik edýän adamydyr» – diýýär.

Hajjaç:

– Bu hadysda «Eger soltan adyl bolsa» diýen söz ýokdy – diýýär.

Onda Hasan:

– Ýok, bu söz hadysda bardy – diýýär.

 

* * *

Bir gezek Omar Muhammet alaýhyssalamdan şalara boýun bolmak hakynda soranda, Muhammet alaýhyssalam:

– Soltan Allanyň ýerdäki wekilidir. Eger ol adyllyk bilen höküm sürse, onda oňa sogap ýazylar. Size bolsa Allatagala şükür etmek galýar. Eger ol zalymlyk bilen höküm sürse, oňa günä ýazylar, size bolsa sabyr-takatly bolmak galýar – diýýär.

 

* * *

Mälik ibn Dinar şeýle diýýär: «Gadymy kitaplaryň birinde: «Allatagala: «Men şalaryň şasydyryn. Ýer ýüzündäki ähli şalaryň kalby meniň elimdedir. Olardan haýsysy meniň diýen ýolum bilen gitse, sogap we işinde üstünlik gazanar. Ahyretde ol adamyň jaýy jennetdir. Olardan haýsysy meniň ýolumdan azaşsa, günä gazanar we meniň gazabyma duçar bolar. Onuň jaýy dowzahdyr» diýýär» diýip ýazylgydy».

 

* * *

Mutryf: «Käbir şalaryň ilki şalyga geçende, pespälligine seretmäň. Olar basym üýtgemek bilen bolýar» diýýär.

 

* * *

Abu Ymran Juýuny: «Meniň eşidişime görä, kyýamat güni Allatagala zalymlyk bilen höküm süren hökümdara örän ezýetli azap berýär. Ol zalym hökümdary demire berkidip, dowzah oduna okladýar. Ol adamlaryň iýjegi porsy iýmit, içjegi iriň bolar» diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Abdylmälikden:

– Amr ibn Sagyt Aşdagy öldürdeniň çynmy? – diýip soranlarynda, ol:

– Hawa, ony öldürdenime ökündimem welin, iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz – diýýär.

 

* * *

Zyýat bir adamyň ýaşaýan döwründen nalyş edýändigini eşidip: «Eý, adam! Eger seniň nalyşyňy döwür eşitse, ol seniň kelläňi aldyrardy. Haýsydyr bir döwürden nägile bolmak, şol döwürde höküm sürýän soltandan nägile bolmakdyr» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Jahza Ysmaýyl ibn Bilbili weziri bellemekçi bolanda, oňa: «Eý, Ysmaýyl! Wezipe köp adamy masgaraçylyga eltýändir. Wezipä gelmänkäň wyjdan baýlygyny topla. Wyždany bolan şer işe seretmez» diýýär.

 

* * *

Ammar ibn Ýasyr Kufanyň häkimliginden aýrylanda: «Wezipeden aýrylan süýtden kesilen çaga ýalydyr» diýýär.

 

* * *

Isgender Zülkarneýn: «Biziň bilmeýän adamymyz we bizi tanamaýan adam bagtlydyr. Sebäbi biziň tanaýan adamymyzyň we bizi tanaýan adamyň güni kyn geçer we olaryň ukusynyň lezzeti ýiter» diýýär.

 

* * *

Bir pelsepeçi: «Özüniň nebsine şalyk edip bilen adam iň beýik şadyr» diýýär.

 

* * *

Japar ibn Muhammet: «Öň zalymlyk eden soltan raýatlaryna haýyr iş edip, öňki zalymlygynyň günäsini ýuwup biler» diýýär.

 

* * *

Buzurgmehr: «Zalym soltan zalymlygyny diňe tagtyndan düşensoň goýar» diýýär.

 

* * *

Gadym döwürde Ýunanyň şasy wepat bolýar. Olar bir adamy şa goýmakçy bolýarlar. Emma pelsepeçileriň biri:

– Ol şa bolup bilmez. Sebäbi ol jedeli gowy görýär. Jedel bolsa zulumdan bir ädim uzaklykdadyr. Zalym adamyň raýatlara zulum etmegi mümkindir. Ejiz adam hem şa bolmaga mynasyp däldir. Sebäbi ol duşmana gaýtawul berip bilmez – diýýär.

Adamlar bu pelsepeçiniň özüni şa saýlamagy makul bilýärler.

 

* * *

Abdylla ibn Zyýat: «Emir bolmak aňsatdyr. Emma ähli adamlara deň göz bilen seredip, adyl höküm sürmek kyndyr» diýýär.

 

* * *

Halyg Basry Bahyly şeýle diýýär:

 

Mamundyr elbetde, Allaň nygmaty,

Berilendir oňa Hak keramaty.

 

Hak bilen batylyň arasyn açdy,

Alla bendelerne bereket seçdi.

 

Biziň bagtymyza bolduň hökümdar,

Gamly köňlümize sensiň medetkär.

 

* * *

Bir adama:

– Seniň doganyň emir bolupdyr. Sen ony gutlaňokmy? – diýenlerinde, ol:

– Men onuň haýyr işler edip, raýatlaryň arasynda abraý gazanandygyny  görenimden soň gutlap bilerin – diýýär.

 

* * *

Bir çarwa soltanyň wezipeli adamlarynyň birini görüp: «Eý, bende! Saňa nebsim agyrýar. Sen diýjek zadyňy diýip, etjek zadyňy edip bilmän ýören adamsyň. Üstesine-de, soltanyň edýän günä işlerine-de şäriksiň» diýýär.

 

* * *

Balh şäheriniň Nowbahar galasynyň derwezesinde: «Şalar akyla, sabyrlylyga we baýlyga mätäçdirler» diýen ýazgy bardy. Bu ýazgynyň aşagynda bolsa: «Ýalançy we kezzap Allanyň duşmanydyr. Eger Allanyň duşmany bolasyň gelmeýän bolsa, şalardan daşda dur» diýen ýazgy bar eken.

 

* * *

Sagyt ibn Halyt: «Soltanlyk misli hammamdyr. Hammama giren ondan çykmak isleýändir. Hammamyň daşyndakylar bolsa oňa girmek isleýändir» diýýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mamun: «Halypa altyn-kümüşden däl-de, abraýdan baýlyk toplamalydyr» diýýär.

