SEGSENINJI BAP SAHYLYK, JOMARTLYK, ERKINLIK WE MÜREWWETLIK[1]HAKYNDA

Başy » ÝAGŞYZADALARYŇ BAHARY » SEGSENINJI BAP SAHYLYK, JOMARTLYK, ERKINLIK WE MÜREWWETLIK[1]HAKYNDA

Enes ibn Mälik şeýle diýipdir: «Resulallanyň ýanyna garyp bir adam gelip zat diledi. Resulalla hem iki dagyň arasyndaky goýun sürüsini berdi. Ol adam öz taýpasyna baryp:

— Musulman boluň, sebäbi Muhammet pygamber haýyr-peşgeş berýär we ol garyplykdan gorkmaýan adam eken — diýipdir».

* * *

Jabyr ibn Abdylla şeýle diýipdir: «Resulalladan näme zat dilense, ol hiç haçan: «Ýok» diýmezdi».

 

* * *

Muhammet ibn Abu Seri Askalany Resulallany düýşünde görüpdir we ondan özi üçin ystygfar aýtmagyny[2] sorapdyr. Onda ol dymypdyr. Oňa ýokardaky hadysy aýdyp beripdir. Resulalla ýylgyrypdyr we şeýle diýipdir: «Eý, Allam! Onuň günäsini geç».

 

* * *

 

Hadysda şeýle diýlipdir: «Jomart malyny halal ýol bilen gazanan we ony hakyky berilmeli ýerine sarp eden kişidir».

 

* * *

Allatagala Musa alaýhyssalama wahyý edip şeýle diýipdir: «Samyryny[3] öldürme, sebäbi ol sahydyr».

 

* * *

Hatam Taýyň taýpasy bolan taý taýpasynyň üstüne duş­man çozupdyr. Hatam Taý hem eline naýzasyny alyp, atyna at­la­nypdyr we beýleki taýpadaşlaryny kömege çagyrypdyr. Olar gelip, duşmany derbi-dagyn edipdirler we olaryň yzyndan ko­walapdyrlar. Duşmanyň ýolbaşçysy gaçyp barýarka şeýle di­ýipdir:

— Eý, Hatam Taý, naýzaňy maňa ber — diýipdir. Hatam Taý hem naýzasyny oňa zyňypdyr. Adamlar hem ony tutup bilmändirler we ol gaçyp gutulypdyr. Olar Hatam Taýa:

— Seniň kowumyňy ýok etmek üçin çozdular. Duşmana naýzaňy bermäň näme?Ol seniň üstüňe topulan bolsa, sen kellesiz galardyň — diýipdirler.

Onda ol:

— Men onuň ýaralanandygyny gördüm. Ýöne kim maňa: «Ber» diýse, meniň oňa bermekden başga jogabym ýok — diýipdir.

 

* * *

Abdylla ibn Mübärek şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň öz janlary bilen sahy bolmaklary, gaýrat sarp edilip gazanylan zadyň sahylygyndan has uludyr».

 

* * *

Hezret Aly şeýle diýipdir: «Sahylyk dogan-garyndaş bilen gatnaşmakdan hem has mähirlidir».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Jomartlyk abraýyň goraýjysydyr».

 

* * *

Japar Sadyk şeýle diýipdir: «Allanyň ýaradan bendeleriniň içinde özüniň ýörite bendeleri bardyr. Alla olary bendeleriniň hajatlaryny bitirmek üçin ýaradandyr. Olar sahylygy abraý hasaplaýarlar. Abraýy olja hasaplaýarlar. Alla hem ýagşy ahlagy söýýändir».

 

* * *

Zuhry adamlaryň iň sahylarynyň biri bolupdyr. Ol özünde bar bolan ähli zady berýän eken, hiç zat goýmaýan eken. Dostlaryndan hem karz alyp, olarda hem hiç zat goýmaz eken. Hatda hyzmatkärlerinden hem karz alar eken. Bir gezek ol hyzmatkärleriniň birine:

— Eý, pylany, maňa karz berseň, seniň etmeli işiňi azaldaýyn — diýipdir. Eger onuň ýanyna dilegçi gelse we onuň hem hiç zady ýok bolsa, ýüzi gyzaryp:

— Eý, pylany, men saňa Allanyň haýyr berjekdigini buşlaýaryn – diýer eken.

