ÝETMIŞ SEKIZINJI BAP PESPÄLLIK, KIÇI GÖWÜNLILIK, ÖZÜŇI PESELTMEK, SUSSYPESLIK, GAÝGY-GAMA BATMAK, RUHY ÇOKGÜNLIK WE SADALYK HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » ÝETMIŞ SEKIZINJI BAP PESPÄLLIK, KIÇI GÖWÜNLILIK, ÖZÜŇI PESELTMEK, SUSSYPESLIK, GAÝGY-GAMA BATMAK, RUHY ÇOKGÜNLIK WE SADALYK HAKYNDA

Bir gezek Muhammet alaýhyssalam musulmanlara ýesir düşen gyrnaga siňe seredip:

­— Sen kimiň gyzy? — diýip soraýar.

Ol gyrnak:

— Sahylykda älem-jahana özüni tanadan Hatam Taýyň gyzy — diýip jogap berýär.

Onda Muhammet alaýhyssalam:

— Hor-homsy ýagdaýa düşen eziz adamlara, garyp düşen baýa we nadanlaryň arasynda ýaşan alyma Allanyň rehmet etmegini diläliň — diýýär.

 

* * *

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!): «Takwalygy özüne ýaran tutunan ynsan haram maly-dünýäden we  özüni peseltmekden daşda bolar» diýýär.

                           

* * *

Taryk ibn Şyhap şeýle diýýär:

Omar ibn Hattap (goý, Alla ondan razy bolsun!) Şama gidende öňünden suw çykdy. Ol düýesinden düşüp eýlesine-beýlesine seretdi-de, eşiklerini çykaryp eline aldy we suwuň saý ýerini tapyp, suwdan geçdi. Ony gören Abu Ubeýda belent sesi bilen gülüp:

— Eý, Omar! Sen bu gün ähli adamzat nesline görelde görkezdiň — diýdi.

Onda Omar ibn Hattap:

— Eý, Abu Ubeýda! Allatagala adamlar biri-birini sylamagy, hormat goýmagy üçin yslam dinini inderdi we adama pespällik, kiçigöwünlilik ýaly häsiýetleri berdi —  diýdi.

                                

* * *

Mansur Fakyh şeýle diýýär:

 

At-abraýdyr ynsanlaryň bezegi,

Pulsuzlykdyr garyplaryň ýazygy.

 

Takwalyk donuny geýse musulman,

Haram puldan daşda bolar ol hökman.

 

Ýagşy gylyklaryň biri pespällik, 

Şonuň bilen başlar adamkärçilik.

 

* * *

Bir gezek Muhamet alaýhyssalam: «Eý, Halaýyk! Musulman doganyny sylan adamy Allatagalla sylar. Musulman doganyny kemsiden bolsa, Allanyň gazabyna duçar bolar» diýýär.               

                           

* * *

 

Bir çarwa: «Adam kimdir birine boýun bolandan, pespäl bolany ýagşydyr. Musulmana hökümdaryndan başga boýun bolmak aýypdyr» diýýär.

                                      

* * *

 

Aws ibn Harysa Taýy: «Pespäl, kiçigöwünli adam maddy taýdan garyp hem bolsa ruhy taýdan baýdyr» diýýär.

                              

* * *

 

Pespällik, kiçigöwünlilik ähli häsiýetleriň seresidir.

 

* * *

 

Gahar-gazapda it ýaly üýrmeýän, eşek ýaly aňňyrmaýan adam Allanyň söýýän ynsanlarynyň biridir.

                                                                                    

* * *

 

Araplar: «Pylany ýarak it ýaly» diýip adamkärçiliksiz, gyňyr we hyrsyz adama aýdardylar. 

 

* * *

 

Bir şahyr Zeýt ibn Aly ibn Hüseýin barada şeýle diýýär:

 

Eý, Zeýt, pespällikdir seniň ýaranyň,

Garyp-gasarlardyr seniň halanyň.

 

Sen bolmasaň neýlär adamzat nesli,

Keremli ynsanlaň nurdandyr asly.

 

* * *

 

Kufada Zeýt ibn Alynyň tarapdarlary bilen emewiler halypasy Abdylmäligiň goşuny çaknyşýar. Zeýt bilen söweş meýdanyna çykanlar tikinçiler we senetkärlerdi. Olaryň köpüsi uruş tilsimlerini bilenokdylar. Emma olarda adamkärçilik duýgusy bardy. Halk olara «Hak ýoluň ogullary» diýip at berdiler.  Ibn Bisäm olar hakynda şeýle diýýär:

 

Hak ýolunyň ogllary aýamaz jany,

Göwnüňe degmez hiç, gürlemez ol bimany.