 

* * *

Çarwa: «Soltanyň ýanyndaky adamlar uzak wagtlap gürrüňdeş bolmaga we birnäçe wagtlap ukusyz gezmäge ukyply adamlar bolmalydyrlar» diýipdir.

 

* * *

Bir dana: «Soltanyň wezipeli adamlary özlerine degişli möhüm işi şol günüň dowamynda ýerine ýetirmeli. Möhüm bolmadyk işini bir aýyň içinde ýerine ýetirmeli. Soltanyň buýran işini welin, möhümmi, möhüm dälmi, şol sagatda ýerine ýetirmeli» diýýär.

 

* * *

Halyt ibn Safwan: «Soltanyň ýakyn adamlary soltana ýakyn bolmak üçin biri-birine duşmançylyk edýändirler. Olar soltanyň ynamyna girmek, ony öz tarapyna çekmek üçin dürli hilelere, aldawa, töhmete ýüz urýandyrlar» diýýär.

 

* * *

Abu Huraýra şeýle wakany gürrüň berýär. Ol: «Bir gezek Hind Mekgede bir daşa ýaplanyp otyrdy. Onuň ýanynda ogly bardy. Olaryň duşundan geçip barýan adam, ol oglana: «Meger şu oglan bir kowuma hökümdar bolar» diýýär. Onda Hind: «Meniň üçin ol öz kowumyna hökümdar bolmasa, başga kowuma hökümdar bolanynyň haýry ýokdur» diýýär.

 

* * *

Hysrow Mubzandan:

– Soltana abraý getirip biljek iň esasy zat nämedir? – diýip soranda, ol:

– Adyllyk, sebäbi raýatlar adyl soltanyň hiç bir ýagdaýda aldamajagyny bilip, oňa doly ynanarlar we boýun bolarlar – diýýär.

 

* * *

Şalar ýekeligi ýa-da ýeke-täkligi halaýandyrlar. Eger olar başarsalar, howadan ýeke özleri dem alyp, derýanyň suwuny hem ýeke özleri içerdiler.

 

* * *

Erdeşir ibn Bäbek kellesine täç geýse, hiç kim kellesine telpek geýmezdi. Eger bir lybas geýse, hiç kim şoňa meňzeş lybas geýmeli däldi. Eger ol eline ýüzük dakynsa, ähli halka ýüzük dakynmak gadagandy.

 

* * *

Abu Ahyha Sagyt ibn As Mekgäniň häkimidi. Ol bir don geýse, şoňa meňzeş dony başga adamlara geýmegi gadagan ederdi.

 

* * *

Eger Hajjaç kellesine bir telpek geýse we kimdir birem şoňa meňzeş telpek geýip onuň ýanyna geläýse, şol adamyň dat gününedi.

 

* * *

Emewiler halypasy Abdylmälik sary matadan don geýse, ol şol donuny çykarýança, onuň ýakyn adamlary sary reňkdäki lybaslaryny geýmäge het edip bilmezdiler.

 

* * *

Raýatlaryny razy etmek isleýän soltan raýatynyň düýşünde arzuw edýän zadyny hem bilmelidir we şol arzuwy ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr.

 

* * *

Erdeşir özüniň ýakyn adamlarynyň näme bilen meşgul bolýandygyny bilýärdi. Ol öz adamlaryna: «Sen gije pylan ýere gitdiň ýa-da pylany bilen duşuşdyň» diýip dogry aýdardy. Onuň ýanyndaky adamlar: «Erdeşiriň ýanyna perişdeler gelip ähli zatlary habar berýärler» diýerdiler. Emma Erdeşir gijeler ýatman raýatlaryň arasyna aýlanýardy.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) raýatlardan kimdir biri ondan nägile bolsa, misli ol adam bilen bir düşekde ýatyp-turýan ýaly habarly bolardy. Mugawyýa hem halypalyga gelende Omaryň bu häsiýetine öýkündi.

 

* * *

Bir adam apbaslylar halypasy Mamunyň ýanyna gelip, maşgalasyny eklär ýaly bir zat bermegini soraýar. Mamun ondan:

– Seniň maşgalaňda näçe adam bar? – diýip soraýar.

Ol adam maşgalasynyň adam sanyny köpeldip aýdýar. Mamun oňa hiç zat bermeýär. Indiki ýyl ol adam gelip, ýene-de maşgalasyny eklär ýaly zat dileýär we dogrusyny aýdýar. Mamun oňa örän köp pul peşgeş berýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Hyşama halypa bolandygyny buşlanlarynda, ol ýerinden turup, sejde edýär. Onuň ýanyndaky Abraş Kelbiden başga ähli adamlar onuň hereketini gaýtalaýarlar. Hyşam oňa:

– Sen näme üçin sejde edeňok? – diýeninde, ol:

– Sen halypalyga gelenden soň, meniň indiki ykbalym näbellikä, men näme üçin sejde etmeli? – diýýär.

Hyşam:

– Sen meniň ýanymda galarsyň – diýýär.

Onda Abraş:

– Ynha indi sejde etsem bolýar – diýýär.

 

* * *

Bir adam şazada:

– Soltan misli gazan ýalydyr. Gazana ýanaşsaň garasy ýokýandyr – diýýär.

Onda şazada:

– Gazanyň daşy gara hem bolsa, içinde lezzetli tagamlar bişýändir – diýýär.

 

* * *

Bir gezek apbaslylar halypasy Mütewekkil gezelenje çykýar. Ol aýlanyp ýörkä, dagyň ýagyş ýuwan daşlaryny görüp, diýseň geň galýar. Ol şol ýerde düşläp iýip-içýär. Soňra öýle namazynyň wagty gelende, namazyny okaýar. Soňra şol ýerde oturyp, tesbi sanaýar we doga edýär. Ol: «Eý, Allam! Sen meni ýaratdyň. Emma şu güne çenli men seniň gudratyňy bilmedim. Maňa uly dereje berip, bendeleriňe baş etdiň. Meniň rysgalymy we bu derejämi beren sensiň. Eý, Allam! Meniň ýüregime adyllyk we rehimdarlyk guý» diýýär.

Soňra ol dagyň daşlaryndan bir gysym alyp, alnyna degirýär we atyna atlanyp köşgüne dolanýar.

 

* * *

Sufýan ibn Söwri: «Eger seni Soltan nämedir bir zat üçin çagyrsa «Yhlas» süresini okagyn! Eger ýagşy niýet bilen çagyran bolsa, işiňde üstünlik gazanarsyň. Eger ýaman niýet bilen çagyrýan bolsa, onda bu süre seni onuň gazabyndan gorar» diýýär.