 

* * *

Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: «Garyplaryň elinden tutuň. Sebäbi kyýamat gününde olaryň elinde döwlet bolar».

 

* * *

Muhammet ibn Wasyg bir öýi garawullaýan garaýagyz guluň ýanyndan geçip barýan eken. Onuň ýanynda bir it bolup, gul hem özi iýmän bölek lukmalar oklap, iti naharlap oturan eken. Muhammet ibn Wasyg oňa:

— Sen özüňe zyýan edýärsiň — diýipdir.

Onda gul:

— Eý, şyh, onuň gözi meniň gözüme seredýär. Men hem ony naharlamazdan özüm iýmäge utanýaryn — diýipdir.

Muhammet onuň bu sözüni halapdyr. Guly we ol öýi satyn alypdyr. Onuň özüni azat edip, öýi hem oňa peşgeş beripdir. Soň ol kişi hem:

— Men nämäm bar bolsa, ony Allanyň ýoluna berýärin — diýipdir. Onuň bu işini uly hasaplapdyrlar. Onda ol:

— Alla şeýle jomart bolup durka, men gysganç bolarynmy? Bu hiç haçan bolmaz — diýipdir.

 

* * *

Aly ibn Hüseýin ibn Alyny ýuwanlarynda onuň arkasynda çiş görüpdirler. Onuň nämedigini bilip bilmändirler. Onda onuň hyzmatkäri: «Ol arkasynda hor ýaşaýanlaryň öýlerine nahar daşaýardy. Men oňa kömek etjek bolsam hem ol maňa: «Men bu işi özümden başgasynyň etmegini halamaýaryn» diýýärdi diýipdir».

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Men halypa Eminiň öldürilen günlerinde adamlaryň ýeňsesinden gan alyp duran bir gan alýanyň:

— Öz doganyny öldüreni bäri Mamun meniň gözümden düşdi — diýendigini eşitdim.

Men hem:

— Eger Mamun sen ýalylaryň gözünden düşen bolsa, onda ol heläk bolupdyr — diýdim.

 Soň onuň bu aýdan sözi Mamuna baryp ýetdi. Mamun oňa dürre urdurypdyr, soň bolsa oňa:

— Seni razy etmek üçin men näme edeýin — diýipdir.

Ol:

— Sen eýýäm maňa etjek zadyňy etdiň, ýagny gamçy urduň — diýipdir.

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Halyt ibn Barmakyň ogly Ýahýanyň pikiriniň, jomartlygynyň, edermenliginiň we dogruçyllygynyň ýeten derejesine hiç kim ýetmedi. Ýahýa ibn Halyt şeýle diýer eken: «Men Abul Apbasyň odunyň diňe bir uçgunydyryn».

 

* * *

Dawut Taýydan:

— Iň sahy kim? – diýipdirler.

Ol:

— Halyt ibn Barmak — diýipdir.

Oňa:

— Fazl ibn Ýahýanyň Nehrewanda ýaşap, tä Haramana gelýänçä beren puly segsen million dirheme ýetdi — diýipdirler.

Ol:

— Bu mukdar Halydyň ýekeje gününe hem ýetenok — diýipdir.

 

* * *

Ibn Apbasdan sorapdyrlar:

— Mürewwet näme?

Ol:

— Lezzetleri terk etmek — diýipdir.

Oňa:

— Lezzetleri terk etmek näme? — diýipdir.

Ol:

— Mürewweti terk etmek — diýipdir.

 

* * *

Abul Yna şeýle diýipdir: «Sahylar oturyp maslahat­laşyp­dyrlar we ahyry emewileriň döwründe Muhellepleriň, Apbasly­laryň döwründe bolsa Barmakylaryň sahy kişiler bolandygy barada ylalaşypdyrlar. Soň bolsa, Ahmet ibn Abu Duadyň olaryň ikisinden hem has sahy bolandygyny tassyklapdyrlar».

 

* * *

Bähram ibn Hurmuz şeýle diýipdir: «Mürewwet ähli ýagşylyklaryň jemine berlen atdyr».

 

* * *

Nejaşy şeýle diýipdir: «Isrip – jomartlyk däldir, tygşytlylyk – gysgançlyk däldir».

 

* * *

Ýezit ibn Muhellep Omar ibn Abdyleziziň zyndanyndan çykansoň, bir çarwa aýalyňka myhmançylyga barypdyr. Ol aýal hem onuň üçin geçi soýupdyr. Ýezit ibn Muhellep ogly Mugawyýa:

— Seniň ýanyňda näçe pul bar? — diýipdir.

Ol:

— Ýüz dinar — diýipdir.

Ýezit oňa:

— Olary bu aýala ber — diýipdir.

Onda ogly:

— Ol aýal bujagaz pul bilen razy bolarmyka, sen ony tanaýarmyň? — diýipdir.

Onda Ýezit:

— Ol razy bolsa-da, men munça pula razy bolmazdym, men oňa has köp pul beresim gelýär. Men ony tanamasam-da, özümi tanaýaryn — diýipdir.

 

* * *

Jomart – garyp bolsa-da jomartdyr. Ol ýatanda-da haý­bat­ly ýolbars ýalydyr. Gysganç – tüçjar baý bolsa-da gysgançdyr. Ol daňylsa-da, goýberilse-de kowulan it ýalydyr.

 

* * *

Taý taýpasy Hatam Taýyň ölümine gaty gynanypdyr. Onuň dogany:

— Men Hatam Taýyň ýerini tutaryn diýipdir. Emma ejesi oňa:

— Ýok sen oňarmarsyň, sebäbi siziň ikiňiziň ýarady­ly­şy­ňyz­da uly tapawut bar. Ony dünýä inderemde, ol ýedi günläp, tä göwsümiň birini goňşularymdan biriniň çagasyna berýänçäm emmedi. Emma sen bolaňda, göwsümiň birini emýärdiň, beý­lekisini bolsa eliň bilen tutup durýardyň.Onsoň, sen nädip onuň ýaly boljak? – diýipdir.

 

* * *

Abul Apbas Seffah şeýle diýipdir: «Men bir adamyň kim­dir birini şatlandyrýandygyna we onuň hem oňa şatlandy­ran­dy­gy üçin sylag-serpaý etmäge mümkinçiligi bolsa-da, sylag-serpaý etmeýändigine ýa-da onuň sylagyny soň bererin diýip wada berýäne haýran galýaryn».

Seffahy taryplap ýa-da başga sebäp bilen şatlandyryp bilenleriň hiç haýsy hem onuň ýanyňdan boş çykmaz eken. Hökman sowgatly çykar eken. Bu aýratynlyk ne arapda, ne ajamda - hiç kimde görülmändir.

 

* * *

Yshak Mosulydan agdarylan halypa Emin barada sora­lypdyr. Ol: «Onuň ähli işleri täsindi. Kim onuň üçin yhlas eden bolsa, ol onuň mejlisiniň niresinde otursa otursyn, hökman oňa altyn-kümüş peşgeş berýärdi. Bir gezek Süleýman ibn Abu Japar gije onuň mejlisinden gitjek boldy. Emin oňa:

— Sen gaýyk bilen gitjekmi ýa-da at bilen? — diýdi.

Ol:

— Gaýyk maňa has amatly — diýdi.

Halypa:

— Onuň gaýygyny altyn bilen dolduryň — diýdi we maňa oňa müňlerçe dirhem bermegimi emr etdi» diýipdir.

 

* * *

Eksem ibn Saýfy şeýle diýipdir: «Sizjomartlykdan aýrylmaň. Sebäbi ol abraýyň başlangyjydyr».

 

* * *

Eger döwür seniň mürewwetiň ýüzüne ursa-da, sen mürewwetden daşlaşma.