 

* * *

Abu Hazym Zuhara: «Öňler adamlar patyşalardan gaçyp, patyşalar bolsa olary kowalardylar. Indi bolsa siz patyşalary kowalaýarsyňyz we olar sizden gaçýarlar» diýýär.

 

* * *

Sagyt ibn Musaýýyp:

– Soltandan gelýän pul haramdyr – diýýär.

Emma Sufýan Söwri oňa:

– Men olaryň pulunyň halaldygyna güwä geçip biljek. Emma bu baýlyga bolan söýgi gorkulydyr – diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Abdylmälik Ibn Musaýýyba hat ýollaýar. Ol hatynda:

– Halkdan jyda düşen musulman doganym! Halk meniň ýanyma gelip, seniň deregiňe doganyň Welidi bellemegimi talap edýärler. Men hem halkyň raýyny ýykyp bilmen we şonuň üçin seni aýryp, seniň ýeriňe halkyň isleýän we halkyň boýun boljak adamsyny belleýäris – diýip ýazýar.

Sagyt bu haty alyp okanda dergazap bolýar. Ol:

– Halkdan jyda düşen musulman doganym diýip, onuň özüne aýtmak gerek. Hajjajy goşuna baş edip, Mekgä goýberen, ol hem baryp, Mekgäni manjanyga tutup, ot berdiren Abdylmäligiň özi ahyryn. Muhammet alaýhyssalamyň gadam basan topragyny beýle etmäge onuň nähili haky bardyr. Indi bolsa meniň ýerime ogluny taýýarlaýar – diýýär we Abdylmäligiň emrine boýun bolmaýar.

 

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz Muhammet ibn Sagydy söweşde rumlylara ýesir düşen musulman esgerlerini rumly ýesirler bilen çalyşmak üçin, Rum şasynyň ýanyna iberýär. Muhammet ibn Sagyt Rum şasynyň ýanyna girende, ol tagtyndan ýere düşüp, başyny aşak salyp otyrdy. Muhammet ibn Sagyt oňa:

– Eý, şahym! Saňa näme bolýar? – diýip soranda, ol:

– Sen näme bolup geçendigini bileňokmy? Iň ýagşyzada adamlaryň biri, ýagny Omar ibn Abdyleziz wepat boldy – diýýär.

Soňra:

– Adamlary myhmançylyga çagyryp, soňra bolsa gapysyna gulp urup goýýan adam meniň üçin geň däl-de, maly dünýäsi bolup, ondan ýüz öwrüp haýyr işler bilen meşgul bolýan adam meniň üçin geňdir. Isa alaýhyssalamdan soň kimdir biri ölini direldip bilen bolsa, men hem ähli maly-dünýämi sarp edip, Omary direlderdim – diýýär.

 

* * *

Bir gezek emewiler halypasy Süleýman Tawusy ýanyna çagyrýar. Süleýman uzak oýlanyp oturandan soň ondan:

– Ilkinji ýaradylan zadyň nämedigini bilýärsiňmi? – diýip soraýar.

Ol:

– Ýok, bilemok – diýýär.

Süleýman:

– Allatagala ilki galamy ýaratdy. Iň soňky öljegiň kimdigini bilýärsiňmi? – diýip soraýar.

Tawus:

– Bilemok – diýýär.

Süleýman:

– Iň soňky öljek Ezraýyldyr. Allanyň iň ýigrenýän adamsynyň kimdigini bilýärsiňmi? – diýip soraýar.

Tawus:

– Bilemok – diýýär.

Onda Süleýman:

– Allanyň iň ýigrenýän adamy onuň dereje berip, günä işler bilen meşgul bolan adamlarydyr – diýýär we kellesini diwara urup başlaýar. Ol kellesini diwara urup-urup ýarýar.

 

* * *

Musa alaýhyssalam: «Eý, Allam! Sen asmanda, biz bolsa ýerde. Biz seniň bizden razydygyňy nähili edip bileli?» diýende, Allatagala: «Eger isleýän dilegiňiz ýerine ýetse, bu meniň sizden razylygymyň alamatydyr» diýýär.

 

* * *

Muhammet ibn Wasyg: «Soltandan dilegçilik edeniňden toprak ýalap, daş gemreniň ýagşydyr» diýýär.

 

* * *

Ibn Sirin: «Kyýamatda adamlary Deçjaldan halas etmeli Mäti adamlaryň arasynda ýaşap ýören bolsa, onda ol Omar ibn Abdylezizdir» diýýär.

 

* * *

Mälik ibn Dinar: «Eger Allatagala haýsydyr bir kowuma gazaplansa, ol kowuma gul adamy hökümdar edýär» diýýär.

 

* * *

Sufýan ibn Söwri:

– Şalara golaýlaşmaň. Eger siz olaryň ýanynda öwünseňiz, olar sizi garyp düşürerler. Eger olara hormat goýsaňyz, sizi depelärler – diýýär.

Onda bir adam oňa:

– Eger men şanyň ýanynda bolup özümi gorap bilsem näme? – diýende, Sufýan Söwri:

– Deňze girip, eşigiň öl bolman, gury çykmarsyň – diýýär.

 

* * *

Ibn Semmäk: «Şanyň gapysyna üýşýän adamlardan zibile üýşýän siňekler hem haýyrlydyr» diýýär.

 

* * *

Fazyl: «Eger meniň dilegim kabul bolýan bolsa, onda ýurda ýagşyzada hökümdar dilärdim. Ýurda ýagşy adam hökümdar bolanda, ýurt abat, raýatlar hem rahat bolýar» diýýär.

 

* * *

Fazyl: «Adyl soltan haýyr iş etse, haja gidenden, oraza tutup namaz okandan köp sogap gazanar» diýýär.

 

* * *

Edep öwrenmezden, soltanyň ýanyna barmak öz ajalyňa el bulamakdyr.

 

* * *

Ibn Mübärek şeýle diýýär:

Bir gezek Askaf Nejran Musgap ibn Zubeýriň ýanyna girýär. Musgap oňa daş zyňyp, kellesini ýaralaýar. Askaf oňa:

– Eger maňa aman berseň, Injilde aýdylan bir zady aýdyp bereýin – diýýär.

Musgap:

– Bolýar, aýdyber – diýýär.