 

* * *

Aýdypdyrlar: «Kim maly bilen jomartlyk etse, janyny jomartlyk eden ýalydyr. Sebäbi ol janyny saklaýan zady jomartlyk edendir».

 

* * *

Bir dilegçi Muttalyp ibn Hantapdan zat diläpdir. Ol hem içi bäş ýüz dirhemli haltajygy çykaryp, oňa beripdir. Onda ol adam aglap başlapdyr. Muttalyp oňa:

— Näme aglaýarsyň? Az boldumy? — diýipdir.

Onda ol:

— Ýok. Ýöne men topragyň seniň ýalylary iýmegine gynanýaryn — diýipdir.

 

* * *

Medaýyny şeýle diýipdir: «Talha ibn Ubeýdylla Hazaga «Talhalaryň talhasy» diýilmeginiň sebäbi ol ýüz sany guly satyn aldy, azat etdi we öýlendirdi. Olaryň hemmesi hem özlerinden bolan çaga «Talha» diýip at goýdular».

 

* * *

Muhammet ibn Umeýr ibn Utarut ibn Hajyp ibn Zyrara[4] kufelileriň hojaýyny bolupdyr. Ibn Zubeýriň gozgalaňy günlerinde ol Azerbaýjana gidipdir. Ol meşhur sahylaryň biri bolupdyr. Ol bir gündemüň sany at paýlapdyr.

 

* * *

Men Emir Şerip Zulmenakyp Alawy ibn Isa ibn Hemze ibn Wehhas Hasanydan, Alla onuň berkararlygyny dowamly etsin, eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Men Mekgäniň emiri Kasym ibn Abu Haşymyň bir söweşe bir ýüz ýigrimi sany arap atyny berendigini gördüm».

 

* * *

Muhammet ibn Ymran Temimi: «Göterere mürewwetden agyr hiç zat ýokdur. Mürewwet – aç-açan etmekden utanan işiňi gizlin hem etmesizlikdir».

 

* * *

Anuşirwandan sorapdyrlar:

— Ähli ynsanlara deň bolan sahylyk näme?

Ol:

— Hemmelere haýry islemekdir we olara güler ýüz bermekdir — diýipdir.

 

* * *

Ýahýa Barmaky şeýle diýipdir: «Dünýäden näme soralsa ber, ol kabul bolýandyr. Çünki ondan hiç zat kemelmez».

Hasan ibn Sehl hem onuň bu sözüni eşidip geň galypdyr we şeýle diýipdir: «Berekella! Keremlilik (jomartlyk) barada nähili jaýdar aýdylan söz we dünýäni nähili gowy edip tanamak!»

 

* * *

Hezret Aly şeýle diýipdir: «Jomart bol, gysgançlykda aşa gitme. Ölçegli ber, ýöne husyt bolma».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Az bermekden utanma. Sebäbi ol hiç zat bermezlikden gowudyr».

 

* * *

Ahnefden sorapdyrlar:

— Ynsanlyk näme?

Ol:

— Döwletli wagtyň pespäl bolmak, güýçli wagtyň geçirimli bolmak, barly wagtyň minnet etmän zat bermekdir — diýdi.

 

* * *

Süleýman ibn Mugyranyň öňünden Şugba Basry çykypdyr. Ol oňa özüniň mätäçligi hakynda aýdypdyr. Süleý­man eşekli eken we ol:

— Walla, meniň şu eşegimden başga hiç zadym ýok — diýipdir. Soň bolsa düşüp, eşegi oňa beripdir.

 

* * *

Ymam Şapygy ogluna şeýle diýipdir: «Eger men sowuk suwuň mürewweti ýyladýandygyny bilsedim, tä dünýäden ötýänçäm diňe gyzgyn suw içerdim».

 

* * *

Japar ibn Muhammet: «Men ýagşy işleriň diňe üç zat bilen amala aşýandygyny gördüm. Howlukmak, gizlin saklamak we pespäl bolmak. Eger sen howluksaň, şatlanarsyň. Gizlin saklasaň, doly edersiň. Eger pespäl bolsaň, eden işiňi uly hasaplarsyň».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

Mynasyp, sogap ýere malyň sarp edimegi —

Çykdajy diýilmeýän çykdajynyň bolmagy.

 

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Sadakalaryň iň gowusy ýoksulyň sadakasydyr».

 

* * *

Emewi halypasy Welit ibn Ýezit Abdylmälik Hüseýin ibn Ubeýt Kilaby bilen awa çykypdyr. Ol ajygypdyr. Hüseýin oňa arpa çörek, sogan, zeýtun ýagy we gatyk beripdir we şeýle diýipdir:

Zeýtun ýagy, arpa çörek, sogan bilen naharlan,

Bu zerarly iki ýa-da üç şarpygy gazanýan.

 

Welit hem oňa:

— Bäh. Alla seni aýply etsin! Çünki sahylyk ähli güýjüňi sarp etmek bilen bolýandyr. Sen näme üçin şeýle diýmediň — diýip, şeýle diýipdir:

Gazandy bir dürre, ýa iki dürre,

Ýagşy işi üçin ýa-da üç dürre,

Şonça ýene üç dürräni urdurýa.

 

* * *

Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Sahylygyň apaty berilýän ýerleriniň nämynasyp bolmagydyr».

 

* * *

Şamly bir ýaşula gatafanlylaryň[5] galdyran ýagşy işleri hakynda okap beripdirler. Ol: «Ýagşylyklar gitdi, olar diňe kitaplarda bar» diýipdir.

 

* * *

Muhammet ibn Ymran Temim şeýle diýipdir: «Biz haky­katyň ýanynda sesimizi çykarmaýarys we ýalanyň ýanynda ejiz däl».

 

* * *

Kesra şeýle diýipdir: «Sahylaryň mal toplamagy iki bereketli ýeriň biridir. Gysgançlaryň mal toplamagy iki şor ýeriň biridir».

 

* * *

Akyldarlar şeýle diýipdirler: «Eller üç hilidir. Ak el — ýagşylyk etmäge başlan el. Ýaşyl el — sylag berýän el. Gara el — jomart el».

 

* * *

Abdylla ibn Utbe ibn Mesgut özüniň ýerini segsen müň dirheme satypdyr. Oňa:

— Sen onuň pulundan hazyna aýryp goýansyň — diýipdiler.

Ol:

— Ýok, men ony Allanyň ýanynda özüm üçin hazyna etdim. Oglumy hem Alla tabşyrdym. Men ol puly mätäçlere paýladym — diýipdir.

 

* * *

            Ýahýa ibn Halyt şeýle diýipdir: «Men kimi işleden bolsam, heniz onuň sakgalyndan tozanlar gaçyp gutarmanka hakyny berýärdim».

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Hökümdarlara ýa ikiýüzli, ýa-da samsyk garşy çykar».

 

* * *

Mälik ibn Dinar şeýle diýipdir: «Men eger şahyr bolsamdym, mürewwete mersiýe[6] ýazardym».

 

* * *

Muhellep şeýle diýipdir: «Geň zat, ynsanlar pullary bilen özlerine gullary satyn alýarlar, näme üçin özleriniň işleri bilen erkinlik satyn almaýarlar?»

 

* * *

Abu Dulef Yjly şeýle diýipdir:

 

Gözel zatlaň bary göterýär göwni,

Sahylygam gowulykdan hem gowy.

 

Tanaýanlaň ençemesi bar meni,

Olary tanamok aýtsam men göni.

 

Bardyr men barada ençe gür berýän,

Emma welin men olary görmeýän.

 

* * *

Wehp ibn Wehp kuraýyş taýpasyndan bolan Abul Buhturynyňka bir adam myhmançylyga gelipdir. Onuň hyzmatkärleri we gullary Wehbiň öňünden ylgaşyp çykyp, ony gowy garşy alypdyrlar we oňa gowy hyzmat edipdirler. Emma ol gitjek bolanda hiç kim onuň golaýyna hem gelmändir. Ol muňa geň galypdyr.