Onda Askaf:

– Injilde: «Eger hökümdar gaharly bolsa, onuň köşeşip ýumşak häsiýetli bolmagy gerek. Eger ol zalym bolsa, zalymlygyny goýup, adyl bolmagy gerek. Eger ol gysganç bolsa, onda gysgançlygyny taşlap, halkyna sahylyk etmegi gerek» diýip ýazylandyr – diýýär.

 

* * *

Ýahýa ibn Ýahýa: «Ähli günä işlere baş goşaýyn diýseň, soltanlygy dile» diýýär.

 

* * *

Selme Ahmar apbaslylar halypasy Harun Reşide:

– Eý, möminleriň emiri! Eger sen çölde galyp, içmäge suw tapmasaň, bir agyz suw üçin näçe pul tölärdiň? – diýýär.

Harun Reşit:

– Ýarym patyşalygymy bererdim – diýýär.

Selme Ahmar ondan:

– Eger şol içen suwuňy buşugyp bilmeseň, buşugmak üçin tebibe näçe pul harç ederdiň? – diýip soraýar.

Harun Reşit:

– Patyşalygymyň galan ýarysyny hem bererdim – diýýär.

Onda Selme Ahmar:

– Bir owurt suw içmek we ony buşugmak üçin tölenýän patyşalyga Allanyň lagnaty siňsin – diýýär.

 

* * *

Ibn Mübärek şeýle diýýär:

 

Şanyň öýüne barma, galarsyň sen uýada,

Bolsaň onuň ýarany, duran dek sen gaýada.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Adyllyk bilen höküm süren patyşa Gurhandaky aýdylýan ähli parzlaryny ýerine ýetiren adam ýalydyr» diýýär.

 

* * *

Isa alaýhyssalam Damaska baranda, ol ýeriň şasynyň altyn we kümüş gap-gaçda iýip-içýändigini görýär. Ol egindeşleri bilen bir gyra çykyp, ýanlary bilen getiren agaçdan ýasalan gap-gaçlaryna nahar guýup iýip-içýärler. Soňra Isa alaýhyssalam: «Şalaryň ýanyna barmaň, olaryň naharlaryndan iýmäň. Olaryň ýaşaýşyna haýran galmaň. Sebäbi kyýamat güni olaryň haly sizi haýran galdyrar» diýýär.

 

* * *

Balhyň hökümdary dindara özüniň keffaratynyň bardygyny aýdýar. Dindar oňa «Agyz bekle» diýýär. Hökümdar uly ili bilen aglaýar. Sebäbi onuň ähli jemlän baýlygy haram baýlykdy we hatda agyz bekläre ýekeje-de halal zady ýokdy.

 

* * *

Lukman Hekim: «Bir-ä soltanyň gazaply wagty, birem deňiziň möwç urýan wagty onuň ýanyna golaýlaşma» diýýär.

 

* * *

Rabyga Jerşi: «Men Muhammet alaýhyssalamyň: «Eý, Allam! Özüni beýik tutýan, halka we dinine wepasyz, ahyretinden gapyl adamdan özüň aman sakla» diýenini eşitdim» diýýär.

 

* * *

Lukman Hekim: «Adamlaryň üç görnüşi: patyşa, aýal we hassa höküm etmegi halaýarlar» diýýär.

 

* * *

Abu Zer şeýle diýýär:

Bir gezek men Muhammet alaýhyssalamdan:

– Eý, Resulalla! Allatagaladan näçe kitap inendir? – diýip soranymda, ol:

– Bir ýüz dört kitap. Olaryň ellisi Şişe, otuzysy Idrise, Ybraýyma onusy we Musa onusy. Soňra Töwrat, Injil, Zebur we Gurhan indi – diýýär.

Abu Zer:

– Öňki kitaplarda näme hakynda aýdylýardy – diýip soranda, Muhammet alaýhyssalam:

– Allatagaladan inen ähli kitaplarda adamlaryň arasynda adyllyk etmek, olary dogry ýola gönükdirmek hakynda aýdylýar – diýýär.

 

* * *

Abdylmälik ibn Amr: «Emewiler halypasy Mugawyýanyň diwanynda Çyn-Maçyn şasynyň sowgat beren kitaby bardy. Çyn-Maçyn şasynyň müň pili bardy. Onuň köşgüniň ähli ýeri altyn-kümüş bilen bezelendi we köşgüň içinden iki sany derýa akyp geçýärdi. Ol şanyň köşgünde müň sany dürli ýerleriň şalarynyň gyzlary hyzmat edýärdiler.

 

* * *

Jahyz: «Kimdir birine emr etmek, nämedir bir zady gadagan etmek, duşmanyňdan üstün çykmak, kimdir birini boýun etmek ýaly lezzetli zat ýokdur. Emma bu lezzeti hemme adamlar duýýan däldir. Ony diňe hökümdarlar we şalar bilýändir» diýýär.

 

* * *

Şalar we hökümdarlar raýatlarynyň her bir işi, olaryň durmuşynda çeken kynçylyklary üçin kyýamat güni Allanyň öňünde jogap berýändirler. Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) her gezek Mugawyýany görende: «Araplaryň Hysrowy Mugawyýadyr» diýerdi.

 

* * *

Anuşirwan: «Ähli adamlar kimdir birine boýun egýändirler we oňa sejde edýändirler. Sejde edilýän we boýun bolunýan ynsan däl-de, adamy ýaradan Alla bolsa ýagşydyr» diýýär.

 

* * *

Bir dana ogluna: «Eý, oglum! Patyşa boýun bol, gahary çaganyň gahary ýaly hem bolsa, ol birine topulsa, ýolbars kimin topulýandyr» diýýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Müşteri ýigrimi dört ýyllap halypalyk edýär. Şondan soňra ýigrimi dört ýyl halypalyga «Halypalyk mütdeti» diýip ugraýarlar. Halypalyk mütdetine diňe Harun Reşit we Muktadyr ýetýär. Bir gezek Akkal ibn Şiba ibn Abdylmälik Harun Reşidi görüp:

– Möminleriň emiri! Seniň ömrüňi uzaldyp, halypalyk mütdetine ýetiren Allatagala öwgüler bolsun! – diýýär.

Harun Reşidiň ýüzi üýtgäp gidýär. Şol wakadan uzak wagt geçip-geçmän, Harun Reşit wepat bolýar.