Olar:

— Biz diňe ýaşamaga gelýänlere hyzmat edýäris, gidýänlere hyzmat etmeýäris — diýipdirler.

Bu habar kuraýyşlylaryň birine baryp ýetipdir. Ol:

— Ol gullaryň eden işleri, olaryň hojaýynlarynyň sowgadyndan has gowudyr — diýipdir.

 

* * *

Hatam Taý bilen Ews ibn Harysa Amr ibn Hindiň ýanyna gelipdirler. Amr ibn Hint Ewse:

— Sahylykda sen ýokarymy ýa-da Hatam? — diýipdir.

Onda ol:

— Alla saňa bereket bermesin. Eger Hatam Taý maňa, ogluma we dogan-garyndaşlaryma eýe bolsady, biziň hemmämizi bir günde Hudaý ýoluna bererdi — diýipdir.

Soň ol Hatamy çagyryp:

— Sahylykda sen ýokarymy ýa-da Ews? — diýipdir.

Onda ol:

— Alla saňa bereket bermesin. Sen entek Ewsi agzaýar­syň. Onuň ýeke oglunyň özi menden ýokary — diýipdir.

 

* * *

Biri şeýle gürrüň beripdir: «Biz Sagyt ibn Abu Arubäniň öýünde otyrdyk. Onuň öýünde sypal düşek bardy. Onuň üstünde içi çörekli sebet we küýze bardy. Birdenkä bir adam girdi, sebediň ýanyna baryp, çörekden iýdi we küýzeden suw içdi, soň çykyp gitdi. Biz oňa seredip galdyk.

Sagyt bize: «Siz nämä seredýärsiňiz? Men onuň kimdigini tanamok. Ýöne bizde şeýle» diýdi».

 

* * *

Sahylyk we edermenlik bir ýerden çykýarlar. Ol hem hümmetden soň gelýängüýçdür. Aýdypdyrlar: «Edermenlik diňe sahylyk bilen bolup bilýär. Ýöne muny Abdylla ibn Zubeýr bozdy. Ol edermendi, ýöne gysgançdy. Abu Temmam şeýle diýýär:

 

Edermenlik — jomartlykdan ýetirdim akly,

Bildim, şeýle hem sahylyk — edermenlikdi.

 

* * *

Halyt ibn Ýezit ibn Mugawyýa örän jomart kişi bolupdyr. Ol şeýle diýipdir: «Kim maly bilen jomartlyk etse, jany bilen jomartlyk etdigi bolar. Sebäbi onuň nebsi diňe jomartlyk bilen saklanýandyr».

 

* * *

Beşir ibn Abdylla Medeniniň eli ýukalypdyr we ol Apbas ibn Welit ibn Abdylmäligiň ýanyna barypdyr. Apbas Humus şäherinde eken we ol Beşire köp mal berip, ony baý edip goýberipdir. Soň Apbasa onuň dosty Ymran ibn Abu Ferwe hat ýazyp, aýralyga gynanýandygyny we özüne sahylyk edip, mal ibermegini unudandygyny ýazgarypdyr. Apbas Ymrana hem halat-serpaý we mal-mülk iberipdir. Beşire bolsa şeýle diýipdir: «Ymran ikimiziň dostlugymyzy tankytlaýar. Onuň nebsi meni senden gysganyp ýazgarýar».

 

* * *

Hakem ibn Muttalyp sahylardan bolupdyr. Ol syrkaw­lap­dyr, we özünden gidipdir. Ýanyndaky oturanlar:

— Eý, Allam, onuň derdini ýeňlet, sebäbi ol şeýle-şeýle işleri etdi — diýipdir.

Ol hem özüne gelip:

— Ölüm perişdesi şeýle diýýär: «Men ähli sahylar bilen dostduryn» — diýipdir.

 

* * *

Abu Ata Sindi dostlary bilen Horasana Nasr ibn Ýesaryň ýanyna barypdyr. Ony gowy garşy alypdyrlar. Nasr oňa:

— Eý, Abu Ata, näme şygyr getirdiň? — diýipdir. Ol:

— Araplaryň iň uly şahyry bolan sen barkaň, biziň bir zat aýtmagymyz mümkinmidir? Diňe saňa şu iki setiri aýdyp bilerin — diýipdir.