 

* * *

Hökümdarlaryň ýanynda ölüm hakynda gürlemek edepsizlikdir.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Abdylla ibn Mugtaz iň az wagtlyk halypa bolan adamdyr. Ol halypalyga gelip, özüni Muntasyr Billa diýip atlandyrýar we ertesi güni öldürilýär.

 

* * *

Emirden tamakinçilik eden oňa tabyn bolar.

 

* * *

Haýsydyr bir ýurduň şasy adyllyk bilen höküm sürse, Allatagala ol ýurduň adamlarynyň rysgalyny köpelder.

 

* * *

Akylly patyşa dawa-jenjelsiz ýeňiş gazanar. Akmak patyşa bolsa agyr goşun bilen söweş etse-de ýeňiler.

 

* * *

Bir dana: «Serhoşluk üç görnüşde bolýar, ýagny şerapdan, ýaşlykdan we wezipeden serhoş bolunýar» diýýär. Käbir adamlar bularyň hataryna baýlykdan bolunýan serhoşlugy hem goşýarlar.

 

* * *

Saby: «Halypa gaharlanyp, jenjel edip ugranda, şeýtan onuň ýanyna ylgap gelýär» diýýär.

 

* * *

Hajjaç: «Raýatlaryndan gorkup ýaşaýan soltandan raýatlaryny gorkuzyp ýaşaýan soltan haýyrlydyr» diýýär.

 

* * *

Şeýtanlar köp adama soltandyr. Soltanlar bolsa adamlaryň arasyndaky şeýtandyr.

 

* * *

Köp şalar yslama boýun bolmaýan, Gurhan bilen ýöremeýän, milletiň halyndan habar almaýan, adyllyk etmäni we zalyma zulum etmäni başarmaýan adamlardyr.

 

* * *

Akmak ýurda soltan bolanda, akylly bu ýurtdan baş alyp gider.

 

* * *

Akmak adam soltana akyl öwreder.

 

* * *

Bir adam Eset ibn Abdyllanyň ýanyna gelip:

– Men seniň ýanyňa hajat bilen geldim – diýýär.

Eset:

– Aýt hajatyňy, eşideli – diýýär.

Ol adam:

– Meni Abiwerde häkim belle. Men saňa her ýylda ýüz müň dirhem töläp oturaýyn – diýýär.

Eset:

– Ol ýerde biziň öz adamymyz bar – diýýär.

Onda ol adam:

– Men ýüz müň dirhemiň ýany bilen saňa sadyklyk bilen boýun bolup hyzmat etjegime kasam edýärin – diýýär.

Eset az wagt oýlanyp, ony Abiwerde häkim bellemegi makul bilýär.

 

* * *

Ibn Yshak: «Abu Jad, Huz, Haty, Kelmun Sagfas we Kuraýyşly beni musytdandyr. Olaryň her biri bir ýere häkim boldy. Abu Jad Mekgede, Huz we Haty Wejde galanlary bolsa başga kiçi şäherleriň häkimi boldular. Olaryň içinde Kelmunyň höküm süren şäheriniň adamlary köp ezýetlere duçar boldular» diýýär.

 

* * *

Hysrow: «Bir adyl soltanyň ölüminden müň näkesiň ölümi ýegdir» diýýär.

 

* * *

Ibn Şaburma Abu Müslim Horasany Abdylla ibn Alynyň üstüne goşun çekip gitmekçi bolanda, oňa:

– Eý, emir! Sen gaty uly işe baş goşmakçy bolýarsyň – diýende, Abu Müslim:

– Eý, Ibn Şaburma! Bu döwleti gurmak, ony saklamak üçin beýle uly işler örän köp edilendir – diýýär.

 

* * *

Jöwderiz ibn Şapur: «Şalaryň söýgüsine ynanma. Olar özünden başga hiç kimi söýýän däldir» diýýär.

 

* * *

 Erdeşir ogluna: «Eý, oglum! Patyşa bilen din aýrylmaz dogandyr. Din esasdyr, patyşa bolsa onuň goragçysy. Esasy goýulman gurlan jaý tiz ýumrulýar. Eger onuň goragçysy bolmasa, ol tiz zaýalanar» diýýär.

 

* * *

Raýatlar Hurmuz ibn Nersiň ýanyna gelip, ýagşyň ýagmaýandygy sebäpli, hasylyň harap bolýandygyny aýdyp, şikaýat edýärler. Onda Hurmuz: «Asman damjasyny gysgananda, şa eli bilen dür daşyny seçmelidir» diýýär we adamlaryň ählisine altyn-kümüş, dür daşlaryny paýlamagy emr edýär.

 

* * *

Bähram ibn Nersi: «Adyllylyk we geçirimlilik patyşanyň iň esasy häsiýeti bolmalydyr» diýýär.

 

* * *

Hurmuz ibn Şapur: «Biz, şalar, edil ýanyp duran otdurys. Bize ýakynlaşanlar oda ýanýar. Bizden daşdakylar bolsa, oda çoýunyp bilmezler» diýýär.

 

* * *

Bähram Gur: «Adama şalar ýaly zyýan ýetirýän kişi ýokdur. Kimdir biri ýagşy maslahat berse, olar maslahat almazlar. Eger kimdir biri başga birine töhmet etse, onuň sözüne derrew ynanarlar» diýýär.

 

* * *

Akylly patyşa weziriň maslahatyna mätäç bolmaz, düşbi mal gamçy iýmez, ulanylýan gylyç poslamaz, asylly aýal ärine akyl öwretmez.

 

* * *

Bir gün hiç kes Isgender Zülkarneýniň ýanyna hiç kim haýyş bilen gelmeýär. Ol: «Bu günüm şalaryň adaty gününe meňzemedi» diýýär.

 

* * *

Hazar şasy: «Kim-de kim şalaryň eden erbet işlerine şärik bolsa, kyýamat güni onuň bilen deň jogap bermeli bolar» diýýär.

 

* * *

Hassan ibn Tabyg Hamyry: «Soltanda we aýalda wepa bolmaz» diýýär.

 

* * *

Abubekr Syddyk (goý, Alla ondan razy bolsun!) ölmezinden öň adamlary çagyryp: «Eý, halaýyk! Bu gün meniň dünýäden ötmeli günüm ýetip geldi. Kimiň göwnüne degen bolsam, ýa-da zulum eden bolsam, meni bagyşlamagyny soraýaryn. Menden soň halypalyga Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) geler. Meniň tanamagyma görä, ol adyl we ýagşy gylykly adamdyr. Eger ol size zulum etse, onda meniň adam tanamaýandygymyň we gaýyp zatlary bilmeýändigimiň alamatydyr. Oňa boýun boluň. Raýatlar öz patyşasyna boýun bolmadyk çagynda, pitne ýüze çykar» diýýär.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Halypalygyň lezzeti raýatlaryň söýgüsini gazanmakdadyr» diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Mugawyýa:

– Üç adam meni halypalykdan aýrar öýdüp gorkýardym. Olar Hüseýin ibn Aly, Abdylla ibn Omar we Abdylla ibn Zubeýrdir – diýýär.

Oňa:

– Sen näme üçin olary öldüreňok? – diýenlerinde, ol:

– Olar meniň raýatlarym ahyryn – diýýär.

 

* * *

Zyýat ibn Abyh: «Wezipesi bolup, tekepbirlik etmeýäne, owadan gyrnagy bolup, onuň bilen diňe oýnaşyp-gülüşmekden aňry geçip bilmeýäne we söwdada nebsine haý diýip bilýäne, men baş egýärin» diýýär.

 

* * *

Emewiler halypasy Abdylmälik: «Eý, halaýyk! Siz, biz halypalyk edenimizde Abubekriň we Omaryň halypalyk edişi ýaly halypalyk etmegimizi talap edýärsiňiz. Emma siz Abubekriň we Omaryň halypalyk eden döwründäki adamlar kiminsiňiz. Sylag-hormat iki tarapdan hem gerekdir» diýýär.

 

* * *

Hajjaç: «Ýumşak häsiýetli soltandan zalym soltan haýyrlydyr. Ýumşak häsiýetli soltan ýagşy adam bilen ýaman adamy biri-birinden tapawutlandyryp bilmez» diýýär.

 

* * *

Abu Apbas Seffah: «Biziň elimizde dünýä maly bolsa-da, biziň dost-ýaranymyz bu zatlardan mahrumdyr» diýýär.

 

* * *

Apbaslylar halypasy Mäti Mugtaz halypa wagty onuň garşysyna çykýar we ony tagtdan agdaryp, onuň ýerine geçýär. Mäti: «Iki ýolbars bir tokaýda ýaşamaz ýa-da iki gylyç bir gyna girmez» diýerdi.

 

* * *

Ibn Mugtaz: «Kim bu dünýäde soltan bolup, diňe soltanlygyň abraýyna şärik bolsa, ahyretde onuň biabraýlygyna hem şärik bolmaly bolar» diýýär.

 

* * *

Ibn Mugtaz: «Kim soltana ýaran bolsa, deňizde mejbury şor suw içmeli bolşuň ýaly, onuň gahar-gazabyny çekmeli bolar» diýýär.

 

* * *

Ibn Mugtaz: «Soltanyň gahar-gazaply wagty haýyşyňy aýtma, möwç urýan deňziň gämini gark edişi ýaly heläk bolarsyň» diýýär.

 

* * *

Muhammet ibn Zeýt Dagy: «Samanlylar döwleti özüniň uzak dowamlylygy, emma az iş bitirenliligi bilen diregsiz duran asmana meňzeýärdi» diýýär.

 

* * *

Abu Aly Syngany: «Soltanlardan daşda dur. Ondan köp baýlyk gazanmagyň hem mümkin. Emma gahar-gazabyna duş gelseň, kelläňden hem dynmagyň ähtimaldyr» diýýär.

 

* * *

Seýfuddöwle Hemedany: «Soltanyň daş-töweregi gyzan bazar ýalydyr. Emma bu bazarda söwda edilse-de, pul töläp haryt alynýan däldir» diýýär.

 

* * *

Adaduddöwle: «Bu dünýä iki patyşanyň bir döwletde ýaşamagy üçin darlyk edýär» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Mahmyt ibn Söbükteginiň dogany inisine hat ýollaýar. Ol hatynda:

«Eý, doganym! Gazna ilatynyň kyn ýagdaýynda paýlan pul kömegiň üçin olar we men saňa sagbolsun aýdýarys» diýip ýazýar.

Mahmyt oňa jogap edip hat ýollaýar. Ol hatynda:

«Eý, doganym! Gazna ilaty biziň din doganlarymyzdyr we şalygymyzyň raýatlarydyr we goňşy ýurtdyr. Şonuň üçin olara kömek etmek maşgalaň bir agzasyna kömek etmek ýalydyr we biziň borjumyzdyr» diýip ýazýar.

 

* * *

Jürjan häkimi özüniň ýerlerdäki amyllarynyň[1] biriniň raýatlaryň birine zulum edip öldürendigini eşidip, oňa hat ýollaýar. Ol hatynda: «Häkimdir amylyň zulumy üçin Allatagala ol ýurdy nygmatlardan kesýändir» diýýär we ol amyly ýanyna çagyryp jeza berýär.

 

* * *

Buzurgmehrden:

– Sasanlylaryň döwlet dolandyryşyna näme diýersiň? – diýip soralanda, ol:

– Olar kiçi, az güýçleri bilen uly işlere ýapyşdylar we diňe şer ýoly bilen haram baýlyk topladylar – diýýär.

 

* * *

Soltan özüniň eden işlerini aýdyp öwünmeli däldir. Raýatlar onuň eden işlerini aýtmasa-da bilýändirler.

 

* * *

Zafar ibn Leýs: «Meniň eşidişime görä, Balh hökümdary Abu Dawut segsen ýyllap hökümdarlyk edýär. Ol: «Alladan ant içýärin! Şunça ýyl hökümdarlyk etsem-de, ýekeje gezek hem haram işlere baş goşup baýlyk jemlejek bolmadym. Elime halal ýol bilen bir dirhem düşse-de, raýatlardan şu pula mätäji bardyr diýip sadaka bererdim» diýýär» diýip gürrüň berýär.

 

* * *

Hurmuz ibn Nersi wepat bolanda, onuň aýaly Sapura göwrelidi. Ol Hurmuzyň täjini alyp garnyna goýýar. Hurmuzyň wezir-wekilleri çaga dünýä inýänçä oňa boýun bolýarlar.

 

* * *

Sapur ýaş wagty hem diýseň akylly oglandy. Bir gezek araplar Pars ýurduna alamançylyga gelýärler. Sapur olardan ar almak üçin ýetmiş müň owadan don tikdirip, olary zäherledýär. Soňra bu donlary araplaryň emirlerine we tanymal adamlaryna sowgat hökmünde paýladylar. Bu dony geýeniň ählisi heläk bolýar.