Nasr:

— Hany aýt, bakaly — diýipdir. Ol hem şu setirleri aýdypdyr:

 

Eý, sahylyk isleýän, eger sen sahy boljak bolsaň,

At we ýanynyň içi müň dinarly gapjygy bilen sowgat berýän,

Nasr ibn Ýesar ýaly bol.

 

Nasr hem oňa müň dinar, gul-gyrnak, goş-galam berip, halat-serpaý ýapypdyr. Ol hem bulary alyp gidipdir we dostlarynyň arasynda paýlapdyr we özi hiç zat alyp galmandyr. Onuň bu eden işi Nasra baryp ýetende, ol oňa ýene-de öňki ýaly zatlar iberipdir.

 

* * *

Hezreti Osmanyň Talha ibn Abdylladan elli müň dirhem algysy bar eken. Hezreti Osman bir gün metjitden çykanda, Talha onuň ýanyna gelip:

— Seniň algyň taýýar, ony al — diýipdir.

Onda Hezreti Osman oňa:

— Ony seniň mürewwetiň üçin geçýärin, ol seniňki, eý, Abu Muhammet — diýipdir.

 

* * *

Adamlar Sagyt ibn Asyň ýanynda agşam naharyny edinipdirler. Beýlekileriň hemmesi çykyp gidende, şamly bir ýigit galypdyr. Sagyt ondan:

— Seniň näme, bir islegiň barmy? — diýip sorapdyr we ýaş ýigidi hajatynda kyn ýagdaýa salmazlyk üçin şemi söndüripdir. Ýaş ýigit hem kakasynyň ölendigini, maşgalany goýup gidendigini, şeýle hem bergisiniň bolandygyny aýdypdyr we özüne işleriniň düzelmegi üçin damasklylara hat ýazmagyny haýyş edipdir. Ol hem oňa on müň dinar berip:

— Olaryň gapylarynda peselme — diýipdir.

Muny eşiden bir kuraýyşly:

— Onuň şemi söndürmegi on müň dinardan has gymmatdyr — diýipdir.

 

* * *

Halypa Mamuň Muhammet ibn Abbada:

— Eşitmegime görä, sen isrip edýän ekeniň — diýipdir.

Onda ol:

— Eý, möminleriň emiri, bar zadyňy gysganmak Ýaradan barada erbet şübhelenmekdir — diýipdir.

Halypa hem oňa ýüz müň dinar berip:

— Seniň işiň şeýle bolsa, meniň işim welin beýle. Sen sadaka ber we gysganma — diýipdir.

 

* * *

Nasr ibn Ahmede[7] bir kündük ýasapdyrlar. Ony owadanlap, gyzyl çaýyp, Myradynyň şu iki setirini hem onuň daşyna oýup ýazypdyrlar:

Kim islese dünýäni şol durşuna,

Isleg edýändir ol asla ýok zady.

Eger gelin hasap etse dünýäni,

Ýoldaş saýsyn Nasr ibn Ahmedi.

 

Nasr ony görüp şeýle diýipdir:

— Bu setirler kimiňki?

Oňa:

— Pylanyňky — diýipdirler.

Ol hem kündügiň oňa äkidilmegini emr berip:

— Muňa menden beter ol mynasyp — diýipdir.



[1]Mürewwet – rehim, şepagat, rehimdarlyk; aman-nurbat.

[2]Ystygfar aýtmak - günäň geçilmegini dilemek.

[3]Samyry - Beni Ysraýyllylary gölä ybadat etdiren kişi. Ol Beni Ysraýyllylaryň Samyr taýpasyna degişli bolupdyr. Hakyky ady Musa ibn Zafer.

[4]Muhammet ibn Umeýr ibn Atarut ibn Hajyp ibn Zyrara Temimi Darymy – kufaly meşhur sahy.

[5]Gatafan - arap taýpasy.

[6]Mersiýe – elegiýa.

[7]Samanly hökümdary.