 

* * *

Isgender Zülkarneýn Hindi ýurduny basyp alanda, örän köp altyn görendigine haýran galyp, Aristotele hat ýollaýar. Aristotel jogap hatyny ýazanda: «Eý, Isgender! Sen geçenleriň eden haýyr işlerini eşidip, asmandyr ýeriň ýaradylyşyna seredip, Aýyň, Günüň we ýyldyzlaryň şöhle saçyşyna, gije bilen gündiziň ýerini çalşyşyna haýran galýansyň öýtsem, sen sary demiri görüp haýran bolup ýörsüň. Eý, Isgender! Ol baýlyklary özüňe alma-da, şol ýeriň garyp-gasarlaryna paýla. Şeýtseň sogap gazanarsyň we daşyňa wepaly adamlary jemlärsiň» diýip ýazýar.

 

* * *

Bir gezek apbaslylar halypasy Mamun: «Aristotel bize döwleti dolandyrmagy birnäçe asyr mundan öň öwredip gitdi. Ol: «Doňýürek adamyň daşyna adam ýygnanmaz. Beýle adam başga adamyň kynçylygyndan habar almaz» diýipdi» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Ibn Apbas Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna baranda, ol köwşüni tikip otyrdy. Ibn Apbas oňa:

– Eý, möminleriň emiri! Köwüş tikmek saňa gelişmez. Sen köwşüňi kime tik diýseň tikmez? – diýýär.

Onda Hezreti Aly:

– Eger men öz işimi kimdir birine buýursam, onda oňa zulum etdigim bolar – diýýär we işini dowam edýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Soltana ýakyn adamlar misli ýolbarsa atlanyp oturan ýalydyrlar. Olar haçan heläkçilige uçrasa uçraýmaly» diýýär.

 

* * *

Bir dindar: «Gözi görýän adamlar soltana gorky bilen, özüni kiçeldip ýüzlenýändirler. Gözi kör adamlar bolsa, olardan çekinmän, emma hormat bilen ýüzlenýändirler» diýýär.

 

* * *

Beni ysraýylyň şalarynyň biri hassany soramaga barýar. Ol hassadan:

– Näme islegiň bar? – diýip soraýar.

Hassa:

– Maňa rehmet dile – diýýär.

Onda ol şa:

– Eý, Allam! Merhumyň dowzahdan halas bolmagy oňa şypadyr. Jennete düşmegi onuň iň uly bagtydyr – diýip, dileg edýär.

 

* * *

Beni ysraýylyň şalarynyň biri başga bir şanyň gyzyna öýlenýär. Ol gyz ilkinji nika gijesinde adamsyndan:

– Lezzetler dürli-dürlüdir. Emma ahyretiňi halas etmek üçin edilýän ybadat iň lezzetli zatdyr. Sen bu dünýäniň lezzetini az wagtlyk terk edip, meniň bilen ybadat edip bilersiňmi? – diýip soraýar. Adamsy onuň bilen razylaşýar.

 

* * *

Musa ibn Isanyň hammaly Abu Yrja: «Bir gezek Muhammet ibn Süleýman Hüseýin ibn Alyny öldürmek üçin goşun çekip geldi. Ol meni Hüseýiniň näme edýändigini bilmek üçin içalylyga iberdi. Men birnäçe gün Hüseýini synlap, ony diňe namaz we Gurhan okamak bilen meşgul bolýandygyny gördüm. Men gelip gören zatlarymy Muhammet ibn Süleýmana gürrüň berenimde, ol el çarpyp aglady. Men onuň beýle hereketinden soň goşuny alyp, yzyna dolanar öýtdüm. Emma ol: «Olar hakykatdan hem iň bir keremli adamlardyr. Emma patyşanyň buýrugy meniň üçin parzdyr. Onuň babasy Muhammet alaýhyssalam bolsa-da, maňa onuň agtygyny öldür diýip emr etdiler. Men hem şony ederin» diýýär. Hakykatdan hem ol öz diýenini etdi. Ol ýurduna dolanyp baranda, adamlar ony ýeňşi bilen gutladylar. Ol bolsa: «Wah, ejem meni dogurman, men hem bu dünýä gelmän, Hasany we Hüseýini bilmän geçsem bolmadymy» diýip, gözünden ganly ýaş akdyrdy» diýýär.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Hökümdaryň halkdan habar almagy, olara ýardam bermegi, raýatlaryň bolsa, hökümdara boýun bolmagy parzdyr. Hökümdar adyl bolanda, raýatlaryň özleri oňa boýun bolarlar. Eger hökümdar zalym ýa-da adalatsyz bolsa, onda hökümdar bilen raýatyň arasynda gapma-garşylyk dörär we pitnä getirer» diýýär.

 

* * *

Hezreti Alynyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) höküm süren wagty onuň adamlary Syffyna söweşe gidipdiler. Olar söweşden uly olja bilen dolanyp gelýärkäler, Hezreti Aly Ibn Müljem tarapyndan öldürilýär. Hezreti Alynyň serkerdeleri bu habary eşidip, oljany sürä daran möjek kimin derbi-dagyn edýärler.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýýär:

 

Ähli şanyň bardyr geçmeli wagty,

Diňe şalar şasy galýandyr baky.

 

* * *

Yraklylar emewiler halypasy Abdylmäligiň garşysyna çykyp, oňa tagat etmekden boýun gaçyrýarlar. Abdylmälik özüniň emeldarlaryny, wezir-wekillerini çagyryp, mejlis geçirýär. Ol:

– Yrakda ýanan oduň uçguny köpelýär. Siziň içiňizde bu ody öçürip biljek barmydyr? – diýende, Hajjaç ýerinden turup:

– Eý, möminleriň emiri! Men ol ody öçürip biljek – diýýär.

Abdylmälik başga ýene kim ýerinden turarka diýip garaşýar. Emma Hajjaçdan başga hiç kim ýerinden turmaýar. Ol Hajjaçdan:

– Sen ol ody nähili edip öçürmekçi? – diýip soraýar.

Onda Hajjaç:

– Garşyma çykany heläkläp, gaçany kowup, tapanymy öldürip – diýýär.

Abdylmälik: 

– Seniň üstünlik gazanmagyň ahmal – diýip, Hajjajy Yraga häkim belleýär.

 

* * *

Bir çarwa: «Hökümdar maşgalabaşy ýalydyr. Ol raýatlaryna maşgala agzalaryna seredişi ýaly seretmelidir, maşgalasynyň aladasyny edişi ýaly olaryň aladasyny etmelidir» diýýär.

 

* * *

Başga bir çarwa: «Hökümdar ýurduň eýesidir. Ol ýurduny özüniň hususy mülk ýerini goraýşy ýaly goramalydyr» diýýär.

 

* * *

Zyýat ogluna: «Eý, oglum! Hökümdardan daşda dur. Sebäbi oňa ýakynlaşsaň, heläk bolarsyň. Möjek hem özüniň günde-günaşa görüp ýören sürüsine daraýandyr» diýýär.

 

* * *

Sagyt ibn Museýýip: «Emewiler halypasy Omar ibn Abdyleziz ýaly adyl şa bolan däldir. Emma onuň köp ýalňyşlyklaryna hajyplary[2] günäkärdir» diýýär.

 

* * *

Bir adam apbaslylar halypasy Mamunyň köşgüne gelip, gapynyň öňünde durýar. Gapyçy oňa:

– Sen haçana çenli gapyda durmakçy? Üç zatdan birini saýla, ýa-ha gapydan daşda dur, ýa-da metjide gidip otur – diýýär.

Ol adam:

– Üç zadyň näme? – diýip soraýar.

Gapyçy oňa näme diýjegini bilmän:

– Sen meni soraga etmäge geldiňmi ýa-da Mamunyň ýanyna geldiňmi? – diýýär.

Mamun onuň diýenini eşidip, gülüp goýberýär we gapyça müň dirhem bermegi emr edýär.

 

* * *

Bir adam emiriň huzuryna gelip, onuň ýanyna girmäge rugsat soraýar. Ol gapyça:

– Emire: «Oduň öňüni uçgunka almasaň, ol uly ýangyna öwrüler» diýip aýt – diýýär.

Gapyçy emiriň ýanyna girip-çykyp:

– Ol «seniň näme diýmekçi bolýanyňa düşünmedim» diýdi. Emma ol seniň diýjek zadyňa düşünse-de, seni kabul etmek islemän, düşünmediksiredi – diýýär.

 

* * *

Abdyleziz ibn Zerara Kilaby emewiler halypasy Mugawyýanyň ýanyna baryp, onuň köşgüne girip bilmän uzak durýar. Ol: «Bu gün meni kabul etmedik, ertir özi çagyryp kabul eder» diýýär welin, Mugawyýa ony ýanyna getirmegi emr edýär we oňa halat-serpaý ýapýar.

 

* * *

Ýezit ibn Muhallap ogluny Gürgene häkim bellände: «Kätibiň bilen maslahatlaş, hajyplara emr et» diýýär.

 

* * *

Omar ibn Merre Jahmy emewiler halypasy Mugawyýa: «Muhammet alaýhyssalam: «Sebäpsiz raýatlaryndan gaçyp, gapysyny gulplaýan hökümdar üçin Allatagala sogap we rysgal hazynasynyň gapysyny gulplaýar» diýipdi» diýýär.

 

* * *

Nejim: «Zalymlara ýaran bolup, ýagşy, pukara adamlary gorkuzýan hökümdar iň erbet hökümdarlaryň biridir».

 

* * *

Raýatlaryň köpüsi özleriniň hökümdaryna öýkünýändir.

Emewiler halypasy Welit ibn Abdylmälik humar oýnuny gowy görerdi. Onuň döwründe ýaşan adamlaryň biri beýlekisine duşanda, olar humar hakynda gürleşerdiler.

Süleýman ibn Abdylmälik iýmegi we zenanlar bilen aýşy-eşretde bolmagy gowy görerdi. Onuň döwründe ýaşan adamlar iýip-içmek we aýallar bilen hylwatda bolmak hakynda gürleşerdiler.

Omar ibn Abdyleziz dini amallary gowy görerdi. Onuň döwründe ýaşan bir adam beýleki birine duşanda: «Gijäňi haýsy ybadat bilen geçirýärsiň? Gurhany hatym etdiňmi? Orazadan başga haýsy wagt agyz bekleýärsiň?» diýip soramaga endik etdiler.

 

* * *

Omar ibn Osman egindeşleri bilen deň gürleşip, oýun edişerdi. Ýakyn adamlary oňa:

– Hökümdar özüni saklap, emeldarlarynyň ýanynda birneme tekepbir bolmalydyr – diýýärler.

Ol:

– Eger siz meniň ornumda bolsaňyz, hökümdarlygy şu ýerde goýardyňyz – diýip, eli bilen kellesini görkezýär.

– Emma men hökümdarlyga şu ýerden ýer berdim – diýip, aýagynyň aşagyny görkezýär.

 

* * *

Sagyt ibn As ogluna: «Eý, oglum! Hökümdarlyk adamy zaýalaýandyr, oňa men-menlik keseli degýändir. Tagty söýmeklik ondaky ýagşy häsiýetleri heläk edýändir. Birden hökümdar bolaýsaň, özüňden soň ýagşy at galdyrmaga çalyş» diýýär.

 

* * *

Bir dana adama köşkde şanyň maslahatçysy bolmak teklip edilende, ol: «Şalar şalara hyzmat edýän däldir» diýýär.

 

* * *

Bir gezek Sagyt ibn Mälik emewiler halypasy Mugawyýanyň ýanyna barýar. Ol Mugawyýanyň ýanyna girýär we derrew ýüzüni tutup, aglap, çykyp gidýär. Birnäçe adam onuň yzyndan ylgap ýetýär. Olaryň içinde Kagp hem bardy. Ol Sagytdan:

– Sen näme üçin aglaýarsyň? – diýip soraýar.

Ol:

– Bu dünýäden Resulalla, onuň egindeşleri geçip gitdi. Indi bolsa halypalyk, Muhammet alaýhyssalamyň ymmaty Mugawyýa ýaly adamlaryň elinde galdy – diýýär.

Onda Kagp:

– Aglama, jennetde bir altyn köşk bardyr. Ol köşgi Adnan diýip atlandyrýarlar. Ol ýere dogruçyl ýagşyzada adamlar girer. Seniň hem şol ýere barmagyňy Alladan dileýärin – diýýär.

 



[1]Amyl – emeldar, häkim.

[2]Hajyp – goragçy, janpena.